Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • od sah. 206—212
  • Suwa çümdüriljekler bilen jemleýji söhbetdeşlik

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Suwa çümdüriljekler bilen jemleýji söhbetdeşlik
  • Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Meňzeş maglumat
  • Goşmaça maglumat
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Suwa çümdürilmegi maksat goýuň!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Hudaý bilen dostlaşmak üçin näme etmeli
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Başgalary
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
od sah. 206—212

SUWA ÇÜMDÜRILJEKLER BILEN SÖHBETDEŞLIK

Suwa çümdüriljekler bilen jemleýji söhbetdeşlik

Ýehowanyň Şaýatlarynyň etrap hem-de welaýat kongreslerinde wagyzçylary suwa çümdürýärler. Şonda suwa çümdürilýänler üçin ýörite nutuk bolýar we nutukçy dogan soňunda suwa çümdüriljeklere iki soraga sesli jogap bermegi haýyş edýär.

1. Günäleriňe toba edip, özüňi Ýehowa bagyş etdiňmi we Hudaýyň Isa Mesih arkaly halas edýändigine ynanýarsyňmy?

2. Suwa çümdürilip Ýehowanyň Şaýady bolýandygyňa we guramasyna goşulýandygyňa düşünýärsiňmi?

Suwa çümdüriljekler soraglara ynamly jogap berip, töleg gurbanyna iman edýändigini we özüni Ýehowa ýürekden bagyş edendigini köpçüligiň öňünde aýdýarlar (Rim. 10:9, 10). Şonuň üçin olar doga edip, soraglaryň üstünde oýlansalar, ynamly jogap berip bilerler.

Sen diňe Ýehowa gulluk etjekdigiňi we islegini birinji orunda goýjakdygyňy söz berip, özüňi oňa bagyş etdiňmi?

Sen, dogrudanam, suwa çümdürilmäge taýynmy?

Suwa çümdürileniňde nähili geýinmeli? (1 Tim. 2:9, 10; Ýah. 15:19; Flp. 1:10).

Suwa çümdüriljekler arassa, «salykatly geýnip», Hudaýy sylaýandyklaryny görkezmeli. Olar mesihçilere ýaraşmaýan eşikleri geýmeli däl. Meselem, çendenaşa açyk, ýuka, dar, ýazgyly ýa-da suratly eşikler. Olar arassa, salykatly, göze ýakymly we ýerlikli geýinmeli.

Suwa çümdürileniňde özüňi nähili alyp barmaly? (Luka 3:21, 22).

Isa suwa çümdürilende mesihçilere gowy görelde görkezdi. Ol suwa çümdürilende özüni Hudaýa bagyş edýändigine gowy düşünýärdi, şonuň üçin hem gelşiksiz hereketleri etmedi. Şu günlerem suwa çümdürilýän adam özüni kime bagyş edýändigini unutmaly däl. Ol suwa çümdürilýän ýerde oýun edip, suwda ýüzüp ýa-da özüni uly ýeňiş gazanan ýaly alyp barmaly däl. Elbetde, suwa çümdürilýän günümiz şatlanmaly, ýöne gelşiksiz hereketleri etmeli däl.

Ýygnaklara yzygider baryp guramadan daşlaşmasaň, Ýehowa beren sözüňde durmaga nädip kömek eder?

Suwa çümdürileniňden soňam näme üçin şahsy okuwyny geçirmeli we yhlasly wagyz etmeli?

ÝAŞULULAR ÜÇIN GÖRKEZME

Wagyzçy suwa çümdürilmek isleýändigini aýdanda, ýaşulular ony şu kitabyň 185—207-nji sahypalaryndaky «Suwa çümdüriljekler bilen söhbetdeşlik» diýen bölümlere öňünden taýýarlanmaga höweslendirmeli. Şeýle-de wagyzçy söhbetdeşlige nädip taýýarlanmalydygyny biler ýaly, ýaşulular oňa 182-nji sahypadaky «Suwa çümdürilmedik wagyzçylar!» diýen bölümi okamalydygyny aýdyp biler. Şol bölümde suwa çümdürilmek isleýän wagyzçy gürrüňdeşlikde şu kitaby we eden belliklerini arkaýyn ulanyp biler. Emma wagyzça söhbetdeşlige başga biri bilen taýýarlanmak gerek däl.

Wagyzçy suwa çümdürilmek isleýändigini ýaşulular maslahatynyň koordinatoryna aýtmaly. Suwa çümdürilmek isleýän adama bölümlere taýýarlanmak üçin ýeterlikli wagt berlensoň, ýaşulular maslahatynyň koordinatory ondan Ýehowa doga edip, özüni Hudaýa bagyş eden-etmändigini soramaly. Eger özüni bagyş eden bolsa, ýaşulular maslahatynyň koordinatory söhbetdeşlik geçirmek üçin iki ýaşulyny bellär. Söhbetdeşligiň her bölümini bir ýaşuly geçirer. Söhbetdeşligi geçirmek üçin kongresiň bildiriş edilmegine garaşmak hökman däl.

Söhbetdeşligiň her bölümi aýratyn geçirilip, her bölüme bir sagat ýa-da ondanam köpräk wagt sarp edilýär. Her bölümiň başynda we soňunda doga edilýär. Söhbetdeşlikde soraglara howlukmaç seredip geçmeli däl. Bellenen ýaşulular söhbetdeşligi uzaga çekmän gurnamaly.

Söhbetdeşligi her bir adam bilen aýratyn geçirmeli. Şonda wagyzçy özüni arkaýyn duýup, pikirini çekinmän aýdyp biler. Ýaşulular hem wagyzçynyň Mukaddes Kitaba gowy düşünýändigine we suwa çümdürilmäge taýyndygyna göz ýetirip biler. Eger är-aýalyň ikisem suwa çümdürilmek isleýän bolsa, söhbetdeşligi bilelikde geçirse bolýar.

Eger uýa suwa çümdürilmek isleýän bolsa, ýaşuly onuň bilen söhbetdeşligi başgalaryň görýän ýerinde geçirmeli, ýöne olaryň gürrüňini hiç kim eşitmeli däl. Söhbetdeşligi geçirýän ýaşuly ýanyna bir dogany almaly bolsa, onda ol ýaşuly ýa-da hyzmatçy bolmaly. Hyzmatçy doganlaryň haýsy bölümlere gatnaşyp bilýändigi barada indiki abzasda düşündirilýär.

Ýygnakda ýaşulular örän az bolsa, söhbetdeşlige wagyzçynyň suwa çümdürilmäge taýynlygyna göz ýetirip bilýän hyzmatçyny äkitse bolýar. Emma olar diňe «Mesihçileriň ynançlary» diýen 1-nji bölüme gatnaşyp bilýär. «Mesihçileriň durmuşy» diýen 2-nji bölümi bolsa diňe ýaşulular geçirmeli. Eger ýygnakda ukyply doganlar ýok bolsa, etrap gözegçisi goňşy ýygnakdaky doganlardan kömek etmegi haýyş edip biler.

Eger suwa çümdürilmek isleýän wagyzçy kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa, söhbetdeşlige onuň mesihçi ene-atasy hem gatnaşmaly (ene-atasynyň biri gatnaşsa-da bolar). Eger ene-atasy gatnaşyp bilmese, onda söhbetdeşligi iki ýaşuly ýa-da serediljek bölüme görä ýaşuly bilen hyzmatçy geçirmeli.

Ýaşulular suwa çümdürilmek isleýän adamyň Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryna düşünýändigine göz ýetirmeli. Şeýle-de olar wagyzçynyň hakykaty ýürekden gymmat saýýandygyny we Ýehowanyň guramasyna hormat goýýandygyny bilmeli. Eger ol Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryna düşünmeýän bolsa, ýaşulular gerekli kömegiň berilmeginiň aladasyny ederler. Wagtyň geçmegi bilen, ol suwa çümdürilmek üçin talaplara laýyk gelip biler. Käbir wagyzçylara wagyz etmegiň ýa-da guramanyň tertip-düzgünine tabyn bolmagyň wajypdygyna düşünýändigini görkezmek üçin wagt bermeli bolýar. Ýaşulular söhbetdeşlik üçin berilýän wagty paýhasly ulanyp, wagyzçynyň suwa çümdürilmäge taýyndygyna göz ýetirmeli. Käbir soraglara köpräk, käbirine az wagt sarp etmeli bolsa-da, olaryň ählisine hökman seredip geçmeli.

2-nji bölüme seredilensoň, söhbetdeşlige gatnaşan ýaşulular wagyzçynyň suwa çümdürilmek üçin talaplara laýyk gelýän-gelmeýändigini maslahatlaşarlar. Ýaşulular her bir wagyzçynyň terbiýesini, ukybyny we başga-da ýagdaýlaryny göz öňünde tutmaly. Olar wagyzçynyň Ýehowa bilen dostlugynyň berkdigine we Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryna düşünýändigine göz ýetirmeli. Ýaşulularyň goldawy bilen suwa çümdüriljekler özüne ynanylan hoş habary yhlasly wagyz edip bilerler.

Şondan soň söhbetdeşligi geçiren ýaşulular wagyzça suwa çümdürilmek üçin talaba laýyk gelýän-gelmeýändigini aýtmaly. Eger talaba laýyk gelýän bolsa, ýaşulular onuň bilen 206, 207-nji sahypalardaky «Suwa çümdüriljekler bilen jemleýji söhbetdeşlik» diýen bölüme seretmeli. Eger wagyzçy «Ebedi ýaşaň!» kitabyny doly geçip gutarmadyk bolsa, ýaşulular ony suwa çümdürileninden soňam okuwyny dowam etmäge höweslendirmeli. Wagyzça suwa çümdürilen senesiniň «Wagyz depderçesine» ýazylýandygyny aýtmaly. Oňa şeýle maglumatlaryň bütin dünýäde wagyz işiniň gidişini bilmek, wagyzçylaryň yzygider wagyz etmegi we olara gerekli kömegiň berilmegi üçin toplanýandygyny ýatlatmaly. Şeýle-de ýaşulular şahsy maglumatlaryň jw.org saýtyndaky «Ýehowanyň Şaýatlarynyň şahsy maglumatlaryny goramak syýasatyna» görä ulanylýandygyny aýtmaly. Gürrüňdeşlik on minutdan uzaga çekmeli däl.

Suwa çümdürilenine bir ýyl geçensoň, iki ýaşuly wagyzçyny ruhlandyrmaly we gerekli maslahatlary bermeli. Ýaşulularyň biri wagyzçynyň topar gözegçisi bolmaly. Eger suwa çümdürilen wagyzçy kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa, onuň ýanynda mesihçi ene-atasy hem bolmaly. Ýaşulular mähirli gepleşip, ony ruhlandyrmaly. Suwa çümdürileni bäri nähili ösüş edendigi hakda soramaly. Ony Mukaddes Kitaby her gün okamaga, yzygiderli şahsy okuwy geçirmäge, her hepde maşgala okuwyna gatnaşmaga, ýygnaklara barmaga, yhlasly wagyz etmäge höweslendirmeli we birki maslahat bermeli (Efes. 5:15, 16). Eger ol «Ebedi ýaşaň!» kitabyny geçip gutarmadyk bolsa, ýaşulular bir dogandan ýa-da uýadan onuň bilen okuw geçmegi haýyş ederler. Ýaşulular gürrüňdeşligiň dowamynda wagyzça diňe bir maslahat bermän, edýän tagallasy üçin hem öwmeli.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş