«Rebbiň gözelligine serediň»
Kynçylyklar adamyň durmuşyna erbet täsir edip bilýär. Bu onuň bar oý-pikirini gurşap almagy, saglygyna zyýan ýetirmegi we ýaşaýşa bolan garaýşyna täsir etmegi mümkin. Ysraýyl halkynyň patyşasy Dawut köp kynçylyklary başdan geçirdi. Olara hötde gelmäge Dawuda näme kömek etdikä? Ol şeýle diýdi: «Men gaty ses bilen Rebbe perýat edýärin, gaty ses bilen Rebbe ýalbarýaryn. Arzy-halymy Onuň öňüne dökýärin; gaýgy-gamymy öňünde beýan edýärin. Ruhum içimde tapdan düşen mahaly Sen meniň ýodamy bilýärsiň; ýöreýän ýodamda maňa duzak gurdular». Görşümiz ýaly, Dawut Hudaýdan kömek sorap, kiçigöwünlilik bilen doga edipdir (Zeb. 142:1—3).
Dawut kyn günlerde Ýehowadan kömek sorap, kiçigöwünlilik bilen doga etdi
Başga bir mezmurda Dawut şeýle nagma aýtdy: «Rebden bir zat diledim, islegim şu: Rebbiň gözelligine seredip, Onuň ybadathanasynda doga etmek üçin ömrümiň ähli günleri Rebbiň öýünde mesgen tutmak» (Zeb. 27:4). Dawut lewi taýpasyndan däldi. Emma onuň arassa seždäniň merkezi bolan çadyryň howlusynda durandygyny göz öňüne getiriň. Dawudyň ýüregi minnetdarlykdan ýaňa joşup, ol bütin ömrüni «Rebbiň gözelligine seredip» geçirmek isleýärdi.
«Gözellik» diýip terjime edilen ýewreý sözi «göwnüňe hoş ýakýan ýa-da lezzet berýän ýakymly bir zat hakda pikir etmegi» aňladýar. Dawut Hudaýa sežde etmek üçin gurnalan zada elmydama minnetdarlyk duýgusy bilen garaýardy. Biz hem özümize şeýle soragy bersek gowy bolar: «Men Dawutdan görelde almaga çalyşýarynmy?»
HUDAÝYŇ EDÝÄN IŞLERINE MINNETDAR BOLUŇ
Şu günler Hudaýyň halky Ýehowa ýakynlaşmak üçin ynsan eli bilen ýasalan jaýda däl-de, uly ruhy ybadathanada sežde edýär. Bu ýer mukaddes hasaplanylýara. Biz Hudaýyň gurnan zatlaryny gymmat saýsak, Dawut patyşa ýaly «Rebbiň gözelligine seredip» bileris.
Geliň, häzir çadyryň girelgesiniň öňünde duran we tutuşlygyna mis bilen gaplanan ýakma gurbanlyk sypasy hakynda oýlanyp göreliň (Müs. çyk. 38:1, 2; 40:6). Ol Isanyň töleg hökmünde beren ynsan bedenini Ýehowanyň höwes bilen kabul etjekdigini aňladýardy (Ýew. 10:5—10). Gör, bu nähili bereket getirdi! Pawlus resul: «Duşmankak, Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk» diýip ýazdy (Rim. 5:10). Biz Isanyň döken ganyna iman etsek, Hudaýyň razylygyny gazanarys we Onuň ýakyn dosty bolarys (Zeb. 25:14).
Hawa, «Rebbiň huzuryndan täzelenme pursatlary geldi», çünki biziň «günälerimiz öçürildi» (Res. iş. 3:19, 20). Biziň ýagdaýymyzy günäsi üçin höküm çykarylan, ýöne eden etmişine ökünip, durmuşyny bütinleý özgerden günäkäre meňzetse bolýar. Rehimdar kazy muny görüp, onuň günäsini geçýär we çykaran ölüm jezasyny ýatyrýar. Günäkär adam ýeňillik bilen dem alyp, gör, nähili begenendir! Şonuň ýaly-da, Ýehowa toba eden adamlaryň günäsini geçýär we olary ölümden azat edýär.
HAKYKY SEŽDEDEN ŞATLYK TAPYŇ
Dawut patyşa Ýehowanyň öýünde hakyky seždäniň käbir aýratynlyklarynyň ýerine ýetişine syn edip bilýärdi. Ol ýerde ysraýyllylar Hudaýa sežde edýärdiler, ruhanylardyr lewiler Musanyň kanunyny okap, ony halka düşündirýärdiler we buhur ýakyp, mukaddes gullugy berjaý edýärdiler (Müs. çyk. 30:34—38; San. 3:5—8; Kan. tag. 31:9—12). Biziň günlerimizde-de arassa seždäniň şeýle aýratynlyklary bar.
Geçmişdäki ýaly şu günlerem «doganlaryň bile ýaşamagy, gör, nähili gowy, nähili ýakymly!» (Zeb. 133:1). Bütin dünýäde dogan-uýalaryň sany gitdigiçe köpelýär (1 Pet. 2:17). Ýygnak duşuşyklarynda Hudaýyň Sözi okalýar we düşündirilýär. Ýehowa guramasy arkaly gerekli görkezmeleri berýär. Şeýle-de Ol şahsy we maşgala okuwy üçin ruhy iýmiti bolluk bilen üpjün edýär. Bu babatda Ýolbaşçylyk maslahatynyň bir agzasy şeýle diýdi: «Ýehowanyň Sözüni okap, okan zatlaryň barada oýlanmak, olaryň manysyna düşünmek we çuňňur gözleg geçirmek ýaşaýşymy ruhy taýdan baýlaşdyrýar hem-de lezzet getirýär». Dogrudan-da, «bilim janyňa hoş ýakýar» (Sül. tym. 2:10).
Ýehowanyň gullukçylary her gün doga edýärler. Şeýle dogalar Ýehowa üçin buhuryň ýakymly ysy kimindir (Zeb. 141:2). Ýehowa ýakynlaşmak üçin kiçigöwünlilik bilen doga edip, Onuň göwnünden turýandygyňy bilmek nähili ýakymly!
Musa şeýle doga etdi: «Hudaýymyz Rebbiň hoşamaýlygy üstümizde bolsun; ellerimiziň işini bize berkit» (Zeb. 90:17). Ýehowa biziň yhlasly gullugymyzy görüp, berekedini eçýär (Sül. tym. 10:22). Biz adamlara hakykaty kabul etmäge kömek edýäris. Megerem, biz göwnüçökgünlige, ýarawsyzlygymyza, gam-gussa bilen göreşýändigimize we yzarlamalara garamazdan, wagyz etmegimizi dowam edýändiris (1 Sel. 2:2). Biz «Rebbiň gözelligine» syn edip, gökdäki Atamyzyň edýän tagallamyzyň gadyryny bilýändigini duýýarys!
Dawut şeýle nagma aýtdy: «Reb mirasymyň, käsämiň paýydyr; meniň hamymy goraýan Sensiň. Meniň çägim hözirli ýerlere düşdi» (Zeb. 16:5, 6). Dawut «mirasy», ýagny Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygy we Oňa gulluk etmäge bolan hormaty üçin minnetdardy. Biz hem Dawut ýaly kynçylyklarda ejir çeksek-de, ençeme ruhy bereketleriň eýesidiris. Geliň, şol sebäpli hakyky seždeden şatlyk tapyp, Ýehowanyň ruhy ybadathanasy üçin minnetdar bolalyň!
a 1996-njy ýylyň 1-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalyna (sah. 14—24) serediň.