Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/5 sah. 3—5
  • Hudaýyň Sözünden lezzet alýarmyň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň Sözünden lezzet alýarmyň?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Maksatlar we usullar
  • Wagtyňy biderek geçirmersiň
  • Hudaýyň Sözünden lezzet alyň
    Wagyz mekdebi
  • Okamaklyga üns beriň
    Wagyz mekdebi
  • Mukaddes Kitaby okamagyň peýdasy
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Mukaddes Kitaby dykgatly okaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/5 sah. 3—5

Hudaýyň Sözünden lezzet alýarmyň?

«MUKADDES ÝAZGYLARY yzygiderli okap başlanymda, lezzet alman, gaýtam kyn bolýardy. Oňa düşünmek kyn bolany üçin, köplenç ünsüm sowulýardy» diýip, Laren atly uýa aýdýar.

Käbir mesihçiler Mukaddes Ýazgylary höwessiz okap başlandygyny boýun alýarlar. Muňa garamazdan, olar Hudaýyň Sözüni okamagyň peýdalydygyny bilip, okamagyny dowam edýärdi. Mark şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylary okamaga we şahsy okuw geçmäge göwün açmalar päsgel berip bilýär. Şol sebäpli, men köpräk doga edýärin, esasanam, günde Mukaddes Ýazgylary okamaga çalyşýaryn».

Mukaddes Ýazgylara bolan minnetdarlygyňy artdyrmak üçin näme edip bilersiň? Sen ony okanyňda, nädip lezzet alyp bilersiň? Geliň, käbir maslahatlara seredeliň.

Maksatlar we usullar

Pikiriň bölünmez ýaly, Mukaddes Ýazgylary doga edip oka. Hudaýyň Sözüni okamaga yhlasyň artar ýaly, Ýehowadan kömek dile. Ýehowanyň akyldarlygyna doly düşünmek üçin, aňyňy we ýüregiňi açar ýaly oňa ýalbar (Zeb. 119:34). Mukaddes Ýazgylary doga etmän okasaň, tizden ýüzleý okap başlarsyň we höwesiň gaçar. Lin şeýle diýýär: «Käwagt men çalt okap, peýdaly goşmaça pikirlere doly düşünmeýärin. Köplenç men esasy pikirleri gowy özleşdirip bilmeýärin. Pikirim başga ýana sowulmaz ýaly, men özüme erk etmek üçin doga edýärin».

Öwrenen zatlaryňy gymmat saý. Ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin Mukaddes Ýazgylardaky hakykata düşünmek we şoňa görä ýaşamak wajyp. Şol sebäpli, peýdaly pikirleri tapmaga we olara eýermäge tagalla et. Kris atly dogan şeýle diýýär: «Men nädogry pikirimi we niýetimi bilmäge kömek edýän zatlary gözleýärin. Men hatda Mukaddes Ýazgylary we edebiýatlarymyzy ýazan adamlary görmesem-de, olardan özüme degişli peýdaly maglumatlary okap, ruhlanýaryn».

Ýetip bolýan maksatlar goý. Mukaddes Ýazgylardaky adamlar barada täze zady bilmäge çalyş. Siz olar barada gyzykly maglumaty guramanyň öz diliňizdäki edebiýatlaryndan ýa-da Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasyndan tapyp bilersiňiz. Siz Mukaddes Ýazgylardaky erkekdir aýallary tanap, häsiýetlerini we duýgularyny bildigiňizçe, olaryň göreldesi size has täsir eder.

Mukaddes Ýazgylar esasynda gürrüň etmegiň täze usullaryny öwren (Res. iş. 17:2, 3). Sofiýa atly uýa Mukaddes Ýazgylary şeýle maksat bilen öwrenýär. Ol: «Men wagyzda we başga wagt adamlara hakykaty dogry düşündirip biler ýaly, Mukaddes Ýazgylar esasynda gürrüň etmegiň täze usullaryny öwrenmek isleýärin. Bu babatda «Garawul diňi» gowy gollanma» diýýär (2 Tim. 2:15).

Mukaddes Ýazgylardaky wakalary göz öňüne getir. Ýewreýler 4:12-de: «Hudaýyň sözi diri» diýilýär. Aýatlary okanda, Mukaddes Ýazgylardaky adamlary göz öňüne getirip, Hudaýyň sözüni janlandyr. Olaryň eşidýän zatlaryny eşitmäge, duýýan zatlaryny duýmaga çalyş. Şeýle adamlaryň başdan geçiren zatlaryny durmuşyňda bolýan aýratyn wakalar bilen baglanyşdyr. Olaryň synaglara döz gelşinden sapak edin. Şonda Mukaddes Ýazgylardaky wakalara gowy düşünersiň we ýadyňda galar.

Kyn aýatlara gowy düşüner ýaly wagt tap. Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge ýeterlikli wagt sarp et. Gyzykly soraglar ýüze çykanda, olaryň jogabyny bilmek üçin goşmaça gözleg geçir. Nätanyş sözleriň manysyny bil, çykgyda we paralel aýatlara seret. Sen okan zatlaryňa näçe gowy düşünseň we olara eýerseň, şonça-da Hudaýyň Sözünden lezzet alarsyň. Sen hem mezmurçy ýaly şeýle diýersiň: «Men Seniň şaýatlyklaryňy (ýatlatmalaryňy) ebedilik miras aldym, ýüregimiň şatlygy olardyr» (Zeb. 119:111).

Materialy çalt geçjek bolmaň. Şahsy okuwyna ýeterlikli wagt sarp etseň, paýhasly bolar. Ýöne ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmagy hem unutma. Rakel uýa şeýle diýýär: «Men köp okanymda, ýadaýan we pikirimi jemläp bilmeýärin. Şonuň üçin men az-azdan okanymda, peýdaly bolýandygyna göz ýetirdim. Şonda şahsy okuw maňa has peýdaly bolýar». Kris dogan hem şeýle diýýär: «Men howlugyp okanymda, köp zat ýadymda galmaýar, şol sebäpli, ynsabym ezýet berýär. Okan zadym ýüregime jüňk bolmaýar». Şonuň üçin howlukman okaň.

Hudaýyň sözüni küýse. Petrus resul şeýle diýdi: «Gutulyş üçin ol arkaly öser ýaly, ýaňy dogan çagalar kimin ruhy, hilesiz süýdi küýsäň» (1 Pet. 2:2). Bäbekler süýdi küýsemegi öwrenmeýär, sebäbi bu duýgy olarda dogabitdi bolýar. Emma biz Mukaddes Ýazgylardan bilim alanda, Hudaýyň sözüne bolan söýgimizi artdyrmaly. Sen her gün Mukaddes Ýazgylardan azyndan bir sahypa okasaň, Hudaýyň sözüni küýsärsiň. Mukaddes Ýazgylary okamak başda kyn bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen ondan lezzet alarsyň.

Ýazgylardaky parçalar barada oýlan. Okan zatlarymyz barada oýlansak hem has peýdaly bolar. Bu saňa öwrenýän temalaryňy biri-biri bilen baglanyşdyrmaga ýardam eder. Şonda sen akyldarlyk, ýagny ruhy dürdäne monjugyny dakynarsyň (Zeb. 19:14; Sül. tym. 3:3).

Wagtyňy biderek geçirmersiň

Şahsy okuwyny gowy geçirmegi endik edinmek üçin tagalla etmeli bolýar, ýöne şeýtsek, bol bereketler alarys. Sen Mukaddes Ýazgylara has gowy düşünersiň (Ýew. 5:12—14). Hudaýyň Sözi saňa düşünje, akyldarlyk berip, bagtly, mähirli edýär we kalbyňa rahatlyk berýär. Hudaýyň Sözündäki akyldarlyk, ony kabul edýänler we eýerýänler üçin «ýaşaýyş agajydyr» (Sül. tym. 3:13—18).

Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenseň, düşünjäň artar (Sül. tym. 15:14). Bu saňa Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ak ýürekden berlen maslahaty kabul etmäge kömek eder. Sen karara gelende, Mukaddes Ýazgylardan we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» edebiýatlaryndan okan zatlaryňa eýerseň, Ýehowanyň Sözi saňa güýç hem kalbyňa şypa berer (Mat. 24:45). Sen has dogry garaýyşda bolarsyň, göwnüňi giň tutarsyň we Ýehowanyň Sözi pikiriňe, hereketiňe hem gürleýşiňe täsir eder. Şeýle-de Ýehowa bilen gatnaşygyňy berkidýän ähli işiň rowaçlanar (Zeb. 1:2, 3).

Hudaýy ýürekden söýseň, imanyň barada adamlara gürrüň berersiň. Bu hem saňa bol bereketler berer. Sofiýa adamlara gyzykly we ökdelik bilen wagyz eder ýaly, dürli aýatlary ýatlap, okap berýär. Ol: «Mukaddes Ýazgylaryň adamlara täsir edişini görüp, göwnüň göterilýär» diýýär.

Esasanam, Ýehowa ýakynlaşýandygymyz üçin Hudaýyň Sözünden lezzet alýarys. Sen Mukaddes Ýazgylary öwrenseň, Hudaýyň kadalaryna düşünersiň we onuň söýgüsine, jomartlygyna hem adalatlygyna minnetdar bolarsyň. Şunuň ýaly has wajyp ýa-da sylaglanýan okuw ýokdur. Hudaýyň Sözüni öwrenmek bilen meşgul bol. Şeýtseň, wagtyňy biderek geçirmersiň (Zeb. 19:7—11).

[5-nji sahypadaky çarçuwa]

HUDAÝYŇ SÖZÜNI OKAMAK ÜÇIN MAKSATLAR WE USULLAR

▪ Pikiriň bölünmez ýaly, Mukaddes Ýazgylary doga edip oka.

▪ Öwrenen zatlaryňy gymmat saý.

▪ Ýetip bolýan maksatlar goý.

▪ Mukaddes Ýazgylar esasynda gürrüň etmegiň täze usullaryny öwren.

▪ Mukaddes Ýazgylardaky wakalary göz öňüne getir.

▪ Kyn aýatlara gowy düşüner ýaly wagt tap.

▪ Materialy çalt geçjek bolma.

▪ Hudaýyň sözüni küýse.

▪ Ýazgylardaky parçalar barada oýlan.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş