24-NJI BÖLÜM
Pawlus ýygnaklara hat ýazýar
Pawlusyň hatlary irki mesihçileriň imanyny berkidýär
TÄZE dörän mesihçiler ýygnagy Ýehowanyň niýetiniň amala aşmagy üçin wajyp orun tutmaly. Emma ilkinji mesihçiler derrew yzarlamalara duçar bolýarlar. Olar yzarlamalara we ýygnakda döreýän kynçylyklara garamazdan, Hudaýa wepaly galyp bilerlermi? Injildäki 21 hatyň mazmuny bu babatda peýdaly maslahatlary we teselli berýän sözleri öz içine alýar.
Onuň 14 hatyny — Rimlilerden tä Ýewreýlere çenli — Pawlus resul ýazýar. Bu hatlar mesihçiler ýygnagynyň ýa-da olara niýetlenen adamlaryň adyny göterýär. Geliň, Pawlusyň hatlaryndaky käbir temalara seredeliň.
Ahlak kadalary we edim-gylym. Ahlaksyzlyk, zyna we başga-da agyr günäleri edýän adamlar «Hudaýyň Patyşalagyny miras almazlar» (Galatýalylar 5:19—21; 1 Korintoslylar 6:9—11). Hudaýyň gullukçylary milletine garamazdan agzybir bolmaly (Rimliler 2:11; Efesliler 4:1—6). Olar mätäçlik çekýän imandaşlaryna kömek etmeli (2 Korintoslylar 9:7). Pawlus: «Dyngysyz doga ediň» diýip maslahat berýär. Ol imandaşlaryna ýüregini Ýehowa dökmegi ündeýär (1 Selanikliler 5:17; 2 Selanikliler 3:1; Filipililer 4:6, 7). Hudaý dogalaryňy eşider ýaly, oňa iman etmeli (Ýewreýler 11:6).
Maşgalanyň agzybir bolmagyna näme kömek eder? Är aýalyny öz teni kimin söýmeli. Aýal ärine çuňňur hormat goýmaly. Çagalar ata-enesine gulak asmaly, çünki bu Hudaýa ýaraýar. Ata-eneler çagalaryna gözegçilik etmeli we olara söýgi bilen, Hudaýyň prinsipleri boýunça terbiýe bermeli (Efesliler 5:22—6:4; Koloseliler 3:18—21).
Hudaýyň niýetine düşünmeklik. Musanyň kanunynyň köp aýratynlyklary ysraýyllylary Mesih gelýänçä gorap, olara görkezme berýärdi (Galatýalylar 3:24). Emma mesihçilerden bu Kanuny berjaý etmek talap edilmeýär. Pawlus ýewreýlere ýazan hatynda — ýehudy mesihçilere — Musanyň kanunynyň näme üçin berlendigini we Mesih arkaly Hudaýyň niýetiniň nädip amala aşmalydygyny düşündirdi. Şeýle-de ol Kanunyň käbir aýratynlyklarynyň pygamberlik manysynyň bardygyny ýazdy. Meselem: mal gurbanlary Isanyň töleg gurbanynyň nusgasydy, çünki bu töleg arkaly, hakykatdan-da, günäler ötülýär (Ýewreýler 10:1—4). Hudaý Isanyň ölümi bilen Kanun ähtini ýatyrdy, sebäbi bu Kanun maksadyny berjaý edipdi (Koloseliler 2:13—17; Ýewreýler 8:13).
Ýygnagyň işleýşi. Ýygnakda jogapkärli işi alyp barmak isleýän doganlar ýokary ahlak kadalaryna laýyk gelmeli we ruhy taýdan ýetişen bolmaly (1 Timoteos 3:1—10, 12, 13; Titus 1:5—9). Ýehowanyň gullukçylary yzygiderli ýygnanyşyp, bir-birini ruhlandyrmaly (Ýewreýler 10:24, 25). Ýygnak duşuşyklary abatlamaly we öwüt-nesihat bermeli (1 Korintoslylar 14:26, 31).
Pawlus Timoteosa ikinji hatyny ýazanda, Rimde tussagdady we höküm çykarylmagyna garaşýardy. Onuň ýanyna diňe käbir dostlary gorkman gelip bildiler. Pawlus wagtynyň azlygyny bilýärdi. Ol şeýle diýdi: «Men oňat söweş alyp bardym, ýaryşy bitirdim, imany goradym» (2 Timoteos 4:7). Şondan soň Pawlus öldürilen bolmaly. Emma onuň hatlary şu günler hem Hudaýyň gullukçylaryna görkezme berýär.
Rimliler, 1 we 2 Korintoslylar, Galatýalylar, Efesliler, Filipililer, Koloseliler, 1 we 2 Selanikliler, 1 we 2 Timoteos, Titus, Filimun we Ýewreýler kitaplaryna esaslanýar.