«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
MART 1—7
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 7, 8
«Ysraýyllaryň düşelgesinden näme öwrenýäris?»
it «Ýygnak»
Ýygnak
Ysraýyldaky baştutanlar köplenç halkyň peýdasyna hereket edýärdi (Hyd 10:14). Mysal üçin, mukaddes çadyr gurlansoň, «taýpalaryň baştutanlary» gezekli-gezegine sadaka berýärdiler (4Ms 7:1—11). Nehemýanyň günlerinde-de jogapkärli işleri ýerine ýetiren we baglaşylan ähte möhür basan ruhanylar, lewiler we «han-begler» bardy (Neh 9:38—10:27). Ysraýyllar çöldekä, Karun, Datan, Abyram we Ohan Musa bilen Haruna garşy gozgalaň turzanda, 250 adam hem olara goşulypdy. Olar «halkyň arasyndan saýlanan at-abraýly» baştutanlardy (4Ms 16:1—3). Şeýle-de Hudaýyň görkezmesi bilen, Musa halkyň aladasyny eder ýaly, ysraýyllaryň arasyndan 70 ýaşulyny saýlapdy, sebäbi halka ýeke özüne ýolbaşçylyk etmek kyndy (4Ms 11:16, 17, 24, 25). 3 Musa 4:15-de «halkyň ýaşululary» hakda ýatlanyp geçilýär. Diýmek, halka ýolbaşçylyk etmek üçin kazylar, ýaşulular we baştutanlar bellenýärdi (4Ms 1:4, 16; Ýuş 23:2; 24:1).
it «Ruben»
Ruben
Ruben taýpasynyň düşelgesi mukaddes çadyryň günorta tarapynda ýerleşýärdi. Gapdalynda bolsa, şimgon bilen gad taýpalarynyň düşelgesi bardy. Ysraýyllar ýola düşende, olar ýahuda, ysahar we zebulun taýpalaryndan ybarat toparyň yzyna düşüp gidýärdi (4Ms 2:10—16; 10:14—20). Mukaddes çadyr gurlan güni taýpalar sadaka getirende-de, şu tertibe eýerýärdiler (4Ms 7:1, 2, 10—47).
w04 1/8 sah. 25, abz. 1
4 Musa kitabyndan peýdaly pikirler
8:25, 26. Mukaddes çadyrdaky gullugyň yzygider edilmegi üçin, lewilere käbir görkezmeler berlipdi. Mysal üçin, lewi 50 ýaşyna ýetende, hyzmatyny goýmalydy. Emma ol islese, beýleki lewilere meýletin kömek edip bilýärdi. Şu günler mesihçi belli bir ýaşa ýetensoň, wagyz etmegini goýmasa-da, biz lewilere berlen kanundaky prinsipden köp zady öwrenýäris. Eger mesihçi gartaşandygy üçin käbir borçlary ýerine ýetirip bilmese, güýjüniň ýetýän başga borçlary edip bilýär.
Ruhy dürdäneler
it «Nowbahar»
Nowbahar
Ysraýyldaky nowbahar ogullar haçanam bolsa bir wagt maşgalabaşy bolmalydy. Şonuň üçin olar tutuş halky suratlandyrýardy. Ýehowa Ybraýym bilen baglaşan ähtiniň esasynda tutuş ysraýyl halkyna «nowbaharym» diýýärdi (2Ms 4:22). Ýehowa ähli nowbaharlary halas edendigi üçin, «adamlaryň-da, mallaryň-da ilkinji doglan erkeklerini» özüne bagyş etmegi tabşyrypdy (2Ms 13:2). Şonuň üçin ähli nowbaharlar Hudaýa bagyş edilýärdi.
MART 8—14
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 9, 10
«Ýehowa halkyna nädip ýolbaşçylyk edýär?»
it «Düşelge»
Düşelge
Ägirt uly düşelge bir ýerden başga ýere göçürlende hem Hudaýyň halkynyň täsin guramaçylygy görünýärdi (4 Musa 33-nji bapda Musa pygamber ysraýyllaryň takmynan 40 ýerde düşländigini aýdýar). Bulut mukaddes çadyryň üstünde saklananda, halk şol ýerde düşelge gurýardy. Bulut süýşende bolsa, halk hem ýola düşýärdi. Mukaddes Kitapda: «Olar Ýehowanyň buýrugy bilen ýola düşerdiler, Ýehowanyň buýrugy bilen hem düşlärdiler» diýilýär (4Ms 9:15—23). Düşelgäniň şeýdip hereket etmegi üçin, Ýehowa iki sany kümüş surnaý ýasamagy tabşyrýar (4Ms 10:2, 5, 6). Surnaýlar gysga çalnanda, düşelgäniň ýola düşmelidigini aňladýardy. Ilkinji sapar düşelge «ikinji ýylyň (b. e. öň 1512-nji ýyl) ikinji aýynyň 20-sine» ýola düşdi. Öňden äht sandygyny göterýänler, yzyndan üç taýpadan düzülen birinji topar, ýagny ýahuda, ysahar we zebulun taýpalary ýöreýärdi. Olaryň yzyndan mukaddes çadyryň zatlaryny göterýän gerşonlar bilen merarlar ýöreýärdi. Ondan soňra, üç taýpadan düzülen ikinji topar, ýagny ruben, şimgon we gad taýpalary gidýärdi. Olaryň yzyndan mukaddes çadyryň esbaplaryny göterýän kohatlar ýola düşýärdi. Soňra bolsa, üç taýpadan düzülen topar, ýagny efraýym, manaşa we benýamin taýpalary ýöreýärdi. Iň soňunda bolsa, üç taýpadan düzülen topar, ýagny dan, aşer we naftaly taýpalary ýola düşýärdi. Olar tutuş halkyň yzyndan ýöräp, düşelgäni goraglap gidýärdi. Şeýlelikde, öňde we yzda güýçli hem-de adam sany köp taýpalar ýöreýärdi (4Ms 10:11—28).
Siz Hudaýyň görkezmesini görýärmisiňiz?
Biz Hudaýyň görkezmesine minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? Pawlus resul: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň... tabyn boluň» diýdi (Ýew. 13:17). Elbetde, bu hemişe aňsat däl. Aýdaly, sen Musanyň döwründe ýaşaýarsyň. Birnäçe wagt ýol sökenden soň, sütün çadyryň depesinde saklanýar. Ol näçe wagt saklanarka? Bir günmi? Bir hepdemi? Bir aýmy? Şonda sen: «Men ähli goşumy çykarsammykam?» diýersiň. Emma birnäçe gün geçýär, sen gerekli zadyňy tapmak üçin ähli goşuňy çykarýarsyň. Ýöne sen ähli zadyňy çykaryp, tertipleşdireniňden soň, sütün çadyryň üstünden göterilýär. Indi sen goşuňy täzeden ýygnamalysyň. Elbetde, bu ýeňil iş däl! Şeýle ýagdaýda ysraýyllylar «dessine ýola düşerdiler» (San. 9:17—22, TD).
Hudaý görkezme berende biz näme edýäris? Biz ony «dessine» berjaý etmäge çalyşýarysmy ýa-da öňki endigimize görä ýaşaýarys? Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirende, daşary ýurt dilinde gepleýän adamlara wagyz edende, maşgala okuwy geçirilende, keselhana bilen bagly komitet bilen işleşende we kongreslerde özümizi alyp barmak babatda berlen görkezmä eýerýärismi? Eger biz berlen maslahaty kabul etsek, Ýehowanyň görkezmesine minnetdardygymyzy bildireris. Bir wajyp meseläni çözmeli bolanda-da, biz öz düşünjämize daýanman, Ýehowanyň we onuň guramasynyň berýän görkezmesini agtararys. Tupan turanda çaganyň kakasy bilen ejesinden pena gözleýşi ýaly, biz hem dünýäniň kynçylyklary üstümize abananda, Ýehowanyň guramasyndan gorag gözlemeli.
Ruhy dürdäneler
it «Ruhy çäreler»
Ruhy çäreler
Ruhy çärelere gatnaşmak örän wajyp. Ýehowanyň ysraýyllara her ýyl Pasha baýramyny bellemek bilen bagly beren görkezmesinden ruhy çäreleriň ählisine yzygider barmagyň wajypdygyny bilse bolýar. Eger ysraýyl halkyndan bolan erkek adam tämiz bolsa we uzak ýola gitmese, Pasha baýramyny bellemelidi. Eger bellemese, onda ol ölüme höküm edilýärdi (4Ms 9:9—14). Hizkiýa patyşa Ýahudanyň we Ysraýylyň ähli ilatyny Pasha baýramyny bellemek üçin Iýerusalime çagyranda, şeýle habar ýollapdy: «Eý ysraýyllar... Ýehowa dolanyň! Ata-babalaryňyz ýaly kesir bolmaň! Ýehowa tabyn boluň, ebedilik mukaddes eden öýüne gelip, Ýehowa Hudaýyňyza hyzmat ediň. Şonda Hudaýyň gazaby sizden sowlar... Ýehowa rehim-şepagatly, geçirimli Hudaýdyr, oňa dolansaňyz, ol sizi kabul eder» (2Tr 30:6—9). Sebäpsiz ýere ýygnakdan galan adam Ýehowadan ýüz öwrendigini görkezýärdi. Mesihçiler Pasha ýaly käbir baýramçylyklary bellemese-de, Pawlus resul Hudaýyň gullukçylaryny ýygnak duşuşyklaryndan galmazlygy ündäp, şeýle diýdi: «Geliň, biri-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň. Käbirleri ýaly ýygnaklardan galmagy endik edinmäliň, gaýtam ol günüň golaýlaşýandygyny görüp, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň» (Ýew 10:24, 25; serediň: ÝYGNAK).
MART 15—21
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 11, 12
«Näme üçin nägile bolmaly däl?»
w01 15/6 sah. 17, abz. 20
Huşsuz diňleýji bolmaň
20 Mesihçileriň köpüsi hiç haçan ahlaksyzlygyň duzagyna düşmese-de, nägile bolmakdan seresap bolmaly. Ýogsam, Ýehowanyň razylygyndan mahrum bolup biler. Pawlus şeýle maslahat berdi: «Olaryň (ysraýyllaryň) käbiri ýaly Ýehowany synamalyň, sebäbi ony synan adamlary ýylan çakyp öldürdi. Olaryň käbiri ýaly hüňürdemäliň, sebäbi şeýle edenleri perişde ýok etdi» (1 Korinfliler 10:9, 10). Ysraýyllar Musa bilen Haruna, hatda Hudaýa-da igendiler; olar gudrat arkaly berlen manna üçin nägile boldular (4 Musa 16:41; 21:5). Ýehowa olaryň nägileligini ahlaksyzlyk ýaly agyr günä hasaplady. Mukaddes Kitapda nägile bolanlaryň köpüsini ýylan çakyp öldürendigi aýdylýar (4 Musa 21:6). Şondan biraz wagt öň bolsa, nägile bolandygy üçin «14 700 adam heläk bolupdy» (4 Musa 16:49). Şonuň üçin, geliň, Ýehowanyň berýän sowgatlaryna nägile bolup, hiç haçan onuň sabyrlylygyny synamalyň!
Hüňürdemekden gaça duruň
7 Ysraýyllylaryň garaýşy, gör, nädip üýtgedi! Ilkibaşda, olar Müsürden azat bolanyna minnetdardylar, Gyzyl deňzinden geçip halas bolany üçin Ýehowany şöhratlandyryp aýdym hem aýdypdylar (Çykyş 15:1—21). Emma indi Hudaýyň minnetdar halky, çölüň oňaýsyz ýagdaýyna düşüp hem-de kenganlardan gorkusyna nalap başlady. Olar azat bolandygy üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirmäge derek, gaýtam, bar zatdan bizi mahrum etdi diýip, ony nähak ýere günäkärlediler. Olar iňirdäp, Ýehowanyň eden ýagşylygynyň gadyryny bilmeýändigini görkezdiler. Şonuň üçin Ýehowanyň şeýle sözleri aýdandygy geň däl: «Bu zalym jemagat ýene näçe wagtlap maňa hüňürdärkä?» (Sanlar 14:27; 21:5).
it «Dawa-jenjel»
Dawa-jenjel
Igenmek. Igenç adamy ruhdan düşürýär we ýüregine ýara salýar. Müsürden çykanlaryna kän wagt geçmänkä, ysraýyllar Hudaýyň bellän gullary Musa bilen Haruna igenip başladylar. Aslynda, olar Ýehowa nägile boldular (2Ms 16:2, 7). Soňabaka ysraýyllaryň nägileligi sebäpli, Musa pygamber ruhdan düşüp, hatda öz ölümini diledi (4Ms 11:13—15). Hawa, igenç adamy öldürip hem bilýär. Halk Musa garşy igenende, Ýehowa muny özüne edilen ýaly hasaplady (4Ms 14:26—30). Ysraýyllaryň köpüsi igenendigi üçin heläk boldy.
Ruhy dürdäneler
it «Manna»
Manna
Görnüşi. Manna «kinzanyň tohumy ýaly akdy» we «ýakymly ysly şepbige meňzeýärdi». Şeýle-de «bal goşup bişirilen ýukajyk gatlaklynyň» ýa-da «süýji külçäniň» tagamyny berýärdi. Adamlar başda mannany degirmende üweýärdiler ýa sokuda döwýärdiler. Soňra ony gazanda gaýnadýardylar ýa-da ondan çörek bişirýärdiler (2Ms 16:23, 31; 4Ms 11:7, 8).
MART 22—28
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 13, 14
«Iman batyrgaý bolmaga kömek edýär»
w06 1/10 sah. 16, 17, abz. 5, 6
Imanymyz we Hudaýdan gorkýandygymyz üçin mertdiris
5 Emma içalylaryň ikisi Ýeşuw bilen Kaleb Wada edilen diýara girmäge taýyndy. Olar: «Ýurduň halky... biziň höregimizdir; olaryň goragy sowuldy ýöne Taňry biziň bilen; hawa olardan gorkmaň» diýdiler (Sanlar 14:9, MKS). Ýeşuw bilen Kaleb ýöne ýere mertmidi? Elbetde ýok. Olar ysraýyllylar bilen bile Ýehowanyň beýik Müsüre we onuň taňrylaryna on jeza berip masgaralanyny görüpdiler. Soňra olar Ýehowanyň faraon bilen onuň goşunyny Gyzyl deňzinde gark edendigini hem gördüler (Zebur 136:15). Diýmek on içalynyň we olaryň täsirine düşen adamlaryň gorkusyny bagyşlap bolmaýardy. Ýehowa olara: «Araňyzda eden bütin alamatlaryma garamazdan haçana çenli (Ysraýyl halky)maňa ynam etmejek?» diýip närazylygyny bildirdi (Sanlar 14:11).
6 Ýehowa kynçylygyň düýp sebäbini ýagny ysraýyllylaryň imanynyň gowşakdygy üçin gorkýandygyny görkezdi. Hawa iman bilen batyrlyk baglanyşykly. Ýahýa resul mesihçileriň ýygnagy we olaryň ruhy söweşi barada: «Dünýäden üstün çykan ýeňiş biziň imanymyzdyr» diýip ýazypdy (1 Ýahýa 5:4). Şu günler Ýeşuw bilen Kalebiň imany ýaly ýaş hem gartaşan sagdyn hem saglygy gowşak Ýehowanyň Güwäçileriniň alty milliondan gowragy bütin dünýäde hoş habary wagyz edýärler. Hiç bir duşman bu güýçli hem batyrgaý goşuny dymmaga mejbur edip bilmez (Rimliler 8:31).
Ruhy dürdäneler
it «Hudaýyň ysraýyllara beren ýurdy»
Hudaýyň ysraýyllara beren ýurdy
HUDAÝYŇ ysraýyllara beren ýurdy juda gowy ýurtdy. Musanyň Wada edilen ýurdy gözden geçirmek üçin iberen içalylary injir, nar we ullakan üzüm salkymyny alyp geldiler. Olaryň getiren üzümi şeýle bir uludy welin, ony «taýakdan asyp, iki adam bolup göterdiler». Içalylaryň käbiri imanynyň gowşakdygy üçin gorksa-da, olar: «Dogrudanam, süýt bilen bal akýan ýurt eken» diýip, boýun aldylar (4Ms 13:23, 27).
MART 29—APREL 4
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 15, 16
«Ulumsy hem özdiýenli bolmakdan gaça duruň»
Ýehowa sizi tanaýarmy?
12 Wada edilen diýara barýan ýolda Korah Ýehowanyň halkyna ýolbaşçylyk edişini nädogry hasaplaýar. Şonda 250 adam Korahyň tarapyna geçýär. Olar Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykdadyryn öýdýärdiler. Olar Musa şeýle diýdiler: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr» (San. 16:1—3). Olar özüne bil baglap, örän tekepbirlik etdiler. Musa olara: «Kime Onuň ýanyna golaýlaşmaga rugsat edilendigini Reb... aýan eder» diýdi (Sanlar 16:5-i okaň). Şol günüň ertesi Korah we onuň tarapdarlarynyň ählisi öldi (San. 16:31—35).
Ýehowa sizi tanaýarmy?
11 Geliň, häzir häsiýetleri gapma-garşy gelýän iki adam, ýagny Musa we Korah barada gürrüň edeliň. Bu bize ençeme ýyllap Ýehowanyň çykaran kararlaryna we eden işlerine hormat goýýandygymyza garamazdan, Ýehowanyň biz barada näme pikir edýändigine düşünmäge kömek eder. Korah lewi tiresiniň kohat urugyndandy. Ol Ýehowanyň ysraýyl halkyny Gyzyl deňzinde halas edenini gören bolmaly. Şeýle-de ol ysraýyllylaryň Sina dagynda gulak asmadyk adamlara Ýehowanyň çykaran höküminiň ýerine ýetişini görüpdi we Äht sandygyna jogapkärdi (Müs. çyk. 32:26—29; San. 3:30, 31). Görşümiz ýaly, ol ençeme ýyllap Ýehowa wepaly gulluk edipdir. Şonuň üçin hem ony ysraýyllylaryň köpüsi sylaýardy.
Ruhy dürdäneler
w98 1/9 sah. 20, abz. 1, 2
Wajyp zatlary birinji orunda goýuň!
Ýehowa bu meselä örän çynlakaý garaýardy. Şonuň üçin Ýehowa Musa: «Ol adamy hökman öldüriň» diýdi (4 Musa 15:35). Ýehowa ol adamyň etmişine näme üçin şeýle berk çäre gördükä?
Adamlara iýmit, egin-eşik we jaý ýaly gündelik işlerini etmek, şol sanda odun çöplemek üçin hem alty gün berlipdi. Ýedinji gün bolsa, olar ruhy işleri etmelidi. Elbetde, odun çöplemegiň özi nädogry däldi, ýöne Ýehowa sežde edilýän wagty şeýle iş etmek nädogrudy. Mesihçiler Töwratdaky tabşyryklar boýunça ýaşamasa-da, bu wakadan wajyp zatlary durmuşda birinji orunda goýmagyň möhümdigini öwrenýär (Filipililer 1:10).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Siz Şeýtany ýeňip bilersiňiz!
5 Tekepbirlik adamlar we Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýar; maslahaty pesgöwünlilik bilen kabul etmäge päsgel berýär (Zeb. 141:5). Ol «çendenaşa göwniýetijiligi» ýa-da «ulumsylyk bilen özüňi başgalardan ýokary tutmagy» aňladýar. Ýehowa tekepbirligi ýigrenýär (Ezek. 33:28; Amos 6:8). Emma Şeýtan şeýle häsiýetli adamlara begenýär, sebäbi olarda öz keşbini görýär. Şeýtan Nimrodyň, faraonyň we Abşalomyň tekepbirligini görüp begenendir (Gel. çyk. 10:8, 9; Müs. çyk. 5:1, 2; 2 Şam. 15:4—6). Tekepbir Kabyl hem Hudaýyň maslahatyny kabul etmändigi üçin günä edýär. Ol Ýehowanyň duýduryşyny kesirlik bilen ret edip, heläkçilige uçraýar (Gel. çyk. 4:6—8).
6 Şu günler adamlaryň tekepbirligi köp zatlarda görünýär. Tekepbirlik jynsparazlyk bilen berk baglanyşyklydyr. Bir sözlükde jynsparazlyk şeýle düşündirilýär: «Bu başga jynsly adamlara nädogry ýa-da duşmançylykly garamak; her jynsyň özüne mahsus häsiýetiniň hem ukybynyň bardygyna ynanmak we bir jynsy beýleki jynsdan beýik ýa-da pes hasaplamak». Adamlaryň jynsyna bolan buýsanjy gozgalançylyga, uruşlara we gyrgynçylyga eltýär.
APREL 5—11
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 17—19
«Seniň... mirasyň mendirin»
Siz Ýehowany öz paýyňyz edermisiňiz?
9 Ýerden miras almadyk lewileri ýada salalyň. Olar arassa seždä ýolbaşçylyk etmelidiler. Şol sebäpli olar Ýehowany öz paýy edinip, Onuň maddy taýdan alada etjekdigine bil baglaýardylar (San. 18:20). Biz ybadathanada ruhany we lewi bolup hyzmat etmesek-de, olardan görelde alyp, Ýehowa bil baglap bileris. Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, biz Hudaýyň alada etjekdigine has-da ynamly bolmaly (Ylh. 13:17).
Ýehowa meniň paýymdyr
4 Ýehowa Özüne hyzmat etdirmek üçin lewileri haçan saýlady we nädip olaryň paýy boldy? Ýehowa olara ýerden miras bermese-de, has gymmatly we örän wajyp ýumşy tabşyrdy. Olaryň mirasy, ýagny paýy «Ýehowa ruhanylyk hyzmatydy» (Ýeşuw 18:7). Sanlar kitabynyň 18-nji babyna görä, biz olaryň maddy zerurlyklarynyň kanagatlandyrylandygyny bilýäris (Sanlar 18:19, 21, 24-nji aýatlary okaň). Lewiler «edýän hyzmatlarynyň öwezine miras hökmünde ysraýyllaryň... berýän hemme zekadyny» alýardylar. Şeýle-de olara hasylyň we öý haýwanlarynyň ondan bir bölegi berilýärdi. Soňra lewiler-de alan zatlarynyň ondan birini we olaryň «iň gowusyny» ruhanylaryň zerurlyklary üçin bagyş etmelidiler (San. 18:21—29). Şeýle-de ruhanylar ysraýyl ogullarynyň Hudaýa sežde etmek üçin berilýän «ähli mukaddes sadakalaryny almalydylar». Şeýdip, ruhanylar Ýehowanyň olaryň aladasyny etjekdigine bil baglap bilerdiler.
Ruhy dürdäneler
g02 8/6 sah. 14, abz. 2
Duz — gymmatly önüm
Duz üýtgewsizligiň we hemişeligiň nyşanydy. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda «ebedilik ähte» başgaça «duz ähti» hem diýilýär (4 Musa 18:19, çykgyt). Adatça, äht baglaşylanda, taraplar bilelikde ähtiň nyşany hökmünde duz atyp bişirilen nahar iýýärdiler. Musanyň kanunyna görä, gurbanlyk hödürlenende hem oňa duz sepilýärdi. Bu zaýalanmazlygyň we çüýremezligiň nyşanydy.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Ähli zadyň Eýesine näme berip bileris?
4 Biz Ýehowany söýýändigimiz we oňa minnetdardygymyz üçin sowgatlary berýäris. Onuň biziň üçin eden işleri hakynda oýlananymyzda, haýran galýarys. Ybadathananyň gurluşygy üçin nämeleriň gerekdigini aýdanda, Dawut patyşa Ýehowa: «Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris» diýdi (1 Ýyl ýazgylary 29:11—14-nji aýatlary okaň).
5 Sowgatlary bermek bilen, biz Ýehowa sežde edýändigimizi görkezýäris. Ýahýa resul görnüşde Ýehowanyň gökdäki gullukçylarynyň: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhraty, hormaty, alkyşy almaga mynasypsyň. Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň, olar seniň islegiň bilen ýaşaýandyr we döredilendir» diýendiklerini eşidýär (Ylh. 4:11). Bizem iň gowy zatlarymyzy Ýehowa hödür etmek bilen, onuň şöhrata we hormata mynasypdygyny görkezýäris. Ýehowa Musa pygamber arkaly ysraýyl halkyna ýylda üç baýramçylygy bellemegi tabşyrýar. Bu baýramçylyga olar «eli boş barmaly» däldiler (Kan. tag. 16:16). Şu günlerem Ýehowanyň guramasynyň ýerdäki bölegini höwes bilen goldamak üçin sowgatlary bermek hakyky seždäniň esasy bölegi hasaplanýar.
6 Sowgatlary bermek biziň özümiz üçin hem peýdaly. Bu bize diňe bir almak däl, eýsem, bermekden şatlyk tapmaga kömek edýär (Resullaryň işleri 20:35-i okaň). Meselem, çaga özüne berilýän puldan ene-atasyna sowgat berse, olar nähili begener. Pioner bolup gulluk edýän ogly ýa-da gyzy ene-atasyna pul kömegini berende, olar hem begenýärler. Ene-atalar çagalaryndan muňa garaşmasa-da, olar berilýän sowgady alyp bilerler. Şeýdip, olar çagalaryna minnetdar bolmagy öwredýärler. Şonuň ýaly Ýehowa-da sowgat bermegiň biziň özümiz üçin peýdalydygyny bilýär.
APREL 12—18
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 20, 21
«Synaga uçranyňyzda ýumşaklygy saklaň»
Pespälligi agtaryň we Ýehowanyň göwnünden turuň
19 Ýalňyşlyk goýbermekden gaça durarys. Geliň, ýene-de Musa pygamber barada oýlanyp göreliň. Ol birnäçe ýyllap pespäl bolup, Ýehowanyň göwnünden turdy. Ýöne ol bir gezek gedemlik etdi. Bu waka ysraýyllylaryň çölde 40 ýyl sergezdan bolan döwrüniň ahyrynda bolupdy. Şol wagt Musanyň aýal dogany Merýem aradan çykypdy we Kadeşde jaýlanypdy. Şonda ysraýyllylar özleri hakda alada edilmeýändiginden nalap başlaýarlar. Bu gezek olar suwuň üstünde «Musa bilen dawalaşdylar». Ýehowanyň Musa arkaly görkezen ähli gudratlaryny we Musanyň şonça ýyllap gowy ýolbaşçylyk edendigini görübem halk hüňňürdedi. Olar diňe bir suw üçin zeýrenmän, suwsuz galandyklaryna hamala Musa günäkär ýaly, oňa igendiler (San. 20:1—5, 9—11).
Pespälligi agtaryň we Ýehowanyň göwnünden turuň
20 Şonda Musanyň gany depesine urup, ýumşaklygyndan nam-nyşan galmaýar. Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, iman bilen gaýa buýruk bermegiň deregine, Musa halka käýäp, gudraty hamala özi görkezen ýaly etdi. Soňra ol iki gezek hasasy bilen gaýa urdy we gaýadan suw şaglap akdy (Zeb. 106:32, 33). Musa gedemlik edip, gaharlanandygy üçin uly ýalňyşlyk goýberdi. Ol az wagtlyk pespäl bolmandygy üçin, Wada edilen diýara girip bilmedi (San. 20:12).
21 Biz bu wakadan özümize wajyp sapak edinýäris. Birinjiden, biz pespälligimizi hemişe ösdürip durmaly. Eger biz az salymlygam bolsa tekepbirligiň duzagyna düşsek, diýmesiz zady diýip, etmesiz işi ederis. Ikinjiden, gaýgy-hasrat çekenimizde, biz ejizläp bilýäris. Şol sebäpli iň kyn pursatlaram pespäl bolmaga jan etmeli.
w09 1/9 sah. 19, abz. 5
Dogrulygyň tarapyny berk tutýan kazy
Birinjiden, Hudaý Musa pygambere halka ýüzlenmegi we pitneçilere käýemegi tabşyrmandy. Ikinjiden, Musa bilen Harun Hudaýy şöhratlandyrmadylar. Ýehowa olara: «Ikiňiz... meni şöhratlandyrmadyňyz» diýdi (4 Musa 20:12). Musa: «Biz indi size... suw çykarmalymy?» diýende, gaýadan suwy gudrat bilen Hudaý däl-de, Harun ikisi akdyran ýaly edip görkezdi. Üçünjiden, Hudaýyň çykaran hökümi öňki hökümlerine laýyk gelýärdi. Hudaý öň hem pitne turzanlara Kengana girmäge ýol bermändi. Ol Musa bilen Haruna-da şeýle etdi (4 Musa 14:22, 23). Dördünjiden, Musa hem, Harun hem ysraýyllaryň ýolbaşçysydy. Olar jogapkärçilige bellenen adamlardan Hudaýyň has köp hasabat sorajakdygyna düşünmelidiler (Luka 12:48).
Ruhy dürdäneler
Siz adamlaryň ejizliklerine Ýehowa ýaly garaýarmysyňyz?
12 Şol wakalaryň hiç birinde-de Ýehowa Haruna temmi bermedi. Sebäbi ol Haruny agyr günä eden ýa-da erbet adam hasaplamady. Elbetde, Harun başgalaryň täsirine düşüp, dogry ýoldan sowuldy. Emma ol eden ýalňyşlyklaryna düşünende, Ýehowanyň çykaran hökümini ak ýürekden goldady (Müs. çyk. 32:26; San. 12:11; 20:23—27). Ýehowa Harunyň imanyny we ýürekden toba edýändigini görüp, ony bagyşlady. Mukaddes Ýazgylarda Harun we onuň nesilleri Ýehowanyň wepaly gullukçylary hökmünde agzalýar (Zeb. 115:10—12; 135:19, 20).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
g15 15/1 sah. 9
Gaharyňy nädip saklamaly?
Maksat goý. «Aý, nädeýin, meniň bolşum şeýle» diýmegiň deregine, öňüňde alty aýlyk maksat goý. Şol alty aýyň içinde nähili ösüş edendigiňi ýaz. Her sapar gaharyňy saklap bilmän özüňden çykanyňda, şu üç zady belle: 1)Näme boldy? 2)Sen özüňi nähili alyp bardyň? 3)Näme eden bolsaň, gowy bolardy we näme üçin? Soňra indiki sapar gaharyň gelende, näme etjekdigiňi ýaz. Maslahat: gazanan üstünlikleriň barada ýazgy ýöret. Gaharyňy saklanyňda, özüňi nähili duýandygyňy ýaz. (Prinsip: Koloslylar 3:8).
Garaş. Biri gaharyňy getirse, diliňe gelen zady aýtma. Biraz garaş. Uludan dem al. 15 ýaşly Erik şeýle diýýär: «Gaharym gelende, uludan dem alýan. Bu meni soň ökündirjek bir zady aýtmakdan ýa etmekden saklaýar». (Prinsip: Nakyllar 21:23).
Hemmetaraplaýyn oýlan. Adatça, gaharyň gelende, diňe özüňe täsir edýän tarapyny görýärsiň. Ýöne bolan ýagdaýyň başga taraplary hakda oýlanyp gör. Jessika şeýle diýýär: «Biri özüni gödek alyp barsa, munuň hökman bir sebäbi bolýar. Bu barada oýlanmak maňa onuň ýagdaýyna düşünmäge kömek edýär». (Prinsip: Nakyllar 19:11).
Gerek bolsa, ol ýerden git. Mukaddes Kitapda: «Uruş tursa, derýanyň bendi açylan ýalydyr, dawa-jenjel turmanka, ol ýerden gaýt» diýilýär (Nakyllar 17:14). Şu aýatda aýdylyşy ýaly, ýagdaýyň beterleşýändigini görseň, ol ýerden gaýdanyň gowy. Soňra bolan zatlar hakda oýlanyp, has gaharyň gelmez ýaly, bir zatlara güýmen. Daniýella şeýle diýýär: «Gaharym gelende köşeşip, özümi ele alar ýaly, maşk edýärin».
Göwnüňe alma. Mukaddes Kitapda: «Gaharlansaňyz-da, günä etmäň. Düşegiňizde oýlanyp, ümsüm ýatyň» diýilýär (Zebur 4:4). Üns beren bolsaň, gaharyň gelmegi adaty zat. Ýöne sen gaharyňa ýol berersiňmi?! Riçard şeýle diýýär: «Eger başgalar sebäpli gaharyňa ýol berseň, olaryň elinde oýnawaç ýaly bolarsyň. Çaga ýaly bolmasaň, olara üns bermeseň, gowy bolýan eken». Şeýtseň, gaharyň seniň üstüňden agalyk etmez, gaýtam sen onuň üstünden agalyk edersiň!
APREL 19—25
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 22—24
«Ýehowa gargyşy berekede öwürýär»
bt sah. 53, abz. 5
«Isa hakdaky hoş habary» wagyz edýäris
5 I asyrda bolşy ýaly, şu günler hem Hudaýyň halkyny yzarlasalar-da, dymdyryp bilmeýärler. Olary bir ýerden başga ýere göçürýärler, türmä basýarlar ýa-da başga ýurda sürgün edýärler. Ýöne bu zatlar hoş habaryň täze-täze ýerlerde wagyz edilmegine kömek etdi. Meselem, Ikinji jahan urşunda Ýehowanyň Şaýatlary nasistleriň konslagerinde gowy şaýatlyk etdiler. Şol ýerde Şaýatlar bilen oturan bir ýewreý adam şeýle diýdi: «Ýehowanyň Şaýatlarynyň batyrgaýlygy olaryň imanynyň Mukaddes Kitaba esaslanýandygyna ynamymy berkitdi. Şonuň üçin men hem Ýehowanyň Şaýady boldum».
it «Akylyňdan azaşmak»
Akylyňdan azaşmak
Ýehowa garşy çykýanlaryň akylsyzlygy. Bilgam pygamber akylsyz hereket edip, Mowabyň patyşasy Ballakdan pul almak maksady bilen ysraýyllara gargajak bolýar. Şonda Ýehowa onuň maksadyny puja çykarýar. Petrus resul «eşegiň ynsan dilinde gepläp, (Bilgam) pygamberi akylsyzlyk etmekden saklandygyny» aýdýar. Petrus Bilgamyň akylsyzlygyny suratlandyrmak üçin grekçe pa·ra·phro·niʹa diýen sözi ulanýar. Bu bolsa «kimdir biriniň akylyndan azaşandygyny» görkezýär (2Pe 2:15, 16; 4Ms 22:26—31).
Ruhy dürdäneler
w04 1/8 sah. 27, abz. 2
4 Musa kitabyndan peýdaly pikirler
4Ms 22:20—22. Ýehowa Bilgama näme üçin gaharlandy? Ýehowa Bilgama ysraýyl halkyna gargamaly däldigini aýdypdy (4 Musa 22:12). Emma pygamber ysraýyllara gargamagy ýüregine düwüp, Ballagyň iberen adamlary bilen gidýär. Ol mowaplaryň patyşasyna ýaranyp, ondan sylag-serpaý almak isleýärdi (2 Petrus 2:15, 16; Ýahuda 11). Bilgam ysraýyllara gargyş okamagyň deregine, patalamaly bolýar. Ýöne ol şonda-da patyşa ýaranjak bolup, oňa Ysraýylyň erkeklerini azdyrmak üçin Bagala sežde edýän aýallary ulanmagy maslahat berýär (4 Musa 31:15, 16). Bilgamyň çendenaşa açgözlügi sebäpli, Ýehowanyň oňa juda gahary geldi.
APREL 26—MAÝ 2
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 25, 26
«Bir adamyň eden işi köplere täsir edip bilýärmi?»
«Ahlaksyzlykdan gaçyň!»
BALYKÇY özüniň halaýan ýerine gelýär. Ol dürli balygy tutmakçy. Ol iýmiti saýlap, çeňňege ildirýär-de suwa atýar. Biraz salymdan ýüp çekilip, çeňňek gyşarýar welin, ol awuny çekip çykarýar. Balykçy iýmiti dogry saýlandygyna göz ýetirip ýylgyrýar.
2 B. e. öň 1473-nji ýylda Balam atly adam hem Hudaýyň halkyna garşy nähili mekirligi ulanjakdygyny köp oýlandy. Şol wagt Hudaýyň halky Wada edilen diýaryň araçäginde ýerleşýän Mowap düzlüginde düşläpdi. Balam özüni Ýehowanyň pygamberi saýýardy, ýöne aslynda, ol Ysraýyly näletlemek üçin satyn alnan açgöz adamdy. Emma Ýehowanyň goşulmagy bilen ol Ysraýyla diňe ak pata berdi. Balam islendik ýol bilen sylagyny almak isleýär. Eger ysraýyllylary agyr günä itersem, onda Hudaý öz halkyny näletlär diýip pikir edýär. Şu pikir bilen hem Balam mowaply aýallar arkaly duzak gurýar (Sanlar 22:1—7; 31:15, 16; Ylham 2:14).
«Ahlaksyzlykdan gaçyň!»
4 Bu betbagtçylyga näme sebäp boldy? Ysraýyllylaryň köpüsi azypdy, olar Müsürden azatlyga çykaran, çölde aladasyny eden we Wada eden diýaryna sag-aman elten Hudaýy Ýehowadan daşlaşdylar (Ýewreýler 3:12). Pawlus resul bu barada şeýle ýazdy: «Olaryň käbiri ýaly ahlaksyzlyk hem etmäliň, sebäbi ahlaksyzlyk edip, bir günde 23 müň adam heläk boldy» (1 Korinfliler 10:8).
Ruhy dürdäneler
it «Araçäk»
Araçäk
Taýpalara ýer paýlananda, iki zady göz öňünde tutýardylar: bije atýardylar hem-de adam sanyna seredýärdiler. Adatça, bije arkaly diňe taýpalaryň çen bilen eýelejek ýeri, meselem, demirgazyk, günorta, gündogar we günbatar tarapdadygy, düzlük ýa-da daglyk ýerdedigi anyklanýardy. Bije Ýehowanyň islegi bilen atylýandygy üçin, taýpalar bir-birine göriplik etmeli däldi ýa-da dawalaşmaly däldi (Nak 16:33). Şeýle-de bijäniň kömegi bilen, Hudaý Ýakup pygamberiň ölüminiň öň ýanynda 1 Musa 49:1—33-nji aýatlarda aýdan sözleriniň ýerine ýetmeginiň aladasyny etdi.
Bijäniň kömegi bilen, taýpalara nireden ýer berilmelidigi belli bolansoň, her taýpanyň adam sanyna görä ýeriň araçägi kesgitlenilýärdi. Mukaddes Kitapda: «Bije atyp, her maşgala ýer paýlaň. Uly maşgala köpräk, kiçi maşgala azrak beriň. Her kime bijesine düşen ýer miras berler. Taýpaňyza görä mülk alarsyňyz» diýilýär (4Ms 33:54). Ýer bilen bagly bije arkaly gelnen karary üýtgedip bolmaýardy. Emma ýeriň araçägini üýtgedip bolýardy. Mysal üçin, ýahuda taýpasyna düşen ýeriň gaty uludygy anyklananda, ony azaldyp, käbir ýerleri şimgon taýpasyna berildi (Ýuş 19:9).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w04 1/4 sah. 29
Okyjylaryň sowallary
Näme üçin 1 Korinfliler 10:8-de ahlaksyzlyk sebäpli bir günde 23 müň, Sanlar 25:9-da bolsa 24 müň ysraýylly heläk boldy diýilýär?
Şu iki aýatdaky sanlaryň tapawutlanmagynyň birnäçe sebäbi bolup biler. Muny şeýle ýönekeý düşündirip bolýar: takyk san 23 müň bilen 24 müňüň aralygy bolmaly we ony tegelemek üçin köpeldip ýa-da kemeldip bolýar.
Geliň, başga bir sebäbine seredeliň. Pawlus resul ahlaksyzlygyň giňden ýaýran şäheri bolan Korinfdäki mesihçilere duýdurmak üçin, Şitimde ysraýyllylar bilen bolan wakany ýatladýar. Ol şeýle ýazýar: «Olaryň käbiri ýaly ahlaksyzlyk hem etmäliň, sebäbi ahlaksyzlyk edip, bir günde 23 müň adam heläk boldy». Pawlus ahlaksyzlyk sebäpli Ýehowanyň jeza beren adamlarynyň sany 23 müň diýýär (1 Korinfliler 10:8).
Sanlar 25-nji bapda bolsa, «ysraýyllar Bagalpegor butuna özlerini bagyş etdiler. Ysraýyllaryň garşysyna Rebbiň gahary geldi» diýilýär. Soňra Ýehowa Musa pygambere «halkyň ähli ýolbaşçylaryny» jezalandyrmagy buýurýar. Musa hem muny serdarlara tabşyrýar. Pinehas düşelgä midýanly aýaly getiren adamy öldürende, «gyrgynçylyk togtadylýar». Bu wakanyň soňy şeýle sözler bilen gutarýar: «Gyrgynçylykdan eýýäm ýigrimi dört müň ysraýylly ölüpdi» (Sanlar 25:1—9).
Sanlar kitabynda agzalýan 24 müňe, serdarlaryň jezalandyran «halkyň ähli ýolbaşçylary», şeýle-de Ýehowanyň jeza beren adamlary degişli bolmaly. Serdarlaryň elinden müň ýolbaşçy öldürilýär we heläk bolanlaryň jemi sany 24 müň bolýar. Şol ýolbaşçylar ahlaksyzlyk etdiler, özge milletleriň baýramçylyklaryna gatnaşdylar ýa-da başgalaryň şeýle işleri etmegine ýol berdiler. Nähili bolaýanda-da, olar «Bagalpegor butuna özlerini bagyş edip», günä gazandylar.
Bir kitapda düşündirilişine görä, «bagyş etmek» diýen söz «kimdir birine baglanmagy» aňladýar. Ysraýyllylar Ýehowa bagyş edilen halk hasaplanýardy. Ýöne olar «Bagalpegor butuna özlerini bagyş edende» Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklaryny bozdular. Takmynan 700 ýyldan soň Ýehowa Hoşeýa pygamber arkaly ysraýyllylar barada şeýle diýdi: «Olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular» (Hoşeýa 9:10). Şeýle işleri edenler Hudaýyň agyr hökümine sezewar boldular. Musa pygamber ysraýyllylara şeýle diýdi: «Rebbiň Bagalpegorda näme edenini, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Bagalpegor butunyň yzyna eýerenleriň ählisini araňyzdan nähili ýok edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz» (Kanun taglymaty 4:3).