Dogan-uýalara ukyplaryny bilmäge kömek ediň
«Saňa görkezme bererin... gözüm sende bolar». ZEB. 32:8
1, 2. Ýehowa ýer ýüzündäki gullukçylaryna nähili garaýar?
ÇAGALAR oýnanda, olara syn edip, ukyplaryny görse bolýar. Muňa köplenç ata-eneler haýran galýarlar. Siz hem muňa göz ýetiren bolsaňyz gerek. Meselem, bir çaganyň sporta ukyby bolsa, beýleki çaga surat çekmäge ýa-da el işlerini etmäge ukyply bolýar. Siz çagalaryňyzyň nähili zehininiň bardygyna garamazdan, olara öz ukyplaryny bilmäge kömek ediň.
2 Ýehowa-da ýer ýüzündäki çagalary bilen ýürekden gyzyklanýar. Ol gullukçylaryna «ähli milletleriň hazynalary» hökmünde garaýar (Hag. 2:7). Sebäbi olar Ýehowa iman edýärler we wepaly bolýarlar. Belki-de, siz dogan-uýalaryň dürli-dürli ukyplarynyň bardygyny görýänsiňiz. Käbir doganlar jemagat nutugy bilen gowy çykyş etse, başga doganlar guramaçylykly işlerine ukyply bolýarlar. Köp uýalar daşary ýurtdan gelen adamlara wagyz etmek üçin, olaryň dilini ökdelik bilen öwrenseler, başga uýalar ruhdan düşenlere we syrkawlara goldaw bermäge ukyply bolýarlar (Rim. 16:1, 12). Biz şeýle dogan-uýalarymyza örän guwanýarys!
3. Biz şu makalada haýsy soraglara serederis?
3 Emma käbir dogan-uýalar, şol sanda, ýaşlar we ýaňy-ýakynda suwda çokundyrylanlar ýygnaga hiç hili goşant goşup bilmeris öýdüp, özlerini gereksiz duýýarlar. Biz olara öz ukyplaryny görmäge nädip kömek edip bileris? Biz Ýehowanyň göreldesine eýerip, olaryň gowy häsiýetlerini näme üçin biljek bolmaly?
ÝEHOWA GULLUKÇYLARYNYŇ UKYBYNY GÖRÝÄR
4, 5. Serdarlar 6:11—16-njy aýatlar Ýehowanyň gullukçylarynyň ukyplaryny görýändigini nädip aýan edýär?
4 Mukaddes Ýazgylardan görnüşi ýaly, Ýehowa gullukçylarynyň diňe bir gowy häsiýetlerini däl, eýsem, olaryň ukyplaryny hem görýär. Meselem, Ýehowa Gedegona midýanlaryň elinden halkyny halas etmegi tabşyrýar. Şonda perişde onuň ýanyna gelip: «Eý, edermen urşujy, Reb seniň bilendir!» diýýär. Gedegon muňa ör-gökden gelýär, sebäbi ol bu işi başarmaryn öýdýär. Belki-de, ol: «Kim diýseň diý, ýöne edermen bir diýme» diýendir. Gedegonyň özüne ynamy ýokdy. Emma Ýehowa oňa başgaça garaýardy. Ol Gedegonyň ukyply adamdygyny we ysraýyllylary halas etmegi başarjakdygyny bilýärdi (Serdarlar 6:11—16-njy aýatlary okaň)a.
5 Ýehowa öz halkyny halas edip biljek adamyň Gedegondygyna şübhelenmeýärdi. Sebäbi Ýehowa ony synlap, ukybyny görüpdi. Meselem, perişde Gedegonyň ýanyna gelende, ol bar güýji bilen bugdaý döwüp otyrdy. Emma perişde başga zada-da üns berýär. Gadymy döwürde daýhanlar bugdaýy samanyň bölejiklerinden arassalamak üçin, ony açyk meýdanda ýele sowurýardylar. Gedegon bolsa, bugdaýyny midýanlara bermezlik üçin gizlinlikde döwýärdi. Gör, nähili ugurtapyjy adam! Ol Ýehowanyň nazarynda ýöne bir daýhan däl-de, pähim-paýhasly adamdy. Hawa, Ýehowa onuň başarnygyny görüp, oňa tälim berdi.
6, 7. a) Amos pygamber babatda Ýehowa bilen ysraýyllylaryň garaýşy nämede tapawutlanýar? b) Amosyň ýönekeý adam däldigini nämeden görse bolýar?
6 Ýehowanyň gullukçylarynyň ukybyny bilýändigini Amos pygamber bilen bolan waka hem görkezýär. Meselem, Amos pygamber özüni ähmiýetsiz we sada adam hasaplasa-da, Ýehowa onuň başarjaňlygyny görýär. Ol özüni çopan we injir agaçlaryna gözegçilik edýän ýönekeý adam ýaly suratlandyrýar. Ýehowa ony Ysraýylyň on taýpaly patyşalygyna höküm çykarmaga bellände, ysraýyllylaryň käbiri ony mynasyp görmeýärler (Amos 7:14, 15-nji aýatlary okaň)b.
7 Amos uzak obada ýaşasa-da, ysraýyllylaryň däp-dessurlaryny, erbet gylyk-häsiýetlerini we olaryň ýolbaşçylary hakynda köp zatlary bilýärdi. Ol muny söwda-satyk edýän adamlardan eşiden bolmaly (Amos 1:6, 9, 11, 13; 2:8; 6:4—6). Käbir alymlar Amosyň ýazan kitabyny okap, onuň örän ukyply adam bolandygyny aýdýarlar. Sebäbi pygamber diňe bir ýönekeý we täsirli sözleri ulanman, eýsem, gowy deňeşdirmeleri getirip, ussatlyk bilen sözlemegi hem başarypdyr. Ol gorkman Amazýa ruhanyny paş etdi. Hawa, Ýehowa Amosy dogry saýlap bilipdir. Sebäbi Ol Amosda adamlaryň görüp bilmedik ukybyny gördi (Amos 7:12, 13, 16, 17).
8. a) Ýehowa Dawuda nämäni wada berdi? b) Zebur 32:8-däki sözler özüni ynamsyz we ukypsyz duýýanlary näme üçin ruhlandyryp biler?
8 Hawa, Ýehowa her bir gullukçysynyň başarjaňlygyna üns berýär. Ol Dawut patyşa: «Gözüm sende bolar» diýip, oňa elmydama görkezme berjekdigini aýdypdy (Zebur 32:8-i okaň). Bu sözler bize-de degişlimi? Biz özümize ynamly bolmasak-da, Ýehowanyň kömegi bilen başarmajak zadymyzy hem edip bileris. Gowy mugallymyň tejribesiz okuwça her bir ädimine görkezme berişi ýaly, Ýehowa-da biziň ruhy taýdan ösmegimiz üçin kömek etmäge hemişe taýyn. Şeýle-de ol imandaşlarymyz arkaly bize öz ukybymyzy görmäge kömek edýär. Nädip?
DOGAN-UÝALARYŇ GOWY HÄSIÝETLERINI GÖRÜŇ
9. Biz Pawlusyň «beýlekileriň... peýdasyny gözläň» diýen çakylygyna nädip seslenip bileris?
9 Pawlus resul ähli mesihçilere «beýlekileriň... peýdasyny gözlemegi» ündedi (Filipililer 2:3, 4-nji aýatlary okaň). Pawlusyň bu sözleri dogan-uýalaryň ukyplaryna ünsli bolmaga çagyrýar. Kimdir biri siziň gowy häsiýetiňize üns berende, siz özüňizi nähili duýýarsyňyz? Köplenç bu biziň güýjümize güýç goşýar. Şonuň ýaly-da, biz imandaşlarymyzyň gowy taraplaryna üns bersek, olaryň ruhy taýdan ösüp, üstünlik gazanmagyna kömek ederis.
10. Biz kimlere has ünsli bolmaly?
10 Biz kime ünsli bolmaly? Elbetde, biziň ählimiz birek-birege ünsli bolmaly. Esasan-da, ýaşlar we ýaňy ýakynda suwda çokundyrylanlar ýygnagyň käbir işlerini ýerine ýetirip, özlerini gerekli duýulmagyny isleýärler. Eger biz şeýle dogan-uýalara ünsli bolsak, olaryň Ýehowanyň guramasynda wajyp orny tutýandyklaryna düşünmäge ýardam ederis. Emma biz olaryň edýän işlerine minnetdar bolmasak, olaryň jogapkärli borçlary almaga höwesi gaçar. Ýöne Mukaddes Ýazgylar doganlary şeýle borçlary almaga höweslendirýär (1 Tim. 3:1).
11. a) Ýygnak ýaşulusy çekinjeň dogana nädip kömek etdi? b) Biz Ýulian bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
11 Ýygnak ýaşulusy Lýudowik ýaş doganlara üns bermegiň peýdasy barada şeýle gürrüň berýär: «Men doganymyz bilen ýürekden gyzyklananymda, onuň ruhy taýdan çalt ösýändigine göz ýetirdim». Lýudowik ýaş we örän çekinjeň Ýulian barada şeýle diýýär: «Ýulian özüni ynamsyz duýýardy, şonuň üçin onuň edýän işleri gödek bolup görünýärdi. Emma men onuň mähirlidigini we ýygnaga ýürekden kömek etmek isleýändigini duýýardym. Men oňa müňkürlik etmän, gowy häsiýetlerine üns berýärdim we ony ruhlandyrmaga çalyşýardym». Wagtyň geçmegi bilen, Ýulian gulluk hyzmatçysy bolýar we häzir ol umumy pioner bolup gulluk edýär.
UKYPLARYNY BILMÄGE KÖMEK EDIŇ
12. Adama başarjaňlygyny bilmäge nädip kömek etmeli? Mysal getiriň.
12 Biz dogan-uýalara ünsli bolsak, olara ukyplaryny bilmäge kömek ederis. Ýulian bilen bolan waka adamyň gowşak taraplaryny däl-de, gowy häsiýetlerini we ukyplaryny görmäge höweslendirýär. Isa-da Petrus resulyň gowy taraplaryny görüp bildi. Petrus käte nädogry hereket etse-de, Isa onuň «gaýa» ýaly berk adam boljakdygyny öňünden aýtdy (Ýahýa 1:42).
13, 14. a) Barnabas nädip düşgürlik görkezdi? b) Ýygnak ýaşulusy Aleksandra nädip kömek etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
13 Geliň, Barnabas we Markus bilen bolan waka seredeliň (Res. iş. 12:25). Pawlus Barnabas bilen birinji missioner syýahatyna gidende, Markus olaryň zerurlyklaryna «ýardam edýärdi». Olar Pamfiliýa ýetenlerinde, Markus olary taşlap gidýär. Şonda olaryň ýeke özleri garakçylaryň köp ýerinde syýahat etmeli bolýarlar (Res. iş. 13:5, 13). Barnabas Markusyň gowşak taraplaryna däl-de, ýagşy häsiýetlerine üns berdi we oňa ynamsyzlyk etmedi. Ol Markusyň alan terbiýesini göz öňünde tutup, onuň özüni alyp barşyna düşündi. Şol sebäpli Markus ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolup bildi (Res. iş. 15:37—39). Pawlus Rimde tussaglykdaka, Markus oňa kömek etdi we onuň Koloselilere ýazan hatyny dogan-uýalara gowşurdy. Pawlus hatynda Markus barada öwgüli sözleri aýdýar (Kol. 4:10). Göz öňüne getiriň, Pawlus kömek üçin Markusa ýüz tutýar. Muňa Barnabas, gör, nähili begendirendir! (2 Tim. 4:11).
14 Ýaňy ýakynda ýygnak ýaşulusy bolup bellenen Aleksandr dogan hem şeýle ýagdaýy başdan geçirdi. Ol bir doganyň beren kömegi barada şeýle ýatlaýar: «Maňa ýaş wagtym köpçüligiň öňünde doga etmek uly synagdy. Şonda ýygnak ýaşulusy maňa doga edenimde özümi arkaýyn duýar ýaly, öňünden nädip taýýarlyk görmelidigini görkezdi. Şeýle-de ol maňa her Wagyz duşuşygynda doga etmegi tabşyrýardy. Bu maňa özümi ynamly duýmaga kömek etdi».
15. Pawlus dogan-uýalar babatda nähili öwgüli sözleri aýtdy?
15 Biz dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerini görenimizde, olara öwgüli sözleri aýdýarysmy? Rimliler kitabynyň 16-njy babynda Pawlus 20-den gowrak imandaşlarynyň adyny agzap, olaryň ajaýyp häsiýetlerine üns berýär (Rim. 16:3—7, 13). Meselem, ol Andronikos bilen Ýuniasyň özünden has öň Mesihiň şägirdi bolandygy we çydamlylygy üçin öwýär. Şeýle-de Pawlus Rifusyň ejesine minnetdarlyk bildirip, onuň özüne eden aladasyny agzaýar.
Frederik (çepde) Rikony Ýehowa gulluk etmegi berk ýüregine düwmäge höweslendirdi (16-njy abzasa serediň)
16. Öwgüli sözler ýaşlara nähili täsir edýär?
16 Ýürekden aýdylan öwgüli sözleri eşitmek ýakymly bolsa gerek. Geliň, Fransiýada ýaşaýan ýaş Riko bilen bolan waka seredeliň. Ol kakasynyň Ýehowa iman etmeýändigine we suwda çokundyrylmaga garşylyk görkezýändigine ruhdan düşýärdi. Riko Ýehowa doly gulluk edip biler ýaly, 18 ýaşynyň dolmagyna garaşmalydygy ony ünjä goýýardy. Şeýle-de ol mekdepde ýaňsylaýjy sözleri eşitmeli bolýardy. Onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçen ýygnak ýaşulusy Frederik şeýle ýatlaýar: «Men Rikonyň şeýle garşylyklara batyrgaýlyk bilen döz gelmegine berk imanynyň kömek edýändigini aýdyp, ony öwdüm». Şeýle öwgüli sözler Riko aýgytly ädimler ätmäge we kakasy bilen gowy gatnaşygyny saklamaga kömek etdi. Şeýlelikde, ol 12 ýaşynda suwda çokundyryldy.
Jerome (sagda) Raýana missioner bolmaga kömek etdi (17-nji abzasa serediň)
17. a) Biz doganlaryň ruhy taýdan ösmegine nädip kömek edip bileris? b) Bir missioner dogan ýaşlara nädip kömek etdi we onuň netijesi nähili boldy?
17 Biz her gezek dogan-uýalaryň gowy çykyşlary ýa-da eden tagallalary üçin öwgüli sözleri aýdanymyzda, olary Ýehowa has gowy gulluk etmäge höweslendirýäris. Fransiýanyň Beýtelinde ençeme ýyldan bäri gulluk edýän Silwiýac uýalaryň doganlary öwüp bilýändigini aýdýar. Dogrudan-da, uýalar dürli jikme-jikliklere we edilýän tagallalara üns bermäge ukyply bolýar. Olaryň öwgüli sözleri tejribeli doganlaryň aýdýan sözlerine goşant goşýar. Silwiýa uýa sözüni şeýle jemleýär: «Men öwgüli sözleri aýtmagy borjum hasaplaýaryn» (Sül. tym. 3:27). Gwiananyň Fransiýa degişli ýerinde missioner bolup gulluk edýän Jerome ýaş doganlaryň köpüsine missioner bolmaga kömek etdi. Ol şeýle diýýär: «Men ýaş doganlaryň ökdelik bilen wagyz edişi we berýän gowy jogaplary üçin öwgüli sözleri aýdanymda, olar özlerini has ynamly duýup, ruhy taýdan ösüp başladylar. Netijede, olar ukyplaryny ösdürmegini dowam edýärler».
18. Ýaş doganlar bilen işleşmegiň nähili peýdasy bar?
18 Biz imandaşlarymyz bilen işleşip hem, olaryň ruhy taýdan ösmegine ýardam edip bileris. Meselem, ýygnak ýaşulusynyň kompýuteri bolmasa, ol ýaş dogandan jw.org saýtymyzdan gerekli maglumaty tapmagy haýyş edip biler. Şeýle-de ol Patyşalyk zalynyň arassalaýyş ýa-da bejeriş işlerine gatnaşmagy haýyş edip biler. Ýaşlar bilen işleşseňiz, bu size olara ünsli bolmaga, öwgüli sözleri aýtmaga we olaryň teklibini diňlemäge mümkinçilik berer (Sül. tym. 15:23).
ÝYGNAGYŇ ILERLEMEGINE GOŞANT GOŞUŇ
19, 20. Biz dogan-uýalara ruhy taýdan ösmäge näme üçin kömek etmeli?
19 Ýehowa Ýeşuwany Ysraýyla ýolbaşçy edip bellände, Ol Musa ýüzlenip, Ýeşuwany «ruhlandyrmagy we güýçlendirmegi» tabşyrdy (Kanun taglymaty 3:28-i okaň)d. Biziň bütindünýä ýygnagymyza gelýän adamlaryň sany barha artýar. Diňe bir ýygnak ýaşululary däl, eýsem, ähli tejribeli mesihçiler ýaş doganlara we ýaňy suwda çokundyrylanlara ukyplaryny ösdürmäge kömek edip bilerler. Şonda «beýlekilere öwredip biljek» we doly wagt gulluga başlajak mesihçileriň sany artar (2 Tim. 2:2).
20 Biz uly ýygnakda ýa-da kiçi toparda gulluk etsek-de, ýygnagymyzyň ilerlemegine goşandymyzy goşup bileris. Hawa, biz Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerine ünsli bolmaly.
a Serdarlar 6:11 Ine, Rebbiň iberen perişdesi Opra galasyna gelip, dub agajynyň aşagynda oturdy. Bu agaç abygezer urugyndan Ýogaş diýen adamyňkydy. Onuň ogly Gedegon midýanlar bilmez ýaly, gizlinlikde ol ýerde üzüm sykylýan sokuda bugdaý döwüp durdy. 12 Rebbiň perişdesi oňa görnüp: «Eý, edermen urşujy, Reb seniň bilendir!» diýdi. 13 Gedegon oňa: «Eý jenabym, eger Reb biziň bilen bolsa, onda nädip biziň başymyza şunça betbagtlyk gelýär? Ata-babalarymyz: „Reb bizi Müsürden alyp çykdy“ diýip, bize gürrüň berýärdiler. Hany, Rebbiň şol gudratlary? Indi Reb bizi terk edip, midýanlaryň eline berdi» diýdi. 14 Reb Gedegona bakyp: «Bar, şu güýjüň bilen git-de, ysraýyllary midýanlaryň elinden halas et. Seni Men iberýärin!» diýdi. 15 Gedegon: «Ýa Reb! Men nädip Ysraýyly halas edip bilerin? Meniň urugym manaşe tiresiniň iň ejizidir. Men özüm hem maşgalamyzyň iň kiçisi ahyryn» diýdi. 16 Reb oňa: «Men seniň bilen bolaryn. Sen ähli midýanlary emgenmän gylyçdan geçirersiň» diýdi.
b Amos 7:14 Amos Amazýa şeýle jogap berdi: «Men pygamber hem däl, pygamberler toparyndan hem däl. Men ýöne bir çopan hem injir agaçlaryna gözegçilik edýän. 15 Emma Reb meni süriniň yzyndan aldy-da, maňa: „Bar, git-de, Meniň halkym Ysraýyla pygamberlik et“ diýdi».
c Ady üýtgedildi.
d Kanun taglymaty 3:28 Ýeşuwa tabşyr, ony ruhlandyr we güýçlendir, sebäbi halka baş bolup, Iordandan geçjek we seniň görjek şol ýurduňy olara mülk edip paýlap berjek Ýeşuwadyr.