Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr22 Noýabr sah. 1—8
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2022)
  • Sözbaşylar
  • 7—13 NOÝABR
  • 14—20 NOÝABR
  • 21—27 NOÝABR
  • 28 NOÝABR—4 DEKABR
  • 5—11 DEKABR
  • 12—18 DEKABR
  • 19—25 DEKABR
  • 26 DEKABR—1 ÝANWAR
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2022)
mwbr22 Noýabr sah. 1—8

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

7—13 NOÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PATYŞALAR 5, 6

«Biziňkiler olardan has köpdür»

it «Alyşa»

Alyşa

Ysraýyllar siriýalylaryň elinden halas bolýar. Ysraýyl patyşasy Ýehoramyň höküm süren döwri siriýalylar duýdansyz hüjüm etmekçi bolýar. Ýöne Alyşa pygamber Siriýa patyşasy Benhadat II her bir ätjek ädimini bilip, Ýehorama habar berýär. Başda Benhadat öz adamlarynyň arasynda içaly bardyr öýdýär. Ýöne hemme zadyň anygyna ýetensoň, Alyşa pygamberi tutup getirmek üçin birgiden atly goşunyny we söweş arabalaryny Dotana iberýär. Siriýa goşunyny görüp, Alyşanyň hyzmatkäriniň ýüregi ýarylýar. Şonda Alyşa: «Hyzmatkärimiň gözüni aç» diýip, Ýehowa doga edýär. Hyzmatkär hem «daglarda birgiden atlaryň we söweş arabalaryň... Alyşanyň daşynda ot ýaly lowlap durandygyny» görýär. Siriýalylar golaýa gelende, Alyşa pygamber Ýehowa ýene-de: «Ýalbarýaryn, olary kör et» diýip doga edýär. Şonda siriýalylar kör bolmady-da, diňe näme edip, näme goýýanyny bilmediler. Eger olar göni manyda kör bolan bolsa, Alyşa olaryň elinden tutup äkitmeli bolardy. Mukaddes Kitapda Alyşa olara: «Ýörüň, men sizi... äkideýin» diýýär. Olar hatda Alyşany hem tanamadylar, nirä gidip barýanyny hem bilmediler (2Pa 6:8—19).

w13 15/8 sah. 30, abz. 2

Elýaşa alaw arabasyny görüpdi. Sen hem görýärmiň?

Dotan şäherinde duşmanlary Elýaşa pygamberiň daşyny gabasa-da, ol arkaýyndy. Näme üçin? Sebäbi ol Ýehowa berk iman edýärdi. Biz hem şeýle iman etmeli. Şonuň üçin, geliň, Hudaýyň mukaddes ruhuny diläp, imanymyzy berkideliň we mukaddes ruhuň başga-da miwesini ösdüreliň (Luka 11:13; Gal. 5:22, 23).

it «Körlük»

Körlük

Alyşany tutmaga gelen Siriýa esgerleri göni manyda kör bolmandy. Eger olar kör bolan bolsa, Alyşa olary idip äkitmeli bolardy. Ýöne Alyşa: «Siz ters ugra barýaňyz, başga şähere geldiňiz. Ýörüň, men sizi... äkideýin» diýdi. Psiholog William Jeýms şeýle diýýär: «Bu kesel adamyň göreji bilen däl-de, aň-düşünjesi bilen baglanyşykly. Lukmançylykda oňa kortikal körlük diýilýär. Beýniniň göz bilen bagly bölegi işlemeýär. Şeýle ýagdaýda adamyň gözi görüp dursa-da, näme görýändigini bilmeýär» («Principles of Psychology» 1981, tom 1, sah. 59). Siriýa goşuny Samariýa gelende Ýehowa olaryň gözüni açdy (2Pa 6:18—20). Şeýle ýagdaý Lutuň döwründe Sodomyň ýaşaýjylary bilenem bolupdy. Olar kör bolmasa-da, näme görýändigine düşünmän, Lutuň öýüniň gapysyny tapjak bolup iki ýana urundylar (1Ms 19:11).

Ruhy dürdäneler

w05 1/8 sah. 9, abz. 2

Ikinji Patyşalar kitabyndan peýdaly pikirler

5:15, 16. Alyşa näme üçin Nagymanyň sylag-serpaýyny almady? Sebäbi ol Nagymany öz güýji bilen däl-de, Ýehowanyň gudraty bilen sagaldypdy. Ol Hudaýyň işini edip, zatly boljak bolmady. Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýa gulluk edýändigi üçin pul almaýarlar. Olar Isa pygamberiň: «Mugt aldyňyz, mugt hem beriň» diýen sözlerine ýürekden gulak asýarlar (Matta 10:8).

14—20 NOÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PATYŞALAR 7, 8

«Ýehowa üçin bolmajak zat ýok»

it «Alyşa»

Alyşa

Biraz wagtdan Benhadat II göni hüjüm etmän, Samariýanyň daşyny gabaýar. Samariýada şeýle güýçli açlyk bolýar welin, hatda bir aýal öz çagasyny iýýär. Ýehoram patyşa Alyşa pygamberi öldürjekdigine ant içýär. Ol «ganhor» Ahabyň neslindendi. Ýöne ol beren sözünde tapylyp bilmeýär. Ýehoram patyşa ynamdar nökeri bilen pygamberiň öýüne gelip, Ýehowanyň öz halkyndan el çekendigini aýdýar. Şonda Alyşa ýene bir günden ýurtda açlygyň gutarjakdygyny aýdyp, patyşany köşeşdirýär. Şanyň nökeri Ýehowanyň sözüne ynanmaýar. Alyşa hem: «Sen muny gözüň bilen görersiň, ýöne şol zatlardan bir agzam datmarsyň» diýýär. Ýehowa siriýalylara goh-galmagal eşitdirýär. Olar birgiden milletler üýşüp, üstümize gelýär diýip, bar zadyny taşlap gaçýar. Patyşa siriýalylaryň gaçyp gidendigini anyklamak üçin adam iberýär, nökerini bolsa şäher derwezesine gözegçi edip goýýar. Siriýalylaryň düşelgesinde iýmitiň bardygyny eşiden aç halk şäherden çykyp barýarka, patyşanyň nökeri adamlaryň aýak astynda galyp ölýär. Şeýdip, Ýehowanyň: «Sen muny gözüň bilen görersiň, ýöne şol zatlardan bir agzam datmarsyň» diýen sözleri berjaý bolýar (2Pa 6:24—7:20).

Ruhy dürdäneler

it «Çyra»

Çyra

Dawut patyşanyň nesli. Ýehowa Hudaý Dawudy Ysraýyla patyşa belledi. Ol Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, parasatly, gowy patyşa boldy. Şonuň üçinem Dawuda «Ysraýylyň şamçyragy» diýilýär (2Şm 21:17). Ýehowa Dawut bilen patyşalyk ähtini baglaşanda: «Tagtyň baky durar» diýip söz berdi (2Şm 7:11—16). Dawudyň nesilleri, esasanam, Süleýman oglundan bolan zürýatlary tagta geçip, Ysraýylyň «çyragy» boldy (1Pa 11:36; 15:4; 2Pa 8:19; 2Tr 21:7).

21—27 NOÝABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PATYŞALAR 9, 10

«Ol garadan gaýtmaz adamdy»

w11 15/11 sah. 3, abz. 2

Ýehuw arassa sežde üçin göreşdi

Ýehowa Ýehuwy bellän mahaly, Ysraýyl halky gözgyny ýagdaýdady. Ahabyň dul aýaly we Ýoram patyşanyň ejesi Izebel tutuş ýurdy azdyrýardy. Ol Ýehowa sežde etmegiň deregine, Baal taňrysyna seždäni ýaýradypdy, Hudaýyň pygamberlerini öldürdýärdi we halky «zynahorlygy» hem «jadygöýligi» bilen azdyrypdy (2 Pat. 9:22; 1 Pat. 18:4, 13). Ýehowa Ahabyň tutuş öýüni, şol sanda Ýoramy we Izebeli hem ýok etmek barada höküm çykardy. Ýehuw şol hökümi ýerine ýetirmelidi.

w11 15/11 sah. 4, abz. 2, 3

Ýehuw arassa sežde üçin göreşdi

Ýehuw iberilen iki çapara-da hiç zat aýtmaýar. Şonda Ýoram patyşa we onuň ýarany Ýahudanyň patyşasy Ahazýa hersi öz söweş arabasynda onuň öňünden çykýar. Ýoram: «Eýgilikmi, Ýehuw?» diýip, soran badyna, Ýehuw oňa: «Ejeň Izebel zynahorlyk hem jadygöýlik edip ýörkä, eýgilik neýlesin?» diýýär. Şeýle geň jogaby eşidip, Ýoram gaçmak bilen bolýar. Ýöne Ýehuw ony sypdyrmady! Ýaýyny çykaryp, Ýoramyň ýüregine bir ok atýar welin, patyşa söweş arabasynda ýykylyp ölýär. Ahazýa gaçyp bilse-de, Ýehuw onuň yzyndan ýetip hem öldürýär (2 Pat. 9:22—24, 27).

Ahabyň öýünden indi Izebeli ýok etmelidi. Ýehuw oňa «lagnatly» diýip, dogry aýdýar. Ol Izreýele golaýlaşyp gelýärkä, Izebel köşgüň aýnasyndan seredip durdy. Ýehuw haýal-ýagallyk etmän, köşk emeldarlaryna Izebeli aýnadan aşak zyňmagy buýurýar. Soňra Ýehuwyň atlary tutuş Ysraýyly azdyran bu aýaly depeläp öldürýär. Ýehuw zalym Ahabyň öýüniň başga-da onlarça agzasyny ýok edýär (2 Pat. 9:30—34; 10:1—14).

w11 15/11 sah. 5, abz. 3, 4

Ýehuw arassa sežde üçin göreşdi

Dogry, Ýehuw köp gan dökdi. Emma Mukaddes Ýazgylar ony ysraýyl halkyny Izebelden we onuň maşgalasyndan azat eden batyrgaý adam hökmünde suratlandyrýar. Şeýle işi amala aşyrmak üçin Ysraýyla ýolbaşçylyk edýän adam batyrgaý, dogumly hem yhlasly bolmalydy. Mukaddes Ýazgylar boýunça bir sözlükde: «Bu kyn işdi, şonda-da gaýduwsyz hem doly ýerine ýetirildi. Eger gaýduwsyz hereket edilmedik bolsa, Ysraýylda Baala bolan seždäniň soňuna çykyp bolmazdy» diýilýär.

Şu günler hem mesihçilere käbir ýagdaýlarda Ýehuwyňky ýaly häsiýetleriň gerekdigine düşünýänsiň. Aýdaly, bizi Ýehowanyň ýazgarýan zadyny etmäge itekleseler, näme ederis? Haýal-ýagallyk etmän, batyrgaý hem dogumly ondan ýüz öwürmeli. Sežde meselesinde, biz diňe Ýehowa wepaly bolmaly.

Ruhy dürdänler

w11 15/11 sah. 5, abz. 6, 7

Ýehuw arassa sežde üçin göreşdi

Megerem, Ýehuw Ysraýyl patyşalygynyň Ýahudadan garaşsyz bolmagy üçin iki patyşalyk dini taýdan aýry bolmalydyr öýdendir. Ol Ysraýylyň öňki patyşalary ýaly, gölä seždäni goldap, garaşsyzlygyny saklajak bolandyr. Emma Ýehuw beýle etmek bilen, ony patyşa edip bellän Ýehowa imanynyň gowşakdygyny görkezdi.

Ýehowa Ýehuwy «Hudaýyň öňünde dogry zady gyşarnyksyz edeni üçin» öwdi. Şonda-da Ýehuw Ysraýylyň Hudaýy Ýehowanyň kanunlaryny bütin ýüregi bilen berjaý etmäge çalyşmady (2 Pat. 10:30, 31). Ýehuwyň eden batyrgaý işlerini ýatlap, sen muňa geň galýan we gynanýan bolsaň gerek. Hawa, biz mundan sapak edinip bileris. Biz Ýehowa bilen dostlugymyza hiç haçan ýüzleý garamaly däl. Biz her gün Hudaýyň Sözüni okap, onuň üstünde oýlanyp, göklerdäki Atamyza ýürekden doga edip, Ýehowa hemişe wepaly bolmaly. Geliň, Ýehowanyň kanunlaryny ýürekden berjaý etmek üçin güýjümizi gaýgyrmalyň (1 Kor. 10:12).

Wagyzda ökdeleşiň

w13 15/5 sah. 8, 9, abz. 3—6

Işaýa 9:7-de Hudaýyň Oglunyň Patyşa boljakdygy we onuň adamzat üçin gowy işleri etjekdigi barada aýdylýar. Bu hökman ýerine ýeter, çünki ol «Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar». Yhlas sözi nämedir bir zady ýerine ýetirmäge güýçli islegi aňladýar. Bu aýatdaky sözler gökdäki Atamyzyň adamlary halas etmek isleýändigini görkezýär. Ýehowa yhlasly Hudaý. Şol sebäpli biz hem wagyz işini joşgunly we yhlas bilen berjaý etmeli. Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde hoş habary wagyz etmek üçin elimizde baryny edýärismi? (1 Kor. 3:9).

Geliň, Isanyň wagyz işine yhlasly gatnaşandygyna seredeliň. Ol yhlasy we erjelligi bilen kämil görelde galdyrdy. Isa güýçli yzarlamalara garamazdan, ýerdäki ömrüniň ahyryna çenli yhlasly wagyz etdi (Ýahýa 18:36, 37). Ol ömrüniň ahyrky günlerinde Ýehowany adamlara tanatmak üçin has köp tagalla etdi.

B. e. 32-nji ýylynyň ahyrynda Isa bir adamyň bagynda üç ýyl bäri miwe bermeýän injir agajy baradaky tymsaly gürrüň berýär. Hojaýyn agajy kesdirjek bolýar, şonda bagban ýene-de biraz garaşyp, agaja dökün bermegi haýyş edýär (Luka 13:6—9-njy aýatlary okaň). Şol wagt Isa wagyz edip, bary-ýogy birnäçe şägirt ýygnapdy. Emma tymsaldan görnüşi ýaly, ol galan gysga wagtyny — takmynan alty aý — Ýahudada we Pereýada erjellik bilen gulluk etmäge sarp etdi. Isa ölmegine birnäçe gün galanda, döwürdeşleriniň «gulagynyň agralandygy», ýagny hoş habary eşitmek islemeýändikleri üçin aglaýar (Mat. 13:15; Luka 19:41).

Biz soňky günleriň tamamlanýandygyny görüp, wagyz işine erjellik bilen gatnaşmaly dälmi näme? (Danyýel 2:44-i okaň). Ýehowanyň Güwäçileri bolmak nähili ajaýyp hormat! Olar adamlaryň kynçylygyny çözmäge hakyky umydy berýän ýeke-täk halkdyr. Ýakynda bir žurnalist inkär edip bolmaýan soragy berdi: «Näme üçin gowy adamlar ejir çekýär?» Biz şeýle soraglara Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap bermegi özümize borç we hormat saýýarys. Hudaýyň tabşyrygyny «ruhda hyjuwly bolup» berjaý etmäge ähli sebäpler bar (Rim. 12:11). Biz Ýehowanyň bereketi bilen adamlara Hudaýy tanamaga hem-de Onuň söýgüsini duýmaga kömek edip bileris.

28 NOÝABR—4 DEKABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PATYŞALAR 11, 12

«Ganhor şa aýaly almytyny aldy»

it «Atalýa»

Atalýa

Ejesi Izabel ýaly, Atalýa-da ärine erbet işleri etdirýär. Ýehoram patyşa sekiz ýyl hökümdarlyk eden döwri Ýehowanyň öňünde ýigrenji işleri edýär (1Pa 21:25; 2Tr 21:4—6). Edil ejesi ýaly, Atalýa-da ençeme bigünä adamlaryň ganyny dökýär. Zalym ogly Ahazýa bir ýyl höküm sürüp aradan çykansoň, Atalýa şazadalaryň ählisini gyrýar. Diňe bäbejik Ýehoýaş diri galýar. Ony baş ruhany bilen aýaly gizläp saklaýar. Baş ruhanynyň aýaly Ýehoýaşyň daýzasydy. Atalýa alty ýyl, b. e. öň 905—899-njy ýyllarda höküm sürýär (2Tr 22:11, 12). Onuň ogullary Ýehowanyň ybadathanasyndaky mukaddes zatlary ogurlap, Bagal taňrysyna bagyş edýärler (2Tr 24:7).

it «Atalýa»

Atalýa

Ýehoýaş ýedi ýaşanda baş ruhany Ýehoýada gizlinlikde onuň başyna täç geýdirip, patyşa belleýär. Goh-galmagaly eşidip, Atalýa ybadathana tarap ylgap gidýär. Ol Ýehoýaşyň başyndaky täji görüp: «Dönüklik! Dönüklik!» diýip gygyrýar. Baş ruhany Ýehoýada bolsa Atalýany tutup, köşgüň Bedew derwezesine eltip, öldürmegi buýurýar. Atalýa Ahabyň maşgalasyndan diri galan iň soňky adamdy (2Pa 11:1—20; 2Tr 22:1—23:21). Dogrudanam, «Ýehowanyň ýekeje sözi-de, Ýehowanyň Ahabyň maşgalasy barada aýdan sözleriniň biri-de ýerine ýetmän galmady» (2Pa 10:10, 11; 1Pa 21:20—24).

Ruhy dürdäneler

it «Ýehoýaş»

Ýehoýaş

Baş ruhany Ýehoýada dirikä, Ýehoýaşyň kakasy ýaly bolup, maslahat berýärdi. Şonuň üçin patyşa ýaş bolsa-da, gowy hökümdarlyk edýärdi. Ýehoýaş 21 ýaşynda iki aýal alýar, biriniň ady Ýehoýadandy. Şeýdip, Ýehoýaşyň birnäçe ogul-gyzy bolýar. Ýehowa Dawudyň nesli güýçlenip, dowam eder ýaly, Ýehoýaşy gorady, sebäbi Dawudyň neslinden Mesih dogulmalydy (2Pa 12:1—3; 2Tr 24:1—3; 25:1).

5—11 DEKABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PATYŞALAR 13—15

«Erjellik bereket üstüne bereket getirýär»

w10 15/4 sah. 26, abz. 11

Sen Isa Mesihiň yzyna doly eýerýärmiň?

11 Ysraýylyň Ýehoas atly patyşasynyň durmuşynda bolan bir wakadan Hudaýa yhlasly gulluk etmegiň wajyplygy görünýär. Siriýa goşuny Ysraýyla howp salýandygy üçin Ýehoas Elişa pygamberiň ýanyna aglap barýar. Pygamber oňa gündogara Siriýa tarapa bakýan aýnadan ok at diýdi. Bu Siriýany ýeňmegiň Ýehowanyň elindedigini aňladýardy. Elbetde bu patyşany ruhlandyran bolmaly. Soňra Elişa Ýehoasa oklary al-da, ýere ur diýdi. Ýehoas olary alyp üç gezek ýere urdy. Elişanyň muňa gahary gelip, oklary ýere bäş ýa-da alty gezek uran bolsaň, sen «siriýalylary doly derbi-dagyn ederdiň» diýdi. Indi bolsa, Ýehoas olary diňe üç sapar ýeňer. Ýehoas yhlassyz bolany üçin doly üstünlik gazanyp bilmedi (2 Patyşalar 13:14—19). Biz bu wakadan nähili sapak edinip bileris? Biz Ýehowanyň ýumşuny akýürekden we yhlasly ýerine ýetirsek, bize bol bereketler eçiler.

w13 1/11 sah. 11, abz. 5, 6

«Ýehowany ýürekden agtarýanlar sylagsyz galmaz»

Ýehowa kimi sylaglaýar? Pawlus resul Hudaý özüni «ýürekden agtarýanlary» sylaglaýar diýdi. Mukaddes Ýazgylaryň terjimeçileri üçin niýetlenen bir kitapda aýdylmagyna görä, «ýürekden agtarmak» diýip terjime edilen grek sözi «bir zadyň gözlegine çykmagy» aňlatmaýar. Bu jümle «sežde etmek» üçin Hudaýa ýakynlaşmagy aňladýar. Başga bir kitapda düşündirilmegine görä, bu gadymy grek işligi erjelligi we tagalla etmegi aňladýar. Görşümiz ýaly, Ýehowa özüne iman bilen ýürekden we yhlasly sežde edýän adamlary sylaglaýar (Matta 22:37).

Ýehowa wepaly gullukçylaryny nädip sylaglaýar? Jomart we söýgüden doly Hudaý ebedi ýaşaýşy berjekdigini wada berýär. Onuň berjek sylagynyň ýerini hiç bir zat tutup bilmeýär (Ylham 21:3, 4). Hatda häzirem Ýehowany ýürekden gözleýän adamlar bereket alýar. Hudaýyň mukaddes ruhy, Sözündäki maslahatlary häzirden durmuşymyzy manyly edip, bagtly ýaşamaga kömek edýär (Zebur 144:15; Matta 5:3).

Ruhy dürdäneler

w05 1/8 sah. 11, abz. 3

Ikinji Patyşalar kitabyndan peýdaly pikirler

13:20, 21. Şu waka merhumyň süňküni, topragyny keramatly hasaplamalydygyny görkezýärmi? Ýok. Mukaddes Kitapda-da adamlaryň Alyşanyň mazaryna sežde edendigi aýdylmaýar. Alyşa pygamber dirikä, Hudaýyň kömegi bilen köp gudratlary görkezipdi. Bu gudraty hem Ýehowa edipdi.

Wagyzda ökdeleşiň

km 8/03 sah. 1

1 Mukaddes Kitapdaky hoş habar aýdýan adama-da, eşidýän adama-da şatlyk berýär (Zeb. 19:7, 8). Hoş habary kabul eden adam dini däp-dessurlaryň ýalandygyna düşünýär, erbet endiklerini taşlaýar we gowy gelejege umyt edýär. Ýöne hoş habar diňe ony kabul eden adama däl, ony aýdýan adama-da köp peýda berýär (Nak. 11:25).

2 Wagyz işi berkidýär: Isa pygamber şägirtleriniň wagyz edip, şägirt taýýarlap, hoş boljakdygyny aýtdy. Ol: «Janyňyz rahatlyk tapar» diýdi (Mat. 11:29). Onuň özem adamlara wagyz edip, güýç alýardy. Bu onuň üçin edil çörek ýalydy (Ýah. 4:34). Isanyň iberen 70 şägirdi hem adamlara wagyz edip, begenip geldi (Luka 10:17).

3 Şu günler köp mesihçiler janaýaman wagyz edýärler. Bir uýa şeýle diýýär: «Wagyz işi güýjüme güýç goşýar, durmuşymy manyly edýär. Wagza çykanymda gaýgy-aladalarym, kynçylyklarym zym-zyýat bolýar». Başga bir wagyzçy bolsa şeýle gürrüň berýär: «Wagyz edenimde Ýehowanyň, dogrudanam, meniň aladamy edýändigine göz ýetirýärin. Bu maňa rahatlyk berýär, ýüregimem şatlykdan dolýar. Şol şatlygy hiç bir zat bilen deňäp bolmaýar». «Hudaýyň işdeşi» bolmak uly hormat! (1 Kor. 3:9).

4 Mesihiň boýuntyrygy ýumşak: Mesihçiler Hudaýa gulluk etmäge jan etmeli. Ýöne Isa başarmajak zadymyzy talap etmedi (Luka 13:24). Gaýtam ol mähir bilen: «Meniň boýuntyrygymy dakynyň» diýdi (Mat. 11:29). Kynçylyklara garamazdan, Hudaýa bütin ýüregi bilen gulluk edýän adamlar ony razy edýär, sebäbi Hudaý olaryň ýagdaýynyň ýetdiginden gulluk edýändigini görýär (Mar. 14:6—8; Kol. 3:23).

5 Adyny şöhratlandyrmak üçin edýän tagallamyzyň gadyryny bilýän Hudaýa gulluk etmek nähili gowy! (Ýew. 6:10). Geliň, Ýehowa iň gowy zadymyzy bereliň!

12—18 DEKABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PATYŞALAR 16, 17

«Ýehowanyň sabyr käsesi dolar»

it «Şalmaneser»

Şalmaneser

Ysraýylyň boýun egmegi. B. e. öň 758—740-njy ýyllarda Ysraýyl patyşasy Hoseýanyň höküm süren döwri Şalmaneser V Palestina ýöriş edýär. Hoseýa oňa boýun egip, salgyt töläp başlaýar (2Pa 17:1—3). Ýöne soň salgyt tölemekden boýun gaçyryp, Müsür faraony Sog bilen dil düwüşýär. Şalmaneser Hoseýany zyndana taşladyp, üç ýyllap Samariýanyň daşyny gabaýar. Şeýdip, berk galany ahyry basyp alýar, ysraýyllaram ýesir düşýär (2Pa 17:4—6; 18:9—12; deňeşdiriň: Hoşeýa 7:11; Hyzkyl 23:4—10).

it «Ýesirlik»

Ýesirlik

On taýpaly Ysraýyl patyşalygam, iki taýpaly Ýahuda patyşalygam Ýehowa gulak asman, ýalan taňrylara sežde edendigi üçin ýesir düşýär (5Ms 28:15, 62—68; 2Pa 17:7—18; 21:10—15). Ýehowa gaýta-gaýta pygamberlerini iberip duýduryş berse-de, halk olary diňlemeýär (2Pa 17:13). Ysraýyl patyşalygynyň birinji patyşasy Ýerobgam butparazlygyň başyny başlady. Ondan soňky patyşalaryň bolsa hiç biri ýurdy butparazlykdan arassalamady. Ýahuda patyşalygy hem Ýehowanyň duýduryşlaryna gulak asmady (Ýer 3:6—10). Şonuň üçin Ýehowa iki patyşalygyňam halkyny ýurdundan kowdy.

Ruhy dürdäneler

it «Samariýalylar»

Samariýalylar

B. e. öň 740-njy ýylda Assiriýa patyşasy on taýpaly patyşalygyň Samariýa şäherini basyp alýar. «Samariýalylar» diýen söz şu wakada ilkinji gezek agzalýar. Şondan soň Assiriýa patyşasy Samariýa şäherine başga halklary göçürip getirýär (2Pa 17:29). Diýmek, 2 Taryh 3:6—9-njy aýatlara görä, assiriýalylar ysraýyllaryň ählisini sürgün etmändir (2 Patyşalar 23:19, 20-nji aýatlary deňeşdiriň). Ýoşyýa patyşanyň höküm süren döwründe-de ýurtda ysraýyllar bardy. Wagtyň geçmegi bilen, diňe Samariýanyň öz ilaty däl, assiriýalylaryň göçürip getiren halklaram «samariýalylar» diýlip tanalypdyr. Ysraýyllar göçüp baran milletleri bilen garyndaşlyk açypdyr. Birnäçe wagtdan soň bolsa, «samariýalylar» diýen at tire-taýpa ýa-da syýasat bilen bagly däl-de, köpräk din bilen bagly ulanylypdyr. Soňabaka «samariýalylar» diýlende, Samariýanyň we gadymy Şekemiň töweregindäki dini topar göz öňüne gelýärdi. Samariýalylaryň käbir dini däp-dessurlary ýehudylaryňkydan tapawutlanýardy (Ýah 4:9).

19—25 DEKABR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PATYŞALAR 18, 19

«Duşmanlaryň aldawyna düşmäň»

w05 1/8 sah. 11, abz. 5

Ikinji Patyşalar kitabyndan peýdaly pikirler

18:19—21, 25. Hizkiýa Müsür faraony bilen ylalaşyk baglaşdymy? Ýok. Hizkiýa patyşa diňe Ýehowa bil baglaýardy. Baş şerapçy: «Men Ýehowanyň adyndan geldim» diýse-de, aslynda, ýalan sözleýärdi. Ol bu gezegem ýalan sözledi.

w10 15/7 sah. 13, abz. 3

«Gorkma, men saňa kömek ederin»

Rabşak ýehudylarda şübhe döretmek üçin jan edýärdi. Ol şeýle diýdi: «Eýsem, Ýehowanyň belent ýerlerini we gurbanlyk sypalaryny ýykan Hizkiýa dälmi?.. Ýehowanyň özi maňa: „Şol ýurda çoz-da, ýer bilen ýegsan et“ diýdi» (2 Pat. 18:22, 25). Rabşagyň aýtmagyna görä, Ýehowa halkyndan närazy, şonuň üçin olaryň tarapyny tutmaz. Ýöne ol ýalan sözleýärdi. Ýehowa Hizkiýadan we hakyky seždä dolanan ýehudylardan örän razydy (2 Pat. 18:3—7).

w13 15/11 sah. 19, abz. 14

Şu günler ýedi çopan we sekiz serdar kimleri aňladýar?

14 Aşur patyşasy Iýerusalimiň günorta-gündogarynda ýerleşýän Lakyşda düşelge gurdy. Ol şäheri boýun egdirmek üçin üç sany habarçy ýollaýar. Onuň Rabşak titully baş wekili dürli tilsimleri ulanýar. Ol halka ýewreý dilinde ýüzlenip, olary patyşa we aşur halkyna tabyn bolmaga çagyrýar, bu ýerden göçseler, gurply ýaşaýyşdan lezzet aljakdygy barada ýalan wadalary berýär (2 Patyşalar 18:31, 32-nji aýatlary okaň). Soňra Rabşak özge milletleriň taňrylary öz gullukçylaryny gorap bilmeýşi ýaly, Ýehowanyň-da ýehudylary Aşuryň goly astyndan halas edip bilmejekdigini aýdýar. Halk ýalan sözlere jogap gaýtarman, akylly hereket edýär. Şu günler hem Ýehowanyň gullukçylary köplenç şeýle edýärler (2 Patyşalar 18:35, 36-njy aýatlary okaň).

Ruhy dürdäneler

it «Arheologiýa»

Arheologiýa

Mukaddes Kitapda Assiriýa patyşasy Sanheribi ogullary Adrammälik bilen Şareseriň öldürendigi, ýerine ogly Esarhadonyň patyşa bolandygy aýdylýar (2Pa 19:36, 37). Ýöne Wawilonyň taryhy ýazgylarynda Sanheribi tebet aýynyň 20-sine bir oglunyň öldürendigi ýazylan. B. e. öň III asyrda ýaşan Wawilon ruhanysy Berosus bilen b. e. öň VI asyrda ýaşan Wawilon patyşasy Nabonid Sanheribi bir oglunyň öldürendigini tassyklady. Birnäçe asyrdan soň, Esarhadonyň ýazan hatyny tapdylar. Şol hatda Esarhadonyň özi doganlarynyň kakasyny öldürip, gaçyp gidendigini ýazypdyr. Filip Biberfild diýen alym «Ýehudylaryň taryhy» diýen kitabynda şeýle diýýär: «Nabonid bilen Berosusyň Wawilonyň taryhy ýazgylarynda ýazan zatlary nädogry. Mukaddes Kitapda ýazylanlar bolsa dogry. Esarhadonyň hatynda doganym däl-de, doganlarym diýip jikme-jik ýazmagy Mukaddes Kitabyň Wawilon-Assiriýa taryhynda ýazylan zatlardanam has dogrudygyny subut edýär. Hakykatdanam, Mukaddes Kitap islendik taryhy ýazgylardanam dogry bolup çykýar».

Wagyzda ökdeleşiň

w20.11 sah. 15, abz. 14

14 Biz näme edip bileris? Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň durmuşyna täsir etjek kararlary çykarýan «patyşalar we ýokary wezipeli adamlar» üçin doga etmeli (1 Tim. 2:1, 2; Neh. 1:11). I asyrdaky mesihçiler ýaly, biz türmede oturan dogan-uýalar üçin hemişe Ýehowa ýalbarmaly (Resullar 12:5-i okaň; Ýew. 13:3). Şeýle-de olaryň üstünden gözegçilik edýän türmäniň işgärleriniň ýüregini ýumşatmagy üçin Ýehowa doga etmeli. Şonda Ýuliý ýüzbaşynyň Pawlusa rehimdarlyk edişi ýaly, ygtyýarly adamlar türmedäki dogan-uýalara ýagşylyk ederler (Res. 27:3).

26 DEKABR—1 ÝANWAR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PATYŞALAR 20, 21

«Ýalbaryp doga ediň»

ip-1 bap 19, abz. 23

Patyşa iman edip sagalýar

23 Sanherip Ýahuda ilkinji gezek hüjüm etjek bolanda Hizkiýa ölüm ýassygynda ýatyrdy. Işaýa pygamber onuň öljekdigini aýdýar (Işaýa 38:1). 39 ýaşly haly harap patyşa Ýehowa ýalbaryp doga edýär. Ol öz jan-saglygyny däl-de, halky alada edýärdi. Iýerusalim bilen Ýahuda ilatyna howp abanýardy, assiriýalylar olary basyp aljak bolýardy. Eger patyşa ölse, halky kim söweşe alyp çykar? Üstesine-de, şol wagt Hizkiýanyň tagta geçer ýaly ogly ýokdy (Işaýa 38:2, 3).

w17.03 sah. 21, abz. 16

Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk et!

16 Birnäçe wagtdan Hizkiýa agyr kesele uçraýar. Ol ölüm ýassygynda ýatyrka, Ýehowa ýalbaryp, oňa wepaly gulluk eden günlerini ýada salmagyny haýyş edýär (2 Patyşalar 20:1—3-nji aýatlary okaň). Ýehowa onuň dogasyna jogap berip sagaldýar. Şu günler biz Ýehowanyň gudrat bilen kesellerimizi sagaltmaýandygyny we ýaşymyzy uzaltmaýandygyny bilýäris. Muňa garamazdan, biz Hizkiýa ýaly Ýehowa: «Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat etdim» diýip, doga edip bileris. Agyr kesele uçranyňyzda, Ýehowanyň sizi goldamaga güýjüniň we isleginiň bardygyna ynanýarmysyňyz? (Zeb. 41:3).

g01 7/22 sah. 13, abz. 4

Doga etsem ýüküm ýeňlärmi?

Gadymy döwürde Hudaý imany berk adamlaryň dogasyna gudrat bilen jogap berýärdi. Olaryň bizi Hizkiýa patyşady. Ol aýaga galmajakdygyny bilende, Ýehowa ýalbaryp doga edýär. Şonda Hudaý: «Dilegiňi eşitdim, gözýaşyňy gördüm, seni sagaldaryn» diýýär (2 Patyşalar 20:1—6). Ýehowa başga-da hudaýhon erkekdir aýallaryň dogalaryna gudrat bilen jogap berýärdi (1 Şamuwel 1:1—20; Danyýar 10:2—12; Resullar 4:24—31; 10:1—7).

Ruhy dürdäneler

it «Ölçeg gurallary»

Ölçeg gurallary

Adatça ölçeg gurallary binanyň diwarlarynyň dogrudygyny ýa-da ony ýykyp täzeden gurmalydygyny anyklamak üçin ulanylýar. Ýehowa Iýerusalimiň boýnuýogyn halkynam «Samariýada ulanan ölçeg ýüpi bilen, Ahabyň öýünde ulanan ölçeg daşy bilen ölçejekdigini» aýtdy. Hudaý Samariýany we Ahabyň öý-içerisini ölçänsoň, olaryň zalym hem azgyndygyny anyklap, ýok etdi. Ýehowa Iýerusalimiň ilatynyňam, hökümdarlarynyňam zalymlygyna göz ýummady. Ol Işaýa pygamber arkaly Iýerusalimiň öwünjeň, tekepbir halkynyň we patyşalarynyň üstüne betbagtçylyk injekdigini aýtdy. Şeýdip b. e. öň 607-nji ýylda şäher weýran edilýär (2Pa 21:10—13; 10:11). Ýehowa: «Men adalaty ölçeg ýüpi, dogruçyllygy ölçeg daşy ederin» diýdi. Adalatly hem dogruçyl Hudaý kimiň öz gullukçysy ýa-da gullukçysy däldigini anyklap, kimiň ýaşamaga haklydygyny, kimiň ölüme mynasypdygyny çözýär (Işa 28:14—19).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş