Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/7 sah. 17—22
  • Ýerdäki atamy ýitirsem-de, gökdäki Atamy tapdym

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýerdäki atamy ýitirsem-de, gökdäki Atamy tapdym
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «BOÝSKAUT» GURAMASYNYŇ TÄSIRI
  • ILKINJI GEZEK ÝEHOWANYŇ ŞAÝADYNA DUŞÝARYN
  • IKI MISSIONER UÝANYŇ GELMEGI
  • GÖKDÄKI ATAM BARADA BILIM ALÝARYN
  • HUDAÝA GULLUK EDIP BAŞLAÝARYN
  • DOLY WAGT GULLUKDA
  • BORÇLARYMYŇ DUÝDANSYZ ÜÝTGEMEGI
  • RUMYNIÝA ÝÖRITE SAPAR
  • GEÇENI ÝATLAP, GELEJEGE UMYT EDÝÄRIN
  • Ýehowa meni hiç haçan taşlamady!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Ýehowa barada öwrenmegi we öwretmegi halaýaryn
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýehowa maňa islegini berjaý etmegi öwretdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Hudaýa köpräk gulluk etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/7 sah. 17—22

TERJIMEHAL

Ýerdäki atamy ýitirsem-de, gökdäki Atamy tapdym

Gerrit Lýoş gürrüň berdi

MENIŇ kakam 1899-njy ýylda Awstriýanyň Gras şäherinde doguldy. Birinji Jahan urşy döwri ol örän ýaşdy. Emma 1939-njy ýylda başlan Ikinji Jahan urşy döwründe ol Germaniýanyň harby goşunyna çagyrylýar. Ol 1943-nji ýylda Sowet Soýuzynda bolan uruşda ölýär. Kakam ölende, men bary-ýogy iki ýaşymdadym. Kakamyň ýüz-keşbi ýadyma düşmese-de, men ony gaty küýseýärdim. Esasanam, mekdep döwründe köp oglanlaryň kakasynyň bardygyny görüp, örän kemsinýärdim. Soňra ýetginjek ýaşymdakam, ebedi ýaşaýan gökdäki Atamyz barada bilip, teselli tapdym.

«BOÝSKAUT» GURAMASYNYŇ TÄSIRI

Men 20 ýaşlarymdakam we oglanjyk wagtym

Men ýedi ýaşymdakam, «Boýskaut» atly ýaş oglanlaryň guramasyna girdim. Beýik Britaniýada 1908-nji ýylda Britaniýanyň goşunynyň general-leýtenanty Robert Stefenson Smit Baden-Poýel bütindünýä «Boýskaut» guramasyny döretdi. 1916-njy ýylda bolsa, ol meniň ýaşymdaky oglanlar üçin şol guramanyň «kab-skaut» diýen toparyny açdy.

Men dynç günleri şäheriň çetinde çadyrda ýatmagy, boýskautlaryň ýörite eşigini geýmegi we dep çalyp, ýöriş etmegi halaýardym. Men beýleki boýskautlar bilen agşamlaryna oduň başynda oturyp, aýdym aýtmagy, tokaýda oýunlar oýnamagy hasam gowy görýärdim. Şeýle-de tebigat barada köp zatlary bilip, Ýaradyjymyzyň elleriniň işine minnetdar bolmagy öwrendim.

Boýskautlar her gün gowy işleri etmäge höweslendirilýärdi. Bu olaryň esasy öňe sürýän şygarydy. Biz biri-birimizi «Mydam taýýar» diýen sözler bilen garşylaýardyk. Bu maňa örän ýaraýardy. Biziň toparymyzda 100-den gowrak oglan bardy. Olaryň ýarysy katolik, ýarysy protestant we biri buddistdi.

1920-nji ýyldan başlap, her birnäçe ýyldan skautlaryň halkara festiwaly geçirilýärdi. Men 1951-nji ýylyň awgust aýynda Awstriýanyň Bad-Işl şäherinde geçirilen skautlaryň ýedinji halkara festiwalyna gatnaşdym. 1957-nji ýylyň awgust aýynda bolsa, Angliýanyň Birmingem şäheriniň golaýynda Saten-Parkda geçirilen skautlaryň dokuzynjy halkara festiwalyna gatnaşdym. Şonda 85 ýurtdan we territoriýadan 33 müňden gowrak skautlar geldi. Şol festiwala hem 750 müň adam, şol sanda Angliýanyň şa aýaly Ýelizaweta gatnaşdy. Bu meniň üçin bütindünýä doganlygy ýalydy. Şol wagt men tizden has gowy doganlyk bilen, ýagny ruhy dogan-uýalar bilen tanyşjakdygymy bilmeýärdim.

ILKINJI GEZEK ÝEHOWANYŇ ŞAÝADYNA DUŞÝARYN

l

Maňa ilkinji wagyz eden konditer önümleriniň baş aşpezi Rudi Çigerl

1958-nji ýylyň ýaz aýlarynda men Awstriýanyň Gras şäheriniň Wisla Grand otelinde ofisiant okuwyny tamamlap barýardym. Konditer önümleriniň baş aşpezi işdeşim Rudolf Çigerl maňa wagyz etdi. Men öň hiç haçan hakykat barada eşitmändim. Ol Üç ýüzli taňry (Troisa) baradaky taglymat hakynda gürrüň açyp, onuň Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýandygyny aýtdy. Men onuň ýalňyşýandygyny subut etjek bolup, jedel etdim. Men işdeşimi gowy görýändigim sebäpli, onuň ýene-de katolik dinine uýmagyny isleýärdim.

Biz Rudolfa Rudi hem diýýärdik. Ol maňa Mukaddes Ýazgylary hödürledi. Men oňa katolikleriň terjime eden Mukaddes Ýazgylaryny tapyp bermegini haýyş etdim. Men Mukaddes Ýazgylary okap başlanymda, onuň içinde Rudolfyň goýan «Garawul diňi» jemgyýetiniň kitapçasyny gördüm. Bu maňa ýaramady. Sebäbi şeýle edebiýatlar hakykaty dogry düşündirmeýär diýip pikir edýärdim. Emma men Rudi bilen Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüň etmäge garşy däldim. Ol maňa düşünip, soňra hiç hili edebiýat hödürlemedi. Biz üç aýlap Mukaddes Ýazgylaryň esasynda gürrüň etdik. Käwagt ýarygijä çenli gürrüň edip oturardyk.

Men önüp-ösen şäherim Grasdaky otelde okuwymy tamamladym. Soňra ejem menejerlik mekdebinde okuwymy dowam edip biler ýaly pul töledi. Mekdep Alp jülgesiniň Bad-Hofgastaýn şäherinde ýerleşýärdi. Şol sebäpli men ol ýere göçdüm. Mekdep Bad-Hofgastaýnyň oteli bilen bir ýerdedi. Men tejribämi artdyrmak üçin, käwagt otelde işleýärdim.

IKI MISSIONER UÝANYŇ GELMEGI

1958-nji ýylda meniň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçen Ilze we Elfride

Rudi meniň täze salgymy Wenadaky filiala ugradýar. Filial hem meniň salgymy Ilze Unterdýorfer we Elfride Lýor atly iki missioner uýa iberýär. Bir gün oteliň kabulhanasynda oturan adam iki aýalyň meniň bilen gepleşmek üçin, maşynyň ýanynda garaşyp durandygyny aýtdy. Men olary tanamaýandygym üçin aljyradym. Emma men olaryň kimdigini biljek bolup çykdym. Birnäçe wagtdan men uýalaryň Ikinji Jahan urşy döwründe, Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlaryny geçirendigini bildim. Şol wagt Germaniýada Ýehowanyň Şaýatlarynyň işi gadagan edilipdi. Hatda uruş başlamanka-da, Germaniýanyň gizlin polisiýasy (Gestapo) olary tutup, Lihtenburg konslagerine ugradýar. Soňra uruş döwründe, olary Berliniň golaýynda ýerleşýän Rawensbrýuk konslagerine geçirýärler.

Men olar bilen birnäçe hepde ýa-da aý gürrüň edip, soňra bolsa goýbolsun etmek islemeýärdim. Sebäbi uýalar ejemiň ýaşlarynda bolany üçin, men olara çuňňur hormat goýýardym we olaryň wagtyny biderek alasym gelmeýärdi. Şonuň üçin men uýalardan Rim papasy baradaky katolik taglymatynyň ýalandygyny görkezýän aýatlary ýazyp bermegi haýyş etdim. Men şol aýatlaryň esasynda ýerli ruhany bilen gürrüňdeş bolmak isleýändigimi aýtdym. Şeýtmek bilen, men hakykaty taparyn öýdýärdim.

GÖKDÄKI ATAM BARADA BILIM ALÝARYN

Katolik taglymatynyň öwretmegine görä, ilkinji Rim papasy Petrus resul bolupdyr. Şondan bäri yzy üzülmän, şu günlere çenli Rim papasy bellenilip gelýär (Katolik buthanasy Isanyň Matta 16:18, 19-njy aýatlarda aýdan sözlerini nädogry düşündirýär). Onsoňam, katolik dinine laýyklykda, Rim papasy märekäniň öňünde çykyş edende, dini taglymat meselesinde ýalňyşmaýar. Men muňa ynanýardym. Eger «Keramatly Ata» hasaplanýan Rim papasy taglymat meselesinde ýalňyşmaýan bolsa we ol Üç ýüzli taňry taglymatyna dogry diýse, onda şol taglymat dogry bolmalydyr öýdýärdim. Eger ol dini taglymat meselesinde ýalňyşyp bilýän bolsa, onda Üç ýüzli taňry baradaky taglymaty hem ýalňyş bolup biler. Şol sebäpli-de, köp katolikler Rim papasy baradaky taglymaty iň wajyp taglymat hasaplaýarlar. Sebäbi katolik dininiň beýleki taglymatlary hem şol taglymatyň dogrulygyna ýa nädogrulygyna bagly.

Men ruhanynyň ýanyna baranymda, ol meniň soraglaryma jogap berip bilmedi. Ýöne ruhany maňa Rim papasy baradaky taglymaty düşündirýän kitaby berdi. Men kitaby öýüme äkidip okadym we ýene-de köp sorag bilen ruhanynyň ýanyna geldim. Ruhany soraglaryma jogap berip bilmänsoň, ahyry şeýle diýdi: «Men seni ynandyryp bilmedim, senem meni... Saňa üstünlik arzuw edýärin!» Ol indi meniň bilen gürrüňdeş bolmak islemedi.

Şonda men Ilze we Elfride bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşdym. Olar maňa gökdäki Atamyz Ýehowa Hudaý barada köp zatlary öwretdiler (Ýahýa 17:11). Şol ýerde entek ýygnak bolmansoň, şol iki uýa gyzyklanýan adamlaryň öýlerinde ýygnak duşuşyklaryny geçirýärdi. Ýygnak duşuşyklaryna sanlyja adam barýardy. Ýygnak alyp barmak üçin suwda çokundyrylan dogan bolmansoň, uýalar ýygnakda geçilmeli zatlaryň köpüsini öz aralarynda pikir alyşýardy. Käwagt başga ýerden gelýän doganlar kireýine alnan jaýda nutuk bilen çykyş edýärdi.

HUDAÝA GULLUK EDIP BAŞLAÝARYN

Men 1958-nji ýylyň oktýabr aýynda Ilze we Elfride bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladym we üç aýdan, ýagny 1959-njy ýylyň ýanwar aýynda suwda çokundyryldym. Men suwda çokundyrylmazymdan öň, öýden-öýe nädip wagyz edilýändigini görmek üçin, meni wagza äkitmeklerini haýyş etdim (Res. iş. 20:20). Men ilki olar bilen bile wagyz edip, soňra wagyz etmäge maňa aýratyn ýer bermeklerini soradym. Olar maňa bir obany berdiler. Men ol ýere ýeke özüm gidip, öýden-öýe wagyz etdim we gyzyklanan adamlary ideg etdim. Meniň bilen öýden-öýe wagyz etmäge ilkinji giden dogan etrap gözegçisidi. Ol biziň ýygnagymyzy idemek üçin gelipdi.

1960-njy ýylda oteldäki mekdebimi tamamlap, garyndaşlaryma wagyz etmek üçin, önüp-ösen şäherime dolandym. Şu günlere çenli olaryň hiç biri hakykaty kabul etmese-de, käbiri biraz gyzyklanýar.

DOLY WAGT GULLUKDA

Men 20 ýaşlarymdakam we oglanjyk wagtym

1961-nji ýylda ýygnaklarda filialdan gelen hatlar okaldy. Hatlarda pioner bolup gulluk etmäge höweslendirilýärdi. Men öýlenmedik we sagdyn bolanym üçin, pioner bolmazlyga hiç hili bahana ýokdy. Men pioner bolup gulluk edip başlamazymdan öň, maşyn satyn almak üçin birnäçe aý işlesem nähili bolarka diýip, etrap gözegçisi Kurt Kundan soradym. Ol näme diýendir öýdýärsiňiz? Ol: «Isa bilen resullaryna wagyz etmek üçin maşyn gerekdimi?» diýdi. Onuň aýdan sözleri ýüregime jüňk boldy! Men çaltrak pioner gullugyna başlamagy ýüregime düwdüm. Emma men her hepde oteliň restoranynda 72 sagat işleýändigim üçin, ilki käbir özgerişler etmelidim.

Men başlygymdan hepdede 60 sagat işlemegimi haýyş etdim. Ol meniň haýyşymy bitirip, aýlygymy hem azaltmady. Biraz wagtdan men ýene-de ondan hepdede 48 sagat işlemegimi soradym. Ol bu gezegem razylaşyp, aýlygymy azaltmady. Soňra men ondan hepdede 36 sagat, ýagny hepdede 6 gün 6 sagat işlemegi haýyş etdim. Ol muňa-da rugsat berdi. Haýran galaýmaly, ol meniň aýlygymy şonda-da azaltmady! Meniň pikirimçe, başlygym meniň işden çykmagymy islemeýärdi. Men şeýle gün tertibi bilen umumy pioner gullugyna başladym. Şol wagt pionerler her aý 100 sagat tabşyrmalydy.

Dört aý geçensoň, meni Karintiýa welaýatyndaky Şpital an dar Drau şäherindäki kiçi ýygnakda ýörite pioner we ýygnagyň gullukçysy edip bellediler. Şol wagt ýörite pionerler her aý 150 sagat tabşyrmalydy. Meniň pioner ýoldaşym ýokdy, emma ýygnagyň gullukçysynyň kömekçisi Gertruda Lobner uýa maňa gowy kömek edýärdia.

BORÇLARYMYŇ DUÝDANSYZ ÜÝTGEMEGI

1963-nji ýylda meni etrap gözegçisi edip bellediler. Käwagt men bir ýygnakdan beýleki ýygnaga otluda agyr çemedanym bilen gitmeli bolýardym. Meni wokzaldan äkider ýaly doganlaryň köpüsinde maşyn ýokdy. Şol sebäpli men başgalara göz edip, taksi tutmaz ýaly, ýaşamaly ýerime pyýada gidýärdim.

1965-nji ýylda men entegem öýlenmändim. Şonda meni Gilead mekdebiniň 41-nji klasyna çagyrdylar. Klasdaşlarymyň köpüsi durmuş gurmadyk dogan-uýalardy. Mekdebi tamamlanymda, meni ýene-de dogduk ýurdum Awstriýa etrap gözegçisi edip bellänlerinde haýran galdym. Emma ABŞ-dan gitmezimden öň, maňa 4 hepde etrap gözegçisine kömek etmegi haýyş etdiler. Men Antoni Konte bilen gulluk edendigime örän minnetdar. Ol wagyz etmegi diýseň gowy görýärdi we ökdelik bilen wagyz edýärdi. Men onuň bilen Nýu-Ýork ştatynyň demirgazygynda Kornuollda gulluk etdim.

Biziň toý tutan günümiz

Men Awstriýa baryp, etrap gözegçisi bolup gulluk edenimde, Towe Merete atly mähirli uýa bilen tanyşdym. Ol 5 ýaşyndan bäri hakykaty bilýärdi. Doganlar biziň nädip tanşandygymyz barada soranlarynda, biz oýun edip: «Filial bizi tanyşdyrdy» diýýäris. Biz bir ýyldan, ýagny 1967-nji ýylyň aprel aýynda toý tutduk. Toýdan soň bize aýlanýan gözegçilik işini dowam etmäge rugsat berdiler.

Indiki ýyl men Ýehowanyň maňa çäksiz merhemet bildirip, ruhy ogly hökmünde kabul edendigine göz ýetirdim. Rimliler 8:15-de: «Abba, Ata» diýip seslenýänler ýaly, meniň gökdäki Atam bilen aýratyn dostlukly gatnaşygym başlandy.

Men Merete bilen 1976-njy ýyla çenli etrap we welaýat gözegçisi bolup gulluk etdim. Gyşda biziň ýatýan otagymyz käte gaty sowuk bolýardy. Bir gezek turanymyzda, ýorganymyzyň üsti demimiz bilen sowukdan ýaňa doňup galypdyr! Şol sebäpli biz gije jaýyň içini biraz ýyladar ýaly kiçijik elektrik pejini aldyk. Käbir ýerlerde hajathana howluda bolansoň, gijelerine oňa barmak üçin gardan ýöreýärdik. Hajathananyň içine hem sowuk şemal girip durýardy. Biziň ýaşaýyş jaýymyz bolmandygy üçin, duşenbe günleri hem şol hepde ýaşan öýümizde galýardyk. Soňra ertesi sişenbe güni indiki ýygnaga gidýärdik.

Men ençeme ýyl bäri mähriban aýalymyň hemişe-de meni goldaýandygyna örän begenýärin. Ol şeýle bir wagyz etmegi gowy görýär welin, ony wagza gitmäge hiç haçan höweslendirmegem gerek däl. Şeýle-de ol dostlaryny gowy görýär we adamlaryň ýürekden aladasyny edýär. Şeýdip, ol maňa gowy kömek edýär.

1976-njy ýylda bizi Wena şäherindäki Awstriýanyň filialyna gulluk etmäge çagyrdylar. Meni filial komitetiniň agzasy edip bellediler. Şol wagt Awstriýanyň filialy Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesiniň wagyz işine gözegçilik edýärdi. Şeýle-de şol ýurtlara edebiýatlaryň gizlin geçirilmegine ýolbaşçylyk edýärdi. Ýurgen Rundel dogan bu işe höwes bilen gözegçilik edýärdi. Meniň Ýurgen bilen işleşmäge ajaýyp mümkinçiligim boldy. Soňra menden Gündogar Ýewropa dilleriniň on sanysynyň terjimeçilik işine gözegçilik etmegi haýyş etdiler. Häzir Ýurgen we onuň aýaly Gertruda Germaniýada ýörite pioner bolup, wepaly gulluk edýärler. 1978-nji ýylda Awstriýada žurnallar fotonabor edilip, kiçi formatly ofset usulynda 6 dilde çap edilip başlandy. Şeýle-de biz žurnallary haýyş edýän dürli ýurtlaryň olara ýazylyşygyna gözegçilik edýärdik. Otto Kugliç dogan bu işlere ýolbaşçylyk edýärdi. Häzir ol aýaly Ingrid bilen Germaniýadaky filialda gulluk edýär.

Awstriýada dürli usul bilen, şol sanda köçede wagyz edip şatlyk tapdym

Gündogar Ýewropadaky doganlar hem kinoplýonkada iberilen edebiýatlary öz ýurtlarynda çap edýärdiler. Olar beýleki ýurtlaryň goldawyna mätäçdi. Ýehowa bu işde olary goraýardy. Filialymyzdaky doganlar hem ençeme ýyl bäri gadagan edilen ýurtlarda kyn şertlerde gulluk edýän dogan-uýalary ýürekden söýýärler.

RUMYNIÝA ÝÖRITE SAPAR

1989-njy ýylda meniň Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Teodor Ýaraç dogan bilen Rumyniýa gitmäge ajaýyp mümkinçiligim boldy. Biziň maksadymyz şol ýerdäki köp doganlary gurama bilen birleşdirmekdi. 1949-njy ýylda şol ýerdäki doganlar dürli sebäplere görä, gurama bilen aragatnaşygy kesilensoň, öz ýygnaklaryny döredip başladylar. Emma olar wagyz etmegini we suwda çokundyrmagyny dowam edýärdiler. Şeýle-de olar bütin dünýädäki beýleki doganlar ýaly, mesihçi bitaraplygyny saklamak üçin türmede hem oturýardylar. Rumyniýada wagyz işi entegem gadagan edilendi. Şol sebäpli biz Pamfil Albu doganyň öýünde dört esasy ýaşuly we Rumyniýanyň Ýurt komitetiniň agzalary bilen gizlin duşuşdyk. Şeýle-de biziň bilen Awstriýadan Rolf Kelner terjimeçi bolup barypdy.

Ikinji gije gürrüňdeş bolanymyzda, Albu dogan dört ýaşulyny ynandyrmak üçin: «Eger biz häzir goşulmasak, belki, hiç haçan şeýle mümkinçiligimiz bolmaz» diýdi. Netijede, 5 müňe golaý dogan gurama goşuldy. Bu Şeýtana uly urgy, Ýehowa üçin bolsa uly ýeňiş boldy!

1989-njy ýylyň ahyrynda Gündogar Ýewropada kommunizm ýatyrylmanka, Ýolbaşçylyk maslahaty meni aýalym bilen Nýu-Ýorkdaky bütindünýä baş edara çagyrdy. Biz muňa haýran galdyk. Biz 1990-njy ýylyň iýul aýynda Bruklindäki Beýtelde gulluk edip başladyk. 1992-nji ýylda meni Ýolbaşçylyk maslahatynyň gulluk komitetiniň kömekçisi edip bellediler. 1994-nji ýylyň iýul aýyndan bäri bolsa, maňa Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk etmäge mümkinçilik berildi.

GEÇENI ÝATLAP, GELEJEGE UMYT EDÝÄRIN

Aýalym bilen Bruklinde (Nýu-Ýork)

Men köp ýyl mundan öň, otelde ofisiant bolup işläpdim. Häzir bolsa bütin dünýädäki doganlar üçin ruhy taýdan iýmit taýýarlamaga we paýlamaga uly şatlyk bilen gatnaşýaryn (Mat. 24:45—47). Men 50 ýyldan gowrak ýörite doly wagt gullugyma ser salyp, Ýehowanyň beren bütindünýä doganlygyna minnetdarlygymyň we begenjimiň çägi ýok. Men halkara kongreslerimize gatnaşmagy gowy görýärin. Sebäbi olarda gökdäki Atamyz Ýehowa barada we Mukaddes Ýazgylaryň hakykaty çuňňur öwredilýär.

Men millionlarça adamlaryň hakykaty kabul edip, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi we bütindünýä doganlygymyz bilen Ýehowa agzybir gulluk etmegi üçin doga edýärin (1 Pet. 2:17). Şeýle-de men gelejekde gökden direlişi synlap, ýerdäki atamy ahyrsoňy görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Men kakam, ejem we beýleki mähriban garyndaşlarymyň ählisi Jennetde Ýehowa sežde eder diýip umyt edýärin.

Gelejekde gökden direlişi synlap, ýerdäki atamy ahyrsoňy görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn

a Şu günler ýygnagyň gullukçysyna ýaşulular maslahatynyň koordinatory, ýygnagyň gullukçysynyň kömekçisine bolsa ýygnagyň kätibi diýilýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş