Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w22 Fewral sah. 2—7
  • Ýehowa hemişe bil baglaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa hemişe bil baglaň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MUKADDES KITABY OKANYŇYZDA ÝEHOWA BIL BAGLAŇ
  • GÖRKEZME BERLENDE ÝEHOWA BIL BAGLAŇ
  • GELEJEKDE ÝEHOWA BIL BAGLAŇ
  • Dogan-uýalara ynanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýehowa hemişe bil baglaň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Ýygnakda nämeler edilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • «Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla»
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
w22 Fewral sah. 2—7

6-NJY MAKALA

Ýehowa hemişe bil baglaň

«Ol Arkadagdyr, işleri kämil, ähli ýollary adyl, adalatsyzlyk etmez, wepaly Hudaý, dogruçyl hem hak howandar» (5 Mus. 32:4).

3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym

MAZMUNYa

1, 2. a) Adamlar näme üçin ýolbaşçylara ynanmaýarlar? b) Makalada näme hakda gürrüň ederis?

ŞU GÜNLER köp adamlar ýolbaşçylara ynanmaýarlar. Olar döwlet işgärleriniň baýlary goldap, garyplary bolsa äsgermeýändigini görýärler. Mukaddes Kitapda: «Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly ekeni» diýilýär (Nes. 8:9). Şeýle-de olar mollalaryň we ruhanylaryň edýän pyssy-pyjurlygyny görüp, hak Hudaýa ynanmaýarlar. Şol sebäpli käbirleri Mukaddes Kitap okuwyny geçip başlasalar-da, Ýehowa Hudaýa we Onuň ýer ýüzündäki wekillerine ynanyp bilmeýärler.

2 Biz Ýehowa Hudaýa köp ýyldan bäri gulluk edýän hem bolsak, Oňa we guramasyna ýürekden bil baglamaly. Ýehowanyň görkezmeleriniň hemişe peýdalydygyna düşünmeli. Emma käte Ýehowa we Onuň guramasyna bil baglamak kyn bolup biler. Belki, Mukaddes Kitaby okanymyzda käbir wakalara düşünýän däldiris ýa-da Ýehowanyň ýer ýüzündäki wekilleri arkaly berýän görkezmesi bilen ylalaşmak kyn bolýandyr. Şeýle-de uly betbagtçylykda we ondan soň Ýehowanyň çykarjak kararlaryna doly düşünmezligimiz mümkin. Makalada şeýle ýagdaýlarda Ýehowa Hudaýa we Onuň ýer ýüzündäki wekillerine bil baglamak üçin näme etmelidigini bileris.

MUKADDES KITABY OKANYŇYZDA ÝEHOWA BIL BAGLAŇ

3. Mukaddes Kitapdaky haýsy wakalar imanymyzy synap biler?

3 Mukaddes Kitaby okanymyzda Ýehowanyň eden işleriniň we çykaran kararlarynyň käbirine düşünmezligimiz mümkin. Meselem, 4 Musa kitabyndan Sabat güni odun çöplän adama Ýehowanyň ölüm jezasyny berendigi hakda okaýarys. 2 Şamuwel kitabyndan bolsa, ahlaksyzlyk eden we bigüna gan döken Dawut patyşany Ýehowanyň bagyşlandygyny bilýäris (4 Mus. 15:32, 35; 2 Şam. 12:9, 13). Belki, biz: «Ýehowa näme üçin agyr günä eden Dawut patyşany bagyşlaýar-da, odun çöplän adamy ölüme höküm edýär?» diýip oýlanýandyrys. Şu soragyň jogabyny bilmek üçin üç zady göz öňünde tutmaly. Geliň, olara seredeliň.

4. 1 Musa 18:20, 21 we 5 Musa 10:17-nji aýatlar Ýehowanyň adalatly karar çykarýandygyna düşünmäge nädip kömek edýär?

4 Mukaddes Kitapda ähli jikme-jiklikler ýazylmaýar. Meselem, biz Dawudyň toba edendigini bilýäris (Zeb. 51:2—4). Emma Sabat baradaky kanuny bozan adam eden işine ökündimi? Ol öňem Ýehowanyň kanunlaryny bozýardymy? Ol berlen duýduryşlara gulak asýardymy ýa-da äsgermezlik edýärdi? Mukaddes Kitapda bu soraglaryň jogaby aýdylmaýar. Emma biz Ýehowanyň hiç haçan adalatsyzlyk etmejegine ynamly bolup bileris (5 Mus. 32:4). Adamlar birini ala tutup ýa-da gep-gürrüňlere ynanyp nädogry karara gelýärler. Emma Ýehowa ähli ýagdaýy göz öňüne tutup, hemişe adalatly karar çykarýar (1 Musa 18:20, 21 we 5 Musa 10:17-nji aýatlary okaň). Biz Ýehowa Hudaý we kada-kanunlary hakda näçe köp öwrensek, şonça-da Oňa bil baglarys. Elbetde, Mukaddes Kitaby okanymyzda käbir wakalara doly düşünmezligimiz mümkin, emma biz Ýehowany gowy tanaýarys. Ol «ähli ýollarynda adalatly» Hudaý (Zeb. 145:17).

5. Adamlara adalatly höküm çykarmak näme üçin kyn bolýar? («Bikämillik adalata bolan garaýşymyzy ýoýýar» diýen çarçuwa serediň).

5 Bikämil bolandygymyz üçin adalata bolan garaýşymyz ýoýulan. Ýehowa bizi öz keşbinde ýaratdy (1 Mus. 1:26). Şol sebäpli birine adalatsyzlyk edilýändigini görenimizde janymyz ýanýar. Emma biz bikämildigimizi we ähli zady bilmeýändigimizi unutmaly däl. Geliň, Ýunus pygamber hakda gürrüň edeliň. Ol Ýehowanyň Ninewiýanyň halkyna rehim edendigine nägile bolýar (Ýun. 3:10—4:1). Eýsem Ýehowa olara çykaran hökümini ýatyryp adalatsyzlyk etdimi? Ýok! Ýehowanyň rehim edendigi üçin 120 000-den gowrak adam halas boldy. Görşümiz ýaly, Ýehowa Hudaý däl-de, Ýunus pygamber ýalňyşdy.

Bikämillik adalata bolan garaýşymyzy ýoýýar

Äýnegi bugaran adam daş-töweregini açyk-aýdyň görüp bilmeýär.

Bikämil adam käte ýowuz höküm çykarýar, käte bolsa ýüzleý garaýar. Bikämil bolandygymyz üçin biziň garaýşymyz Ýehowanyň garaýşyndan tapawutlanýar (1 Şam. 16:7). Şonuň üçin käte Ýehowanyň gelýän kararlary bilen ylalaşmak kyn bolup biler. Aýdaly, biriniň äýnegi bugarýar. Ol daş-töweregini açyk-aýdyň görüp bilermi? Elbetde, ýok! Edil şonuň ýaly, biz bikämil bolandygymyz üçin Ýehowanyň gelýän kararlaryna doly düşünmeýäris we käte adalatsyz hasaplaýarys. Emma biz Ýehowanyň däl-de, özümiziň adalata bolan garaýşymyzyň ýoýlandygyny unutmaly däl (Hyz. 18:29).

6. Ýehowa adamlaryň öňünde hasabat bermäge borçlumy? Düşündiriň.

6 Ýehowa adamlara hasabat bermäge borçly däl. Gadymy döwürde Allatagala çykaran höküminden närazy bolan adamlary ünsli diňledi (1 Mus. 18:25; Ýun. 4:2, 3). Käte bolsa Ýehowa adamlara belli bir karara näme üçin gelendigini düşündirdi (Ýun. 4:10, 11). Emma älem-jahany ýaradan Ýehowa adamlaryň öňünde hasabat bermäge ýa-da karara gelmezden öň olardan rugsat soramaga borçly däl (Işa. 40:13, 14; 55:9).

GÖRKEZME BERLENDE ÝEHOWA BIL BAGLAŇ

7. Bize kimlere ynanmak kyn bolýar we näme üçin?

7 Biz Ýehowanyň hemişe adalatly höküm çykarýandygyny bilýäris. Emma Ýehowanyň ýer ýüzündäki wekillerine ynanmak kyn bolup biler. Belki, biz: «Jogapkär doganlar karara gelende Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutýarmyka ýa-da öz düşünjesine eýerýärmikä?» diýip oýlanýandyrys. Şeýle sorag gadymy döwürde ýaşan adamlary hem biynjalyk edendir. Geliň, ýene-de 3-nji abzasdaky wakalara seredeliň. Sabat baradaky kanuny bozan adamyň dogan-garyndaşlary: «Musa pygamber ölüm jezasyny bermezden öň Ýehowadan maslahat soradymyka?» diýendirler. Uryýanyň dost-ýarlary bolsa: «Dawuda patyşa bolandygy üçin jeza berilmedi. Onuň ýerine başga biri bolan bolsa şol günüň özünde öldürilerdi» diýendirler. Biz Ýehowanyň ýer ýüzündäki wekilleriniň çykarýan kararyna şübhelenmeli däl, sebäbi Ýehowa olara ynanýar.

8. Resullar 16:4, 5-nji aýatlara görä, Ýehowa I asyrda we şu günler halkyna nädip ýolbaşçylyk edýär?

8 Şu günler Ýehowa «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly halkyna ýolbaşçylyk edýär (Mat. 24:45). I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty ýaly wepaly hyzmatkär hem bütin ýer ýüzündäki Hudaýyň halkynyň aladasyny edýär we ýygnak ýaşulularyna görkezme berýär (Resullar 16:4, 5-nji aýatlary okaň). Ýaşulular şol görkezmelere ýürekden eýerýärler. Eger biz wepaly hyzmatkäriň we ýaşulularyň görkezmesine eýersek, Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezeris.

9. Ýaşulularyň gelen kararyny goldamak haçan kyn bolup biler we näme üçin?

9 Käte bize ýaşulularyň gelen karary bilen ylalaşmak kyn bolup biler. Meselem, soňky ýyllarda käbir ýygnaklar birleşdirildi we başga etraba geçirildi. Şol sebäpli ýaşulular Ýygnak jaýyndan doly peýdalanmak üçin käbir wagyzçylardan başga ýygnaga geçmegi haýyş edip biler. Şonda dost-ýarlarymyzy we dogan-garyndaşlarymyzy goýup başga ýygnaga geçmek aňsat düşmez. Elbetde, Ýehowa wagyzçylaryň haýsy ýygnaga geçmelidigini ýaşululara görnüş arkaly aýtmaýar. Şonuň üçin olaryň görkezmesine eýermek kyn bolup biler. Ýehowa ýaşululara ynanýar. Geliň, bizem olaryň kararyny ýürekden goldalyňb.

10. Ýewreýler 13:17-ä görä, biz näme üçin ýaşululara gulak asmaly?

10 Käte ýaşulularyň gelen karary bilen ylalaşmak kyn hem bolsa, olary goldap eginme-egin işleşmeli. Şonda biz Hudaýyň halkynyň arasynda agzybirligiň bolmagyna goşant goşarys (Efes. 4:2, 3). Eger dogan-uýalar ýaşulular maslahatynyň kararyna pesgöwünlilik bilen eýerseler ýygnak gülläp öser (Ýewreýler 13:17-ni okaň). Biz ýaşululara gulak assak, Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezeris. Sebäbi Ýehowa olara halkynyň aladasyny etmegi tabşyrdy (Res. 20:28).

11. Ýaşulularyň görkezmesine höwes bilen eýermäge näme kömek eder?

11 Ýaşulularyň görkezmesine höwes bilen eýermäge näme kömek eder? Ýaşulular ýygnak bilen bagly meseleleri çözmeli bolanlarynda, Ýehowadan mukaddes ruhuny sorap doga edýärler. Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna we Hudaýyň guramasy arkaly berýän görkezmelerine eýerýärler. Olar Ýehowany razy etmek isleýärler we dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny edýärler. Ýaşulular edýän işleri üçin Ýehowanyň öňünde hasabat bermelidigine düşünýärler (1 Pet. 5:2, 3). Oýlanyp görüň, bütin dünýäde milletparazlyk, dini we syýasy dawalar sebäpli adamlaryň arasynda agzalalyk höküm sürýär. Emma Ýehowanyň Şaýatlary hak Hudaýa agzybir sežde edýär, sebäbi Ýehowa halkyna ak pata berýär.

12. Ýaşulular günäkäriň toba edýändigini anyklamak üçin näme edýärler?

12 Ýehowa ýaşululara uly jogapkärçilik ynandy. Eger mesihçi agyr günä etse, ýaşulular ony ýygnak gatnaşygyndan kesmelimi ýa-da kesmeli däldigini çözmeli bolýar. Munuň üçin olar günäkäriň ýürekden toba edýändigini anyklamaly. Belki, günäkär ökünýän ýaly görünýändir. Emma ol eden işini ýigrenýärmi? Günäsini gaýtalamazlygy ýüregine düwdümi? Onuň günä etmegine erbet dostlary sebäp bolan bolsa, olar bilen gatnaşmagyny goýdumy? Ýaşulular karara gelmezden öň Hudaýa doga edýärler. Olar subutnamalary, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny we günäkäriň garaýşyny göz öňünde tutýarlar. Soňra olar günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmelimi ýa-da kesmeli däldigini çözýärler (1 Kor. 5:11—13).

13. Dostumyz ýa-da dogan-garyndaşymyz ýygnak gatnaşygyndan kesilse, bizi haýsy soraglar biynjalyk edip biler?

13 Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam biziň dostumyz ýa-da dogan-garyndaşymyz bolmasa, ýaşulularyň gelen kararyny goldamak kyn bolmaz. Eger dostumyz ýa-da dogan-garyndaşymyz ýygnak gatnaşygyndan kesilse näme? Şeýle ýagdaýda biz biynjalyk bolup: «Ýaşulular ähli subutnamalara seretdimi? Olar Ýehowanyň isleýşi ýaly karara geldimi?» diýmegimiz mümkin. Ýaşulularyň gelen kararyny goldamaga bize näme kömek eder?

14. Ýaşulularyň kararyny goldamaga näme kömek eder?

14 Ýygnak gatnaşygyndan kesmek — Ýehowanyň ýola goýan çäresi. Eger toba etmeýän günäkär ýygnak gatnaşygyndan kesilmese, dogan-uýalaryň hem günä etmegine sebäp bolar (Gal. 5:9). Şeýle-de ol eden günäsiniň agyrdygyna düşünmez. Günäkär Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmek, garaýşyny düzetmek we günäli işlerden el çekmek üçin tagalla etmez (Nes. 8:11). Ýaşulular ýygnak gatnaşygyndan kesmek meselesine örän çynlakaý seredýärler. Olar gadymy Ysraýylyň kazylary ýaly, «adam üçin däl, Ýehowa üçin höküm çykarýandyklaryna» düşünýärler (2 Tar. 19:6, 7).

GELEJEKDE ÝEHOWA BIL BAGLAŇ

Dogan-uýalar ýerzeminde ýygnanyşýarlar. Dogan görkezme berýär, ýöne bir dogan oňa şübhelenýär.

Uly betbagtçylykda beriljek görkezmelere eýermäge näme kömek eder? (15-nji abzasa serediň).

15. Biz näme üçin Ýehowa öňküden hem köp bil baglamaly?

15 Şu dünýäniň soňy golaýlaşyp gelýär. Şol sebäpli Ýehowa öňküden hem köp bil baglamaly. Sebäbi uly betbagtçylykda beriljek görkezmeler geň, düşnüksiz we eýermek kyn ýaly bolup görünmegi mümkin. Elbetde, uly betbagtçylykda Ýehowa gökden her birimize näme etmelidigimizi aýtmaz. Ol ýer ýüzündäki wekilleri arkaly görkezme berer. Şol döwür: «Dogrudanam, görkezmäni Ýehowa berdimi ýa-da doganlaryň özleri oýlap tapdymy?» diýip, şübhelenmegiň wagty däl. Biz Ýehowa we Onuň ýer ýüzündäki wekillerine ýürekden ynanmaly. Eger biz Ýehowanyň guramasy arkaly berýän görkezmelerine häzirden eýersek, uly betbagtçylykda hem şeýle ederis (Luka 16:10).

16. Dünýäniň soňunda biziň imanymyz nädip synalar?

16 Dünýäniň soňunda Ýehowanyň çykarjak kararlary biziň imanymyzy synap biler. Biz dost-ýarlarymyzyň we dogan-garyndaşlarymyzyň Ýehowa iman etjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Emma Armageddonda Ýehowanyň kimlere rehim etmelidigini biz çözmeris (Mat. 25:34, 41, 46). Ýehowanyň bellän kazysy Isa Mesih kimleriň halas boljagyny we kimleriň heläk boljagyny çözer (Mat. 25:31—33; 2 Sel. 1:7—9). Biz Ýehowanyň çykaran hökümi bilen ylalaşarysmy ýa-da Oňa gulluk etmegimizi bes ederis? Eger biz Ýehowa häzirden bil baglasak, gelejekde çykarjak kararlaryny hem ýürekden goldarys.

17. Ýehowanyň dünýäniň soňunda çykaran kararlary nähili peýda berer?

17 Göz öňüne getiriň, Ýehowa zalym dünýäniň üstünden höküm çykardy. Adamlary ezen, olaryň durmuşyna awy gatan ýalan dinler, söwda we syýasy guramalar ýok edildi. Keselçiligiň, garrylygyň we ölümiň nämedigi ýatdan çykdy. Şeýtan we onuň jynlary müň ýyllyk baglandy (Ylh. 20:2, 3). Olaryň zir-zibile öwren ýer ýüzi bagy-bossanlyga öwrüldi. Şonda biz Ýehowanyň gelen kararlaryny goldandygymyza örän begeneris.

18. Biz ysraýyllaryň ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly näme etmeli? (4 Musa 11:4—6; 21:5).

18 Täze dünýäde hem Ýehowa imanymyz synalarmy? Geliň, Müsür gulçulygyndan azat bolan ysraýyllar hakda gürrüň edeliň. Olaryň käbiri Ýehowanyň beren mannasyndan bizar bolup, Müsürde iýen zatlaryny küýsediler (4 Musa 11:4—6; 21:5-nji aýatlary okaň). Olaryň ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly näme etmeli? Uly betbagtçylykdan geçen badymyza amatly şertlerde ýaşamazlygymyz mümkin, etmeli işler hem köp bolar. Sebäbi ýer ýüzüni zir-zibilden arassalap, Jennete öwürmek üçin näçe wagtyň we güýjüň gerek boljagyny bilmeýäris. Şonda biz Ýehowanyň berýän zatlaryna nägile bolup, zeýrenip başlarysmy? Ysraýyllaryň ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly, biz Ýehowanyň berýän zatlarynyň gadyryny bilmeli.

19. Makalada näme hakda gürrüň etdik?

19 Ýehowa hemişe adalatly höküm çykarýar. Biz Oňa hiç haçan şübhelenmän bileris. Şeýle-de biz Ýehowanyň ýer ýüzündäki wekillerine-de ynanmaly. Geliň, Ýehowanyň Işaýa pygamber arkaly: «Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar» diýen sözlerini hiç haçan unutmalyň (Işa. 30:15).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Mukaddes Kitapdaky käbir wakalara düşünmesek, Ýehowa bil baglamaga haýsy üç pikir kömek eder?

  • Berilýän görkezmeler bilen ylalaşmak kyn bolsa, Ýehowanyň wekillerini goldamaga näme kömek eder?

  • Uly betbagtçylykda we ondan soň Ýehowa bil baglamaga näme kömek eder?

98-NJI AÝDYM Mukaddes Kitap Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy

a Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: biz Ýehowa we onuň ýer ýüzündäki wekillerine näme üçin bil baglamaly? Muny etmegiň nähili peýdasy bar? Biz gelejekde näme üçin olara has köp bil baglamaly bolarys?

b Käbir ýagdaýlarda wagyzçylaryň başga ýygnaga geçip bilmezligi mümkin (km-U 11/02 «Sowally bukja»).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş