Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Siziň gözleriňiz Ýehowa dikilenmi?
    Garawul diňi — 2018 | Iýul
    • 9. Ýehowa Musa pygambere nähili görkezme berdi, ýöne ol näme etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

      9 Musa pygamber halkyň pitnesine nähili garady? Ol ýene-de gözüni Ýehowa dikip, ondan görkezme soraýar. Ýöne bu gezek Ýehowa oňa hasasyny gaýa urmalydygyny aýtmaýar. Musa hasasyny alyp, öňürti halky ýygnamalydy, soňra gaýanyň ýanyna baryp, oňa «buýruk bermelidi» (San. 20:6—8). Emma Musa gaýa buýruk bermän, gaýtam, halka: «Gulak goýuň, eý, pitneçiler! Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýýär. Soňra hasasyny bir gezegem däl, iki gezek gaýa urýar (San. 20:10, 11).

  • Siziň gözleriňiz Ýehowa dikilenmi?
    Garawul diňi — 2018 | Iýul
    • MUSANYŇ ÝALŇYŞLYGY

      12. Ýehowanyň Musa bilen Haruna gaharlanmagynyň ýene bir sebäbi näme?

      12 Ýehowanyň Musa bilen Haruna gaharlanmagynyň başga-da sebäbi bardy. Musa pygamberiň halka näme diýendigine üns beriň. Ol: «Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýdi. Musa «biz» diýende, özi bilen Haruny göz öňünde tutan bolmaly. Nähili bolaýanda-da, onuň sözleri Ýehowa hormat goýmaýandygyny görkezýär. Sebäbi gudraty aslynda Ýehowa görkezýär. Munuň şeýledigini Zebur 106:32, 33-nji aýatlardaky şu sözler hem subut edýär: «Meriba suwunyň ýakasynda hem Hudaýy gaharlandyrdylar, Musa olar zerarly yza çekdi. Çünki onuň ruhuny öjükdirdiler, ol hem agzyndan hapa sözler gaçyrdy»c (San. 27:14). Hawa, Musa pygamber Ýehowa hormat goýmady. Şol sebäpli Ýehowa Musa bilen Haruna: «Siz... Meniň buýrugyma boýun egmediňiz» diýdi (San. 20:24). Dogrudan-da, bu agyr günädi!

      13. Ýehowanyň Musa pygambere jeza bermegi näme üçin ýerliklidi?

      13 Ýehowanyň halkynyň ýolbaşçylary hökmünde Musa bilen Harundan has köp jogapkärçilik talap edilýärdi (Luka 12:48). Pitne turzandyklary üçin, Ýehowa öň tutuş halkyň Wada edilen diýara girmejekdigini aýdypdy (San. 14:26—30, 34). Şol sebäpli Musa pygambere hem goýberen ýalňyşlygy üçin Ýehowanyň jeza bermegi ýerliklidi. Beýleki pitneçiler ýaly, Musa-da Wada edilen diýara girmedi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş