6-NJY SAPAK
Ýaşaýyş nädip döredi?
Köp adamlar «ýaşaýşyň Gözbaşynyň Hudaýdygyna» ynanýarlar (Zebur 36:9). Käbirleri bolsa ýaşaýyş öz-özünden döredi diýýärler. Onda adamlaram öz-özünden döredimikä? Eger ýaşaýşy Ýehowa Hudaý döreden bolsa, onda onuň bir maksady bolmalya. Geliň, Mukaddes Kitapdan ýaşaýşyň öz-özünden döremändigini subut edýän käbir zatlary bileliň.
1. Älem-jahan nädip döredi?
Mukaddes Kitapda: «Ilkibaşda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» diýilýär (1 Musa 1:1). Köp alymlar älem-jahanyň öz-özünden döremändigini aýdýarlar. Hudaý älem-jahany nädip ýaratdyka? Ol «mukaddes ruhy» bilen ähli zady, galaktikalary, ýyldyzlary, planetalary ýaratdy (1 Musa 1:2).
2. Hudaý ýeri näme üçin ýaratdy?
Ýehowa «ýeri biderek ýere däl, ýaşaýyş üçin ýaratdy» (Işaýa 45:18). Ol ýeri adamlaryň gowy hemem ebedi ýaşamagy üçin ýaratdy (Işaýa 40:28; 42:5-nji aýatlary oka). Alymlar hem Ýer şarynyň üýtgeşikdigini aýdýarlar. Adamlar diňe Ýer planetasynda ýaşap bilýärler.
3. Hudaý adamlary nädip üýtgeşik edip ýaratdy?
Ýehowa ýeri ýaradansoň, ösümlikleri we haýwanlary ýaratdy. Soňra Hudaý «özüne meňzeş edip ynsan ýaratdy» (1 Musa 1:27-ni oka). Ýaradylan zatlaryň içinde näme üçin adamlar iň üýtgeşigi? Hudaý bizi özüne meňzeş edip ýaradandygy üçin, bizde-de söýgi, adalatlylyk ýaly häsiýetler bar. Şeýle-de biz dil öwrenip, tebigaty synlap, saz diňläp lezzet alyp bilýäris. Ýaradylan zatlaryň içinde diňe adamlar Hudaýa sežde edip bilýär.
SÖHBETDEŞLIK
Ýaşaýşyň öz-özünden döremändigine, Mukaddes Kitapda ýaradylyş barada aýdylan zatlaryň dogrudygyna göz ýetiriň. Adamlaryň haýsy häsiýetinden Hudaýy tanap bolýandygyny öwreniň.
4. Ýaşaýyş öz-özünden döremedi
Adamlar tebigatdan öwrenip, üýtgeşik zatlary ýasaýarlar. Aslynda, olar kimden öwrenýärler? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Adamlar haýsy zatlary tebigatdan öwrenip ýasadylar?
Öýi ussa gurýar. Diýmek, tebigaty hem biri ýaradypdyr. Ýewreýler 3:4-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Tebigatda görýän zatlaryň haýsysy haýran galdyrýar?
Älem-jahandaky her bir zady Hudaýyň ýaradandygyna ynanýaňmy? Näme üçin?
Bilýäňizmi?
Şuňa degişli makalalar, wideolar jw.org saýtyndaky «Öz-özünden döredimi ýa-da ýaradyldy?» we «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky garaýyşlar» diýen bölümlerde bar.
«Elbetde, öýi ussa gurýar, ýöne ähli zady Hudaý ýaratdy».
5. Mukaddes Kitapda ýaradylyş barada aýdylýar
1 Musa 1-nji bapda ýeriň we ondaky zatlaryň nädip ýaradylandygy düşündirilýär. Munuň erteki däl-de, hakykatdygyna ynansa bolarmy? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Mukaddes Kitaba görä, ýer şary we janly-jandarlar göni manyda 6 günde ýaradyldymy?
Mukaddes Kitapdaky ýaradylyş barada aýdylanlar dogrumy? Näme üçin?
1 Musa 1:1-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Alymlar älem-jahanyň öz-özünden döremändigini aýdýarlar. Olaryň aýdýanlary okan sözleriňe gabat gelýärmi?
Käbir adamlar Hudaý ilkibaşda kiçijik öýjük ýaratdy, galan janly-jandarlar bolsa şondan emele geldi diýýärler. 1 Musa 1:21, 25, 27-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Mukaddes Kitapda Hudaý başda ýönekeý jandarlary ýaradypdyr, soňra olardan balyklar, süýrenijiler, süýdemdirijiler gelip çykypdyr, iň soňunda bolsa, adam emele gelipdir diýip öwredilýärmi? Ýa-da Hudaý olaryň her birini aýratynlykda ýaratdymy?
6. Hudaý adamlary üýtgeşik edip ýaratdy
Ýehowa bizi täsin edip ýaratdy. 1 Musa 1:26-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Adamlarda näme üçin söýgi, rehimdarlyk ýaly häsiýetler bar?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Mukaddes Kitapda ýaradylyş barada aýdylýan zatlar-a erteki».
Sen nähili pikir edýärsiň? Näme üçin?
ESASY PIKIRLER
Ýehowa älem-jahandaky ähli zatlary ýaratdy.
Gaýtalamak
Mukaddes Kitapda älem-jahanyň döreýşi barada näme diýilýär?
Hemme zat ýönekeý jandardan emele geldimi ýa-da Hudaý her birini aýratynlykda ýaratdymy?
Adamlar näme üçin üýtgeşik edip ýaradyldy?
KÖPRÄK BILIŇ
Ähli zady Hudaý ýaratdy.
Kakasy ogluna ýaradylyş barada öwredýär.
Ewolýusiýa taglymaty Mukaddes Kitap bilen gabat gelýärmi?
«Hudaý ähli zady ewolýusiýa arkaly ýaratdymy?» (Internet makala)
Ýaşaýyş öz-özünden döredimi ýa-da Hudaý ýaratdy? Tapylan süňkler we alymlaryň barlaglary muny bilmäge kömek edýär.
a Hudaýyň adamlary näme üçin ýaradandygy barada 25-nji sapakda aýdylýar.