«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
MAÝ 3—9
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 27—29
«Hiç kimi ala tutmaýan Ýehowadan görelde alyň»
Ýehowanyň häsiýetlerini gymmat saýyň
14 Bu bäş gyz Musanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Ogly bolmanlygy üçin, kakamyzyň ady öz urugynyň arasyndan ýitip gidäýmelimi? Kakamyzyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan bize-de mülk beriň». Musa olara: «Düzgüne kaýyl bolmaly bolarsyňyz» diýdimi? Ýok. Ol «bularyň dawasyny Rebbiň dykgatyna ýetirdi» (San. 27:2—5). Ýehowa bu meseläni nähili çözdi? Ol Musa şeýle diýdi: «Selophadyň gyzlarynyň diýýäni dogry, sen hökman olara kakalarynyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan mülk ber hem-de kakalarynyň ýer paýyny olara geçir». Şeýle-de Ýehowa Musa ýer paýlanyşyk düzgünine düzediş girizmegi tabşyryp, şeýle diýdi: «Ysraýyllara-da aýt, eger bir adam ölse we onuň yzynda ogly galmasa, onda onuň mülki gyzyna geçirilmelidir» (San. 27:6—8; Ýeş. 17:1—6). Şeýlelikde, bu girizilen düzediş ysraýylly aýal-gyzlara gorag bolmalydy.
Ýehowanyň häsiýetlerini gymmat saýyň
15 Hawa, Ýehowanyň gelen karary, Onuň hiç kimi ala tutmaýandygyny görkezdi! Ol kyn ýagdaýa düşen gyzlara başga ysraýyllylara bildirişi ýaly, hormat bildirdi (Zeb. 68:5). Mukaddes Ýazgylardaky bu waka wajyp hakykaty aýan edýär: Ýehowa hiç bir gullukçysyny ala tutmaýar (1 Şam. 16:1—13; Res. iş. 10:30—35, 44—48).
Ýehowanyň häsiýetlerini gymmat saýyň
16 Biz Ýehowanyň ala tutmazlyk häsiýetine nädip eýerip bileris? Ýadyňyzda bolsa, bu häsiýetiň iki aýratynlygy bar. Eger-de biz ýüzgörmezek garaýyşly bolsak, diňe şonda başgalary ala tutman bileris. Ähtimal, biz özümizi ala tutmaýan adam hasaplaýandyrys. Ýöne adamlara bolan garaýşymyzyň nähilidigine dogry baha bermek hemişe aňsat däl. Onda kimdir birini başgalardan ýokary tutmaýandygymyzy nädip barlap bileris? Isa özi barada adamlaryň näme pikir edýändigini bilmek üçin, ynamdar dostlaryndan: «Maňa — Ynsan Ogluna adamlar kim diýýärler?» diýip sorady (Mat. 16:13, 14). Biz hem Isanyň göreldesine eýerip bilerismi? Hiç kimi ala tutmaýandygyňy bilmek üçin, dogrusyny çekinmän aýdýan dostuňdan sorap bilersiň. Eger ol seniň az-owlak milletparaz garaýşyň bardygyny, adamlaryň jemgyýetde tutýan ornuna üns berip, baýlygyna görä baha berýändigiňi aýtsa näme etmeli? Ýehowa öz duýgularyň barada ýürekden doga et. Onuň ala tutmazlyk häsiýetine eýerip, garaýşyňy özgertmek üçin, Ondan kömek sora (Mat. 7:7; Kol. 3:10, 11).
Ruhy dürdäneler
it «Sadaka»
Sadaka
Şerap sadakasy. Ysraýyllar Hudaýyň wada beren ýurdunda mesgen tutansoň, Ýehowa üçin gurbanlyklar hem-de beýleki sadakalar bilen bilelikde şerap sadakasyny hem berýärdiler (4Ms 15:2, 5, 8—10). Şerap sadakasy üzümden (serhoş ediji täsiri bar) alynýardy. Ony gurbanlyk ojagyna dökýärdiler (4Ms 28:7, 14; deňeşdiriň: 2Ms 30:9; 4Ms 15:10). Pawlus resul Filipidäki imandaşlaryna şeýle ýazdy: «Men şerap sadakasy kimin gurbanlyk ojagyna dökülip, özümi mukaddes gulluga, ýagny size iman etmäge kömek eden gulluga bagyş etmeli bolsam-da, muňa begenerin». Ol özüni şerap sadakasy bilen deňeşdirip, dogan-uýalar üçin wagtyny hem güýjüni bermäge taýyndygyny aýtdy (Flp 2:17). Pawlus ölüminiň öň ýanynda-da Timoteosa: «Men gurbanlyk ojagyna şerap sadakasy kimin dökülýärin, dünýäden ötmeli wagtym hem golaýlaşýar» diýip ýazdy (2Tm 4:6).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Ýehowa nähili sadakany kabul edýär?
Gadymy döwürdäki ysraýyllar Musa pygambere berlen kanunda ýazylan ähli gurbanlyklary we sadakalary bermek bilen Ýehowa sežde edýändigini we älem-jahanyň Hökümdary hasaplaýandygyny görkezýärdiler. Şeýle-de Ýehowanyň goraýandygyna, ak pata berýändigine hem-de günälerini bagyşlaýandygyna minnetdarlygyny bildirýärdiler. Olar sežde bilen bagly Ýehowanyň talaplaryny näçe gowy berjaý etseler, şonça-da köp bereket alýardylar (Nakyllar 3:9, 10).
Emma Ýehowa üçin halkyň getirýän gurbanlyklary däl-de, olary nähili niýet bilen berýändigi has wajypdy. Ýehowa Hoşeýa pygamber arkaly şeýle diýdi: «Men gurbanlyklary däl-de, wepaly söýgini has gowy görýärin. Ýakma gurbanlygyny däl-de, Hudaý barada bilim almagyny isleýärin» (Hoşeýa 6:6). Eger halk Ýehowanyň aýdyşy ýaly sežde etmän günäli işlere baş goşsa, bigünä gana galsa, onda olaryň Ýehowa üçin berýän gurbanlyklarynyň hiç hili gymmaty bolmaýardy. Şol sebäpli Ýehowa Işaýa pygamber arkaly ysraýyllara: «Köp gurbanlyk berseňiz-de, maňa näme peýdasy bar? Ýakma gurbanlygy hökmünde berýän goçlaryňyzdan, baga bakylan mallaryňyzyň ýagyndan doýdum. Öküzçeleriň, guzularyň, geçileriň ganyndan bizar boldum» diýdi (Işaýa 1:11).
MAÝ 10—16
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 30, 31
«Wadaňy berjaý et»
it «Wada»
Wada
Meýletin berlen wadany hökman berjaý etmeli. Adatça, wada höwes bilen berilýär. Eger adam bir zady wada beren bolsa, Hudaýyň kanuny boýunça sözünde hökman tapylmalydy. Wada berýän adam janyndan kasam içýärdi. Görşümiz ýaly, wada berýän adam janyny girewine goýýardy (4Ms 30:2; Rim 1:31, 32). Diýmek, wada adamyň jany bilen baglanyşykly bolsa, Mukaddes Kitapda söz bermezden öň oýlanyp, ähli ýagdaýy ölçermelidigi hakda duýduryş berilýär. Sebäbi ol öz boýnuna uly jogapkärçilik alýar. Töwratda: «Ýehowa Hudaýyňyza näme wada berseňiz, soňa goýman berjaý ediň... Ýehowa Hudaýyňyz beren wadaňyzy sizden talap eder. Wada bermeseňiz, günä galmarsyňyz» diýilýär (5Ms 23:21, 22).
it «Wada»
Wada
Hudaýa wada ýa-da söz bermek diýlende, gurbanlyk, sowgat bermegi, özüňi bir iş ýa-da Hudaýa gulluk etmek üçin bagyş etmegi, bir şerti kabul etmegi, Kanunda gadagan edilmeýän zatlary ýa-da işleri etmezligi aňladýar. Adam öz islegi bilen wada berýär. Bir zady wada etmek kasam içmek bilen deň görülýärdi. «Wada» bilen «kasam» manydaş söz bolup, käte Mukaddes Kitapda bilelikde ulanylýar (4Ms 30:2; Mat 5:33). Wada bermek — niýetiňi açyk aýtmak, kasam içmek bolsa — birine ýa-da ýokary derejeli adama aýdýan sözleriň dogrudygyny we möhümdigini aýtmak. Kasam içenlerinde köplenç äht baglaşýardylar (1Ms 26:28; 31:44, 53).
w04 1/8 sah. 27, abz. 3
4 Musa kitabyndan ruhy dürdäneler
30:6—8. Şu günler mesihçi maşgalabaşy aýalyny beren wadalaryndan dändirip bilýärmi? Ýehowa şu günlerem gullukçylarynyň berýän wadalaryna çynlakaý seredýär. Mysal üçin, her bir adam özüni Ýehowa bagyş etmegi wada berip, suwa çümdürilmek kararyna gelýär (Galatýalylar 6:5). Şol sebäpli maşgalabaşynyň aýalynyň beren wadalaryny soňa goýmaga ýa-da dändirmäge haky ýok. Aýal hem Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelýän zatlary, işleri we aýallyk borçlaryny ýerine ýetirmezlik hakda wada bermeli däl.
Ruhy dürdäneler
it «Ýeftah»
Ýeftah
Gadym döwürde adamlar Ýehowanyň mukaddes çadyrynda hyzmat eder ýaly özlerini Hudaýa bagyş edýärdiler. Ene-atalaryň hem şeýle gulluk üçin çagalaryny bagyş etmäge haky bardy. Hanna hem ogly Şamuwele göwrelikä, ony mukaddes çadyrda gulluk etmäge bagyş etdi. Hannanyň beren wadasyny Alkana hem goldady. Şamuwel süýtden aýrylansoň, Hanna ony çadyrda goýup gaýtdy. Şonda ol mal gurbanyny hem berdi (1Şm 1:11, 22—28; 2:11). Hudaýyň neziri hökmünde bagyş edilen çagalaryň biri Şimşondy (Ser 13:2—5, 11—14). Şeýle-de 4Ms 30:3—5, 16-njy aýatlarda Ýeftahyň öz gyzyny Ýehowa gulluk etmäge bagyş edendigi hakda aýdylýar.
MAÝ 17—23
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 32, 33
«Ýurduň ilatyny kowup çykaryň»
w10 1/8 sah. 23
Şuny bilýäňizmi?
Töwratda köp agzalýan «seždegähler» nähili ýer bolupdyr?
Ysraýyllar wada edilen ýurda girmezden öň, Ýehowa şol ýurtda ýaşan kenganlaryň ýalan taňrylara sežde edýän ýerlerini ýok etmegi aýtdy. Hudaý olara: «Ýurduň... daşdan ýasalan we guýma butlaryny döwüp, seždegählerini ýumruň» diýip tabşyrdy (4 Musa 33:52). Seždegähler baýyrlykda, elde gurlan depelerde, agaçlaryň aşagynda ýa-da şäherlerde hem bolýardy (1 Patyşalar 14:23; 2 Patyşalar 17:29; Hyzkyl 6:3). Seždegählerde gurbanlyk ojaklary, keramatly sütünler, keramatly pürsler, butlar, tütetgi ýakylýan ojaklar we başga-da zatlar bardy.
Ysraýyllaryň goýberen ýalňyşyny gaýtalamaň
Biz hem ysraýyllaryňky ýaly howply duzaklara düşüp bilýäris. Adamlar şu günler hem butlara sežde edýärler. Olara pul, meşhur adamlar, sport ýyldyzlary, syýasatçylar, ady belli dini ýolbaşçylar, hatda maşgala agzalary degişli. Eger biz şeýle adamlaryň janköýerleri bolsak, olar biziň üçin hudaý ýaly bolar. Biz Ýehowany söýmeýän adamlar bilen dostlaşsak, Hudaý bilen dostlugymyzy ýitireris.
Gadymy döwürde Bagal taňrysyna sežde edýänler ahlaksyzlyk edýärdiler. Olar Hudaýyň halkyny hem ahlaksyzlyk etmäge iterýärdiler. Şeýtan şu günlerem Hudaýyň halkyny şeýle duzaga düşürýär. Meselem, şu günler öýden çykman, kompýuterden ýa-da telefondan ahlaksyz zatlary görüp, aňsatlyk bilen günä edip bolýar. Köp mesihçiler hem pornografiýa görüp, Hudaýyň öňünde arassa ynsaply bolup bilmeýärler.
it «Kengan»
Kengan
Ýuşa «Musanyň aýdyşy ýaly, Ýehowanyň ähli tabşyrygyny birkemsiz ýerine ýetirip», kenganlylary ýok etdi (Ýuş 11:15). Ýöne ysraýyl halky Ýuşanyň buýruklaryna gulak asmadylar, ýurtdaky ýalan taňrylara çokunýan ähli adamlary ýok etmediler. Kenganlylaryň Hudaýyň halkynyň arasynda ýaşamagy olary dogry ýoldan sowdy. Şonda kenganlylaryň ählisini ýok etmelidigi baradaky kanuna gulak asmadyk ysraýyl halky jenaýatçylyk, ahlaksyzlyk, butparazlyk edip, heläkçilige uçradylar. Iň erbedi bolsa, Ýehowa wepaly galyp bilmediler (4Ms 33:55, 56; Ser 2:1—3, 11—23; Zb 106:34—43). Ysraýyllar Ýehowanyň beren kada-kanunlaryna sowuk-sala seretmeli däldiler. Olara mesgen tutan ýurdundaky kenganlylar bilen garyndaşlyk açmak gadagandy. Eger ysraýyllar kenganlylar bilen garyndaşlyk açsalar, olaryň ýalan taňrylara sežde edip başlardylar we nejis işleri ederdiler. Şeýdip, kenganlylara çykarylan ölüm hökümi olaryň öz başyna inerdi. Şonda ysraýyl halkynyň özi-de «ýurtdan kowlardy» (2Ms 23:32, 33; 34:12—17; 3Ms 18:26—30; 5Ms 7:2—5, 25, 26).
Ruhy dürdäneler
it «Serhet»
Serhet
Ysraýyl taýpalaryna mülk paýlanlarynda bije atýardylar. Şeýle-de haýsy taýpa näçeräk ýer bermelidigi şol taýpadaky adamlaryň sanyna hem baglydy. Şol sebäpli Hudaý olara şeýle tabşyryk berdi: «Bije atyp, her maşgala ýer paýlaň. Uly maşgala köpräk, kiçi maşgala azrak beriň. Her kime bijesine düşen ýer miras berler» (4Ms 33:54). Bije atylyp, ýer paýlanandan soň, üýtgeşmeler girizýärdiler. Mysal üçin, ýahuda taýpasynyň paýyna düşen mülküň tutýan ýeri gaty uludy. Şol sebäpli olaryň mülküniň käbir bölegi şimgon taýpasyna berildi (Ýuş 19:9).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w09 1/10 sah. 30, çarçuwa
HUDAÝYŇ AK PATA BEREN URUŞLARY
I asyrda mesihçiler ýygnagy döremezden öň Ýehowa ysraýyllary halky edip saýlapdy we olara goşun ýygnap, söweşmegi buýurýardy. Ýehowa Ybraýym pygambere kenganlylaryň ýurduny mülk edip berjekdigini wada beripdi. Ysraýyllar şol ýurda girmezden öň Ýehowa şeýle tabşyryk berdi: «Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary (ýedi halky) eliňize berer, olary derbi-dagyn edersiňiz. Olaryň baryny gyryň, olar bilen ylalaşyk baglaşmaň ýa-da dözmezçilik etmäň» (5 Musa 7:1, 2). Serkerdebaşy Ýuşanyň ýolbaşçylygynda ysraýyllar «Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň tabşyryşy ýaly» ähli duşman halklaryň üstünden ýeňiş gazandylar (Ýuşa 10:40).
Ýöne ysraýyllaryň şol halklary gyryp, ýerlerini basyp almagyna zalymlyk diýse bolarmy? Elbetde, ýok! Şol halklar ýalan taňrylara çokunýardylar, nähak ýere gan dökýärdiler we ahlaksyzlyk edýärdiler. Hatda olar çagalaryny otda gurban berýärdiler (4 Musa 33:52; Ýermeýa 7:31). Ýehowa mukaddes, adalatly bolandygy we halkyny ýürekden söýýändigi üçin wada beren ýurduny ähli erbetlikden arassalamak isledi. Emma Ýehowa hiç bir serkerdebaşynyň görüp bilmejek zadyny görýärdi. Ol erbet ýoluny taşlap, dogry ýoldan ýöremek isleýän her bir adamyň ýüregini görüp, olary halas edýärdi.
MAÝ 24—30
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 34—36
«Ýehowany pena ediniň»
Siz Ýehowadan pena gözleýärsiňizmi?
4 Ysraýyllylara bigünä dökülen gan babatda nähili görkezme berlipdi? Adam birini bilmän öldürenem bolsa, ol ganhor hasaplanýardy (Gel. çyk. 9:5). Şonuň üçin öldürilen adamyň hossary ondan ar almaz ýaly, oňa alty sany gaçybatalga şäherleriň birine gaçmaga rugsat berilýärdi. Şeýdip, ol janyny halas edip bilýärdi we baş ruhany aradan çykýança, şol şäherden çykmaly däldi (San. 35:15, 28).
Siz Ýehowadan pena gözleýärsiňizmi?
6 Kimdir birini tötänden öldüren adam, ilki bilen, gaçan «galasynyň girelgesinde, derwezäniň agzynda durup, şol galanyň ýaşulularyna eşitdirip, öz ýagdaýyny habar bermelidi». Galanyň ýaşaýjylary ony kabul etmelidi (Ýeş. 20:4). Biraz wagtdan ony wakanyň bolan ýerindäki ýaşulularyň ýanyna eltmelidi we işini şol ýaşulular derňemelidi (Sanlar 35:24, 25-nji aýatlary okaň). Diňe adamy tötänden öldürendigi anyklanansoň, ol gaçybatalga şäherine dolanyp bilýärdi.
Siz Ýehowadan pena gözleýärsiňizmi?
13 Gaçybatalga şäheri gaçgak adama gorag berýärdi. Şeýle şäherler barada Ýehowa: «Galalar ganhorlar üçin... gaçybatalga bolsun» diýdi (Ýeş. 20:2, 3). Ýehowa tötänden gan döken adamy etmişi üçin indi höküm etmeýärdi, öldürilen adamyň hossary hem onuň janyny almak üçin şähere girip bilmeýärdi. Gaçgak adam bolsa etmişi üçin jeza çekerin öýdüp, gorkuda ýaşamaýardy. Sebäbi şäheriň içinde ol howpsuzlykda ýaşap, Ýehowanyň penasynda bolýardy. Gaçybatalga şäherlerine tussaghana diýsek nädogry bolardy. Ol ýere gaçan adama işlemäge, başgalara kömek etmäge we Ýehowa arkaýyn gulluk etmäge mümkinçilik berilýärdi. Hawa, günäkär adam üçin asuda we şatlykly durmuşda ýaşamak mümkindi!
Ruhy dürdäneler
w91 15/2 sah. 13, abz. 13
Töleg gurbany hemme adamlar üçin berildi
13 Emma Adam ata bilen How enä töleg gurbanynyň hiç hili peýdasy degmez. Musa pygambere berlen kanunda şeýle tabşyryk bardy: «Ölüme höküm edilen ganhor üçin töleg almaň, hökman öldüriň» (4 Musa 35:31). Aslynda, Adam ata aldanmady, ol bilgeşleýin günä etdi (1 Timoteos 2:14). Ol öz nesliniň ganhory hasaplanýar. Adam atanyň günäsi zerarly tutuş adamzat bikämil bolup, ölüme höküm edilipdi. Adam ata ölüm jezasy berilmegi adalatlydy, sebäbi ol kämil bolubam Hudaýyň kanuny bilgeşleýin bozdy. Eger Ýehowa Adam ata töleg gurbanyndan peýdalanmaga ýol beren bolsa, onda adalatsyzlyk etdigi bolardy. Ýöne Adam atanyň nesilleri töleg gurbanyndan peýdalanyp, günäden azat bolup bilýärler (Rimliler 5:16). Şeýlelikde, diňe günäniň başyny başlan adama töleg gurbanynyň hiç hili peýdasy degmeýär. Isa Mesih Adam atanyň nesillerini günäden azat eder ýaly «her bir adam üçin öldi» (Ýewreýler 2:9; 2 Korinfliler 5:21; 1 Petrus 2:24).
MAÝ 31—IÝUN 6
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 1, 2
«Siz Hudaýyň wekili hökmünde höküm çykarýaňyz»
w96 15/3 sah. 23, abz. 1
Ýehowa adalaty hem dogruçyllygy söýýär
Ýygnak ýaşulularyna günä edýän dogan-uýalara höküm çykarmak tabşyryldy (1 Korinfliler 5:12, 13). Emma olar höküm çykaranlarynda, adalatly Hudaýyň mümkin bolan ýagdaýlarda rehimdarlyk bildirýändigini ýatdan çykarmaýarlar. Eger günä eden adam toba etmeýän bolsa, onda rehimdarlyk bildirmek hökman däl. Emma ýaşulular toba etmeýänleri gaharyna ýa-da ar almak üçin ýygnak gatnaşygyndan kesmeýärler. Olar günä eden dogan-uýalary ýygnak gatnaşygyndan kesilende, akylyna aýlanyp, yzyna dolanarlar diýip umyt edýärler (Hyzkyl 18:23-i deňeşdiriň). Isa Mesihiň hökümdarlygynda ýaşulular adalaty dikeltmekde kömek ederler we her bir dogan-uýa üçin «ýelden gorag bolarlar» (Işaýa 32:1, 2). Ine, şonuň üçin ýaşulular hiç kimi ala tutman, paýhasly bolmaly (5 Musa 1:16, 17).
w02 1/8 sah. 9, abz. 4
Ýehowanyň bellän adamlaryna boýun boluň
4 Kazylardan diňe bir Kanuny bilmek talap edilmeýärdi. Olar hem bikämil bolandygy üçin diňe özüni bilmeklik, adamlary ala tutmaklyk we açgözlük ýaly häsiýetlerini ýeňmelidiler. Sebäbi şeýle häsiýetler zerarly kazylar dogry karar çykaryp bilmezdiler. Şol sebäpli Musa pygamber olara: «Höküm çykaranyňyzda, hiç kimi ala tutmaň. Garybyň arzyny-da baýyň arzyny diňleýşiňiz ýaly diňläň. Adamdan gorkmaň, sebäbi siz Hudaýyň wekili hökmünde höküm çykarýaňyz» diýdi. Görşümiz ýaly, kazylar Ýehowanyň adyndan höküm çykarýardylar. Şeýlelikde, olar Hudaý tarapyn berlen hormatly borjy ýerine ýetirýärdiler (5 Musa 1:16, 17).
Ruhy dürdäneler
Ýehowanyň ýatlatmalary ygtybarlydyr
9 Ysraýyllylar «ýowuz çölüň» içinde kyrk ýyl sergezdan bolanlarynda, Ýehowa olara nädip görkezme berjekdigini, gorajakdygyny we aladasyny etjekdigini jikme-jik aýtmandy. Emma ysraýyl halky Ýehowa we Onuň görkezmelerine doly bil baglap bilýärdi, sebäbi Ýehowa ynama mynasyp Hudaýdygyny gaýta-gaýta görkezdi. Ýehowa gündizine bulut, gijesine ot sütüni arkaly halkyna ýol görkezýärdi. Şeýdip, Ol ysraýyllylary howply we ýowuz çölüň içinde gorap durýandygyny ýatladýardy (Kan. tag. 1:19; Müs. çyk. 40:36—38). Ýehowa olaryň zerurlyklarynyň-da aladasyny edýärdi. «Olaryň eşikleri könelmeýärdi, aýaklary gabarmaýardy». Hakykatdan-da, olar «hiç zada zar» bolmandylar (Neh. 9:19—21).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Nägilelik bildirýänleri diňlemäň we özüňizem nägile bolmaň
Başgalaryň nägilelik bilen aýdýan sözleri bize täsir etmegi mümkin (Kanun taglymaty 1:28-i okaň). Ysraýyllylar Müsür gulçulygyndan ýaňy çykypdylar. Ýehowa gudrat arkaly on jezany gazaply halkyň üstünden inderýär we soňra fyrowny hem-de onuň goşunyny Gyzyl deňzine gark edýär (Müs. çyk. 12:29—32, 51; 14:29—31; Zeb. 136:15). Indi Hudaýyň halky Wada edilen diýara girmäge taýyndy. Emma ol ýere girmegiň öňüsyrasynda ysraýyllylar Ýehowa nägile bolup başlaýarlar. Muňa näme sebäp bolýar? Wada edilen diýary barlamaga giden içalylaryň nägilelik bilen aýdan sözleri olara täsir edýär (San. 14:1—4). Netijede, «gowy ýurda» girmäge bütin halka rugsat berilmeýär (Kan. tag. 1:34, 35). Käte biz hem başgalaryň nägileligine imanymyzy gowşatmaga ýol berýärismi we Ýehowanyň biziň üçin edýän işlerine zeýrenip başlaýarysmy?
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
g17.5 sah. 4
Tebigy betbagtçylyk hemme adamlaryň başyna inip bilýär. Şonuň üçin öňünden taýýarlyk görmeli. Nädip taýýarlanmaly?
• Özüňizi taýýarlaň. Siz hem-de dogan-garyndaşlaryňyzyň howply ýagdaýa düşüp biler. Muňa tebigy betbagtçylykdan soň düşünmek örän giç bolar.
• Tebigy betbagtçylyklar barada biliň. Ýaşaýan ýeriňizde nähili tebigy betbagtçylyklaryň bolup biljekdigini öňünden anyklaň. Gaçyp gutular ýaly howpsuz ýerleri öňünden tapyň. Jaýyňyzyň berk gurlandygyna we howpsuz ýerde ýerleşýändigine göz ýetiriň. Öýüňizden tiz ýanýan zatlary çykaryň. Öýde ýangyn bolanda, duýduryş berýän enjamy ýylda bir gezek barlap, batareýasyny çalşyp duruň.
• Gerekli zatlary taýýarlaň. Tebigy betbagtçylyk bolanda, tok, suw, aragatnaşyk ulgamy kesilip biler we ulaglar ýöremezligi mümkin. Eger siziň ulagyňyz bar bolsa, onuň hemişe ýangyçly bolmagynyň aladasyny ediň. Şeýle-de suw hem-de tiz zaýalanmaýan iýmitleri we ilkinji kömek üçin dermanlary taýýarlap goýuň (şeýle-de: «Tebigy betbagtçylyk üçin niýetlenen sumkaňyz taýýarmy?» diýen çarçuwa serediň).
• Telefon belgiler. Dogan-garyndaşlaryňyzyň, tanyş-bilişleriňiziň telefon belgileri hemişe el ýüzde dursun.
• Howply ýagdaýda öňünden taýýarlanyň. Ýaşaýan jaýyňyzda, işleýän edaraňyzda we çagalaryňyzyň okaýan mekdeplerinde girelgeleriň hem-de çykalgalaryň nirede ýerleşýändigini bilip goýuň. Duýdansyz betbagtçylyk bolanda, maşgalaňyz bilen nirede görüşjekdigiňizi öňünden gepleşiň. Şol ýerleriň biri ýaşaýan ýeriňiziň töwereginde, beýleki görüşjek ýeriňiz bolsa has uzagrakda bolmaly. Belki, mekdepde ýa-da kitaphanada görşüp bilersiňiz. Döwlet işgärleri-de tebigy betbagtçylyk bolmazdan öň, şol ýerlere baryp gaýtmagy maslahat berýär.
• Başgalara kömek ediň. Garrylara hem-de maýyplara nädip kömek etmelidigi hakda öňünden oýlanyň.
IÝUN 7—13
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 3, 4
«Ýehowanyň kada-kanunlary paýhasly hem adyldyr»
it «Düşünje»
Düşünje
Mukaddes Kitaby gowy öwrenip, şol boýunça ýaşasak, mugallymlardan we köpi gören ýaşy uly adamlardanam has düşünjeli bolup bileris (Zb 119:99, 100, 130; deňeşdiriň: Luk 2:46, 47). Sebäbi Hudaýyň her bir kada-kanuny, hökümi birkemsiz we adama akyl-parasatly bolmaga kömek edýär. Ysraýyllar Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý edýän wagtlary goňşy halklar olary «paýhasly we düşünjeli halk» hasaplaýardylar (5Ms 4:5—8; Zb 111:7, 8, 10; deňeşdiriň: 1Pa 2:3). Düşünjeli adam Hudaýyň Sözüne taý gelip biljek kitabyň ýokdugyna düşünýär we Hudaýy razy edip ýaşar ýaly, ondan kömek soraýar (Zb 119:169). Hudaýyň Sözi düşünjeli adamyň ýüreginde kök urýar (Mat 13:19—23). Ol Mukaddes Kitapdaky ýazylan zatlary ýüregi bilen kabul edýär (Nak 3:3—6; 7:1—4). Şeýle-de «ähli egri ýollary ýigrenmegi» öwrenýär (Zb 119:104). Hudaýyň Ogly hem ýer ýüzünde ýaşanda, düşünjelidigini iş ýüzünde görkezdi. Ol jebir pürsünde gynalyp öldürilmäge taýyndy. Sebäbi Mukaddes Kitapda onuň şeýle ölüm bilen ölmelidigi pygamberlik edilipdi (Mat 26:51—54).
w99 1/11 sah. 20, abz. 6, 7
Jomartlyk bilen beriň
Süleýman patyşanyň akyldarlygy hakda eşiden we ony öz gözi bilen gören şa aýaly Şeba: «Seniň parasatly sözleriňi diňleýän... hyzmatkärleriň nähili bagtly!» diýdi (1 Patyşalar 10:4—8). Ol Süleýmanyň hyzmatkärlerine aýşy-eşretde ýaşaýandygy üçin bagtly diýjek bolmady. Ýöne olar dogrudan-da köşkde bolelinlikde ýaşaýardylar. Iň wajyby, Süleýmanyň hyzmatkärleri onuň parasatly sözlerini günde eşidip bilýärdiler. Şeba şa aýaly Hudaýyň gullukçylary üçin hem gowy görelde galdyrdy. Biz Ýehowanyň we Ogly Isa Mesihiň akyldarlygyndan köp zatlary öwrenip, bagtly bolup bilýäris!
Şa aýaly Şebanyň: «Ýehowa Hudaýyňa şöhrat bolsun!» diýen sözlerinden ýene bir wajyp pikire üns bereliň (1 Patyşalar 10:9). Belki-de, ol Süleýman patyşanyň Ýehowanyň kömegi bilen akyldar bolandygyna düşünen bolmaly. Şondan birnäçe asyr öň Ýehowa halkyna: «Ähli kanunlarymy we hökümlerimi... gyşarnyksyz ýerine ýetiriň. Şonda başga milletler hem siziň kanunlaryňyz hakda eşidip, paýhasly we düşünjeli halkdygyňyzy görer. Olar: „Dogrudanam, ysraýyllar beýik, paýhasly we düşünjeli halk“ diýer» diýipdi (5 Musa 4:5—7).
Siz «Hudaýyň nazarynda baýmysyňyz»?
13 Ýehowa halkyna bereket berende, iň gowusyny berýär (Ýakup 1:17). Mysal üçin, Ýehowa ysraýyllylara ýaşamak üçin ýer berende, «bal we süýt akýan ýeri» berdi. Müsür ýurdy hem şeýle suratlandyrylsa-da, Ýehowanyň ysraýyllylara beren ýeri has tapawutlanýardy. Musa ol ýer barada ysraýyllylara: «Ýehowa Hudaýyňyz aladasyny edýär» diýdi. Başgaça aýdanyňda, Ýehowa ysraýyllylaryň aladasyny edýändigi sebäpli, olar gülläp ösmelidi. Ysraýyllylar Ýehowa wepalykalar, bol ak pata alyp, goňşy halklardanam juda gowy ýaşaýardylar. Hakykatdan-da, Ýehowanyň «berekedi baý edýär!» (Sanlar 16:13; Kanunyň gaýtalanyşy 4:5—8; 11:8—15).
Ruhy dürdäneler
w04 15/9 sah. 25, abz. 3
5 Musa kitabyndan ruhy dürdäneler
4:15—20, 23, 24. Ýehowanyň şu kanuny sungatçylyk bilen meşgullanmagy gadagan edýärmi? Elbetde, ýok. Kanunda sežde etmek üçin bir zadyň şekilini ýasamazlyk ýa-da suratyny çekmezlik göz öňünde tutulypdy. Mukaddes Kitapda sungatçylyk bilen meşgullanmak, ýagny surat çekip, heýkel ýasamak gadagan edilmeýär (1 Patyşalar 7:18, 25).
IÝUN 14—20
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 5, 6
«Çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň»
w05 15/6 sah. 20, abz. 11
Ene-atalar, çagalaryňyzyň hemmetaraplaýyn aladasyny ediň
11 Çagalary terbiýelemek diýlende, 5 Musa 6:5—7-nji aýatlar ýadyňyza düşýändir. Şol aýatlarda ene-atalaryň ilki özleriniň Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmalydygy, ony ýürekden söýmelidigi we Hudaýyň sözlerini hemişe ýüreginde saklamalydygy aýdylýar. Görşümiz ýaly, ene-atalar, siz Mukaddes Kitaby yzygiderli okap, okan zatlaryňyz barada çuňňur oýlanmaly. Şeýtseňiz, Ýehowanyň etjek işlerine, kada-kanunlaryna we tabşyryklaryna doly düşünersiňiz. Netijede, Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryňyzy hemişe ýüregiňizde saklap bilersiňiz. Ýehowany ýürekden söýersiňiz, ony begendirersiňiz we ýüregiňiz şatlykdan dolar. Şeýle-de öwrenen zatlaryňyzy çagalaryňyzyň aňyna we ýüregine guýup bilersiňiz (Luka 6:45).
Çagalaryma hakyky bilimi almaga nädip kömek edip bilerin?
Siziň arzuw-niýetleriňiz, gyzyklanýan we gymmat saýýan zatlaryňyz diňe bir sözüňizden däl-de, edýän işleriňizden hem görünýär (Rimliler 2:21, 22). Adatça, adam çagalykdan ene-atasyny synlap, olardan köp zatlary öwrenýär. Çagalar ene-atasynyň nämäni gowy görýändigine üns berýärler we olar üçinem şol zatlar wajyp bolýar. Siz Ýehowany ýürekden söýseňiz, çagalaryňyzam siziň göreldäňize eýererler. Mysal üçin, olar siziň Mukaddes Kitaby yzygiderli okaýandygyňyzy we çuňňur oýlanýandygyňyzy görüp, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýandygyňyza göz ýetirerler (Matta 6:33). Ene-atalar, siz ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp, Hudaýyň hoş habaryny yhlasly wagyz etseňiz, çagalaryňyza Ýehowa gulluk etmegi wajyp saýýandygyňyzy subut edersiňiz (Matta 28:19, 20; Ýewreýler 10:24, 25).
w05 15/6 sah. 21, abz. 14
Ene-atalar, çagalaryňyzyň hemmetaraplaýyn aladasyny ediň
14 5 Musa 6:7-de aýdylyşy ýaly, ene-atalar çagalaryna Hudaý barada her dürli ýagdaýda öwredip bilýär. Mysal üçin, maşgala bolup gezelenje gidenlerinde, öýüň işini edenlerinde, dynç alanlarynda çagalaryna öwretmäge köp mümkinçilik bolýar. Ýöne çagalara Mukaddes Kitapdaky hakykatlary öwretjek bolup, diňe ony et, muny et diýip ýöremeli däl. Gaýtam, çagalara gyzykly bolar ýaly, başga-da ruhlandyryjy temalar hakda gürrüň etmeli. Mysal üçin, «Oýanyň!» žurnalynda her dürli gyzykly temalar bar. Şondaky makalalarda haýwanlaryň gurluşy, owadan tebigat, her dürli halklaryň medeniýeti we ýaşaýşy barada okap, Ýehowanyň häsiýetleri hakda gürrüň açyp bolýar. Ene-atalar şeýle gyzykly temalar hakda köpräk gürrüň etseler, çagalar «wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň» çykarýan edebiýatlaryny has köp okamak islärler (Matta 24:45—47).
Ruhy dürdäneler
Ýehowanyň gadymy ysraýyl halkyna bolan söýgüsi hem adalatlylygy
11 Biziň üçin sapak: Ýehowa adamyň diňe bir daş keşbini däl-de, onuň içki dünýäsini, ýagny ýüregini görýär (1 Şam. 16:7). Adam Hudaýdan ne pikirini, ne duýgularyny, ne-de hereketini gizläp bilýär. Ol biziň gowy häsiýetlerimizi görýär we olary ösdürmegimize garaşýar. Şeýle-de ol nädogry bir iş etmänkäk, ýaramaz pikirlerimizi görüp, olary aýyrmagymyzy isleýär (2 Ýyl. 16:9; Mat. 5:27—30).
IÝUN 21—27
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 7, 8
«Olar bilen garyndaşlyk açmaň»
Hudaý näme üçin imandaşymyz bilen durmuş gurmagy talap edýär?
Ýehowa Şeýtanyň gadymy döwürlerden bäri hudaýhon adamlary ýalan taňrylara sežde etdirmek üçin mekirlik bilen duzak gurýandygyny bilýär. Ol Hudaýyň gullukçylaryny Ýehowa iman etmeýän adamlar bilen durmuş gurmaga iterýär. Şonuň üçin Ýehowa halkyna: «Olar ogullaryňyzy başga taňrylara sežde etdirip, menden daşlaşdyrar» diýip duýduryş berdi. Ýehowa gulluk etmeýän adamlar bilen durmuş gurmak örän howpludy. Eger ysraýyllar olar bilen garyndaşlyk açsalar, ýalan taňrylara sežde edip, Ýehowanyň gaharyny getirerdiler. Şonda Ýehowa olary duşmanlaryň elinden halas etmezdi. Hudaýyň halky ýok edilen bolsa, wada edilen Mesih hem gelmezdi. Görşümiz ýaly, Şeýtanyň ysraýyllary imansyz adamlar bilen durmuş gurmaga itermeginiň esasy maksady şudy.
w15 15/3 sah. 30, 31
«Rebde» durmuş gurmak boş arzuwmy?
Mukaddes Ýazgylarda diňe «Rebde» durmuş gurmaly diýip maslahat berilýär. Näme üçin? Ýehowa peýdaly zatlary öwredýär. Ol halkynyň ejir çekmegini däl-de, bagtly bolmagyny isleýär. Meselem, Nehemýanyň günlerinde ýehudylar Ýehowa iman etmeýänler bilen durmuş gurýarlar. Nehemýa olara Süleýman patyşanyň eden ýalňyşlygyny ýatladýar. Süleýman patyşa «Hudaýyň halany» bolsa-da, «keseki milletden bolan aýallar oňa günä etdirdiler» (Neh. 13:23—26). Görşümiz ýaly, Allatagalanyň durmuş gurmak babatda beren maslahaty bize gorag bolýar (Zeb. 19:7—10; Iş. 48:17, 18). Mesihçiler Hudaýyň berýän görkezmesine eýerip, minnetdar bolmaly. Şeýdip, olar Ýehowanyň ýolbaşçylygyna we hökümdarlygyna tabyn bolýandygyny görkezýärler (Sül. tym. 1:5).
«Soňky günlerde» kimler bilen gatnaşýarsyňyz?
12 Durmuş gurmak isleýän mesihçiler kimler bilen gatnaşýandygyna has-da ünsli bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. Çünki dogrulygyň şer iş bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nuruň tümlük bilen näme ýoldaşlygy bar?» (2 Kor. 6:14) Mukaddes Ýazgylarda özüne taý gözleýän mesihçilere diňe Rebde — Ýehowa özüni bagyş edip, suwda çokundyrylan we Onuň islegine görä ýaşaýan adam bilen durmuş gurmak maslahat berilýär (1 Kor. 7:39). Rebde durmuş gurýan dogan-uýalar aýypsyz galmaga kömek edýän we Ýehowa wepaly ýanýoldaş saýlaýarlar.
Ruhy dürdäneler
w04 1/2 sah. 13, abz. 4
Ýehowa biziň aladamyzy her gün edýär
4 Biz Hudaýdan her günki iýjek çöregimizi soraýşymyz ýaly ruhy iýmitimizi hem bermegini dilemeli. Isa pygamber 40 günläp agyz bekläninden soň örän ajygypdy. Şonda Şeýtan Iblis ony synap, daşy çörege öwürmegini sorady. Isa şeýle jogap berdi: «„Adam diňe çörek bilen däl, Ýehowanyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr“ diýip ýazylgy» (Matta 4:4). Isa Musa pygamberiň aýdan sözlerine salgylanypdy. Musa pygamber ysraýyllara: «Ol size pesgöwünli bolmagy öwretdi. Hudaý siziň açlyk çekmegiňize ýol berip, adamyň diňe çörek bilen däl, eýsem Ýehowanyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandygyny düşündirdi. Sizi özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da ömründe görmedik mannasy bilen ekledi» diýdi (5 Musa 8:3). Ýehowa gökden manna ýagdyrmak bilen, ysraýyllaryň diňe bir garnyny doýurman, olara wajyp zat öwretjek boldy. Ýehowa: «Her kim çykyp, gündeki iýjegini ýygnasyn» diýip tabşyrdy. Ysraýyllar gulak asman, gereginden artyk ýygnanlarynda, manna porsap gurçuklaýardy (2 Musa 16:4, 20). Emma olar Sabat güni üçin mannany iki esse ýygnanlarynda, iýmit zaýalanmaýardy (2 Musa 16:5, 23, 24). Görşümiz ýaly, ysraýyllar her gezek manna ýygnanlarynda, Ýehowa gulak asmalydygyna we ýaşaýşynyň diňe bir çörege däl-de, «Ýehowanyň agzyndan çykýan her bir sözüne» baglydygyna düşünýärdiler.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Ýehowany unutmaň
Ysraýyllylar Wada edilen diýara girmänkä, Ýehowa özüni unutmazlygy duýdurdy. Ol şeýle diýdi: «Meniň saňa şu gün berýän tabşyryklarymy, hökümlerimi we kararlarymy berjaý etmegi goýup, Hudaýyň Ýehowany unutmakdan ägä bol. Ýogsam, doýup iýeniňde, gowy jaýlar salyp olarda ýaşanyňda, uly-kiçi sürüleriň, altyn-kümşüň we her hili emlägiň köpelende, ýüregiň şatlanyp, şonda Hudaýyň Ýehowany unudarsyň» (Kanunyň gaýtalanyşy 8:11—14).
Şu günlerem şeýle bolup bilermi? Birinji orunda nämäni goýmalydygyny bilmesek, elbetde, bolup biler. Öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtarsak, onda hakyky sežde durmuşymyzda iň wajyp orun tutar. Biz Pawlusyň aýdyşy ýaly, «pursatdan peýdalanmaly» we gullugymyzyň gaýragoýulmasyz işdigine düşünmeli (Koloseliler 4:5; 2 Timoteos 4:2). Eger-de göwün açmalary ýa-da wagtyňy hoş geçirmekligi, ýygnakdan we wagyzdan ileri tutsak, onda Ýehowany unudyp, ol ikinji orna geçer. Pawlus soňky günlerde adamlar «lezzeti Hudaýdan köp söýýän [bolar]» diýdi (2 Timoteos 3:4). Mesihçiler şeýle düşünjeleriň täsirine düşmez ýaly, özlerini hemişe barlap durýarlar (2 Korintoslylar 13:5).
IÝUN 28—IÝUL 4
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 5 MUSA 9, 10
«Ýehowa Hudaýyňyz sizden näme isleýär?»
w09 1/10 sah. 10, abz. 3, 4
Ýehowa bizden näme isleýär?
Bize Hudaýa höwes bilen gulak asmaga näme kömek edip biler? Musa pygamber munuň bir usulyny aýtdy. Ol: «Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkuň» diýdi (5 Musa 10:12). Ýöne bu aýatdaky gorky erbet iş edenden soň gorkup sandyramagy däl-de, Hudaýy ynjytmakdan gorkmagy aňladýar. Eger biz Ýehowa çuňňur hormat goýsak, ony närazy etmekden gorkarys.
Diýmek, Hudaýa gulak asmagymyzyň esasy sebäbi näme? Musa pygamber: «Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp, bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz bilen gulluk ediň» diýdi (5 Musa 10:12). Hudaýa bolan söýgi diňe bir duýga däl-de, has köp zada bagly bolýar. Bir sözlükde şeýle düşündirilýär: «„Duýgy“ diýen ýewreý sözi duýga esaslanyp edilýän hereketleri hem aňladýar». Şeýlelikde, Hudaýy söýmek onuň üçin söýgi bilen bir zatlar etmegi görkezýär. Başgaça aýtsak, eger biz Hudaýy ýürekden söýsek, ony begendirmek üçin elimizde baryny ederis (Nakyllar 27:11).
w09 1/10 sah. 10, abz. 6
Ýehowa bizden näme isleýär?
Biz Ýehowa ýürekden gulak assak, aljak bereketlerimiziň sany-sajagy bolmaz. Musa: «Ýehowanyň men arkaly berýän tabşyryklaryny, kada-kanunlaryny berjaý ediň. Şonda görjegiňiz gowy bolar» diýdi (5 Musa 10:13). Hawa, Ýehowa biziň peýdamyz üçin kada-kanunlary berdi. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Hudaý söýgüdir» diýilýär (1 Ýahýa 4:8). Ýehowanyň berýän her bir kada-kanunyna gulak assak, biz hemişe bereket alarys (Işaýa 48:17). Biz Ýehowanyň tabşyryklaryna eýersek, köp kynçylyklaryň öňüni alarys we gelejekde Hudaýyň Patyşalygynda eşretli durmuşda ebedi ýaşarys.
cl sah. 16, abz. 2
Siz Hudaý bilen dostlaşyp bilýärsiňiz
2 Gadymy döwürde ýaşan Ybraýym pygamber Hudaý bilen dostlaşyp bildi. Ýehowa oňa «dostum» diýdi (Işaýa 41:8). Hawa, Ýehowa Ybraýymy jana-jan dosty hasaplaýardy. Ybraýym pygamber hem «Ýehowa iman edendigi» üçin Hudaý bilen dost bolmak hormatyna mynasyp boldy (Ýakup 2:23). Ýehowa şu günlerem söýgi bilen gulluk etmek isleýän adamlary «özüne ýakynlaşdyrýar» (5 Musa 10:15). Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» (Ýakup 4:8). Şu sözlerden görnüşi ýaly, biz Hudaý bilen dostlaşmak üçin bir ädim ätsek, ol iki ädim äder.
Ruhy dürdäneler
it «Anak»
Anak
Kengan ýurdunyň daglyk hem-de günortasyndaky kenarýaka ýerlerinde äpet adamlar ýaşaýardy. Hebronda Anagyň neslinden bolan atly-abraýly Ahyman, Şeşaý we Talmaý diýen adamlar ýaşaýardy (4Ms 13:22). Ysraýyllardan 12 içaly wada edilen ýurdy gözden geçirmäge gelenlerinde, ilkinji sapar äpet anaklary görüpdiler. Şonda 10 içaly tupandan öň ýaşan pilmahmytlardan dörän anaklary görendigini we ysraýyllaryň olaryň ýanynda çekirtge ýalydygyny aýdyp, halky gorkuzdylar (4Ms 13:28—33; 5Ms 1:28). Anaklar şeýle bir äpetdiler welin, olary refaýimlere hem-de ammonlara meňzedýärdiler. Sebäbi olaram güýçli we äpet milletdi. Şeýdip, anaklar hakda il arasynda: «Anaklara garşy çykmaga kimiň gaýraty çatar?» diýen sözler ýörgünli bolup galypdy (5Ms 2:10, 11, 20, 21; 9:1—3).