Dördünji Musa
32 Rubenleriň+ we gadlaryň+ birgiden maly bardy. Olar Ýazeriň+ we Gileadyň mal bakmaga gowy ýerdigini gördüler. 2 Gadlar bilen rubenler Musanyň, Algazar ruhanynyň we halkyň baştutanlarynyň ýanyna gelip: 3 «Atarot, Dibon, Ýazer, Nimra, Heşbon+, Elgala, Sebam, Nebo+ we Begon+ topraklaryny 4 Ýehowa ysraýyl halkyna berdi*+. Şol ýerler mal bakmaga gowy eken, biziň* bolsa malymyz köp»+ diýdiler. 5 Olar sözüni dowam edip: «Garşy bolmasaň, şol ýurdy bize mülk edip ber. Bizi Iordandan geçirip oturma» diýdiler.
6 Musa gadlara we rubenlere: «Doganlaryňyzy söweşe iberip, özüňiz bärde galjak bolýaňyzmy? 7 Halk Ýehowanyň berjek ýurduna gitjek bolup dur. Olaryň göwnüni böljek bolýaňyzmy? 8 Kadeş-barneýadan ýurdy gözden geçirmäge iberenimde, atalaryňyz hem şeýdipdi+. 9 Eşkol jülgesinden+ ýurdy görüp gaýtdylar. Ýöne gelip, halkyň göwnüni böldüler, Ýehowanyň berjek ýurduna gitmäge höwesini gaçyrdylar+. 10 Şonda Ýehowa gaharyna ant içip+: 11 „Müsürden çykan 20 ýaşdan ýokary adamlaryň ýekejesi-de Ybraýyma, Yshaga hem Ýakuba+ wada beren ýurduma girmez+. Olar maňa bütin ýüregi bilen gulak asmadylar. 12 Şol ýurda diňe kenislerden Ýepunnanyň ogly Kalep+ we Nunuň ogly Ýuşa+ girer, sebäbi olar Ýehowa bütin ýüregi bilen gulak asdylar“+ diýdi. 13 Ýehowanyň ysraýyllara gahar-gazaby lowlady. Ýehowa garşy günä edenler ölüp gutarýança+, halk 40 ýyllap çölde sergezdan boldy+. 14 Eý günäkärlerden dörän nesil, indi sizem atalaryňyzyň edenini gaýtalap, Ýehowanyň gaharyny getirýäňiz! 15 Hudaýa gulak asmasaňyz, ol halky ýene-de çölde sergezdan eder. Siz sebäpli, bütin halk heläk bolar» diýdi.
16 Biraz wagtdan olar Musanyň ýanyna gelip: «Şu ýerde mallarymyza agyl*, çagalarymyza şäher guraýaly. 17 Daş-töwerekdäki adamlar howp salmaz ýaly, çagalarymyz galalarda ýaşasyn. Özümiz bolsa halkyň öňüne düşüp, söweşe gideris+, olary barmaly ýerine elteris. 18 Ysraýyllaryň her biri öz mülküni alýança, öýümize gaýtmarys+. 19 Bize Iordanyň bäri ýüzünden mülk berilse+, derýanyň beýleki tarapyndan mülk almarys» diýdiler.
20 Şonda Musa: «Eliňize ýarag alyp, Ýehowa üçin söweşe çyksaňyz+, 21 hemmäňiz Iordandan geçip, Ýehowa üçin söweşseňiz, Hudaý duşmanlaryny kowup çykarýança+, 22 Ýehowa ýurdy boýun egdirýänçä+, şol ýurtda bolsaňyz+, Ýehowanyň we halkyň öňünde günäli bolmarsyňyz. Ýehowa-da şu topragy size mülk edip berer+. 23 Emma şeýle etmeseňiz, Ýehowa garşy günä edersiňiz, günäňiz jezasyz galmaz*. 24 Baryň, çagalaryňyza öý*, mallaryňyza agyl guruň+, ýöne beren sözüňizde duruň» diýdi.
25 Gadlar bilen rubenler Musa şeýle diýdiler: «Agam, ähli zady aýdyşyň ýaly ederis. 26 Çagalarymyz, aýallarymyz, mal-garalarymyz Gileadyň şäherlerinde galar+. 27 Ähli erkeklerimiz bolsa agamyzyň aýdyşy ýaly, derýadan geçip, Ýehowa üçin söweşer»+.
28 Musa Algazar ruhana, Nunuň ogly Ýuşa we ysraýyl taýpalarynyň baştutanlaryna tabşyryk berip, 29 şeýle diýdi: «Gadlaryň we rubenleriň ähli erkekleri siz bilen Iordandan geçip, Ýehowa üçin söweşse, ýurdy basyp alanyňyzda, Gileady olara mülk edip beriň+. 30 Ýöne Iordandan geçip, siz bilen deň söweşmeseler, olar hem siziň ýanyňyzda Kenganda ýaşar».
31 Şonda gadlar bilen rubenler: «Ýehowa gullaryňa näme diýen bolsa, şony hem ederis. 32 Elimize ýarag alyp, Ýehowanyň öňünde Iordandan geçeris-de, Kengana gideris+. Ýöne mülkümiz derýadan bärde bolar» diýdiler. 33 Musa amor halkynyň hany Sihonyň+, Başan hany Oguň+ ýurduny şäherleri we daş-töweregindäki ýerleri bilen gadlara, rubenlere+ hem-de Ýusubyň ogly Manaşanyň taýpasynyň ýarysyna+ berdi.
34 Gadlar Dibon+, Atarot+, Aroger+, 35 Atrot-şopan, Ýazer+, Ýogbeg+, 36 Beýtnimra+ we Beýtharan+ galalaryny dikeldip, mallary üçin agyl gurdular. 37 Rubenler bolsa Heşbony+, Elgalany+, Kirýataýymy+, 38 Nebony+, Bagal-megony+ (olaryň ady üýtgedildi) we Sibmany gurdular. Dikelden galalarynyň adyny hem üýtgetdiler.
39 Manaşanyň ogly Mahyryň+ nesilleri Gileady basyp alyp, amorlary kowup çykardylar. 40 Şonda Musa Gileady Manaşanyň ogly Mahyryň nesillerine berdi. Olar şol ýerde ýaşap başladylar+. 41 Manaşanyň ogly Ýaýyryň nesilleri bolsa olaryň obalaryny basyp alyp, adyna Hawot-ýaýyr*+ goýdular. 42 Noba Kenaty we daş-töweregindäki galalary basyp alyp, öz adyny dakdy.