Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr21 Noýabr sah. 1—9
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar”

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar”
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2021)
  • Sözbaşylar
  • NOÝABR 1—7
  • NOÝABR 8—14
  • NOÝABR 15—21
  • NOÝABR 22—28
  • NOÝABR 29—DEKABR 5
  • DEKABR 6—12
  • DEKABR 13—19
  • DEKABR 20—26
  • DEKABR 27—ÝANWAR 2
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2021)
mwbr21 Noýabr sah. 1—9

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

NOÝABR 1—7

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝUŞA 18, 19

«Ýehowa mülk ýerleri paýhasly paýlaýar»

it «Araçäk»

Araçäk

Taýpalara ýer paýlananda, iki zady göz öňünde tutýardylar: bije atýardylar hem-de adam sanyna seredýärdiler. Adatça, bije arkaly diňe taýpalaryň çen bilen eýelejek ýeri, meselem, demirgazyk, günorta, gündogar we günbatar tarapdadygy, düzlük ýa-da daglyk ýerdedigi anyklanýardy. Bije Ýehowanyň islegi bilen atylýandygy üçin, taýpalar bir-birine göriplik etmeli däldi ýa-da dawalaşmaly däldi (Nak 16:33). Şeýle-de bijäniň kömegi bilen, Hudaý Ýakup pygamberiň ölüminiň öň ýanynda 1 Musa 49:1—33-nji aýatlarda aýdan sözleriniň ýerine ýetmeginiň aladasyny etdi.

it «Miras»

Miras

Mülk ýerler. Ýehowa Musa pygambere ysraýyllara berjek ýurdunyň serhedi hakda aýtdy (4Ms 34:1—12; Ýuş 1:4). Gadlara, rubenlere we manaşa taýpasynyň ýarysyna mülküni Musa pygamber paýlady (4Ms 32:33; Ýuş 14:3). Galan taýpalara bolsa mülküni Algazar ruhany bilen Ýuşa bije atyp paýlap berdi (Ýuş 14:1, 2). 1 Musa 49:5, 7-nji aýatlardaky pygamberlige görä, şimgon bilen lewi taýpalaryna aýratyn mülk berilmedi. Şimgonlara ýahuda taýpasynyň mülkünden şäherler berildi (Ýuş 19:1—9). Lewilere bolsa Ysraýyldan jemi 48 şäher berildi. Olar Ýehowanyň mukaddes çadyrynda hyzmat edýärdi. Şonuň üçin olara ähli zadyň ondan bir bölegi berilýärdi (4Ms 18:20, 21; 35:6, 7). Ysraýylda her maşgala öz taýpasynyň serhedinden ýer alýardy. Adam sany köpeldigi saýyn, mülk ýerler has-da kiçelýärdi.

it «Araçäk»

Araçäk

Bijäniň kömegi bilen taýpalara nireden ýer berilmelidigi belli bolansoň, her taýpanyň adam sanyna görä ýeriň araçägi kesgitlenýärdi. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Bije atyp, her maşgala ýer paýlaň. Uly maşgala köpräk, kiçi maşgala azrak beriň. Her kime bijesine düşen ýer miras berler. Taýpaňyza görä mülk alarsyňyz» (4Ms 33:54). Ýer bilen bagly bije arkaly gelnen karary üýtgedip bolmaýardy. Emma ýeriň araçägini üýtgedip bolýardy. Mysal üçin, ýahuda taýpasyna düşen ýeriň gaty uludygy anyklananda, ony azaldyp, käbir ýerleri şimgon taýpasyna berildi (Ýuş 19:9).

Ruhy dürdäneler

it «Araçäk»

Araçäk

Ysraýyllar ilki ýahuda, efraýyma we manaşa taýpasynyň ýarysyna bije atyp, Iordanyň günbataryndaky ýerleri paýlaýarlar. Mukaddes Kitapda olara berlen ýerleriň araçägi hakda hem aýdylýar (Ýuş 15:1—63; 16:1—10; 17:1—13). Ysraýyllar Şilodan gaýdyp, Gilgalda düşlände, mülk ýerler wagtlaýynça paýlanmaýar (Ýuş 14:6; 18:1). Ýedi taýpa wagty bilen mülküni basyp almansoň, Ýuşa olara miras paýlaryna eýe çykmagy tabşyrýar (Ýuş 18:2, 3). Olar näme üçin haýal-ýagallyk etdiler? Käbir alymlar ysraýyllar öňki söweşlerden köp olja alypdyr, duşmanlar entek üstümize çozmaz diýip arkaýyn bolandyr diýýärler. Belki-de, ysraýyllar janyny gynap söweşe gitmek islän däldir ýa-da basyp almaly şäherlerine känbir belet bolan däldir (Ýuş 13:1—7).

NOÝABR 8—14

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝUŞA 20—22

«Düşünişmezligi çözüň»

w06 15/4 sah. 5, abz. 3

Ýanýoldaşyňyza hormat goýup gürleşiň

Açyk gürrüňdeşlik düşünişmezligi çözýär. Geçmişde Iordanyň gündogarynda ýaşaýan rubenler, gadlar we manaşa taýpasynyň ýarysy derýanyň boýunda «ägirt uly gurbanlyk ojagyny gurdular». Şonda beýleki taýpalar olar Ýehowa biwepalyk edendir öýdüp, doganlaryna garşy söweşmek isleýär. Ýöne öňürti bar zadyň anygyna ýeter ýaly, baştutanlary iberip, paýhasly hereket edýär. Aslynda, iki ýarym taýpa gurbanlyk ojagyny ýakma gurbanlyklary we sadakalary hödürlemek maksady bilen gurmandylar. Olar gelen baştutanlara-da gurbanlyk ojagyny geljekki nesle Ýehowa sežde edýändiklerine «şaýat bolsun» diýip gurandygyny aýtdylar (Ýuşa 22:10—29). Gurbanlyk ojagyna-da «Şaýatlyk» diýip at goýdular. Şeýdip, ýeke-täk hak Hudaý Ýehowa ynanýandygyny görkezdiler (Ýuşa 22:34, çykgyt).

w08 15/11 sah. 18, abz. 5

Parahat ýaşamak üçin elimizde baryny edeliň

Ysraýyllaryň käbiri: «Iki taýpanyň eden hereketiniň agyr günädigi görnüp dur-a! Geliň, olaryň üstüne duýdansyz hüjüm edeliň. Şonda gaçyp-gutulyp bilmezler» diýendir. Emma Iordanyň günbataryndaky taýpalar bar zadyň anygyna ýeter ýaly, doganlarynyň ýanyna adam iberýärler. Baştutanlar baryp olara: «Siz näme üçin Ysraýyl Hudaýyna biwepalyk etdiňiz?» diýdiler. Aslynda, iki ýarym taýpa gurbanlyk ojagyny başga maksat bilen gurupdy. Ýöne olar ysraýyl doganlaryna gaharlanyp, agzyna gelenini aýtmadylar ýa-da aýdanlaryny göwnüne alyp, gepleşmän ýörmediler. Gaýtam gurbanlyk ojagyny Ýehowa wepaly gulluk edýändigi üçin gurandygyny ýumşaklyk bilen düşündirdiler. Şeýdip, Ýehowa bilen dostlugyny berkitdiler we janyny halas etdiler. Diýmek, ýumşak jogap düşünişmezligiň öňüni almaga we parahatlygy saklamaga kömek edýär (Ýuş 22:13—34).

Ruhy dürdäneler

it «Kengan»

Kengan

Ysraýyllar Wada edilen ýurdy basyp alanda kenganlaryň köpüsi diri galsa-da, «Ýehowa ysraýyl halkynyň ata-babalaryna wada berişi ýaly, tutuş ýurdy ysraýyllara mülk edip berdi», olary parahat ýaşatdy. Dogrudanam, «Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren gowy wadalarynyň ýekejesi-de ýerine ýetmän galmady, ählisi berjaý boldy» (Ýuş 21:43—45). Ysraýyllar duşmanlaryň arasynda ýaşasa-da, hiç kim olara garşy çykyp bilmeýärdi. Şeýle-de Ýehowa ilatsyz galan ýurtda ýyrtyjy haýwanlar köpelip, howp salmaz ýaly kenganlary «ýuwaş-ýuwaşdan» kowup çykarjakdygyny aýtdy (2Ms 23:29, 30; 5Ms 7:22). Ysraýyllar Ýehowanyň sözünde durmandygy, halkyny kenganlaryň söweş ýaraglaryndan, kesgir gylyçly arabalaryndan gorap bilmändigi üçin ýeňildilermi? Ýok. (Ýuş 17:16—18; Ser 4:13). Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, olar Ýehowa biwepalyk edendigi üçin käbir ýerleri basyp alyp bilmediler (4Ms 14:44, 45; Ýuş 7:1—12).

NOÝABR 15—21

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝUŞA 23, 24

«Ýuşanyň öwüt-ündewleri»

it «Ylalaşyk baglaşmak»

Ylalaşyk baglaşmak

Ysraýyl halky Wada edilen ýurda girensoň, daş-töwerekdäki halklar bilen ylalaşyk baglaşmaly däldi. Ysraýyllar Kenganda gelmişek däldi, Älemiň Hökümdary Ýehowa ata-babalaryna beren sözünde durup, ýurdy olara miras beripdi. Şonuň üçin Ýehowa Kengandaky butparaz halklar bilen ylalaşyk baglaşmagy gadagan etdi (2Ms 23:31—33; 34:11—16). Olar başga halklaryň däp-dessurlaryny däl-de, Ýehowanyň kada-kanunlaryny, hökümlerini berjaý etmelidi (3Ms 18:3, 4; 20:22—24). Ysraýyllar, esasanam, olar bilen gyz alşyp-berişmeli däldi, ýogsam duzaga düşüp Ýehowadan daşlaşardylar. Hatda aýalynyň dogan-garyndaşlarynyň täsirine düşüp, dini däp-dessurlaryny berjaý ederdiler (5Ms 7:2—4; 2Ms 34:16; Ýuş 23:12, 13).

w07 1/11 sah. 26, abz. 19, 20

Ýehowanyň Sözi hemişe ýerine ýetýär

19 Biz tejribämize esaslanyp, ynam bilen şeýle diýip bileris: «Hudaýyňyz Ýehowanyň size aýdan ähli ýagşy sözleriniň biride ýerine ýetmän galmady... Siziň üçin bary ýerine ýetdi. Olaryň biride ýerine ýetmän galmady» (Ýeşuw 23:14). Ýehowa halkyny azat edýär, goraýar we onuň aladasyny edýär. Siz Hudaýyň wadasynyň hiç bolmanda biri, onuň bellän wagtynda ýerine ýetmän galdy diýip bilersiňizmi? Beýle diýip bolmaz! Hudaýyň Sözüne ynanmaga bizde ähli esaslar bar.

20 Bize nähili gelejek garaşýar? Ýehowa köpümize ýer ýüzünde ajaýyp Jennetde ýaşamaga umyt berýär. Onuň käbir gullukçylary Isa bilen Gökde höküm sürer. Biziň nähili umydymyz bolaýanda-da, Ýeşuw ýaly wepaly galmaga ähli sebäpler bar. Biziň umydymyz ýakyn günlerde ýerine ýeter. Biz şonda geçen günleri we Ýehowanyň wadalaryny ýatlap: «Olaryň bary ýerine ýetdi» diýip bileris.

Ruhy dürdäneler

w04 1/12 sah. 12, abz. 1

Ýuşa kitabyndan peýdaly pikirler

24:2. Ybraýymyň kakasy Tarah butlara sežde edýärdimi? Tarah Ur şäherinde ýaşaýarka, ady belli Aý taňrysy Sine çokunan bolmaly. Ýehudylar hatda onuň butlary hem ýasandygyny aýdýarlar. Ýöne Ybraýym pygamber Ýehowanyň tabşyrygy bilen Ur şäherinden çykanda, Tarah hem ogly bilen Harana gidipdi (1 Musa 11:31).

NOÝABR 22—28

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SERDARLAR 1—3

«Batyrgaýlygyň we ugurtapyjylygyň nusgasy»

w04 15/3 sah. 31, abz 3

Ehut duşmanlary ýeňýär

Ýehowa ysraýyl halkyny duşmanlardan halas etmek isleýärdi. Mukaddes Kitapda: «Ýehowa olara serdarlary belledi. Ýehowa serdarlaryň her birini goldardy» diýilýär (Serdarlar 2:18; 3:15). Ehutam ukyply ýa duşmanlarynyň ejiz bolandygy üçin däl-de, Ýehowanyň goldandygy üçin ysraýyllary halas etdi. Diýmek, Hudaýyň niýetiniň amala aşmagy adama bagly däl.

w04 15/3 sah. 30, abz. 1—3

Ehut duşmanlary ýeňýär

Ehut «iki tarapy kesgir» gysgajyk gylyç ýasady. Patyşanyň esgerleri gözläýende-de, tapmaz ýaly eşiginiň aşagynda gizledi. Adatça, gylyjy çep tarapda goýýardylar, ýöne Ehut çepbekeý bolansoň, ony «sag buduna daňdy». Patyşanyň nökerleri onuň sag tarapynda ýarag bardyram öýden däldir. Şonuň üçin ol salgyt getirende «Mowap patyşasy Eglonyň» huzuryna arkaýyn gelendir (Serdarlar 3:16, 17).

Ehut baransoň, Eglonyň köşgünde nämeleriň bolandygyny anyk bilmeýäris. Mukaddes Kitapda: «Ehut salgydy berdi-de, ýanynda gelen adamlar bilen gaýtdy» diýilýär (Serdarlar 3:18). Ehut Mowapdan ep-esli arany açansoň, ýanyndaky adamlary goýup, patyşanyň köşgüne dolanýar. Ehut näme üçin ýanyna adam aldy? Soňra olary Gilgalda näme üçin goýup gaýtdy? Mukaddes Kitapda munuň sebäbi aýdylmaýar. Belki-de, ol goranmak üçin ýa salgydy göterişer ýaly adam alandyr, ýa-da köşgüň talaby şeýledir. Nähili bolaýanda-da, Ehut batyrgaýlyk bilen yzyna ýeke dolanýar.

Ehut Gilgaldan gelip: «Patyşahym, size aýtjak gizlin habarym bar» diýdi. Mukaddes Kitapda onuň ýene patyşanyň huzuryna barmaga nädip rugsat alandygy aýdylmaýar. Ehut baranda esgerler hiç zat aňmadymyka? Olar: «Belki, ildeşlerine dönüklik etmäge gelendir. Soňam ol ýeke başyna patyşa näme edip bilsin-aý?!» diýip pikir edendir. Nähili bolaýanda-da, Ehut patyşa bilen ikiçäk görüşmek isledi, maksadyna-da ýetdi (Serdarlar 3:19).

Ruhy dürdäneler

w05 15/1 sah. 24, abz. 7

Serdarlar kitabyndan peýdaly pikirler

2:10—12. Biz Ýehowanyň «eden işlerini... unutmaz» ýaly, Mukaddes Kitaby yzygider öwrenmeli (Zebur 103:2). Ene-atalar Hudaýyň Sözündäki öwüt-ündewleri çagalarynyň ýüregine guýmaly (5 Musa 6:6—9).

NOÝABR 29—DEKABR 5

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SERDARLAR 4, 5

«Ýehowa iki aýal arkaly halkyny halas edýär»

w15 1/8 sah. 13, abz. 1

«Ysraýylyň enesi»

Ysraýyllar Kengan goşunbaşysy Siseranyň adyny eşidende gorkudan ýaňa titreýärdi. Kenganlar gaty zalymdy, çagalaryny otda ýakyp, taňrylaryna gurban berýärdi, buthanalarynda ahlaksyzlyk edýärdi. Kenganlaryň zalym goşunbaşysynyň golastyndaky halk nähili ýaşandyr öýdýäňiz? Pygamber aýal Deboranyň aýdymynda Ysraýylda «ýollaryň boşap galandygy... obalarda ynsan garasynyň» bolmandygy aýdylýar (Serdarlar 5:6, 7). Adamlar ekin meýdanlarda işlemäge, diwarsyz obalarda ýaşamaga gorkup, tokaýda, düzlükde gizlenýärdi. Olar duşman üstümize hüjüm eder, çagalarymyzy ýesir alar, aýallarymyzy zorlar diýip, uly köçelerden arkaýyn geçip bilmeýärdi.

w15 1/8 sah. 13, abz. 2

«Ysraýylyň enesi»

Kenganlar ysraýyllary 20 ýyllap ezdiler. Ahyry Ýehowa boýnuýogyn halkynyň düzelmek isleýändigini görüp, Debora ýumuş tabşyrdy. Ol aýdymynda: «Men, Debora, heniz gelmänkäm, Ysraýylyň enesi bolmankam» diýip, özüni çagalaryny goraýan enä meňzedýär. Mukaddes Kitapda Deboranyň äri hakda aýdylsa-da, çagalarynyň bolandygy aýdylmaýar. Nähili bolaýanda-da, Ýehowa Debora arkaly Barak serdary aýaga galmaga çagyryp, halkyny Siseranyň elinden halas etdi (Serdarlar 4:3, 6, 7; 5:7).

w15 1/8 sah. 15, abz. 2

«Ysraýylyň enesi»

Ýaýyl ýaýdanyp durmady. Ol Siserany çadyra saldy. Sisera oňa: «Eger biri: „Bärde adam barmy?“ diýip sorasa, „Ýok“ diýip jogap ber» diýdi. Ýaýyl onuň üstüne ýorgan ýapdy, suw sorasa, süýt berdi. Şeýdip, Sisera süýji uka gitdi. Ýaýyl dessine gazyk hem çekiç aldy-da, ýuwaşlyk bilen Siseranyň başujuna bardy. Şol döwür aýallar zähmet gurallaryny ökdelik bilen ulanýardylar. Siseranyň ýanyna golaýlaşdygy saýyn, Ýaýylyň ýüregi agzyndan çykaýjak bolandyr, sähel gyşyk hereket etse, janyndan dynjakdygyny bilendir. Ýöne ol Ýehowanyň hökümini berjaý edýändigine düşünýärdi. Belki, Siseranyň Hudaýyň halkyny onlarça ýyllap ezendigi göz öňüne gelendir. Ol Ýehowanyň tarapyny tutmagyň wagtydygy hakda oýlanandyr. Şol wagt Ýaýylyň näme hakda pikir edendigini bilmesek-de, batyrgaýlyk bilen Siserany ýere çüýländigini bilýäris (Serdarlar 4:18—21; 5:24—27).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

Haýsy manyda «aýallar ýygnakda ümsüm oturmaly»? (1Kr 14:34)

w06 1/3 sah. 28, 29

Okyjylaryň sowallary

Pawlus resul «aýallar ýygnakda ümsüm otursynlar» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

Pawlus Korinfdäki mesihçilere: «Mukaddesleriň ähli ýygnaklarynda bolşy ýaly, aýallar ýygnakda ümsüm otursynlar, sebäbi olara geplemäge rugsat berilmeýär» diýip ýazdy (1 Korinfliler 14:33, 34). Onuň maslahatyna düşünmek üçin, tutuş bapda näme aýdylýandygyny bilmeli.

1 Korinfliler 14-nji bapda Pawlus resul ýygnaklarda nämelere seretmelidigini, ony nädip geçirmelidigini ýazýar (1 Korinfliler 14:1—6, 26—34). Şeýle-de ýygnak duşuşyklarynyň esasy maksadynyň dogan-uýalary ruhlandyrmakdygyny aýdýar (1 Korinfliler 14:4, 5, 12, 26).

Pawlus 1 Korinfliler 14-nji bapda ýygnakda diňe aýallaryň däl-de, dürli dilde gepleýänleriňem, pygamberleriňem käte dymmalydygyny aýtdy. Sebäbi ýygnakda «ähli zat edepli we tertip-düzgün boýunça edilmeli» (1 Korinfliler 14:40).

Pawlus şeýle diýdi: «Dürli dilde gepleýänler bar bolsa, olardan ikisi ýa-da üçüsi geplesin. Olaryň aýdanlaryny bolsa bir adam terjime etsin. Ýöne hiç kim terjime etmese, olar öz-özi bilen ýa-da Hudaý bilen gepleşsinler, ýygnakda bolsa geplemesinler» (1 Korinfliler 14:27, 28). Pawlus resul başga dilde gepleýän adamyň hemişe däl-de, käbir ýagdaýlarda dymmalydygyny aýtjak boldy. Sebäbi dogan-uýalar ýygnakda öwredýäniň diline düşünmese, ruhlanyp bilmez.

Şeýle-de Pawlus: «Pygamberleriň hem ikisi ýa-da üçüsi geplesin, galanlary düşünmek üçin diňlesin. Ýöne oturanlaryň birine Hudaýdan ylham gelse, onda gepläp duran adam dymsyn» diýdi. Aýatda Pawlus pygamberlik edip duran adamyň hiç haçan geplemeli däldigini aýtjak bolmady. Ýöne birine ylham gelende, dogan-uýalaryň imany berkär ýaly, gepläp duran pygamber dymmaly diýdi (1 Korinfliler 14:26, 29—31).

Soňra Pawlus uýalara ýüzlenip: «Aýallar ýygnakda ümsüm otursynlar, sebäbi olara geplemäge rugsat berilmeýär... aýallar erkeklere tabyn bolsunlar» diýdi (1 Korinfliler 14:34). Ol şu maslahaty hem ýygnakda tertip-düzgüniň bolmagy üçin berdi. Pawlus sözüni dowam edip: «Aýallar düşünmedik zadyny öýünde ärinden sorasyn. Sebäbi ýygnakda aýal maşgala geplese, aýyp görülýändir» diýdi (1 Korinfliler 14:35).

Belki-de, şol döwür ýygnakda aýdylýan zatlar bilen ylalaşmadyk uýalar bolandyr. Pawlus olary nädogry garaýşyny düzetmäge, ýygnakda-da, maşgalada-da Ýehowanyň baştutanlyk düzgünine pesgöwünlilik bilen tabyn bolmaga höweslendirdi (1 Korinfliler 11:3). Uýalar berlen maslahata eýerip, ýygnakda öwretmeli däldi. Pawlus Timoteosa ýazanda-da şeýle diýdi: «Men aýalyň öwretmegine ýa-da erkek adamyň üstünden agalyk etmegine rugsat bermeýärin, ol ümsüm otursyn» (1 Timoteos 2:12).

Onda uýalar ýygnak duşuşyklarynda asla geplemeli dälmi? Elbetde, ýok. I asyrda uýalar ýygnakda mukaddes ruh arkaly Ýehowa doga edýärdiler, pygamberlik edýärdiler. Ýöne olar ýaglyk daňyp, baştutanlyk düzgünine hormat goýýandygyny görkezýärdiler (1 Korinfliler 11:5). Şeýle-de doganlar ýaly, uýalar hem wagyz edýärler (Ýewreýler 10:23—25). Ýygnakda berýän gowy jogaplary, täsirli ýumuşlary bilen dogan-uýalary ruhlandyrýarlar.

Şeýlelikde, uýalar ýygnakda «ümsüm bolup», doganlara hormat goýýarlar, olara derek öwretjek bolmaýarlar. Jogapkär doganlary abraýdan düşürjek zatlary aýtmaýarlar. Ýygnakdaky ornuna düşünýän uýalar dogan-uýalaryň arasynda parahatlygyň bolmagyna goşant goşup, olaryň «imanyny berkidýärler» (1 Korinfliler 14:26, 33).

Ruhy dürdäneler

w05 15/1 sah. 25, abz. 5

Serdarlar kitabyndan peýdaly pikirler

5:20. Haýsy manyda asman ýyldyzlary Barak üçin söweşe çykdy? Mukaddes Kitapda şonda perişdeleriň kömege gelendigi aýdylmaýar. Belki-de, Siseranyň akyldarlary ýyldyzlaryň süýnmegini, ýagny asman jisimleriniň (meteoritleriň) gökden ýagmagyny betbagtçylygyň alamaty hasaplandyr ýa-da ýyldyzlara seredip, pal atýanlaryň sözi ýalan bolup çykandyr. Adamlar nähili pikir etse-de, söweşde Ýehowanyň eli bolandyr.

DEKABR 6—12

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SERDARLAR 6, 7

«Biliňi berk guşa!»

w02 15/2 sah. 6, 7

Hudaýyň kada-kanunlary peýdaly

Ysraýyl serdary Gedeýon pesgöwünlidi, özüni başgalardan ýokary tutmaýardy. Ýehowa ony halkyna serdar bellände-de, ol özüni mynasyp görmän: «Men manaşanyň iň kiçi tiresinden, öýde meni hiç kim diňlemeýär» diýdi (Serdarlar 6:12—16).

w05 15/7 sah. 16, abz. 3

«Ýehowa üçin! Gedeýon üçin!»

Göz öňüňize getiriň, ýary gije 300 esger batly surnaý çalýar, elindäki küýzeleri çym-pytrak edip, «Ýehowa üçin! Gedeýon üçin!» diýip gygyrýar. Muny eşidip midýanlaryň ýüregi ýarylýar, howsala düşüp, özlerem gygyryp başlaýar. Şol başagaýlykda kimiň dost, kimiň duşmandygy belli däldi. 300 esger ýerinde durdy, Hudaý bolsa duşmanlary biri-birini gylyçdan geçirer ýaly etdi. Esgerler midýanlaryň düşelgesini ýer bilen ýegsan etdiler, gaçanlary tutup öldürdiler. Şeýdip, ysraýyllar midýanlaryň zulumyndan azat boldular, olary boýun egdirdiler (Serdarlar 7:19—25; 8:10—12, 28).

Ruhy dürdäneler

w05 15/1 sah. 26, abz. 6

Serdarlar kitabyndan peýdaly pikirler

6:25—27. Gedeýon özüne garşy çykýan adamlaryň gahary gelmez ýaly, paýhasly hereket etdi. Bizem hoş habary wagyz edenimizde, adamlaryň göwnüne degmez ýaly seresap bolmaly.

DEKABR 13—19

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SERDARLAR 8, 9

«Tekepbir däl-de, pesgöwünli boluň»

w00 15/8 sah. 25, abz. 3

Düşünişmezligi nädip çözýärsiňiz?

Midýanlar bilen bolan gazaply söweşde Gedeýon efraýymlary kömege çagyrýar. Ýöne efraýymlar uruş gutaransoň gelip: «Bizi näme üçin midýanlar bilen söweşe çagyrmadyň?» diýip dawalaşýar. Şonda Gedeýon olara: «Siz menden has köp zat etdiňiz. Efraýymlaryň çöplän üzümi abygezerleriň ýygnan hasylyndan köp dälmi? Hudaý midýanlaryň Orep bilen Zeýep hanlaryny siziň eliňize berdi ahyryn» diýýär (Serdarlar 8:1—3). Ol oýlanşykly hem ýumşak gepleşip, dawa-jenjeliň öňüni alýar. Efraýymlar özüni bilýän, tekepbir bolsa-da, Gedeýon parahatlygy saklamak üçin elinde baryny etdi. Sizem Gedeýondan görelde alarsyňyzmy?

w17.01 sah. 20, abz. 15

Pespäl bolmak näme üçin wajyp?

15 Pespällik babatda Gedegon ajaýyp görelde görkezdi. Ýehowanyň perişdesi ýanyna gelende, ol pespällik bilen ýönekeý maşgaladandygyny aýdýar (Ser. 6:15). Ýehowanyň ýumşuny alanda, ol özünden näme talap edilýändigine gaty gowy düşünýärdi. Şol sebäpli ol görkezme üçin Ýehowa ýüz tutýar (Ser. 6:36—40). Gedegon mert we batyrgaý adamdy. Emma şonda-da ol seresaplyk bilen hereket edýär (Ser. 6:11, 27). Ol berlen tabşyryk üçin özüni ýokary tutmady. Gaýtam, ony ýerine ýetirensoň, öňküje işine dolandy (Ser. 8:22, 23, 29).

w08 15/2 sah. 9, abz. 9

Ýehowanyň ýolunda ýöre

9 Hudaýyň dosty bolmak üçin biz «pikirimizde kiçigöwünli» bolmaly (1 Pet. 3:8, TD; Zeb. 138:6). Kiçigöwünliligiň wajyplygy barada Kazylar kitabynyň 9-njy babynda aýdylýar. Gideonyň ogly Ýotam şeýle tymsal gürrüň berýär: «Bir sapar agaçlar öz arasynda patyşa bellemekçi bolýarlar». Olar zeýtun, injir we üzüm agaçlarydy. Bu agaçlar ysraýyllylara ýolbaşçylyk etmek islemeýän hormatly adamlary aňladýar. Emma böwürslen agajyny diňe ýangyç hökmünde ulanyp bolýardy. Ol başgalaryň üstünden agalyk etmek isleýän, ganhor we tekepbir Abimelegiň patyşalygyny görkezýär. Abimelek «Ysraýylda üç ýyl şazada hökmünde höküm sürdi», soňra biwagt aradan çykýar (Kaz. 9:8—15, 22, 50—54). «Pikiriňde kiçigöwünli» bolmak nähili gowy!

Ruhy dürdäneler

it «Öňlük»

Öňlük

Ysraýyllara Ýehowanyň ýeňiş berendigini ýatladyp durar ýaly, Gedeýon öňlük ýasaýar. «Ol Gedeýona we öý-içerisine duzak bolýar», sebäbi ysraýyllar Ýehowa biwepalyk edip, oňa sežde edip başlaýar (Ser 8:27). Ýöne Mukaddes Kitapda Gedeýonyň öňlüge sežde edendigi aýdylmaýar. Gaýtam Pawlus resul «uly bulut kimin gurşap alýan» wepaly erkek bilen aýallaryň arasynda Gedeýonam agzaýar (Ýew 11:32; 12:1).

DEKABR 20—26

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SERDARLAR 10—12

«Ýeftah Ýehowa wepalydy»

w16.04 sah. 7, abz. 9

Hudaý özüne wepaly adamlary sylaglaýar

9 Wepaly bolmakda gowy görelde galdyran adamlaryň ýene biri Ýusupdy. Doganlary ony «ýigrenseler-de», ol olara rehimdarlyk bildirdi. Onuň göreldesi Ýeftaha täsir eden bolmaly (Gel. çyk. 37:4; 45:4, 5). Şeýle wakalaryň üstünde oýlanmaklyk Ýeftaha Ýehowa ýaraýan işleri etmäge kömek etdi. Doganlarynyň özüni alyp barşy ony gynandyrsa-da, ol Ýehowa we onuň halkyna wepaly gulluk etmegini bes etmedi (Ser. 11:9). Ýeftah Ýehowanyň ady üçin göreş alyp barmagy islendik dawadan wajyp saýýardy. Şol sebäpli ol Ýehowa wepaly galmagy ýüregine düwdi. Bu onuň hem özüne, hem başgalara peýda getirdi (Ýew. 11:32, 33).

it «Ýeftah»

Ýeftah

Ýeftah Ysraýyla serdar bellenen badyna aýgytly hereket edýär. Ol ammon patyşasyna çapar ýollap, Ysraýyla degişli ýerleri eýelemäge hakynyň ýokdugyny aýdýar. Ammon patyşasy şol ýerleriň özüniňkidigine dawa edýär (Ser 11:12, 13). Ýeftah gödek, baran ýerinde gan çaýkap ýören adam däldi. Ol Hudaýyň halkynyň taryhyny gowy bilýärdi. Ýeftah ammonlara üç delil getirýär: 1) ysraýyllar ammonlaryň, mowaplaryň, edomlaryň ýurduna hüjüm etmändi (Ser 11:14—18; 5Ms 2:9, 19, 37; 2Tr 20:10, 11); 2) ysraýyllar şol ýerleri ammonlardan däl-de, amorlardan basyp alypdy, Hudaý amor hany Sihony olaryň eline beripdi; 3) ysraýyllaryň 300 ýyl bäri ýaşap ýören ýerlerine ammonlaryň dawa etmäge haky ýokdy (Ser 11:19—27).

it «Ýeftah»

Ýeftah

Ýeftah bu meseläniň Ýehowa edilýän sežde bilen baglydygyna düşünýärdi. Ýurdy ysraýyllara Ýehowa beripdi. Şonuň üçin Ýeftah ýalan taňrylara sežde edýänlere bir garyş ýerem bermejekdigini aýdýar. Käbirleri: «Ýeftah ammon taňrysy Kemoş diýip ýalňyşdy, sebäbi ammonlaryň taňrysy Milkomdy, Kemoş bolsa mowaplaryň taňrysydy» diýýär. Ýöne şol halklar biri-biri bilen gatnaşansoň, ençeme taňrylara sežde edýärdi. Hatda Süleýman patyşa-da başga milletden alan aýallarynyň göwnüni ýykmajak bolup, ysraýyllara Kemoş taňrysyna sežde etmäge ýol berdi (Ser 11:24; 1Pa 11:1, 7, 8, 33; 2Pa 23:13). Şeýle-de käbir alymlaryň aýtmagyna görä, Kemoş «basybalyjy», «söweşiji» diýmegi aňladýar («Gesenius’s Hebrew and Chaldee Lexicon», terjime eden S. Tregelles, 1901, sah. 401). Ammonlar ýurdy eýelemäge Kemoş taňrysynyň kömek edendigine ynanypdyrlar, Ýeftah hem şony göz öňünde tutan bolmaly.

Ruhy dürdäneler

it «Ýeftah»

Ýeftah

Ýeftah nikasyz doglan ogul däl. Ejesi ahlaksyz aýal bolsa-da, Ýeftah nikasyz doglan ogul däldi. Salmona durmuşa çykmanka, Rahawyň ahlaksyzlyk edişi ýaly, Ýeftahyň ejesi hem Gileada durmuşa çykmanka ahlaksyzlyk edipdi (Ser 11:1; Ýuş 2:1; Mat 1:5). Ýeftah nikasyz doglan bolsa, kakasynyň birinji aýalyndan bolan ogullary oňa miras paýyny bermejek bolup öýünden kowmazdy (Ser 11:2). Soňra Gileadyň ýaşululary (Ýeftahyň öweý doganlary olaryň iň abraýlysy bolan bolmaly) gelip, ony Ysraýyla baştutan bellemezdi (Ser 11:11). Şeýle-de Ýeftah mukaddes çadyrda Hudaýa gurbanlyk berýär (Ser 11:30, 31). Muny nikasyz doglan adam edip bilmeýärdi, sebäbi Ýehowanyň kanunynda: «Nikasyz doglan çaga Ýehowanyň halkyna goşulyp bilmez, nesliniň hem hiç biri Ýehowanyň halkyna goşulyp bilmez» diýilýär (5Ms 23:2).

DEKABR 27—ÝANWAR 2

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SERDARLAR 13, 14

«Ene-atalar Manowa bilen aýalyndan köp zat öwrenip biler»

w13 15/8 sah. 16, abz. 1

Ata-eneler, çagalaryňyza bäbeklikden öwrediň

Gadymy Ysraýylda Sora şäherinde ýaşan Dan tiresinden Manowa atly bir adamyň mysalyna seredeliň. Hudaýyň perişdesi Manowanyň önelgesiz aýalyna bir ogul dogurjakdygyny aýtdy (Ser. 13:2, 3). Şonda olar gaty alada etdiler. Manowa Hudaýa ýüzlenip: «Ýa Reb! Goý, bize iberilen Hudaýyň adamy ýanymyza ýene-de gelsin hem-de bizden doguljak çaga näme etmelidigimizi öwretsin» diýip ýalbardy (Ser. 13:8). Manowa aýaly bilen çagasyna terbiýe bermek üçin, elinde baryny etdiler. Olar ogly Şimşona Hudaýyň kanunyny öwretdi we olaryň eden tagallasy ýerine düşdi. Mukaddes Ýazgylarda: «Şimşony Rebbiň ruhy galkyndyryp başlady» diýilýär. Iň soňy, Şimşon ysraýylyň serdary bolup, köp uly işler etdi (Ser. 13:25; 14:5, 6; 15:14, 15).

w05 15/3 sah. 25, 26

Şimşon Ýehowanyň güýji bilen ýeňiş gazandy

«Ýehowa Şimşony çagalygyndan goldaýardy» (Serdarlar 13:24). Bir gün Şimşon ene-atasyna: «Timnahda bir piliştli gyza aşyk boldum, şol gyzy alyp beriň» diýdi (Serdarlar 14:2). Ene-atasy ör-gökden gelendir! Duşmanlary ýok etmegiň deregine, Şimşon olar bilen garyndaşlyk açjak bolýardy. Hudaýyň kanunynda butparaz halklardan gyz alşyp-berişmek gadagan edilýärdi (2 Musa 34:11—16). Şonuň üçin ene-atasy oňa garşy çykyp: «Dogan-garyndaşlaryňdan, öz iliňden gyz tapmadyňmy? Indi sünnetsiz piliştliniň gyzyna öýlenjek bolýarmyň?» diýdi. Ýöne şonda-da Şimşon kakasyna: «Alyp beräý-dä, gyz göwnüme ýarady» diýdi (Serdarlar 14:3).

Ruhy dürdäneler

w05 15/3 sah. 26, abz. 1

Şimşon Ýehowanyň güýji bilen ýeňiş gazandy

Piliştli gyz haýsy manyda Şimşonyň «göwnüne ýarady»? Bir sözlükde gyzyň syratly, owadan bolandygy üçin däl-de, maksadyna ýetmek, niýetini amala aşyrmak üçin Şimşonyň göwnüne ýarandygy aýdylýar («McClintock and Strong’s Cyclopedia»). Şimşonyň maksady nämedi? Serdarlar 14:4-de aýdylyşy ýaly, «ol piliştlilerden ar almak üçin amatly pursat gözleýärdi». Ulaldygy saýyn «Şimşona Ýehowanyň ruhy indi» (Serdarlar 13:25). Piliştli gyzy alyp ber diýmegi hem Ýehowanyň ruhy arkalydy. Allatagala Şimşona Ysraýyla kazylyk etmäge-de güýç berdi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş