Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/10 sah. 27—31
  • «Ähli ýas tutýanlara göwünlik beriň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ähli ýas tutýanlara göwünlik beriň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Bütin dünýäde hoş habar wagyz edilýär
  • Dogan-uýalar teselli berýär
  • Hudaýyň Sözünden teselli tapýarys
  • Adamlara teselli bermegiň başga usullary
  • Bütin teselliler Hudaýy Ýehowa bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Zorlugyň pidasy bolanlara teselli beriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Göwni synyklara teselli beriň
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • «Aglaýanlar bilen aglaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/10 sah. 27—31

«Ähli ýas tutýanlara göwünlik beriň»

«Ýehowa meni ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge mesh etdi» (Iş. 61:1, 2, TD).

1. Isa ýas tutýan adamlara näme etdi we näme üçin?

ISA MESIH: «Iýmitim Meni Ýollanyň yradasyny berjaý etmek, Onuň işini ýerine ýetirmekdir» diýdi (Ýahýa 4:34). Isa Hudaýyň işini ýerine ýetirende, Atasynyň ajaýyp häsiýetlerini görkezdi. Ýehowanyň häsiýetleriniň biri adamlara bolan uly söýgüsidir (1 Ýahýa 4:7—10). Pawlus resul Ýehowa «bütin teselliler Hudaýy» diýmek bilen, onuň söýýändigini aýtdy (2 Kor. 1:3). Işaýanyň pygamberlik edişi ýaly, Isa ýer ýüzünde gulluk eden wagty şeýle söýgüsini görkezdi (Işaýa 61:1, 2-nji aýatlary okaň)a. Isa Nasyranyň sinagogasynda bu pygamberligi okap, şol sözleriň özünde berjaý bolandygyny aýtdy (Luka 4:16—21). Ol ýer ýüzünde gulluk eden mahaly ýas tutýanlara mähir bilen göwünlik berýärdi, ruhlandyrýardy we kalbyna rahatlyk berýärdi.

2, 3. Näme üçin Isanyň şägirtleri adamlara göwünlik bermeli?

2 Isanyň ähli şägirtleri ýas tutýan adamlara göwünlik berip, onuň göreldesine eýermeli (1 Kor. 11:1). Pawlus resul: «Biri-biriňizi ruhlandyryň, biri-biriňizi abatlaň» diýdi (1 Sel. 5:11). Şu günler adamlar «kyn pursatlarda» ýaşaýandygy üçin, biz olara aýratynam teselli bermeli (2 Tim. 3:1). Gitdigiçe bütin dünýäde käbir adamlaryň aýdýan sözleri, edýän işleri ak ýürekli adamlary gaýgylandyrýar we ruhdan düşürýär.

3 Mukaddes Ýazgylaryň pygamberliginde zalym dünýäniň soňky günlerinde adamlaryň köpüsi «özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, küpür gürleýji, ene-ata boýun egmeýän, gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum, doňýürek, barlyşyksyz, myjabatçy, nebsine buýurmazak, zalym we ýagşylyga duşman bolar. Dönük, ätiýaçsyz, gopbamsy, lezzeti Hudaýdan köp söýjekdigi» hakynda aýdylýar. Şu günler öňküden-de has beter «erbet, kezzap adamlar... erbetlikde» ilerleýär (2 Tim. 3:2—4, 13).

4. Şu günler dünýäniň ýagdaýy nähili?

4 Biz Hudaýyň Sözünde «bütin dünýäniň... iblisiň goly astynda» diýilýänine geň galmaýarys (1 Ýahýa 5:19). Şeýtan «bütin dünýä» ýagny, syýasat, ýalan din we söwda arkaly pikirini ýaýradýar. Şonuň üçin Şeýtan Iblise «dünýäniň hökümdary» we «dünýäniň taňrysy» diýse bolýar (Ýahýa 14:30; 2 Kor. 4:4). Şeýtan wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münendigi sebäpli, dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär (Ylh. 12:12). Tizden Ýehowanyň Şeýtana we onuň zalym dünýäsine sabyr käsesiniň doljakdygyny hem-de Ýehowanyň hökümdarlygy hakyndaky jedelli meseläniň çözüljekdigini bilmek nähili teselli berýär! (Gel. çyk. 3-nji bap; Eýýup 2-nji bap).

Bütin dünýäde hoş habar wagyz edilýär

5. Soňky günlerde wagyz barada haýsy pygamberlik berjaý bolýar?

5 Isa: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» diýdi (Mat. 24:14). Isanyň aýdyşy ýaly, bütin dünýäde Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habar wagyz edilýär. Şu günler bütin ýer ýüzünde 107 müňden gowrak ýygnakda ýedi million bäş ýüz müňden gowrak Ýehowanyň Güwäçileri Isa ýaly Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärler we öwredýärler (Mat. 4:17). Şu günler wagyz işi arkaly ýas tutýanlara uly teselli berilýär. Soňky iki ýylda 570 601 adam Ýehowanyň Güwäçileri hökmünde suwda çokundyryldy!

6. Sen wagyz işiniň uly möçberde alnyp barylýandygy hakynda näme pikir edýärsiň?

6 Häzir Ýehowanyň Güwäçileri Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary 500-den gowrak dile terjime edýärler we ýaýradýarlar. Şeýle iş öň hiç haçan edilmändi! Ýehowanyň halky Şeýtanyň gol astyndaky dünýäsinde ýaşasa-da, olaryň Hudaýa gulluk edişi we ösüşi haýran galdyrýar. Ýehowanyň görkezmesi we güýçli mukaddes ruhunyň kömegi bolmasa, muny edip bolmazdy. Şol sebäpli bütin dünýäde hoş habaryň wagyz edilmegi arkaly, Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary kabul eden adamlar hem Ýehowanyň halky ýaly teselli tapýar.

Dogan-uýalar teselli berýär

7. a) Biz näme üçin Hudaý ähli betbagtçylygy aýrar öýtmeli däl? b) Yzarlamalara we muşakgatlara çydap bolýandygyny nireden bilýäris?

7 Biz erbetlikden doly dünýäde ýaşaýandygymyz üçin, käbir sebäplere görä horluk çekýäris. Hudaý zalym dünýäni ýok edýänçä, ähli betbagtçylygy aýrar öýtmeli däl. Hudaýyň gününe garaşyp, Ýehowa wepaly bolup, onuň hökümdarlygyny goldasak, yzarlamalara duşarys (2 Tim. 3:12). Emma, gökdäki Atamyzyň kömegi we teselli bermegi bilen, biz Selanikdäki yzarlamalarda we muşakgatda çydam hem iman görkezen mesh edilen mesihçiler ýaly bolup bileris (2 Selanikliler 1:3—5-nji aýatlary okaň).

8. Ýehowanyň gullukçylaryna göwünlik berýändigi haýsy aýatlardan görünýär?

8 Ýehowa gullukçylaryna teselli berýär. Meselem, Ylýas pygamberi zalym aýal patyşa Izebel öldürmekçi bolanda, gorkup gaçýar, hatda öz ölümini dileýär. Ýöne Ýehowa Ylýas pygambere gyjalat bermän, göwünlik berip, ýumşuny ýerine ýetirer ýaly batyrgaýlyk berdi (1 Pat. 19:1—21). Şeýle-de Ýehowanyň halkyna teselli berýändigini I asyrdaky mesihçiler ýygnagyndan hem görse bolýar. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda şol döwürde «ýygnaklar bütin Ýahudada, Jelilede we Samariýada parahat ýaşaýandygy, abatlanyp, Reb gorkusynda gezip, Mukaddes Ruhuň göwünlik bermegi bilen köpelendigi» aýdylýar (Res. iş. 9:31). Biz hem «mukaddes ruhuň göwünlik berýändigine» nähili minnetdar!

9. Näme üçin Isa barada öwrensek, göwnümiz göterilýär?

9 Biz, mesihçiler Isa barada bilim alyp we onuň göreldesine eýerip, teselli tapýarys. Isa şeýle diýdi: «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar. Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir» (Mat. 11:28—30). Isanyň adamlary nähili ruhlandyrandygy barada öwrenip, onuň ajaýyp göreldesine eýersek, göwnüçökgünlige düşenimizde kömek eder.

10, 11. Ýygnakda kim teselli berip biler?

10 Şeýle-de bizi dogan-uýalar goldap bilýär. Geliň, ýaşulularyň göwnüçökgünlere nädip kömek edip bilýändigine seredeliň. Ýahýa şägirt şeýle diýdi: «Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag çalyp, onuň üçin doga etsin. Iman dogasy syrkawa şypa berer, Reb ony dikelder; eger ol günä eden bolsa, bagyşlanar» (Ýakup 5:14, 15). Ýygnakdaky başga dogan-uýalar hem bize şeýle teselli berip biler.

11 Köplenç aýallara kynçylyklary barada başga aýallara gürrüň bermek aňsat bolýar. Esasanam, uly ýaşdaky we tejribeli uýalar ýaş uýalara gowy maslahatlar berip biler. Belki, şol uly ýaşdaky ruhy taýdan ýetişen uýalar durmuşynda şeýle ýagdaýa düşendir. Olaryň duýgudaşlygy we aýallara mahsus häsiýetleri uly kömek edýär (Titus 2:3—5-nji aýatlary okaň). Elbetde, ýaşulular we başga dogan-uýalar «göwnüçökgünlere göwünlik» berip biler hem-de bermeli (1 Sel. 5:14, 15). Hudaýyň «her hili muşakgat içindäkilere teselli berer ýaly, Ol her muşakgatymyzda bize teselli berýändigini» unutmalyň (2 Kor. 1:4).

12. Ýygnak duşuşyklaryna barmak näme üçin wajyp?

12 Ruhlanmak we teselli tapmak üçin Mukaddes Ýazgylar öwrenilýän ýygnak duşuşyklaryna barmak örän wajyp. Biz «Iuda bilen Silasyň doganlara köp öwüt-nesihat berip, olary güýçlendirendigi» hakynda okaýarys (Res. iş. 15:32). Ýygnakdan öň we soň dogan-uýalar abatlaýjy gürrüňler edýär. Käbir sebäplere görä, göwnüçökgün bolsak-da, geliň, özümizi dogan-uýalardan çetde tutmalyň, çünki ýeke özümiz ýagdaýy gowulandyryp bilmeris (Sül. tym. 18:1). Gaýtam, Pawlus resulyň: «Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň. Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň» diýen maslahatyna eýersek gowy bolar (Ýew. 10:24, 25).

Hudaýyň Sözünden teselli tapýarys

13, 14. Mukaddes Ýazgylar bize nädip teselli berýär?

13 Biz suwda çokundyrylan mesihçidigimize ýa-da Hudaý we onuň niýeti barada ýaňy öwrenip başlandygymyza garamazdan, Hudaýyň Sözünden uly tesseli tapýarys. Pawlus resul: «Çünki näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize taglym üçin ýazylandyr» diýdi (Rim. 15:4). Mukaddes Ýazgylar bize teselli berýär we «her bir oňat iş üçin taýýarlaýar» (2 Tim. 3:16, 17). Biz Mukaddes Ýazgylary we edebiýatlarymyzy okap hem öwrenip, Hudaýyň niýeti baradaky hakykaty hem-de gelejege bolan hakyky umydy bilýäris. Şeýtsek biz diňe bir teselli däl, eýsem Mukaddes Ýazgylardan başga-da peýdaly pikirler taparys.

14 Isa Mukaddes Ýazgylar arkaly adamlara öwredip we teselli berip, bize gowy görelde galdyrdy. Meselem, Isa direlenden soň, iki şägirdine «Ýazgylary düşündirdi». Bu olara teselli berdi (Luka 24:32). Pawlus resul Isanyň ajaýyp göreldesine eýerip, «Mukaddes Ýazgylardan gürrüň berdi». Weriýada ony diňlän adamlar: «Her gün Ýazgylary gözleşdirip, sözi bütin göwünjeňlik bilen kabul etdiler» (Res. iş. 17:2, 10, 11). Şol sebäpli her gün Mukaddes Ýazgylary we edebiýatlarymyzy okamak örän wajyp! Olar bize şu kyn günlerde teselli hem umyt berýär.

Adamlara teselli bermegiň başga usullary

15, 16. Biz dogan-uýalara nädip kömek edip we ruhlandyryp bileris?

15 Biz dogan-uýalara kömek etmek we göwünlik bermek üçin köp zatlar edip bileris. Meselem, biz gartaşan ýa-da kesel dogan-uýalar üçin bazardan zat satyn alyp bileris. Şeýle-de biz olaryň öý işlerine kömekleşip, aladasyny etmeli (Flp. 2:4). Dogan-uýalarymyzy söýgi, ugurtapyjylyk, batyrgaýlyk we iman ýaly häsiýetleri üçin öwsek gowy bolar.

16 Garry dogan-uýalaryňka baranymyzda, durmuşy we Ýehowa gulluk edip, alan bereketleri barada gürrüň berende, diňlesek, göwnüni götereris. Biz nähili ruhlanarys we teselli taparys! Biz olar bilen bile Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary okap bileris. Belki, olar bilen şu hepde geçirilýän «Garawul diňi» duşuşygyndaky makala ýa-da Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda geçen material barada pikir alşarsyňyz. Siz Mukaddes Ýazgylara esaslanan DVD-de ýazylan filmleri bile görüp bilersiňiz. Şeýle-de biz edebiýatlarymyzdaky käbir ruhlandyryjy wakalary okap ýa-da gürrüň berip bileris.

17, 18. Näme üçin Ýehowanyň wepaly gullukçylary, onuň goldajakdygyna we teselli berjekdigine ynanyp biler?

17 Biz doganyň ýa uýanyň tesellä mätäçdigini görsek, onuň üçin doga ederis (Rim. 15:30; Kol. 4:12). Biz kynçylyga uçranymyzda we başgalardan göwünlik gözlänimizde, «ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar; Ol dogry adamy asla sarsdyrmaz» diýen Dawut pygamber ýaly iman edip bileris (Zeb. 55:22). Ýehowa hemişe bize teselli berer we goldar. Ol hiç haçan wepaly gullukçylaryny terk etmez.

18 Hudaý gadymy döwürde gullukçylaryna: «Size göwünlik berýän Mendirin» diýdi (Iş. 51:12). Biz ýas tutýanlara ýagşylyk edip, hoş sözler bilen göwünlik bersek, Ýehowa hem bize göwünlik berer. Biziň gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýändigimize garamazdan, Pawlus resulyň mesh edilen mesihçilere aýdan sözlerinden teselli tapyp bileris. Ol: «Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we bizi söýüp, merhemeti bilen bize baky teselli, ýagşy umyt beren Atamyz Hudaý, Siziň ýüregiňize teselli bersin, sizi her oňat işde hem sözde berkitsin» diýdi (2 Sel. 2:16, 17).

a Işaýa 61:1 Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Pukaralara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni mesh etdi; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni. 2 Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge.

Ýadyňyzdamy?

• Ýas tutýanlara göwünlik berýän wagyz işi nähili möçberde ýaýrady?

• Adamlara nädip göwünlik berip bileris?

• Ýehowanyň halkyna teselli berýändigi Mukaddes Ýazgylaryň haýsy aýatlaryndan görünýär?

[28-nji sahypadaky surat]

Sen ýas tutýanlara yhlasly göwünlik berýärsiňmi?

[30-njy sahypadaky surat]

Ýaşlar we gartaşanlar başgalary ruhlandyryp biler

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş