-
Ol Hudaýa doga edip, ýüregini dökdiOlaryň imanyndan görelde alyň
-
-
15, 16. a) Hannanyň Ýehowa doga edip, ýüregini dökmegi we çadyrda sežde etmegi oňa nähili täsir etdi? b) Biz göwnüçökgün bolanymyzda nädip Hannanyň göreldesine eýerip bileris?
15 Hannanyň Ýehowa doga edip, ýüregini dökmegi we çadyrda sežde etmegi oňa nähili täsir etdi? Mukaddes Ýazgylarda: «Hanna öz ýoluna gitdi. Soňra ol naharlandy. Ol indi gamgyn däldi» diýilýär (1 Şam. 1:18). Hannanyň ýüki ýeňlän ýaly boldy. Sebäbi ol gam-gussasyny, ýagny agyr ýüküni, özünden has güýçli gökdäki Atasyna taşlady (Zebur 55:22-ni oka). Çünki Ýehowa ähli kynçylyklary hemişe-de çözüp bilýär!
16 Gaýgy-aladalar biziň üçin hem agyr ýük bolsa, onda bizem Hannanyň göreldesine eýerip, «dogalary eşidýän» Ýehowa ýüregimizi döküp bileris (Zeb. 65:2). Ýehowanyň dogalarymyzy eşitjekdigine ynansak, gam-gussa çekmegiň deregine bizde «her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy» bolar (Flp. 4:6, 7).
-
-
Ol Hudaýa doga edip, ýüregini dökdiOlaryň imanyndan görelde alyň
-
-
18 Peninna Hannanyň ýarasyny gozgap bilmeýändigine haçan düşündi? Mukaddes Ýazgylarda «ol indi gamgyn däldi» diýilmegi, Hannanyň şol günden soň bagty açylandygyny aňladýar. Her näme-de bolsa, Peninna edýän ýamanlyklarynyň Hanna täsir etmeýändigine düşündi. Şondan soň Mukaddes Ýazgylarda Peninnanyň ady agzalmaýar.
-