1 Şamuwel
1 Efraýymyň+ daglarynda ýerleşýän Ramataýym-sopymda+ Alkana+ atly adam ýaşaýardy. Ol Ýerohamyň ogly, Alyhuwyň agtygy, Tohuwyň çowlugy, efraýymlardan Zubuň ýuwlugydy. 2 Alkananyň Hanna we Peninna atly iki aýaly bardy. Peninnanyň çagalary bardy, emma Hannanyň çagasy bolmaýardy. 3 Alkana her ýyl Serkerdebaşy Ýehowa sežde edip, gurban bermek üçin Şilo giderdi+. Alynyň iki ogly Hopny bilen Pinehas+ şol ýerde Ýehowanyň ruhanysy bolup hyzmat edýärdi+.
4 Bir gün Alkana Hudaýa gurban berende, aýaly Peninna bilen ogul-gyzlaryna gurbanlykdan paý berdi+. 5 Ol Hanna aýratyn paý berdi, sebäbi ony has gowy görýärdi, ýöne Ýehowa Hanna çaga berenokdy. 6 Üstesine-de, Alkananyň beýleki aýaly Ýehowanyň çaga bermeýändigini Hannanyň ýüzüne basyp, hemişe kemsidýärdi. 7 Her ýyl Ýehowanyň öýüne gidenlerinde+, Peninna Hannany şeýle bir kemsidýärdi welin, ol aglap, çöregem iýmeýärdi. 8 Äri Alkana bolsa: «Hanna, näme üçin hiç zat iýmän, aglap otyrsyň? Näme özüňi beýle horlaýaň? Men saňa on oguldan hem artyk dälmi?» diýdi.
9 Şiloda iýip içenlerinden soň, Hanna turup gitdi. Şol wagt Aly ruhany Ýehowanyň ybadathanasynyň*+ agzynda oturgyçda otyrdy. 10 Hanna gaýgy-hasratdan ýaňa gözünden boýur-boýur ýaş döküp, Ýehowa doga edip başlady+. 11 Ol: «Eý Serkerdebaşy Ýehowa, çekýän hasratymy görüp, meni ýatla. Ýehowa, gyrnagyňy unutman, bir ogul berseň+, oglumy saňa bereýin. Ol bütin ömrüne saňa gulluk eder, başyna päki degmez»+ diýip söz berdi.
12 Hanna ep-esli wagt Ýehowa doga etdi, Aly bolsa ony synlap otyrdy. 13 Hanna içinden doga edensoň, sesi eşidilmän, diňe agzy gymyldaýardy. Aly ruhany Hanna serhoşdyr öýdüp: 14 «Içgili halyňa bärde näme işleýäň? Bar, serhoşlygyňdan açylyp gel» diýdi. 15 Hanna bolsa: «Wah, atam, meniň başym agyr dertli. Men içgili däl, Ýehowa ýüregimi dökýärin+. 16 Gyrnagyňa dereksiz aýaldyr öýtme, häliden bäri Hudaýa gaýgy-aladamy, derdimi aýdyp durun» diýdi. 17 Şonda Aly: «Bolýar, arkaýyn gidiber. Goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi eşitsin»+ diýdi. 18 Hanna bolsa: «Hoş sözleriň üçin sag bol, atam!» diýdi. Hanna gidip, iýip içdi. Şondan soň ol gamgyn bolmady.
19 Ertesi ir bilen turup, Ýehowa sežde etdiler, soňra Rama+ öýlerine gaýtdylar. Alkana aýaly Hanna ýanaşdy*, Ýehowa Hanna nazar saldy*+. 20 Hanna göwreli bolup, bir ýyl geçip-geçmänkä*, ogul dogurdy. Ol: «Ýehowadan diläp alan oglum» diýip, adyna Şamuwel* dakdy+.
21 Aradan birnäçe wagt geçdi. Alkana bütin maşgalasy bilen Ýehowa her ýylky gurbanlygyny+ we wada beren sadakasyny bermäge gitdi. 22 Hanna bolsa öýde galdy+. Ol Alkana: «Men entek gitmäýin, oglum süýtden aýrylsyn, soňra ony Ýehowanyň öýünde* hemişelik goýup gaýdaryn»+ diýdi. 23 Alkana: «Bolýar, çaga süýtden aýrylýança galyber. Goý, Ýehowa isleýşiň ýaly etsin!» diýdi. Şeýdip, Hanna ogly süýtden aýrylýança, öýde galdy.
24 Çaga süýtden aýrylan badyna, Hanna üçýaşar öküz, bir çuwal* un, uly küýze şerap+ alyp, ogluny Şilo+ äkitdi. Ol ogly bilen Ýehowanyň Şilodaky öýüne bardy. 25 Öküz soýlandan soň, oglanjygy Aly ruhanynyň ýanyna eltdiler. 26 Şonda Hanna: «Atam, ýadyňa düşýän bolsa, men şu ýerde Ýehowa doga edipdim+. 27 Ine şu oglanjyk üçin dileg etdim, Ýehowa-da dilegimi eşitdi+. 28 Indi oglumy Ýehowa berýärin. Goý, ol bütin ömrüne Ýehowa gulluk etsin» diýdi.
Soňra ol* Ýehowa tagzym etdi.