Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/7 sah. 19—23
  • Ýehowanyň guramasyndaky ýagşy zatlary unutmaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň guramasyndaky ýagşy zatlary unutmaň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ruhy görkezmä minnetdarlyk
  • Ýolbaşçylyk edýän doganlar bikämil
  • «Bu sözler agyr»
  • Gowy garaýyşda boluň
  • Hüňürdemekden gaça duruň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Ýehowa guramasyna nädip ýolbaşçylyk edýär?
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Ýehowanyň adyny bilelikde beýgeldeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/7 sah. 19—23

Ýehowanyň guramasyndaky ýagşy zatlary unutmaň

«Biz Seniň öýüň... näz-nygmatyndan doýarys» (ZEBUR 65:4)

1, 2. a) Ybadathana bilen bagly işler Hudaýyň halkyna nähili täsir etmelidi? b) Dawut ybadathananyň gurluşygyny nädip goldady?

TÖWRATDA aýdylyşy ýaly, gadymy Ysraýylda ençeme belli adamlaryň biri Dawut hasaplanýardy. Bu çopan, sazanda, pygamber we patyşa bolan adam Ýehowa Hudaýa bil baglaýardy. Dawudyň Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygy onda Hudaýa öý gurmak islegini döretdi. Bu öý, ýagny ybadathana Ysraýylda hakyky sežde edilýän ýer bolmalydy. Dawut ybadathana bilen bagly işleriň Hudaýyň halkyna şatlyk hem bereket berjegini bilýärdi. Şonuň üçin Dawut şeýle nagma aýtdy: «Öz howlularyňda mesgen tutsun diýip saýlan adamyň, Özüňe ýakynlaşdyran adamyň, gör, ne bagtly! Biz Seniň öýüň, Seniň mukaddes ybadathanaň näz-nygmatyndan doýarys» (Zebur 65:4).

2 Emma Dawuda Ýehowanyň öýüni gurmaga rugsat berilmedi. Bu hormatly iş onuň ogly Süleýmana tabşyryldy. Dawut arzuw eden işiniň başga birine tabşyrylandygy üçin hüňürdemedi. Onuň üçin iň esasy zat ybadathananyň gurulmagydy. Ol ybadathananyň gurluşygyny ýürekden goldap, Ýehowadan alan çyzgysyny Süleýmana berdi. Onsoňam, Dawut ybadathananyň gurluşygynyň dürli işlerinde gulluk eder ýaly, müňlerçe lewileri toparlara böldi hem-de ummasyz möçberde gyzyldyr kümüş sowgat berdi (1 Taryhlar 17:1, 4, 11, 12; 23:3—6; 28:11, 12; 29:1—5).

3. Hudaýyň gullukçylary onuň guramasyndaky işlere nähili garaýar?

3 Wepaly ysraýyllylar hak Hudaýyň öýünde sežde bilen bagly geçirilen işleriň baryny goldadylar. Ýehowanyň häzirki gullukçylary hökmünde bizem onuň ýer ýüzündäki guramasynda geçirilýän ähli teokratiki işleri goldap, Dawudyň garaýşy ýaly garaýarys. Biz nägilelik bildirmän, gaýtam, Hudaýyň guramasyndaky eçilýän berketleri unutmaýarys. Eýsem, sen onuň berýän ähli ýagşylyklaryny görýäňmi? Geliň, olaryň käbirine seredeliň.

Ruhy görkezmä minnetdarlyk

4, 5. a) «Sadyk hem akylly hyzmatkär» berlen ýumşy nädip ýerine ýetirýär? b) Käbir Güwäçiler ruhy iýmite bolan minnetdarlygyny nädip bildirýärler?

4 Bizde Isa Mesihiň ýer ýüzündäki mesh edilen «sadyk hem akylly hyzmatkärine» minnetdar bolmaga sebäp bar. Mesh edilen mesihçiler, ýagny sadyk hyzmatkär wagyz işine ýolbaşçylyk edip, duşuşyklaryň geçirilmeginiň aladasyny edýär we 400-den gowrak dilde Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary çap edýär. Ýer ýüzünde millionlarça adamlar bu berilýän «wagtly-wagtyndaky nahary» minnetdarlyk bilen kabul edýärler (Mattta 24:45—47). Şonuň üçin nägile bolar ýaly bizde hiç hili sebäp ýok.

5 Elfi atly Ýehowanyň gartaşan Güwäçisine ençeme ýyllap Ýazgylara esaslanan sadyk hyzmatkäriň taýýarlaýan edebiýatlaryndaky maslahatlar göwünlik berýärdi we goldaýardy. Elfi çuňňur minnetdarlyk bildirip: «Ýehowanyň guramasy bolmasa men näderdim?» diýip ýazdy. Peter we onuň aýaly Irmgard hem köp ýyldan bäri Hudaýa gulluk edýär. Irmgard Ýehowanyň guramasyndaky ähli işleriň söýgi bilen edilýändigine minnetdarlyk bildirýär. Şeýle-de bu edebiýatlar gözi gowy görmeýän ýa-da gulagy gowy eşitmeýän adamlar üçinem çap edilýär.

6, 7. a) Gurama bütin ýer ýüzüne nädip ýolbaşçylyk edýär? b) Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasy barada käbirler näme diýýär?

6 Sadyk hyzmatkär — Ýehowanyň Güwäçileriniň Ýolbaşçylyk maslahaty. Mukaddes ruh bilen mesh edilen bu kiçi topar Bruklinde (Nýu-Ýork) Ýehowanyň Güwäçileriniň baş uprawleniýesinde gulluk edýär. Ýolbaşçylyk mahlahaty tejribeli doganlary ýer ýüzündäki 98 000-den gowrak ýygnaklara gözegçilik edýän filiallarda gulluk eder ýaly belleýär. Şeýle-de olar Mukaddes Ýazgylardaky talaba laýyk gelýän doganlary ýygnaklara ýaşuly hem-de gulluk hyzmatçylary edip belleýärler (1 Timoteos 3:1—9, 12, 13). Ýaşulular Hudaýyň sürüsine ýolbaşçylyk edip, ony söýgi bilen bakýarlar. Hudaýyň halkynyň arasynda bolmak hem-de «doganlygyň» söýgüsine we agzybirligine guwanmak gör, nähili bereket! (1 Petrus 2:17; 5:2, 3).

7 Ýaşulularyň söýgi bilen edýän ruhy ýolbaşçylygyna dogan-uýalar nägilelik däl-de, minnetdarlyk bildirýärler. Birgit atly 30 ýaşdan geçen mesihçi uýanyň mysalyna seredeliň. Ýetginjek ýyllary ol erbet oglan-gyzlar bilen dostlaşyp, tas günä edipdi. Ýöne ýaşulularyň Mukaddes Ýazgylara esaslanan açyk maslahatlary we dogan-uýalaryň goldawy bilen ol heläkçilige eltjek ýagdaýdan gutuldy. Birgit şol barada häzir nähili pikir edýärkä? Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň ajaýyp guramasyndadygyma gaty minnetdar». On ýedi ýaşly Andreas bolsa şeýle ýazdy: «Bu hakykatdanam Ýehowanyň guramasy, ol dünýäde iň gowy gurama». Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasynyň berýän ýagşy zatlaryna minnetdar bolmaly dälmi näme?

Ýolbaşçylyk edýän doganlar bikämil

8, 9. Dawudyň käbir döwürdeşleri özlerini nähili alyp bardylar, Dawut özüni nähili alyp bardy?

8 Hawa, teokratik işlere ýolbaşçylyk edýän doganlar bikämil. Olaryň hemmesi ýalňyşýar. Käbiri bolsa, gowşak taraplaryny hemişe düzedip durmaly bolýar. Bu bizi gynandyrmalymy? Ýok. Hatda gadymy Ysraýylda-da jogapkär adamlar düýpli ýalňyşýardy. Dawudyň mysalyna seredeliň. Saul patyşa biynjalyk ýagdaýa düşende, ony rahatlandyrmak üçin ýetginjek Dawudy sazanda edip bellediler. Biraz wagtdan soň, Saul Dawudy öldürmäge synanyşdy, ahyry ol gaçyp gutulmaly boldy (1 Patyşalar 16:14—23; 18:10—12; 19:18; 20:32, 33; 22:1—5).

9 Käbir ysraýyllylar bolsa özlerini dönüklerçe alyp bardylar. Meselem, Dawudyň goşunbaşysy Ýoab Saulyň garyndaşy Abneri öldürdi. Dawudyň ogly Abşalom kakasynyň ýerine patyşa boljak bolup, oňa garşy dildüwüşdi. Dawudyň maslahatçysy Ahitofel bolsa oňa dönüklik etdi (2 Patyşalar 3:22—30; 15:1—17, 31; 16:15, 21). Emma Dawut gaharlanyp nägilelik bildirmedi, ol hak Hudaýdan hem ýüz öwürmedi. Gaýtam, ol Sauldan gaçyp gizlenende, şeýle kyn ýagdaý ony Ýehowa has-da ýakynlaşmaga we gowy garaýyşda bolmaga kömek etdi. Şonda Dawut: «Maňa rehimdar bol, eý Hudaý, maňa rehimdar bol, çünki janym Saňa sygynýar; hawa, weýrançylyk geçýänçä, men Seniň ganatlaryň kölegesinde penalaýaryn» diýip, nagma aýtdy (Zebur 57:1).

10, 11. Gertrud nähili wakany başdan geçirdi we ol imandaşlarynyň ýalňyşlary barada näme diýdi?

10 Şu günler Hudaýyň guramasynda dönüklik edilýändir öýdüp, nägilelik bildirmäge bizde esas ýok. Mesihçileriň ýygnagynda haýynlygyň hem-de erbet adamlaryň bolmagyna Ýehowa-da, perişdelerde, ýaşulularda ýol bermez. Muňa garamazdan, biziň hemmämiz bikämil bolanymyz üçin özümizde-de, Hudaýyň beýleki gullukçylarynda-da, kemçilikleri görýäris.

11 Köp ýyllap Ýehowa gulluk edip gelýän Gertrud atly Güwäçi uýa ýaş wagtynda, ýalançy hem-de Patyşalygyň doly wagtly gullukçysy däl diýip, oňa töhmet atdylar. Ol muňa nähili garadyka? Gertrud hüňürdäp nägilelik bildirdimi? Ýok. Ol 2003-nji ýylda ölmezinden öň, 91 ýaşyndaka geçmişini ýatlap şeýle diýdi: «Meniň durmuşymda şonda we beýleki bolan wakalar maňa köp zady öwretdi. Käbir doganlaryň ýalňyşlaryna garamazdan, Ýehowa uly işini ýöredýär. Onda-da ol işini bize, bikämil adamlara ynanýar». Hudaýyň bikämil gullukçylarynyň kemçiligini görende, Gertrud Ýehowa ýürekden doga edýärdi.

12. a) I asyrdaky käbir mesihçiler nähili erbet görelde galdyrdylar? b) Biz nämäni unutmaly däl?

12 Hatda iň wepaly mesihçilerem bikämil. Şonuň üçin bardy-geldi jogapkär gullukçy ýalňyşaýsa-da, geliň, «hemme zady hüňürdisiz edeliň» (Filipililer 2:14). Eger I asyrdaky erbet göreldeli mesihçilere eýersek, biziň ýagdaýymyz gör, nähili gözgyny bolardy! Isanyň şägirdi Ýahudanyň aýtmagyna görä, şol döwürdäki ýalan mugallymlar «häkimiýeti äsgermeýärdi, şöhratly güýçlere sögýärdi». Galyberse-de, olar «hüňürdeýän, öz bijelerinden närazy» adamlardy (Ýahuda 8, 16). Biz şeýle hüňürdilerdir nägileliklerden gaça durmaly we pikirimizi «sadyk hyzmatkäriň» berýän ajaýyp zatlaryna gönükdirmeli. Geliň, Ýehowanyň guramasynyň berýän ýagşy zatlaryny unutman, «ähli zady hüňürdisiz edeliň».

«Bu sözler agyr»

13. Birnäçe adamlar Isa Mesihiň käbir taglymatyna nähili garady?

13 I asyrdaky käbir adamlar jogapkär gullukçylara nägilelik bildirse, başgalar bolsa Isa Mesihiň taglymatlaryna närazylyk bildirdi. Ýahýa 6:48—69-njy aýatlara görä, Isa şeýle diýdi: «Meniň tenimi iýip, ganymy içeniň ebedi ömri bolar». «Şägirtleriň köpüsi muny eşidip: «Bu sözler agyr. Muny kim diňläp biler diýişdiler». Isa olaryň «muňa hüňürdeşýänini bildi». Onsoňam, «şol wagtdan başlap, şägirtleriniň köpüsi Ondan ýüz dönderdiler, Onuň bilen tirkeşmegi goýdular». Ýöne şägirtleriň hemmesi hüňürdeşmedi. Isa 12 resuldan: «Siz hem Meni terk etjekmisiňiz?» diýip soranda, Petrus resul jogap berip: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn. Biz seniň Mesihdigiňe, diri Hudaýyň Ogludygyňa iman etdik, muny açyk bilýäris» diýdi.

14, 15. a) Birnäçe adamlar mesihçileriň käbir taglymatyna näme üçin nägilelik bildirýär? b) Emanueliň mysalyndan biz näme öwrenýäris?

14 Biziň günlerimizde Hudaýyň halkynyň arasynda mesihçileriň taglymatlaryna nägilelik bildirýän we Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasyna garşy hüňürdeýän adamlar köp däl. Eýsem, näme üçin nägilelik bildirýärlerkä? Köplenç olar Hudaýyň öz işine nädip ýolbaşçylyk edýändigine doly düşünmeýärler. Ýaradyjy öz halkyna hakykaty kem-kemden açýar. Şonuň üçin biziň Mukaddes Ýazgylar babatdaky düşünjämiz wagtyň geçmegi bilen has aýdyňlaşýar. Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi şeýle düşündirişlere begenýärler. Emma käbiri «öz gözüne dogry görnüp», özgerişlere nägilelik bildirýär (Wagyzçy 7:16). Munuň sebäbi tekepbirlik bolmagy mümkin. Kimdir biri bolsa, özdiýenliligiň duzagyna düşýär. Her niçik-de bolsa, hüňürdi örän howply, çünki ol bu dünýä we onuň ýoluna iterip biler.

15 Emanuel atly bir Güwäçiniň mysalyna seredeliň. Ol «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» edebiýatyny okanda, käbir ýerleri bilen razylaşmady (Matta 24:45). Ol bu edebiýatlary okamagyny bes etdi we ahyry ýerli ýygnakdaky mesihçi ýaşulular bilen gürleşip, indi Ýehowanyň Güwäçisi bolmak islemeýändigini aýtdy. Emma Emanuel biraz wagtdan Ýehowanyň guramasynyň berýän taglymatlarynyň dogrudygyna düşündi. Ol Güwäçileri tapyp, ýalňyşyny boýun aldy we täzeden Ýehowanyň Güwäçisi boldy. Häzir ol öňküsi ýaly özüni bagtly duýýar.

16. Mesihçileriň käbir taglymaty babatda şübhämizi taşlamaga näme kömek eder?

16 Eger Ýehowanyň guramasynyň berýän käbir taglymatlary babatda sende şübhe döräp, nägilelik bildirmäge iterse näme? Geliň, sabyrsyz bolmalyň! Biraz wagtdan «akylly hem sadyk hyzmatkär» edebiýat arkaly biziň soraglarymyza jogap berip, şübhämizi taşlamaga kömek eder. Mesihçi ýaşululardan kömek sorasak paýhasly bolardy (Ýahuda 22, 23). Şeýle-de doga etsek, şahsy okuw we ruhy zatlara çynlakaý garaýan dogan-uýalar bilen gatnaşsak şübhämizi taşlamaga hem-de Ýehowanyň guramasy arkaly imanymyzy berkidýän Mukaddes Ýazgylardaky hakykata çuňňur minnetdar bolmaga ýardam eder.

Gowy garaýyşda boluň

17, 18. Nähili garaýyşda bolmaly we näme üçin?

17 Mälim bolşy ýaly, bikämil adamlar dogabitdi günä edegen bolýarlar. Şonuň üçin käbiri sebäpsiz ýere nägilelik bildirmäge ýykgyn edýär (Barlyk 8:21; Rimliler 5:12). Eger biz hüňürdemegi endik edinen bolsak, onda Ýehowa Hudaý bilen dostlukly gatnaşygymyz kesiler. Şol sebäpli biz islendik zeýrenişden gaça durmaly.

18 Eger ýygnakda nämede bolsa bir zat göwnümize ýaramasa hüňürdemäge derek, gowy garaýyşda bolup, şatlyk berýän we özüňi hormatly, paýhasly alyp barmaga kömek edýän zatlar bilen meşgullan hem-de imanda sagdyn bol (1 Korintoslylar 15:58; Titus 2:1—5). Ýehowa öz guramasynda bolýan ähli zada gözegçilik edýär, Isa-da I asyrdaky ýaly her bir ýygnakda bolýan zatlary bilýär (Ylham 1:10, 11). Hudaýa we ýygnagyň başy bolan Isa Mesihe bil bagla. Olar jogapkär doganlar arkaly gerek bolsa ýagdaýy düzederler (Zebur 43:5; Koloseliler 1:18; Titus 1:5).

19. Adamzadyň işlerini Hudaýyň Patyşalygy dolandyrýança, biz ünsümizi nämä gönükdirmeli?

19 Tizden bu zalym dünýäniň soňy geler we adamzadyň ähli işlerini Hudaýyň Patyşalygy dolandyrar. Şonuň üçin entek wagt barka gowy garaýyşda bolmak örän wajyp. Bu bize imandaşlarymyzyň kemçiliklerini däl-de, gowy häsiýetlerini görmäge kömek eder. Olaryň gowy taraplaryna üns bersek, bize şatlyk getirer. Hüňürdäp özümizi helekläp ýöremegiň deregine, biz ruhlanarys hem ruhy taýdan berkäris.

20. Gowy garaýyşda bolsak nähili bereketleri alarys?

20 Gowy garaýyşda bolsak, Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasynyň berýän bol bereketlerini unutmazlyga kömek eder. Bu gurama— Älemiň Hökümdaryna wepaly bolan ýer ýüzündäki ýeke-täk gurama. Sen ýalňyz hak Hudaý Ýehowa gulluk etmegiň ajaýyp mümkinçiligine nähili garaýaň? Senem Dawudyň garaýşy ýaly garaýyşda bolup bilersiň, ol şeýle nagma aýtdy: «Ähli adamzat dogalary eşidýän Saňa gelýär. Öz howlularyňda mesgen tutsun diýip saýlan adamyň, Özüňe ýakynlaşdyran adamyň, gör, ne bagtly! Biz Seniň öýüň... näz-nygmatyndan doýarys» (Zebur 65:2, 4).

Ýadyňyzdamy?

• Ýygnakdaky ýolbaşçylyk edýän doganlara näme üçin minnetdar bolmaly?

• Jogapkär doganlar ýalňyşanda nähili garamaly?

• Mukaddes Ýazgylaryň düşündirilişine nähili garamaly?

• Mesihçilere şübhäni ýeňmäge näme kömek eder?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş