«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar
© 2023 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
6—12 NOÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 13, 14
«Adam ölse, ýene-de ýaşarmy?»
w99 15/10 sah. 3, abz. 1—3
Uzak ýaşamagyň arzuwynda
ŞU SÖZLERIŇ ýazylanyna eýýäm 3 500 ýyl geçen hem bolsa, adam ömrüniň çalt geçýändigi bilen häzirem razylaşsak gerek. Hiç bir adamyňam indi durmuşyň hözirini görüp başlanda, garrap ölesi gelmeýär. Şonuň üçin adamlar taryhyň dowamynda ömrüni uzaltmagyň syryny gözläpdirler.
Eýýup pygamberiň döwründe müsürliler ýaşarmak üçin haýwanlaryň erkeklik mäzini iýipdirler. Orta asyrlaryň alymlary bolsa ömrüňi uzaldýan dermany ýasamaga jan edipdirler. Olaryň köpüsi emeli usul bilen alnan altynyň ebedi ýaşadýandygyna we altyn gap-gaçlarda iýip-içmek ömrüňi uzaldýandygyna ynanypdyrlar. Gadymy Hytaýda daosizm dinine uýýanlar pikiriňi durlamak, dem alyş maşklaryny etmek we sagdyn iýmitlenmek ýaly zatlaryň bedeniň işleýşine täsir edip, ölmän ýaşamaga kömek edýär diýip pikir edipdirler.
Ispan syýahatçysy Huan Ponse de Leon gije-gündiz ýaşlygyň syryny gözläpdir. XVIII asyrda ýaşan bir lukman ýazan kitabynda durmuşa çykmadyk gyzlary ýazda kiçijik otaga salmagy we olaryň dem alan howasyny çüýşelere ýygnap, ony ýaşardýan serişde hökmünde ulanmagy maslahat berýär («Hermippus Redivivus»). Elbetde, adamlaryň garrylyk we ölümden gutulmak üçin eden tagallasy biderek boldy.
Çapylan agaç ýene gögerermi?
LIWANYŇ owadan kedr agajynyň ýanynda egri we çyrmaşyp ösýän zeýtun agajy asla göze ilmeýär. Emma zeýtun agajy ýaramaz şertlerde-de ösüp bilýär. Olaryň käbir görnüşleri takmynan 1000 ýyla çenli ýaşaýar. Çapylan zeýtun agajynyň köki uzyn bolsa, ol ýaş agaç kimin ýene-de ösüp başlaýar. Agajyň köki guramadyk bolsa, oňa täzeden jan girýär.
Eýýup pygamber ölse-de, direljegine ynanýardy (Eýýup 14:13—15). Ol Hudaýyň adamlary direltmegini zeýtun agajy bilen deňeşdirýär. Eýýup pygamber: «Hatda agaja-da umyt bardyr, ol çapylsa, ýene gögerer» diýýär. Çapylan zeýtun agajynyň töňňesi guran bolsa-da, «suw ysyny alan badyna ösüntgi çykaryp, ýaş agaç kimin şahalaýar» (Eýýup 14:7—9).
«Meni küýsärsiň, sebäbi meni öz eliň bilen ýaratdyň»
Eýýup pygamberiň sözlerinden Ýehowanyň güýçli söýgüsi hakda bilse bolýar. Beýik Küýzegär Ýehowa Eýýup ýaly özüni terbiýelemäge ýol berýän gullukçylarynyň gadyryny bilýär (Işaýa 64:8). Ol wepaly ogul-gyzlaryny ýürekden söýýär, aradan çykanlaryny «küýseýär». Bir alymyň aýtmagyna görä, «küýsemek» diýip terjime edilen ýewreý sözi «birini juda göresiň gelende, duýgularyňy beýan etmek üçin ulanylýan iň güýçli sözleriň biri». Dogrudan-da, Ýehowa aradan çykan gullukçylaryny ýöne bir ýatlaman, olary direltjek wagtyna garaşýar.
Ruhy dürdäneler
it «Kül»
Kül
Mukaddes Kitapda «kül» sözi bir zadyň ujypsyzdygyny ýa-da gymmatynyň ýokdugyny görkezmek üçin ulanylýar. Meselem, Ybraýym pygamber Ýehowanyň öňünde özüniň «toprak hem kül» ýalydygyny aýtdy (1Ms 18:27, çykgyt; şeýle-de Işa 44:20; Eýp 30:19-a serediň). Eýýup pygamber bolsa ýalan dostlarynyň aýdan zatlary hakda «nakyllaryňyz küle öwrüler» diýdi (Eýp 13:12).
13—19 NOÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 15—17
«Alypaz ýaly göwünlik bermäň»
w05 15/9 sah. 26, abz. 4, 5
Nädogry pikirleriň täsirine düşmäň!
Alypaz Eýýup bilen üç gezek gepleşende hem «adam näçe jan etse-de, Hudaýa ýaranyp bilmeýär» diýen pikiri öňe sürýär. Ol şeýle diýýär: «Hudaý hatda gullaryna ynanmaýar, perişdelerinden kemçilik tapýar» (Eýýup 4:18). Eýýup 15:15-de bolsa: «Hudaý perişdelerine-de ynanmaýar, gökler hem nazarynda arassa däldir» diýýär. Soňra Alypaz: «Gudratygüýçli dogruçyldygyňy görýärmikä?» diýip soraýar (Eýýup 22:3). Bildat hem onuň aýdanlaryny alyp göterýär. Ol şeýle diýýär: «Aý hem Hudaýyň gözüne şöhle saçmaýan ýaly, ýyldyzlar hem ýagtylyk bermeýän ýaly görünýär» (Eýýup 25:5).
Biz şeýle nädogry pikirleriň täsirine düşmekden seresap bolmaly. Ýogsam Hudaýyň göwnünden turmak mümkin däl diýip pikir edip başlarys. Şeýdip, Ýehowa bilen dostlugymyz gowşar. Eger şeýle pikirlere ýol bersek, bizi düzedenlerinde düzedişi kabul etmeris. Berlen maslahata pesgöwünlilik bilen eýermegiň deregine, «ýüregimizde Ýehowa gaharlanyp», hatda ondan öýkelemegimiz mümkin (Nakyllar 19:3). Iň soňunda bolsa, ruhy taýdan heläkçilige uçrap bileris.
Isa ýaly pesgöwünli we mähirli boluň
16 Mähirli sözlerimiz. Göwnüçökgün adamlar bilen ýürekden gyzyklansak, olara mähirli sözler bilen teselli bereris (1 Sel. 5:14). Biz göwnüçökgün adamlary nädip ruhlandyryp bileris? Olaryň ýürekden aladasyny etmeli, öwgüli sözleri aýtmaly, ajaýyp häsiýetlerini we ukybyny görmäge kömek etmeli. Şeýle-de Ýehowanyň olary bu dünýäden saýlap, gymmat saýýandygyny aýtmaly (Ýahýa 6:44). Biz Ýehowanyň «göwni synyk» we «ruhy ökünçli» gullukçylarynyň aladasyny edýändigine ynamly bolup bileris (Zeb. 34:18). Biziň mähirli sözlerimiz ruhdan düşenleriň göwnüni galkyndyrar (Sül. tym. 16:24).
Ruhy dürdäneler
Eýýup kitabyndan peýdaly pikirler
7:9, 10; 10:21; 16:22. Şu sözler Eýýubyň direlişe ynanmandygyny görkezýärmi? Eýýup ýakyn gelejek hakda aýdýar. Belki-de, ol aradan çyksa, döwürdeşleriniň hiç biriniň ony görmejekdigini göz öňünde tutandyr. Olar Eýýubyň gaýdyp öýüne gelmejegini bilýärdiler we Hudaýyň bellän gününe çenli ony hiç kim ýatlamazdy. Şeýle-de Eýýup hiç bir adamyň öz islegi ýa-da güýji bilen mazardan çykyp bilmejekdigini göz öňünde tutan bolmaly. Eýýup pygamberiň direlişe berk iman edendigini Eýýup 14:13—15-nji aýatlardan bilse bolýar.
20—26 NOÝABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 18, 19
«Dogan-uýalary kyn gününde taşlamaň»
Isa pygamber näme üçin aglady?
9 Dogan-garyndaşlary aradan çykan imandaşlarymyzy goldalyň. Isa pygamber Marta we Merýem bilen diňe bir aglaman, olary ünsli diňledi hem göwünlik berdi. Bizem ajy hasrat çekýän adamlara teselli berip bileris. Awstraliýada ýaşaýan ýaşuly dogan Dan şeýle diýýär: «Aýalym aradan çykanda öýüm boşap galdy. Maşgalaly dogan-uýalar meniň aladamy etdiler we gije diýmän, gündiz diýmän diňlediler. Men olaryň ýanynda özümi arkaýyn duýup, ýüregimi dökýärdim we aglaýardym. Käte meniň hiç zada elim barmaýardy. Şonda olar maşynymy ýuwmaga, bazardan gerek-ýarak zatlary satyn almaga we nahar bişirmäge kömek etdiler. Olar meniň bilen bile Hudaýa doga etdiler. Dogan-uýalar meniň hak dostlarym boldular we „aladaly günümde dadyma ýetişdiler“» (Nak. 17:17).
Maşgala agzalaryňyz ýygnak gatnaşygyndan kesilse
16 Olary eliňizde baryny edip goldaň. Sebäbi olar ruhlandyryjy sözlere we goldawa has-da mätäç bolýarlar (Ýew. 10:24, 25). Käbir dogan-uýalar ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamyň maşgala agzalary bilen hem gepleşmeýärler. Eger siz hem şeýle etseňiz, olar özlerini ýygnak gatnaşygyndan kesilen ýaly duýarlar. Geliň, ýygnakda şeýle ýagdaýyň bolmagyna ýol bermäliň! Esasan-da, ene-atasy ýygnak gatnaşygyndan kesilen ýaşlary ruhlandyralyň! Mariýanyň äri ýygnak gatnaşygyndan kesilýär we maşgalasyny taşlap gidýär. Mariýa şeýle gürrüň berýär: «Ýygnakdaky dogan-uýalar öýe gelip, maňa nahar bişirişýärdiler, maşgala okuwyny geçmäge kömek edýärdiler. Olar duýgudaşlyk bildirýärdiler, meniň bilen bile aglaýardylar. Men hakda ýalan gep-gürrüňler ýaýranda, olar arkamy alýardylar. Olar meniň howandarym boldular» (Rim. 12:13, 15).
w90 1/9 sah. 22, abz. 20
Siz jogapkärli borçlary almaga jan edýärsiňizmi?
20 Ýaşuly ýa-da hyzmatçy doganyň borçlary elinden alynsa-da, olary özi goýsa-da, ruhdan düşüp biler. Ýaşulular maslahaty hem muňa düşünmeli. Ýaşulular borçlary elinden alnan, ýöne ýygnak gatnaşygyndan kesilmedik doganyň göwnüçökgünlige düşendigini görseler, ony ruhlandyryp, kömek etmeli (1 Selanikliler 5:14). Ýygnakda onuň wajyp ornunyň bardygyny aýtmaly. Belki-de, dogana düzediş hem berlendir. Ýöne ol pesgöwünli bolsa, doganlar köp wagt geçmänkä, oňa ýene-de käbir borçlary ynanyp biler.
Ruhy dürdäneler
w94 1/10 sah. 32
Hoş sözüň güýji
Eýýup pygamber ruhlandyryjy sözlere mätäç bolanda, Alypaz bilen dostlary oňa ýekeje-de ýagşy söz aýtmadylar. Göwünlik bermekden geçen, gaýtam olar Eýýubyň özüni günäkärläp, gizlinlikde eden günäsiniň ajy miwesini orýandygyny aýtdylar (Eýýup 4:8). Mukaddes Kitabyň bir sözlüginde şeýle diýilýär: «Eýýup ýürekden duýgudaşlyk bildirilmäge mätäçdi. Dostlary bolsa oňa hemmeleriň bilýän zadyny aýdyp, akyl satyp oturdylar» («The Interpreter’s Bible»). Alypaz bilen dostlarynyň gep-gürrüňinden ýadan Eýýup çydaman: «Haçana çenli janymy ýakjak, sözleriňiz bilen meni ezjek?» diýdi (Eýýup 19:2).
Biziň oýlanyşyksyz we göwnedegiji sözlerimiz dogan-uýalaryň Hudaýa perýat etmegine sebäp bolmaly däl (5 Musa 24:15-i deňeşdiriň). Mukaddes Kitapda aýdýan sözlerimiziň başgalara güýçli täsir edýändigi barada şeýle diýilýär: «Ýaşaýyş we ölüm diliň ygtyýarynda, geplemegi halaýanlar onuň miwesinden iýýär» (Nakyllar 18:21).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (II bölüm)
10 Siz okuw geçýäniňiziň ýürekden aladasyny etmeli. Oňa dogan ýa-da uýa hökmünde garaň (1 Selanikliler 2:7, 8-nji aýatlary okaň). Elbetde, oňa öňki dost-ýarlary bilen gatnaşygyny goýmak we Ýehowa gulluk etmek üçin durmuşyny bütinleý üýtgetmek aňsat düşmez. Şol sebäpli okuw geçýäne dogan-uýalar bilen dostlaşmaga kömek ediň. Başda onuň bilen özüňiz dost boluň; diňe bir okuw geçmek bilen çäklenmän, oňa jaň ediň, hat ýazyň ýa-da tiz-tizden habar alyp duruň. Şonda ol özüniň aladasynyň edilýändigini duýar.
11 «Gawun gawundan reňk alar» diýlipdir. Edil şonuň ýaly, okuw geçýän adam hem dogan-uýalardan görelde alýar. Ony dogan-uýalar bilen tanyşdyrsak, Isanyň şägirdi bolmaga kömek edýäris. Sebäbi olar okuw geçýäni ruhy we duýgy taýdan goldap bilýärler. Biz okuw geçýän adamyň özüni bütindünýä doganlygyň agzasy ýaly duýmagyny isleýäris. Şeýle-de onuň agzybir we birek-biregi söýýän adamlaryň arasyna goşulmagyna garaşýarys. Şonda oňa Ýehowa sežde etmeýänler bilen gatnaşygyny goýmak aňsat düşer (Nak. 13:20). Öňki dostlary ondan ýüz öwürse-de, Ýehowanyň guramasynda oňa wepaly dostlar garaşýar (Mar. 10:29, 30; 1 Pet. 4:4).
27 NOÝABR—3 DEKABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 20, 21
«Hudaý diňe baýlardan razymy?»
cSiz «Hudaýyň nazarynda baýmysyňyz»?
12 Isa tymsalynda ruhy baýlygy ýygnamagy, mal-mülk ýygnamak bilen deňeşdirýär. Diýmek, Isanyň aýtmagyna görä, durmuşymyzyň esasy maksady mal-mülk ýygnamak we baýlygymyzdan lezzet almak bolmaly däl. Biz bar zadymyzy Ýehowa bilen gatnaşygymyzy berkitmek üçin ulanyp, durmuşymyzy baý etmeli. Şeýtmek bilen, biz Hudaýyň nazarynda baýarys. Näme üçin? Sebäbi ol bol bereketlere eltýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Rebbiň berekedi baý edýändir, Ol oňa hysyrdy garýan däldir» (Süleýmanyň tymsallary 10:22).
Ruhy dürdäneler
w95 1/1 sah. 9, abz. 19
Şeýtanyň hilelerine garşy duruň!
19 Şeýtan Alypaz we Saparyň üsti bilen «howsala salýan» sözleri aýdýar. Eýýup hem şeýle pikirlere garşy durmaly bolýar (Eýýup 4:13—18; 20:2, 3). Çekýän derdinden ýaňa Eýýuby «gorky gaplaýar» we ol «oýlanman gepleýär» (Eýýup 6:2—4; 30:15, 16). Şonda Alyhuw Eýýubyň sözüni bölmän, ünsli diňleýär. Ol Eýýuba Ýehowanyň çäksiz akyldarlygy hakda ýatladyp, düşen ýagdaýyna dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Şu günler hem ýaşulular Alyhuwyň göreldesine eýerip, ruhdan düşen dogan-uýalaryň derdine dert goşmaýarlar, gaýtam olary ünsli diňläp, Hudaýyň Sözünden derdine derman boljak aýatlary okap berýärler (Eýýup 33:1—3, 7; Ýakup 5:13—15). Şeýlelikde, Eýýup ýaly howsala düşýän ýa-da gorka basylýan islendik adam ýygnakda göwünlik tapyp bilýär (Eýýup 7:14; Ýakup 4:7).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
g 5/09 sah. 12, 13
Allatagala baýlyk berýärmi?
«Ýene bir täze güni üçin Hudaýa şükür edýärin! Tizden men tüçjar baý bolaryn!»
«Men baýaryn, sebäbi Hudaý işimi ugruna edýär».
«Hudaý bize baýamaga mümkinçilik berýär».
«Mukaddes Kitabyň kömegi bilen rysgalym artdy».
ŞU SÖZLERDEN görnüşi ýaly, köp dinler Hudaý baýamaga kömek edýär diýip öwredýärler. Olaryň aýtmagyna görä, halal ýaşasaň, Hudaý saňa bu dünýäde-de, o dünýäde-de eşretli durmuşy berýär. Şeýle sözler köp adamlara hoş ýakýar, baýamagyň dürli ýollaryny öwredýän kitaplar bolsa giňden ýaýran. Ýöne baýamak hakda Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Mukaddes Kitapda bizi ýaradan Allatagala «bagtly Hudaý» diýilýär we ol biziň hem bagtly bolup, gowy durmuşda ýaşamagymyzy isleýär (1 Timoteos 1:11; Zebur 1:1—3). Hudaý özüni razy edýän adamlary ýalkaýar (Nakyllar 10:22). Ol diňe baýlyk bilen ýalkaýarmy? Munuň jogabyny bilmek üçin biz Hudaýyň niýetini bilmeli we haýsy döwürde ýaşaýandygymyza düşünmeli.
Häzir baýamagyň wagtymy?
Gadymy döwürde Ýehowa Hudaý käbir gullukçylaryna baýlyk berip ýalkaýardy. Meselem, ol Eýýup pygambere we Süleýman patyşa ummasyz baýlyk berip, mal-mülküni köpeltdi (1 Patyşalar 10:23; Eýýup 42:12). Emma suwa çümdürýän Ýahýa, Isa pygamber ýaly hudaýhon adamlar baý däldi (Markus 1:6; Luka 9:58). Diýmek, Allatagala niýetine we döwre görä hereket edýär (Nesihat 3:1). Biziň günlerimizde Hudaý gullukçylaryna baýlyk berýärmi?
Mukaddes Kitapdaky pygamberliklerden bilşimiz ýaly, biz «dünýäniň soňunda», «soňky günlerde» ýaşaýarys. 1914-nji ýyldan bäri bolýan uruşlar, keselçilik, açlyk, ýertitremeler, azgynçylyk ýaly zatlar adamlary görlüp-eşidilmedik derejede agyr ýagdaýa saldy (Matta 24:3; 2 Timoteos 3:1—5; Luka 21:10, 11; Ylham 6:3—8). Bu dünýä gark bolup barýan gämä meňzeýär. Şulary göz öňünde tutsak, Hudaýyň şu günler gullukçylaryna baýlyk bermegi dogry bolardymy? Hudaý biziň nämäni birinji ýerde goýmagymyzy isleýär?
Isa pygamber biziň günlerimizi Nuh pygamberiň ýaşan döwri bilen deňeşdirýär. Ol şeýle diýdi: «Tupandan öň, Nuhuň gämä giren gününe çenli adamlar iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykýardylar. Tupan turup, adamlaryň ählisini ýok edýänçä, olar hiç zada üns bermediler. Ynsan ogly gelende-de şeýle bolar» (Matta 24:37—39). Şeýle-de Isa biziň günlerimizi Lutuň günleri bilen deňeşdirdi. Şol döwür Sodom we Gomorra şäherlerinde ýaşan Lutuň goňşulary «satýardylar, alýardylar, ekýärdiler we jaý salýardylar. Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot we kükürt ýagyp, adamlaryň ählisini ýok etdi». Soňra Isa: «Ynsan oglunyň äşgär boljak güni hem şeýle bolar» diýdi (Luka 17:28—30).
Elbetde, iýip-içmegiň, durmuş gurmagyň, zat satmagyň ýa-da satyn almagyň hiç hili erbet ýeri ýok. Ýöne biz şeýle zatlara bar wagtymyzy bersek, soňky günlerde ýaşaýandygymyzy unutmagymyz mümkin. Özüňize şeýle sorag beriň: «Hudaý hakykat ýolundan ünsümizi sowjak zatlary beren bolsa, bize ýagşylyk etdigi bolardymy?» Elbetde, ýok! Söýgüden doly Hudaý biziň heläk bolmagymyzy islemeýär (1 Timoteos 6:17; 1 Ýahýa 4:8).
Häzir adamlary halas etmegiň wagty!
Häzirki wagtda Hudaýyň halky gaýragoýulmasyz wajyp işi ýerine ýetirýär. Isa pygamber: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» diýdi (Matta 24:14). Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň şu aýdan sözlerine çynlakaý garaýarlar. Olar ähli adamlaryň ebedi ýaşaýşy almagy üçin Hudaýyň kada-kanunlary we Patyşalygy barada wagyz edýärler (Ýahýa 17:3).
Elbetde, Allatagala wepaly bendeleriniň durmuşyň hezilliklerinden galmagyny islemeýär. Ýöne ol biziň yhlasly gulluk etmäge päsgel berýän zatlara ünsümizi sowman, barymyza kaýyl bolmagymyzy isleýär (Matta 6:33). Eger şeýtsek, Hudaý bizi zada zar etmez. Ýewreýler 13:5-de ol şeýle söz berýär: «Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň, bar zadyňyza kaýyl boluň, sebäbi Hudaý: „Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn“ diýendir».
Allatagala gelejekde-de beren sözünde durar. Dünýäniň soňy gelende Ýehowa Hudaý özüne sežde edýän «uly märekäni» halas eder (Ylham 7:9, 14). Şonda bütin ýer ýüzünde asuda hem bolelin durmuş bolar. Isa pygamber hem şägirtlerine «ýaşaýyş bermek, ebedi ýaşatmak üçin gelendigini» aýdýar (Ýahýa 10:10). Ol biziň häzir eşretli durmuşda däl-de, gelejekde ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşajakdygymyzy aýtdy.
Baýamagyň dürli ýollaryny öwredýän adamlaryň öňe sürýän pikirlerine aldanmaň! Olaryň duzagyna düşmäň! Gaýtam Isa pygamberiň duýduryşyna gulak asyň. Ol şeýle diýdi: «Siz bolsa ägä boluň! Iýermenlik, serhoşlyk we durmuşyň gaýgy-aladalary ýüregiňize ýük bolup, şol gün üstüňize duýdansyz geläýmesin, duzaga düşüräýmesin» (Luka 21:34, 35).
[Çykgyt]
I asyrda bolşy ýaly, şu günlerem gurply ýaşaýan mesihçiler bar. Emma Hudaý olara baýlygyna bil baglap, wajyp zatlardan ünsüni sowmakdan seresap bolmalydygyny aýdýar (Nakyllar 11:28; Markus 10:25; Ylham 3:17). Biz baý bolsagam, garyp bolsagam Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge jan etmeli (Luka 12:31).
SIZ NÄHILI JOGAP BERERDIŇIZ?
Häzir näme etmegiň wagty? (Matta 24:14).
Isa pygamber biziň günlerimizi haýsy döwür bilen deňeşdirdi? (Matta 24:37—39; Luka 17:28—30).
Biz ebedi ýaşaýşy almak üçin nämeden seresap bolmaly? (Luka 21:34).
4—10 DEKABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 22—24
«Hudaý edýän ýagşy işleriňize üns berýärmi?»
w05 15/9 sah. 27, abz. 1—3
Nädogry pikirleriň täsirine düşmäň!
Alypaz Eýýup bilen üçünji gezek gepleşende: «Adamdan Hudaýa ne peýda? Düşünjeli ynsandan ne peýda?» diýýär (Eýýup 22:2). Başgaça aýdanyňda, ol adamyň Hudaý üçin hiç hili peýdasynyň ýokdugyny aýdýar. Edil şonuň ýaly, Bildat hem: «Başy ölümli ynsan Allanyň öňünde nädip dogruçyl bolsun? Eneden doglan nädip günäsiz bolsun?» diýýär (Eýýup 25:4). Olar hamala: «Eýýup, sen ýönekeý adam bolup, heý-de Hudaýyň öňünde dogruçyl bolup bilermiň?!» diýýärdi.
Şu günler käbir adamlar özüni dereksiz, hiç zat başarmaýan ýaly duýýar. Belki-de, olaryň özüni şeýle duýmaklaryna alan terbiýesi, durmuşyň kynçylyklary, milletparazlyk ýaly zatlar täsir edendir. Şeýtan we jynlar adam özüni dereksiz duýanda begenýärler. Eger Şeýtan adamy Gudratygüýçli Hudaý üçin edýän gullugy biderek diýip ynandyryp bilse, ony aňsatlyk bilen ruhdan düşürip bilýär. Wagtyň geçmegi bilen, şeýle adamyň imany gowşap, Hudaýdan daşlaşyp biler (Ýewreýler 2:1; 3:12).
Belki, biz garrylyk ýa-da ýarawsyzlyk sebäpli Ýehowa öňkimiz ýaly gulluk edip bilýän däldiris. Häzirki edýän gullugymyzy öňki edenlerimiz bilen deňeşdirenimizde, gaty az bolup görünýändir. Biz Hudaýa menden peýda ýok diýip, ruhdan düşmegimiz mümkin. Biziň şeýle pikir etmegimizi Şeýtan bilen jynlar isleýär. Şonuň üçin şeýle pikirlere ýol bermäliň!
w95 15/2 sah. 27, abz. 6
Eýýup ýaly kynçylyklara döz geliň
Eýýubyň üç dosty Hudaýyň däl-de, öz pikirlerini aýdyp, onuň derdine dert goşdular. Alypaz: «Hudaý hatda gullaryna ynanmaýar» diýýär. Ol Eýýuba: «Sen Ýehowa wepaly bolsaň-da, bolmasaň-da, Onuň üçin parhy ýok» diýen ýalydy (Eýýup 4:18; 22:2, 3). Gör, nähili ruhdan düşüriji sözler! Onuň aýdany barypýatan ýalandy. Ýehowa özüne dil ýetirendigi üçin Alypaz bilen dostlaryny ýazgaryp, olara: «Men barada dogry zady aýtmadyňyz» diýýär (Eýýup 42:7). Emma bu Eýýubyň üç dostunyň aýdan awuly sözleriniň soňkusy däldi.
w03 15/4 sah. 14, 15, abz. 10—12
Ýehowany begendirýän ýaşlar
10 Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Şeýtan diňe Eýýup pygambere däl-de, Hudaýa gulluk edýän hemme adamlara, şol sanda saňa hem töhmet atdy. Şeýtan bütin adamzady göz öňünde tutup, Ýehowa: «Adam şirin jany üçin (diňe Eýýup däl, her bir adam) ähli zadyndan geçer» diýdi (Eýýup 2:4). Diýmek, Şeýtanyň atan töhmeti saňa-da degişli. Nakyllar 27:11-e görä, biz Ýehowa Şeýtanyň atan töhmetine jogap gaýtarmaga mümkinçilik berýäris. Jedelli meselede Älem-jahanyň Hökümdarynyň tarapyny tutmak uly jogapkärçilik we hormat! Sen Şeýtana garşy durup, Ýehowanyň tarapyny tutup bilersiňmi? Eýýup muny başardy (Eýýup 2:9, 10). Isa pygamber we başga-da köp adamlar, şol sanda ýaşlar Ýehowanyň tarapyny tutdy (Filipililer 2:8; Ylham 6:9). Senem muny başararsyň! Ýadyňdan çykarma, jedelli meselede bitaraplygy saklap bolmaýar. Sen edýän işleriň bilen ýa Şeýtany, ýa-da Ýehowany goldaýandygyňy görkezýärsiň. Sen haýsysyny saýlarsyň?
Ýehowa aladaňy edýär
11 Seniň saýlaýan ýoluň Ýehowa üçin wajypmy? Belki-de, sen: «Hudaýa wepaly galyp, Şeýtana gaýtawul beren adamlar ýeterlik dälmi?» diýýänsiň. Dogrudan-da, köp adamlar Ýehowany söýýändigi üçin oňa gulluk edýändigini subut etdiler. Ýöne Ýehowa seniň hem subut etmegiňi isleýär, sebäbi ol her birimiziň aýratynlykda aladamyzy edýär. Isa pygamber şeýle diýdi: «Gökdäki Atam hem pesgöwünli adamlaryň hiç biriniň heläk bolmagyny islemeýär» (Matta 18:14).
12 Diýmek, Ýehowa seniň haýsy ýoly saýlaýandygyňa üns berýär. Mukaddes Kitapda adamlaryň gelýän kararlarynyň Ýehowa güýçli täsir edýändigi aýdylýar. Meselem, ysraýyllar gaýta-gaýta Ýehowa garşy çykanlarynda, onuň «ýüregini agyrtdylar» (Zebur 78:40, 41). Nuh pygamberiň döwründe hem «adamlaryň köp erbetlik edýändigi» üçin Ýehowanyň «ýüregi para-para boldy» (1 Musa 6:5, 6). Eger sen hem ýalňyş ýoldan ýöreseň, Hudaýy gynandyrarsyň. Elbetde, Ýehowa sähel zady ýüregine alyp ýörmeýär. Emma ol seni söýýändigi üçin kösenişiňe dözmeýär. Sen dogry karara geleniňde, Ýehowanyň ýüregi şatlykdan dolýar. Sebäbi şonda Ýehowa diňe bir Şeýtana jogap bermän, seni sylaglap hem bilýär. Ol muny ýürekden isleýär (Ýewreýler 11:6). Dogrudanam, Ýehowa Atamyz söýgä baý Hudaý.
Ruhy dürdäneler
Ýaradyjyny şöhratlandyrýan maksatlary goýuň
Geliň, Ýehowanyň älem-jahany ýaratmak islände maksadyna nädip ýetendigini bileliň. «Agşam düşdi daň atdy» diýen sözler Ýehowanyň her gün nämeler etjekdigini öňünden kesgitländigini görkezýär (1 Musa 1:5, 8, 13, 19, 23, 31). Diýmek, Ol her günüň başynda anyk maksatlary goýupdyr. Goýan maksatlaryna-da ýetipdir (Ylham 4:11). Eýýup pygamber: «Ýehowa ýüregine düwse hökman eder» diýdi (Eýýup 23:13). Ýehowa ýaradan zatlaryny görüp begendi we «ähli zat juda gowy» diýdi (1 Musa 1:31).
Biziň hem Ýehowa ýaly maksadymyza ýetmäge güýçli islegimiz bolsa, hökman ýeteris. Maksadymyza ýetýänçäk islegimiz hemişe ýanyp durar ýaly näme edip bileris? Başda Ýer şary boşlukdy we entek şekil berilmändi. Ýöne Ýehowa onuň bagy-bossanlyga öwrülip, owadan boljakdygyny we lezzet berjekdigini göz öňüne getirdi. Edil şonuň ýaly, maksadymyza ýetenimizde nähili gowy boljakdygy hakda oýlansak, islegimiz ot ýaly ýanyp durar. 19 ýaşly Toni muňa öz durmuşynda göz ýetirdi. Ol Ýewropadaky Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialyna baryp görýär. Şol gün onuň ömür ýadyndan çykmaýar. Şondan soň ol: «Menem Beýtelde ýaşap, gulluk edäýsem» diýip, pikir edip ýörýär. Ol maksadyna ýetip biljegini, ýetenden soň nähili boljagyny göz öňüne getirýär. Şonuň üçin ol Beýtelde gulluk etmegi maksat goýup, oňa ýetmäge jan edýär. Birnäçe ýyldan ony şol ýerde gulluk etmäge çagyrýarlar. Şonda onuň begenjinden ýaňa aýagy ýere degen däldir!
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w21.05 sah. 18, 19, abz. 17—20
Yhlasly wagyz ediň!
17 Adamlar hoş habary diňlemese-de, Isa pygamber yhlasly wagyz edýärdi. Näme üçin? Sebäbi Isa hoş habary entek köp adamlaryň eşitmändigini bilýärdi. Ol Patyşalyk baradaky habary mümkin boldugyndan has köp adamlara wagyz etmek üçin jan edýärdi. Şeýle-de ol hoş habary diňlemedik adamlaryň wagtyň geçmegi bilen seslenjekdigini bilýärdi. Isa ýer ýüzünde üç ýarym ýyl wagyz edende, onuň süýtdeş doganlary iman etmeýärdi (Ýah. 7:5). Ýöne Isa ölümden direlensoň, doganlary onuň şägirdi boldular (Res. 1:14).
18 Biz hoş habary wagyz edenimizde, kimiň hakykata geljekdigini bilmeýäris. Käbir adamlar köp wagtdan soň, hoş habara seslenýär. Hoş habary diňlemeýän adamlar biziň ýagşy edim-gylymymyzy, yhlasly wagyz edişimizi görüp, ahyry «Hudaýy şöhratlandyrarlar» (1 Pet. 2:12).
19 Biz hakykat tohumyny eksek-de, suwarsak-da, Hudaýyň ösdürýändigine düşünýäris (1 Korinfliler 3:6, 7-nji aýatlary okaň). Efiopiýada ýaşaýan Getahun dogan şeýle gürrüň berýär: «Men 20 ýyldan gowrak ýeke özüm wagyz etdim. Obada menden başga Ýehowanyň Şaýady ýokdy. Häzir bolsa 14 wagyzçy bar. Olaryň 13 sanysy suwa çümdürilen wagyzçy. Suwa çümdürilenleriň arasynda aýalym we üç çagam hem bar. Biziň ýygnagymyza ortaça 32 adam gatnaýar». Getahun dogan yhlasly wagyz edýär. Ol Ýehowanyň akýürekli adamlary guramasyna getirjek gününe sabyrly garaşýar (Ýah. 6:44).
20 Ýehowa her bir adamy gymmatly dürdäne hasaplaýar. Ýehowa bize hormatly iş tabşyrdy. Biz Hudaýyň Ogly Isa bilen eginme-egin işleşip, dünýäniň soňy gelmänkä, halklaryň dürdänelerini ýygnamaly (Hag. 2:7). Biziň wagyz işimizi halas ediş işine meňzetse bolar. Wagyzçylar halas ediş toparyna meňzeýär. Halas edijiler ýertitreme zerarly ýumrulan jaýlaryň astyndan diri galan adamlary gözleýärler. Olaryň diňe käbiri diri adamlary tapsa-da, tutuş topara eden tagallasy üçin minnetdarlyk aýdýarlar. Wagyz işi hakda hem şeýle diýse bolar. Biz Şeýtanyň dünýäsinden näçe adamy halas etjekdigimizi bilmeýäris. Ýehowa islendik wagyzçy arkaly adamlaryň janyny halas edip biler. Boliwiýada ýaşaýan Andreas dogan şeýle diýýär: «Men bir zada göz ýetirdim. Bir adamyň Mukaddes Kitapdan okuw geçip, suwa çümdürilmegi üçin ýygnakdaky ähli dogan-uýalaryň goldawy gerek eken». Geliň, bizem hemişe yhlasly bolalyň! Şonda Ýehowa edýän tagallamyza ak pata berer we şatlyk bilen wagyz ederis.
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
g 9/15 sah. 6
Pula dogry garaýyşda boluň
Pula dogry garaýyşda bolmak üçin özüňizi barlaň. Munuň üçin şeýle soraglar hakda oýlanyň:
◻ Men çalt baýamagyň küýüne düşýärinmi?
◻ Maňa jomart bolmak kynmy?
◻ Men hemişe pul ýa-da satyn alan zatlary hakda gürrüň edýän adamlar bilen dost bolýarynmy?
◻ Puluň yşkyna düşüp, ýalan sözleýärinmi ýa-da her dürli hilelere baş goşýarynmy?
◻ Pulum bolmasa, özümi dereksiz duýýarynmy?
◻ Men hemişe pul hakda oýlanýarynmy?
◻ Pula bolan garaýşym saglygyma we maşgalama erbet täsir edýärmi?
Şu soraglaryň haýsy hem bolsa birine «hawa» diýip jogap berseňiz, pula bolan garaýşyňyzy düzetmäge jan ediň. Baýlygyň yzynda hars urýan adamlar bilen dostlaşmaň. Gaýtam puly däl-de, ýokary ahlak kadalary wajyp hasaplaýan adamlar bilen dostlaşyň.
Pula bolan söýginiň ýüregiňizde kök urmagyna hiç haçan ýol bermäň. Köpräk pul gazanmak islegi maşgalaňyzdan, dost-ýarlaryňyzdan we jan-saglygyňyzdan öňe geçmesin. Şeýtseňiz, pula dogry garaýyşda bolarsyňyz.
«Hemişe Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň»
1 «BAGT pul bilen ölçenilmeýär» diýlişi ýaly, adama ýaşamak üçin köp zat gerek däl. Munuň şeýledigine garamazdan, adamlaryň köpüsi arzuw kölüne batyp, gören zadyny alasy gelýär. Adamyň gerekli zady bilen isleýän zadynyň arasynda tapawut barmy? Meselem, iýmit, egin-eşik we jaý adamyň gündelik durmuşy üçin hökman «gerek» bolýar. Emma adamyň «isleýän» zadyna gündelik ýaşaýyş üçin zerur bolmadyk zatlar degişli.
2 Adamlaryň isleg-arzuwlary bir-birinden tapawutlanýar. Meselem, käbir ýurtlarda köp adamlar el telefonynyň, motosikliniň we mellek ýeriniň bolmagyny islese, ösen ýurtlarda egin-eşik goýulýan döwrebap şkaf, kaşaň jaý we gymmatbaha maşyn edinmegiň arzuwyny edýärler. Emma gerek bolsun-bolmasyn, ýagdaýy ýetsin-ýetmesin, adam çendenaşa köp zat edinmek islese, baýlygyň duzagyna düşüp bilýär.
Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez
17 Eger biz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny agtarsak, gökdäki Atamyz Ýehowanyň ähli zerurlyklarymyzy kanagatlandyrjakdygyna şübhelenmän bileris (Mat. 6:33). Dogrudan-da, mesihçileriň saýlamaga elmydama mümkinçiligi bar. Biz agyr kynçylyklarda-da Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermäge çalyşsak, Ýehowa hökman «çykalga açar» (1 Korintoslylar 10:13-i okaň). Biz Ýehowa «sabyrly garaşsak», akyldarlyk, görkezme diläp, Oňa «bil baglasak» we tabşyryklaryna hem prinsiplerine eýersek, «Ol dileglerimizi ýerine ýetirer» (Zeb. 37:5, 7). Biz ýeke-täk hak Hojaýynymyza gulluk etmek üçin tagalla etsek, Ol bereketini eçer. Hawa, eger biz Ýehowanyň islegini birinji orunda goýsak, Ol «üstünlik berer» (Gel. çyk. 39:3).
11—17 DEKABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 25—27
«Wepaly bolmak üçin kämil bolmalymy?»
it «Wepalylyk»
Wepalylyk
Eýýup. Eýýup pygamber Ýusup aradan çykansoň we Musa pygamber ysraýyl halkyna baştutan bellenmezinden öň ýaşan bolmaly. Ol «halal we Hudaýa wepaly (ýewreýçe „tam“) adamdy. Eýýup Hudaýdan gorkýardy we erbetlikden gaça durýardy» (Eýp 1:1; serediň: EÝÝUP). Bir gezek Şeýtan Hudaýyň huzuryna baranda, Ýehowa oňa Eýýubyň wepalylygyna üns berdiňmi diýýär. Mundan görnüşi ýaly, Şeýtan diňe Ýehowa däl, adamlara-da töhmet atýar. Ol Eýýubyň Hudaýa ak ýürekden däl-de, öz bähbidi üçin gulluk edýändigini aýdýar. Başgaça aýdanyňda, ol Eýýubyň wepalylygyny şübhä goýýar. Şeýtan Eýýuby mal-mülkünden, hatda çagalaryndan mahrum etse-de, Hudaýdan dändirip bilmeýär (Eýp 1:6—2:3). Soňra Şeýtan Eýýubyň hasratlaryna döz gelse-de, şirin jany üçin Hudaýdan ýüz öwürjekdigini aýdýar (Eýp 2:4, 5). Emma Şeýtanyň diýeni bolmaýar. Eýýup agyr kesele duçar bolýar, söýgüli aýaly oňa Alla gargap öl diýýär, üç dosty bolsa ony ýazgaryp ruhdan düşürýär, Hudaýyň kada-kanunlaryny we niýetlerini ýoýup aýdýar. Ýöne Eýýup şonda-da: «Soňky demime çenli wepaly bolaryn! Men dogry ýoldan ýörärin, asla sowulmaryn. Ýüregim meni hiç haçan ýazgarmaz» diýýär (Eýp 27:5, 6). Şeýdip, ol Şeýtanyň atan töhmetiniň ýalandygyny subut edýär.
Aýypsyzlygyňyzy saklaň
3 Biz Hudaýyň gullukçylary hökmünde aýypsyzlygymyzy saklaýandygymyzy Ýehowany bütin ýüregimiz bilen söýüp we doly wepaly galmak bilen görkezýäris. Şonda biz her bir gelýän kararymyzda Hudaýyň islegini göz öňünde tutarys. Geliň, aýypsyzlyk sözüniň näme aňladýandygyny bileliň. Mukaddes Ýazgylarda agzalýan «aýypsyzlyk» sözüniň, esasan, doly, kemçiliksiz ýa-da bitewi diýen manylary bar. Meselem, ysraýyllylar Ýehowa mal gurbanyny berende, Kanuna görä ol şikessiz bolmalydy (Lew. 22:21, 22). Hudaýyň halky bir aýagy, gözi ýa-da gulagy şikesli we başga keselli maly gurban getirmeli däldi. Ýehowa birkemsiz, şikessiz ýa-da ýaralanmadyk maly gurban getirmek gaty wajypdy (Mal. 1:6—9). Elbetde, biz Ýehowanyň näme üçin birkemsiz ýa-da şikessiz maly talap edýändigine gaty gowy düşünýäris. Sebäbi biziň özümizem gök-önüm, kitap ýa-da bir gural satyn alanymyzda, zaýa ýa-da bir ýeri kem bolsa, satyn almak islemeýäris. Biz hemme ýeri abat, gowy we bitewi zady alasymyz gelýär. Şonuň ýaly, Ýehowa-da biziň oňa söýgi bilen we wepaly gulluk etmegimizi isleýär. Başgaça aýdanyňda, biziň gullugymyz doly, birkemsiz ýa-da bitewi bolmaly.
4 Aýypsyz galmak üçin kämil bolmalymy? Elbetde, biz köp ýalňyşýarys, şonuň üçin özümize abat däl-de, bir ýeri çat açan zat ýaly garap bileris. Geliň, näme üçin şeýle pikir etmeli däldiginiň iki sebäbini bileliň. Birinjiden, Ýehowa biziň kem taraplarymyza seretmeýär. Onuň Sözünde: «Günäleri hasaba alsaň, ýa Reb Hudaý, onda kim durup biler?» diýilýär (Zeb. 130:3). Hawa, Ýehowa biziň bikämil we günälidigimizi gowy bilýär. Şonuň üçin ýalňyşanymyzda, bizi jomartlyk bilen bagyşlaýar (Zeb. 86:5). Ikinjiden, ol biziň mümkinçiligimiziň çäklidigine düşünýär we güýjümizden artyk zada garaşmaýar (Zebur 103:12—14-nji aýatlary okaň). Onda biz nädip Hudaýyň nazarynda aýypsyz, ýagny doly, birkemsiz we bitewi bolup bileris?
5 Ýehowanyň gullukçylarynyň aýypsyz galmagynyň esasy sebäbi — söýgi. Biziň gökdäki Atamyza bolan söýgimiz we wepalylygymyz doly, birkemsiz we bitewi bolmaly. Synaga düşenimizde-de, Ýehowa bolan söýgimiz güýçli bolsa, aýypsyzlygymyzy saklap bileris (1 Ýyl. 28:9; Mat. 22:37). Geliň, makalanyň başynda agzalan üç dogan-uýa bilen bolan ýagdaýa seredeliň. Olar näme üçin şeýle hereket etdiler? Ýaş uýamyz mekdepde üstünden gülmeklerini, ýaş doganymyz öýden-öýe wagyz edende, masgara bolmak, uly ýaşly doganymyz bolsa işini ýitirmek isleýärdimi? Elbetde, ýok. Ýöne olar Ýehowanyň dogry kada-kanunlaryny bilýärdi we ünsüni gökdäki Atasyna ýaranmaga gönükdirdiler. Olar Hudaýy söýýändigi üçin, her bir gelýän kararynda Ýehowanyň islegini birinji ýerde goýdular. Şeýdip, olar aýypsyz galýandyklaryny iş ýüzünde görkezdiler.
Ruhy dürdäneler
Ýehowa — Beýik Guramaçy
3 Ýaradylan zatlar Hudaýyň deňi-taýy bolmadyk Guramaçydygyny subut edýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Reb dünýäni hikmet bilen gurdy, gökleri düşünje bilen berkarar etdi» diýilýär (Sül. tym. 3:19). Biz Hudaýyň ýollarynyň «ujypsyzja bölegini» bilýäris we «Ol hakda eşidýänlerimiz» juda az (Eýp. 26:14). Muňa garamazdan, sansyz-sajaksyz asman jisimleriniň, ýagny planetalaryň, ýyldyzlaryň we galaktikalaryň belli bir tertibe eýerip hereket edýändigi haýran galdyrýar (Zeb. 8:3, 4). Galaktikalarda millionlarça ýyldyzlar ýerleşýär we olaryň ählisi tertipli hereket edýär. Planetalar göýä ýol hereket düzgünine eýerýän ýaly, Günüň daşyndan aýlanýarlar. Bu zatlar Ýehowanyň gögi, ýeri «düşünje bilen ýaradandygyny» we onuň hormata, wepalylyga hem-de seždä mynasypdygyny görkezýär (Zeb. 136:1, 5—9).
18—24 DEKABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 28, 29
«Eýýup pygamberiňki ýaly at-abraýyňyz barmy?»
w02 15/5 sah. 22, abz. 19
Mätäçlere ýagşylyk ediň
19 Mukaddes Kitapdan bilşimiz ýaly, kömege mätäç adamlara ýagşylyk etmeli. Meselem, Ybraýym pygambere neslini dowam etmek üçin Betuweliň kömegi gerekdi. Ýakup pygamber aradan çykansoň, süňklerini Kengana äkidip jaýlar ýaly Ýusup kömek etmelidi. Nagomy hem mirasdüşeri bolar ýaly Rutuň kömegine mätäçdi. Ybraýym-da, Ýakup-da, Nagomy-da başgalaryň kömegi bolmasa, özleri baş alyp çykmazdylar. Edil şonuň ýaly, şu günler bizem mätäçlere kömek etmeli (Nakyllar 19:17). Biz Eýýup pygamberiň göreldesine eýerip bileris. Ol «perýat edýän garyby, ýetimi we mätäji halas ederdi», hatda käbirini «ölümden halas ederdi». Şeýle-de ol dul aýallara kömek edip begendirerdi, «körlere gözdi, agsaklara aýakdy» (Eýýup 29:12—15).
it «Egin-eşik»
Egin-eşik
Mukaddes Kitapda egin-eşik göçme manyda hem ulanylýar. Adatça, adamyň geýnişinden nirede işleýändigini ýa-da haýsy gurama degişlidigini bilse bolýar. Edil şonuň ýaly Mukaddes Kitapda egin-eşik adamyň garaýşyny we häsiýetini görkezýändigi aýdylýar. Isa pygamber toý eşigini geýmän gelen adam hakdaky mysalynda hem muny nygtaýar (Mat 22:11, 12; serediň: BAŞGAP; ÇARYK). Ylham 16:14, 15-nji aýatlarda hak Hudaýyň gullukçylaryny tanadýan göçme manydaky egin-eşik hakda aýdylýar. Biz seresap bolmasak, ruhy taýdan uka gidip, «egin-eşiksiz» galyp bileris. Netijede, «Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde boljak söweşe» taýyn bolup bilmeris.
w09 1/2 sah. 15, abz. 3, 4
Siziň nähili adyňyz bar?
Adam dünýä inende özüne goýuljak ady saýlap bilmeýär. Emma durmuşda gazanjak at-abraýymyz biziň öz elimizde (Nakyllar 20:11). Şonuň üçin özüňize şeýle soraglary beriň: «Eger-de Isa pygamber bilen şägirtleri biziň günlerimizde ýaşan bolsa, maňa nähili at dakardy? Häsiýetime we özümi alyp barşyma haýsy ady gelişdirerdiler?»
Şu soraglar hakda oýlanmak wajyp. Sebäbi Süleýman patyşa: «At-abraý köp baýlykdan gowudyr» diýip ýazdy (Nakyllar 22:1). Şu günlerem atly-abraýly adamlara hormat goýulýar. Ýöne iň esasy zat, Hudaýyň öňünde ýagşy adymyz bolmaly. Şonda biz gutarmaýan baýlygyň eýesi bolarys. Allatagala özünden gorkýanlaryň adyny «ýatlama kitabyna» ýazýar we ebedi ýaşamak mümkinçiligini berýär (Melek 3:16; Ylham 3:5; 20:12—15).
Ruhy dürdäneler
g00 8/7 sah. 11, abz. 3
Ýylgyryň! Ýylgyrýan ýüzde nur bardyr!
Ýylgyrmagyň peýdasy barmy? Oýlanyp görüň, biri size ýylgyryp seretse, özüňizi rahat duýup, arkaýyn bolýansyňyz. Tersine, eger adamyň ýüzünden gar ýagyp duran bolsa, siz aljyrap, çekinýänsiňiz. Dogrudan-da, ýylgyrmagyň peýdasy köp. Ol adamyň özüne-de, daş-töweregindäkilere-de gowy täsir edýär. Mukaddes Kitapda agzalýan Eýýup pygamber duşmanlaryna şeýle diýdi: «Ýylgyryp baksam, gözlerine ynanmazdylar, nurana ýüzümi görüp, ruhlanardylar» (Eýýup 29:24). Eýýubyň «nurana ýüzünden», onuň ýürekden ýylgyrýandygyny görse bolýardy.
25—31 DEKABR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 30, 31
«Eýýup pygamber ahlak taýdan arassa adamdy»
Gözüňi biderek zatlardan sow!
8 Mesihçileriň göz we ten höweslerine garşy durup bilýän ukyby ýok. Emma Hudaýyň Sözünde bize seredýän we güýçli höwes edýän zatlarymyz barada nebsiňe buýurmaklyk maslahat berilýär (1 Kor. 9:25, 27; 1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary okaň). Hudaýa wepaly bolan Eýýup pygamber görýän zatlaryň islege güýçli täsir edýändigine düşünýärdi. Ol şeýle diýdi: «Men gözlerim bilen äht baglaşdym. Bir gyza nädip göz dikeýin?» (Eýýup 31:1). Eýýup aýal bilen ahlaksyzlyk etmek üçin diňe bir el degirmezligi däl, eýsem, şol barada pikir hem etmezligi ýüregine düwdi. Isa ahlak taýdan arassa pikirde bolmalydygy hakynda şeýle diýdi: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» (Mat. 5:28).
Etjek işiňiziň netijesi hakda oýlanyň
Erbet ýola düşmänkäňiz, özüňize şeýle sorag beriň: «Bu ýoluň soňy nämä elter?» Öňünden biraz oýlansaňyz, betbagtçylyga eltýän ýola düşmersiňiz. Şeýle-de AIDS we jynsy ýol bilen geçýän keseller, islenilmeýän göwrelilik, çaga aýyrtmak, ynamdan gaçmak, ynsabyň ezýet bermegi ýaly zatlardan özüňizi gorarsyňyz. Gynansak-da, käbirleri berilýän duýduryşlara gulak asman, nädogry hereketiniň ajy miwesini datdylar. Pawlus resul hem ahlaksyzlygyň ýoluna düşenleriň «Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny» aýtdy (1 Korinfliler 6:9, 10).
w10 15/11 sah. 5, 6, abz. 15, 16
Ýaşlar, Hudaýyň Sözüne eýeriň!
15 Seniň pikiriňçe, Hudaýa wepalylygyň haçan has-da synalýar? Ýanyňda biri barkamy ýa-da ýeke wagtyň? Sen mekdepde ýa işde ruhy taýdan zyýan ýetirip biljek zatlardan seresap bolýarsyň. Emma dynç alanyňda has-da arkaýynlaşýarsyň we saňa ahlak kadalaryna eýermek kyn bolýar.
16 Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok bolsa-da Hudaýa gulak asmaly? Şuny ýatda sakla: sen Ýehowany hem gynandyryp, hem begendirip bilersiň (Gel. çyk. 6:5, 6; Sül. tym. 27:11). Diýmek, seniň edýän işleriň Ýehowa täsir edýär, sebäbi ol seniň «gamhoryňdyr» (1 Pet. 5:7). Hudaý berýän maslahatlaryny seniň diňlemegiňi we ondan peýdalanmagyňy isleýär (Iş. 48:17, 18). Ýehowanyň gadymy Ysraýylda ýaşan käbir gullukçylary maslahaty kabul etmän, ony ynjatdylar (Zeb. 78:40, 41). Emma Daniýel pygamber adamlaryň ýanynda-da, ýeke galanda-da Hudaýa wepalydy (Daniýel 6:10-y okaň). Şonuň üçin Ýehowa Daniýeli juda gowy görýärdi, hatda perişdelerem Hudaýyň ony söýýändigini aýtdylar (Dan. 10:11).
Ruhy dürdäneler
w05 15/11 sah. 11, abz. 3
Ýürekden diňlemegi öwreniň
Eýýup pygamber dostlaryna on gezekden gowrak derdini aýdýar. Dostlary onuň sözüni diňlese-de, Eýýup: «Wah, meni diňlejek adam tapylsady!» diýýär (Eýýup 31:35). Eýýup näme üçin şeýle diýdi? Sebäbi dostlary ony diňlese-de, hiç hili göwünlik bermediler. Olar Eýýubyň ýagdaýyna, duýgusyna düşünjegem bolmadylar we duýgudaşlyk bildirmediler. Petrus resul mesihçilere: «Ähliňiz bir pikirde, duýgudaş, rehimdar, pesgöwünli boluň, biri-biriňizi doganyňyz kimin söýüň» diýip maslahat berdi (1 Petrus 3:8). Biz nädip duýgudaş bolup bileris? Biz adam bilen ýürekden gyzyklanyp, derdine düşünjek bolmaly. Belki, biz «saňa-da aňsat däldir» ýa-da «ýagdaýyňa düşünmeseler, agyr degýändir» diýip bileris. Duýgudaşlyk bildirmegiň ýene bir usuly, adamy ünsli diňlemek. Biz diňe onuň sözlerine däl-de, duýgularyna hem düşünjek bolmaly.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
vijwyp mak. 59
Gomoseksualizm. Bu günämi?
«Ýetginjek wagtym, men özüm ýaly oglanlara üns berip başladym. Duýgularyma erk etmek gaty kyn bolýardy. Wagtyň geçmegi bilen, bu öz-özünden aýrylar öýtdüm, ýöne henizem meni şeýle duýgular biynjalyk edýär». Deýwid, 23 ýaşynda
Deýwid mesihçi bolandygy üçin Hudaýy begendirip ýaşamak isleýär. Eger ol oglanlara azgyn höwes bilen bakýan bolsa, Hudaýyň gullukçysy bolup bilermi? Hudaý gomoseksualizme nähili garaýar?
Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär?
Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä... ?
Eger... ?
Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär?
Gomoseksualizme bolan garaýyş adamyň medeniýetine ýa-da haýsy döwürde ýaşaýandygyna bagly bolýar. Emma mesihçiler giňden ýaýran pikire eýermeýärler we «ýalan taglymatlara eýerip, deňizde eýläk-beýläk çaýkanýan... gaýyk ýaly bolmaýarlar» (Efesliler 4:14). Olaryň gomoseksualizme bolan garaýşy (başga-da ynançlary) Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlara esaslanýar.
Mukaddes Ýazgylarda gomoseksualizm babatdaky kadalar açyk-aýdyň düşündirilýär. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär:
«Aýal bilen jyns gatnaşygyny edişiň ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etme» (Lewiler 18:22).
«Hudaý olara ýürekleriniň haýasyz isleglerine görä ýaşamaga ýol berdi... Hudaý olara ahlaksyz isleglerini kanagatlandyrmaga ýol berdi. Şeýlelikde, aýallar erkek adamlar bilen däl-de, aýallar bilen ýatýarlar» (Rimliler 1:24, 26).
«Özüňizi aldamaň. Ahlaksyzlyk edýänler, butparazlar, zynahorlar, azgyn erkekler, beçebazlar, ogrular, açgözler, arakhorlar, başgalara sögýänler, talaňçylar Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» (1 Korinfliler 6:9, 10).
Hudaýyň kada-kanunlary hemmelere, şol sanda öz jynsyndaky ýa-da başga jynsdaky adamlara azgyn nebis bilen bakýanlara hem degişli. Şol sebäpli her bir adam öz nebsine buýrup, Hudaýa ýaramaýan isleglerini öldürmeli (Koloslylar 3:5).
Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä...?
Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, şeýle adamlary ýigrenmelimi?
Ýok. Mukaddes Ýazgylarda hiç kimi, ýagny azgyn erkekdir aýallary we başga adamlary ýigrenmelidigi barada aýdylmaýar. Gaýtam, ol «ähli adamlar bilen parahat ýaşamagy» ündeýär (Ýewreýler 12:14). Şol sebäpli azgyn erkekdir aýallara hüjüm etmek, olara garşy jenaýat iş etmek we ýowuz daraşmak gadagan.
Onda mesihçiler bir jynsdaky adamlaryň nikasyna garşy çyksa bolýarmy?
Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň niýetine görä, nika — bu bir erkek adam bilen bir aýalyň birikmegidir (Matta 19:4—6). Emma bir jynsdaky adamlaryň nikasyna kanuny taýdan rugsat bermek barada maslahat geçirilende, onuň ahlak taýdan nädogrulygy däl-de, syýasy bähbitler öňe sürülýär. Mukaddes Ýazgylarda mesihçileriň syýasy meselelerde bitaraplygy saklamalydygy aýdylýar (Ýahýa 18:36). Şol sebäpli olar hökümetiň bir jynsdaky adamlary nikadan geçirmek we gomoseksualizm baradaky çykarýan kanunlaryny ne goldaýarlar, ne-de garşy çykýarlar.
Eger... ?
Eger biri gomoseksual bolsa, ol özgerip bilermi?
Hawa. I asyrda ýaşan şeýle adamlaryň käbiri özgerip bildiler. Mukaddes Ýazgylarda gomoseksuallaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygy barada aýdylandan soňra: «Siziň hem käbiriňiz şeýlediňiz» diýilýär (1 Korinfliler 6:11).
Eýsem, şeýle adam durmuşyny özgerdensoň, onda öňki ýoluna dolanmaga hiç hili islegi döremeýärmi? Ýok, döräp bilýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Täze häsiýetlere geýniň. Bu häsiýetler Hudaý hakdaky dogry bilim arkaly täzelenýändir» diýilýär (Koloslylar 3:10). Hawa, hemişe üstüňde işläp durmaly.
Eger Hudaýyň kadalary boýunça ýaşamak isleýän adamda henizem şeýle höwesler döreýän bolsa näme?
Özüňe we şol sanda ahlaksyz höwesleriňe erk etmek ýa-da olara eýermek adamyň özüne bagly bolup durýar. Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça ýaşaň, şonda ten höweslerine asla eýermersiňiz» (Galatýalylar 5:16).
Üns beren bolsaň, bu aýatda ten höwesleriniň asla ýüze çykmajakdygy barada aýdylmaýar. Emma Mukaddes Ýazgylary her gün okamak we doga etmek ýaly ruhy işler bilen meşgullansaň, erbet höwesleriňe garşy durmaga güýç toplarsyň.
Makalanyň başynda agzalan Deýwid munuň dogrudygyna öz durmuşynda göz ýetirdi. Esasan-da, mesihçi ene-atasyna gürrüň berendigi oňa kömek etdi. Ol şeýle diýýär: «Şonda egnimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Öňräk aýdan bolsam, onda ýetginjeklik döwrüm has-da şatlykly geçerdi».
Dogrudanam, Ýehowanyň kadalaryna eýerip ýaşasak, has bagtly bolarys. Biz olaryň «gönüdigine,.. ýüregi şatlandyrýandygyna» we «olary saklamakda uly sylagyň bardygyna» doly ynanýarys (Zebur 19:8, 11).