Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/10 sah. 21—25
  • Lewileriň dogasyndan näme öwrenýäris?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Lewileriň dogasyndan näme öwrenýäris?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MÖHÜM AÝ
  • GÜNÄLERINI BOÝUN ALÝARLAR
  • HUDAÝYŇ ŞÖHRATLY ADYNY BEÝGELDÝÄRLER
  • ÝEHOWANYŇ HALKYNA EDEN IŞLERI
  • TEMMI BERILÝÄR
  • Ýehowa meniň paýymdyr
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/10 sah. 21—25

Lewileriň dogasyndan näme öwrenýäris?

«Ýa Hudaý Reb... şöhratly adyňa alkyş bolsun!» NEH. 9:5

JOGAP BERIP BILERMISIŇIZ?

  • Ysraýyllylar ýygnanyşanda nähili gowy işleri etdiler?

  • Hudaýyň öz adyna mynasypdygyny haýsy waka görkezýär?

  • Biz lewileriň eden dogasyndan näme öwrenýäris?

1. Hudaýyň halky bilen bolan haýsy wakany ara alyp maslahatlaşarys we nähili soragyň üstünde oýlanmaly?

«ÖR TURUP, Hudaýyňyz Rebbi ezelden ebedä çenli şöhratlaň!» Şeýle tolgundyryjy sözler bilen Hudaýyň halky ýygnanyşyp, doga etdiler. Ol Mukaddes Ýazgylardaky iň uzyn dogalaryň biridir (Neh. 9:4, 5). Bu waka b. e. öň 455-nji ýylyň ýehudylaryň ýedinji tişri (sentýabr/oktýabr) aýynyň 24-inde bolup geçdi. Şondaky wakany ara alyp maslahatlaşanymyzda, şu soraglaryň üstünde oýlanyň: «Ýygnak üstünlikli geçer ýaly, lewiler yzygiderli näme etdiler? Olaryň mazmunly dogasyndan nähili sapak edinse bolar?» (Zeb. 141:2).

MÖHÜM AÝ

2. Ysraýyllylar bize nähili görelde görkezdiler?

2 Ýokarda agzalan ýygnanyşygyň öň ýanynda ýehudylar Iýerusalimiň diwarlarynyň gurluşyk işlerini tamamlapdylar (Neh. 6:15). Hudaýyň halky ony bary-ýogy 52 günüň içinde bitirdiler we soňra ruhy zerurlyklaryna aýratyn üns bermäge çalyşdylar. Şol sebäpli olar indiki, ýagny tişri aýynyň birinji güni Ezrany diňlemek üçin ýörite meýdança ýygnanyşdylar. Lewiler Hudaýyň Kanunyny sesli okap, ony düşündirmelidiler . Ähli maşgalalar, şol sanda «düşünip biljekleriň... hemmesi» «ir ertirden günortana çenli» dik durup diňlediler. Ine, ýygnak duşuşyklarynda özümizi nähili alyp barmalydygymyz babatda diýseň ajaýyp görelde! Seniň ýygnakda käte ünsüň sowlup, gerekmejek zatlar barada oýlanyp başlaýarmyň? Onda gadymy ysraýyllylaryň galdyran göreldesi barada ýene-de bir gezek pikirlen. Olar okalýan zatlary diňe bir diňlemek bilen çäklenmän, eýsem olary ýürekden kabul edipdirler, hatda Hudaýyň Kanunyna gulak asmandyklary üçin aglap başladylar (Neh. 8:1—9).

3. Ysraýyllylar haýsy görkezmä eýerdiler?

3 Baýramçylyk güni etmişleriň üçin toba etmegiň wagty däldi. Şeýle günde Ýehowa şatlyk bilen sežde etmelidi (San. 29:1). Şol sebäpli Nehemýa halka ýüzlenip şeýle diýdi: «Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer». Şonda halk gulak asyp, «uly şagalaň etmäge gitdi» (Neh. 8:10—12).

4. Ysraýyl urugbaşylary nämäni bilmek islediler we Çatma baýramynyň her güni näme edildi?

4 Hut şol günüň ertesi urugbaşylar ýygnanyşyp, Hudaýyň Kanunyny doly berjaý etmek üçin ýene nämeleri etmelidigini bilmek islediler . Olar Mukaddes Ýazgylary okap, ýedinji, ýagny tişri aýynyň 15-inden 22-sine çenli Çatma baýramy we dabaraly ýygnagy bellemelidigine düşünip, oňa taýýarlanyp başladylar . Mälim bolşy ýaly, ysraýyl halky Nunuň ogly Ýeşuwanyň döwründen tä şol güne çenli Çatma baýramyny şeýle şowhunly edip bellemändi we olar «uly şady-horramlyk etdiler». Lewiler «baýramçylygyň birinji gününden ahyrky gününe çenli... her gün» märekäniň öňünde Hudaýyň Kanunyny okadylar (Neh. 8:13—18).

GÜNÄLERINI BOÝUN ALÝARLAR

5. Lewiler Ýehowa doga etmezden öň, halk näme etdi?

5 Iki günden soň, ysraýyllylar Hudaýyň Kanunyny bozandyklary üçin hemmeleriň öňünde toba etmelidiler. Ol şady-horramlygyň güni däldi. Gaýtam, Hudaýyň halky gam çekýänliginiň nyşany hökmünde agyz bekläp, jul geýindiler. Lewiler ýene-de ir ertirden başlap üç sagadyň dowamynda Hudaýyň Kanunyny okadylar. Öýlän bolsa, «günälerini boýun alyp, öz Hudaýy Rebbe ybadat etdiler» . Soňra lewiler halkyň adyndan Hudaýa dogada ýüzlendiler (Neh. 9:1—4).

6. Lewilere mazmunly doga etmäge näme ýardam etdi we biz olardan näme öwrenýäris?

6 Lewiler Hudaýyň Kanunyny her gün okaýandygy üçin mazmunly doga etdiler. Olar dogasynda ilki Ýehowanyň eden işlerine we häsiýetlerine üns berdiler. Soňra bolsa, ysraýyllylaryň eden ençeme günälerini agzadylar we halk mynasyp bolmasa-da, Hudaýyň olara «rehimdarlyk» bildirendigini gaýta-gaýta nygtadylar (Neh. 9:19, 27, 28, 31). Biz hem lewileriň göreldesine eýerip, Hudaýyň Sözüni her gün okasak we okan zatlarymyz barada oýlansak, mazmunly doga edip bileris (Zeb. 1:1, 2).

7. Lewiler Hudaýdan näme dilediler we biz olardan näme öwrenýäris?

7 Lewiler dogasynda diňe bir zady haýyş etdiler. Şol haýyş barada 32-nji aýadyň soňunda aýdylýar: «Eý, ähtini we wepaly söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin». Hawa, lewiler ilki Ýehowany şöhratlandyrdylar we Oňa minnetdarlyk bildirdiler, diňe şondan soň öz zerurlyklary barada dileg etdiler. Şeýdip, olar bize gowy görelde görkezdiler.

HUDAÝYŇ ŞÖHRATLY ADYNY BEÝGELDÝÄRLER

8, 9. a) Lewiler nähili kiçigöwünli sözler bilen doga edip başlaýarlar? b) Lewileriň dogasyna görä, Ýehowany kimler şöhratlandyrýar?

8 Lewiler mazmunly doga etseler-de, Ýehowany ýeterlik derejede şöhratlandyrmaga söz baýlygynyň ýetmeýändigini kiçigöwünlilik bilen boýun aldylar. Şeýlelikde, olar halkyň adyndan şeýle sada sözler bilen doga edip başladylar: «Ýa Hudaý Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!» (Neh. 9:5).

9 Soňra olar şeýle dowam etdiler: «Reb Sen, diňe Sensiň. Gögi, arşy ähli ýyldyzlary bilen, Ýeri we onuň üstündäki barça zatlary, deňizleri we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Sensiň. Hemmesine Sen jan berýäň. Gögüň goşunlary Saňa sežde edýärler» (Neh. 9:6). Hawa, Ýehowa Hudaý bütin Älem-jahany, şol sanda sansyz-sajaksyz galaktikalary ýaratdy. Şeýle-de Ol biziň owadan ýer şarymyzda ýaşaýan ähli janly-jandary öz görnüşlerine görä döretdi. Dogada Hudaýyň mukaddes perişdeleri hem agzalýar, olara-da «gögüň goşunlary» diýilýär (1 Pat. 22:19; Eýýup 38:4, 7). Bu perişdeler «gutulyşy miras aljak» bikämil adamlara hyzmat edip, Hudaýyň islegini kiçigöwünlilik bilen berjaý edýärler (Ýew. 1:14). Geliň, biz hem perişdeleriň ajaýyp göreldesine eýerip, gowy taýýarlyk gören goşun kimin Ýehowa agzybirlikde gulluk edeliň! (1 Kor. 14:33, 40).

10. Biz Ýehowanyň Ybraýym pygamber üçin eden işinden näme öwrenýäris?

10 Soňra lewiler Hudaýyň Ybram üçin eden işlerini agzadylar. 99 ýaşly Ybramyň heniz bir çagasy bolmasa-da, Ýehowa onuň adyny «köp milletleriň atasy» diýen manyny berýän Ybraýym adyna çalyşdy (Gel. çyk. 17:1—6, 15, 16). Şeýle-de Hudaý Ybraýymyň nesliniň Kengan ýurduny miras aljakdygyny wada etdi. Adamlar köplenç beren sözüni unudýarlar, emma Ýehowa wadasyny ýatdan çykarmaýar. Lewiler şeýle sözler bilen doga etdiler: «Ýa Reb Hudaý, Ybramy saýlap, ony babyllaryň Ur galasyndan çykaryp, oňa Ybraýym adyny beren Sensiň. Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň... ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň» (Neh. 9:7, 8). Geliň, biz hem dogruçyl Hudaýymyzdan görelde alyp, beren sözümizde durmaga jan edeliň! (Mat. 5:37).

ÝEHOWANYŇ HALKYNA EDEN IŞLERI

11, 12. Ýehowanyň adynyň manysy näme we Onuň Ybraýymyň nesillerine eden işlerinden şeýle ada mynasypdygy nädip görünýär?

11 Ýehowanyň ady «boldurýar» diýmegi aňladýar. Bu Hudaýyň beren wadasyna laýyklykda hereket edýändigini görkezýär. Muny Ybraýymyň nesilleri Müsür gulçulygyndaka, Hudaýyň olar üçin eden işleri subut edýär. Şol wagt tutuş halkyň azatlyga çykyp, Wada edilen diýara girmegi mümkin däl ýalydy. Ýöne Hudaý beren wadasyny ýerine ýetirýänçä hereket edip, ýeke-täk we beýik Ýehowa adyny meşhur etdi.

12 Lewiler Ýehowa barada şeýle doga etdiler: «Sen ata-babalarymyzyň Müsürde başyndan inen külpetlerini gördüň; Gyzyl deňziniň kenaryndaky perýatlaryny eşitdiň. Fyrownyň garşysyna, onuň ähli hyzmatkärleriniň we onuň ýurdunyň ähli ilatynyň garşysyna alamatlar, gudratlar görkezdiň. Çünki Sen olaryň biziň atalarymyza garşy tekepbirlik bilen hereket edendiklerini bilýärdiň. Sen Özüňe şu günlere çenli öçmejek şöhratly at gazandyň. Deňziň ortasynda gury ýerden geçerleri ýaly, Sen olaryň öňünde deňzi ikä böldüň. Olaryň yzlaryndan kowalaýanlary bolsa çuňluga, daş bölegi ýaly möwç urýan suwlara taşladyň». Soňra olar Ýehowanyň öz halkyna eden işlerini agzadylar: «Sen ýurduň ilatyny, kenganlylary olara boýun egdirdiň... Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan daş guýylary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar» (Neh. 9:9—11, 24, 25).

13. Ýehowa ysraýyl halkynyň ruhy zerurlyklaryny nädip kanagatlandyrdy we halk muňa nähili seslendi?

13 Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin başga-da ençeme işleri etdi. Meselem, ysraýyllylar Müsür gulçulygyndan çykan badyna, Ýehowa olaryň ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrdy. Lewiler şol wakany ýatlap, şeýle doga etdiler: «Sen Sinaý dagynyň depesine inip, gökden olar bilen gürleşdiň. Olara dogry hökümler, hak kanunlar, oňat parzlar hem tabşyryklar berdiň» (Neh. 9:13). Hawa, ysraýyllylar Wada edilen diýary miras alyp, Ýehowanyň mukaddes adyny götermäge mynasyp bolar ýaly, Hudaý olara tälim berýärdi. Emma olar Hudaýyň tabşyryklaryny çalt unutdylar (Nehemýa 9:16, 18-nji aýatlary okaň)a.

TEMMI BERILÝÄR

14, 15. a) Ýehowa günä eden halkyna nädip rehimdarlyk bildirdi? b) Hudaýyň öz halkyna eden işlerinden näme öwrenýäris?

14 Ysraýyl halky Sinaý dagynda Hudaýyň tabşyrygyny berjaý etmegi söz berse-de, tizden günä etdiler. Lewiler dogasynda olaryň eden iki günäsini agzadylar. Ysraýyllylar çölde ölüm jezasyna mynasypdylar. Emma Ýehowa olara rehimdarlyk bildirdi we aladasyny etdi. Şol sebäpli lewiler Ýehowany şöhratlandyryp, şeýle diýdiler: «Beýik rehimdarlygyň üçin Sen olary çölde ýeke taşlamadyň... Olary kyrk ýyllap... hiç zada zar etmediň. Olaryň eşikleri könelmedi, aýaklary gabarmady» (Neh. 9:18, 21). Şu günler hem biz Ýehowa wepaly gulluk eder ýaly, Ol ähli gerekli zatlar bilen üpjün edýär. Geliň, gulak asmazlygy we gowşak imany zerarly çölde ölüm jezasyny alan ysraýyllylara meňzemäliň. Aslynda, bu zatlar «döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy» (1 Kor. 10:1—11).

15 Gynansak-da, ysraýyllylar Wada edilen diýary miras alanlaryndan soňra, kenganlylaryň ahlaksyz we zalym taňrylaryna sežde edip başladylar. Şonuň üçin Ýehowa goňşy halklaryň öz saýlan halkyny ezmegine ýol berdi. Olar toba edenlerinde bolsa, Ýehowa rehimdarlyk bilen bagyşlap, olary duşmanlaryndan gutardy. Ol muny «ençeme gezek» etdi (Nehemýa 9:28, 31-nji aýatlary okaň)b. Lewiler boýun alyp, şeýle doga etdiler: «Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň» (Neh. 9:30).

16, 17. a) Sürgünden dolanyp gelen ysraýyllylaryň ýagdaýy Wada edilen diýary ilkinji gezek miras alan ata-babalarynyň ýagdaýyndan nämede tapawutlanýardy? b) Ysraýyllylar nämäni boýun aldylar we näme etjekdiklerini wada berdiler?

16 Ysraýyllylar Babyldan gaýdyp gelenden soň, olar ýene-de Ýehowa gulak asman başladylar. Ýöne bu gezek näme boldy? Lewiler şeýle doga edýärler: «Ine, biz şu güne çenli guldurys. Miwesini, nygmatyny iýsinler diýip ata-babalarymyza beren ýurduňda biz guldurys. Mundan önýän bol hasyl bolsa günälerimiz zerarly Seniň üstümizden goýan patyşalaryňa gidýär... Biz bolsak, agyr muşakgat içindediris» (Neh. 9:36, 37).

17 Lewiler Hudaýyň horluklara ýol bermegini adalatsyzlyk hasapladylarmy? Elbetde, ýok. Olar şeýle diýdi: «Başymyzdan inen ähli jezalarda Sen adalatly bolduň. Çünki Sen wepaly bolsaň-da, biz erbetlik etdik» (Neh. 9:33). Lewiler öz bähbidini ileri tutman doga etdiler we mundan beýläk Hudaýyň Kanunyny berjaý etjekdiklerini halkyň adyndan dabaraly ýagdaýda söz berdiler (Nehemýa 9:38-i okaňc; 10:29). Soňra beren wadasyny tassyklamak üçin, 84 sany ýehudy ýolbaşçylary güwänama möhür basdylar (Neh. 10:1—27).

18, 19. a) Täze dünýäde ýaşamak üçin näme etmeli? b) Biz doga edenimizde nämäni unutmaly däl we näme üçin?

18 Biz Ýehowanyň dogrulyk höküm sürýän täze dünýäsini miras almak üçin, Onuň terbiýesini kabul etmeli. Pawlus resul şeýle diýdi: «Haýsy ogla atasy terbiýe bermeýär?» (Ýew. 12:7). Biz mukaddes ruhuň täsir etmegine ýol berip, Ýehowa çydamlylyk bilen gulluk etsek, Onuň görkezmesine eýerdigimiz bolar. Eger agyr günä etsek, ýürekden toba edip, berlen temmini kiçigöwünlilik bilen kabul etmeli. Şonda Ýehowa bizi bagyşlar.

19 Ýehowa ysraýyllylary Müsürden halas edende adyny meşhur etdi. Tizden bolsa, Ol öz adyny has-da beýik derejede dabaralandyrar (Ezek. 38:23). Ysraýyllylaryň Wada edilen diýary miras alşy ýaly, Hudaýa wepaly we çydamlylyk bilen sežde edýän mesihçiler hem dogrulyk höküm sürýän täze dünýäni miras alarlar (2 Pet. 3:13). Şeýle ajaýyp gelejegimiziň garaşýandygy üçin, geliň, doga edenimizde Hudaýyň mukaddes adyny şöhratlandyrmagy unutmalyň! Doga barada gürrüň etjek indiki makalamyz bolsa, Hudaýyň bereketlerini häzir we gelejekde almak üçin näme etmelidigimizi görkezer.

a Nehemýa 9:16 Emma ata-babalarymyz tekepbirlik hem boýnuýogynlyk etdiler, Seniň tabşyryklaryňa gulak asmadylar. 18 Hatda olar özlerine göle heýkelini ýasap: „Sizi Müsürden çykaran hudaý, ynha, şudur!“ diýip, Saňa erbet dil ýetirenlerinde-de, beýik rehimdarlygyň üçin Sen olary çölde ýeke taşlamadyň. Olara ýol görkezmäge gündizlerine bulut sütünini, gijelerine-de ýörejek ýollaryny ýagtyldyp, gitmeli ugurlaryny görkezer ýaly ot sütünini depelerinden aýyrmadyň.

b Nehemýa 9:28 Emma janlary aram tapan badyna, olar Seniň öňüňde ýene-de pislik etdiler. Sen olary duşmanlarynyň elinde galdyrdyň. Duşmanlary olaryň üstünden agalyk sürdüler. Ýöne olar ýene Saňa nalyş edenlerinde, Sen gökden olaryň nalasyna gulak saldyň. Rehimdarlygyň bilen olary ençeme gezek halas etdiň. 31 Emma Öz tükenmez rehimdarlygyň bilen olary bütinleý ýok etmediň ýa-da terk etmediň. Çünki Sen merhemetli, rehimdar Hudaýsyň.

c Nehemýa 9:38 Bu zatlaryň hemmesi üçin biz Seniň bilen ýazmaça berk äht edişýäris. Bu möhürli hata baştutanlarymyzyň, lewilerimiziň we ruhanylarymyzyň atlary ýazylýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş