Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/6 sah. 8—11
  • Ýanýoldaşy bilen aýrylyşan imandaşlarymyzy nädip goldamaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýanýoldaşy bilen aýrylyşan imandaşlarymyzy nädip goldamaly?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝARAMAZ DUÝGULAR GAPLANDA...
  • ÖZÜŇI DÜRSEMEK ÜÇIN GÖREŞMELI
  • ÝEKELIK DUÝGUSY
  • Ene-atam aýrylyşýan bolsa näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/6 sah. 8—11

Ýanýoldaşy bilen aýrylyşan imandaşlarymyzy nädip goldamaly?

Megerem, siz ýanýoldaşy bilen aýrylyşan birnäçe adamlary bilýänsiňiz. Sebäbi şu günler nikany bozmaklyk giňden ýaýran. Meselem, Polşada 30 ýaşly adamlar ýanýoldaşy bilen 3—6 ýyl bile ýaşap, soňra aýrylyşýarlar; ýöne diňe bir 30 ýaşly adamlar nikany bozmaýarlar.

Ispaniýadaky Maşgala meseleleri boýunça institutyň berýän maglumatyna görä, «geçirilen barlaglar Ýewropada durmuş guran adamlaryň ýarysynyň aýrylyşjakdygyny görkezýär». Şeýle ýagdaýy başga döwletlerde-de görse bolýar.

ÝARAMAZ DUÝGULAR GAPLANDA...

Bu giňden ýaýran ýagdaýyň döremegine näme sebäp bolýarka? Günorta Ýewropadaky nika meselesine garaýan bir tejribeli maslahatçy şeýle diýdi: «Nikanyň bozulmagy är-aýal gatnaşyklarynyň sowaşandygyny we olaryň bir-birinden daşlaşandygyny aýan edýär. Aýrylyşmaklyk adama juda agyr degýär; gahar-gazap, ökünç, lapykeçlik, göwnüçökgünlik we utanç ýaly duýgular adamyň üstüne apy-tupan kimin abanýar». Käte aýrylyşan adamlarda janyňa kast etmek ýaly pikir hem döreýär. Nikasy bozulandygy hakda resminamany alandan soň bolsa, olar göwnüçökgünlige düşüp, ýekelik duýgusyndan ejir çekýärler. Olar: «Ine, aýrylyşdymam-da, indi men nädip ýaşamaly?» diýmekleri mümkin.

Ýewanyň ýanýoldaşy bilen aýrylyşanyna birnäçe ýyl boldy. Ol şeýle diýýär: «Men ärimden aýrylyşandygyma örän utanýardym. Goňşularymyň we işdeşlerimiň arasynda „aýrylyşan“ ada galmaly boldum. Meniň muňa juda gaharym gelýärdi. Iki ýaş çagamy terbiýelemek üçin, men hem ene, hem ata bolmaly boldum»a. 12 ýyl bäri ýygnak ýaşulysy bolup gulluk edýän Adam atly doganymyz hem şeýle diýýär: «Meniň mertebäm depelenen ýaly boldy. Käte bolsa, gaty gaharym gelýärdi we özümi başgalardan çetde tutýardym».

ÖZÜŇI DÜRSEMEK ÜÇIN GÖREŞMELI

Käbirleri gelejegi barada biynjalyk bolýarlar we ýanýoldaşyndan aýrylyşanyna birnäçe ýyl geçse-de, özüni ele almak kyn bolýar. Olara hiç kim aladasyny etmeýän ýaly bolup görünýär. Bir habarçynyň aýtmagyna görä, «olar öwrenen endiklerini özgertmeli we kynçylyklaryna ýeke özleri hötde gelmeli bolýarlar».

Stanislaw şeýle ýatlaýar: «Men aýalym bilen aýrylyşanymda, ol maňa iki gyzymy görmäge rugsat bermeýärdi. Men özümi şeýle dereksiz duýdum welin, hatda Ýehowa-da terk edendir öýtdüm. Meniň asla ýaşasym gelmedi. Wagtyň geçmegi bilen, men nädogry pikir edýändigime düşündim». Ýanýoldaşy bilen aýrylyşan Wanda atly uýamyz hem gelejegi hakda aladalanýardy. Ol şeýle ýatlaýar: «Biraz wagtdan adamlar, hatda imandaşlarym hem meniň we çagalarymyň aladasyny etmez öýdýärdim. Emma häzir men ençeme dogan-uýalar bilen ýakyn gatnaşyk saklaýaryn we olar maňa çagalarymy Ýehowanyň islegine görä terbiýelemäge kömek edýärler».

Görşümiz ýaly, aýrylyşan adamlar erbet duýgulary başdan geçirýärler. Olaryň özlerine bolan ynamy gaçýar, aladasy edilmeýän ýaly pikir edýärler we özlerini dereksiz duýýarlar. Şol sebäpli olar daş-töweregindäki adamlara gaharlanýarlar. Netijede, olara hatda dogan-uýalar hem sowuk-sala garaýan we duýgudaşlyk bildirmeýän ýaly görünýär. Emma Stanislawyň we Wandanyň sözlerinden görnüşi ýaly, dogan-uýalar dogrudan-da, aýrylyşanlaryň aladasyny edýärler. Hawa, imandaşlarymyzyň kömegi göze ilmeýän ýaly bolsa-da, olar ýürekden aladamyzy edýärler.

ÝEKELIK DUÝGUSY

Biziň ýürekden edýän tagallalarymyza garamazdan, aýrylyşan dogan-uýalarymyzyň wagtal-wagtal ýekesireýändiklerini unutmaly däl. Esasan-da, aýrylaşan uýalar özlerine kän bir üns berilmeýän ýaly duýýarlar. Alisa şeýle diýýär: «Aýrylyşanyma sekiz ýyl bolsa-da, käte men özümi dereksiz duýýaryn. Şeýle ýagdaýlarda men ýeke bolasym gelýär we özüme haýpym gelip, aglaýaryn».

Şeýle duýgulary başdan geçirýän adamlar az bolmasa-da, Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlary özlerini çetde tutýanlara peýdaly bolup biler. Hudaýyň Sözündäki maslahatlary äsgermezlik etsek, «ähli sagdyn öwüde» garşy gitdigimiz bolar (Sül. tym. 18:1). Ýekesireýän adamlar başga jynsdaky adamdan hemişe maslahat ýa-da teselli gözlemekden gaça durmagyň paýhaslydygyna düşünmeli. Şonda başga jynsdaky adama ýerliksiz duýgy döremez.

Belki-de, aýrylyşan imandaşlarymyz gelejegi hakda çendenaşa aladalanýandyrlar, ýekelik we terk edilmek ýaly harasat kimin üstüňe abanýan duýgular bilen göreşýändirler. Şeýle duýgular bilen göreşmek kyn bolýandygy sebäpli, biz dogan-uýalary goldamak üçin Ýehowanyň göreldesine eýermeli (Zeb. 55:22; 1 Pet. 5:6, 7). Biz imandaşlarymyza teklip edýän islendik kömegimizi olaryň gymmat saýjakdygyna ynanyp bileris. Dogrudan-da, olar ýygnakda özlerine goldaw berjek hakyky dostlary tapyp bilerler! (Sül. tym. 17:17; 18:24).

a Käbir atlar üýtgedildi.

Aýrylyşmaklyga dogry garamak

Ýehowanyň gullukçylary durmuş gurmaklyga örän çynlakaý garaýarlar. Sebäbi olar Mukaddes Ýazgylara esaslanyp karara gelýärler. Meselem, Malaky 2:16-da Hudaýyň «aýrylyşmagy ýigrenýärin» diýen aýdyň duýduryşy bar. Mukaddes Ýazgylara görä, är-aýalyň biri zyna etse, nikany bozmaga rugsat berilýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylara esaslanman başga biri bilen durmuş gurmak üçin aýrylyşmak barada pikir etmek nädogry bolardy (Gel. çyk. 2:22—24; Kan. tag. 5:21; Mat. 19:4—6, 9).

Emma mesihçiniň ýanýoldaşy biwepalyk etse, ýygnakdaky dogan-uýalar olary goldaýarlar. Olar Ýehowadan görelde alyp, «ruhy ökünçlileri», ýagny dogry adamlary goldamak üçin elinde baryny edýärler (Zeb. 34:15, 18; Iş. 41:10).

SIZ KÖMEGE MÄTÄÇLERI GOLDAP BILERMISIŇIZ?

Geçen makalada agzalan adamlaryňky ýaly duýgulary başdan geçirýänlere nädip kömek edip bilersiňiz? Geliň, bu babatda Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigine we mesihçileriň imandaşlaryna nädip kömek edendigine üns bereliň.

Ünsli diňläň. (Sül. tym. 16:20, 23)

Adam näme üçin aýrylyşandygy barada jikme-jik gürrüň bermek islemese, onuň ýagdaýyna düşünjek boluň. Şeýle-de adam kimdir birine ýagdaýyny gürrüň berse-de, gowy netije bermezligi we onuň ýüki ýeňlemezligi-de mümkin (Sül. tym. 12:25; Rim. 12:15). Geçen makalada agzalan Adam atly doganymyzy goldan Mihal adamy ünsli diňläp, oňa teselli berip bolýandygyny aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Men Adama näme sebäpden göwünçökgünlige düşýändigine düşünmäge kömek etmäge çalyşýaryn. Ol käte maňa pikirlenmän bir zat diýip goýberýär, emma soňra diýenine ökünýär». Şeýdip, Mihal onuň hakyky dostudygyny we ähli jikme-jiklikleri bilmek islemeýändigini görkezýär. Biz hem ýygnakdan öň ýa-da soň, aýrylyşan imandaşlarymyza: «Ýagdaýlaryň gowumy? Men häzir saňa aňsat däldigine düşünýärin. Sen kömek gerek bolsa maňa arkaýyn ýüz tutup bilersiň» diýip bileris. Şeýtsek, olara köp ýagşylyk ederis.

Ýürekden aladasyny ediň. (Flp. 2:4)

Miroslaw şeýle ýatlaýar: «Aýalym ikimiz aýrylyşan uýamyza kömek etmek üçin ýörite bir gün belledik. Meselem, biz onuň gapysynyň gulpyny bejerip berdik. Şeýle-de ony ulagly lukmanyň ýanyna alyp gitdik». Bu zatlar göräýmäge, ujypsyz ýaly görünse-de, olaryň beren kömegi hakykatdan-da peýdaly boldy. Bu är-aýalyň kömegi bilen uýamyzyň ýagdaýy kem-kemden gowulaşdy. Has wajyby bolsa, ol pioner gullugyna başlady. Onuň 11 ýaşly gyzy hem suwda çokundyryldy.

Ýehowanyň aýrylyşan adamlaryň ýagdaýyna düşünýändigini aýdyp tesselli beriň.

Eger kimdir biri özüne ynamy gaçyp lapykeç bolýan bolsa, onda Hudaýyň her bir gullukçysyny söýýändigini aýdyp teselli beriň. Elbetde, biz «köp serçelerden gymmatly», ýagny biz Hudaýyň nazarynda gymmatly saýylýarys (Mat. 10:29—31). «Ýehowa ýürekleri barlaýar» we aýrylyşan adamlaryň ýagdaýyna düşünýär. Ol öz wepaly gullukçylaryny hiç haçan terk etmez (Sül. tym. 17:3; Zeb. 145:18; Ýew. 13:5). Şol sebäpli siz hem adamyň hakykata bolan söýgüsini we hakyky seždäni goldamak üçin edýän tagallalaryny Hudaýyň gymmat saýýandygyny aýdyp, onuň aladasyny edýändigiňizi görkeziň (Flp. 2:29).

Aýrylyşan imandaşlarymyzy ýygnaga yzygider gatnaşmaga höweslendiriň.

Käbir dogan-uýalara ýaramaz duýgular zerarly ejir çekýändigi üçin ýygnaga barmak kyn bolýar. Emma ýygnak duşuşyklary olaryň imanyny berkidýär, ruhlandyrýar we abatlaýar (1 Kor. 14:26; Zeb. 122:1). Bu babatda ýaşulularyň edýän tagallalary hem örän wajypdyr. Geçen makalada agzalan Wanda atly uýa şeýle ýatlaýar: «Biz olaryň söýgi bilen eden aladalaryny hiç haçan unutmarys».

Aýrylyşan imandaşlarymyzy Hudaý bilen dostlugyny berkitmek üçin doga etmäge, şahsy okuwyny geçirmäge we oýlanmaga höweslendiriň. (Ýakup 4:8)

Gudratygüýçli Hudaý Ýehowa gökde ýaşasa-da, «kiçigöwünlilere, ruhy synyklara we sözüne titreýänlere nazar salýar». Hudaýyň ruhy synyklaryň, ýagny aýrylyşan adamlaryň aladasyny edýändigini aýdyň we doga etmekligiň hem-de şahsy okuwyň her birimize Ýehowa ýakynlaşmaga nädip kömek edýändigini belläp geçiň (Iş. 66:2).

Olara bile wagyz etmegi ýa-da ýygnaga bilelikde taýýarlanmagy teklip ediň.

Bu aýrylyşan imandaşymyza özüni has ynamly duýmaga kömek eder we gelejege bolan umydyny berkider. Ýanýoldaşy bilen aýrylyşandygy sebäpli göwnüçökgünlige düşen yhlasly uýany goldan Marta şeýle diýýär: «Biz bile yzygider wagyz edýäris. Biz öňümizde goýan ruhy maksatlarymyza ýetýändigimizi görüp, örän begenýäris. Käte biz bile ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanýarys, soňra iýer ýaly tagamly bir zat taýýarlaýarys».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş