Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rj 3-nji böl. sah. 8—9
  • Biri göwnüňe degende — «Öýkelemäge sebäp bolsa-da...»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biri göwnüňe degende — «Öýkelemäge sebäp bolsa-da...»
  • Ýehowa dolanyň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Kim bizi «Hudaýyň söýgüsinden aýryp biler»?
  • «Ýehowanyň hut özi meniň bilen gepleşýän ýalydy»
  • Geçirimli Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýeriň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Ýehowa geçirimli adamlara bereket berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Pesgöwünli adamlaryň göwnüne degmäň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Bagyşlamak näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Başgalary
Ýehowa dolanyň
rj 3-nji böl. sah. 8—9

ÜÇÜNJI BÖLÜM

Biri göwnüňe degende — «Öýkelemäge sebäp bolsa-da...»

«Ýygnagymyzdan bir uýa ýanyma gelip, onuň puluny ogurlandygymy aýtdy. Başgalar muny eşidende, menden çetleşip başladylar. Birnäçe wagtdan ol uýa meniň beýle iş etmändigimi anyklap, ýanyma geldi-de, ötünç sorady. Ýöne men onuň ýüregime salan ýarasy üçin, içimden hiç haçan bagyşlap bilmerin diýdim» (Linda).

BELKI, senem bir doganyň ýa-da uýanyň göwnüňe degendigi ýadyňa düşýändir? Gynansak-da, käbirleri kimdir biriniň eden hereketi zerarly öz ruhy saglygyna zyýan ýetirdiler. Sen hakda-da şeýle diýse bolarmy?

Kim bizi «Hudaýyň söýgüsinden aýryp biler»?

Elbetde, ýüregiňe ýara salan imandaşyňy bagyşlamak aňsat däl. Ýöne her näme-de bolsa, mesihçiler bir-birini söýmeli (Ýahýa 13:34, 35). Imandaşymyzyň eden nähak işi bizi göwnüçökgünlige düşürip, lapykeç edip biler (Zebur 55:12).

Mukaddes Ýazgylarda käte mesihçileriň biri-birinden «öýkelemäge sebäbi bolar» diýilýär (Koloslylar 3:13). Emma biziň özümiz şeýle ýagdaýa düşenimizde, munuň hötdesinden gelmek kyn bolmagy mümkin. Şonda bize näme kömek eder? Gel, Mukaddes Ýazgylardaky üç prinsipe seredeli:

Gökdäki Atamyz hemme zady bilýär. Ýehowa ähli bolýan zatlary, şol sanda adalatsyzlyga uçraýandygymyzy we munuň bize zyýan ýetirýändigini bilýär (Ýewreýler 4:13). Üstesine-de, biz ejir çekip gynananymyzda, Ýehowa-da gynanýar (Işaýa 63:9). Ol «betbagtçylykdyr kynçylyklara» ýa-da başga zatlara, hatda gullukçylaryna-da Öz «söýgüsinden aýyrmaga» ýol bermez (Rimliler 8:35, 38, 39). Eýsem, bu bizi-de hiç zada ýa-da hiç kime Ýehowadan aýra salmaga ýol bermezlige höweslendirmeýärmi näme?

Bagyşlamak sowul-sala garamagy aňlatmaýar. Biz göwnümize degen adamy bagyşlanymyzda, onuň eden erbet işine kembaha garap, ony aklaýandygymyzy we sowuk-sala garaýandygymyzy aňlatmaýar. Ýadyňyzda bolsun, Ýehowa günäni makullamaýar, ýöne bagyşlamaga degerli sebäp bolsa bagyşlaýar (Zebur 103:12, 13; Habakuk 1:13). Ol bizi başgalary bagyşlamaga höweslendirende, öz göreldesine eýermäge çagyrýar. Sebäbi ol «gaharyny ebedi saklamaýar» (Zebur 103:9; Matta 6:14).

Göwnümize degen adamy bagyşlap, özümize peýda getirýäris. Nädip? Şeýle ýagdaýy göz öňüne getir. Sen agramy bary-ýogy bir-iki kilogram daşy alýarsyň-da, ony eliňi uzadyp duran halda saklaýarsyň. Ony biraz wagtlyk saklamak kyn düşmese gerek. Emma has köpräk saklamaly bolsa näme? Seniň pikiriňçe, daşy näçe wagt saklap bolar? Birnäçe minutmy, sagatmy ýa-da ondan köp? Muny etmek gaty kyn bolar, şeýle dälmi?! Elbetde, daşyň agramy üýtgemeýär, ýöne ony götermek gitdigiçe kynlaşýar. Öýke-kine babatda hem şeýle diýse bolar. Hatda ujypsyzja öýke-kinäni içiňde näçe köp saklasaň, şonça-da özüňe köp zyýan ýetirersiň. Ine, şonuň üçinem Ýehowa öýke-kine saklamazlyga höweslendirýär. Dogrudan-da, başgalary bagyşlap, biz özümize ýagşylyk edýäris (Süleýmanyň tymsallary 11:17).

Uýamyz Patyşalyk zalynda başga bir uýa öýke-kineli seredýär

Göwnümize degen adamy bagyşlap, biz özümize peýda getirýäris

«Ýehowanyň hut özi meniň bilen gepleşýän ýalydy»

Öýke-kine ýüreginde kök urmaz ýaly, Linda näme kömek etdi? Ol Mukaddes Ýazgylarda bagyşlamagyň wajypdygyny görkezýän aýatlaryň üstünde oýlandy (Zebur 130:3, 4). Linda, esasan, şuňa göz ýetirdi: göwnüňe degen adamy bagyşlasak, Ýehowa hem bizi bagyşlaýar (Efesliler 4:32—5:2). Linda bu aýatlaryň özüne täsir edişi barada şeýle diýýär: «Ýehowanyň hut özi meniň bilen gepleşýän ýalydy».

Wagtyň geçmegi bilen, Linda ýüregindäki öýke-kinäni aýryp bildi. Ol göwnüne degen uýany ýürekden bagyşlady we häzir ol onuň ýakyn jorasy. Linda Ýehowa yhlasly gulluk etmegini dowam etdi. Ýehowanyň saňa-da kömek etmek isleýändigine şübhelenme.

«Özüňize Hudaýyň söýgüsinde saklaň» kitabyň daşky suraty

Mariýa şeýle gürrüň berýär: «Men hakykatdan gidenimde, has-da göwnüçökgünlige düşdüm». Emma ol Ýehowanyň ýagşylygyny we söýýän Hudaýdygyny ýatladýan edebiýaty okanda: «Men bu kitaby okap, Ýehowa bolan söýgim täzeden artdy» diýdi. Ýehowanyň söýýän Hudaýdygyny ýatlatmak üçin «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» atly kitaby okap bilersiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş