Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bm böl. 1 sah. 4
  • Ýaradyjy adama Jennet berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaradyjy adama Jennet berýär
  • Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Seni kim ýaratdy?
    Şatlan — ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş!
  • Jennetde ýaşaýyş nähilidi?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
  • Ynsan Jennetden kowulýar
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Hudaý erkek bilen aýaly ýaratdy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
bm böl. 1 sah. 4
Adam ata we How ene haýwanlar bilen bile Erem bagynda

1-NJI BÖLÜM

Ýaradyjy adama Jennet berýär

Hudaý älem-jahany, ýer ýüzüni ýaradýar; soňra kämil erkek adam bilen aýaly ýaradyp, owadan bagda ýerleşdirýär we olara tabşyryk berýär

Ýolbarslar, guşlar we keýikler Erem bagynda

MUKADDES ÝAZGYLAR şeýle sözler bilen başlanýar: «Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» (Gelip çykyş 1:1). Bu sözler köp adamlara mälimdir. Şeýle sada, ünsüňi çekiji sözler bizi Mukaddes Ýazgylardaky esasy şahsyýet bolan Gudratygüýçli Ýehowa Hudaý bilen tanyşdyrýar. Biz bu sözlerden älem-jahany we Ýer şaryny Hudaýyň ýaradandygyny bilýäris. Indiki aýatlarda Hudaýyň ýaşaýyş üçin ýer ýüzüni we ajaýyp tebigaty ýaradyşy barada aýdylýar. Ol ähli zady birnäçe «günüň», ýagny uzak döwrüň dowamynda ýaratdy.

Hudaýyň ýerde ýaradanlarynyň arasynda iň täsini adamdy. Adam Hudaýa meňzeş ýaradylyp, onda Ýehowanyň söýgi we akyldarlyk ýaly häsiýetleri bardy. Hudaý ynsany toprakdan ýaratdy. Hudaý oňa Adam diýip at dakdy we ony Jennetde — Erem bagynda ýerleşdirdi. Hudaýyň beren bagynda owadan we miweli agaçlar köpdi.

Adam ata ýanýoldaş gerekdi. Hudaý Adam atanyň gapyrgasyndan oňa aýal ýaratdy. Soňra oňa How ene diýip at dakyldy. Şonda Adam ata begenjinden ýaňa joşup: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir» diýdi. Bu sözleri Hudaý şeýle düşündirýär: «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar» (Gelip çykyş 2:22—24; 3:20).

Hudaý Adam ata bilen How enä iki tabşyryk berýär. Birinji tabşyryk: olar ýer ýüzüni bejerip, onuň aladasyny edip, ynsan neslini köpeltmelidi. Ikinjisi: Hudaý olara uly bagyň içinde diňe bir agajyň — «ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden» iýmezligi tabşyrdy (Gelip çykyş 2:17). Eger olar bu tabşyryga gulak asmasalar, ölerdiler. Hudaýyň Adam ata bilen How enä beren bu tabşyryklary Hudaýy Hökümdar hökmünde kabul etmäge mümkinçilik berýärdi. Şeýle-de olar Hudaýa gulak asyp, söýgüsini we minnetdarlygyny görkezip bilerdiler. Hudaýyň häkimiýetine boýun bolmaga olarda ähli sebäp bardy, galyberse-de, bu olaryň bagtly bolmagyna ýardam ederdi. Kämil adamlarda hiç bir kemçilik ýokdy. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi» diýilýär (Gelip çykyş 2:17).

Gelip çykyş kitabynyň 1, 2-nji baplaryna esaslanýar.

  • Mukaddes Ýazgylarda adamlaryň we ýer ýüzüniň ýaradylyşy nähili beýan edilýär?

  • Hudaýyň niýetine görä, adamlar nähili ýaşamalydy?

  • Hudaý Adam ata bilen How enä nähili tabşyryk berdi?

HUDAÝYŇ ADY

Mukaddes Ýazgylarda Hudaýa Ýaradyjy, Gudratygüýçli ýaly ençeme sözler bilen ýüzlenilýär. Şeýle sözler arkaly Hudaýyň mukaddeslik, güýç, adalatlyk, akyldarlyk we söýgi ýaly häsiýetleri nygtalyp geçilýär. Emma Hudaýyň Ýehowa diýen ajaýyp ady bar. Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda Hudaýyň ady takmynan 7000 gezek duş gelýär. Onuň ady ilkinji sapar Gelip çykyş 2:4-de agzalýar. Ýehowanyň ady «Boldurýar» diýmegi aňladýar. Bu adyň manysyna düşünmek bize teselli berýär, çünki Hudaý ýerine ýetirmeli niýetlerini we amala aşyrmaly wadalaryny unutmaýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş