2-nji sapak
Hudaý kimdir?
Hak Hudaý kimdir we onuň ady näme? (1, 2)
Onuň teni nähili? (3)
Onuň iň esasy häsiýetleri nähili? (4)
Oňa sežde edeniňde şekilleri we nyşanlary ulanmak bolýarmy? (5)
Haýsy iki usul bilen Hudaýy tanap bolar? (6)
1. Adamlar köp zada sežde edýärler. Emma Mukaddes Ýazgylarda diňe bir HAKYKY Hudaý bar diýilýär. Gökdäki we ýerdäki zatlaryň hemmesini ol ýaratdy. Ýaşaýşy bize ol beren bolsa, diýmek diňe Oňa sežde etmeli (1 Korintoslylar 8:5, 6; Ylham 4:11).
2. Hudaýyň ençeme titullary bar, emma ady birdir. Hudaýyň ady — ÝEHOWA. Mukaddes Ýazgylaryň ençeme terjimelerinden Hudaýyň adyny aýryp, ýerine Reb we Hudaý titullaryny, ýagny tutýan wezipeleriniň atlaryny goýdular. Emma Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda, «Ýehowa» ady takmynan 7 000 gezek duşýar! (Zebur 8:1; Barlyk 15:2).
3. Ýehowanyň teni bar, emma biziňkiden tapawutly. «Hudaý Ruhdur» — diýip, Mukaddes Ýazgylarda aýdylýar (Ýahýa 4:24). Ruh — biziňkä görä, ýaşaýşyň has ýokary görnüşi. Hudaýy hiç haçan bir adam hem gören däldir. Ýehowa gökde ýaşaýar, ýöne hemme zady görýändir (Zebur 11:4, 5; Ýahýa 1:18). Eýsem mukaddes ruh näme? Ol, Hudaý ýaly şahsyýet däl. Ol, Hudaýyň hereket edýän güýji (Zebur 104:30).
4. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň şahsyýeti açylýar. Onuň esasy häsiýetleri görkezilýär — söýgi, adalatlylyk, paýhaslylyk we güýç (Kanunyň Gaýtalanyşy 32:4; Eýýup 12:13; Işaýa 40:26; 1 Ýahýa 4:8). Mukaddes Ýazgylarda şeýle hem Hudaý rehimli, mähirli, geçirimlige taýyn, göwn-açyk we sabyrly diýilýär. Biz hem, gulak asýan çagalar kimin, ondan görelde aljak bolup jan etmeli (Efesliler 5:1, 2).
5. Hudaýa sežde edeniňde şekilleri, suratlary, nyşanlary hormatlamak we olara doga etmek bolýarmy? Ýok! (Çykyş 20:4,5). Ýehowa, biziň diňe oňa sežde etmelidigimizi aýdýar. Ol öz şöhratyny hiç kim ýa-da hiç bir zat bilen paýlaşmaz. Şekilleriň bize kömek etmäge güýji ýok (Zebur 115:4—8; Işaýa 42:8).
6. Hudaýy nädip gowy tanap bolar? Birinji usul — onuň ýaradan zatlaryna göz aýlap, näme aňladýandygyny çuňňur oýlanmak. Hudaýyň ýaradan zatlary, onuň beýik güýjüniň we akyl-paýhasynyň bardygyny görkezýär. Ähli döreden zatlarynda onuň söýgüsi görünýär (Zebur 19:1—6; Rimliler 1:20). Hudaýy tanamagyň ikinji usuly — Mukaddes Ýazgylary öwrenmek. Olaryň üsti bilen Hudaý özi barada has köp zatlar aýdýar. Mukaddes Ýazgylarda ol öz niýeti we bizden näme isleýändigi barada hem aýdýar (Amos 3:7; 2 Timoteos 3:16, 17).
[5-nji sahypadaky surat]
Biz Hudaýy, onuň ýaradan zatlarynyň we Mukaddes Ýazgylaryň üsti bilen tanaýarys.