40-NJY BAP
Hudaýy nädip begendirip bolýar?
1—3. a) Hudaý nämä mätäç däl, emma biz onuň üçin näme edip bileris? b) Ýehowa bizi näme üçin robot ýaly edip ýaratmady?
BIZ Hudaýy nädip begendirip bileris? Biz oňa nämedir bir zatlar berip bilerismi? ~ Ýehowa: «Jeňňeliň ähli haýwanlary meniňkidir» diýýär. Şeýle-de ol: «Kümüş hem, altyn hem meniňkidir» diýýär (Zebur 24:1; 50:10; Hagaý 2:8). Emma biz Hudaýa bir zat berip bilýäris. Nämedigini bilýärmiň? ~
2 Biz Ýehowa gulluk edip bilýäris. Emma oňa gulluk etmelidigini ýa etmeli däldigini özümiz çözýäris. Ýehowa islegini berjaý etmäge bizi mejbur etmeýär. Gel, Hudaýyň bize näme üçin erkinlik berendigine düşünjek bolaly.
3 Sen robotyň nämedigini bilýänsiň. Robot näme maksat bilen ýasalan bolsa, şony hem edýär. Ol etjek zadyny özi çözüp bilmeýär. Ýehowa bizi robot ýaly edip ýaradyp bilerdi. Hudaý bize diňe özüniň isleýän zadyny etdirip bilerdi. Emma Hudaý beýle etmedi. Näme üçin? ~ Hawa, oýunjaklaryň käbiri robot ýaly hereket edýär. Onuň düwmesine bassaň, ol diňe näme maksat bilen ýasalan bolsa, şony hem edýär. Sen şeýle oýunjagy görüpmidiň? ~ Çagalar şonuň ýaly oýunjaklary köp oýnasy gelmeýär. Sebäbi şol oýunjaklar diňe programmasynda düzülen zady edýär. Hudaý biziň oňa robot ýaly düzülen programma boýunça gulak asmagymyzy islemeýär. Ýehowa biziň ony söýüp gulluk etmegimizi we isleg bilen gulak asmagymyzy isleýär.
Hudaý näme üçin bizi şu robot ýaly edip ýaratmady?
4—7. a) Biziň Hudaýa gulak asmagymyz oňa nähili täsir edýär? b) Biziň kime gulluk edýändigimiz Ýehowa we Şeýtana näme üçin wajyp?
4 Biziň gökdäki Atamyza isleg bilen gulak asmagymyz oňa nähili täsir edýärkä? ~ Seniň özüňi alyp barşyň ata-eneňe nähili täsir edýär? ~ Mukaddes Ýazgylarda: «Akyldar ogul atasyny şatlandyrýandyr; akylsyz ogul bolsa enesini gynandyrýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 10:1). Sen ata-eneňiň tabşyran işini edeniňde, olar begenýärmi? ~ Emma sen gulak asmasaň, olar özüni nähili duýýar? ~
Sen Ýehowany we ata-eneňi nädip begendirip bilersiň?
5 Gel, indi bolsa, gökdäki Atamyz Ýehowa barada oýlanaly. Ýehowa biziň ony nädip begendirip biljekdigimizi aýdýar. Gel, Süleýmanyň tymsallary 27:11-i okaly. Onda: «Oglum (gyzym), men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» diýilýär. Sen gyjalat bermegiň nämedigini bilýärmiň? ~ Kimdir biri saňa gyjalat berip, ýagny üstüňden gülüp: «Sen etjek diýen zadyňy, edip bilmeýärsiň» diýmegi mümkin. Şeýtan Ýehowa nädip gyjalat berýär? ~ Gel, muny bileli.
6 8-nji bapdan bilşimiz ýaly, Şeýtan Hudaýyň ornuny almak we hemme adamlary özüne sežde etdirmek isleýär. Şeýtanyň aýtmagyna görä, adamlar Ýehowa diňe ebedi ýaşaýyş berjekdigi üçin gulluk edýär. Iblis Adam ata bilen How enä günä etdirip, Ýehowa garşy çykdy. Ol Hudaýa: «Adamlar senden bir zat alýandygy üçin, saňa gulluk edýärler. Eger mümkinçilik berseň, men her bir adam senden ýüz öwrer ýaly ederin» diýýär.
Adam ata bilen How enä günä etdirensoň, Şeýtan nädip Ýehowa garşy çykdy?
7 Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda edil şu sözler ýok. Emma Eýýup pygamber barada okanymyzda, Şeýtanyň Hudaýa şuňa meňzeş sözleri aýdandygyna düşünýäris. Eýýubyň Hudaýa wepaly boljakdygy ýa-da bolmajakdygy Ýehowa-da, Şeýtana-da wajypdy. Gel, näme bolandygyny bilmek üçin Eýýup kitabynyň 1-nji we 2-nji baplaryna seredeli.
8—15. a) Şeýtan Eýýuba nämeler etdi? b) Eýýubyň wepaly galmagy Ýehowa nähili täsir etdi? ç) Isa bize nähili görelde görkezdi we biz oňa nädip eýerip bileris?
8 Eýýup kitabynyň 1-nji babyndan bilşimiz ýaly, gökde perişdeler Ýehowanyň ýanyna ýygnanyşanda, Şeýtan hem şol ýere barýar. Şonda Ýehowa Şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip soraýar. Şeýtanam bütin ýer ýüzüne aýlanyp gelendigini aýdýar. Ýehowa oňa: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Ol maňa gulluk edýär we hiç hili erbet iş etmeýär» diýýär (Eýýup 1:6—8).
9 Şonda Şeýtan derrew özüni aklap başlaýar. Ol: «Sen Eýýuby ähli betbagtçylykdan goraýarsyň. Şonuň üçin ol saňa gulluk edýär. Eger sen ony goramasaň we oňa bereket bermeseň, ol senden ýüz öwrer» diýýär. Ýehowa oňa: «Bolýar, sen Eýýuba islän zadyňy edip bilersiň. Ýöne onuň özüne degme» diýýär (Eýýup 1:9—12).
10 Şeýtan näme edýär? ~ Ol Eýýubyň mallaryny we eşeklerini ogurladýar hem-de hyzmatkärlerini öldürýär. Soňra ýyldyrym çakyp, Eýýubyň goýunlary we hyzmatkärleri ölýär. Biraz wagtdan soň, adamlar Eýýubyň düýelerini ogurlap, hyzmatkärlerini öldürýär. Eýýubyň on çagasy bir öýde ýygnanyşýar. Şonda Şeýtan güýçli şemal turuzyp, şol öýi ýykýar we çagalarynyň ählisini öldürýär. Bu zatlara garamazdan, Eýýup Ýehowa wepaly gulluk edýär (Eýýup 1:13—22).
11 Şeýtan ýene-de Ýehowanyň ýanyna barýar. Şonda Ýehowa oňa Eýýubyň wepaly galandygyny aýdýar. Şeýtan ýene-de özüni aklap: «Eger sen onuň özüne degmäge rugsat berseň, ol senden ýüz öwrer» diýýär. Ýehowa Eýýuba degmäge Şeýtana rugsat berse-de, ony öldürmeli däldigini duýdurýar.
Eýýup pygamber nämä çydady we bu näme üçin Hudaýy begendirdi?
12 Şeýtan Eýýubyň bütin endamyna iriňli ýara çykarýar. Onuň ýaralary şeýle bir porsaýar welin, hiç kim onuň ýanyna barasy gelmeýär. Hatda Eýýubyň aýaly oňa: «Hudaýa garga-da, öl!» diýýär. Eýýubyň ýalan dostlary ony görmäge gelip, oňa erbet sözleri aýdýarlar. Olar: «Sen bir günä iş edensiň. Şonuň üçin ejir çekýänsiň» diýýärler. Şeýtan Eýýuba nähili ejir çekdirse-de, ol Ýehowa wepaly galýar (Eýýup 2:1—13; 7:5; 19:13—20).
13 Eýýubyň wepaly galmagy Ýehowa nähili täsir etdi? ~ Ýehowa begenip, Şeýtana şeýle diýdi: «Gördüňmi, Eýýup maňa öz islegi bilen gulluk edýär!» Ýehowa Eýýup arkaly Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi. Senem Eýýup ýaly bolasyň gelýärmi? ~ Elbetde, Şeýtanyň atan töhmetine jogap bermek — uly hormat. Isa hem muňa gowy düşünýärdi.
14 Beýik Mugallym hiç haçan Şeýtana gulak asmady we erbetlik etmedi. Elbetde, Isanyň özüni şeýle alyp barmagy Atasyny begendirdi. Ýehowa Şeýtana: «Gördüňmi, Oglum meni söýýändigi üçin wepaly galdy!» diýdi. Isa-da Atasynyň ýüregini şatlandyrandygyna begendi. Ol Ýehowany begendirmek üçin pürsdäki ölüme-de çydady (Ýewreýler 12:2).
15 Beýik Mugallym ýaly, senem Ýehowany begendirmek isleýärmiň? ~ Onda Ýehowa barada bilim alyp, öwrenen zatlaryňy ýerine ýetir!
Gel, Hudaýy begendirmek üçin Isanyň näme edendigi we biziň näme etmelidigimiz barada okaly: Süleýmanyň tymsallary 23:22—25; Ýahýa 5:30; 6:38; 8:28 we 2 Ýahýa 4.