Imanymyz we Hudaýdan gorkýandygymyz üçin mertdiris
«Batyr we güýçli bol... Ýehowa Hudaý seniň bilendir» (ÝEŞUW 1:9).
1, 2. a) Adamyň gözi bilen garanyňda ysraýyllylaryň kenganlylary ýeňjegine umydy barmydy? b) Ýehowa Ýeşuwy nämä ynandyrdy?
B. E. ÖŇ 1473-nji ýylda Ysraýyl halky Wada edilen diýara girmelidi. Musa pygamber olary kynçylyk babatda şeýle duýdurdy: «Sen indi Ioardandan geçip senden uly we güýçli halklary uly we berkitmeleri göge ýetýän şäherleri... köp sanly we uzyn boýly Anakyň ogullaryny basyp almaga barýarsyň. Sen olar barada: «Anakyň ogullaryna garşy kim durup biler?» diýlenini eşidipdiň» (Kanunyň gaýtalanyşy 9:12). Hawa bu äpet uly esgerler barada nakyllarda hem aýdylýar! Galyberse-de käbir kenganlylaryň atly we arabaly arabalarynyň tigirlerinde demir çalgyly gowy ýaraglanan goşunlary bardy (Kazylar 4:13).
2 Ysraýyllylar gulçulykdan azat bolandan soň kyrk ýyl çölde gezdiler. Şonuň üçin adamyň gözi bilen garanyňda olaryň ýeňişe hiç hili umydy ýokdy. Emma Musa pygamber Hudaýa iman edýärdi. Ol Ýehowanyň ysraýyllylara ýolbaşçylyk edýänini görýärdi (Ýewreýler 11:27). Musa halka: «Ýehowa Hudaýyň seniň öňüňden barýar. . . Ol olary ýok eder we seniň öňüňde olary ýykar» diýdi (Kanunyň gaýtalanyşy 9:3; Zebur 33:16, 17). Musa ölenden soň Ýehowa Ýeşuwy goldajakdygyny aýdyp şeýle diýdi: «Sen we bütin halk turuň-da Iordan derýasyndan geçip Meniň Ysraýyl ogullaryna beren ýurduma gidiň. Ömrüňiň ähli günlerinde hiç kim seniň öňüňde durup bilmez; Meniň Musa bilen bolşum ýaly seniň bilen-de bolaryn» (Ýeşuw 1:2, 5 MKS).
3. Näme sebäpden Ýeşuw batyr we berk imanlydy?
3 Ýeşuw Ýehowanyň görkezmesini we goldawyny almak üçin Hudaýyň kanunyny okamalydy ol barada oýlanyp şonuň esasynda ýaşamalydy. Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Şonda sen üstünlik gazanarsyň we paýhasly hereket edersiň. . . Men saňa şeýle tabşyrýaryn: güýçli bol batyr bol gorkma heder etme çünki nirä gitseň Taňryň seniň bilendir (Ýeşuw 1:8 9 MKS). Ýeşuwyň Hudaýa gulak asanlygy sebäpli ol güýçlüdi batyrdy we üstünlik gazanýardy. Emma onuň döwründäki ysraýyllylaryň köpüsi Ýehowa gulak asmadylar. Netijede olar «üstünlik gazanman» çölde öldüler.
Imansyz we batyr däl halk
4, 5. a) On içalynyň garaýşy Ýeşuw bilen Kalebiň garaýşyndan nädip tapawutlanýardy? b) Ýehowa halkyň iman etmeýändigine nähili garady?
4 Ysraýyl halky kyrk ýyl mundan ozal Kengan ýurduna birinji sapar golaýlaşanda Musa 12 sany adamy içaly edip iberdi. Içalylar yzyna gaýdyp gelende olaryň onusy gorkudan ýaňa: «Biziň gören adamlarymyzyň bary uzyn boýly; ol ýerde biz äpet adamlaryň neslinden bolan Anakyň ogullaryny äpet adamlary gördük; olaryň ýanynda biz özümizi çekirtge ýaly duýduk» diýip gygyryşdylar. Dogrudanam diňe bir Anakyň ogullary däl «ähli halk» ähli adamlar äpetmidi? Ýok. Anakyň ogullary bolsa Tupandan öň ýaşan äpet adamlaryň neslimidi? Elbetde ýok! Ýöne olaryň ulaldyp aýdan sözleri bütin Ysraýyl halkyny gorkuzdy. Olar hatda gulçulykda bolan ýurduna Müsüre dolanmakçydylar! (Sanlar 13:31—14:4).
5 Emma içalylaryň ikisi Ýeşuw bilen Kaleb Wada edilen diýara girmäge taýyndy. Olar: «Ýurduň halky. . . biziň höregimizdir; olaryň goragy sowuldy ýöne Taňry biziň bilen; hawa olardan gorkmaň» diýdiler (Sanlar 14:9 MKS). Ýeşuw bilen Kaleb ýöne ýere mertmidi? Elbetde ýok. Olar ysraýyllylar bilen bile Ýehowanyň beýik Müsüre we onuň taňrylaryna on jeza berip masgaralanyny görüpdiler. Soňra olar Ýehowanyň faraon bilen onuň goşunyny Gyzyl deňzinde gark edendigini hem gördüler (Zebur 136:15). Diýmek on içalynyň we olaryň täsirine düşen adamlaryň gorkusyny bagyşlap bolmaýardy. Ýehowa olara: «Araňyzda eden bütin alamatlaryma garamazdan haçana çenli [Ysraýyl halky] maňa ynam etmejek?» diýip närazylygyny bildirdi (Sanlar 14:11).
6. Iman bilen batyrlygyň nähili baglanyşygy bar we ony şu günler nämeden görse bolýar?
6 Ýehowa kynçylygyň düýp sebäbini ýagny ysraýyllylaryň imanynyň gowşakdygy üçin gorkýandygyny görkezdi. Hawa iman bilen batyrlyk baglanyşykly. Ýahýa resul mesihçileriň ýygnagy we olaryň ruhy söweşi barada: «Dünýäden üstün çykan ýeňiş biziň imanymyzdyr» diýip ýazypdy (1 Ýahýa 5:4). Şu günler Ýeşuw bilen Kalebiň imany ýaly ýaş hem gartaşan sagdyn hem saglygy gowşak Ýehowanyň Güwäçileriniň alty milliondan gowragy bütin dünýäde hoş habary wagyz edýärler. Hiç bir duşman bu güýçli hem batyrgaý goşuny dymmaga mejbur edip bilmez (Rimliler 8:31).
Biz yza çekilýänlerden däldiris
7. «Yza çekilmek» nämäni aňladýar?
7 Şu günler Ýehowanyň gullukçylary hoş habary gorkman we batyrgaý wagyz edýärler çünki olaryň garaýşy Pawlus resulyňky ýaly. Pawlus şeýle ýazdy: «Biz yza çekilip heläklenýänlerden däl-de iman edip gutulýanlardandyrys» (Ýewreýler 10:39). Pawlusyň «yza çekilip» diýen sözi wagtlaýyn gorkyny aňlatmaýar. Sebäbi Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsinde şeýle gorky bolýar (1 Patyşalar 21:12; 3 Patyşalar 19:1—4). Mukaddes Ýazgylaryň bir sözlüginde «yza çekilmek» «yza gitmek daşlaşmak» «hakykata gowşak ýapyşmak» diýip düşündirilýär. Şol sözlüge görä «yza çekilýän» adam göçme manyda «ýelkenini düşürip haýal ýöräp» Hudaýa gulluk edýär. Elbetde imany güýçli gullukçylar yzarlansa-da saglygy gowşasa-da ýa-da başga synaglara duçar bolsalar-da «haýal ýöremek» olaryň hyýalynda-da ýok. Gaýtam olar Ýehowanyň olaryň aladasyny edýändigini we kynçylyklaryny bilýändigini unutman yhlas bilen oňa gulluk etmegi dowam edýärler (Zebur 55:22; 103:14). Senem şeýle iman edýärmiň?
8, 9. a) Ýehowa I asyrdaky mesihçileriň imanyny nädip berkitdi? b) Imanymyzy berkitmek üçin näme edip bileris?
8 Bir sapar resullar imanynyň gowşaklygyny duýup: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýip Isadan haýyş etdiler (Luka 17:5). Ol resullaryň haýyşyna jogap berdi aýratynam b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde şägirtlere wada edilen mukaddes ruh inende Hudaýyň Sözüne we niýetine çuň düşünmäge kömek etdi (Ýahýa 14:26; Resullaryň işleri 2:1—4). Şägirtleriň imany berkäp olar yzarlamalara garamazdan yhlas bilen hoş habary «gök astyndaky bütin ýaradylyşa» wagyz etdiler (Koloseliler 1:23; Resullaryň işleri 1:8; 28:22).
9 Biz imanymyzy berkitmek we yhlas bilen wagyz etmek üçin Hudaýyň Sözüni öwrenmeli ol barada oýlanmaly we doga arkaly mukaddes ruhy dilemeli. Biz diňe Ýeşuwyň Kalebyň we I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýerip Hudaýyň hakykatyny aňymyzda ýüregimizde ornaşdyrar ýaly jan etmeli. Şonda ruhy söweşde çydap ýeňer ýaly batyrgaýlyk berýän imanymyz bolar (Rimliler 10:17).
Hudaýa ýöne iman etmek ýeterlikli däl
10. Iman etmek näme?
10 Hudaýyň geçmişdäki gullukçylarynyň mysalyndan görnüşi ýaly batyrgaý çydamly bolmak üçin Hudaýyň bardygyna ýöne bir iman etmek ýeterlikli däl (Ýakup 2:19). Munuň üçin Ýehowany tanamaly we oňa doly bil baglamaly (Zebur 78:5—8; Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6). Biz bütin ýüregimiz bilen Hudaýyň kanunlarynyň we prinsipleriniň peýdalydygyna ynanmaly (Işaýa 48:17, 18). Şeýle-de iman etmek Ýehowanyň ähli wadalaryny ýerine ýetirjekdigine we «Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna» ynanmagy aňladýar (Ýewreýler 11:1, 6; Işaýa 55:11).
11. Ýeşuw bilen Kaleb imany we batyrgaýlygy üçin nähili bereketler aldy?
11 Şeýle iman gitdigiçe artýar. Eger biz hakykat boýunça ýaşasak onuň peýdasyny «datsak» dogalarymyzyň eşidýändigini «görsek» hem-de Ýehowanyň başga ýollar bilen ýaşaýşymyza görkezme berýändigine ünsli bolsak imanymyz artar (Zebur 34:8; 1 Ýahýa 5:14, 15). Ýeşuw bilen Kalebiň Ýehowanyň ýagşylygyny dadandygy sebäpli imanlarynyň berkändigine ynanyp bileris (Ýeşuw 23:14). Mysal üçin Hudaýyň wada edişi ýaly olar çölde kyrk ýyl sergezdanlyga döz geldiler (Sanlar 14:27—30; 32:11, 12). Kengan ýurduny basyp alanlarynda olar alty ýyl söweşe aktiw gatnaşdylar. Olar uzak ýaşap tut ýaly sagdyndylar özüne ýer hem miras aldylar. Ýehowa wepaly we batyrgaý gullukçylaryna bol bereket berýär! (Ýeşuw 14:6, 9—14; 19:49, 50; 24:29).
12. Ýehowa sözüni nädip belent edýär?
12 Ýehowanyň Ýeşuw bilen Kalebe eden ýagşylyklary bize mezmurçynyň: «Sen adyňy sözüňi her zatdan belent etdiň» diýen sözlerini ýatladýar (Zebur 138:2). Haçan-da Ýehowanyň wadasy öz ady bilen bagly bolanda ol ony «belent» ýerine ýetirýär. Başgaça aýdanda biziň edýän tamalarymyzdan üstün gelýär (Efesliler 3:20). Hawa «Rebde keýplenýän» adamyň hiç haçan lapykeç bolmaz (Zebur 37:3, 4).
Hudaýyň «halaýan» adamy
13, 14. Näme üçin Hanoga iman we batyrgaýlyk gerekdi?
13 Biz Hudaýyň geçmişdäki gullukçysy Hanogyň mysalyna seredip onuň iman bilen batyrgaýlygyndan köp zatlary öwreneris. Entek Hanoh pygamberlik edip başlamanka imanynyň we batyrgaýlygynyň synaljakdygyny bilýärdi. Näme üçin? Sebäbi Erem bagynda Hudaýyň gullukçylarynyň we Şeýtan Iblisiň gullukçylarynyň arasynda duşmançylyk bolar diýip Ýehowa pygamberlik edipdi (Barlyk 3:15). Şeýle hem Hanoh adamzat taryhynyň başlangyjynda Kabylyň dogany Habyly öldürende bu duşmançylygyň başlanandygyny bilýärdi. Olaryň atasy Adam ata Hanok doglandan soň takmynan ýene 310 ýyl ýaşapdy (Barlyk 5:3—18).
14 Öňünden aýdylan duşmançylyga garamazdan Hanok «Hudaýyň huzurynda» batyrgaý gezdi we adamlaryň Ýehowa garşy aýdýan «paýyş sözlerini» ýazgardy (Barlyk 5:22; Ýahuda 14, 15). Hakyky seždäni gaýduwsyz gorandygy üçin onuň duşmanlary köpelip janyna howp abanan bolmaly. Şonuň üçin Ýehowa pygamberini azaply ölümden gorady. Ýehowa Hanoga «Hudaýyň halaýan» adamydygyna güwälik edenden soň mümkin pygamberlik görnüş görkezip ony ýaşaýyşdan ölüme aldy (Ýewreýler 11:5, 13; Barlyk 5:24).
15. Hanok häzirki mesihçilere nähili gowy görelde galdyrdy?
15 Pawlus resul Hanogyň ýaşaýyşdan «alnandygy» barada aýdandan soň: «Iman etmezden Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir» diýip imanyň wajypdygyny görkezdi (Ýewreýler 11:6). Hawa Hanogyň güýçli imany Ýehowanyň huzurynda batyrgaý gezmäge hem-de Hudaýsyz dünýäde hökümleri yglan etmäge kömek etdi. Bu babatda Hanok bize gowy görelde galdyrdy. Şu günler biz hem hakyky seždä garşy çykýan we erbetlikden doly dünýäde şeýle ýumşy ýerine ýetirmeli (Zebur 92:7; Matta 24:14; Ylham 12:17).
Batyrgaý bolmak üçin Hudaýdan gorkmaly
16, 17. Abadýa kimdi we ol nähili ýagdaýda Ýehowa gulluk edýärdi?
16 Batyrgaý bolmak üçin diňe bir iman etmeli däl eýsem Hudaýdan hem gorkmaly. Geliň Ylýas pygamberiň we Ysraýylyň demirgazyk patyşalygynda höküm süren Ahap patyşanyň günlerinde ýaşan hudaýhon adamyň galdyran oňat göreldesine seredeliň. Ahap patyşanyň höküm sürýän döwründe demirgazyk patyşalykda Baal taňrysyna sežde etmek giňden ýaýrapdy. Şol wagt Baalyň 450 sany pygamberi hem-de jyns organyna sežde edýän 400 sany pygamber Ahabyň aýaly «Izebeliň saçagyndan» iýmitlenýärdi (3 Patyşalar 16:30—33; 18:19).
17 Izabel Ýehowanyň ganym duşmany bolup ýurtda hakyky seždäni ýok etjek bolýardy. Ol Ýehowanyň birnäçe pygamberlerini gyrdy hatda Ylýasy hem öldürjek boldy ýöne ol Hudaýyň görkezmesi bilen Iordan derýasynyň beýleki tarapyna geçip halas boldy (3 Patyşalar 17:1—3; 18:13). Demirgazyk patyşalygynda hakyky seždäniň tarapyny tutmak nähili kyn bolandygyny göz öňüne getirip biljekmi? Eger sen patyşanyň köşgünde hyzmat edýän bolsaň näme? Köşkde baştutanlyk edýän Hudaýhon Abadýaa bolsa edil şeýle ýagdaýda Ýehowa gulluk edýärdi (3 Patyşalar 18:3).
18. Abadýa Ýehowanyň gullukçysy hökmünde näme bilen tapawutlanýardy?
18 Elbetde Abadýa paýhasly we hüşgärlik bilen Ýehowa sežde edýärdi. Ýöne ol imanyndan dänmedi. 3 Patyşalar 18:3-de şeýle diýilýär: «Abadýa Ýehowadan gaty gorkýardy». Dogrudan-da Abadýa gaty hudaýhondy! Şeýle gorkynyň täsiri esasynda ol batyrgaýdy. Ol bu häsiýetini aýratynam Izebel Ýehowanyň pygamberlerini öldürende görkezdi.
19. Abadýanyň batyrgaýlygy nämede aýan boldy?
19 3 Patyşalar 18:4-de şeýle diýilýär: «Izebel Ýehowanyň pygamberlerini gyranda Abadýa ýüz pygamberi alyp elli adamdan gowaklarda gizläp olary çörek hem-de suw bilen iýmitlendirýärdi». Ýüz adamy gizlin iýmitlendirmek örän howply bolandyr. Abadýanyň edýän işlerini diňe Ahap bilen Izebel däl eýsem ýygy-ýygydan köşge gelýän 850 pygamber hem görüp bilerdi. Galyberse-de butparaz adamlaryň köpüsi (garamaýak ýehudylardan başlap şazadalara çenli) Abadýa hakynda patyşa we melikä höwes bilen şugullap bilerdiler. Muňa garamazdan Abadýa butparazlaryň gözüniň alnynda Ýehowanyň pygamberlerini gerekli zatlar bilen üpjün edýärdi. Hudaýdan gorkmaklyk nähili batyrgaý edýär!
20. Abadýanyň batyrgaýlygy oňa nädip kömek etdi we sen ondan nähili görelde alyp bilersiň?
20 Abadýa Hudaýdan gorkup batyr bolany üçin Ýehowa ony duşmanlaryndan goran bolmaly. Süleýmanyň tymsallary 29:25-de: «Adamdan gorkmak duzak getirýändir; Rebbe bil baglaýan bolsa aman bolar» diýilýär. Abadýa ýönekeý adamdy. Ol tutulyp öldürilmeginden gorkýardy onuň ýerinde bolsak biz hem gorkardyk (3 Patyşalar 18:7—9 12). Her niçik-de bolsa onuň Hudaýdan gorkýandygy oňa batyrgaý bolmaga we adamdan gorkusyny ýeňmäge kömek etdi. Abadýanyň mysaly biziň üçin aýratynam azatlygyna we janyna howp salýan ýagdaýda Ýehowa sežde edýän gullukçylar üçin gowy görelde (Matta 24:9). Geliň biz hem «takwalyk hem gorky bilen» Ýehowa gulluk edeliň! (Ýewreýler 12:28).
21. Indiki makalada nämä serederis?
21 Batyr bolmak üçin diňe Hudaýa iman etmek we ondan gorkmak ýeterlikli däl. Söýgi has hem köp güýç berýär. Pawlus resul: «Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de güýç söýgi nebsiňe buýurma ruhuny berendir» diýdi (2 Timoteos 1:7). Indiki makalada şu ahyrky kyn günlerde Ýehowa batyrgaýlyk bilen gulluk etmäge söýginiň nädip kömek etjekdigine serederis (2 Timoteos 3:1).
a Abadýa pygamber däl.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Ýeşuw bilen Kalebe batyrgaý bolmaga näme kömek etdi?
• Hakyky iman näme?
• Hanok näme üçin Hudaýyň hökümi barada gorkman yglan edýärdi?
• Hudaýdan gorky batyr bolmaga nädip kömek edýär?