Dördünji Musa
14 Şonda halk perýat edip başlady. Olar şol gijäni aglap-eňräp geçirdiler+. 2 Ysraýyllaryň bary Musa bilen Haruna igenip başlady+. Bütin halk olara garşy çykyp: «Müsürde ýa şu çölde ölen bolsak gowy bolardy! 3 Ýehowa bizi ol ýurda äkidip, gylyçdan geçirjek bolýarmyka?+ Aýallarymyz, çagalarymyz ýesir düşer+. Ondan-a Müsüre gidenimiz hem gowy!»+ diýişdiler. 4 Olar hatda biri-birine: «Geliň, özümize baştutan belläp, Müsüre dolanalyň!»+ diýişdiler.
5 Muny eşiden Musa bilen Harun halkyň öňünde ýüzlerini ýere berdiler. 6 Ýurdy gözden geçirmäge gidenlerden Nunuň ogly Ýuşa+ bilen Ýepunnanyň ogly Kalep+ bolsa ýakasyny ýyrtyp, 7 halka şeýle diýdiler: «Görüp gaýdan ýurdumyz juda gowy+. 8 Ýehowa bizden razy bolsa, hökman şol ýere elter. Süýt bilen bal akýan ýurdy mülk edip berer+. 9 Ýöne Ýehowanyň garşysyna çykmaň, ýurduň halkyndan gorkmaň+. Biz olary bir demde ýok ederis. Olaryň hiç hili goragy ýok, biziň arkamyzda bolsa Ýehowa dur+. Olardan gorkmaň».
10 Emma halk olary daşlajak boldy+. Şonda ähli ysraýyllara ýygnak çadyrynyň* üstünde Ýehowanyň şöhraty göründi+.
11 Ýehowa Musa: «Halk meni haçana çenli äsgermezlik etjekkä?+ Şunça gudratymy görübem, maňa haçana çenli ynanmazçylyk etjekkä?+ 12 Gowusy, olary mergi bilen gyryp taşlaýyn-da, senden has beýik hem güýçli halk döredeýin»+ diýdi.
13 Emma Musa Ýehowa: «Beýik güýjüň bilen Müsürden çykaran halkyňy gyrsaň, müsürliler näme diýer? Olar muny eşidip+, 14 Kengandaky halklara-da gürrüň bererler. Eý Ýehowa, seniň ysraýyl halkyňy goldap+, olara görnendigiňi*+ şol halklar hem eşitdiler ahyryn. Olar seniň Ýehowadygyňy we halkyň üstüne bir bulut goýup, gündizine bulut, gijesine ot sütüni bilen ýol görkezýäniňi bilýärler+. 15 Eger halkyň baryny birden ýok etseň, şöhratyň barada eşiden halklar: 16 „Ýehowa halkyny wada beren* ýurduna eltip bilmän, çölde gyrypdyr“+ diýmezlermi? 17 Ýalbarýaryn, Ýehowa, wada berişiň ýaly, beýik güýjüňi görkez. Sen: 18 „Ýehowa giň göwünli*, wepaly söýgä* baý+, etmişi we ýazygy bagyşlaýan Hudaýdyr. Ýöne günäkäri jezasyz goýýan däldir, atalaryň etmişi üçin ogullaryna, agtyk-çowluklaryna* jeza berýändir“+ diýipdiň. 19 Ýalbarýaryn, Müsürden çykaran halkyňy şu wagta çenli bagyşlaýşyň ýaly, beýik wepaly söýgiň bilen ýene-de bagyşla»+ diýdi.
20 Şonda Ýehowa: «Bolýar, aýdyşyň ýaly, olary bagyşlaýyn+. 21 Men diri şaýatdyryn, bütin ýer ýüzi Ýehowanyň şöhratyndan dolar+. 22 Emma Müsürde we çölde meniň şöhratymy, görkezen gudratymy görse-de+, meni telim* gezek synap+, sözüme gulak asmadyklaryň+ hiç biri 23 ata-babalaryna wada beren* ýurdumy görmez. Meni sylamadyklaryň ýekejesi-de şol ýurda aýak basmaz+. 24 Ýöne gulum Kalep+ olar ýaly däldir*. Ol maňa bütin ýüregi bilen gulak asýar. Şol sebäpli Kalebi görüp gaýdan ýurduna elterin, nesline mülk edip bererin+. 25 Ertir Gyzyl deňze barýan ýol bilen yzyňyza çöle gidiň, sebäbi jülgede amalekler bilen kenganlar+ ýaşaýar»+ diýdi.
26 Soňra Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 27 «Zalym halk haçana çenli maňa hüňürdejekkä?+ Olaryň menden zeýrenýänini eşitdim+. 28 Olara aýt, Ýehowa şeýle diýýär: „Men diri şaýatdyryn, nämeden zeýrenýän bolsaňyz, şony hem başyňyzdan indererin+. 29 Jesetleriňiz şu çölde galar+. Ilat ýazuwynda 20 ýaşdan başlap hasaba alnanlar, ýagny maňa igenenleriň bary öler+. 30 Ýepunnanyň ogly Kalepden we Nunuň ogly Ýuşadan+ başga hiç haýsyňyz wada beren* ýurduma girmersiňiz+.
31 Şol ýurda ýesir düşer öýdüp gorkan çagalaryňyzy elterin+. Olar siziň nähili ýurtdan ýüz öwrendigiňizi görerler+. 32 Siziň jesetleriňiz bolsa şu çölde galar. 33 Baryňyz gyrylýançaňyz, ogullaryňyz çölde 40 ýyllap+ çopançylyk edip, siziň biwepalygyňyz üçin jebir çeker+. 34 Ýurdy 40 günläp+ gözden geçiren bolsaňyz, her güne bir ýyl hasabynda, 40 ýyllap+ günäleriňize jogap berersiňiz. Şonda maňa garşy çykmagyň nähili elhençdigine düşünersiňiz.
35 Muny men — Ýehowa aýdýandyryn. Maňa garşy giden zalym halkyň soňuna çykaryn. Olar şu çölde heläk bolar+. 36 Musanyň ýurdy gözden geçirmäge iberen adamlary, erbet habar getirip, halky Musa garşy öjükdirenler+, 37 ýurt hakynda ýaramaz zatlary aýdanlar Ýehowanyň elinden heläk bolar+. 38 Ýurdy görmäge gidenlerden diňe Nunuň ogly Ýuşa bilen Ýepunnanyň ogly Kalep diri galar“»+.
39 Musa muny ysraýyllara aýtdy, olar dady-perýat edip başladylar. 40 Ertesi olar daň bilen turup: «Biz günä etdik. Indi Ýehowanyň aýdan ýurduna gitmäge taýyn» diýdiler-de, daga çykjak boldular+. 41 Emma Musa: «Ýehowanyň tabşyrygyna näme üçin boýun bolaňyzok? Beýtseňiz, gowulygyň üstünden barmarsyňyz. 42 Gitmäň, Ýehowa sizi goldamaz. Duşmanlar sizi derbi-dagyn eder+. 43 Amalekler bilen kenganlar üstüňize hüjüm edip+, gylyçdan geçirer. Ýehowadan ýüz öwrendigiňiz üçin, Ýehowa sizi goldamaz»+ diýdi.
44 Olar şonda-da kesirlik edip, daga çykdylar+. Ýehowanyň äht sandygy bilen Musa bolsa düşelgede*+ galdy. 45 Dagda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar bolsa aşak düşüp, ysraýyllary derbi-dagyn etdiler-de, Horma+ çenli kowaladylar.