Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr19 Sentýabr sah. 1—8
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
  • Sözbaşylar
  • SENTÝABR 2—8
  • SENTÝABR 9—15
  • SENTÝABR 16—22
  • SENTÝABR 23—29
  • SENTÝABR 30—OKTÝABR 6
  • MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR?
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
mwbr19 Sentýabr sah. 1—8

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

SENTÝABR 2—8

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝEWREÝLER 7, 8

«Melkisedek ýaly ebedi ruhany»

it «Melkisedek»

Melkisedek

Salimiň patyşasy we «Beýik Hudaý (Ýehowanyň) ruhanysy» (Gelç 14:18, 22, 23). Melkisedek Mukaddes Ýazgylarda agzalýan ilkinji ruhany; ol b. e. öň 1933-nji ýylyna çenli şol wezipäni eýelän bolmaly. Salim «parahatlyk» diýmegi aňladýar. Melkisedek Salimiň patyşasy bolandygy üçin Pawlus resul oňa «Parahatlyk Patyşasy» we adynyň manysyna görä «Dogrulyk Patyşasy» diýýär (Ýew 7:1, 2). Gadymy Salim şäheri ençeme ýyl soň gurlan Iýerusalim şäheriniň düýbi hasaplanypdyr. Salim sözi Iýerusalim sözüniň bir bölegi bolup, käwagt Iýerusalime derek hem ulanylýar (Zb 76:2).

Ybram (Ybraýym) pygamber Kedorlagomeri we onuň ýanyndaky şalary boýun egdirenden soň, Şawe deresine, ýagny şa jülgesine barýar. Melkisedek şol ýere Ybraýym üçin «çörek bilen şerap getirýär» we oňa pata berip, şeýle diýýär: «Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý Ybramy ýalkasyn! Duşmanlaryny onuň eline beren Beýik Hudaýa alkyş bolsun!» Şonda Ybraýym pygamber Melkisedege «ähli zadyň ondan birini», ýagny patyşalary boýun egdirip alan «oljasynyň iň gowusyny» berýär (Gelç 14:17—20; Ýew 7:4).

it «Melkisedek»

Melkisedek

Haýsy manyda Melkisedegiň «haçan doglup, haçan ölendigi belli» däl?

Pawlus resul Melkisedegiň bir aýratynlygyna üns berip, şeýle diýýär: «Onuň kakasynyň, ejesiniň kimdigi, nesil şejeresi, haçan doglup, haçan ölendigi belli bolmasa-da, ol Hudaýyň Ogly kimin hemişelik ruhany bolup galýar» (Ýew 7:3). Elbetde, hemme adamlar ýaly Melkisedek hem doguldy we öldi. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda onuň ene-atasynyň ady agzalmaýar. Şeýle-de ata-babalarynyň, nesilleriniň kimdigi we haçan doglup, haçan ölendigi barada hiç zat aýdylmaýar. Melkisedek hemişelik ruhany Isa Mesihe meňzedilýär. Ýazgylardan görnüşi ýaly, Melkisedegiň ruhanylygy nesilden-nesle geçmeýär. Şonuň ýaly Isanyň hem özüne meňzeş ruhany ýokdy we onuň ruhanylygy başga birine geçmeýär. Isa ýahuda taýpasyndan hem-de Dawut patyşanyň neslinden bolandygy üçin Kanun esasynda ruhany bellenmändi. Şeýle-de onuň neslinden hem ruhany, hem patyşa bolan adam ýokdy. Bu zatlar Ýehowanyň öňünden wada berişi ýaly, Isany hut özüniň belländigini görkezýär.

it «Melkisedek»

Melkisedek

Ruhany hökmünde Mesih bilen meňzeşligi. Mesih hakdaky wajyp pygamberlikleriň birinde Ýehowa Dawuda şeýle wada berdi: «Melkisedek düzgüni boýunça Sen mydamlyk ruhanysyň» (Zb 110:1, 4). Bu ylhamly sözlere görä, ýewreýler wada edilen Mesihiň hem ruhany, hem patyşa boljakdygyna ynanyp bilýärdi. Pawlusyň ýewreýlere ýazan haty bu pygamberlik sözleriniň kime degişlidigini aýan edýär. Pawlus resul: «(Isa) Melkisedek ýaly ebedi baş ruhany bolandyr» diýip ýazdy (Ýew 6:20; 5:10; serediň «ÄHT»).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w00 15/8 sah. 14, abz. 11

Hudaýa ýaraýan gurbanlar

11 Pawlus resul: «Her bir baş ruhany sowgatlary we gurbanlary hödürlemek üçin bellenendir» diýdi (Ýewreýler 8:3). Ol gadymy döwürde baş ruhanynyň getirýän gurbanlaryny iki topara bölýär: «sowgatlar» hem-de «gurbanlar» ýa-da «günäleri üçin berilýän gurbanlar» (Ýewreýler 5:1). Adatça, adam sowgat berende söýgüsini we minnetdarlygyny görkezýär. Şeýle-de sowgatlar dostlugyň, biriniň razylygyny ýa-da merhemetini gazanmagyň alamaty hasaplanýar (Gelip çykyş 32:20; Süleýmanyň tymsallary 18:16). Şonuň ýaly Kanunda talap edilýän gurbanlara Hudaýyň merhemetini we razylygyny gazanmak üçin berilýän «sowgatlar» diýse bolýardy. Kanuny bozýan adam ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak we günäsini ýuwmak üçin gurban getirmelidi. Musanyň bäş kitabynda, esasanam, Müsürden çykyş, Lewiler we Sanlar kitabynda berilýän gurbanlaryň hem sadakalaryň dürli görnüşleri agzalýar. Elbetde, olaryň hemmesini ýatda saklamak aňsat däl. Emma berilýän gurbanlaryň käbir aýratynlyklary ünsümizi özüne çekýär.

it «Äht»

Äht

Kanun ähti nädip «köneldi»?

Hudaý Ýermeýa pygamber arkaly täze ähtiň baglaşyljakdygyny aýdanda, Kanun ähti belli bir derejede «könelipdi» (Ýer 31:31—34; Ýew 8:13). B. e. 33-nji ýylynda Mesih jebir pürsünde öldürilende, Kanun ähti ýatyrylyp (Kol 2:14), täze äht baglaşyldy (Ýew 7:12; 9:15; Res 2:1—4).

it «Äht»

Täze äht. B. e. öň VII asyrda Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly täze äht baglaşjakdygyny we onuň ysraýyl halkyna berlen Kanun ähti ýaly bolmajakdygyny aýtdy (Ýer 31:31—34). B. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisanynda ölüminiň öň ýanynda Isa Mesih Halypamyzyň agşam naharyny girizende, töleg gurbanynyň berilmegi bilen güýje girjek täze äht barada aýtdy (Luk 22:20). Isanyň direlip, göge Atasynyň ýanyna gidenine 10 gün geçende, ýagny direlenine 50 gün bolanda, ol Iýerusalimde ýokarky otagda ýygnanyşan şägirtleriniň üstüne Ýehowanyň mukaddes ruhuny dökdi (Res 2:1—4, 17, 33; 2Kr 3:6, 8, 9; Ýew 2:3, 4).

Täze äht Ýehowa bilen «ruhy Ysraýyl», ýagny Mesih bilen birlikde we onuň bedeniniň agzalary bolan mukaddes ruhdan doglan mesihçiler (ýa-da mesihçiler ýygnagy) bilen baglaşyldy (Ýew 8:10; 12:22—24; Gl 6:15, 16; 3:26—28; Rm 2:28, 29). Täze äht Isa Mesihiň dökülen gany (beren töleg gurbany) arkaly güýje girdi. Ol göge galanda, şol tölegiň bahasyny Ýehowa hödürledi (Mt 26:28). Hudaý kimdir birini gökdäki ýaşaýyş üçin saýlanda (Ýew 3:1), Mesihiň töleg gurbany esasynda ony şol ähte degişli hasaplaýar (Zb 50:5; Ýew 9:14, 15, 26). Isa Mesih täze ähtiň töwellaçysy (Ýew 8:6; 9:15) we Ybraýymyň nesliniň esasy bölegi hasaplanýar (Gl 3:16). Täze ähtiň töwellaçysy hökmünde Isa şol ähtiň agzalaryna günäleriniň bagyşlanyp, Ybraýymyň hakyky nesilleri bolmaga kömek edýär (Ýew 2:16; Gl 3:29). Ýehowa olary dogry adam hasaplaýar (Rm 5:1, 2; 8:33; Ýew 10:16, 17).

Isanyň mesh edilen bu doganlary «patyşalar bolup gulluk edýän ruhanylar» hökmünde baş ruhana tabyn bolýar (1Pt 2:9; Ylh 5:9, 10; 20:6). Olar Hudaýyň halky üçin ruhanylyk borjuny ýerine ýetirýär (Fp 2:17) we «täze ähtiň gullukçylary» hasaplanýar (2Kr 3:6). Olar Isa Mesihiň galdyran göreldesine doly eýerip, ölüminiň ahyryna çenli wepaly galsalar, Ýehowa olary patyşalar bolup gulluk edýän ruhanylar edip belleýär we Mesihiň gökdäki mirasdüşerleri hökmünde çüýremeýän hem-de ölmeýän ýaşaýyş bilen sylaglaýar (1Pt 2:21; Rm 6:3, 4; 1Kr 15:53; 1Pt 1:4; 2Pt 1:4). Bu täze ähtiň maksady Ybraýymyň nesli boljak Ýehowanyň adyny göterýän täze halky ýygnamak (Res 15:14). Täze ähte degişli adamlar Mesihiň gelinligi hasaplanýar; olar Mesih bilen Patyşalyk ähtini baglaşyp, onuň bilen gökde höküm sürer (Ýah 3:29; 2Kr 11:2; Ylh 21:9; Lk 22:29; Ylh 1:4—6; 5:9, 10; 20:6). Täze äht Hudaýyň ysraýylyna degişli bolanlaryň ählisi gökdäki ýaşaýyş üçin direlýänçä dowam eder. Emma bu ähtiň berjek bereketleri ebedi dowam eder. Ine, şonuň üçin hem oňa «ebedi äht» diýilýär (Ýew 13:20).

it «Baş ruhany»

Isa Mesihiň baş ruhanylygy. Pawlusyň ýewreýlere ýazan hatyndan görnüşi ýaly, Isa Mesih direlip göge galandan soň «Melkisedek ýaly ebedi baş ruhany boldy» (Ýew 6:20; 7:17, 21). Pawlus resul Mesihiň baş ruhanylygynyň aýratynlygy we onuň Harunyňkydan has beýikdigi hakda belläp geçýär hem-de Melkisedegiň Kanun boýunça däl-de, Gudratygüýçli Hudaý tarapyndan hem patyşa, hem ruhany bellenendigini düşündirýär. Isa Mesih lewi taýpasyndan däl-de, ýahuda taýpasyndan we Dawudyň neslindendi. Şonuň üçin Harundan ruhanylygy miras almady. Gaýtam, Hudaý tarapyndan Melkisedek ýaly ruhany bellenipdi (Ýew 5:10). Zebur 110:4-däki: «Reb ant içdi (ol niýetinden dänmez): Melkisedek düzgüni boýunça Sen mydamlyk ruhanysyň» diýen wada görä, ol gökde patyşa hem ruhany bolup gulluk etmelidi. Şeýle-de onuň Dawudyň neslinden bolandygy üçin patyşa bolmaga ygtyýary bardy. Şol sebäpli Hudaýyň Dawut bilen baglaşan ähtine görä, Mesih patyşalygy miras aldy (2Şm 7:11—16). Şonuň üçin Mesih Melkisedek ýaly hem patyşa, hem ruhany hasaplanýar.

Ysraýyllaryň ruhany bellenmeli taýpasyndan bolan «Lewiniň» Melkisedege zadynyň ondan bir bölegini bermegi Mesihiň ruhanylygynyň ýene bir aýratynlygyny görkezýär. Salimiň patyşasy hem ruhanysyna ondan bir bölegini berse-de, Ybraýymyň neslinden bolan Lewi heniz dogulmandy. Şeýdip, kiçisi ulusyndan bereket alar diýen prinsipe görä, Lewi Melkisedekden bereket aldy (Ýew 7:4—10). Pawlus resul Melkisedegiň «kakasynyň, ejesiniň kimdigi, nesil şejeresi, haçan doglup, haçan ölendiginiň belli» däldigine üns berýär. Bu direldilip, «ýok edip bolmajak ýaşaýyş» berlen Isa Mesihiň ebedilik ruhany bolup gulluk edýändigini görkezýär (Ýew 7:3, 15—17).

SENTÝABR 9—15

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝEWREÝLER 9, 10

«Gelmeli ýagşy zatlaryň... kölegesi»

it «Bagyşlamak»

Bagyşlamak

Hudaýyň ysraýyl halkyna beren Kanunyna görä, adam Hudaýa ýa-da ýakynyna garşy günä etse, Kanun esasynda ol başda günäsini boýun almalydy we Ýehowa mal gurbanyny getirmelidi (Lw 5:5—6:7). Pawlus resul gan baradaky prinsipi belläp geçýär: «Hawa, Kanuna görä ähli zat gan arkaly arassalanýandyr, gan dökülmese, günäleriň bagyşlanmagy mümkin däldir» (Ýew 9:22). Emma berilýän mal gurbanlary adamlary günäden saplap, ynsabyny doly arassalap bilmeýärdi (Ýew 10:1—4; 9:9, 13, 14). Ýöne olardan tapawutlylykda, pygamberlik edilen täze äht Isa Mesihiň töleg gurbany esasynda günäleri doly ýuwup bilýär (Ýer 31:33, 34; Mt 26:28; 1Kr 11:25; Ef 1:7). Isa ýer ýüzündekä, ysmaz adamy sagaldyp, günäleri bagyşlamaga ygtyýarynyň bardygyny görkezdi (Mt 9:2—7).

cf sah. 183, abz. 4

«Yzyma eýermegiňi dowam et»

4 Mukaddes Ýazgylarda Isanyň göge galanda, ony perişdeleriň garşy alandygy we Atasynyň ýanyna baranda örän tolgundyryjy bolandygy hakda hiç zat aýdylmaýar. Emma Ýazgylarda Isanyň dolanandan soň näme boljakdygy öňünden aýdyldy. Ysraýyl halky 15 asyrdan gowrak wagt ýylda bir gezek mukaddes çäräniň geçirilişini görüpdiler. Baş ruhany ýylda bir gezek, ýagny Günäden saplanma güni ybadathananyň Iň mukaddes otagyna girip, äht sandygynyň öňünde gan sepýärdi. Şol gün baş ruhany Mesihi suratlandyrýardy. Isa göge galandan soň, şu çäräniň pygamberlik manysyny bir gezekde hemişelik berjaý etdi. Ol göge, iň beýik we mukaddes ýere, Ýehowanyň huzuryna baryp, töleg gurbanynyň bahasyny hödürledi (Ýewreýler 9:11, 12, 24). Ýehowa muny kabul etdimikä?

it «Kämillik»

Kämillik

Musanyň kanunynyň aýratynlygy. Musa pygamber arkaly ysraýyl halkyna berlen Kanun ruhanylyk borjuny we dürli mal gurbanlary bermekligi öz içine alýardy. Kanun Hudaý tarapyn berlendigi üçin kämil hasaplanýardy, ýöne Pawlusyň aýtmagyna görä, ne Kanun, ne ruhanylyk borjy, ne-de berilýän gurbanlar Kanun astyndaky adamlary kämil edip bilmedi (Ýew 7:11, 19; 10:1). Kanun günäden we ölümden azat etmän, eýsem, günäniň nämedigini aýdyň görkezdi (Rm 3:20; 7:7—13). Muňa garamazdan, bu düzgünleriň bary Hudaýyň maksadyna laýyk hereket edýärdi; Kanun adamlary «Mesihe eltýän goragçy boldy» we «gelmeli ýagşy zatlaryň özi däl-de, kölegesidi» (Gl 3:19—25; Ýew 10:1). Onda Pawlusyň Rimliler 8:3-däki: «Bedeniň bikämildigi sebäpli, Hudaý Kanunyň başarmadyk zadyny etdi» diýen sözlerine nähili düşünse bolýar? Ol (Kanuna görä getirilýän mal gurbanlaryna we Günäden saplanma güni Iň mukaddes otaga girip, ganyň sepilmegine jogapkär bolan) we «doly halas etmegi başarmaýan» ýehudylaryň baş ruhanysyny göz öňünde tutan bolmaly (Ýew 7:11, 18—28). Harunyň ruhanylygy boýunça hödürlenýän gurbanlar Hudaýyň öňünde dogry hasaplanmaga kömek etse-de, adamlaryň günäsini doly ýuwup bilmeýärdi. Pawlus resulyň aýtmagyna görä, günä üçin berilýän gurbanlar «Hudaýa sežde edýänleri kämillige ýetirip bilmedi», ýagny olaryň ynsabyny doly arassalap bilmeýärdi (Ýew 10:1—4; 9:9-y deňeşdiriň). Baş ruhany adamlara günäden doly saplanmaga kömek etjek tölegi berip bilmeýärdi. Muny diňe Mesihiň hemişelik ruhanylygy we töleg gurbany arkaly amala aşyryp bolýardy (Ýew 9:14; 10:12—22).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w92 1/3 sah. 31, abz. 4—6

Okyjylaryň sowallary

Pawlusyň aýtmagyna görä, Hudaý bilen adamlaryň arasynda baglaşylan äht güýje girer ýaly, ol ölüm arkaly tassyklanmalydy. Kanun ähti muňa mysal bolup bilýär. Musa Hudaý bilen ysraýyl halkynyň arasynda baglaşylan ähtiň töwellaçysy boldy. Şeýdip, ol ähtiň güýje girmeginde ähmiýetli orun eýeledi we ysraýyllylara ýolbaşçylyk etdi. Şol sebäpli Musa Ýehowanyň beren Kanun ähtini baglaşan adam hasaplanýar. Ýöne Kanun ähti güýje girer ýaly, Musa öz ganyny dökmelidimi? Ýok. Musanyň ganyna derek mal gurbanlary hödürlenýärdi (Ýewreýler 9:18—22).

Ýehowanyň ruhy ysraýyl bilen baglaşan täze ähti barada näme diýse bolar? Isa Mesih Ýehowa bilen ruhy ysraýylyň arasyndaky töwellaçy hökmünde uly orun eýeleýär. Bu ähti Ýehowa döreden hem bolsa, Isa Mesih munda esasy orun eýeleýärdi. Şeýle-de Isa şol ähtiň töwellaçydy we oňa degişli bolanlaryň ilkinjisi bolmalydy (Luka 22:20, 28, 29). Mundan başga-da Isa ähtiň güýje girmegi üçin töleg gurbanyny berip bilýärdi. Bu gurban ýönekeý mal gurbany däl-de, kämil ynsan bedenidi. Şol sebäpli Pawlus Mesihe täze ähti baglaşan adam diýdi. Mesih göge girip, «biziň üçin Hudaýyň huzurynda peýda bolanda» täze äht güýje girdi (Ýewreýler 9:12—14, 24).

Pawlus resul Musa hem-de Isa hakda ähti baglaşan adamlar diýse-de, olaryň şol ähtleri döredendigini göz öňünde tutmady. Aslynda, bu ähtleri Hudaý baglaşypdy. Bu iki adam baglaşylan ähtler güýje girer ýaly töwellaçydy we bir-biri bilen berk baglanyşyklydy. Iki ýagdaýda-da äht ölüm arkaly tassyklanmalydy, ýagny Musanyň ganyna derek mal gurbanlary hödürlenýärdi, Isa bolsa öz ganyny täze äht üçin hödürledi.

it «Suwa çümdürilmek»

Suwa çümdürilmek

Luka Isanyň suwa çümdürilen wagty doga edendigini belläp geçýär (Lk 3:21). Pawlusyň ýewreýlere ýazan hatynda bolsa, Isa Mesihiň «ýer ýüzüne gelende» (dünýä inen wagty däl-de, suwa çümdürilip, gullugyna başlan wagty göz öňünde tutulýar. Sebäbi Isa doglanda aşakda getirilen sözleri aýdyp bilmeýärdi) Zebur 40:6—8-nji aýatlardaky şu sözleri aýdandygy nygtalýar: «Sen mal gurbanlarynyň we başga gurbanlaryň berilmegini islemediň, gaýtam, maňa bir beden taýýarladyň... Ine, Ýazgylarda men hakda aýdylyşy ýaly, eý Hudaýym, men seniň islegiňi berjaý etmek üçin geldim diýdim» (Ýew 10:5—9). Isa Hudaýyň Kanun ähtini baglaşan ýehudy halkynda doglupdy (Müsç 19:5—8; Gl 4:4). Isa suwa çümdürilmek üçin Ýahýanyň ýanyna baranda, Ýehowa Hudaý bilen baglaşylan ähtiň astyndady. Diýmek, Isa Kanunda talap edilýän zatdanam has köp zady etdi. Isa Atasynyň «islegine» laýyk özüni hödürledi. Şeýdip, Kanuna görä berilýän mal gurbanlary ýatyryldy. Pawlus resul şeýle diýdi: «Hudaýyň şu „islegine“ görä, biz Isa Mesihiň bedeniniň gurban hökmünde bir gezekde hemişelik hödürlenmegi bilen mukaddes edildik» (Ýew 10:10). Atasynyň islegine laýyklykda, Isa Patyşalyk barada hem wagyz etmelidi. Şonuň üçin ol özüni bu gulluga bagyş etdi (Lk 4:43; 17:20, 21). Ýehowa Isany mukaddes ruhy bilen mesh edip, oňa: «Sen meniň söýgüli Oglumsyň, men senden razydyryn» diýende, oglunyň özüni meýletin bagyş etmegini kabul edýändigini görkezdi (Mar 1:9—11; Lk 3:21—23; Mt 3:13—17).

SENTÝABR 16—22

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝEWREÝLER 11

«Iman etmek örän wajyp»

w16.10 sah. 27, abz. 6

Ýehowanyň wadalaryna iman ediň

6 Ýewreýler 11:1-i okaň. Bu aýatda agzalýan iman sözi göze görünmeýän iki zady öz içine alýar. Birinjiden, «umyt edýän zatlarymyzy». Muňa ähli erbetligiň ýok edilip, täze dünýäniň gelmegi baradaky wakalar degişli. Ikinjiden, «görünmeýän zatlar». Aýatdaky «ynandyryjy deliller» diýip terjime edilen grek sözi göze görünmeýän zatlaryň bardygyny subut edýär. Meselem, biz Ýehowa Hudaýyň, Isa Mesihiň, perişdeleriň bardygyna we gökdäki Patyşalygyň edýän täsin işlerine ynanýarys (Ýew. 11:3). Biz umydymyzyň berkdigini we Hudaýyň Sözünde agzalýan görünmeýän zatlara ynanýandygymyzy nädip görkezip bileris? Biziň sözlerimiz we edýän işlerimiz imanymyzyň nähilidigini görkezýär.

w13 1/11 sah. 11, abz. 2—5

«Ony ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmeli»

Ýehowanyň göwnünden turmak üçin näme etmeli? Pawlus resul: «adam iman etmese, Hudaýyň göwnünden turup bilýän däldir» diýip ýazdy. Üns beren bolsaňyz, Pawlus «adam iman etmese, Hudaýyň göwnünden turmak kyndyr» diýmedi. Ol «göwnünden turup bilýän däldir» diýýär. Başgaça aýdanyňda, Hudaýyň göwnünden turmak üçin iman etmek örän wajyp.

Ýehowanyň göwnünden turmak üçin nähili iman etmeli? Hudaýa imanymyz iki zada esaslanmaly. Birinjiden, «onuň bardygyna» iman etmeli. Ýa-da başga terjimede aýdylyşy ýaly, «onuň hakykatdanam bardygyna ynanmaly». Eger biz Hudaýyň bardygyna şübhelensek, onuň göwnünden turup bilerismi? Emma hakyky iman has köp zady öz içine alýar. Sebäbi jynlaram Ýehowanyň bardygyna ynanýar (Ýakup 2:19). Hudaýyň hakykatdanam bardygyna bolan imanymyz hereket etmäge höweslendirmeli, ýagny imanymyzy iş ýüzünde görkezip, Hudaýa ýaramly ýaşamaly (Ýakup 2:20, 26).

Ikinjiden, Hudaýyň «sylaglajakdygyna iman etmeli». Hakykatdan iman edýän adam Hudaýyň göwnünden turup ýaşamagyň biderek däldigine ýürekden ynanýar (1 Korinfliler 15:58). Eger Ýehowanyň bizi sylaglap bilýändigine ýa-da muny etmäge isleginiň bardygyna şübhelensek, onuň göwnünden turup bilerismi? (Ýakup 1:17; 1 Petrus 5:7). Ýehowanyň aladaçyl, minnetdar we jomart Hudaýdygyna ynanmaýan adam hak Hudaýy tanamaýar.

Ýehowa kimi sylaglaýar? Pawlus resul Hudaý özüni «ýürekden agtarýanlary» sylaglaýar diýdi. Mukaddes Ýazgylaryň terjimeçileri üçin niýetlenen bir kitapda aýdylmagyna görä, «ýürekden agtarmak» diýip terjime edilen grek sözi «bir zadyň gözlegine çykmagy» aňlatmaýar. Bu jümle «sežde etmek» üçin Hudaýa ýakynlaşmagy aňladýar. Başga bir kitapda düşündirilmegine görä, bu gadymy grek işligi erjelligi we tagalla etmegi aňladýar. Görşümiz ýaly, Ýehowa özüne iman bilen ýürekden we yhlasly sežde edýän adamlary sylaglaýar (Matta 22:37).

w16.10 sah. 23, abz. 10, 11

Umyt edýän zatlaryňyza imanyňyzy berkidiň

10 Pawlus resul Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda kynçylyga döz gelen Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsiniň adyny agzamaýar. Meselem, ol käbir aýallaryň ogullarynyň aradan çykandygyny we soňra direldilendigini aýdýar. Soňra ol has «gowy direlişi almak üçin azat bolmakdan ýüz öwrüp, ejir çekmegi makul bilen» adamlar hakda aýdýar (Ýew. 11:35). Biz Pawlusyň Hudaýa gulak asyp, onuň islegini berjaý edendigi üçin daşlanyp öldürilen Nabot bilen Zekarýa hakda aýdandygyny anyk bilmeýäris (1 Pat. 21:3, 15; 2 Ýyl. 24:20, 21). Daniýel we onuň üç dosty hem aýypsyzlygyny saklamakdan «azat bolup» bilýärdi. Emma olar Hudaýyň kömek etjekdigine iman edip, batyrgaýlyk bilen geplediler, «ýolbarslaryň agzyny bagladylar», hatda «oduň ýalny olara zyýan ýetirip bilmedi» (Ýew. 11:33, 34; Dan. 3:16—18, 20, 28; 6:13, 16, 21—23).

11 Mika bilen Ýermeýa pygamber Hudaýa iman edendigi üçin «üstünden güldüler», hatda «türmä basdylar». Başgalar bolsa Ylýas pygamber ýaly «çöllerde, daglarda, gowaklarda we çukurlarda sergezdan boldular». Emma olar «umyt edýän zatlarynyň gelejekde, hakykatdan-da, boljakdygyna ynanýandygy» üçin ähli zada döz gelip bildiler (Ýew. 11:1, 36—38; 1 Pat. 18:13; 22:24—27; Ýer. 20:1, 2; 28:10, 11; 32:2).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Iman»

Iman

Geçmişdäki berk imanly adamlaryň göreldesi. Pawlus geçmişdäki berk imanly adamlara «uly bulut kimin gurşap alýan şeýle köp şaýatlar» diýdi (Ýew 12:1). Meselem, Habyl Şeýtanyň kellesini mynjyratjak nesil baradaky Hudaýyň wadasyny gowy bilýärdi. Şeýle-de ol Erem bagynda ene-atasyna Ýehowanyň çykaran höküminiň ýerine ýetendigini görkezýän alamatlary görýärdi. Adam ata we onuň maşgalasy Erem bagynyň daşynda maňlaý derini döküp, zähmet çekýärdi. Sebäbi toprak olar zerarly näletlenipdi. Şonuň üçin tikenek bilen haşal ot gögerýärdi. Mundan başga-da Habyl How enäniň äriniň mährine zar bolýandygyny we Adam atanyň onuň üstünden agalyk edýändigini görýärdi. Erem bagynyň agzynda bolsa «keruplaryň hem-de aýlanyp duran ýalynly gylyjyň» durandygyny görýärdi (Gelç 3:14—19, 24). Bu zatlar Habyla gutulyşyň diňe wada edilen nesil arkaly geljekdigine bolan ynamyny berkitdi. Şonuň üçin ol iman edýändigini görkezip, «Hudaýa Kabylyňkydan-da has gowy gurban hödürledi» (Ýew 11:1, 4).

wp17.1 sah. 12, 13

«Hudaý ondan razydy»

Hanok haýsy manyda «adaty ölümi datman... başga ýere geçirildi»? Megerem, Hanok zalymlyk bilen öldürilmez ýaly, Ýehowa ony rahatlyk bilen ölüm ukusyna gider ýaly eden bolmaly. Ýöne başda «Hudaý ondan razydygyny» aýan etdi. Nädip? Hanok ölmänkä, Hudaý oňa ýerde boljak Jenneti görnüş arkaly görkezen bolmaly. Şeýle aýdyň görnüş arkaly Hanok Hudaýyň özünden razydygyny bilip, ölüm ukusyna gidýär. Pawlus resul Hanoga hem-de beýleki wepaly erkekdir aýallar hakda «ölýänçäler imanda berk durdular» diýip ýazdy (Ýewreýler 11:13). Şondan soň Hanogyň duşmanlary onuň jesedini gözleýärler, ýöne «tapmaýarlar». Sebäbi Hanogyň jesedi haram edilmez ýa-da ýalan seždede ulanylmaz ýaly, Ýehowa ony tapylmaz ýaly eden bolmaly.

SENTÝABR 23—29

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝEWREÝLER 12, 13

«Terbiýe Ýehowanyň söýýändigini görkezýär»

w12 15/3 sah. 29, abz. 18

Yza seretmäň!

18 Agyr degen maslahat. Belki, biz öň berlen maslahaty öýke-kine bilen ýatlap, yza seredýändiris? Şol maslahat diňe bir agyr degmän, eýsem «ruhdan düşürýändir» (Ýew. 12:5). Maslahaty kabul etmän, «äsgermezlik eden» bolsak ýa-da maslahaty kabul edip, soňra eýerip bilmän, «ruhdan düşen» bolsak — iki ýagdaýda-da biz maslahatyň peýdasyny we täsirini görmeýäris. Süleýmanyň aýdan sözlerine gulak asmak has-da gowy: «Terbiýä berk ýapyş. Ony goýberme, ony gora. Çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr» (Sül. tym. 4:13). Ýol hereketiniň düzgünlerine eýerýän sürüji ýaly, geliň, bizem maslahaty kabul edip, durmuşda ulanalyň-da, diňe öňe gideliň (Sül. tym. 4:26, 27; Ýewreýler 12:12, 13-nji aýatlary okaň).

w12 1/7 sah. 21, abz. 3

«Doga edeniňizde: „Atam”» diýiň

Aladaçyl ata çagalarynyň gowy adam bolup ýetişmegi üçin, olara terbiýe berýär (Efesliler 6:4). Elbetde, ol çagalaryny berk tutup biler, ýöne olara düzediş berende ýowuz daraşmaly däl. Şonuň ýaly gökdäki Atamyz hem käwagt bize temmi berýär. Emma ol hemişe söýgi bilen terbiýe berýär we hiç haçan öte geçmeýär. Atasy ýaly Isa hem şägirtleri düzedişini birbada kabul etmese-de, olar bilen özüni hiç haçan gödek alyp barmaýardy (Matta 20:20—28; Luka 22:24—30).

w18.03 sah. 32, abz. 18

«Öwredileni diňläň, akyldar boluň»

18 Görşümiz ýaly, terbiýäni kabul etmek aňsat bolmazlygy mümkin. Emma ony inkär etmek has köp zyýan berip biler (Ýew. 12:11). Geliň, Kabyl bilen Sidkiýa patyşanyň mysalyna seredeliň. Kabyl dogany Habyly ýigrenip, ony öldürjek bolanda, Hudaý oňa: «Näme üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi sallaýarsyň? Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň näme? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!» diýip duýduryş berdi (Gel. çyk. 4:6, 7). Kabyl maslahata gulak asman, günä etdi. Şeýdip, ol betbagtçylyga uçrady (Gel. çyk. 4:11, 12). Kabyl Ýehowanyň duýduryşyny inkär edip, betbagtçylyga uçranyndan, ony kabul eden bolsa gowy bolardy.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w11 15/9 sah. 17, 18, abz. 11

Pellehana tarap sabyrly ylgalyň

11 «Uly güwäler buludyny» ýaryşa gatnaşýan türgene ýa-da toparyna tomaşa edýän adamlara däl-de, uzak aralyga ylgaýan türgenlere meňzetse bolar. Olar soňuna çenli ylgap, pellehana ýetdiler. Olaryň göreldesi täze türgenleri ylgamagyny dowam etdirmäge höweslendirýär. Aýdaly, ýaryşy tamamlan türgenler biziň ylgaýşymyza syn edip, pellehana ýetmäge höweslendirýär. Şonda biz bar güýjümiz bilen ylgamarysmy? Geçmişde ýaşan Güwäçiler ýoluň agyrdygyna garamazdan, pellehana ýetip bolýandygyny görkezdiler. Şol sebäpli I asyrdaky ýewreý mesihçileri «Güwäler buludynyň» galdyran göreldesi barada oýlansalar, «sabyrly ylgap» pellehana ýetip bilerdiler. Bu bize-de başardar!

w89 15/12 sah. 22, abz. 10

Ýehowa ýaraýan gurbanlary hödürläň

10 Hudaýyň halky ýehudy diniň tarapdarlarynyň «dürli-dürli we nätanyş taglymatlarynyň täsirine düşmekden» gaça durmalydylar (Galatýalylar 5:1—6). Hakykatda berk durmak üçin, ýüregimizi şeýle taglymatlar bilen däl-de, «Hudaýyň merhemeti arkaly berkitmeli». Käbirleri iýmit we gurbanlar barada jedel edendikleri üçin, Pawlus resul olara «iýmite daýanmak hiç hili peýda getirýän däldir» diýdi. Ýörite iýmit iýmek we belli bir günleri bellemek hakda aladalanman, töleg gurbanyna minnetdarlyk bildirip Hudaýa wepaly bolmak, ruhy taýdan peýda berýär (Rimliler 14:5—9). Şeýle-de Mesihiň töleg gurbany berlensoň, mal gurbanlaryny bermek gerek däldi (Ýewreýler 9:9—14; 10:5—10).

w15 15/9 sah. 21, abz. 13

13 Pawlus: «Reb söýýänini terbiýeleýändir, ogullyga kabul edenini çalýandyr» diýýär (Ýew. 12:6). Emma terbiýe diňe bir temmi bermegi däl-de, köp zady aňladýar. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa gulluk eden adamlaryň köp kynçylyklardan geçendigi aýdylýar. Muňa garamazdan, olar kynçylyklara döz gelip, köp zady öwrendiler. Meselem, Ýusup, Musa we Dawut barada oýlanyp göreliň. Mukaddes Ýazgylarda bu pygamberleriň agyr durmuşy jikme-jik we doly beýan edilýär. Ýehowa olara hemişe goldaw berýärdi. Olaryň toplan tejribesi Ýehowanyň jogapkärli ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge kömek edýärdi. Biz Mukaddes Ýazgylardan şu wakalary okanymyzda, Ýehowanyň öz gullukçylaryny söýýändigine we aladasyny edýändigine göz ýetirýäris (Süleýmanyň tymsallary 3:11, 12-nji aýatlary okaň).

it «Terbiýe bermek»

«Musar» we «yasar» diýen ýewreý sözleri «terbiýe», «temmi», «düzediş» we «nesihat» bermek diýen manyny berýär. Grek Septuagintasynda we Grek ýazgylarynda «paideia» we «paideu» diýen sözleriň ikisi hem şol bir manyny berýär. «Paideia» diýen sözi «pais» (çaga) diýen sözden gelip çykyp, çagany terbiýelemegi, görkezme bermegi, öwretmegi, düzetmegi we temmi bermegi aňladýar.

Görkezme. Ýehowa halkyna terbiýe bermek bilen söýgüsini görkezýär (Sült 3:11, 12). Ol nädogry garaýşymyzy düzetmek we bizi erbet ýoldan sowmak üçin görkezme berýär. Musa pygamberiň döwründe ysraýyllylar Hudaýyň beýikligini görkezýän gudratlar arkaly Onuň terbiýesini alypdy. Olar Ýehowanyň Müsüriň ähli taňrylaryna jeza berip, halkyny gulçulykdan azat edip we müsürlileri Gyzyl deňzinde ýok edip, beýik güýjüni görkezendiginiň şaýady boldular. Şeýle-de Hudaýa gulak asmadyk ildeşleriniň eden etmişi üçin jezasyny çekendigini gördüler. Mundan başga-da olar Ýehowanyň her bir aýdan zadyny berjaý edýändigini, olary iýmit we suw bilen üpjün edendigini gördüler. Bu zatlaryň ählisi ysraýyllylara pesgöwünli bolmaga we Ýehowa ýaramly gorkyny ösdürmäge, imanyny iş ýüzünde görkezmäge hem-de oňa gulak asmaga kömek edýärdi (Kant 8:3—5; 11:2—7).

SENTÝABR 30—OKTÝABR 6

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝAKUP 1, 2

«Günä eltýän ýol»

g17.4 sah. 14

Synag

Synag — haýsydyr bir zady, aýratynam, erbet zady etmäge iterýän höwes. Aýdaly, siz dükanda halaýan bir zadyňyzy görýärsiňiz. Siz: «Belki, ogurlaryn, hiç kim görenoga» diýip pikir edýärsiňiz. Ýöne ynsabyňyz size «muny etme!» diýýär. Şonuň üçin siz nädogry pikiriňizden el çekip, ýoluňyzy dowam edýärsiňiz. Şeýdip, siz synagda berk durup, ýeňiji bolýarsyňyz.

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR?

Synaga düşmek seniň erbet adamdygyňy görkezmeýär. Mukaddes Ýazgylarda biziň ählimiziň synaga uçraýandygymyz hakda aýdylýar (1 Korinfliler 10:13). Esasanam, synagda özümizi nähili alyp barýandygymyz wajyp. Käbirleri nädogry höwesleri hakda oýlanyp, iru-giç olaryň duzagyna düşýär. Başgalar bolsa nädogry pikir dörän badyna, ondan ýüz öwürýär.

«Emma her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar» (Ýakup 1:14).

g17.4 sah. 14

Synag

Mukaddes Ýazgylarda nämeleriň günä eltýändigi düşündirilýär. Ýakup 1:15-de şeýle diýilýär: «Soňra höwes güýjäp (göni manyda: «göwreli bolup», çykgyt), adamy günä iterýär». Başgaça aýdanyňda, adam nädogry höwesleri hakda köp oýlansa, olara garşy durmak kyn bolýar. Göwreli aýalyň çaga dogruşy ýaly, erbet höwesiňe erk etmeseň, günäden gaçyp bolmaýar. Ýöne biz erbet höwesimiziň guly bolmalymy ýa-da hojaýyny, muny özümiz çözýäris.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Ýagtylyk»

Ýagtylyk

Ýehowa «nurlar Atasy» (Ýak 1:17). Ol diňe bir «gündizine yşyk bolsun diýip, Güni... gijesine yşyk bolsun diýip, Aýy we ýyldyzlaryň kanunlaryny düzmän» (Ýer 31:35), ruhy ýagtylygy hem berýär (2Kr 4:6). Hudaýyň Kanuny, adyl düzgünleri we sözi olara eýerýänlere ýagtylyk berýär (Zb 43:3; 119:105; Sült 6:23; Iş 51:4). Mezmurçy: «Biz Seniň nuruňdan nur görýäris» diýip nagma aýtdy (Zb 36:9; 27:1; 43:3). Ýaňy dogan Günüň «bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlaýşy» ýaly, «dogrularyň ýodasy» hem Hudaýyň berýän akyldarlygy bilen gitdigiçe nur saçýar (Sült 4:18). Ýehowanyň ýolundan ýöremeklik ýagtylykda gezmegi aňladýar (Iş 2:3—5). Ähli zada erbet pikir ýa-da erbet niýet bilen seredýän adam bolsa ruhy tümlükde gezýär. Isa bu babatda şeýle diýdi: «Gözüň erbet bolsa, bütin bedeniň hem garaňky bolar. Eger sendäki ýagtylyk şeýle garaňky bolsa, onda ol garaňkylyk, gör, nähili tümlükdir!» (Mt 6:23; Kant 15:9; 28:54—57; Sült 28:22; 2Pe 2:14).

it «Kanun»

Kanun

«Patyşa kanuny». «Patyşa kanuny» adamlaryň arasyndaky gatnaşygy ýola goýýan beýleki kanunlar ýaly, olaryň durmuşynda wajyp hem mynasyp orun eýeleýär (Ýak 2:8). Kanun ähtiniň özeni söýgä esaslanýardy; «ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» (patyşa kanuny) diýen tabşyryk bolsa, Kanunda ikinji tabşyryk hasaplanýardy (Mt 22:37—40). Mesihçiler Kanun ähtiniň astynda bolmasa-da, täze ähte laýyklykda, olar Hökümdarymyz Ýehowanyň we patyşa edip bellän ogly Isa Mesihiň beren kanunyna tabyn bolýarlar.

bh sah. 28, 29, abz. 4, 5

4 Töwratda Erem bagynda bolup geçen waka gürrüň berilýär. Şol wakadan Hudaýyň duşmanynyň bardygyny bilýäris. Bu duşmana «ýylan» diýilýär; emma ol hakyky ýylan däl. Injilde oňa «Iblis we Şeýtan» hem-de «bütin dünýäni azdyrýan köne ýylan» diýilýär (Gelip çykyş 3:1; Ylham 12:9). Teatrda gurjak oýnadýan adam ýaly, güýçli göze görünmeýän perişde-de ýylany ulanyp, How ene bilen gürleşdi. Hudaý ýeri adamlar üçin taýýarlap ýörkä-de, onuň bu ruhy ogly bardy (Eýýup 38:4, 7).

5 Hudaýyň ähli ýaradan zatlary kämil. Onda Şeýtan Iblis nädip peýda bolduka? Gysgaça aýtsaň, Hudaýyň ruhy ogullarynyň biri Iblis boldy. Eýsem, şeýle zat bolup bilermi? Hatda iň dogruçyl we halal adamam ogry bolup biler. Nädip? Adamyň ýüreginde nädogry isleg döreýär. Eger-de ol şol islegi hakda hemişe pikir etse, isleg gitdigiçe güýjeýär. Amatly pursat dörände, adam günä edýär (Ýakup 1:13—15-nji aýatlary okaň).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş