Goý, Mukaddes Ýazgylary okamak saňa doly peýda getirsin
«Hudaýyň kanunyndan içki tebigatyma görä lezzet tapýaryn». RIM. 7:22, TD
1—3. Mukaddes Ýazgylary okamagyň we onuň taglymatlaryny durmuşyňda ulanmagyň näme peýdasy bar?
«MAŇA Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek edýändigi üçin men Ýehowa her gün irden minnetdarlyk aýdýaryn». Bu sözleri Mukaddes Ýazgylary 40 gezekden hem köp okan we ony okamagyny dowam edýän gartaşan uýamyz aýdýar. Bir ýaş uýamyz bolsa, Ýehowanyň diri şahsyýetdigine düşünmäge we Onuň bilen has ýakynlaşmaga Mukaddes Ýazgylaryň kömek edendigini ýazdy. Ol: «Men özümi hiç haçan şeýle bagtly duýmandym!» diýdi.
2 Petrus resul bizi «ýaňy dogan çagalar kimin ruhy, hilesiz süýdi küýsemäge» höweslendirdi (1 Pet. 2:2). Mukaddes Ýazgylary okap, öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanýan adamyň ynsaby päk we durmuşy manyly bolýar. Şeýle-de ol hakyky Hudaýy söýýän we oňa gulluk edýän başga adamlar bilen hem dostlugyny berkidýär. Bu zatlaryň hemmesi «Hudaýyň kanunyndan lezzet tapmaga» degerli sebäp bolup durýar (Rim. 7:22). Ýöne munuň başga-da köp peýdasy bar. Meselem haýsylar?
3 Ýehowa we Onuň ogly barada näçe köp bilseň, şonça-da olara we ýakynyňa bolan söýgiň artar. Mukaddes Ýazgylardan alan dogry bilimiň saňa Hudaýyň tizden şu zalym dünýäde gulak asýan adamlary nädip halas etjekdigine düşünmäge kömek eder. Munuň üçin sen adamlara hoş habary wagyz etmeli. Hudaýyň Sözünden öwrenen zatlaryňy başgalara öwretmek üçin edýän tagallalaryňy Ýehowa hökman patalar.
OKAMAK WE OÝLANMAK
4. Mukaddes Ýazgylary «ýuwaş ses» bilen okamak nämäni aňladýar?
4 Ýehowa gullukçylarynyň Mukaddes Ýazgylary howlugyp okamagyny islemeýär. Ol gadymy döwürde ýaşan Ýeşuwa şeýle diýdi: «Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin... ony gije-gündiz ýuwaş ses bilen oka» (Ýeş. 1:8, TD; Zeb. 1:2). Bu ýerde «ýuwaş ses» bilen oka diýlen tabşyryk Gelip çykyş kitabyndan tä Ylham kitabyna çenli ähli sözleri göni manyda pyşyrdap okamalydygyny aňladýarmy? Ýok. Bu özümize pikirlenmäge maý berip okamalydygymyzy aňladýar. Şeýdip okasaň, esasanam, seni ruhlandyrjak we seniň üçin peýdaly boljak aýatlara has ünsli bolmaga kömek eder. Şonuň üçin ruhlandyryjy sözlere, aýatlara ýa-da wakalara duş geleniňde, olary howlukman, hatda her bir sözüni aýratynlykda okajak bol. Şonda seniň okan zadyň ýüregiňe ýeter. Şeýdip okamak näme üçin wajyp? Eger sen Hudaýyň berýän maslahatlaryna düşünseň, olary durmuşda ulanmaga sende güýçli isleg dörär.
5—7. Hudaýyň Sözüni «ýuwaş ses» bilen okamak size a) ahlak taýdan arassa galmaga; b) başgalar bilen gatnaşanyňda sabyrly we mähirli bolmaga; ç) kyn günlerde Ýehowa bil baglamaga nädip kömek edip biler?
5 Mukaddes Ýazgylaryň düşünmesi kyn boljak kitaplaryna gabat geleniňde, «ýuwaş ses» bilen, ýagny oýlanyp okamaklyk peýdaly bolýar. Geliň, üç mysala seredip göreliň. Birinji mysal: Hoşea pygamberiň kitabyny okaýan ýaş dogany göz öňüne getiriň. Ol 4-nji babyň 10—13-nji aýatlaryny «ýuwaş ses» bilen okap säginýär (Hoşea 4:13-i okaň)a. Näme üçin? Sebäbi ol mekdepde ahlaksyzlygyň täsirine düşmejek bolup göreşýär. Şol sebäpli bu aýatlar onuň ünsüni özüne çekýär. Bu aýatlar barada oýlanyp, ol şeýle pikir edýär: «Adamlar erbet işi gizlinlikde etseler-de, Ýehowa muny görýär. Şol sebäpli men Ony gynandyrasym gelmeýär». Netijede, bu dogan Hudaýyň öňünde ahlak taýdan arassa galmagy ýüregine düwýär.
6 Ikinji mysal: mesihçi uýa Ýowel (Ýowel) kitabyny okaýar we 2-nji babyň 13-nji aýadyna ýetýär (Ýowel 2:13-i okaň)b. Ol bu aýady «ýuwaş ses» bilen okaýar, ýagny «rehimli, giň göwünli, wepaly söýgä baý» bolan Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip biljekdigi barada oýlanýar. Ol ýanýoldaşy we başgalar bilen gepleşende gaharly we göwne degiji sözleri aýtmazlygy jan etmegi ýüregine düwýär.
7 Üçünji mysal: işini ýitiren we aýalynyň hem-de çagalarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak barada alada edýän mesihçi dogany göz öňüne getiriň. Ol Nahum 1:7-de Ýehowanyň «betbagtlyk gününde halkyna penadygyny; Ol Öz penasyndakylary goraýandygyny» «ýuwaş ses» bilen, ýagny ünsli okaýar. Bu pikir oňa göwünlik berýär. Ol Ýehowanyň söýgi bilen alada edýändigini duýýar we çendenaşa alada etmegi bes edýär. Soňra ol 15-nji aýady okaýar (Nahum 1:15-i okaň)c. Bu dogan bir zada göz ýetirýär, ýagny kyn günlere garamazdan hoş habary wagyz etse, Ýehowany hakykatdan-da öz penasy hasaplaýandygyny görkezýändigine düşünýär. Netijede, ol iş gözleýän döwri hepdäniň köp bölegini wagyzda geçirýär.
8. Mukaddes Ýazgylary okap, ondan tapan ruhy hazynaňyz barada gysgaça gürrüň beriň.
8 Käbirleri Mukaddes Ýazgylaryň ýokarda agzalan kitaplaryna düşünmegi kyn hasaplamagy mümkin. Hoşea, Ýowel we Nahum kitaplaryny bir zat öwrenmek maksady bilen okasaňyz, olaryň başga aýatlaryny-da «ýuwaş ses» bilen okamak islärsiňiz. Bu pygamberleriň ýazan kitaplaryndan siz, gör, näçe teselli beriji we paýhasly sözleri okap bilersiňiz! Mukaddes Ýazgylaryň galan kitaplaryndan hem ençeme peýdaly zatlary öwrenip bileris. Hudaýyň Sözi almaz gazylyp alynýan ýer ýalydyr. Ondan doly peýdalanmaga jan ediň. Hawa, Mukaddes Ýazgylaryň hemme kitaplaryny okanyňyzda, ondan Hudaýyň görkezmesini we teselli beriji sözlerini tapmagy maksat ediniň.
DÜŞÜNJEK BOLUP JAN EDIŇ
9. Hudaýyň islegine gowy düşünmek üçin näme edip bileris?
9 Mukaddes Ýazgylary her gün okamak wajyp bolsa-da, megerem, siz okan zatlaryňyza doly düşünesiňiz hem geler. Şonuň üçin Ýehowanyň guramasynyň taýýarlaýan edebiýatlaryny yhlas bilen okap, Ýazgylarda duş gelýän adamlaryň alan terbiýesini, agzalýan wakalaryň we ýerleriň taryhyny öwrenmäge jan ediň. Ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň haýsy-da bolsa bir taglymatynyň öz durmuşyňyza täsir etmegini isleýän bolsaňyz, onda ýygnagyň ýaşulusyndan kömek soraň. Aýatlara düşünmegiň wajypdygyna göz ýetirmek üçin, geliň, birinji asyrda ýaşan mesihçiniň mysalyna seredeliň. Ol hem taglymata dogry düşünmek isleýärdi. Onuň ady — Apollos.
10, 11. a) Apollos hoş habary has dogry wagyz edip biler ýaly, oňa nädip kömek etdiler? b) Biz Apollos bilen bolan wakadan nähili sapak edinip bilýäris? («Sen hakykaty häzirki düşündirilişe laýyk öwredýärmiň?» atly çarçuwa serediň)
10 Apollosyň asly ýehudydy. Ol «Mukaddes Ýazgylara ökde» we «ruhy hyjuwly» mesihçidi. Resullaryň işleri kitabynda ol barada şeýle aýdylýar: «Diňe Ýahýanyň çokundyrmasyny bilmegine garamazdan... Reb hakda anyk gürrüňler bilen sapak bererdi». Emma Apollos Isanyň çokundyrylmak barada öz şägirtlerine täze öwreden käbir zatlaryna düşünmeýärdi. Apollosyň Efesosda wagyz edişini diňläp, mesihçi är-aýal Akila bilen Priskilla oňa «Hudaýyň ýoluny has takyk düşündirdiler» (Res. iş. 18:24—26). Bu Apollosa nähili peýda getirdi?
11 Apollos Efesosda wagyz edeninden soňra Ahaýa gitdi. «Ol gelip ýetende, merhemet arkaly iman edenlere köp ýardam etdi. Çünki ol Isanyň Mesihdigini Ýazgylar arkaly subut edip, ýehudylaryň aýdanlaryny halkyň öňünde hyjuw bilen paş edýärdi» (Res. iş. 18:27, 28). Şonda Apollos adamlara Isanyň çokundyrylmak baradaky aýdanlarynyň manysyny dogry düşündirip bildi. Ol Hudaýyň taglymatyna has dogry düşünip, hakyky sežde bilen gyzyklanýan adamlara ruhy ösüşler etmäge «köp ýardam etdi». Biz şu wakadan özümize näme sapak edinip bilýäris? Apollos ýaly, biz hem Mukaddes Ýazgylardan okaýan zatlarymyza düşünmek üçin jan edýäris. Emma adamlara hakykaty has ökdelik bilen öwredip bilmegimiz üçin tejribeli mesihçi bize maslahat berse, ony pesgöwünlilik we minnetdarlyk bilen kabul etmegi hem isleýäris. Eger şeýle etsek, onda biziň mukaddes gullugymyzyň hili has gowulaşar.
ÖWRENIP, BAŞGALARA-DA KÖMEK ET
12, 13. Mukaddes Ýazgylary sypaýylyk bilen ulansak, sapak geçýäne ruhy ösüşleri etmäge nädip ýardam eder? Mysal getiriň.
12 Biz hem, Priskilla, Akila we Apollos ýaly, başgalara peýda getirip bileris. Seniň ruhlandyryjy sözleriň arkaly gyzyklanýan adam kynçylyklary ýeňip, ruhy ösüşleri edende özüňi nähili duýýarsyň? Ýa-da sen ýaşuly hökmünde, kynçylyklary ýeňmäge kömek etmek üçin beren maslahatyňa dogan ýa uýa minnetdarlyk aýdanynda, nähili duýgulary başdan geçirýärsiň? Dogrudan-da, Hudaýyň Sözi arkaly başgalara kömek edeniňde, bu hemmelere şatlyk we durmuşda kanagat tapmaga ýardam edýär.d Muny nädip edip biljekdigiň barada oýlanyp gör.
13 Ylýas pygamberiň döwründäki ysraýyllylaryň köpüsi hakyky sežde bilen ýalan seždäniň arasynda «yraň atýardylar». Ylýasyň olara beren maslahaty ruhy ösüşleri etmäge ikirjiňlenýän gyzyklanýanlara ýardam edip biler (1 Patyşalar 18:21-i okaň)e. Şeýle ýagdaýy göz öňüňe getirip gör: sapak geçýän adam dostlarynyň ýa-da maşgala agzalarynyň gepinden gorkýar. Şeýle ýagdaýda sen onuň bilen Işaýa 51:12, 13-nji aýatlar (okaň)f arkaly pikir alşyp, ony Ýehowa sežde etmäge höweslendirip bilersiň.
14. Başgalara kömek etmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky parçalary ýada salmaga näme kömek eder?
14 Dogrudan-da, Mukaddes Ýazgylarda ençeme ruhlandyryjy, ýola getiriji we güýç beriji sözler bar. Emma sen: «Men gerek bolan wagty aýatlary nädip ýadyma salyp bilerin?» diýmegiň mümkin. Ýazgylary okap, Hudaýyň pikirleri barada her gün oýlan. Şeýtseň, okan zatlaryň aňyňa ornaşar we Ýehowanyň mukaddes ruhy gerekli wagty olary ýadyňa salmaga kömek eder (Mar. 13:11; Ýahýa 14:26-ny okaň).
15. Hudaýyň Sözüne has gowy düşünmäge saňa näme kömek edip biler?
15 Ýygnakdaky jogapkär borçlaryňy ýerine ýetirip bilmegiň üçin, Süleýman patyşa ýaly Ýehowa doga edip, Ondan akyldarlyk dile (2 Ýyl. 1:7—10). Ýehowa we Onuň islegi barada Ýazgylardan dogry bilim almak üçin sen hem gadymy döwürdäki pygamberler ýaly «gözleg» we «barlag» geçir (1 Pet. 1:10—12). Pawlus resul Timoteosy «imanyň... (we) taglymatyň sözleri bilen» iýmitlenmäge höweslendiripdi (1 Tim. 4:6). Senem şeýle etseň, başgala ruhy taýdan ösmäge kömek edip bilersiň. Munuň bilen birlikde, sen öz imanyňy hem berkidersiň.
HUDAÝYŇ SÖZÜNI OKAMAK BIZI GORAÝAR
16. a) Mukaddes Ýazgylary her gün ünsli okamak, Weriýadakylara nähili peýda getirdi? b) Şu günler Mukaddes Ýazgylary her gün okamak näme üçin wajyp?
16 Weriýanyň Makedoniýa şäherinde ýaşaýan ýehudylar «her gün Ýazgylary gözleşdirmegi», ýagny ünsli okamagy endik edinipdiler. Pawlus şol ýehudylara hoş habary wagyz edende, olar onuň aýdýanlaryny Ýazgylardan öwrenen zatlary bilen deňeşdiripdirler. Netijede näme boldy? Olaryň köpüsi Pawlusyň aýdýanlarynyň hakykatdygyna düşündiler we hakykata «iman etdiler», ýagny mesihçi boldylar (Res. iş. 17:10—12). Bu bolsa, Mukaddes Ýazgylary her gün okamaklygyň Ýehowa bolan imanyňy berkidýändigini subut edýär. Şeýle iman, ýagny «umyt edilen zatlara bil baglamaklyk», Hudaýyň berjek täze dünýäsinde ýaşamak üçin örän wajypdyr (Ýew. 11:1).
17, 18. a) Berk iman hem-de söýgi mesihçiniň göçme manydaky ýüregini nädip goraýar? b) Umyt bizi nädip goraýar?
17 Pawlus şeýle sözleri ýazdy: «Biz bolsa gündize degişlidiris... Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň» (1 Sel. 5:8). Onuň bu sözleri diýseň ýerliklidi. Esger öz ýüregini duşmandan goramaly. Edil şonuň ýaly-da, Mesihçi göçme manydaky ýüregini günäniň täsirinden goramaly. Eger mesihçi Ýehowany we ýakynyny söýüp, Onuň wadalaryna berk iman etse, bu nähili netije berer? Ýehowanyň şeýle gullukçysy iň gowy ruhy häsiýetleri, ýagny iman bilen söýgini sowut hökmünde geýdigi bolar. Ol Ýehowanyň göwnüne degjek hiç bir hereketleri etmese gerek.
18 Şeýle-de Pawlus «halas bolmak umydy», ýagny tuwalga hakda agzap geçdi. Gadym döwürde esger söweş meýdanynda başyna tuwalga geýmese, aňsatlyk bilen heläk bolmagy mümkindi. Emma ol berk tuwalga geýse, kellesine urgy degende-de, kän zeper ýetmän diri galyp bilerdi. Hudaýyň Sözüni okap, biz Ýehowanyň halas edip biljekdigine umydymyzy berkidýäris. Umydymyz berk bolsa, bu bize imandan dänenlere we olaryň «ýaramaz, boş sözlerine» garşy durmaga kömek edýär (2 Tim. 2:16—19). Şeýle-de biziň umydymyz Ýehowanyň halamaýan işlerini etmäge iterjek bolýan adamlara «ýok» diýip jogap bermäge güýç berer.
HALAS BOLMAGYŇ ÝOLY
19, 20. Biz Hudaýyň Sözüne näme üçin hormat goýýarys we ony gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bilýäris? («Ýehowa maňa tüýs gerek zadymy berdi» diýen çarçuwa serediň)
19 Dünýäniň soňy näçe golaýlaşdygyça, biz şonça-da Ýehowanyň Sözüne janymyz-tenimiz bilen bil baglamaly. Ondaky maslahatlar bize erbet endiklerimizi düzetmäge we günäli tenimize erk etmäge kömek edýär. Onuň ruhlandyryjy we teselli beriji sözleri arkaly Şeýtanyň dünýäsi tarapyndan bize tarap okdurylýan synaglara döz gelip bileris. Ýehowanyň Öz Sözi arkaly berýän görkezmesi bilen biz ýaşaýyş ýolunda galyp bileris.
20 Ýadyňda bolsun, Hudaý «bütin adamlaryň gutulmagyny» isleýär. Ýehowanyň gullukçylary-da şol «bütin milletleriň» arasynda ýaşaýarlar. Biziň wagyz we şägirt taýýarlamak işi arkaly kömek etmeli adamlarymyz hem şolaryň arasynda. Ýöne halas bolmak isleýänleriň hemmesi «hakykat bilimine» ýetmeli (1 Tim. 2:4). Şol sebäpli, eger biz şu dünýäniň ýok ediljek wagty halas bolmak islesek, onda Mukaddes Ýazgylary hem okamaly, hem onuň ylhamlanan görkezmelerine eýermeli. Hawa, Mukaddes Ýazgylary günde okasak, Ýehowanyň hakykat Sözüne näderejede hormat goýýandygymyzy we ony gymmat saýýandygymyzy görkezýäris (Ýahýa 17:17).
a Hoşea 4:13 Dagyň depesinde gurbanlyk kesýärler, Baýyrlarda bolsa sadaka berýärler. Dub, derek hem saýaly agajyň aşagynda sadaka edýärler. Çünki olaryň kölegesi goýy. Şonuň üçin gyzlaryňyz azgynlyk, gelinleriňiz bolsa zyna edýärler.
b Ýowel 2:13 Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň. Merhemetli hem rehimli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, jeza bermekden el çekmäge taýyndyr Ol.
c Nahum 1:15 Ine, size hoş habar getirýän, Parahatçylygy jar edýän çapar Daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, Beren wadalaryňy berjaý et, Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, Çünki olar bütinleý ýok edilerler.
d Elbetde, biz Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlary bilen hiç kimi belli bir karara gelmäge mejbur etmek ýa-da göwnüne degmek islemeýäris. Ýehowanyň bize sabyrly we mähirli bolşy ýaly, biz hem sapak geçýänlere şeýle garamaly (Zeb. 103:8).
e 1 Patyşalar 18:21 Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýýär: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmaýar.
f Işaýa 51:12 ... Näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz? 13 Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz...