Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 7
  • Ýehowa nähili Hudaý?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa nähili Hudaý?
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Isa pygamber nähili adamdy?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • «Täze häsiýetleri geýiň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Näme üçin Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Hudaý kimdir?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 7
7-nji sapak. Bir adam kenarda durup, deňze we Günüň batyşyna syn edýär.

7-NJI SAPAK

Ýehowa nähili Hudaý?

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Sen Ýehowa Hudaýy nähili göz öňüne getirýärsiň? Käbir adamlar Alla beýik, güýçli, gökde bolany üçin, onuň bilen dostlaşyp bolýandyr hem öýtmeýärler. Käbirleri bolsa Hudaýy göze görünmeýän syrly güýç hasaplaýarlar. Aslynda, Ýehowa nähilikä? Mukaddes Kitapda Ýehowanyň adamlaryň aladasyny edýändigi we ajaýyp häsiýetleriniň bardygy aýdylýar.

1. Hudaýy näme üçin görüp bilmeýäris?

Mukaddes Kitapda: «Hudaý ruhdur» diýilýär (Ýahýa 4:24). Ýehowa gökde ýaşaýar, ol göze görünmeýän ruh, şonuň üçin Hudaýy görüp bilmeýäris.

2. Ýehowanyň nähili häsiýetleri bar?

Ýehowany görmesek-de, onuň häsiýetleri hakda öwrenip bilýäris. Hudaýy näçe gowy tanasak, şonça-da dosty bolasymyz geler. Zebur kitabynda: «Ýehowa adalaty söýýär, wepaly gullaryny taşlamaýar» diýilýär (Zebur 37:28). Şeýle-de Ýehowa «örän mähirli we rehimdar Hudaý», esasanam, kynçylykdan kösenýän adamlara ýüregi awaýar (Ýakup 5:11). «Ýehowa ýüregi ýaraly adama ýakyndyr, göwnüçökgünleri halas edýär» (Zebur 34:18). Biziň edýän işlerimiz Ýehowa nähili täsir edýärkä? Eger biz erbet işleri etsek, ol örän gynanýar (Zebur 78:40, 41). Gowy işleri edenimizde bolsa, ýürekden begenýär (Nakyllar 27:11-i oka).

3. Ýehowanyň bizi söýýändigini nireden bilýäris?

Söýgi — Ýehowanyň iň esasy häsiýeti. Injilde: «Hudaý söýgüdir» diýilýär (1 Ýahýa 4:8). Ýehowanyň söýgüsini diňe bir Mukaddes Kitapdan däl-de, onuň ýaradan zatlaryndan hem görüp bilýäris (Resullar 14:17-ni oka). Meselem, Hudaý bizi täsin edip ýaratdy. Biz her dürli reňkleri görüp bilýäris, aýdym-saz diňläp hezil edýäris, dürli tagamlary duýup bilýäris. Dogrudanam, Ýehowa biziň hezil edip ýaşamagymyzy isleýär.

SÖHBETDEŞLIK

Ýehowanyň edýän täsin işlerine seredeliň. Şol işlerinden ajaýyp häsiýetlerini göreliň.

4. Mukaddes ruh — Hudaýyň güýji

Suratlar: Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly edilýän işler. 1) Älem-jahan we planetalar. 2) Bir adam mukaddes ruh arkaly Hudaýyň pikirlerini golýazma geçirýär.

Adamyň köp zady eli bilen edişi ýaly, Ýehowa hem ähli zady mukaddes ruhy bilen edýär. Mukaddes Kitapda Hudaýyň mukaddes ruhunyň şahsyýet däl-de, bir işi etmek üçin ulanýan güýjüdigi aýdylýar. Luka 11:13 we Resullar 2:17-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Hudaý mukaddes ruhuny adamlara-da berip bilýär. Diýmek, mukaddes ruh näme? Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?

Ýehowa güýji arkaly täsin işleri edýär. Zebur 104:30 we 2 Petrus 1:20, 21-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa mukaddes ruhy arkaly nähili işleri edýär?

Suratlar: Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly edilýän işler. 1) Älem-jahan we planetalar. 2) Bir adam mukaddes ruh arkaly Hudaýyň pikirlerini golýazma geçirýär.

5. Ýehowanyň üýtgeşik häsiýetleri bar

Musa pygamber hudaýhon adam bolsa-da, Biribary has gowy tanamak isledi. Şol sebäpli ol Hudaýa: «Ýollaryňy öwret. Seni has gowy tanaýyn» diýdi (2 Musa 33:13). Ýehowa-da Musa pygambere özüniň nähili Hudaýdygyny aýtdy. 2 Musa 34:4—6-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa Musa pygambere haýsy häsiýetleri barada aýtdy?

  • Sen Ýehowanyň haýsy häsiýetini gowy görýärsiň?

6. Ýehowa aladamyzy edýär

Aýal doga edýär.

Hudaýyň halky Müsürde gul bolup ýaşaýardy. Halkynyň ejir çekýändigini görmek Ýehowa agyr degýärdi. SES ÝAZGYNY diňläp, 2 Musa 3:1—10-njy aýatlary yzarlaň. Soňra aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

SES ÝAZGY: «Ýehowanyň halkyna ýüregi awady» (2:45)

  • Görşümiz ýaly, Ýehowa ejir çekýän adamlara nähili garaýar? (7, 8-nji aýatlara serediň).

  • Ýehowa adamlara kömek etmek isleýärmi? Muňa güýji ýetýärmi? Näme üçin?

7. Tebigata seredip, Ýehowanyň häsiýetlerini öwrenýäris

Suratlar: Kit we çagajygy, güller we guşjagaz.

Biz Älem-jahandan, haýwanlardan, tebigatdan Ýehowanyň häsiýetlerini öwrenýäris. WIDEONY görüň. Soňra Rimliler 1:20-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Ýaradylan zatlar Ýehowanyň söýgüsini aýan edýär. Ynsan bedeni» (1:57)

  • Adamy ýaradyşyndan Ýehowanyň haýsy häsiýetlerini görýärsiň?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hudaýy görüp bolmansoň, ony tanap bolmaýar».

  • Sen nähili pikir edýärsiň?

  • Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?

ESASY PIKIRLER

Ýehowa göze görünmese-de, onuň ajaýyp häsiýetleri bar. Hudaýyň iň esasy häsiýeti — söýgi.

Gaýtalamak

  • Biz Ýehowany näme üçin görüp bilmeýäris?

  • Mukaddes ruh näme?

  • Ýehowanyň nähili häsiýetleri bar?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Ýehowanyň esasy häsiýetlerinden ony gowy tanap bolýar.

«Hudaýyň nähili häsiýetleri bar?» («Garawul diňi» No. 1, 2019)

Ýehowa ýaradan zatlarynyň içinde ýaşamaýar.

«Hudaý hemme ýerde barmy?» (Internet makala)

Mukaddes Kitapda mukaddes ruh Hudaýyň eli bilen deňeşdirilýär.

«Mukaddes ruh näme?» (Internet makala)

Bir kör adam Hudaýyň adamlary söýýändigine göz ýetirdi.

«Kör bolsamam, adamlara kömek edip bilýärin» («Garawul diňi» 1 oktýabr, 2015)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş