8-nji bap
Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
1, 2. Başa gelen horluklara adamlar köplenç nähili garaýarlar?
TEBIGY betbagtçylyklar ähli zady weýran edip, adamlaryň başyna heläkçilik getirende, köpler, şeýle gorkunç zatlaryň näme üçin bolýandygyna düşünmeýärler. Başgalar jenaýatçylygyň köpelmeginden, zorluk we zalymlykdan horluk çekýärler. Belki sen hem: Hudaý horluklara näme üçin ýol berýärkä — diýip soraýansyň?
2 Köp adamlar şu soraga kanagatlanarly jogap tapyp bilmän Hudaýa bolan ynamyny ýitirdiler. Olar, Hudaý adamzat bilen gyzyklanýan däldir öýdýärler. Horluksyz ýaşaýyş bolup bilmez diýýän başga adamlar bolsa, gaharlanyp, adamzadyň ähli dertlerini Hudaýdan görýärler. Eger şeýle duýgular sende hem bar bolsa, onda Mukaddes Ýazgylaryň bu hakda aýdýanlary seni hökman gyzyklandyrar.
HORLUKLAR HUDAÝDAN DÄL
3, 4. Erbetligiň we horlugyň Ýehowadan gelmeýändigine biz näme üçin şübhelenmän bileris?
3 Mukaddes Ýazgylar daşymyzdaky horluklaryň Hudaýdan däldigine bizi ynandyrýar. Meselem, mesihçi şägirt Ýakup şeýle ýazdy: «Synalanda, hiç kim: „Men Hudaý tarapyn synalýaryn“ diýmesin: çünki Hudaý erbetlik bilen synalýan däldir. Onuň Özi hem hiç kimi synaýan däldir» (Ýakup 1:13). Bu bolsa, adamzadyň başyna gelen köp sanly betbagtçylyklara Hudaýyň jogapkär däldigini aňladýar. Hudaý adamlary gökdäki ýaşaýşa taýýarlamak üçin synamaýar, ýa-da olara, hamala öňki ömründe eden etmişleri üçin temmi bermeýär (Rimliler 6:7).
4 Onsoňam, Hudaýyň we Isanyň ady bilen şeýle köp erbet işler edilse-de, Mukaddes Ýazgylarda, Hudaý ýa-da Isa beýle işleri goldaýandyr diýen ýekeje pikir hem ýok. Hudaýa we Isa gulluk edýäris diýip-de, adamlary aldap, talap, öldürip we başga horluklara sezewar edip ýörenler bilen Hudaýyň we Isanyň hiç bir şärikligi ýokdur. Hakykatda, «erbediň ýoly Rebbe ýigrenjidir». Hudaý «erbetlerden uzakdyr» (Süleýmanyň Tymsallary 15:9, 29).
5. Ýehowanyň käbir häsiýetleri haýsylar we Ol ýaradan zatlaryna nähili garaýar?
5 Mukaddes Ýazgylar Ýehowa «köp şepagatly hem rehimdardyr» diýýär (Ýakup 5:11). «Reb haky söýýändir» diýip belleýär (Zebur 37:28; Işaýa 61:8). Ol arjaň däl. Ol Öz ýaradan zatlary hakda duýgudaşlyk bilen alada edýär, oňat ýaşasynlar diýip, olara ähli gerekli zatlary berýär (Resullaryň Işleri 14:16, 17). Ýehowa muny, ýer ýüzünde ýaşaýyş başlaly bäri edip gelýär.
KÄMIL BAŞLANGYÇ
6. Käbir rowaýatlarda adamzat taryhynyň başlangyjy hakynda näme aýdylýar?
6 Biz agyrylara we horluklara öwrenşipdiris. Şu sebäpli, durmuşy olarsyz göz öňüne getirmek aňsat däl, emma adamzat taryhynyň iň başynda ýagdaýlar hut şeýledi. Bagtly başlangyç barada käbir halklaryň rowaýatlarynda hem aýdylýar. Meselem, grek mifologiýasynda ynsanyýetiň bäş asyrynyň ilkinjisi «altyn asyr» diýip atlandyrylypdyr. Şol döwürde adamlar agyr zähmetden, agyrydan we garrylyk derdinden horluk çekmän, bagtly ýaşapdyrlar. Hytaýlylaryň aýtmagyna görä, mifiki sary imperatoryň (Huan-diniň) hökmürowanlyk döwründe adamlar parahatlykda ýaşap, gözel we sazlaşykly tebigatdan lezzet alypdyrlar. Parslarda, müsürlilerde, tibetlilerde, peruanlarda we meksikalylarda adamzat taryhynyň başlangyjynda bolan bagt we kämillik döwri baradaky rowaýatlar şu wagta çenli galypdyr.
7. Hudaý Ýeri we adamlary näme üçin ýaratdy?
7 Ýöne, halklaryň rowaýatlary, adamzat taryhynyň iň gadymy kitaby bolan Mukaddes Ýazgylaryň aýdanlaryny gaýtalaýar. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Hudaý ilkinji ynsan jübütini — Adam-ata bilen How-enäni Aden bagy diýlen jennetde ýerleşdirip, olara: «Hasylly boluň, we köpeliň, we ýer ýüzüni dolduryň, we ony tabyn ediň» diýip tabşyrdy (Barlyk 1:28). Biziň ilkinji ata-enemiz kämildiler we geljekde bütin ýer ýüzüniň jennete öwrülişini hem-de kämil adamzat maşgalasynyň asuda we bagtly ýaşaýşyny görmäge mümkinçiligi bardy. Bu zatlary, Hudaý, ýeri we adamlary ýaradan mahaly niýet edýärdi (Işaýa 45:18).
BETNIÝETLI GARŞYLYK
8. Adam-ata bilen How-ene haýsy tabşyrygy berjaý etmelidiler, emma näme boldy?
8 Hudaýyň özlerine bolan mährini saklamak üçin Adam-ata we How-ene «ýagşylyk we ýamanlygy bilme agajyndan» iýmeli däldiler (Barlyk 2:16, 17). Eger, olar Ýehowanyň şu kanunyna boýun bolsadylar, onda ynsan durmuşynda hiç haçan horluklar bolmazdy. Hudaýyň tabşyrygyna boýun bolmak bilen olar Ýehowa söýgi bildirip, öz wepalylygyny subut ederdiler (1 Ýahýa 5:3). Emma, bu kitabyň altynjy babyndan bilşimiz ýaly, bar zat başagaça boldy. Şeýtanyň gepine giden How-ene şol agajyň miwesinden iýdi. Biraz soňra, Adam-ata hem gadagan edilen miwäni iýip, bu etmişe goşuldy.
9. Şeýtan, Ýehowa degişli haýsy jedelli soragy orta atdy?
9 Näme bolandygyna sen doly düşünýärmiň? Şeýtan, Ýehowanyň Hemmelerden Beýik bolmak haky barada jedel edýärdi. «Elbetde ölmersiňiz» diýmek bilen, Iblis, Hudaýyň «hökman ölersiň» diýen sözlerini gümana edip goýdy. Onsoňam, Şeýtanyň aýtmagyna görä, Ýehowa Adam-ata bilen How-enäniň Hudaýsyz, ýagşy-ýamany özleri kesgitläp, Hudaý ýaly bolup bilýändiklerini olardan gizleýärmişin. Şeýlelikde, Şeýtan öz garşylygy bilen Ýehowanyň Älemiň Baýary hökmünde tutýan ornunyň adalata we kanuna laýyk gelmeýär diýip jedel turuzdy (Barlyk 2:17; 3:1—6).
10. Şeýtan, adamlar barada nähili şübhe döretdi?
10 Şeýle hem, Şeýtan Iblis, adamlar diňe öz bähbidi üçin Hudaýa gulak asýarlar diýjek boldy. Başgaça aýdanyňda, ol adamlaryň aýypsyzlygy barada şübhe döretdi. Şeýtan, hiç bir adamyň öz islegi boýunça Hudaýa wepaly galmajagyny aýdýardy. Şeýtanyň bu aýyplamalary barada Ýehowanyň sadyk gullukçysy Eýýup hakdaky Mukaddes Ýazgylar habarynda aýdylýar. Takmynan b. e. öň 1 600-nji ýylda Eýýup agyr synaglary başdan geçiripdi. Eýýup kitabynyň ilkinji iki babyny okasaň, horluklaryň sebäbini bilip, Hudaýyň näme üçin muňa ýol berýändigine düşünersiň.
11. Eýýup nähili adamdy, emma Şeýtan ony nämede aýyplady?
11 «Aýypsyz hem adalatly adam» Eýýup, Şeýtanyň gazabyna sezewar boldy. Ilki bilen Şeýtan: «Eýýup ýöne ýere Hudaýdan gorkýarmy?» diýen soragy orta atyp, Eýýuby betpällikde aýyplady. Onsoň Iblis, hamala Hudaý Eýýuba gorag we bereket berip, Onuň sadyklygyny gazananmyş diýmek bilen, Ýehowa hem-de Eýýuba töhmet atdy. «Emma eliňi uzat-da, onuň ähli zadyna bir degip gör, Seniň ýüzüňe gargamazmy?» diýip, Şeýtan Ýehowa garşy çykdy (Eýýup 1:8—11).
12. a) Eýýuby synamaga Şeýtana rugsat edilmegi bilen haýsy soraglara jogap berildi? b) Eýýubyň synalmagy näme bilen gutardy?
12 Eýýup diňe alýan bereketleri üçin Ýehowa gulluk edýärmi? Synaglarda ol aýypsyzlygyny saklap bilermikä? Ýehowanyň bolsa, öz gullukçysyna ynamy barmy we onuň synalmagyna ýol berermikä? Bu soraglara jogap bermek üçin Ýehowa, Şeýtana, Eýýuby synamaga rugsat bermelidi. Eýýup kitabynda aýdylşy ýaly, Hudaýyň ýol beren ähli synaglaryna garamazdan, Eýýup wepaly galdy, bu bolsa Ýehowanyň adalatynyň we ynsanyň aýypsyzlygynyň aklanmagyna hyzmat etdi (Eýýup 42:1, 2, 12).
13. Aden bagyndaky we Eýýuply wakalaryň bize näme degişli ýeri bar?
13 Aden bagynda bolan wakalaryň we Eýýubyň başdan geçirenleriniň has uly ähmiýeti-de bar. Şeýtan bütin adamzada, şol sanda hem şu gün bize degişli jedelli soraglary orta atdy. Ol Hudaýyň adyny garalap, Onuň hökümdarlygyna garşy çykdy we Hudaýyň ýaradan ynsanynyň akýürekliligi hakda şübhe döretdi. Indi bu jedelli meseleleri çözmek gerekdi.
JEDELLI MESELELERIŇ ÇÖZGÜDI
14. Bir adama kimdir biri töhmet ýüklese, ol adam näme edip biler?
14 Diýeli, seniň bagtly maşgalaň we birnäçe çagaň bar. Birdenem goňşyň ýalan gep ýaýradyp başlaýar. Ol aýtmyşlaýyn, sen-ä atalyk borjuňy degerli ýerine ýetireňok, çagalaryň bolsa seni söýenoklar, seniň bilen nalaç bile ýaşaýarlar we ilkinji amatly pursatda senden gitjeklermişin. «Bu barypýatan töhmet!» diýersiň sen. Hawa, töhmet, emma muny nädip subut etjek? Käbir ata-eneler beýle ýagdaýda gaharlanardylar. Ýöne, gahar-gazap meseläni çözmegiň deregine, gaýtam, ýalan aýyplamalary goldar. Bu işiň iň oňat çözgüdi —göwnüňe degene öz aýyplamalaryny subut etmäge, çagalaryňa bolsa, saňa bolan akýürekli söýgüsini bildirmäge mümkinçilik bermekdir.
15. Şeýtanyň garşylygyna Ýehowa nädip jogap berdi?
15 Ýehowa şunuň ýaly, söýýän atany ýatladýar. Adam-ata bilen How-enäni Onuň çagalaryna deňesek bolar. Şeýtana bolsa, töhmetçi goňşynyň roly gelişip dur. Hudaý akyldarlyk bilen hereket edip, Şeýtany, Adam-atany we How-enäni şol bada ýok etmän, bu jenaýatçylara ýene birnäçe wagtlap ýaşamaga rugsat berdi. Ol şeýtmek bilen, ilkinji ata-enemize çaga dogrup, adamzat maşgalasynyň başyny başlamaga we meseläni çözmek üçin, Iblise aýyplamalaryny subut etmäge mümkinçilik döretdi. Hudaý, şeýle hem, käbir adamlaryň Oňa wepaly bolup, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etjeklerini ilkibaşdan bilýärdi. Hudaýy söýýänleri bereketläp, olara kömek bermegini şindi hem dowam edýändigi üçin biz Ýehowa örän minnetdar! (2 Taryhlar 16:9; Süleýmanyň Tymsallary 15:3).
NÄME SUBUT EDILDI?
16. Dünýä nädip Şeýtanyň golastyna düşdi?
16 Adamzadyň bütin taryhynyň dowamynda diýen ýaly Şeýtana doly erkinlik berildi, ol adamlaryň üstünden agalyk sürmek niýetini hiç bir päsgelçiliksiz amala aşyryp bilýärdi. Ol, ähli zatdan başga-da syýasy güýçlere täsir edýärdi hem-de dinleriň döremegine ýardam edipdi. Bu dinlerdäki adamlar bolsa, Ýehowa däl-de, Şeýtana sežde edýändiklerini özlerem bilenokdylar. Şeýdip, Iblis «bu dünýäniň taňrysy» boldy we «bu dünýäniň Hökümdary» diýip atlandyryldy (2 Korintoslylar 4:4; Ýahýa 12:31). Indi ‘bütin dünýä Iblisiň goly astynda’ (1 Ýahýa 5:19). Emma, bu ýagdaý, Şeýtanyň Ýehowa Hudaýdan ähli adamlary daşlaşdyryp bilýändigini aňladýarmy? Elbetde ýok! Şeýtana ýaşamaga ýol berip, Ýehowa niýetini amala aşyrmagyny dowam edýärdi. Eýsem Hudaýyň erbetlige ýol bermeginiň sebäbini Mukaddes Ýazgylar nädip düşündirýärkä?
17. Erbetligiň we horlugyň sebäbi hakynda biz nämäni ýatda saklamaly?
17 Erbetlik we horluk Ýehowadan däl. Şeýtan bu dünýäniň hökümdary hem-de taňrysy bolany üçin adamzadyň şu günki ýagdaýyna we adamlaryň ähli görýän görgülerine Iblis we onuň ýaranlary jogapkärdir. Bu zatlar üçin hiç kim Hudaýy günäkärläp bilmez (Rimliler 9:14).
18. Ýehowanyň erbetlige we horluga ýol bermegi bilen, Hudaýdan garaşsyz ýaşamaklyk barada näme subut edildi?
18 Ýehowanyň erbetlige we horluga ýol bermegi bilen, Hudaýdan garaşsyz durmuşyň gowy dünýäni döretmejegi subut edildi. Taryh boýy yzly-yzyna betbagtçylyklar bolup gelýär. Munuň sebäbi hem — adamlar Hudaýdan garaşsyz bolmak islediler, olar Hudaýyň Sözüne we islegine hormat goýmaýarlar. Ýehowanyň gadymky halky we onuň ýolbaşçylary Hudaýyň Sözüni ret edip, «öz ýollary» bilen ýöräninde, munuň netijesi pajygaly bolupdy. Hudaý Öz pygamberi Ýeremiýa arkaly olara şeýle diýdi: «Akyldarlar utandyryldylar. Hopukdylar we tutularlar. Seret! Olar hut Ýehowanyň Sözüni ret etdiler, olaryň akyldarlygy nämedekä?» (Ýeremiýa 8:5, 6, 9, TD). Ýehowanyň kadalary boýunça ýaşamaýan adamzadyň ýagdaýy tupanly deňizde her ýana zyňylýan rulsyz gämä meňzeýär.
19. Şeýtan ähli adamlary Hudaýa garşy çykaryp bilmeýändigine nähili subutnamalar bar?
19 Hudaýyň erbetlige we horluga ýol bermegi bilen, Şeýtanyň bütin adamzady Ýehowadan daşlaşdyryp bilmejegi subut edildi. Taryhyň görkezişi ýaly, synaglara we kynçylyklara garamazdan, her döwürde-de Hudaýa wepaly adamlar bolupdyr. Ýehowa asyrlar boýy öz gullukçylaryny goldap gelýär we Onuň ady bütin dünýäde yglan edilýär (Çykyş 9:16; 1 Patyşalyk 12:22). Ýewreýlere ýazylan hatyň 11-nji babynda Habyl, Hanok, Nuh, Ybraýym, Musa we başga-da wepaly adamlaryň ençemesi hakda gürrüň edilýär. Ýewreýler 12:1-de olar «uly güwäler buludy» diýip atlandyryldy. Olar Ýehowa bolan berk imanyň nusgasydyr. Häzirki döwürem Hudaýyň öňünde aýypsyzlygyny saklamak üçin ençeme adamlar janyndan geçdiler. Olar imany we söýgüsi bilen, Şeýtanyň ähli adamlary Hudaýa garşy çykaryp bilmeýändigini doly subut etdiler.
20. Ýehowanyň erbetlige we horluga ýol bermegi bilen, Hudaýa we adamzada degişli näme subut edildi?
20 Onsoňam, Hudaýyň erbetlige we horluga ýol bermegi bilen, adamlaryň baky abadançylygy we bagty üçin, olaryň üstünden höküm sürmäge diňe Ýaradyjy Ýehowanyň hakynyň we ukybynyň bardygy subut edildi. Asyrlaryň dowamynda adamlar häkimiýetiň dürli görnüşlerini ulanyp gördüler. Emma netijesi nähili? Bu günki halklaryň kynçylyklary we şowsuzlygy Mukaddes Ýazgylardaky sözleriň haklygyna güwä geçýär: «Adamyň adama agalyk etmegi onuň zyýanynadyr» (Wagyzçy 8:9, TD). Bize kömege ýetişip, ilkibaşdaky niýetini amala aşyryp biljek diňe Ýehowadyr. Ol muny nädip we haçan ederkä?
21. Şeýtana näme bolar we muny kim amala aşyrar?
21 Adam-ata bilen How-ene Şeýtanyň aldawyna düşenden soň, Hudaý adamzady halas etmekçidigini mälim etdi. Şeýtan hakda Ýehowa şeýle diýdi: «Sen bilen aýalyň arasyna, seniň nesliň bilen onuň nesliniň arasyna duşmanlyk salaryn; ol seniň başyňy tokmaklar, sen hem onuň topugyny tokmaklarsyň» (Barlyk 3:15). Bu sözler, Iblise erbet işlerini mydama edip ýörmäge ýol berilmejegini aňladýar. Mesihi Patyşalygyň Patyşasy hökmünde, wada edilen Nesil, Isa Mesih, ‘Şeýtanyň başyny tokmaklar’. Hawa, «haý diýmän» Isa bu pitneçini mynjyradar! (Rimliler 16:20).
SEN NÄDERSIŇ?
22. a) Sen haýsy meseläni çözmeli? b) Şeýtan gaharyny Hudaýyň wepaly gullukçylaryndan çykarsa-da, olar nämede şübhelenmän bilerler?
22 Indi, jedelli soraglar hakda bileniňden soň, sen kimiň tarapyny tutarsyň? Ýehowanyň wepaly gullukçysydygyňy iş ýüzünde görkezersiňmi? Wagtynyň azalandygyny bilýän Şeýtan, gaharyny Hudaýyň öňünde aýypsyz galmaga çalyşýan adamlardan çykarjak bolar (Ylham 12:12). Emma sen Hudaýyň kömegine bil baglap bilersiň, çünki «Ýehowa, Hudaýa wepaly adamlary synaglardan nädip gutarmalydygyny bilýär» (2 Petrus 2:9, 10, TD). Ol güýjüňden öte synalmagyňa ýol bermez we synaglara çydamaga saňa kömek eder (1 Korintoslylar 10:13).
23. Biz sabyrsyzlyk bilen nämä garaşýarys?
23 Geliň, Patyşa Isa Mesihiň Şeýtana we onuň ýaranlaryna garşy çäre görjek gününe sabyrly garaşalyň (Ylham 20:1—3). Isa adamzadyň görýän görgüleriniň ähli sebäpkärlerini ýok eder. Şu wagt bolsa, bizi gussa salýan iň agyr dertleriň biri — ýakynlarymyzyň ýogalmagydyr. Olara näme bolýandygyny bilmek üçin indiki baby oka.
BILIMIŇI BARLAP GÖR
Adamlaryň görýän horluklarynyň Ýehowadan däldigini biz nireden bilýäris?
Aden bagynda Şeýtanyň orta atan haýsy jedelli meseleleri Eýýubyň günlerinde äşgär boldy?
Hudaýyň horluklara ýol bermegi bilen nämeler subut edildi?