Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr23 Ýanwar sah. 1—10
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2023)
  • Sözbaşylar
  • 2—8 ÝANWAR
  • Ruhy dürdäneler
  • 9—15 ÝANWAR
  • 16—22 ÝANWAR
  • 23—29 ÝANWAR
  • 30 ÝANWAR—5 FEWRAL
  • 6—12 FEWRAL
  • 13—19 FEWRAL
  • 20—26 FEWRAL
  • Ruhy dürdäneler
  • w20.02 sah. 12, çarçuwa
  • Gökdäki Atamyz Ýehowany güýçli söýýäris
  • Ýehowa maňa üns berýärmikä?
  • 27 FEWRAL—5 MART
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2023)
mwbr23 Ýanwar sah. 1—10

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

© 2022 Christian Congregation of Jehovah’s Witnesses

2—8 ÝANWAR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PATYŞALAR 22, 23

«Näme üçin pesgöwünli bolmaly?»

w00 15/9 sah. 29, 30

Pesgöwünli patyşa Ýehowany razy etdi

Ir ertirden gurluşykçylar işe başladylar. Olar Ysraýylyň zalym halkynyň ybadathananyň zaýalan ýerlerini bejerdiler. Ýoşyýa munuň üçin Ýehowa örän minnetdar bolandyr. Iş gyzgalaňly gidip durka, Şapan gowy habar aýtmak üçin patyşanyň ýanyna gelýär. Onuň elinde bir golýazma bardy. Ol baş ruhany Hilkiýanyň «Ýehowanyň Musa arkaly beren Kanun kitabyny» tapandygyny aýdýar (2 Taryh 34:12—18). Golýazma Kanun kitabynyň nusgasy däl-de, hakykysydy.

Ýoşyýa kitapdaky sözleriň her birini ünsli diňledi. Şapan kitaby okap durka, ol Ýehowanyň her bir tabşyrygynyň özüne we halka degişli ýerlerine düşünjek bolýardy. Golýazmada halkyň Ýehowa däl-de, ýalan taňrylara sežde etse, jeza çekip sürgün ediljekdigi aýdylýardy. Şol sözler Ýoşyýanyň ýüregine jüňk boldy. Ol Hudaýyň tabşyryklarynyň köpüsini halkyň ýerine ýetirmeýändigini görýärdi. Şonuň üçin Ýoşyýa ýakasyny ýyrtyp, Hilkiýa, Şapana we ýanyndakylara şeýle diýdi: «Ýehowadan kitapdaky sözlere görä... näme boljagyny soraň. Ýehowa üstümize gahar-gazabyny inderer, sebäbi ata-babalarymyz kitapda ýazylan tabşyryklary ýerine ýetirmediler» (2 Patyşalar 22:11—13; 2 Taryh 34:19—21).

w00 15/9 sah. 30, abz. 2

Pesgöwünli patyşa Ýehowany razy etdi

Ýoşyýa Hulda atly pygamber aýalyň ýanyna adamlaryny iberýär. Olaram patyşa Huldanyň habaryny ýetirýärler. Hulda täze tapylan golýazmada ýazylan betbagtçylyklaryň dönük halkyň başyna injekdigini aýdýar. Emma ol Ýoşyýa patyşanyň Ýehowanyň öňünde özüni kiçeldendigi üçin şol günleri görmejekdigini, asudalykda dünýäden ötüp jaýlanjakdygyny aýdýar (2 Patyşalar 22:14—20; 2 Taryh 34:22—28).

Ruhy dürdäneler

w01 15/4 sah. 26, abz. 3, 4

Çagalygyň gowy geçmese-de, dogry ýoldan ýöräp bilersiň

Çagalyk döwri agyr geçse-de, Ýoşyýa hemişe Ýehowa ýaraýan zatlary edýärdi. Mukaddes Kitapda onuň gowy patyşa bolandygy barada şeýle sözler ýazylan: «Ýoşyýa ýaly bütin ýüregi, bütin jany, bütin güýji bilen Ýehowa dolanyp, Musanyň kanunyny ýerine ýetiren patyşa öňde-soňda bolmandy» (2 Patyşalar 23:19—25).

Ýoşyýanyň mysaly kynçylykda önüp-ösenleri örän ruhlandyrýar. Biz Ýoşyýadan näme öwrenýäris? Ýoşyýa hemişe hak ýoldan ýöräp, dogry işleri etmäge näme kömek etdi?

9—15 ÝANWAR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 PATYŞALAR 24, 25

«Haýsy döwürde ýaşaýandygyňyzy ýatdan çykarmaň»

w01 15/2 sah. 12, abz. 2

Ýehowanyň höküm güni ýakyn!

2 Sepanýanyň pygamberligi Ýoşyýany Ýahudada arassa seždäni dikeltmäge höweslendirendir. Ýöne patyşa ýurtdan butparazlygy aýyrsa-da, erbetligi doly aýryp bilmedi. Atasy Manaşa patyşanyň eden günälerini hem aklap bilmedi, sebäbi ol «Iýerusalimi bigünä adamlaryň ganyndan doldurdy» (2 Patyşalar 24:3, 4; 2 Taryh 34:3). Ýehowanyň höküm güni hem hökman geler.

w07 15/3 sah. 11, abz. 10

Ýermeýa kitabyndan peýdaly pikirler

B. e. öň 607-nji ýyly Zedekiýa patyşanyň höküm sürýän döwrüniň 11-nji ýylydy. Babyl patyşasy Nebukadnezar Iýerusalimi on sekiz aýlap gabawda saklaýar. Bäşinji aýyň ýedinji güni, ýagny Nebukadnezaryň patyşalygynyň 19-njy ýylynda, goragçylaryň başy Nebuzardan Iýerusalime gelýär (4 Patyşalar 25:8). Nebuzardan goşuny şäheriň daşynda goýup, ýagdaýy gözden geçirýär we hüjüm etmegi planlaşdyrýar. Üç günden soň, ýagny aýyň onunda Nebuzardan Iýerusalime girýär. Şäheri tutuşlygyna otlaýar (Ýeremiýa 52:12, 13).

Ruhy dürdäneler

w05 1/8 sah. 12, abz. 1

Ikinji Patyşalar kitabyndan peýdaly pikirler

24:3, 4. Manaşanyň bigünä adamlaryň ganyna galandygy üçin Ýehowa Ýahudany «bagyşlamak islemedi». Hudaý ganhorluga göz ýummaýar. Diýmek, Ýehowa bigünä gan döken adamlardan hasap sorar (Zebur 37:9—11; 145:20).

16—22 ÝANWAR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 TARYH 1—3

«Mukaddes Kitapda bolan wakalar ýazylan»

w09 1/9 sah. 14, abz. 1

Adam ata bilen How ene dogrudanam ýaşapdyrmy?

Geliň, bir mysaly alyp göreliň. 1 Taryh 1—9; Luka 3-nji baplarda ýehudylaryň nesil daragty beýan edilýär. Nesil daragtynda 48 we 75 arka jikme-jik ýazylan. Luka şägirt Isa Mesihiň nesil daragtyny ýazdy, 1 Taryh kitabynda bolsa Ysraýyl patyşalarynyň we ruhanylarynyň atlary ýazylan. Iki kitapda-da nesil daragtynda ady belli adamlaryň, ýagny Süleýmanyň, Dawudyň, Ýakubyň, Ybraýymyň, Nuhuň we Adam atanyň ady bar. Olaryň hemmesem ýer ýüzünde hakykatdanam ýaşan adamlar. Olaryň ilkinjisi hem Adam atady.

w08 1/6 sah. 3, abz. 4

Nuh ýaşapdyr, Tupan hem bolupdyr

Nuh pygamberiň hakykatdanam ýaşandygyny Mukaddes Kitapda ýazylan iki sany nesil daragty subut edýär (1 Taryh 1:4; Luka 3:36). Hydyr bilen Luka nesil daragtyny ünsli yzarlap, ýazypdyrlar. Luka Isa Mesihden başlap, Nuha çenli ýazypdyr.

w09 1/9 sah. 14, 15

Adam ata bilen How ene dogrudanam ýaşapdyrmy?

Geliň, buthana gatnaýan hudaýhon adamlary mysal alalyň. Olar töleg gurbanyna ýürekden ynanýarlar. Olaryň taglymatyna görä, Isa Mesih adamlary günäden azat etmek üçin kämil janyny gurban berdi (Matta 20:28; Ýahýa 3:16). Bilşimiz ýaly, töleg ýitirilen zadyň öwezini dolmak üçin tölenilýän baha. Şol sebäpli Mukaddes Kitapda: «Ol janyny... töleg hökmünde gurban berdi» diýilýär (1 Timoteos 2:6). Isa näme üçin janyny töleg hökmünde berdi? Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Adam ata arkaly hemmeleriň ölşi ýaly, Mesih arkaly-da hemmeler ýaşarlar» (1 Korinfliler 15:22). Isa Adam atanyň Erem bagynda ýitiren kämil janyna derek gulak asýan adamlara töleg hökmünde öz kämil janyny gurban berdi (Rimliler 5:12). Dogrudanam, Adam ata ýer ýüzünde ýaşamadyk bolsa, Isa pygambere janyny töleg hökmünde gurban bermek gerek bolmazdy.

Ruhy dürdäneler

it «Nesil daragty»

Nesil daragty

Gelin-gyzlaryň ady. Gadymy döwürde nesil daragtynda käbir gelin-gyzlaryň ady wajyp bolandygy üçin ýazylýardy. 1 Musa 11:29, 30-njy aýatlarda Saranyň (Bibisaranyň) ady agzalýar, sebäbi wada edilen nesil Ybraýymyň aýaly Bibisaradan doguldy. Yshagyň aýaly Rebekanyň mamasy Milkanyň ady hem şol aýatda agzalýar. Yshak başga milletli gyza öýlenmez ýaly, Ybraýym ogluna garyndaşy Rebekany alyp berýär (1Ms 22:20—23; 24:2—4). 1 Musa 25:1-de Bibisara ýogalansoň, Ybraýymyň Ketura öýlenendigi aýdylýar. Şeýdip, Ýehowanyň gudraty bilen Yshagyň doglanyna 40 ýyl geçensoň, Ybraýym ýene-de nesil öndürip bilýär. Onuň birnäçe ogul-gyzy bolýar (Rim 4:19; 1Ms 24:67; 25:20). Bu bolsa midýanlaryň we arap taýpalarynyň ysraýyllar bilen garyndaş bolandygyna düşünmäge kömek edýär.

Hudaýyň niýeti bilen baglanyşykly bolansoň, Mukaddes Kitapda Leýanyň, Raheliň we Ýakubyň gyrnaklarynyň hem-de olaryň ogullarynyň atlary ýazylan (1Ms 35:21—26). Başga ýagdaýlarda, meselem, kakasynyň mirasy gyzlaryna galsa, onda nesil daragtynda olaryňam atlary ýazylýardy (4Ms 26:33). Tamaryň, Rahawyň we Rutuň atlarynyň ýazylmagy gaty üýtgeşik. Olar Ýehowa üçin köp zadyndan geçmäge taýyn boldular. Şonuň üçinem Isa Mesihiň nesil enesi boldular (1Ms 38; Rut 1:3—5; 4:13—15; Mat 1:1—5). Nesil daragtynda başga aýallaryňam atlary agzalýar. Olar 1 Taryh 2:35, 48, 49; 3:1—3, 5-nji aýatlarda ýazylan.

23—29 ÝANWAR

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 TARYH 4—6

«Men köplenç näme barada doga edýärin?»

w10 1/10 sah. 23, abz. 3—7

«Dogalary eşidýän» Hudaý

Ýabez Hudaýa hemişe doga edýärdi. Ol ilki bilen Hudaýdan ak pata, soňra üç zat dileýär. Şol dileglerinden onuň Hudaýa berk iman edendigini bilse bolýar.

Birinjiden, Ýabez Hudaýdan «mülküni köpeltmegi» diläpdir (10-njy aýat). Ol abraýlydy, biriniň zadyna göz gyzdyryp, elinden alýan adam däldi. Ol ýerini giňeltmek üçin däl-de, adamlaryň aladasyny edýändigi üçin şeýle doga eden bolmaly. Belki-de, ol şol ýerde has köp adamlaryň hak Hudaýa sežde etmegini isländir.

Ikinjiden, Ýabez Hudaýdan «goldamagyny» diläpdir. Ýehowa wepaly gullukçylaryna güýç berip, goldaýar (1 Taryh 29:12). Wepaly gullaryny hemişe goldaýandygy üçin Ýabez diňe Hudaýdan kömek sorady (Işaýa 59:1).

Üçünjiden, Ýabez: «Bela-beterden gora, ýamanlyk ýüzüni görmäýin» diýip doga etdi. Onuň şu sözleri Hudaýdan kynçylyklary aýyrmagy däl-de, agyr günde ruhdan düşmezligi diländigini görkezýär.

Ýabeziň dogasyndan Hudaýa arassa sežde edendigini, imanynyň berkdigini we dogasynyň jogapsyz galmajakdygyna ynanýandygyny görse bolýar. Ýehowa onuň dogasyna nädip jogap berdi? 1 Taryh 4:10 şeýle sözler bilen jemlenýär: «Hudaý hem onuň dogasyna jogap berdi».

Ruhy dürdäneler

w05 1/10 sah. 9, abz. 7

Birinji Taryh kitabyndan peýdaly pikirler

5:10, 18—22. Şawul patyşanyň döwründe Iordanyň gündogarynda ýaşaýan taýpalar hagarlary derbi-dagyn etdiler. Hagarlar ysraýyllardan iki esse köpdi. Şol taýpalar Ýehowa bil baglap, kömek sorandygy üçin ýeňiş gazandylar. Şeýtan dürli ýollar bilen hüjüm etse-de, geliň, Ýehowanyň ýeňiş berjekdigine ynamly bolalyň (Efesliler 6:10—17).

30 ÝANWAR—5 FEWRAL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 TARYH 7—9

«Ýehowa bilen kyn ýumuşlaram edip bilersiňiz»

w05 1/10 sah. 9, abz. 8

Birinji Taryh kitabyndan peýdaly pikirler

9:26, 27. Lewi derwezebanlary ynamdar adamlardy. Olara mukaddes ybadathananyň açary berlipdi. Her gün ybadathananyň gapylaryny açmak olaryň borjudy. Bize-de ýaşaýan ýerimizdäki adamlara hoş habary wagyz etmek we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek hormaty ynanyldy. Sizem lewi derwezebanlary ýaly ynamdarmy we özüňize tabşyrylan işi ýürekden edýärsiňizmi?

w11 15/9 sah. 32, abz. 7

Kynçylyklara uçranyňyzda Pinehasyň göreldesine eýerermisiňiz?

Pinehas gadymy Ysraýylyň agyr işlerine jogapkärdi. Ol Hudaýa bil baglap, batyrgaýlygy hem düşgürligi bilen kynçylyklaryň hötdesinden geldi. Pinehas Hudaýyň ýygnagynyň ýürekden aladasyny edip, Ýehowanyň göwnünden turdy. Takmynan 1 000 ýyl geçenden soň, Ezra Hudaýyň ylhamy bilen şeýle sözleri ýazdy: «Geçmişde olara Elgazaryň ogly Pinehas ýolbaşçylyk edipdi; Ýehowa onuň bilendi» (1 Tar. 9:20). Goý, bu sözler Hudaýyň halkyna gözegçilik edýän doganlarda-da, ähli wepaly mesihçilerde-de ýerine ýetsin!

Ruhy dürdäneler

w10 15/12 sah. 21, abz. 6

Ýehowa aýdym aýdyň!

6 Hawa, Ýehowa pygamberleri arkaly gullukçylaryna nagmalar bilen Özüni şöhratlandyrmagy tabşyrdy. Ruhanylar taýpasyndan saýlanyp alnan aýdymçylar hatda başga lewililerden talap edilýän işlerden boşadylýardy. Şol sebäpli olaryň täze nagmalary düzüp, has dogrusy, olary aýtmagy öwrenmäge ýeterlikli wagtlary bolýardy (1 Tar. 9:33).

Wagyzda ökdeleşiň

w21.06 sah. 3, 4, abz. 3—8

Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek ediň

3 Okuw geçýän adam suwa çümdürilmek üçin öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaly (Matta 28:19, 20-nji aýatlary okaň). Şonda ol Isanyň mysalyndaky «paýhasly adama» meňzär. Sebäbi ol ýeri çuň gazyp, jaýyň düýbüni berk tutupdy (Mat. 7:24, 25; Luka 6:47, 48). Biz okuw geçýän adama öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaga nädip kömek edip bileris? Geliň, üç maslahata seredeliň.

4 Maksat goýmaga kömek ediň. Aýdaly, siz ulagly ýola düşdüňiz. Siziň barmaly ýeriňiz gaty daş. Eger siz ýolda wagtal-wagtal dynç alyp, tebigaty synlap gitseňiz, uzak ýol sizi ýadatmaz. Şonuň ýaly Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam tiz ýetip bolýan maksatlary goýsa, suwa çümdürilmek onuň üçin elýetmez maksat bolup görünmez. Biz «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň «Maksat goýuň» diýen çarçuwasy arkaly okuw geçýäne Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edip bileris. Şol çarçuwada okuw geçýän adamyň ýetip biljek maksady ýazylan. Her sapakdan soň okuw geçýäni şol maksada ýetmäge höweslendiriň. Şonda ol öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanyp biler. Siz okuw geçýäniň ýetip biläýjek başga maksatlaryny çarçuwanyň «Şeýle-de» diýen ýerine ýazyp bilersiňiz. «Maksat goýuň» diýen çarçuwa arkaly okuw geçýän adam bilen ýetip biljek maksatlary hakda gürrüň edip duruň. Sebäbi käbir maksatlara tiz ýetip bolýar, käbirleri üçin köpräk wagt gerek bolýar.

5 Durmuşyny we gylyk-häsiýetini üýtgetmäge kömek ediň (Markus 10:17—22-nji aýatlary okaň). Isa baý ýigide mal-mülküni satmagyň aňsat bolmajakdygyny bilýärdi (Mar. 10:23). Ýöne ol şonda-da «ähli zadyňy sat» diýip maslahat berdi. Näme üçin? Isa ony gowy görýärdi. Käte biz okuw geçýän adama öwrenen zadyny durmuşynda ulanmalydygyny aýtmaga çekinýäris, sebäbi onuň göwnüne degmejek bolýarys. Elbetde, oňa öňki häsiýetlerini we endiklerini goýup, ýagşy häsiýetleri ösdürmek üçin wagt gerek bolar (Kol. 3:9, 10). Biz okuw geçýäne gylyk-häsiýetini üýtgetmelidigini näçe ir aýtsak, şonça-da gowy bolar. Şeýdip, biz ony gowy görýändigimizi we aladasyny edýändigimizi görkezeris (Zeb. 141:5; Nak. 27:17).

6 Okuw geçýän adamyň tema hakda pikirini we düşünjesini bilmek üçin soraglary beriň. Şonda onuň ynanýan, iman edýän we düşünýän zatlary hakda bilersiňiz. Okuw geçýäne sorag berip dursaňyz, oňa kabul etmek we razylaşmak kyn boljak temalary düşündirmek aňsat bolar. «Ebedi ýaşaň!» kitabynda okuw geçýäniň pikirini we garaýşyny bilmäge kömek edýän köp soraglar bar. Meselem, 4-nji sapakda «Ýehowa Hudaýyň adyny tutup ýüzlensek, Oňa ýararmy?» diýen sorag bar. 9-njy sapakda «Ýehowa näme hakda doga-dileg edesiň gelýär?» diýen sorag bar. Okuw geçýäne birbada şeýle soraglara jogap bermek aňsat bolmaz. Ýöne siz kitapdaky suratlar we aýatlar arkaly oňa soraglar hakda oýlanmaga kömek edip bilersiňiz.

7 Okuw geçýäne düşünen zatlaryny durmuşynda ulanmaga kömek etmek üçin, dogan-uýalar bilen bolan wakany gürrüň beriň ýa-da wideo görkeziň. Meselem, okuw geçýän adama ýygnaklara barmak kyn bolsa, 14-nji sapagyň «Köpräk biliň» bölümindäki «Ýehowa aladamy etdi» diýen wideony görkeziň. «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň «Köpräk biliň» we «Söhbetdeşlik» diýen bölümlerinden başga-da gyzykly wakalary tapyp bilersiňiz. Ýöne okuw geçýän adamy biri bilen deňeşdirip: «Ol başaran bolsa, senem başararsyň» diýmäň. Goý, okuw geçýäniň özi düşünsin! Wideodaky peýdaly pikirleri nygtap geçiň. Wideodaky adama nämäniň kömek edendigini we haýsy aýadyň ruhlandyrandygyny aýdyň. Şeýle-de Ýehowanyň oňa güýç berendigini aýtsaňyz gowy bolar.

8 Ýehowany söýmäge kömek ediň. Okuw geçýäne Ýehowanyň häsiýetleri barada gürrüň beriň. Oňa Ýehowanyň bagtly Hudaýdygyny we hudaýhon adamlara ak pata berýändigini aýdyň (1 Tim. 1:11; Ýew. 11:6). Okuw geçýäne Ýehowanyň bizi söýýändigi üçin peýdaly zatlary öwredýändigini gürrüň beriň. Şeýle-de öwrenen zatlarymyz boýunça ýaşasak, bagtly boljakdygymyzy aýdyň (Işa. 48:17, 18). Ol Ýehowany ýürekden söýse, durmuşyny we häsiýetlerini üýtgetmek kyn bolmaz (1 Ýah. 5:3).

6—12 FEWRAL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 TARYH 10—12

«Hudaýyň tabşyryklaryna berk ýapyşyň»

w12 15/11 sah. 6, abz. 12, 13

«Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»

12 Dawudyň özüni alyp barşyndan biz ýene-de bir zat öwrenip bileris. Ol kanundaky prinsipleri nädip ulanmalydygyny bilýärdi we şoňa görä ýaşaýardy. Esasy prinsipleri bilsek, Ýehowanyň garaýşyna düşünip, dogry karara gelmäge kömek eder. Dawut ýaly bizem esasan prinsipleri Ýehowanyň kanunlaryndan öwrenýäris. Mysal üçin, bir gezek Dawut Beýtullahamyň guýusyndan suw içesi geldi. Ýöne şol wagt Beýtullaham piliştlileriň gol astyndady. Dawudyň üç esgeri özlerini howp astyna salyp, şol şäherden suw getirip berdiler. Ýöne Dawut ony içmedi. Ol suwy «Reb üçin ýere dökdi». Näme üçin? Dawut şeýle diýdi: «Meni beýtmekden sakla, ýa Hudaýym! Başyny etegine salyp giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?» (1 Tar. 11:15—19).

13 Dawut kanunda gan iýmeli däldigini we ony Ýehowanyň öňünde dökmelidigini bilýärdi. Şeýle-de ol näme üçin şeýle etmelidigine düşünýärdi. Ýagny Dawut «her bir jandaryň jany — onuň ganyndadygyny» bilýärdi. Elbetde, bu suw gan däldi. Onda näme üçin Dawut ony içmedi? Sebäbi ol kanunyň aňyrsynda duran prinsipe gowy düşünýärdi. Bu suw edil şol üç adamyň gany ýaly, Dawut üçin gymmatlydy. Sebäbi ol üç adam şol suwy getirmek üçin öläýmegi ähtimaldy. Şonuň üçin Dawut ony içse, onda olaryň gymmatly ganyna hormat goýmazlyk diýip pikir etdi. Netijede, ony içmegiň deregine ýere dökdi (Lew. 17:11; Kan. tag. 12:23, 24).

w18.06 sah. 17, abz. 5, 6

Hudaýyň kada-kanunlary we prinsipleri arkaly ynsabyňyzy terbiýeläň

5 Hudaýyň kanunlary bize peýda berer ýaly, olary ýöne bir okamak ýa-da bilmek ýeterlik däl. Biz Hudaýyň kada-kanunlaryna bolan söýgimizi ösdürmeli we olary gymmat saýmaly. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň» diýilýär (Amos 5:15). Ýöne biz muny nädip edip bileris? Munuň üçin, ilki bilen, ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy öwrenmeli. Aýdaly, siz gijesine gowy ýatyp bilmeýärsiňiz. Lukman size berhiz tutmagy, maşk etmegi we başga-da käbir özgerişleri etmegi maslahat berýär. Siz onuň maslahatyna eýereniňizde, munuň peýda berýändigine göz ýetirýärsiňiz. Elbetde, siz munuň üçin lukmana ýürekden minnetdar bolsaňyz gerek.

6 Şonuň ýaly, Ýaradyjymyz günäniň ýetirýän zyýanyndan goramak we bagtly ýaşamagymyz üçin bize kanunlaryny berdi. Mukaddes Ýazgylardaky ýalan sözlemek, ýamanlyk etmek, ogrulyk, ahlaksyzlyk, zorluk we jadygöýlik bilen bagly kanunlaryň peýdasy hakda oýlanyp görüň (Süleýmanyň tymsallary 6:16—19-njy aýatlary okaň; Ylh. 21:8). Ýehowanyň islegine laýyk hereket edenimizde, bol bereket alýarys. Bu bolsa Ýehowa we onuň kada-kanunlaryna bolan söýgimizi hem-de minnetdarlygymyzy artdyrýar.

Ruhy dürdäneler

it «Ýürek»

Ýürek

«Bütin kalbyňyz bilen» gulluk ediň. Bir gezek Dawut patyşa Ýehowa: «Bütin kalbym bilen senden gorkaýyn» diýip dileg edipdi (Zb 86:11). Ol «bütin kalbym» diýende ýüregini göz öňünde tutupdy. Adamyň ýüregi bölünse, ol ýaşap bilmeýär. Ýöne göçme manyda duýgulary ýa-da gorkusy sebäpli adamyň ýüregi bölünip biler. Şeýle adam Hudaýa bütin ýüregi bilen däl-de, göwünli-göwünsiz gulluk edýär (Zb 119:113; Ylh 3:16). Hatda birwagtda iki hojaýyna ýaranjak bolýan iki göwünli adamlaram bar; olar hojaýynlarynyň ikisine-de ýalan sözleýär (1Tr 12:33; Zb 12:2, çykgyt). Isa pygamber şeýle ikiýüzli adamlary ýazgarýardy (Mat 15:7, 8).

Ýüregi bölünen ýa-da iki göwünli adamlar Hudaýy razy edip bilmez. Ýehowa diňe bütin ýüregi bilen gulluk edýän adamlary kabul edýär (1Tr 28:9). Mekir ýüregimiz erbet ýola iterse, has köp tagalla etmeli bolýar (Ýer 17:9, 10; 1Ms 8:21). Hudaýa bütin kalbymyz bilen gulluk eder ýaly, ýürekden doga etmeli (Zb 119:145; Agy 3:41). Hudaýyň Sözüni her gün okamaly (Hyd 7:10; Nak 15:28). Wagyz işine yhlasly gatnaşmaly (Ýer 20:9-y deňeşdiriň). Ýehowa bütin ýürekden sežde edýän adamlar bilen gatnaşmaly (2Pa 10:15, 16-njy aýatlary deňeşdiriň).

13—19 FEWRAL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 TARYH 13—16

«Görkezmä eýeriň, üstünlik gazanyň»

w03 1/5 sah. 10, 11

Siz «Hany Ýehowa?» diýip soraýarsyňyzmy?

12 Äht sandygynyň Ysraýylyň Kirýat-ýegarim şäherine getirlenine birnäçe ýyl bolupdy. Ahyry, Dawut patyşa ony Iýerusalime getirmek isleýär. Ol halkyň baştutanlary bilen maslahatlaşyp: «Garşy bolmasaňyz, Ýehowa Hudaýymyz hem oňlasa... äht sandygyny alyp gaýdalyň» diýýär. Emma Dawut patyşa ähli zady Ýehowanyň aýdyşy ýaly etmeýär. Aslynda, äht sandygyny arabada alyp gaýtmaly däldi. Ýehowa kohatlara äht sandygyny egninde götermegi tabşyrypdy. Dawut Ýehowadan hemişe görkezme soraýardy. Ýöne bu gezek äht sandygyny göçürmek barada Ýehowadan hiç zat soramady. Şonuň üçin bu wakanyň soňy gowulyk bilen gutarmady. Dawut patyşa: «Ýehowa Hudaýymyzyň hem gahary geldi, sebäbi biz Hudaýdan maslahat soramandyk» diýip ýalňyşyny boýun aldy (1 Taryh 13:1—3; 15:11—13; 4 Musa 4:4—6, 15; 7:1—9).

w03 1/5 sah. 10, abz. 13

Siz «Hany Ýehowa?» diýip soraýarsyňyzmy?

13 Lewiler äht sandygyny Abytedomyň öýünden Iýerusalime getirenlerinde, Dawut joşup, öz düzen aýdymyny aýtdy. Aýdymda şeýle şahyrana sözler bardy: «Ýehowany agtaryp, güýç soraň. Hemişe didaryny küýsäň. Gudratyny, ajaýyp işlerini unutmaň, aýdan hökümlerini ýatdan çykarmaň» (1 Taryh 16:11, 12).

Ruhy dürdäneler

w14 15/1 sah. 10, abz. 14

Bütin döwürleriň patyşasy Ýehowa sežde edeliň!

14 Dawut patyşanyň permany boýunça mukaddes äht sandygy Iýerusalime getirilýär. Şol şatlykly gün lewiler Ýehowa öwgüli aýdym aýdýarlar. Ol aýdymda şeýle çuň manyly sözler bardy: «Milletler arasynda: „Reb — Patyşa!“ diýsin olar» (1 Ýyl. 16:31). Kimdir biri geň galyp: «Eger Ýehowa ebedi Patyşa bolsa, onda Oňa näme üçin Patyşa boldy diýilýär?» diýip soramagy mümkin. Ýehowa ygtyýarynyň bardygyny görkezende ýa-da öz wekilini bellände, Oňa Patyşa boldy diýilýär. Görşümiz ýaly, Ýehowanyň haýsy manyda Patyşa bolandygyna düşünmek örän wajypdyr. Dawut patyşa dünýäden ötmezden öň, Ýehowa onuň ebedilik hökümdarlyk etjekdigini wada berdi: «Ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn» (2 Şam. 7:12). Dawudyň «zürýady» takmynan 1 000 ýyl geçenden soň dünýä inýär. Bu ogul kim we ol haçan Patyşa bolmalydy?

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w16.01 sah. 13, 14, abz. 7—10

Hudaýyň «ajaýyp sowgadyna» minnetdar boluň

7 Birinjiden, Isa Mesihiň bize bolan söýgüsi durmuşymyza täsir etmeli. Pawlus resul: «Bizi muňa Mesihiň söýgüsi iterýändir» diýdi (2 Korinfliler 5:14, 15-nji aýatlary okaň). Ol Mesihiň söýgüsine mynasyp bolar ýaly, onuň üçin ýaşamalydygymyza düşünýärdi. Eger biz Ýehowanyň eden ýagşylyklaryna doly göz ýetirsek we onuň bildiren söýgüsine minnetdar bolsak, onda Isa Mesihiň göreldesine ýürekden eýereris. Biz muny nädip edip bileris?

8 Ýehowany ýürekden söýýän adam Isa Mesihiň göreldesine doly eýerýär (1 Pet. 2:21; 1 Ýah. 2:6). Biz Ýehowa we Isa gulak asyp, olary söýýändigimizi görkezýäris. Isa şeýle diýdi: «Meniň tabşyryklarymy kabul edip, olary berjaý edýän adam meni söýýändir. Meni söýýän adamy bolsa Atam söýer, men-de ony söýerin we özümi oňa açyk görkezerin» (Ýah. 14:21; 1 Ýah. 5:3).

9 Ýatlama agşamy döwri durmuşymyz barada oýlansak gowy bolar. Özümize şeýle soraglary bereliň: «Men haýsy ýagdaýlarda Isanyň göreldesine eýerýärin? Men ýene-de nämeleriň üstünde işlemeli?» Biz özümizi barlap durmaly, sebäbi zalym dünýä erbet täsirini ýetirip durýar (Rim. 12:2). Eger biz seresap bolmasak, filosoflaryň, meşhur adamlaryň we sport ýyldyzlarynyň göreldesine eýerip başlamagymyz mümkin (Kol. 2:8; 1 Ýah. 2:15—17). Biz dünýäniň erbet täsirine nädip garşy durup bileris?

10 Biz Ýatlama agşamy döwründe egin-eşiklerimizi, görýän filmlerimizi, diňleýän aýdymlarymyzy, hatda kompýuterimize, el telefonymyza, planşedimize ýüklän zatlarymyzy barlamaly. Egin-eşigiňiz babatda özüňize şeýle sorag berip bilersiňiz: «Eger men Isanyň barjak ýerine şu eşigi geýip baran bolsam, özümi oňaýsyz duýardymmy?» (1 Timoteos 2:9, 10-njy aýatlary okaň). «Şu eşigi geýsem, daş-töwerekdäki adamlar meni Isanyň şägirdi diýip tanarlarmy?» Görýän filmleriňiz we diňleýän aýdymlaryňyz babatda özüňize şeýle soraglary berip bilersiňiz: «Isa dynç alanda şu filmi görerdimi ýa-da şu aýdymy diňlärdimi? Eger men oňa el telefonymy ýa-da planşedimi ulanmaga bersem, ondaky zatlary görer diýip utanardymmy?» Oýnaýan elektron oýunlaryňyz barada özüňize şeýle soraglary beriň: «Men şu oýny oýnamagy näme üçin gowy görýändigimi Isa düşündirip bilerdimmi? Isa şu oýny makullardymy?» Ýehowany söýýän bolsak, mesihçilere ýaraşmaýan zatlarymyzy bahasynyň gymmatdygyna garamazdan, zyňarys ýa-da ýok ederis (Res. iş. 19:19, 20). Biz özümizi Hudaýa bagyş edenimizde, mundan beýläk Mesih üçin ýaşajakdygymyzy söz beripdik. Şonuň üçin Isa Mesihiň göreldesine doly eýermäge päsgel berýän zatlardan el çekmeli (Mat. 5:29, 30; Flp. 4:8).

20—26 FEWRAL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 TARYH 17—19

«Isleýän zadyňyz bolmasa-da, şatlyk bilen gulluk ediň»

w06 15/7 sah. 19, abz. 1

Ýehowanyň guramasyndaky ýagşy zatlary unutmaň

TÖWRATDA aýdylyşy ýaly, gadymy Ysraýylda ençeme belli adamlaryň biri Dawut hasaplanýardy. Bu çopan, sazanda, pygamber we patyşa bolan adam Ýehowa Hudaýa bil baglaýardy. Dawudyň Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygy onda Hudaýa öý gurmak islegini döretdi. Bu öý, ýagny ybadathana Ysraýylda hakyky sežde edilýän ýer bolmalydy. Dawut ybadathana bilen bagly işleriň Hudaýyň halkyna şatlyk hem bereket berjegini bilýärdi. Şonuň üçin Dawut şeýle nagma aýtdy: «Öz howlularyňda mesgen tutsun diýip saýlan adamyň, Özüňe ýakynlaşdyran adamyň, gör, ne bagtly! Biz Seniň öýüň, Seniň mukaddes ybadathanaň näz-nygmatyndan doýarys» (Zebur 65:4).

w21.08 sah. 22, 23, abz. 11

Ýehowa ýürekden gulluk edip şatlanyň

11 Biz Ýehowanyň tabşyran işlerini ýürekden ýerine ýetirsek şatlygymyza şatlyk goşular. Şol sebäpli yhlasly wagyz ediň we ýygnagyň işlerini ýürekden ýerine ýetiriň (Res. 18:5; Ýew. 10:24, 25). Ýygnak duşuşyklaryna öňünden taýýarlanyň we ruhlandyryjy jogaplary beriň. Hepdäniň başyndaky duşuşykda berilýän ýumuşlara sowuk-sala garaman, gowy taýýarlanyň. Eger ýaşulular bir iş tabşyrsa, wagtynda ýerine ýetirmäge çalşyň. Tabşyrylan işe biperwaý garaman, gaýtam has gowy ýerine ýetirmek üçin jan ediň (Nak. 22:29). Eger siz tabşyrylan işleri yhlasly ýerine ýetirseňiz, Ýehowa bilen dostlugyňyz has-da berkär we ýürekden şatlanarsyňyz (Gal. 6:4). Şeýle-de siziň arzuw edip ýören borjuňyzy başga dogana berseler, göriplik etmersiňiz we onuň şatlygyna goşularsyňyz (Rim. 12:15; Gal. 5:26).

Ruhy dürdäneler

w20.02 sah. 12, çarçuwa

Gökdäki Atamyz Ýehowany güýçli söýýäris

Ýehowa maňa üns berýärmikä?

Belki-de, siz: «Ýer ýüzünde milliardlarça adamlar ýaşaýar, onda Ýehowa maňa üns bir berýärmikä?» diýýänsiňiz. Şu soragyň jogabyny başga-da ençeme gowy adamlaryň bilesi gelýär. Dawut patyşa: «Eý Ýehowa, adam ogluna nazar salaryň ýaly, başy ölümli adama üns bereriň ýaly, ol kimmişin?» diýdi (Zeb. 144:3). Dawut Ýehowanyň ony gowy tanaýandygyny bilýärdi (1 Tar. 17:16—18). Şu günlerem Ýehowa öz Sözi hem guramasy arkaly siziň oňa bolan söýgiňizi görýändigine ynandyrýar. Geliň, munuň şeýledigini görkezýän käbir pikirlere seredeliň:

• Ýehowa size hatda dogulmazyňyzdan öň hem üns berýär (Zeb. 139:16).

• Ýehowa siziň ýüregiňizi görýär we pikirleriňizi bilýär (1 Tar. 28:9).

• Ýehowa her biriňiziň doga-dilegleriňizi aýratynlykda eşidýär (Zeb. 65:2).

• Ýehowa siziň hereketleriňize üns berýär (Nak. 27:11).

• Ýehowa sizi aýratynlykda özüne ýakynlaşdyrýar (Ýah. 6:44).

• Ýehowa sizi şeýle bir gowy tanaýar welin, siz aradan çykaýsaňyzam, ol sizi öňki bedeniňizde, öňki häsiýetleriňiz we ýatlamalaryňyz bilen direlder (Ýah. 11:21—26, 39—44; Res. 24:15).

27 FEWRAL—5 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 TARYH 20—22

«Ýaşlara üstünlige ýetmäge kömek ediň»

w17.01 sah. 29, abz. 8

«Wepaly adamlara öwret»

8 1 Ýyl ýazgylary 22:5-i okaň. Dawut ogly Süleýmanyň şeýle uly işi etmegi başarjakdygyna şübhelenip bilerdi. Şeýle-de ybadathana «meşhur hem-de şöhratly» bolmalydy, Süleýman bolsa heniz «ýaş hem tejribesizdi». Emma Dawut Ýehowanyň özi ýolbaşçylyk edip, Süleýmana ukyp berip biljekdigine ýüregi bilen ynanýardy. Şol sebäpli Dawut ünsüni edip biljek zatlaryna gönükdirip, gurluşyk üçin zerur bolan köp zatlary taýýarlady.

w17.01 sah. 29, abz. 7

«Wepaly adamlara öwret»

7 Dawut patyşa ybadathanany gurmaga Ýehowanyň rugsat bermändigi üçin göwnüçökgünlige düşmedi. Ybadathana gurlanda, ol Dawudyň däl-de, Süleýmanyň ybadathanasy diýip atlandyrylmalydy. Dawut ýüregindäki islegini edip bilmeýändigine gynanan bolsa-da, gurluşygy goldamak üçin elinde baryny etdi. Ol gurluşyk işlerini ýola goýup, demir, mis, kümüş, kedr agaçlary ýaly zatlary ýygnap goýýar. Şeýle-de ol: «Indi, oglum, goý, Reb saňa ýar bolsun. Rebbiň sen barada aýdyşy ýaly, Rebbe öý gurmaklyk işiň şowuna bolsun» diýip, Süleýmany ruhlandyrdy (1 Ýyl. 22:11, 14—16).

w18.03 sah. 11, 12, abz. 14, 15

Ene-atalar, çagalaryňyza suwa çümdürilmäge kömek ediň!

14 Ýygnagyň ruhy taýdan ýetişen çopanlary ene-atalara ruhy maksatlar hakda gowy gürrüňleri etmäge ýardam edip bilerler. 70 ýyldan gowrak pioner bolup gulluk eden bir uýamyz 16 ýaşyndaka Çarlz T. Rassel doganyň oňa nähili kömek edendigini ýatlap, şeýle diýýär: «Ol ruhy maksatlarym barada bary-ýogy 15 minut gürrüňdeş boldy». Dogrudan-da, ýagşy hem-de ruhlandyryjy sözler uzak wagtlap täsir edip bilýär (Sül. tym. 25:11). Ýaşulular ene-atalary we olaryň çagalaryny Ýygnak jaýynyň gurluşyk hem abatlaýyş işlerine gatnaşmaga çagyryp, ýaşlaryň ýaşyna hem-de ukybyna görä käbir ýumuşlary tabşyryp biler.

15 Ýygnagyň beýleki agzalary hem ýaşlar bilen ýürekden gyzyklanyp kömek edip bilerler. Bu ýaşlaryň ruhy taýdan ösýändigini bilmäge ýardam eder. Meselem, ol ýygnak duşuşyklarynda gowy hem-de manyly jogaplary berýärmi? Synagda berk durýarmy we mekdepde mümkinçilik dörände wagyz etmäge tagalla edýärmi? Eger şeýle bolsa, onda olara ýürekden öwgüli sözleri aýdyň. Siz ýygnak duşuşygyndan öň ýa-da soň ýaşlar bilen gürrüňdeş bolup, ýürekden gyzyklanýandygyňyzy görkezip bilersiňizmi? Şeýle kömek ýaşlara «uly ýygnagyň» agzasydygyna düşünmäge kömek eder (Zeb. 35:18).

Ruhy dürdäneler

w05 1/10 sah. 11, abz. 6

Birinji Taryh kitabyndan peýdaly pikirler

21:13—15. Ýehowa halky gyryp ýören perişdäni saklady, sebäbi «rehim-şepagatly» Hudaý halkynyň ýagdaýyna örän gynandy.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w16.03 sah. 10, 11, abz. 10—15

Ýaşlar, siz suwa çümdürilmäge nädip taýýarlanyp bilersiňiz?

10 Hudaýyň Sözünde: «Iman... iş ýüzünde görkezilmese ölüdir» diýilýär (Ýak. 2:17). Dogrudan-da, adamyň imanynyň berkdigini edýän işlerinden görse bolýar. Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, imanyňy iş ýüzünde görkezmek üçin, «Hudaýa wepaly bolup, özüňi mukaddes alyp barmaly» (2 Petrus 3:11-i okaň).

11 «Özüňi mukaddes alyp barmak» üçin ahlak taýdan arassa bolmaly. Senem ahlak taýdan arassa ýaşamaga jan edýärmiň? Soňky alty aýyň dowamynda eden işleriňden «ýagşy we ýamany saýgarmagy öwrenendigiň» görünýärmi? (Ýew. 5:14). Synaga düşeniňde ýa-da deň-duşlaryň täsirine garşy durmaly bolanyňda, özüňi alyp barşyň bilen imanyňy iş ýüzünde görkezýärmiň? Ýa-da üstüňden güldürmejek bolup, klasdaşlaryňa görä bolýarmyň? (1 Pet. 4:3, 4). Elbetde, biziň ählimiz bikämil. Ýehowa ençeme ýyldan bäri gulluk edýän dogan-uýalaram käte köpçülikde imany barada gürrüň bermäge çekinýärler. Emma özüni Ýehowa bagyş eden adam Hudaýyň adyny göterýändigine buýsanýar we muny özüni alyp barşy bilen görkezýär.

12 Onda «Hudaýa wepaly bolmak» nämäni aňladýar? Muňa, esasan, ýygnak duşuşyklarynda we wagyzda edýän işlerimiz degişli. Emma bu başgalaryň gözüne ilmeýän zatlary, ýagny doga etmek hem-de şahsy okuw geçirmek ýaly başga-da ruhy işleri öz içine alýar. Özüni Ýehowa bagyş eden adam bu zatlary agyr ýük hasaplamaýar. Gaýtam, ol «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý, Hudaýym, kanunyň ýüregimiň içindedir» diýen Dawut patyşadan görelde alýar (Zeb. 40:8).

13 «Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar» diýen kitabyň (rus.) II tomunyň 308, 309-njy sahypalarynda ruhy maksatlary goýmaga kömek edýän şeýle soraglar getirilýär: «Sen doga edeniňde Ýehowa ähli zady açyk aýdýarmyň? Bu seniň Ýehowa bolan söýgiňi nädip görkezýär? Şahsy okuw geçireniňde nämeleri öwrenýärsiň? Eneň-ataň wagyz etmese-de, sen yhlasly wagyz edýärmiň?» Şol soraglaryň yzyndan doga etmek, şahsy okuw geçirmek hem-de wagyz etmek babatda maksatlaryňy ýazyp bilersiň.

14 Suwa çümdürilmek barada oýlanýan ýaşlaryň köpüsi şol çarçuwadaky soraglaryň peýdalydygyna göz ýetirdiler. Tilda atly bir ýaş uýa şeýle diýýär: «Bu soraglar maňa ruhy maksatlary goýmaga kömek etdi. Men maksatlaryma ýuwaş-ýuwaşdan ýetip, şondan bir ýyl geçensoň suwa çümdürilmäge taýyndygyma göz ýetirdim». Patrik atly ýaş dogan hem: «Men nähili maksatlarymyň bardygyny bilsem-de, olary ýazanymdan soň, şol maksatlaryma ýetmek üçin elimde baryny edip başladym» diýýär.

15 Şol çarçuwadaky: «Eneň-ataň we dostlaryň Ýehowa gulluk etmegini goýsa-da, sen gullugyňy dowam edermiň?» diýen sorag has-da oýlandyrýar. Sen özüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürileniňden soň, Hudaýyň öňünde özüň jogap bermelidigiňi unutmasaň gowy bolar. Seniň Hudaýa gulluk etmegiň başgalara, hatda eneň-ataňa-da bagly bolmaly däl. «Hudaýa wepaly bolup, özüňi mukaddes alyp barsaň», ynanýan zatlaryň hakykatdygyna doly göz ýetirendigiňi we suwa çümdürilmek üçin ruhy taýdan ýetişendigiňi görkezersiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş