Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/7 sah. 23—27
  • «Siz meniň şaýatlarym»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Siz meniň şaýatlarym»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HUDAÝYŇ GEÇMIŞDÄKI ŞAÝATLARY
  • «INE, MEN BIR TÄZE ZAT EDÝÄRIN»
  • HUDAÝYŇ ADYNYŇ MANYSY
  • MINNETDARLYGYMYZY BILDIRÝÄRIS
  • Ýehowanyň beýik adyny şöhratlandyryň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýehowa adyny beýgeldýär
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Hudaýyň ady barmy?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Biz Ýehowanyň adyny nädip aklap bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/7 sah. 23—27

«Siz meniň şaýatlarym»

«Reb şeýle diýýär: „Siz meniň şaýadymsyňyz“». IŞ. 43:10

SIZ JOGAP BERIP BILERMISIŇIZ?

  • Ysraýyllylar nädip Ýehowanyň şaýady boldular?

  • Hudaýyň ady nämäni aňladýar?

  • Biz Hudaýyň mukaddes adyny göterýändigimize minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

1, 2. a) Şaýat bolmaklyk nämäni aňladýar we näme üçin dünýäniň habar beriş serişdelerine ygtybarly däl diýse bolar? b) Ýehowa dünýäniň habar beriş serişdelerine näme üçin mätäç däl?

ŞAÝAT bolmaklyk nämäni aňladýar? Bir sözlükde şeýle düşündirilýär: «Bir wakany gözi bilen gören adama şaýat diýilýär». Meselem, Günorta Afrikada ýerleşýän Pitermarisburg şäherinde 160 ýyldan gowrak wagt bäri «Şaýat» atly gazet çykarylýar. Onuň ady örän ýerlikli, sebäbi ol dünýäde bolýan wakalary anyk habar berýär. «Şaýat» gazetiniň baş redaktory şeýle diýýär: «Men hakykaty, diňe hakykaty we hakykatdan başga hiç zady aýtmaryn».

2 Gynansak-da, dünýäniň habar beriş serişdeleri taryhy wajyp wakalary inkär edýärler ýa-da ýoýýarlar. Şol sebäpli Gudratygüýçli Hudaý geçmişde Ezekiýel pygamber arkaly şeýle diýdi: «Milletler... mukaddes bolan Rebbiň Mendigimi bilerler» (Ezek. 39:7). Emma Älem-jahanyň Hökümdaryna dünýäniň habar beriş serişdeleri gerek bolmaz. Onuň bütin ýer ýüzünde takmynan sekiz million Şaýady bar. Olar ähli halklara Hudaý barada we onuň adamzat üçin geçmişde hem häzir edýän işlerini gürrüň berýärler. Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň gelejekde adamlara berjek bereketlerini yglan edýärler. Biz bu işi birinji orunda goýup, Hudaýyň adyny göterýändigimizi subut edýäris, çünki Işaýa 43:10-da: «Reb şeýle diýýär: „Siz meniň şaýadymsyňyz, öz saýlan bendelerimsiňiz“» diýilýär.

3, 4. a) Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler täze ady haçan kabul etdiler we bu olara nähili täsir etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Biz haýsy soraglara serederis?

3 «Bütin döwürleriň Patyşasy» Ýehowanyň adyny götermek nähili uly hormat! Ol şeýle diýdi: «Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn» (1 Tim. 1:17; Müs. çyk. 3:15; Wagyz kitaby 2:16-ny deňeşdiriň). Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler 1931-nji ýylda Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady kabul etdiler. Bu wakadan soňra «Garawul diňi» žurnalynda ençeme adamlaryň minnetdarlyk hatlary çap edildi. Meselem, Kanadanyň bir ýygnagy şeýle hat ýazdy: «Ýehowanyň Şaýatlary baradaky habar bizi örän tolgundyrdy we bizi täze ada doly mynasyp bolmaga höweslendirdi».

4 Hawa, Hudaýyň adyny götermek uly hormat! Siz muny gymmat saýýandygyňyzy nädip görkezip bilersiňiz? Ýehowanyň Şaýatlary barada agzalýan aýatlary nädip düşündirip bilersiňiz?

HUDAÝYŇ GEÇMIŞDÄKI ŞAÝATLARY

5, 6. a) Ysraýylly ata-eneler haýsy manyda Ýehowanyň şaýady boldular? b) Ysraýylly ata-enelere ýene nähili tabşyryk berildi we mesihçi ata-eneler näme üçin olaryň göreldesine eýermeli?

5 Işaýa pygamberiň döwründe ysraýyllylaryň her biri Ýehowanyň «şaýady», bütin halk bolsa, onuň «gullukçysy» hasaplanylýardy (Iş. 43:10). Ysraýylly ata-eneler çagalaryna Hudaýyň ata-babalaryna eden işleri hakda gürrüň berip, ol barada şaýatlyk edýärdiler. Meselem, her ýyl bellenilmeli Pesah baýramy hakda görkezme berlende, ata-enelere şeýle tabşyryk berildi: «Çagalaryňyz sizden: „Bu baýram nämäni aňladýar?“ diýip soranlarynda, siz olara: „Bu Rebbiň Pesahynyň gurbanlyk sadakasydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende ysraýyllaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy“ diýip jogap beriň» (Müs. çyk. 12:26, 27). Şeýle-de ata-eneler çagalaryna ysraýyl halkynyň Müsür gulçulygyndan nädip azat bolandygy barada gürrüň bermelidiler. Meselem, Musa ilkinji gezek Müsür patyşasynyň ýanyna baryp, ysraýyllylary Ýehowa sežde etmek üçin çöle goýbermegi haýyş edende, faraon şeýle diýipdi: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly?» (Müs. çyk. 5:2). Elbetde, müsürlilere on jeza indirilende we ysraýyllylar Gyzyl deňzinde halas bolanda, faraonyň şol soragyna aýdyň jogap berildi. Ýehowa geçmişde hem, häzir hem Gudratygüýçli Hudaýdygyny subut etdi. Hawa, ysraýyl halky Ýehowanyň wadalaryny ýerine ýetirýän hak Hudaýdygynyň diri şaýady boldy.

6 Ysraýyllylar Ýehowanyň adyny götermegi uly hormat hasaplap, bu ajaýyp wakalary diňe bir çagalaryna däl, eýsem, öz aralarynda ýaşaýan gelmişeklere-de gürrüň berýärdiler. Şeýle-de ysraýyllylar çagalaryna Hudaýyň mukaddes kadalaryny berjaý etmegi öwredýärdiler, çünki Ýehowa: «Olar mukaddes bolsunlar, çünki Men — siziň Hudaýyňyz — Reb mukaddesdirin» diýdi (Lew. 19:2; Kan. tag. 6:6, 7). Mesihçi ata-eneler hem olaryň göreldesine eýerip, çagalaryny Hudaýyň mukaddes ýollary bilen terbiýeleýärler we onuň şöhratly adyny götermegiň uly hormatdygyny öwredýärler (Süleýmanyň tymsallary 1:8; Efesliler 6:4-nji aýatlary okaň).

Biz çagalarymyza Ýehowa hakda gürrüň berip, onuň adyny şöhratlandyrýarys (5, 6-njy abzaslara serediň)

7. a) Ysraýyllylar Ýehowa wepaly bolanlarynda, olaryň göreldesi başga halklara nähili täsir edýärdi? b) Hudaýyň adyny göterýän adamlaryň nähili jogapkärçiligi bar?

7 Ysraýyllylar Hudaýa wepaly bolanlarynda, onuň adyny şöhratlandyrýardylar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýer ýüzündäki ähli halklar siziň Rebbiň ady bilen çagyrylandygyňyzy görerler we olar sizden gorkarlar» (Kan. tag. 28:10). Gynansak-da, ysraýyl halky Hudaýa biwepalyk etdi. Olar ýalan taňrylara sežde edip, butparazlyga doly ýüz urdular. Üstesine-de, kengan taňrylary ýaly, olaryň özleri-de zalym boldular, çagalaryny gurban getirip, garyplary ezip başladylar. Geliň, ysraýyllylar bilen bolan wakadan sapak edinip, mukaddes Hudaýymyzyň göreldesine eýermäge jan edeliň, çünki biz onuň adyny göterýäris.

«INE, MEN BIR TÄZE ZAT EDÝÄRIN»

8. Ýehowa Işaýa pygambere näme etmegi tabşyrdy we ol muňa nähili seslendi?

8 Ýehowa sürgünden dolanyp gelen ysraýyllylaryň ajaýyp wakanyň şaýady boljakdygyny pygamberlik etdi (Iş. 43:19). Işaýa kitabynyň ilkinji alty babynda Iýerusalime we onuň daş-töweregindäki şäherlere nähili heläkçiligiň injekdigi barada gürrüň berilýär. Ýürekleri görýän Ýehowa adamlar gulak asmasalar-da, Işaýanyň heläkçilik barada duýdurmalydygyny aýtdy. Emma pygamber ysraýyllylaryň haçana çenli boýnuýogynlyk etjekdigini bilmek isleýärdi. Ýehowa oňa: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä» diýip jogap berdi (Işaýa 6:8—11-nji aýatlary okaň)a.

9. a) Iýerusalim baradaky pygamberlik haçan ýerine ýetdi? b) Şu günler oýa bolmaga nähili sebäpler bar?

9 Bu tabşyryk Işaýa pygambere Uziýanyň hökümdarlygynyň soňky ýylynda, ýagny b. e. öň 778-nji ýylda berildi. Ol b. e. öň 732-nji ýyla çenli, ýagny tä Hizkiýa patyşa tagta geçýänçä takmynan 46 ýyllap pygamberlik etdi. Iýerusalimiň weýran edilmegine, ýagny b. e. öň 607-nji ýyla çenli entek 125 ýyl bardy. Şeýlelikde, Hudaýyň halkyna gelejekde nämelere uçrajakdygy barada ýeterlikli duýduryş berildi. Şu günlerem Ýehowa halkyna gelejekde nämäniň boljakdygy hakda köp duýdurýar. 135 ýyl mundan ozal «Garawul diňiniň» 1-nji sanynda tizden Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ýok ediljekdigi we soňra Isa Mesihiň Müňýyllyk Patyşalygynyň höküm sürüp başlajakdygy habar berildi (Ylh. 20:1—3, 6).

10, 11. Babyldan çykan ysraýyllylar nähili pygamberligiň şaýady boldular?

10 Iýerusalim basylyp alnanda, Hudaýa wepaly ýehudylaryň köpüsi Babyla sürgün edildi. Şeýdip, olar ölümden halas boldular (Ýer. 27:11, 12). Şondan 70 ýyl geçenden soňra, Hudaýyň halky şu ajaýyp pygamberligiň ýerine ýetişine şaýat boldular: «Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: „Siziň hatyraňyza Babyla leşger ýollaryn“» (Iş. 43:14).

11 B. e. öň 539-njy ýylyň oktýabr aýynyň başynda dünýäni haýrana galdyran waka boldy. Midiýa hem Pars goşunlary Babyly basyp alan gijesi, onuň patyşasy emeldarlary bilen meýlis gurnady. Şonda olar Iýerusalimiň ybadathanasyndan alnan mukaddes gaplardan içýärdiler we ynsan elleri bilen ýasalan taňrylaryny şöhratlandyrýardylar. B. e. öň 538-nji ýa-da 537-nji ýylda Babyly basyp alan Kir patyşa ýehudylara ýurduna dolanyp, Iýerusalimdäki Hudaýyň ybadathanasyny dikeltmäge rugsat berdi. Şonda Işaýanyň aýdan ähli pygamberlikleri, şol sanda Ýehowanyň toba eden halkyny gorap, aladasyny etjekdigi barada aýdanlary berjaý boldy. Hudaý şeýle pygamberlik edipdi: «Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky» (Iş. 43:21; 44:26—28). Ýehudylar ýurduna dolanyp, Iýerusalimiň ybadathanasyny dikeldende, Ýehowanyň ýeke-täk hak Hudaýdygynyň hem-de elmydama aýdan sözüni ýerine ýetirýändiginiň şaýady boldular.

12, 13. a) Arassa sežde dikeldilende ysraýyllylara kimler goşuldy? b) «Hudaýyň Ysraýylyny» goldaýan «başga goýunlardan» näme talap edilýär we olar nämä umyt edýärler?

12 Ýehudylaryň arasynda özge halklara degişli müňlerçe adamlar bardy. Soňra başga-da ençeme adamlar Ýehowa iman edip, ýehudylara goşuldylar (Ezra 2:58, 64, 65; Est. 8:17). Şu günler «uly märeke», ýagny «başga goýunlar» «Hudaýyň Ysraýyly» diýip atlandyrylýan mesh edilen mesihçileri höwes bilen goldaýarlar (Ylh. 7:9, 10; Ýahýa 10:16; Gal. 6:16). «Uly märeke» hem Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady göterýär.

13 Mesihiň Müňýyllyk Patyşalygynda Ýehowanyň Şaýatlary «uly märeke» direlen adamlara soňky günlerde bolan wakalary şatlyk bilen gürrüň bererler. Emma munuň üçin biz häzirden Ýehowanyň adyna mynasyp bolmaly we mukaddes bolmaga jan etmeli. Şeýle-de biz günälidigimizi boýun alyp, ähli zatda mukaddes bolup bilmeýändigimiz üçin Ýehowadan ötünç soramaly we Hudaýyň mukaddes adyny götermegi uly hormat saýmaly (1 Ýahýa 1:8, 9-njy aýatlary okaň).

HUDAÝYŇ ADYNYŇ MANYSY

14. Ýehowanyň ady nämäni aňladýar?

14 Hudaýyň adyny göterip, bu hormata has minnetdar bolmak üçin, onuň adynyň manysy hakda oýlanmaly. «Ýehowa» ady ýewreý işliginden emele gelip, ony «bolmak» diýip terjime etse bolar. Şonuň üçin Ýehowanyň ady «Boldurýar» diýmekdir. Bu söz Ýehowanyň Älem-jahanyň, perişdelerdir ynsanlaryň Ýaradyjysydygyny we niýetini amala aşyrýan Hudaýdygyny gowy suratlandyrýar. Ol öz islegini amala aşyrmagyny dowam edýär, hatda Şeýtan ýaly duşman hem onuň niýetiniň ýerine ýetmegine päsgel berip bilmez.

15. Ýehowa özüniň nähili Hudaýdygyny aýan etmek üçin adynyň manysyny nädip düşündirdi? («Hudaýyň adynyň manysy» diýen çarçuwa serediň).

15 Ýehowa Musa ysraýyllylary Müsürden azat etmegi tabşyranda, Ol özüniň nähili Hudaýdygyny aýan etmek üçin adyny işlik bilen baglanyşdyrdy. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hudaý Musa: „Men Biribardyryn (Men kim bolmak islesem bolaryn, TD). Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza Biribar iberdi“ diýip aýt“ diýdi» (Müs. çyk. 3:14). Şeýdip, Ýehowa nähili ýagdaý bolsa-da, niýetini ýerine ýetirip bilýändigini görkezdi. Ol Müsür gulçulygyndaky ysraýyllylar üçin Halasgär, Goraýjy, Ýolbaşçy bolup, olaryň ähli maddy we ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrdy.

MINNETDARLYGYMYZY BILDIRÝÄRIS

16, 17. a) Hudaýyň adyny göterýändigimize minnetdarlygymyzy nädip bildirip bileris? b) Biz indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

16 Şu günlerem Ýehowa öz adyna görä hereket edip, biziň ruhy we maddy zerurlyklarymyzyň aladasyny edýär. Emma Hudaýyň adynyň manysy diňe munuň bilen çäklenmeýär. Ýehowa Şaýatlaryna Öz niýetini ýerine ýetirmäge hem kömek edýär. Bu hakda oýlananymyzda, Ýehowanyň adyna görä ýaşamaga islegimiz artýar. Norwegiýada 70 ýyl bäri yhlasly gulluk edýän 84 ýaşly Kare dogan şeýle gürrüň berýär: «Bütin döwürleriň Patyşasy Ýehowa gulluk etmek we onuň mukaddes adyny göterýän halkynyň agzasy bolmak, meniň üçin uly hormat. Adamlaryň Mukaddes Ýazgylardaky hakykata düşünip, ýüzünden nur saçýandygyny göreniňde, özüňi bagtly duýýarsyň. Meselem, adamlara Mesihiň töleg gurbanynyň peýdasy, ýagny olaryň dogrulyk höküm sürjek täze dünýäde ebedi ýaşamaga mümkinçiliginiň bardygy hakda düşündirmek maňa köp şatlyk berýär».

17 Elbetde, käbir ýerlerde Hudaý barada bilmek isleýän adamlary tapmak gitdigiçe kynlaşýar. Muňa garamazdan, hakykat bilen gyzyklanan adama duşanyňyzda we oňa Ýehowanyň ady barada öwretmäge mümkinçilik dörände, siz hem Kare ýaly şatlanmaýarsyňyzmy näme?! Emma biz nädip Ýehowanyň Şaýatlary we şol bir wagtyň özünde Isanyň hem şaýatlary bolup bilýäris? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

a Işaýa 6:8 Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim. 9 Ol şeýle diýdi: «Bar-da bu halka: „Eşitmesine eşidýärsiňiz, ýöne düşünmeýärsiňiz, görmesine görýärsiňiz, ýöne bilmeýärsiňiz“ diý. 10 Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar». 11 Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä».

Hudaýyň adynyň manysy

Bu nämäni aňladýar?

  • «Boldurýar»

Bu näme üçin ýerlikli?

  • Ýehowa ähli zady ýaratdy

  • Ol islegini we niýetini amala aşyrmagyny dowam edýär

Bu nämäni aýan edýär?

  • Hudaý beren wadasyny ýerine ýetirmek üçin kim bolaýyn diýse bolup bilýär

  • Ol niýetini amala aşyrmak üçin islendik ýaradan zatlaryny ulanyp bilýär

  • Hudaýyň başarmaýan zady ýok we onuň niýetiniň ýerine ýetmegine hiç zat päsgel berip bilmeýär

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş