Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr24 Mart sah. 1—13
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2024)
  • Sözbaşylar
  • 4—10 MART
  • 11—17 MART
  • 18—24 MART
  • 25—31 MART
  • 1—7 APREL
  • 8—14 APREL
  • APREL 15—21
  • 22—28 APREL
  • 29 APREL—5 MAÝ
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2024)
mwbr24 Mart sah. 1—13

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

© 2023 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania

4—10 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 16, 17

«Ýehowa, ähli berekediň Gözbaşy sensiň!»

w18.12 sah. 26, abz. 11

Ýaşlar, siz durmuşda üstünlik gazanyp bilersiňiz

WEPALY DOSTLARY EDINIŇ

11 Zebur 16:3-i okaň. Dawut wepaly dostlary edinmegiň syryny bilýärdi. Ol Ýehowany söýýän adamlar bilen gatnaşmakdan «keýp» alýardy. Ahlak taýdan arassa we dogruçyl bolandyklary üçin, Dawut dostlaryna «mukaddesler» diýýär. Başga bir mezmurçy hem dostlary barada şeýle sözleri aýdýar: «Men Seniň buýruklaryňy berjaý edýänleriň, Senden gorkýanlaryň ählisine ýoldaşdyryn» (Zeb. 119:63). Geçen makaladan bilşimiz ýaly, siz gowy dostlary Hudaýa gulak asýan we ony gynandyrmakdan gorkýan adamlaryň arasyndan tapyp bilersiňiz. Elbetde, siz dürli ýaşdaky dogan-uýalar bilen dostlaşyp bilersiňiz.

w14 15/2 sah. 29, abz. 4

«Rebbiň gözelligine serediň»

Dawut şeýle nagma aýtdy: «Reb mirasymyň, käsämiň paýydyr; meniň hamymy goraýan Sensiň. Meniň çägim hözirli ýerlere düşdi» (Zeb. 16:5, 6). Dawut «mirasy», ýagny Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygy we Oňa gulluk etmäge bolan hormaty üçin minnetdardy. Biz hem Dawut ýaly kynçylyklarda ejir çeksek-de, ençeme ruhy bereketleriň eýesidiris. Geliň, şol sebäpli hakyky seždeden şatlyk tapyp, Ýehowanyň ruhy ybadathanasy üçin minnetdar bolalyň!

w08 15/2 sah. 3, abz. 2, 3

Ýehowa mydama gözüň alnynda bolsun

2 Biziň ählimiz Mukaddes Ýazgylarda Ybraýym, Sarra, Musa, Rut, Dawut, Ester, Pawlus resul we başga-da meşhur adamlar barada ýazylan wakalardan köp zady öwrenip bilýäris. Emma onçakly tanymal däl adamlaryň göreldesi hem peýdaly bolup biler. Mukaddes Ýazgylardaky wakalar barada oýlansak, mezmurçynyň: «Men Rebbi mydama gözümiň alnynda görýärin; Onuň sagymdalygy üçin gymyldamaryn» diýen sözlerine görä ýaşamaga kömek eder (Zeb. 16:8). Bu sözler näme aňladýar?

3 Adatça, esger gylyjyny sag elinde tutýar, çep elinde bolsa galkany tutýar, şonda onuň sag tarapy goragsyz galýar. Emma onuň sag tarapynda söweşýän dosty ony gorap bilýärdi. Eger biz Ýehowany hiç haçan unutmasak we onuň islegini berjaý etsek, ol bizi gorar. Geliň, «Rebbi [Ýehowany] mydama gözümiziň alnynda görmek» üçin Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň imanymyzy nädip berkidip biljekdigine seredeliň.

Dürdäne pikirler

it «Gözüň göreji»

Gözüň göreji

Işon diýen ýewreý sözi (5Ms 32:10; Nak 7:2) aýin (göz) diýen ýewreý sözi bilen bile ulanylanda «gözüň adamjygy» diýip terjime edilýär. bat (gyz) diýen ýewreý sözi (Agy 2:18) aýin (göz) diýen ýewreý sözi bilen bile ulanylanda «gözüň gyzy» diýip terjime edilýär. Şu jümleleriň ikisi hem «gözüň göreji» diýmegi aňladýar. Mysal üçin, Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda Zebur 17:8-däki pikirleri nygtamak üçin şu jümleleriň ikisi hem (işon bat-aýin) ulanylypdyr. Şu jümleleriň ulanylmagynyň sebäbi adam öz keşbini başga biriniň gözünde görüp bilýär.

Göz örän näzik we duýgur bolýar; adamyň gözüne saç ýa tozanjyk düşse, derrew duýýar. Adam gözüniň görejini goraýan perdäni (korneýany) goramaly. Eger şol perdä zyýan ýetse ýa-da kesel sebäpli ýüzi tutulsa, onuň görüjili gaty peselýär, hatda kör hem bolup bilýär. Mukaddes Kitapda «gözüň göreji» diýen jümle bir zady goramagyň we aýawly saklamagyň wajypdygyny görkezmek üçin ulanylýar. Hudaýyň kanunlaryny hem edil şonuň ýaly goramaly (Nak 7:2). 5 Musa 32:10-da Ýehowanyň ata ýaly ysraýyl halkynyň aldasyny edip, «gözüniň göreji deý gorandygy» aýdylýar. Dawut pygamber hem Ýehowa «meni gözüň göreji deý gora» diýip doga etdi (Zb 17:8). Duşmanlar hüjüm edende, Dawut Ýehowanyň derrew kömege ýetişmegini isleýärdi (Deňeşdiriň: Zek 2:8, ýewreýçe «göz» bawat aýin). Serediň: «GÖZ».

11—17 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 18

«Ýehowa... dadyma ýetişýän Hudaýym»

w09 1/5 sah. 14, abz. 4, 5

Ýehowanyň şatlygy güýjümize güýç goşýar

Mukaddes Kitapda Ýehowa «arkadagym», «penam», «galam» diýilýär (2 Şamuwel 23:3; Zebur 18:2; 5 Musa 32:4). Sebäbi Penakärimiz Ýehowa sarsmaz gala, belent dag ýaly halkyny howpdan goraýar.

5 Zebur kitabynda käbir sözler göçme manyda aýdylyp, Ýehowanyň häsiýetlerini beýan edýär. Mysal üçin, Zebur 84:11-de Ýehowa «Gün we galkan» bilen deňeşdirilýär, sebäbi Ýehowa ýagtylygyň, ýaşaýşyň Gözbaşy bolup, çäksiz güýji bilen bizi goraýar. Zebur 121:5-de bolsa «Ýehowa saňa pena bolup, sagyňda durýar» diýilýar. Tomsuň jowzasynda kölegäniň adamy Günden goraýşy ýaly, Ýehowa-da gullukçylaryny agyr synaglarda güýçli goly we ganaty bilen goraýar (Işaýa 51:16; Zebur 17:8; 36:7).

it «Ses»

Ses

Allatagala gullukçylarynyň sesini eşidýär. Ýehowa ruhda we hakykatda gulluk edýän adamlar haýsy dilde doga-dileg etseler-de, Hudaý olary eşidýär. Olar hatda içinden dileg etseler-de, Ýehowa olary diňleýär, sebäbi ol adamlaryň ýüregini görýär (Zb 66:19; 86:6; 116:1; 1Şm 1:13; Neh 2:4). Hudaý dady-perýat edip, kömek soraýan adamlaryň dilegini jogapsyz goýmaýar. Ýehowa özüne we gullukçylaryna garşy çykýan adamlaryň aýdýan sözlerini hem eşidýär (1Ms 21:17; Zb 55:18, 19; 69:33; 94:9—11; Ýer 23:25).

w22.04 sah. 3, abz. 1

Gaýgy-aladany ýeňmegiň syry

2. Oýlanalyň. Yzyňyza ser salyp, aladaly günleriňiz hakda oýlanyň. Belki, çykalgasyz ýagdaýda Ýehowanyň kömek edendigi ýadyňyza düşýändir. Dogrudan-da, Ýehowanyň bize we gadym döwürdäki hudaýhon adamlara eden ýagşylyklary barada oýlansak, güýjümize güýç goşulýar we imanymyz berkeýär (Zeb. 18:17—19). Ýaşuly dogan Joşuwa şeýle diýýär: «Ýehowa her sapar dogalaryma jogap berende ýazyp goýýaryn. Şonda men Ýehowa näme hakda doga edendigimi we Onuň tüýs wagtynda beren jogabyny hiç haçan unutmaýaryn». Hawa, Ýehowanyň hemişe goldaýandygy barada oýlansak, gaýgy-aladaly günümizde ruhdan düşmeris we Oňa doly bil baglarys.

Dürdäne pikirler

it «Kerup»

Kerup

Käbir adamlar keruplar butparaz halklaryň sežde edýän gorkunç we ganatly jandarlaryna meňzeş ýasalandyr öýdýärdiler. Aslynda beýle däl. Gadymy ýewreý golýazmalaryna görä, şol keruplar adama meňzeş bolupdyr (ýöne Mukaddes Kitapda bu barada hiç zat aýdylmaýar). Keruplar örän owadan perişdedi. Şonuň üçin olaryň şekili hem örän owadan we üýtgeşik edip ýasalypdy. Olar Ýehowanyň Musa beren nusgasy boýunça ýasalypdy (2Ms 25:9). Pawlus resul: «Şöhratly keruplaryň... kölegesi gapagyň üstüne düşýärdi» diýdi (Ýew 9:5). Ýehowa adamlar bilen gepleşende keruplary ulanýardy. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Men gapagyň ýokarsynda görnüp, seniň bilen gepleşerin. Äht sandygynyň üstündäki iki kerubyň arasyndan ysraýyllara tabşyryklarymy aýdaryn» (2Ms 25:22; 4Ms 7:89). Şonuň üçin Ýehowa «keruplaryň üstünde tagtda oturýar» diýilýär (1Şm 4:4; 2Şm 6:2; 2Pa 19:15; 1Tr 13:6; Zb 80:1; 99:1; Işa 37:16). Käte «şol keruplar Hudaýyň arabasyny suratlandyrýardy» (1Tr 28:18), olaryň ganatlary bolsa arabynyň tizligini artdyrýardy we ony goraýardy. Şonuň üçin Dawut Ýehowa «kerubyň üstünde uçup geldi, perişdäniň ganatynda geldi» diýip, Hudaýyň derrew kömege ýetişýändigini şahyrana sözler bilen beýan etdi (2Şm 22:11; Zb 18:10).

18—24 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 19—21

«Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär»

w04 1/1 sah. 8, abz. 1, 2

Geliň, Hudaýyň şöhratyny yglan edeliň

ÝESSÄNIŇ ogly Dawut kiçilikden Beýtullahamyň öri meýdanlarynda atasynyň goýunlaryny bakýardy. Ol Aýly gijeler alyslara uzalyp gidýän ýyldyzly asmana syn ederdi. Dawut Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly 19-njy mezmury ýazanda, şol günleri ýatlan bolmaly. Şol mezmurda ol: «Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işini jar edýär... Emma owazy dünýä ýaýraýar, älem-jahana wagyz edýär» diýdi (Zebur 19:1, 4).

2 Gök asman we ýyldyzly gijeler gürläp bilmese-de, her säher, her gije Ýehowany şöhratlandyrýar. Ýaradylan zatlar hemmeleri haýran galdyryp, Hudaýyň şöhratyny gije-gündiz wasp edýär. Ýöne Allany diňe bir ýaradylan zatlar däl, adamlar hem şöhratlandyrmaly. Ýehowanyň wepaly gullukçylary ony dili bilen wasp edýärler. Bir mezmurçy: «Ýehowanyň adyny arşa galdyryň! Onuň howlusyna sowgatly giriň» diýdi (Zebur 96:7, 8). Ýehowany söýýän adam mezmurçynyň aýdan sözüne höwes bilen eýerer. Munuň üçin biz näme etmeli?

w04 1/6 sah. 11, abz. 8—10

Ýaradylan zatlar Ýehowany şöhratlandyrýar!

8 Dawut ýaradylan zatlary synlap şeýle diýdi: «Owazy dünýä ýaýraýar, älem-jahana wagyz edýär. Hudaý gökde Gün üçin çadyr dikdi. Gün öýlenýän ýigit kimin çadyryndan çykýar. Ýaryşa gatnaşýan adam kimin şatlanýar. Ol gögüň bir çetinden, beýleki çetine çenli aýlanýar; hiç zat jöwzasyndan gizlenmez» (Zebur 19:4—6).

9 Başga ýyldyzlara garanyňda, Gün onçakly uly däl, ýöne daş-töweregindäki planetalardan uly. Bir kitapda aýdylyşy ýaly, Günüň agramy milliardlarça tonna barabar bolup, Gün sistemasynda iň agyr ýyldyz hasaplanýar. Gün Ýer şaryndan 150 million km uzakda ýerleşip, dartyş güýjüniň kömegi bilen ýerden daşlaşmaýaram, golaýlaşmaýaram. Ýer şaryna Günüň azajyk şöhlesi düşýänem bolsa, ýer ýüzünde ýaşaýşyň bolmagy üçin şonuň özi hem ýeterlik.

10 Mezmurçy Günüň täsinligini wasp edip, «ýaryşa gatnaşýan adam kimin... gögüň bir çetinden, beýleki çetine çenli ylgaýar» diýdi. Gün ýaşanda, ol hamala dynç almak üçin öz çadyryna girýän ýaly görünýär. Irden bolsa daň şapagy öýlenýän ýigit kimin çadyryndan çykýar. Dawut çopan bolansoň gijelerine howanyň sowuk bolýandygyny bilýärdi (1 Musa 31:40). Ol Gün şöhlesiniň janyna hoş ýakyp, daş-töweregi ýyladýandygyny ýatlaýardy. Hawa, Gün «ýaryşa gatnaşýan» türgen ýaly her gün «gögüň bir çetinden, beýleki çetine çenli ylgamakdan» ýadamaýar.

g95 8/11 sah. 7, abz. 3

Gözden salynýan ussat

Älem-jahandaky täsin zatlara syn etsek, Hudaýy has gowy tanarys. Bir gün Isa Jelilede şägirtlerine meýdan güllerini görkezip: «Çigildemleriň ösüşine syn ediň. Olar ne zähmet çekýärler, ne-de eşik tikýärler. Emma men size diýýärin, şan-şöhratly Süleýman patyşa-da şeýle owadan geýnen däldir» diýdi (Matta 6:28, 29). Gülleriň şeýle owadan ýaradylmagy Allatagallanyň aladamyzy etjekdigini subut edýär.

Dürdäne pikirler

it «Ýewreý dili»

Ýewreý dili

Ýewreý dilindäki şahyrana setirler sintetik (ýa-da resmi, düzümleýin) parallelizm görnüşinde beýan edilýär. Jümleler sintetik parallelizm görnüşinde beýan edilende, ikinji setirdäki pikirler birinji setirdäki pikirler bilen diňe bir baglanyşman, eýsem şol pikirleri giňişleýin düşündirýär. Meselem, Zebur 19:7—9-njy aýatlara serediň:

«Ýehowanyň kanuny kämil,

güýjüňe güýç goşýar.

Ýehowanyň öwüt-ündewi ynama mynasyp,

tejribesiz adamy paýhasly edýär.

Ýehowanyň buýruklary adalatly,

ýüregi şatlandyrýar.

Ýehowanyň tabşyryklary päk,

gözleri nurlandyrýar.

Ýehowadan gorky peýdaly,

ebedi dowam edýär.

Ýehowanyň hökümleri hakdyr,

ählisi adalatlydyr».

Üns beren bolsaňyz, sözlemiň ikinji bölegi birinji bölegindäki pikiriň üstüni doldurýar. Netijede, sözlemiň iki bölegi bilelikde bir pikiri beýan edýär, muňa sinteza diýilýär. Mysal üçin, sözlemleriň «güýjüňe güýç goşýar», «tejribesiz adamy paýhasly edýär» diýen ikinji bölegi «Ýehowanyň kanunynyň» haýsy manyda kämildigini we «öwüt-ündewiniň ynama mynasypdygyny» görkezýär. Sözlem sintetik parallel görnüşinde ýazylanda pikire görä ikä bölünýär. Sözlem şeýle düzülende ondaky pikirleri sözlem görnüşinde däl-de, goşgy görnüşinde-de beýan edip bolýar. Şonuň üçin şeýle sözlemlere resmi ýa-da düzümleýin parallelizm görnüşli sözlemler diýilýär.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

Imanyňyz hakda gürrüň beriň

ijwfq 45

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isa pygamberiň ölen gününi belleýşi näme üçin beýleki dinlerden tapawutlanýar?

Biz Isa pygamberiň ölen gününi bellänimizde, Mukaddes Kitabyň görkezmesine berk eýermäge çalyşýarys. Oňa «Halypamyzyň agşam nahary» ýa-da Isanyň ölüminiň ýatlama agşamy hem diýilýär (1 Korinfliler 11:20). Emma başga dinleriň bu babatda ynanýan we eýerýän zatlary Mukaddes Kitaba esaslanmaýar.

Näme maksat bilen bellenilýär?

Biz «Halypamyzyň agşam naharynda» Isa pygamberiň ölen gününi ýatlap, onuň biziň üçin eden zatlaryna minnetdarlygymyzy görkezýäris (Matta 20:28; 1 Korinfliler 11:24). Bu ölen adamy beýgeltmek ýa-da günäleriň ötülmegi ýaly, ýöne bir dini adat ýa-da baýramçylyk däl. Mukaddes Kitap biziň günälerimiz dini däp-dessurlar arkaly däl-de, Isa iman edýändigimiz üçin bagyşlanýar diýip öwredýär (Rimliler 3:25; 1 Ýahýa 2:1, 2).

Näçe gezek bellenilýär?

Isa pygamber şägirtlerine «Halypamyzyň agşam naharyny» bellemegi tabşyrsa-da, ony näçe gezek bellemelidigini aýtmandy (Luka 22:19). Käbirleri muny her aý, başgalar bolsa her hepde, her gün, günüň dowamynda birnäçe gezek ýa-da adam haçan ýerlikli hasaplasa, şonda belläp bilýär diýip pikir edýärler. Emma käbir zatlary göz öňünde tutmaly.

Isa «agşam naharyny» ýehudylaryň Pasha baýramy güni girizipdi we şol gün hem aradan çykypdy (Matta 26:1, 2). Bu tötänden däldi. Mukaddes Kitapda Isanyň ölümi Pashalyk guzusy bilen deňeşdirilýär (1 Korinfliler 5:7, 8). Pasha baýramy bolsa ýylda bir gezek bellenilýärdi (2 Musa 12:1—6; 3 Musa 23:5). Şonuň ýaly irki mesihçiler Isanyň ölüminiň ýatlama gününi ýylda bir gezek belleýärdiler. Ýehowanyň Şaýatlary hem bu düzgüne eýerýärler.

Haçan bellenilýär?

Isanyň ýola goýan bu düzgüni ony diňe bir näçe gezek däl-de, eýsem, haçan bellemelidigine düşünmäge kömek edýär. Isa Ýatlama agşamyny b. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisanynda ýewreýleriň kalendary boýunça Gün ýaşandan soň girizipdi (Matta 26:18—20, 26). Irki mesihçileriň göreldesine eýerip, biz hem ony her ýyl şol senede belleýäris.

B. e. 33-nji ýylynda nisan aýynyň 14-i hepdäniň anna gününe düşen bolsa-da, häzir ol her ýyl hepdäniň dürli günlerine gabat gelýär. Biz 14-nji nisanyň her ýyl haýsy güne gabat gelýändigini ýehudylaryň häzirki kalendary boýunça däl-de, Isanyň günlerindäki usula eýerip hasaplaýarys.

Çörek we şerap

Isa ýatlama agşamyny girizende, Pasha baýramyndan galan hamyrmaýasyz çöregi we şeraby ulanypdy (Matta 26:26—28). Onuň göreldesine eýerip, biz hem Ýatlama agşamynda düzümine hiç hili goşundy goşulmadyk hamyrmaýasyz çöregi we düzümine şeker ýa-da başga zatlar garylmadyk şeraby ulanýarys.

Käbir dinler çörege hamyrmaýa ýa-da başga bir zat goşýarlar. Emma Mukaddes Kitaba görä, hamyrmaýa günäni we zaýalygy aňladýar (Luka 12:1; 1 Korinfliler 5:6—8; Galatýalylar 5:7—9). Şol sebäpli düzümine hiç zat goşulmadyk hamyrmaýasyz çörek Isanyň günäsiz bedenini aňladyp bilýär (1 Petrus 2:22). Şeraba derek üzümiň şiresini ulanmak hem Mukaddes Kitaba gabat gelmeýär. Käbir dinler spirtli içgileri içmegi gadagan edýändigi üçin Ýatlama agşamynda üzümiň şiresini ulanýarlar. Emma bu Mukaddes Kitapda aýdylanlara garşy gelýär (1 Timoteos 5:23).

25—31 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 22

Isa Mesihiň ölümi hakdaky pygamberlikler

w11 15/8 sah. 15, abz. 16

Olar Mesihi tapdylar!

16 Hudaý Mesihi terk eden ýaly görner. (Zebur 22:1-i okaň). Markusyň aýtmagyna görä, dokuzynjy sagatda Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lama sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin meni terk etdiň?» diýdi (Mar. 15:34). Isanyň Hudaýa näme üçin meni terk etdiň diýmegi, Atasyna bolan imanynyň gowşandygyny aňlatmaýar. Ol öldürjek bolýan duşmanlaryndan Hudaýyň goramajakdygyny bilýärdi. Şonda Isanyň Hudaýa hemişe wepaly boljakdygyny görkezmäge mümkinçilik bardy. Isa: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin meni terk etdiň?» diýende, Zebur 22:1-däki pygamberlik berjaý boldy.

w11 15/8 sah. 15, abz. 13

Olar Mesihi tapdylar!

13 Dawut adamlaryň Mesihi kemsitjekdigini pygamberlik etdi (Zebur 22:7, 8-nji aýatlary okaň). Isa pürsde ejir çekýärkä, adamlar ony kemsitdiler. Matta şeýle diýýär: «Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isa sögüp: «Ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen Özüňi halas et! Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak in» diýişýärdiler. Şunuň ýaly, baş ruhanylar-da, kanunçylar we ýaşulylar bilen Ony masgaralap diýişýärdiler: «Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär. Ol Ysraýylyň Patyşasy bolsa, goý, şindi haçdan (pürsden, TD) aşak insin, biz-de Oňa iman edeli. Hudaýa sygynýardy; Hudaý Ony halaýan bolsa, goý, şindi halas etsin; çünki Ol: «Men Hudaýyň Ogludyryn» diýýärdi» (Mat. 27:39—43). Isa görgi görse-de, özüni rahat alyp bardy we hiç hili erbet söz aýtmady. Ol bize gowy görelde galdyrdy!

w11 15/8 sah. 15, abz. 14

Olar Mesihi tapdylar!

14 Olar Mesihiň eşigini paýlaşmak üçin bije atarlar. Dawut pygamber şeýle diýdi: «Eşiklerimi özara paýlaşýarlar, eginbaşym üçin bije atyşýarlar» (Zeb. 22:18). Pygamberlikde aýdylyşy ýaly hem boldy. Mukaddes Ýazgylarda rim esgerleri Isany pürse çüýlänsoň, bije atyşyp, onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar diýilýär (Mat. 27:35; Ýahýa 19:23, 24-nji aýatlary okaň).

Dürdäne pikirler

w06 1/11 sah. 29, abz. 7

Mukaddes duşuşyklarymyza hormat goýýarys

7 Biz duşuşyklara mynasyp hormaty iş ýüzünde-de görkezip bileris. Birinjiden, Patyşalyk aýdymlaryny aýtmak üçin wagtynda barmaly. Şol aýdymlaryň köpüsi doga görnüşinde düzülipdir, şonuň üçin hem aýdymlary sylaşykly aýtmaly. Pawlus resul Zeburyň 22-nji mezmurynda ýazylan sözleri Isa degişli edip, şeýle diýdi: «Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, ýygnagyň ortarasynda Saňa öwgüli nagmalar aýdaryn» (Ýewreýler 2:12). Şol sebäpli-de, duşuşygy alyp barýan dogan aýdymyň adyny aýtmanka, biz eýýäm ýerimizde oturmagy endik edinmeli. Soňra bolsa, hemmeler bilen aýdym aýdyp, onuň manysyna üns bermeli. «Rebbe sena ediň. Men dogrularyň mejlisinde, ýygnakda Rebbe bütin ýüregim bilen şükür ederin» diýen mezmurçynyň göreldesine eýerip, aýdym aýdalyň (Zebur 111:1). Şeýlelik-de, Ýehowa öwgüli nagmalary aýtmak — ýygnaga irräk gelmäge we soňuna çenli galmaga örän oňat sebäp.

w03 1/9 sah. 20, abz. 1

Ýygnakda Ýehowany şöhratlandyr

Gadymy döwürdäki ýaly, şu günlerem Hudaýa iman edýän adamlar ýygnakda oňa alkyş aýdýarlar. Biziň hemmämiz ýygnakda jogap berip bilýäris. Biz muňa sowuk-sala garamaly däl, sebäbi berilýän jogaplar kynçylyklara döz gelmäge we dogan-uýalara Mukaddes Kitabyň prinsiplerine eýermäge kömek edýär. Käbirleri jogap berende, abzasdaky aýatlary düşündirýärler ýa-da şahsy okuwynda tapan gyzykly pikirlerini gürrüň berýärler. Şeýle jogaplar dogan-uýalary Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenmäge höweslendirýär.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

Nutuk

w20.07 sah. 12, 13, abz. 14—17

Hakykat ýoluny tapandygyňyza ynamly boluň

14 Mukaddes Kitabyň köp bölegi pygamberliklerden ybarat. Olar Ýehowa ýürekden iman etmäge kömek edýär. Siziň imanyňyzy haýsy pygamberlik berkitdi? Belki-de, soňky günler baradaky pygamberlikler? (2 Tim. 3:1—5; Mat. 24:3, 7). Ýa-da eýýäm ýerine ýeten pygamberlikler? Meselem, siz Danyýar kitabynyň 2-nji ýa-da 11-nji baplaryndaky pygamberliklerini nädip düşündirip bilersiňiz? Eger siz Mukaddes Kitabyň esasynda imanyňyzy berkitseňiz, hiç wagt yraň atmarsyňyz. Hudaýyň gullukçylary soňky günler baradaky pygamberliklere doly düşünmeseler-de, Hudaýyň Sözüne ynanyp, imanda berk durdular. Geliň, Ikinji jahan urşunda Germaniýada zalymlyk bilen yzarlanan dogan-uýalaryň galdyran göreldesi hakda oýlanalyň.

15 Germaniýada faşistleriň höküm sürýän döwri müňlerçe dogan-uýalar konslagerlerde tussaglykda oturdy. Adolf Gitler bilen goşun ýolbaşçysy Genrih Gimmler Ýehowanyň Şaýatlaryny ýigrenýärdi. Bir uýa Gimmleriň konslagerdäki uýalara aýdan sözlerini ýatlaýar: «Ýehowa Hudaýyňyz gökde höküm sürse sürsün, ýerde bolsa biz höküm sürýäris! Biz entek kimiň uzak ýaşajakdygyny görkezeris!» Şeýle kyn döwürde Ýehowa wepaly galmaga dogan-uýalara näme kömek etdi?

16 Şol döwür Mukaddes Kitaby öwrenýänler diýip tanalýan Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň Patyşalygynyň 1914-nji ýyldan bäri höküm sürüp başlandygyny bilýärdiler. Şol sebäpli olar güýçli yzarlamalaryň bolýandygyna geň galmaýardylar. Olar Ýehowanyň niýetiniň amala aşmagyna hiç bir hökümetiň päsgel berip bilmejekdigine ynanýardylar. Gitler ne hakyky dini ýok edip bildi, ne-de Hudaýyň Patyşalygyndan güýçli hökümet gurup bildi. Dogan-uýalar Gitleriň hökümetiniň iru-giç ýok boljakdygyna ynanýardylar.

17 Olaryň umydy puja çykmady. Köp wagt geçmänkä, faşistler ýeňildi. «Ýerde biz höküm sürýäris!» diýen Genrih Gimmler gaçyp gitmeli boldy. Ol ýolda konslagerde oturan Lýuka dogana duşýar. Gimmler ony tanaýar. Ýeňlendigine jany ýanyp duran Gimmler Lýuka dogandan: «Ýeri onsoň, Mukaddes Kitaby öwrenýän, indi näme bolar?» diýip sorady. Doganymyz faşistleriň hökümdarlygynyň ýok boljakdygyna we Ýehowanyň Şaýatlarynyň azatlyga çykjakdygyna ynanandyklaryny aýdýar. Ýehowanyň Şaýatlary barada bolar-bolmaz gürrüňleri edip ýören Gimmler aýdara söz tapman, dymyp galýar. Birnäçe wagtdan soňra Gimmler öz janyna kast edýär. Şu wakadan özümize nähili sapak edinip bileris? Biz Mukaddes Kitaby we ondaky pygamberlikleri öwrensek, Hudaýa berk iman edip, synaglarda soňuna çenli wepaly durarys (2 Pet. 1:19—21).

1—7 APREL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 23—25

«Ýehowa meniň Çopanym»

w11 1/5 sah. 31, abz. 3

«Ýehowa meniň Çopanym»

Ýehowa guzularyny bakýar. Çopan ýanynda bolmasa, goýunlar azaşyp bilýär. Edil şonuň ýaly, bize-de dogry ýoldan ýöremek üçin kömek gerek (Ýermeýa 10:23). Dawut Ýehowanyň halkyny «ýaşyl ýaýlada bakyp, bol suwly öri meýdanda otladýandygyny» we «adyl ýoldan ýöredýändigni» aýtdy (2, 3-nji aýatlar). Şu sözler Hudaýyň hemişe aladamyzy etjekdigine ynandyrýar. Biz Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýersek, bagtly bolarys we parahat ýaşarys.

w11 1/5 sah. 31, abz. 4

«Ýehowa meniň Çopanym»

Ýehowa guzularyny goraýar. Goýunlar ürkek bolýar, çopanlar hemişe olara gözegçilik etmeli bolýar. Ýehowa halkyna «tüm-garaňky jülgeden ýöreseňiz-de», ýagny durmuşyň kyn günlerinde-de gorkmaň diýdi (4-nji aýat). Ýehowa hiç haçan olary gözden salmaýar we aladasyny edýär. Ol gullukçylaryna kynçylyklara döz gelmek üçin akyldarlyk we güýç beýär (Filipililer 4:13; Ýakup 1:2—5).

w11 1/5 sah. 31, abz. 5

«Ýehowa meniň Çopanym»

Ýehowa guzularyny iýmitlendirýär. Çopan bolmasa, goýunlar otluk ýerleri tapyp bilmeýär. Edil şonuň ýaly, Ýehowanyň kömegi bolmasa, biz ruhy taýdan iýmitlenip bilmeýäris (Matta 5:3). Ýehowa ruhy saçagyny dürli-dümen zatlar bilen doldurýar (5-nji aýat). Biz Mukaddes Kitap we oňa esaslanan edebiýatlar arkaly durmuşda nämäniň wajypdygyna düşünýäris. Şeýle-de Hudaý we onuň niýeti barada bilim alýarys.

Dürdäne pikirler

w11 15/2 sah. 24, abz. 1—3

Dogrulygy ýürekden söýüň

ÝEHOWA mukaddes ruhy we Sözi arkaly halkyny «dogrulyk ýodalaryndan» ýöredýär (Zeb. 23:3). Emma bize dogry ýoldan ýöremek aňsat däl, çünki biz bikämil. Munuň üçin biz köp tagalla etmeli bolýarys. Bu babatda bize näme kömek eder? Biz Isa ýaly dogrulygy söýmeli (Zebur 45:7-ni okaň).

2 «Dogrulyk ýodalaryndan» ýöremek nämäni aňladýar? Bu Ýehowanyň dogry kadalaryny berjaý etmegi aňladýar. «Dogrulyk» diýip terjime edilen ýewreý we grek sözi «dogruçyllyk, dogry» hem-de ahlak prinsiplerini gyşarnyksyz berjaý etmegi aňladýar. Ýehowa «dogrulygyň mekanydyr», şol sebäpli Onuň gullukçylary dogry ýodalardan ýöremek üçin, Ondan görkezme soraýarlar (Ýerem. 50:7).

3 Biz Hudaýyň dogry kadalaryny ýürekden berjaý etsek, Onuň göwnünden turup bileris (Kan. tag. 32:4). Munuň üçin Mukaddes Ýazgylardan Ýehowa Hudaý barada hemişe bilim almaly. Biz ol barada näçe köp bilsek, şonça-da oňa ýakynlaşarys we onuň dogrulygyna bolan söýgimiz artar (Ýakup 4:8). Şeýle-de durmuşda wajyp karara gelmeli bolanda, biz Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýermeli.

8—14 APREL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 26—28

Dawuda Hudaýa wepaly bolmaga näme kömek etdi?

w04 1/12 sah. 14, abz. 8, 9

Hudaýa hemişe wepaly bol

8 Dawut: «Meni barla, eý Ýehowa, meni synap gör, oý-pikirimi, ýüregimi tämizle» diýip doga etdi (Zebur 26:2). Böwrek adamyň içinde ýerleşýär we göze görünmeýär. Aýatdaky «böwrek» diýen söz adamyň oý-pikirini we duýgularyny aňladýar. «Ýürek» diýen söz bolsa adamyň niýetini, içki dünýäsini we duýgularyny aňladýar. Dawut «meni barla» diýmek bilen, Ýehowadan duýgularynyň, pikiriniň, içki dünýäsiniň nähilidigini anyklamaga kömek etmegini diledi.

9 Dawut Ýehowa «oý-pikirimi, ýüregimi tämizle» diýip doga etdi. Ýehowa biziň içki dünýämizi nädip tämizleýär? Dawut: «Ýehowa alkyş aýdaryn, sebäbi öwüt-nesihat berýär. Men gijelerine oýlanyp, sapak edinerin» diýip aýdym aýtdy (Zebur 16:7). Dawudyň şu sözleri Ýehowanyň maslahatlarynyň ýüregine batyp, güýçli täsir edendigini we oý-pikirlerini düzedendigini görkezýär. Ýehowa bize-de Sözi, guramasy we doganlar arkaly maslahat berýär. Eger şol maslahatlar hakda oýlansak, minnetdar bolsak, Ýehowanyň öwüt-ündewi biziňem ýüregimize güýçli täsir eder. Geliň, Dawut ýaly Ýehowa «ýüregimi tämizle» diýip doga edeliň. Şonda Hudaýa soňuna çenli wepaly bolup bileris.

w04 1/12 sah. 15, abz. 12, 13

Hudaýa hemişe wepaly bol

12 Dawut Ýehowa weplaly bolmak üçin ýene nämäniň kömek edýändigini aýtdy. Ol: «Ýalançylar bilen gatnaşmaýaryn, ikiýüzlülerden gaça durýaryn. Zalym adamlary ýigrenýärin, erbet adamlar bilen oturmaýaryn» diýdi (Zebur 26:4, 5). Dawut erbet adamlardan diňe bir gaça durman, eýsem olaryň erbet işlerini hem ýigrenýärdi.

13 Biz Dawutdan näme öwrenip bileris? Gepleşikleri, filmleri, wideolary, suratlary görenimizde we interneti ulananymyzda erbetlerden gaça durýarysmy? Biz hakyky ýüzüni gizleýän adamlardan gaça durýarysmy? Klasdaşymyz ýa-da işdeşimiz bizi azdyrmak niýeti bilen dostlaşmagy mümkin. Eýsem biz Hudaýa gulluk etmeýän adam bilen dost bolarysmy? Imandan dänenler biziň aladamyzy eden bolup, Ýehowadan daşlaşdyrjak bolýar. Käte ýygnakda ikiýüzli durmuşy alyp barýan mesihçiler bolýar. Olar edýän işlerini gizleýär. Ýygnak hyzmatçysy Jeýsonyň ýaş wagty ikiýüzli dostlary bardy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bir gün şol dostlarymyň biri maňa şeýle diýdi: „Häzir edeniňi edip ýaşamaly, sebäbi Armageddonda barybir öleris. Şonuň üçin dünýäden bir doýup galaly“. Muny eşidip, gözüm açylan ýaly boldy. Meniň-ä Armageddonda ölesim gelmeýärdi». Şondan soň Jeýson ikiýüzli dostlary bilen gatnaşmagyny goýdy. Pawlus resul: «Aldanmaň! Erbetler bilen gatnaşmak gowy häsiýetleri bozýandyr» diýdi (1 Korinfliler 15:33). Geliň, bizem erbetler bilen gatnaşmalyň.

w04 1/12 sah. 16, abz. 17, 18

Hudaýa hemişe wepaly bol

17 Ysraýyllar Ýehowa sežde etmek üçin mukaddes çadyra barýardylar we gurbanlyk ojagynda gurban berýärdiler. Dawut Hudaýa sežde edilýän ýeri wasp edip şeýle diýdi: «Eý Ýehowa, seniň öýüňi, şöhratly mekanyňy söýýärin» (Zebur 26:8).

18 Sizem Ýehowa hakda bilim almak üçin dogan-uýalar bilen ýygnanyşmagy gowy görýärsiňizmi? Şu günler biz Ýygnak jaýlarynda Mukaddes Kitaby öwrenip, Hudaýa sežde edýäris. Şeýle-de her ýyl etrap, welaýat we ýörite kongresleri geçirilýär. Şol kongresler arkaly Ýehowa bize «öwüt-ündew» berýär. Eger Ýehowanyň öwüt-ündewlerini «janymyzdanam eziz görsek», ýygnaklara höwes bilen bararys we aýdylýan zatlary ünsli diňläris (Zebur 119:167). Biz dogan-uýlar bilen Ýehowa sežde edýändigimize örän begenýäris. Dogan-uýalar aladamyzy edýärler we Hudaýa wepaly bolmaga kömek edýärler (Ýewreýler 10:24, 25).

Dürdäne pikirler

w06 15/7 sah. 28, abz. 15

Ýehowa horluk çekýän adamy halas edýär

15 Dawut mezmurçy: «Kakam, ejem meni terk edenlerinde, Reb meni kabul eder» diýip, nagma aýtdy (Zebur 27:10). Ýehowanyň söýgüsi ata-enäniň söýgüsinden güýçlüdigini bilmek, gör, nähili teselli berýär! Ata-eneň saňa biperwaý garap, urup-sögüp ýa-da senden dänen bolsalaram, Ýehowa sen barada mähirlilik bilen alada edýär (Rimliler 8:38, 39). Ýehowa söýýän adamlaryny özüne çekýändigini ýadyňdan çykarma (Ýahýa 3:16; 6:44). Adamlar sen barada nähili garaýyşda bolsalar-da, gökdäki Atamyz seni söýýär!

APREL 15—21

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 29—31

Temmi — Hudaýyň söýgüsi

it «Ýüz»

Ýüz

«Ýüz öwürmek» diýen jümläniň dürli manysy bar. Ýehowa ýüz öwürdi diýlende, köplenç adamdan närazydygyny we ony goldamaýandygyny aňladýar. Mysal üçin, ysraýyl halky Hudaýa gulak asman tabşyrygyny bozanda, Ýehowa olardan ýüz öwürdi (Eýp 34:29; Zb 30:5—8; Işa 54:8; 59:2). Ýehowa «nazar salmady» diýen jümle bolsa Hudaýyň belli bir zady etmek üçin öz bellän wagtyna garaşýandygyny aňladýar (Zb 13:1—3). Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda Dawut günälerimden «gözüňi sow» diýip, Ýehowadan bagyşlamagyny soraýar (Zb 51:9; Zb 10:11-i deňeşdiriň).

w07 1/3 sah. 19, abz. 1

Ýehowa garaşýanlar bagtlydyr

Ýehowanyň berýän terbiýesiniň peýdasyny ýetişen miwä meňzetse bolýar. Mukaddes Kitapda terbiýe babatda şeýle diýilýär: «Terbiýe alan adam dogruçyl bolup, parahat ýaşaýar» (Ýewreýler 12:11). Ir-iýmişiň ýetişmegi üçin wagtyň gerek bolşy ýaly, Hudaýyň kada-kanunlaryny berjaý etmegi öwrenýänçäk hem wagt gerek bolýar. Eger biz etmesiz zady etsek, ýygnakdaky borçlarymyzdan mahrum bolarys. Şeýle ýagdaýda ruhdan düşmän, Hudaýa sabyrly garaşmaly. Bizem Dawut ýaly sabyrly bolmaly. Ol şeýle ýazdy: «Onuň gahary az salymlykdyr, ýagşylygy bolsa ömürboýy dowam edýär, agşam agy eşidilse-de, daňdan şatlyk ýaňlanýar» (Zebur 30:5). Eger biz Ýehowa sabyrly garaşsak, Sözi we guramasy arkaly berýän maslahatyny kabul etsek, hökman bererket alarys.

w21.10 sah. 6, abz. 18

Ýürekden toba etmek nämäni aňladýar?

18Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam ýürekden toba edýändigini nädip subut edip biler? Ol ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaly, ýaşulularyň maslahatyna eýermeli, Ýehowa hemişe doga etmeli, her gün Mukaddes Kitaby okamaly we eden günäsini gaýtalamaz ýaly synaga salýan ýagdaýlardan seresap bolmaly. Ol Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge jan etse, Ýehowa ony bagyşlar. Ýaşulular hem ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamy dikelder. Elbetde, ýaşulular günäkäriň işini derňänlerinde ýagdaýlaryň birmeňzeş bolmaýandygyna düşünýärler. Olar her meselä aýratynlykda seredýärler we howlukmaç karara gelmeýärler.

Dürdäne pikirler

w06 15/5 sah. 19, abz. 13

Zebur kitabynyň birinji bölüminden peýdaly pikirler

31:23. Tekepbirlere näme üçin agyr jeza berilýär? Dogruçyl adam ýalňyşlyk goýberende, Ýehowa oňa käýeýär. Ýöne tekepbir adam toba edip, erbet ýolundan dänmeýändigi üçin, Ýehowa oňa agyr jeze berýär (Nakyllar 11:31; 1 Petrus 4:18).

22—28 APREL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 32, 33

Günämizi näme üçin boýun almaly?

w93 15/3 sah. 9, abz. 7

Rehimdar Hudaý göwnüçökgünlikden halas edýär

7 Hudaýyň kanunyny bozup agyr günä etsek, Ýehowanyň öňünde hem günämizi boýun almak kyn bolup biler. Günämizi gizlesek näme bolar? Zebur 32-nji bapda Dawut şeýle sözleri ýazdy: «Günälerimi ýaşyrdym, gurady süňklerim, gözýaş dökdüm, uzakly gün agladym. Goluň bilen gije-gündiz egnimden basdyň, ysgyn-mydarymy aldyň, halym guran çeşmä döndi» (3, 4-nji aýatlar). Dawut ynsabyny diňlemän, günäsini gizlejek bolanda, haly harap boldy. Gaýgy-aladadan ýaňa tapdan düşüp, guran agaja döndi. Ol keselläp, göwnüçökgünlige düşen bolmagam mümkin. Ýöne biz onuň ynsabynyň kösändigini anyk bilýäris. Eger biz agyr günä etsek näme etmeli?

cl bap 26, abz. 8

Hudaý höwes bilen bagyşlaýar

8 Dawut toba edensoň şeýle diýdi: «Ahyry günälerimi boýun aldym, olaryň hiç birini gizlemedim... Sen hem ähli günälerimi bagyşladyň» (Zebur 32:5). «Bagyşlamak» diýen ýewreý sözüniň «götermek, alyp gitmek» diýen manysy bar. Bu aýatda günäniň, edilen etmişiň ýa-da ýalňyşyň bagyşlanjakdygy nygtalýar. Ýehowa hamala göçme manyda Dawudyň günälerini göterip, alyp giden ýaly bolýar. Şondan soň Dawut köşeşýär (Zebur 32:3). Bizem Isanyň töleg gurbanyna iman etsek we Ýehowadan günälerimiziň bagyşlanmagyny dilesek, Hudaý günälerimizi göterip alyp gider (Matta 20:28).

w01 1/6 sah. 30, abz. 1

Günämizi boýun alsak, ýükümiz ýeňlär

Dawut günäsini boýun alansoň, biderek adam ekenim diýip, ruhdan düşüp oturmady. Dawudyň sözlerinden ruhubelent bolup, Ýehowa wepaly gulluk etmegi ýüregine düwendigi görünýär. Meselem, Zebur 32:1-de: «Ýazygy ötülen, günäsi bagyşlanan adam bagtlydyr!» diýilýär. Agyr günä eden adam toba etse, bagtly bolup bilýär. Ýöne ol Dawut ýaly eden işiniň netijesini görmeli bolýar (2 Şamuwel 12:13). Dawut Ýehowanyň öňünde özüni aklamady ýa-da günäsini başga biriniň üstüne atmady. Ol 5-nji aýatda şeýle diýýär: «Ahyry günälerimi boýun aldym, olaryň hiç birini gizlemedim. „Ýehowanyň öňünde günämi boýun alaýyn“ diýdim. Sen hem ähli günälerimi bagyşladyň». Günäsini boýun alan adamyň ýüki ýeňleýär, ol etmişi üçin özüni ýazgaryp ýörmeýär.

Dürdäne pikirler

w06 15/5 sah. 20, abz. 1

Zebur kitabynyň birinji bölüminden peýdaly pikirler

33:6. Ýehowanyň «demi» diýmek näme aňladýar? Bu dem Ýehowanyň hereketdäki güýji, ýagny mukaddes ruhy. Ol mukaddes ruhy bilen göze görünýän gökleri ýaratdy (Barlyk 1:1, 2). Onuň deme meňzedilmeginiň sebäbi, käbir işleri etmek üçin uzakdan iberip bilýär.

29 APREL—5 MAÝ

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 34, 35

«Ýehowa hemişe alkyş aýdyň»

w07 1/3 sah. 22, abz. 11

Ýehowanyň adyny bilelikde beýgeldeliň

11 «Men Rebbe her wagt sena ederin, Oňa öwgi mydama agzymda bolar» (Zebur 34:1). Dawut sürgün edilen adam hökmünde, maddy taýdan mätäçlik çekse-de, ol gündeki aladalaryna Ýehowany şöhratlandyrmaga päsgel berdirmedi. Kynçylyga duçar bolanymyzda, bu biziň üçin gowy görelde! Biz işde, mekdepde, imandaşlarymyz bilen bile ýa-da wagyz gullugynda bolanymyzda, Ýehowany şöhratlandyrmaga isleg bolmaly. Ýehowany şöhratlandyrmaga bizde ençeme sebäpler bar! Mysal üçin, Ýehowanyň ýaradan ähli täsin zatlaryny öwrenmegiň we guwanmagyň çägi ýok. Onuň ýerdäki guramasy arkaly nämeler edendigi hakynda oýlanyp görüň! Adamlar bikämil bolsa-da, Ýehowa wepaly gullukçylary arkaly şu günler uly işler edýär. Ýehowanyň işlerini, adamlaryň gazanan zatlary bilen deňäp bolýarmy? Siz Dawudyň: «Taňrylar arasynda Seniň kimin taňry ýokdur, ýa Reb; Seniň işleriňe meňzeş iş ýokdur» diýen sözleri bilen razylaşýarmysyňyz? (Zebur 86:8).

w07 1/3 sah. 22, abz. 13

Ýehowanyň adyny bilelikde beýgeldeliň

13 «Janym Reb bilen magtanar; mylakatlylar eşidip begenerler» (Zebur 34:2). Dawut eden işleri üçin magtanmaýar. Ol Gat şäheriniň patyşasyny aldap bilendigi üçin öwünmeýär. Dawut Gat şäherinde Ýehowanyň gorandygyna we onuň kömegi bilen gaçandygyna düşünýär (Süleýmanyň tymsallary 21:1). Şol sebäpli ol özi bilen däl-de, Ýehowa bilen magtanýar. Dawudyň Ýehowany şöhratlandyrýandygyny görüp, mylakatly adamlar Ýehowa ýakynlaşýardy. Isa hem Ýehowanyň adyny beýgeldýärdi, pesgöwünli we öwrenmäge taýyn adamlar muny görüp, Hudaýa ýakynlaşýardylar. Şu günler ähli milletdäki mylakatly adamlar Isa Mesihiň baştutanlyk edýän mesh edilen mesihçileriň halkara ýygnagyna ýakynlaşýarlar (Koloseliler 1:18). Şeýle ýumşak adamlar, Hudaýyň pesgöwünli gullukçylary Ýehowanyň adyny şöhratlandyrýandygyny görüp, Mukaddes Ýazgylardaky habary eşidende, olaryň ýüregine täsir edýär. Olar muňa Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly düşünýärler (Ýahýa 6:44; Resullaryň işleri 16:14).

w07 1/3 sah. 23, abz. 15

Ýehowanyň adyny bilelikde beýgeldeliň

15 «Men Rebbi agtardym, Ol maňa jogap berdi, meni ähli howplardan halas etdi» (Zebur 34:4). Bu Dawut üçin örän wajypdy, çünki ol şeýle diýdi: «Bu garyp çagyrdy, Reb eşidip, ony ähli aladalaryndan gutardy» (Zebur 34:6). Biz imandaşlarymyz bilen pikir alşanymyzda, kynçylyklara döz gelmäge Ýehowanyň nädip kömek edendigi barada gürrüň bermäge köp mümkinçilikler bar. Dawut bilen bolan wakalar, onuň adamlarynyň imanyny berkidişi ýaly, şeýle gürrüňdeşlik dogan-uýalaryň hem imanyny berkidýär. Dawudyň ýoldaşlary «Oňa [Ýehowa] bakanlar nurana boldular, ýüzleri utanmady» (Zebur 34:5). Olar Saul patyşadan gaçmaly bolanda-da utanmadylar. Dawudyň ýoldaşlarynyň ýüzleri nuranady, çünki ony Hudaýyň goldaýandygyna ynanýardy. Gyzyklanýan täze adamlar hem köp ýyldan bäri hakykatda ýöreýän mesihçiler Ýehowadan kömek soraýarlar. Olar Hudaýyň kömek edýändigini özlerinde duýup, wepaly galmak islegi ýüzlerinde nur saçýar.

Dürdäne pikirler

w06 15/5 sah. 20, abz. 2

Zebur kitabynyň birinji bölüminden peýdaly pikirler

35:19. Dawudyň: «Meni ýigrenýänler biri-birine göz gypyşmasyn» diýen haýyşyna nähili düşünmeli? Duşmanlary biri-birine göz gypyşsa, diýmek, olaryň Dawuda garşy guran betniýetleriniň amala aşandygyny, indi bolsa heşelle kakýandygyny görkezerdi. Ýöne Dawut beýle zadyň bolmazlygyny haýyş edýär.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

Imanyňyz hakda gürrüň beriň

lff sapak 44, sözb. 1—3

Baýramçylyklary bellese bolýarmy?

Ýehowa maşgalamyz, dost-ýarlarymyz bilen wagtymyzy hoş geçirmegimizi, şadyýan ýaşamagymyzy isleýär. Ýöne oturylyşyklaryň, baýramçylyklaryň ählisi Hudaýa ýaraýarmy? Biz nädip Hudaýy gynandyrman wagtymyzy hoş geçirip bileris?

1. Ýehowa näme üçin baýramçylyklary halamaýar?

Baýramçylyklaryň köpüsi Mukaddes Kitaba esaslanmaýar, olar Hudaýa ýaramaýan däp-dessurlardan gelip çykýar. Şeýle baýramçylyklar ýalan dini ynançlar, yrymlar, jadygöýlik bilen baglanyşykly. Käbir adamlar baýramçylyklary belleseň, eden işiň şowly we arzuwyň hasyl bolýar diýýärler. Emma şeýle düşünjeler ýalan ynançlar bilen bagly (Işaýa 65:11). Ýehowa gullukçylaryna: «Olardan aýrylyň, haram zada el degirmäň» diýip duýdurýar (2 Korinfliler 6:17).

2. Ýehowa adamlaryň şanyna bellenilýän baýramçylyklary halaýarmy?

Ýehowa: «Adama bil baglamaň» diýip duýdurýar (Ýermeýa 17:5-i oka). Käbir baýramçylyklar hökümdarlara, uruşda wepat bolan gahrymanlara bagyşlanyp geçirilýär (1 Ýahýa 5:21). Döwlet nyşanlarynyň, garaşsyzlygyň, käbir guramalaryň şanyna bellenilýän baýramçylyklaram bar. Eger biz Hudaýy däl-de, adamy ýa guramany şöhratlandyrýan baýramçylyklara gatnaşsak, Ýehowa nähili bolar? Hudaýyň halamaýan zatlaryny etmäge höweslendirýän baýramçylyklara gatnaşsak, ol halarmy?

3. Ýehowa käbir oturylyşyklary näme üçin halamaýar?

Mukaddes Kitapda «serhoşlyk, keýpi-sapaly oturylyşyklar, içhä-içişlik» ýazgarylýar (1 Petrus 4:3). Käbir oturylyşyklarda we baýramçylyklarda adamlar içip, çekip, keýp edip, näme eden-goýanyny bilmeýär. Ýehowa bilen dostlugymyz bozulmaz ýaly, biz şeýle oturylyşyklara gatnaşmaly däl.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş