«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
© 2024 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
6—12 MAÝ
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 36, 37
«Zalym adamlar üçin janyňy ýakma»
Hudaýyň Patyşalygy tizden nämeleri eder?
4 Zalym adamlar bize nähili täsir edýär? Pawlus resul «soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygyny» aýdandan soň: «Zalym we ýalançy adamlar... erbet işleri etmekde has-da ökdeleşerler» diýip ýazdy (2 Tim. 3:1—5, 13). Siz bu sözleriň şu günler ýerine ýetýändigini görýärmisiňiz? Köpümiz zalym, dine köre-körlük bilen uýýan adamlaryň ýa-da rehimsiz jenaýatçylaryň pidasy bolandyrys. Olaryň käbiri aç-açan hüjüm etse, başgalary erbet işlerini ýaşyrmak ýa-da özlerini dogruçyl edip görkezmek üçin mekirlige ýüz urýarlar. Biz şeýle zatlaryň pidasy bolmasak-da, zalym adamlaryň täsirini duýýarys. Olaryň edýän elhenç işlerini eşidenimizde, gaty erbet bolýarys. Hasam çagalar, garrylar we ejiz adamlar olaryň elinden zyýan çekýärler. Olar adama däl-de, haýwanlara we jynlara mahsus bolan häsiýetleri bildirýärler (Ýak. 3:15). Ýehowanyň Sözünde gowy habaryň bardygy kalbymyza rahatlyk berýär.
Ýehowa geçirimli adamlara bereket berýär
10 Öýke-kine saglyga zyýan ýetirýär. Ýehowa öýke-kinäniň agyr ýük kimin adamy çökerýändigine düşünýär (Efesliler 4:31, 32-nji aýatlary okaň). Mukaddes Kitapda: «Gahar-gazaba münme» diýip maslahat berilýär (Zeb. 37:8). Şu maslahata eýersek bagtly bolarys, sebäbi öýke-kine adamyň saglygyna zyýan ýetirýär (Nak. 14:30). Zäher içen adam başga birine däl-de, özüne zyýan ýetirýär. Edil şonuň ýaly, öýke-kine saklaýan adam göwnüne degene däl-de, özüne zyýan ýetirýär. Biz göwnümize degen adamy bagyşlasak köp haýyr taparys (Nak. 11:17). Biziň kalbymyz rahat bolar we Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederis.
w03 1/12 sah. 13, abz. 20
«Ýehowanyň işlerine ýürekden şatlanyň»
20 Zebur 37:11-de: «Ýumşaklar bolsa ýeri miras alar» diýilýär. Ýumşaklara kimler degişli? «Ýumşak» diýip terjime edilen söz «mertebäňi peseltmegi, özüňi kiçeltmegi, pesgöwünli bolmagy» aňladýar. Ýumşak adamlar adalatsyzlyga duş gelende, pesgöwünli bolup Ýehowanyň adalaty dikeltjek wagtyna garaşýarlar. Hudaýyň Sözünde olaryň «parahatlykda ýaşap, döwran sürjekdigi» aýdylýar. Biz häzirden dogan-uýalar bilen ruhy jennetde parahatlykda ýaşaýarys.
Dürdäne pikirler
it «Dag»
Dag
Berk, ebedi we beýik. Adatça daglar berk bolýar we ebedi durýar (Işa 54:10; Hab 3:6; deňeşdiriň: Zb 46:2). Mermuçy hem Ýehowanyň «adalaty beýik daglar kimindir» diýdi (Zb 36:6). Şeýle diýmek bilen, ol Ýehowanyň adalatlydygyny, hiç haçan üýtgemenýändigini aýtdy. Şeýle-de mezmurçy daglaryň beýik bolşy ýaly, Ýehowanyň adalata bolan garaýşynyň adamyňkydan has beýikdigini göz öňünde tutdy (deňeşdiriň: Işa 55:8, 9). Ylham 16:20-de Ýehowa gahar-gazapdan doly ýedinji käsesini dökende «daglar zym-zyýat boldy» diýilýär. Diýmek, Ýehowanyň gahar-gazabynyň öňünde hiç zat, hatda beýik daglar hem durup bilmeýär (deňeşdiriň: Ýer 4:23—26).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Nutuk
w21.12 sah 18, abz. 8—10
Beýik Çopana gulak as
8 Müň gaýgy bir iş bitirmez. Şol sebäpli biz Ýehowa bil baglamaly. Eger biz Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsak, Ýehowa bize ähli gerekli zatlary ýetirjegini wada berýär. Ýehowa hiç haçan beren sözünden dänmeýär (Mat. 6:32, 33). Oýlanyp görüň, Ýehowa her gün guşlary iýmitlendirýär, depe-baýyrlary owadan güller bilen bezeýär (5 Mus. 8:4, 15, 16; Zeb. 37:25). Onda Ol biziň aladamyzy etmezmi näme?! (Mat. 6:26—30; Flp. 4:6, 7). Aladaçyl ene-atanyň çagalaryny aç-hor goýmaýşy ýaly, söýgüden doly gökdäki Atamyz Ýehowa hem biziň iýjek-içjegimizi, geýjegimizi ýetirer. Geliň, Ýehowanyň bizi her gün goldajakdygyna hiç haçan şübhelenmäliň!
9 Geliň, Ýehowanyň biziň aladamyzy edýändigini subut edýän bir waka hakda gürrüň edeliň. Bir är-aýal köneje maşynynda gaçgaklaryň lagerinde ýaşaýan uýalary Ýygnak jaýyna alyp gidýär. Olaryň ýoluna bir sagat wagt gidýärdi. Dogan şeýle gürrüň berýär: «Ýygnakdan soň uýalary myhmançylyga çagyrdyk, birdenkä öýde iýere hiç zadyň ýokdugy ýadymyza düşdi. Öýe gelsek gapynyň agzynda gök-önümlerden doly iki sany uly sumka duran ekeni. Biz olary kimiň goýanyny bilemizok, ýöne Ýehowanyň aladamyzy edendigine göz ýetirdik». Birnäçe wagtdan soňra olaryň maşyny döwülýär, bejerdere bolsa pullary ýokdy. Maşyn bolsa gulluk üçin gerekdi. Dogan maşyny bejertmäge näçeräk puluň gerekdigini bilmek üçin ulagyny golaýdaky ussahana eltýär. Şol wagt bir adam gelip: «Bu kimiň maşyny?» diýip soraýar. Dogan: «Meniňki, ýöne ol işlänok» diýýär. Ol adam: «Zyýany ýok! Aýalym edil şunuň ýaly, şu reňkdäki maşyn satyn almak isleýär. Näçä satjak?» diýýär. Şeýdip, dogan maşynyny satýar, onuň puly başga maşyn almaga ýetýär. Dogan: «Şol gün biziň begenjimizden ýaňa aýagymyz ýere degmedi. Bu tötänlik däl, Ýehowanyň bize eden sowgady» diýýär.
10 Mähirli çopanymyz Isanyň alada etmäň diýen maslahatyna eýersek, Ýehowanyň biziň iýjek-içjegimizi ýetirjekdigine ynamly bolup bileris (Zebur 37:5-i okaň; 1 Pet. 5:7). Geliň, 5-nji abzasdaky kynçylyklar hakda oýlanalyň. Belki, şu güne çenli maşgalany äriňiz ekländir ýa-da siziň özüňiz işläp gazanansyňyz. Ýehowa şu ýollar arkaly zerur zatlaryňyzy ýetirip durandyr. Emma ýagdaýyňyz üýtgese-de, Ýehowa hiç haçan üýtgemeýär. Onuň aladaňyzy etjekdigine asla şübhelenmäň. Ýehowa sizi hiç haçan taşlamaz! Indi bolsa mähirli çopanymyz Isanyň «adamlary ýazgarmaň» diýen maslahatyna eýermek üçin näme etmelidigini bileliň.
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
g17.5 sah. 4—6
Betbagtçylykda janymyzy gorajak maslahatlar
BETBAGTÇYLYKDAN ÖŇ: TAÝYNLYK GÖRÜŇ!
Tebigy betbagtçylyk hemme adamlaryň başyna inip bilýär. Şonuň üçin öňünden taýýarlyk görmeli. Nädip?
• «Meniň başyma inmez» öýtmäň. Betbagtçylykda sizem, dogan-garyndaşlaryňyzam howply ýagdaýa düşüp biler. Boljak zat bolansoň, taýýarlyk göreniň peýdasy ýok.
• Tebigy betbagtçylyklar barada biliň. Ýaşaýan ýeriňizde nähili tebigy betbagtçylyklaryň bolup biljekdigini öňünden anyklaň. Gaçyp gutular ýaly, howpsuz ýerleri öňünden tapyň. Jaýyňyzyň berk gurlandygyna we howpsuz ýerde ýerleşýändigine göz ýetiriň. Öýüňizden tiz ýanýan zatlary çykaryň. Ýangyn hakda duýduryş berýän enjamy ýylda bir gezek barlap, batareýasyny çalşyň.
• Gerekli zatlary taýýarlaň. Tebigy betbagtçylyk bolanda, tok, suw, aragatnaşyk ulgamy kesilip biler we ulaglar ýöremezligi mümkin. Eger ulagyňyz bar bolsa, hemişe ýangyçly bolsun. Şeýle-de suw, tiz zaýalanmaýan iýmitleri we ilkinji kömek üçin dermanlary taýýarlap goýuň («Betbagtçylyk üçin niýetlenen sumkaňyz taýýarmy?» diýen çarçuwa serediň).
• Dogan-garyndaşlaryňyzyň, tanyş-bilişleriňiziň telefon belgileri hemişe el ýüzde dursun.
• Howply ýagdaýa öňünden taýýarlanyň. Ýaşaýan jaýyňyzda, işleýän ýeriňizde we çagalaryňyzyň okaýan mekdebinde girelgeleriň hem-de çykalgalaryň nirede ýerleşýändigini biliň. Duýdansyz betbagtçylyk bolanda, maşgalaňyz bilen nirede görüşjekdigiňizi öňünden gepleşiň. Şol ýerleriň biri ýaşaýan ýeriňiziň töwereginde, beýlekisi has uzagrakda bolsun. Belki, mekdepde ýa-da kitaphanada görşüp bilersiňiz. Döwlet işgärleri tebigy betbagtçylyk bolmazdan öň, saýlan ýerleriňize baryp gaýtmagy maslahat berýär.
• Başgalara kömek ediň. Garrylara hem-de maýyplara nädip kömek etmelidigi hakda öňünden oýlanyň.
BETBAGTÇYLYK DÖWRI: AÝGYTLY HEREKET EDIŇ
Makalanyň başynda agzalan Joşuwa şeýle gürrüň berýär: «Ýangyn başlanda işdeşlerimden hiç kim muňa üns bermedi. Biri kompýuterini öçürdi, biri suwuny doldurdy, hiç kim gaçmalydyrynam öýtmedi. Arasyndan: „Garaşyp görsek näme?“ diýenem tapyldy». Joşuwa ýagdaýyň howpludygyna düşünip: «Boluň! Eglenmäň! Bärden çaltrak çykmaly!» diýip gygyrdy. Şondan soň işgärler Joşuwanyň yzy bilen çykyp başladylar. Ol işdeşlerine: «Aljyramaň! Biri ýykylsa, galdyryň, kömek ediň. Hemmämizem halas bolarys» diýdi.
• Ýangynda aşak egilip ýa-da emedekläp derrew çykalga tarap gidiň. Tüsseden ýaňa öňüňi görmek kyn bolýar. Köplenç ýangynda tüssä bogulyp ölýärler. Şonuň üçin zadyňyzy aljak bolup eglenmäň. Hatda bir sekunt eglenseňiz, janyňyzdan dynyp bilersiňiz.
• Ýer titrände stol ýaly berk zadyň aşagyna giriň, gapynyň söýesinde ýa-da otagyň burçunda duruň. Ýer gaýta-gaýta titräp biler. Şol sebäpli tizden-tiz daşaryk çykyň we binalardan daşrak duruň. Halas edijiler birnäçe sagat eglenip biler. Olar gelýänçä başgalara kömek ediň.
• Suw joşgunda. Eger suw kenardan yza çekilip başlasa, derrew beýik ýere çykjak boluň. Adatça, birinji tolkundan soň has güýçli tolkunlar gelýär.
• Harasatda tizden-tiz gaçybatalgada gizleniň.
• Sil gelende suw alan binalardan uzakda duruň. Suwdan ulagly ýa-da pyýada geçjek bolmaň. Suw hapa bolup, içinde döwük, kesgir zatlar bolmagy mümkin. Şeýle-de suwda üzülen tok simleri we lýuklar açyk bolup biler.
• Bilýäňizmi? Hatda çuňlugy ýarym metr bolan suw akymy ulagy äkidip bilýär. Köplenç suwdan ulagly geçjek bolýanlar ölýär.
• Hökümet raýatlary başga ýere göçürse (ewakuasiýa), eglenmän gidiň! Dogan-garyndaşlaryňyza, dost-ýarlaryňyza nirededigiňizi habar beriň. Ýogsam olar sizi tapjak bolup, janyny howp astyna salar.
• Bilýäňizmi? Betbagtçylykda jaň etmegiň deregine, SMS ýazsaňyz gowy bolar.
• Hökümet raýatlara öýde ýa-da gaçybatalgada galmalydygyny aýtsa, gulak asyň. Himiki, biologiki ýa-da ýadro partlamasy bolsa, hiç ýere çykmaň. Daşardan howa girmez ýaly hemme ýerleri ýapyşdyryň, açyk ýer galmasyn. Ýadro partlamasynda radiasiýadan goranar ýaly binanyň iň aşaky gatyna düşüň we daşky diwarlara golaý barmaň. Radioda we telewizorda aýdylýan soňky täzelikleri diňläp duruň. Hökümet işgärleri ýagdaýyň gowulaşandygyny habar berýänçä, hiç ýere çykmaň.
BETBAGTÇYLYK ÜÇIN NIÝETLENEN SUMKAŇYZ TAÝÝARMY?
Halas ediş edaralary her öýde iň zerur zatlaryň bolmalydygyny we olary ýylda täzeläp durmalydygyny maslahat berýär. Elbetde, haýsy zatlary taýýarlamalydygy ýaşaýan ýeriňize we ýagdaýyňyza bagly. Goşmaça maglumat üçin ýerli halas ediş edaralaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Adam başyna azyndan 10 litr suw we üç güne ýeter ýaly zaýalanmaýan iýmit taýynlap goýmak maslahat berilýär.
Käbir maşgalalar tebigy betbagtçylyk üçin niýetlenen sumkasyna şu zatlary salyp goýýar: ýapynja, ýyly eşik we berk köwüş; el çyra, radio, batareýalar; ilkinji kömek üçin niýetlenen däri-derman, jürlewük; gap-gaç ugrundan käbir zatlar, pyçak, öl bolmaýan otluçöp; agyz-burun örtükleri, öl bolmaýan skoç, çatma ýasar ýaly galyň klýonka; diş çotka, sabyn, el süpürgiç, hajathana kagyzy; çagalar, garrylar we maýyplar üçin gerek zatlar; dermanlar, käbir wajyp resminamalaryň kopiýasy (olary salmak üçin suw geçirmeýän guty ýa-da başga zat); dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň, tiz kömek edaralaryň telefon belgileri, şeýle-de ýygnanyşmaly ýeriň salgysy we kartasy; pul hem-de kartlar; öýüň we ulagyň açarynyň nusgasy; çagalar üçin kitap, kagyz, ruçka, galam; Mukaddes Kitap.
13—19 MAÝ
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 38, 39
Özüňizi çendenaşa günäkärlemäň
Geçmişe däl-de, gelejege serediň!
12 1 Ýahýa 3:19, 20-nji aýatlary okaň. Biziň hemmämiz käte özümizi günäkär duýýarys. Käbir dogan-uýalar Ýehowany tanamanka eden günäleri üçin özlerini günäkärleýärler. Käbirleri bolsa suwa çümdürilenden soň ýalňyşlyk goýberendigi üçin özlerini ýazgaryp ýöreýärler (Rim. 3:23). Biziň ählimiz Hudaýyň öňünde dogry işleri etmek isleýäris, emma «köp ýalňyşýarys» (Ýak. 3:2; Rim. 7:21—23). Adam özüni günäkärlemegi halamasa-da, onuň peýdaly tarapy hem bar. Özüňizi günäkär hasaplasaňyz, düzelmek islärsiňiz we ýalňyşyňyzy gaýtalamazlygy ýüregiňize düwersiňiz (Ýew. 12:12, 13).
13 Biz toba edip, Ýehowanyň bagyşlandygyny bilenimizden soňam özümizi çendenaşa günäkärläp ýöresek, öz aýagymyza özümiz palta urýarys (Zeb. 31:10; 38:3, 4). Nädip? Geliň, günälerine ökünip, ahmyr eden uýa hakda bileliň. Ol şeýle ýatlaýar: «Giç, bary biderek! Indi Ýehowa sežde etmek üçin tagalla etmegimiň peýdasy ýok». Biziň köpümiz şeýle ýagdaýy başdan geçirendiris. Biz öz-özümizi çendenaşa günäkärlesek, Şeýtany begendireris. Ýehowa bizi bagyşlaýan bolsa, onda öz-özümizi günäkärlemäliň! (deňeşdiriň: 2 Korinfliler 2:5—7, 11).
w02 15/11 sah. 20, abz. 1, 2
Ýehowany razy edip ýaşamak üçin näme etmeli?
Adamyň ömri gysga, gaty çalt geçip gidýär. Mezmurçy Dawut hem ömrüniň gysgadygy hakda oýlanyp şeýle doga etdi: «Eý Ýehowa, ömür tanapym haçan kesiler? Ýagty jahanda näçe gün ýaşaryn? Aýt maňa, ömrümiň gysgadygyny bileýin. Sen ömrümi has-da gysgaltdyň, meniň ömrüm gözüňe görnenok». Dawut aýdýan sözleri we edýän işleri bilen ömürboýy Hudaýy razy edip ýaşamaga jan edýärdi. Ol ýaşaýşynyň Ýehowa baglydygyna düşünip: «Meniň bar umydym sensiň» diýdi (Zebur 39:4, 5, 7). Ýehowa-da onuň dilegini eşidip, edýän işlerini gördi we köp bereket berdi.
Şu günler adamlar ýetişiksiz gara günde. Olar hemme zada ýetişjek bolup başagaý bolup geçýär. Ýöne gysga ömrüň içinde hemme zada ýetişip bolmaýar. Bizem Dawut ýaly ömürboýy Hudaýy razy edip ýaşap bilerismi? Ýehowa her birimiziň edýän işimizi görýär. 3 600 ýyl mundan öň ýaşan hudaýhon Eýup hem: «Hudaý hasabat sorasa näme jogap bererdim?» diýip, Ýehowanyň her bir ädimini görýändigini aýtdy (Eýýup 31:4—6, 14). Eger ruhy işleri birinji ýerde goýsak, Hudaýyň tabşyryklaryna gulak assak we wagtymyzy paýhasly ulansak, Allany razy edip ýaşarys. Geliň, şularyň her birine aýratynlykda seredeliň.
Ýehowa bilen dostlugyňyzy dikeldiň
Ýehowa hemişe doga ediň. Gökdäki Atamyz Ýehowa siziň özüňizi günäli duýup, doga etmäge utanýandygyňyzy bilýär (Rim. 8:26). Emma siz «erjellik bilen doga ediň» we Ýehowa bilen dostlaşmak isleýändigiňizi aýdyň (Rim. 12:12). Andreý şeýle ýatlaýar: «Men özümi günäkär saýýardym, eden işlerime utanýardym. Emma her gezek Hudaýa doga edenimden soň, egnimden agyr ýük aýrylan ýaly bolýardy, ýüregim giňäp gidýärdi». Eger siz Hudaýa doga edeniňizde näme diýjegiňizi bilmeýän bolsaňyz, Zebur 51-nji we 65-nji baplary okaň. Şol baplary günäsine toba eden Dawut patyşa ýazypdy.
Dürdäne pikirler
Ynamdar adam boluň!
16 Özüňe erk etmek ynamdar adam bolmaga kömek edýär. «Dil — bela, diş — gala» diýlişi ýaly, köp geplesek dogan-uýalaryň syryny paş ederis, dymsak syr saklarys (Nakyllar 10:19-y okaň). Interneti ulananymyzda özümize erk etmek kyn bolup biler. Eger seresap bolmasak dogan-uýalaryň syryny älem-jahana jar ederis. Biz özümize erk edip bilmän, syr saklamagy talap edýän maglumatlary internetde paýlaşsak, kimleriň okajakdygyny we nähili kynçylyklaryň dörejekdigini bilmeýäris. Şeýle-de wagyz işi gadagan edilen ýa-da çäklendirilen ýurtlarda polisiýa işgärleri bizi soraga tutanlarynda dilimize erk etmek örän wajyp. Biz mezmurçynyň: «Dilim bilen günä etmez ýaly... dilimi saklaryn» diýen sözlerine eýermäge jan etmeli (Zeb. 39:1). Görşümiz ýaly, maşgalada, dost-ýarlarymyzyň arasynda we ýygnakda ynamdar adam bolmaly. Munuň üçin özüňe erk etmeklik örän wajyp.
MAÝ 20—26
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 40, 41
Biz näme üçin adamlara kömek etmeli?
Jomartlyk bilen berýän adamlar bagtlydyr
16 Hakykatdan jomart adam yzyna almak maksady bilen bermeýär. Isa bu babatda şeýle diýdi: «Sen toý-meýlis gurnanyňda, oňa garyplary, maýyplary, agsaklary we körleri çagyr. Şonda sen özüňi bagtly duýarsyň, sebäbi olar saňa gaýtaryp bilmezler» (Luka 14:13, 14). Şeýle-de Ýazgylarda: «Sahy (jomart) adam bereket tapar» diýilýär. Başga bir aýatda bolsa: «Garyplara paýhasly garaýan nähili bagtly!» diýilýär (Sül. tym. 22:9; Zeb. 41:1). Dogrudan-da, biz jomart bolmaly. Sebäbi başgalara kömek edip, biz özümizi hakykatdan bagtly duýýarys.
17 Pawlus resul Isanyň sözlerine salgylanyp: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýende, başgalar bilen diňe bir maddy zatlaryňy paýlaşman, eýsem, olary ruhlandyrmagy, maslahat bermegi we mätäçleri goldamalydygyny göz öňünde tutdy (Res. iş. 20:31—35). Pawlus resul sözleri we göreldesi bilen bize başgalaryň peýdasy üçin wagtymyzy, güýjümizi sarp etmelidigini, olaryň aladasyny etmelidigini we söýgimizi bildirmelidigini öwretdi.
18 Adamyň gurluşyny öwrenýän alymlar hem bermegiň has bagtly edýändigini belläp geçýärler. Bir makalada şeýle diýilýär: «Adamlar başgalara ýagşylyk edenlerinde, özlerini has-da bagtly duýýandyklaryny aýdýarlar». Alymlaryň aýtmagyna görä, başgalara kömek etmek bilen, durmuşda «belli bir maksadymyz bolýar we ony manyly edýäris. Sebäbi bu adamyň esasy zerurlyklarynyň biri hasaplanýar». Şonuň üçin olar köplenç adamlary saglygyny gowulandyrmak we bagtly bolmak üçin haýyr-sahawat işlerine gatnaşmaga höweslendirýär. Bu biziň üçin geň däl. Sebäbi biz Mukaddes Ýazgylary adamzada söýgi bilen ýol görkezýän Ýehowanyň Sözi hökmünde kabul edýäris (2 Tim. 3:16, 17).
Ýehowa sizi goldar
7 Eger biz keselden ejir çekýän bolsak, onda Hudaýyň geçmişdäki gullukçylaryna kömek edişi ýaly, bize-de teselli berip, goldajakdygyna we paýhasly bolmaga kömek etjekdigine ynamly bolup bileris. Dawut patyşa: «Garyplara paýhasly garaýan nähili bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder. Reb oňa gözegçilik eder, ony diri saklar» diýdi (Zeb. 41:1, 2). Elbetde, biz Dawudyň günlerinde garyplara paýhasly garan adamyň ebedi ýaşamandygyny bilýäris. Dawut şol rehimdar adamyň gudrat bilen diri saklanjakdygyny, ýagny asla ölmejekdigini aýtmady. Diýmek, bu ylhamlanan sözler wepaly hem-de rehimdar adama Hudaýyň kömek etjekdigini aňladýar. Nädip? Dawut pygamber muny şeýle düşündirdi: «Hassalyk düşeginde Reb ony söýgetlär, syrkawlygynda Sen onuň ýorgan-düşegini bütinleý çalşyrarsyň» (Zeb. 41:3). Hawa, garyplara paýhasly garaýan adam Ýehowanyň onuň ýagdaýyna düşünýändigine hem-de wepalylygyny unutmaýandygyna ynanyp bilýärdi. Şeýle-de Hudaýyň beren bedenindäki dikeldiş güýji oňa keselinden sagalyp, ýene-de aýak üstüne galmaga ýardam edip bilerdi.
Ýehowanyň duýgudaşlygyndan görelde alyň
17 Duýgudaş bolmagyň peýdalydygyna düşünýän adam bu häsiýeti ösdürmäge jan eder. Iň wajyby bolsa, şeýle adam söýginiň we duýgudaşlygyň Gözbaşy bolan Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýerýär hem-de oňa şöhrat getirýär (Sül. tym. 14:31). Ol bize kämil derejede görelde görkezýär. Geliň, onuň göreldesine eýermek üçin elimizde baryny edeliň. Şonda biz imandaşlarymyz we beýlekiler bilen ýakyn gatnaşykda bolarys (Gal. 6:10; 1 Ýah. 4:16).
Dürdäne pikirler
it «Ýehowa»
Ýehowa
Mukaddes Kitapda Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagy barada köp aýdylýar. Ýehowanyň esasy maksady — adyny aklamak. Ýehowa muny nädip eder? Ol Şeýtanyň atan töhmetiniň ählisini ýalana çykarar. Şondan soň perişdeler we adamlar Hudaýyň adyny şöhratlandyrar. Olar Ýehowany Älemiň hökümdary hökmünde kabul edip, oňa hormat goýarlar. Hudaýy söýüp gulluk ederler we islegini ýerine ýetirerler. Dawudyň eden dogasyndan Ýehowanyň hökümdarlygyna we adyna hormat goýýandygyny bilse bolýar (Zb 40:5—10; Pawlus resulyň Dawudyň aýdan sözlerini Ýewreýler 10:5—10-nji aýatlarda Isa Mesihe degişli edip aýdandygyna üns beriň).
27 MAÝ—2 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 42—44
Hudaýyň görkezmesine eýermäge jan ediň
Zebur kitabynyň ikinji bölüminden peýdaly pikirler
42:4, 5, 11; 43:3—5. Biz bir sebäbe görä ýygnakdan wagtlaýynça daşda bolan ýagdaýymyzda, doganlarymyz bilen şatlykly gulluk edendigimizi ýatlasak, ruhlanarys. Başda ýatlamalar aýralyk derdini gozgasa-da, ol Ýehowanyň penadygyny we oňa bil baglamalydygyny ýatladar.
Mukaddes Ýazgylar okuwy has gyzykly we peýdaly bolar ýaly näme etmeli?
1 DOGA EDIŇ. Birinji ädim — doga etmeli (Zeb. 42:8). Näme üçin? Sebäbi Mukaddes Ýazgylar okuwy Hudaýa sežde etmekdir. Şonuň üçin okan zatlarymyzy aňymyz we ýüregimiz bilen doly kabul eder ýaly, Ýehowadan kömek we mukaddes ruh dilemeli (Luka 11:13). Köp ýyldan bäri missioner bolup gulluk edýän Barbara uýa şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylary okamazdan öň hemişe doga edýärin. Şondan soň men Ýehowanyň meniň bilendigini we okuw geçýändigimi halaýandygyny duýýaryn». Okuw geçmezden öň doga etsek, bolelin ruhy iýmiti kabul eder ýaly, Ýehowa aňymyzy we ýüregimizi açar.
«Elleriň gowşamasyn!»
11 Biz ýygnak duşuşyklarynda, kongreslerde we teokratik mekdeplerde ruhy taýdan berkeýäris. Alýan bilimimiz bize dogry garaýşy saklamaga, ruhy maksatlary goýmaga we ýygnakda jogapkärli borçlary almaga kömek edýär (Zeb. 119:32). Siz şeýle ruhy çäreler arkaly berkemek üçin ýürekden tagalla edýärmisiňiz?
12 Ýehowa ysraýyllylara amaleklerden we efiopiýalylardan üstün çykmaga, Nehemýa hem-de onuň ýoldaşlaryna Iýerusalimiň diwarlaryny gurmaga kömek etdi. Hudaý bize-de wagyz işini ýerine ýetirip biler ýaly, garşylyklara, lapykeçlige we biynjalyklara döz gelmäge güýç berer (1 Pet. 5:10). Biz Ýehowadan gudrat görkezmegine garaşmaýarys. Bizem öz tarapymyzdan hereket edip, her gün Hudaýyň Sözüni okamaly, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, olara gatnaşmaly. Pikirimizi we ýüregimizi şahsy hem-de maşgala okuwy arkaly iýmitlendirip durmaly, elmydama Ýehowa doga edip, oňa bil baglamaly. Başga zatlara we işlere ymtylyp, Ýehowanyň berkitmek hem-de ruhlandyrmak üçin berýän kömeginden el çekmeli däl. Eger şu zatlaryň haýsy-da bolsa birini etmäge eliňiz sowan bolsa, onda Hudaýdan kömek soraň. Şonda onuň ruhunyň «sizi höweslendirip, hereket etmegiňiz üçin hem isleg, hem güýç berşini» duýarsyňyz (Flp. 2:13). Emma siz başgalaryň elini berkitmek üçin näme edip bilersiňiz?
Dürdäne pikirler
it «Şagal»
Şagal
Mukaddes Kitapda şagal sözi göçme manyda ulanylýar. Eýýup gözgyny ýagdaýyny suratlandyrmak üçin «şagallara dogan... boldum» diýdi (Eýp 30:29). Hudaýyň halky söweşde duşmanlardan ýeňlip abraýdan düşende (deňeşdiriň: Zb 68:23), mezmurçy «bizi şagallara şam etdiň» diýip perýat etdi (Zb 44:19). Ol duşmanlaryň halky derbi-dagyn etmegini şagallar bilen deňeşdirdi. B. e. öň 607-nji ýylda wawilonlylar Iýerusalimi gabanda, şäherde şeýle güýçli açlyk bolýar welin, aýallar öz çagasyny iýýärler. Şonda Ýermeýa pygamber eneleriň çagalaryny emdirýän şagallardan hem zalym bolandygyny aýtdy (Agy 4:3, 10).
3—9 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 45—47
Patyşanyň toýy hakdaky aýdym
w14 15/2 sah. 9, 10, abz. 8, 9
Guzynyň toýuna şatlanalyň!
8 Zebur 45:13, 14a-nji aýatlary okaň. Gelniň toýda «örän şöwketli» boljakdygy aýdylýar. Ylham 21:2-de ol «öz adamsy üçin taýýarlanan» Täze Iýerusalim bilen deňeşdirilýär. Bu gökdäki şäher «Hudaýyň şöhraty arkaly parlaýar» we «Onuň parlaklygy bir juda gymmat daşyň, kristallaşan ýaşma daşynyň parlaklygy kimindir» (Ylh. 21:10, 11). Ylham kitabynda Täze Iýerusalimiň gözelligi ajaýyp beýan edilýär (Ylh. 21:18—21). Şol sebäpli mezmurçynyň gelne «örän şöwketli» diýmegi geň galdyrmaýar. Hawa, gökde boljak şa toýy şeýle-de bolmaly!
9 Gelin öýlenjek Ýigidiň, ýagny Mesihi Patyşanyň ýanyna getirilýär. Isa gelnini «suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizläp» taýýarlady. Ol «mukaddes we müýnsüzdir» (Efes. 5:26, 27). Mesihiň gelni toý dabarasyna ýaraşykly geýnipdir. Ynha-da, ol! Dogrudan-da, «onuň eginbaşy altyndan dokalandyr» we «ol keşdelenen eginbaşda patyşanyň ýanyna getirilýär». Guzynyň toýy üçin «geýsin diýip, oňa parlak, tämiz we nepis keteni berildi. Nepis keteni mukaddesleriň adyl işleridir» (Ylh. 19:8).
Ylham kitabynda gelejek hakda nähili pygamberlik aýdylýar?
10 Ýehowa halkyna hüjüm edilýändigini görende «gaharym ot bolup tutaşar» diýer (Hyz. 38:18, 21—23). Ylham kitabynyň 19-njy babynda Ýehowanyň halkyny goramak we duşmanlaryny ýok etmek üçin Ogluny iberjekdigi hakda pygamberlik edilen. Hudaýyň Ogly Isa Mesih wepaly perişdeler we 144 000 saýlanan mesihçiler bilen bilelikde söweşe çykar (Ylh. 17:14; 19:11—15). Olar Ýehowa Hudaýa garşy çykan ähli adamlary we guramalary ýok eder (Ylham 19:19—21-nji aýatlary okaň).
11 Uly betbagtçylykda Hudaýyň duşmanlary ýok ediler, wepaly adamlar aman galar. Şonda olar begenip Ýehowa alkyş aýdarlar. Ylham kitabynda Beýik Wawilon ýok edilende gökde uly şatlygyň boljakdygy aýdylýar (Ylh. 19:1—3). Soňra «Guzynyň toýy» başlanar we gökde has uly şatlyk bolar (Ylh. 19:6—9).
12 «Guzynyň toýy» haçan bolar? Armageddon söweşi başlanmanka 144 000 saýlanan mesihçileriň ählisi gökde jemlener, emma şol wagt «Guzynyň toýy» bolmaz (Ylham 21:1, 2-nji aýatlary okaň). «Guzynyň toýy» Armageddon söweşinde Hudaýyň duşmanlary ýok edilenden soň bolar (Zeb. 45:3, 4, 13—17).
it «Uruşlar»
Uruşlar
Armageddon söweşinden soň ýer ýüzünde müň ýyllap parahatlyk bolar. Mezmurçy: «(Ýehowa) ýeriň dört künjeginde uruşlary togtadýar, ýaýlary döwüp, naýzalary çapýar, söweş arabalaryny oda atýar» diýdi. Şu sözler Ýehowa ysraýyl halkynyň duşmanlaryny ýok edip ýurtda parahatlygy döredende, ilkinji gezek ýerine ýetdi. Har-Magedon söweşinde Isa Mesih uruşlaryň döremegine sebäp bolýan adamlaryň ýoguna ýanar. Şonda bütin ýer ýüzünde parahatlyk höküm sürer, adamlar bolsa agzybir ýaşar (Zb 46:8—10). «Gylyçlaryndan azallar, naýzalaryndan oraklar ýasan» adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşarlar. Olar «indi söweşmegi öwrenmezler», sebäbi muny «Serkerdebaşy Ýehowa söz berdi» (Işa 2:4; Mik 4:3, 4).
Dürdäne pikirler
Hudaýyň Patyşalygy tizden nämeleri eder?
9 Parahor guramalar ýok edilensoň näme bolar? Armageddondan soň ýer ýüzünde guramalar bolarmy? Mukaddes Ýazgylarda: «Biz Hudaýyň wadasyna görä täze göklere we täze ýere garaşýarys, olarda elmydama dogrulyk bolar» diýilýär (2 Pet. 3:13). Öňki gök bilen ýer, ýagny parahor hökümetler we olaryň goly astyndaky guramalar ýok ediler. Olaryň ýerine «täze gökler we täze ýer», ýagny täze hökümet hem-de onuň gol astynda ýaşajak täze adamzat jemgyýeti peýda bolar. Patyşamyz Isa Mesih «parahatlyk Hudaýy» Ýehowanyň häsiýetlerini kämil derejede görkezer (1 Kor. 14:33). Şol sebäpli «täze ýer» dogruçyl adamlaryň gözegçilik etmegi bilen guramaçylykly bolar (Zeb. 45:16). Olara Mesih we onuň 144 müň kömekçileri ýolbaşçylyk eder. Ähli parahor guramalaryň ornuny ýeke-täk, adalatly we dogruçyl gurama eýelände, ýaşaýyş, gör, nähili ajaýyp bolar!
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Nutuk
Şöhratly Patyşa Isa Mesihi garşylaň!
3 Zebur 45:1-i okaň. Patyşa baradaky «oňat sözler» mezmurçynyň ýüregini joşdurýardy. Ol patyşa barada pikirlenende, «dili çalasyn ýazyjynyň galamy» kimin bolýardy.
4 Biz barada näme diýse bolar? Patyşalyk baradaky hoş habar «oňat sözler» kimin biziň-de ýüregimize täsir edýär. 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygy gökde berkarar bolanda, bu habar has-da «oňat» boldy. Biz «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habary hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz edýäris» (Mat. 24:14). Eýsem, Patyşalyk habary biziň ýüregimizi «joşdurmaýarmy»? Biz ol barada yhlasly wagyz etmeýärismi näme?! Mezmurçy ýaly biziň hem ýüregimiz Patyşamyz Isa Mesih hakda «oňat söz bilen joşýar». Biz onuň gökde Patyşa bolup höküm sürýändigini gürrüň berýäris; ähli adamlary, şol sanda patyşalardyr hökümdarlary oňa tabyn bolmaga çagyrýarys (Zeb. 2:1, 2, 4—12). Galyberse-de, wagyzda Hudaýyň Sözüni ulananymyzda, «dilimiz çalasyn ýazyjynyň galamy» ýaly bolýar.
5 Zebur 45:2-ni okaň. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň daş keşbi hakda kän agzalmaýar. Ol kämil adam hökmünde «owadan» bolan bolmaly. Emma ony Ýehowa wepalylygy we aýypsyzlygy has-da owadan edýär. Şeýle-de Isa Patyşalyk baradaky habary wagyz edende, «mähirli sözleri» ulanýardy (Luka 4:22; Ýahýa 7:46). Biz hem wagyzda adamlaryň ýüregine täsir edýän sözleri tapmaga çalyşýarysmy? (Kol. 4:6).
6 Ýehowa Isanyň wepalylygy üçin sylaglady. Pawlus resul şeýle ýazdy: «(Isa)... ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi. Şonuň üçin hem Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi» (Flp. 2:8, 9). Hawa, Ýehowa Isany direltdi we «ölüm Oňa agalyk etmez» (Rim. 6:9).
Imanyňyz hakda gürrüň beriň
ijwbq 57
Mukaddes Kitapda gomoseksualizm barada näme diýilýär?
Hudaýyň niýetine görä, jynsy gatnaşyk diňe nikasy kanun taýdan resmileşdirilen erkek bilen aýalyň arasynda bolmaly (1 Musa 1:27, 28; 3 Musa 18:22; Nakyllar 5:18, 19). Mukaddes Kitapda är-aýal bolmadyk adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyk, meselem, gomoseksualizm, ahlaksyzlyk ýazgarylýar (1 Korinfliler 6:18). Muňa biriniň jyns organlaryny sypalamak we oral (agyz) ýa-da anal (täret deşigi) arkaly jynsy gatnaşyk etmek hem degişli.
Mukaddes Kitapda gomoseksualizm ýazgarylsa-da, munuň bilen meşgullanýan adamlary ýigrenmeli diýilmeýär. Gaýtam, mesihçilere «ähli adamlara hormat goýmalydygy» maslahat berilýär (1 Petrus 2:17).
Adam gomoseksual bolup doglup bilermi?
Mukaddes Kitapda gomoseksuallygyň tebigy islegdigi barada aýdylmasa-da, adamyň Hudaýyň tabşyryklaryna garşy hereket etmek islegi bilen dogulýandygy aýdylýar (Rimliler 7:21—25). Mukaddes Kitapda gomoseksual höwesleriň sebäbine däl-de, onuň bilen meşgullanmagyň ýazgarylýandygyna has köp üns berilýär.
Gomoseksual höwesi bolan adamlar Hudaýy razy edip bilermi?
Injilde: «Beden agzalaryňyzdaky... erbet höwesleri... öldüriň» diýilýär (Koloslylar 3:5). Günäli işlere eltýän erbet höwesleri öldürmek üçin pikiriňe erk etmeli. Eger hemişe gowy zatlar barada pikirlenseň, erbet höweslerden dynmak aňsat bolýar (Filipililer 4:8; Ýakup 1:14, 15). Elbetde, başda kyn bolmagy mümkin, ýöne soňra muny etmek ýeňil düşer. Hudaý adama «pikirini we garaýşyny elmydama täzeläp durmaga» kömek etjekdigini söz berýär (Efesliler 4:22—24).
Gomoseksual höwesi bolmadyk millionlarça adamlar hem Mukaddes Kitabyň ahlak kadalary boýunça ýaşamak üçin erbet höweslerine garşy göreşýärler. Meselem, durmuş gurmaga mümkinçiligi bolmadyk ýa-da ýanýoldaşy bilen jynsy gatnaşyk edip bilmeýän adamlar daş-töwereginiň güýçli täsirine garamazdan, jynsy höweslerine erk edip, bagtly ýaşaýarlar. Gomoseksual höwesi bolan adamlar hem Hudaýy ýürekden razy etmek isleseler, bagtly bolup bilerler (5 Musa 30:19).
10—16 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 48—50
Ene-atalar, çagalaryňyzyň Ýehowanyň guramasyna ynamyny berkidiň
Ýehowa sežde etmek şatlygyňa şatlyk goşýar
11 Mukaddes Kitaby okamak we maşgala okuwyny geçirmek. Ysraýyllar Sabat güni ähli işini goýup, Ýehowa sežde edýärdiler. Olar çagalaryna hem Ýehowanyň edýän ýagşylyklary hakda gürrüň berýärdiler (2 Mus. 31:16, 17). Biz ýörite wagt belläp Mukaddes Kitaby okamaly we şahsy okuwyny geçirmeli. Şeýdip, biz Ýehowa sežde edýäris we onuň bilen dostlaşýarys (Zeb. 73:28). Maşgala okuwy hem Ýehowa edýän seždämiziň bir bölegi. Sebäbi biz maşgala okuwynda çagalarymyza Ýehowany söýmäge we onuň bilen dostlaşmaga kömek edýäris (Zebur 48:13-i okaň).
Sen şatlanyp bilersiň
«Sion töwereginde geziň, onuň daşyndan aýlanyň, onuň galalaryny sanaň. Onuň berkitmelerine üns beriň; geljek nesle aýdar ýaly, onuň köşklerini görüp çykyň» (Zeb. 48:12, 13). Mezmurçy ysraýyllylara Iýerusalimi ýakyndan syn etmegi maslahat berýär. Siz ysraýyl maşgalalarynyň ýylda bir gezek baýram bellemek üçin mukaddes şähere gidip, owadan ybadathanany görüp, nähili ajaýyp ýatlamalar galdyrandygyny göz öňüne getiriň. Olar bu barada «geljek nesle aýtmalydy».
Şeba melikesi Süleýman patyşanyň hökümdarlygy we onuň uly akyldarlygy barada eşidende, başda ynanmandygy hakynda oýlanyň. Ol eşiden zatlarynyň hakdygyna nädip göz ýetirdi? Şeba melikesi: «Gelip öz gözüm bilen görmänkä, adamlaryň diýen zatlaryna ynanmaýardym» diýdi (2 Tar. 9:6). Hawa, «öz gözümiz» bilen gören zatlarymyz, bize güýçli täsir edýär.
Siz çagalaryňyza Ýehowanyň guramasynyň ajaýypdygyny «öz gözi bilen» görmäge nädip kömek edip bilersiňiz? Öýüňiziň golaýynda Ýehowanyň Güwäçileriniň filialy bolsa, oňa barjak boluň. Mysal üçin, Mandi bilen Beýtaniýa çagaka, ýurdundaky Beýtel olaryň ýaşaýan ýerinden 1 500 km aralykda ýerleşýärdi. Bu gyzlar entek ýaşka, ata-enesi maşgalasy bilen Beýtele ekskursiýa barmagy planlaşdyrdy. Mandi bilen Beýtaniýa şeýle diýýär: «Biz Beýteli görmänkä, ol ýerde ýörite we diňe uly ýaşdaky dogan-uýalar gulluk edýär öýdýärdik. Emma biz ýaşlaryň Ýehowa üçin erjelli işläp, şatlanýandygyny gördük! Biz Ýehowanyň guramasynyň diňe biziň ýaşaýan ýerimizde däl, eýsem, köp ýerlerde hereket edýänine göz ýetirdik we her gezek Beýtele baranda, Ýehowa ýakynlaşyp, oňa has yhlasly gulluk etmäge höweslenýärdik. Mandi bilen Beýtaniýanyň Hudaýyň guramasy bilen ýakyndan tanyşmagy pioner bolup gulluk etmäge höweslendirdi, hatda olar Beýtele wagtlaýyn meýletin gulluk etmäge çagyryldy.
Gezişiňiz Patyşalygyň raýatlaryna mynasyp bolsun!
5 Taryhyny bilmek. Ynsan hökümetiniň raýaty bolmak isleýän adam şol ýurduň taryhyny öwrenmeli bolýar. Patyşalygyň raýaty bolmak isleýän adamlar-da, Hudaýyň Patyşalygy barada ähli zady gowy bilmeli. Geliň, gadymy Ysraýylda gulluk eden Korahyň ogullarynyň mysalyna seredeliň. Olar Iýerusalimi we Hudaýa sežde edilýän ýeri örän söýýärdiler; şäheriň taryhyny höwes bilen gürrüň berýärdiler. Olara şäheriň owadanlygy däl-de, şäheriň hem-de sežde edilýän ýeriň näme aňladýandygy wajypdy. Iýerusalim «uly Patyşanyň (Ýehowanyň) şäheri» bolup, ol arassa seždäniň merkezi hasaplanýardy. Ol ýerde Ýehowanyň kanunlary öwredilýärdi. Ýehowa Patyşa Iýerusalimiň ýaşaýjylaryna merhemetini bildirýärdi (Zebur 48:1, 2, 9, 12, 13-nji aýatlary okaň). Siz-de Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasynyň taryhyny höwes bilen öwrenip, ony gürrüň berýärmisiňiz? Hudaýyň guramasy we Ýehowanyň öz halkynyň aladasyny edýändigi barada köp bildigiňizçe, Hudaýyň Patyşalygy siziň üçin şonça-da hakyky Hökümet bolar. Şonda siziň Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmäge bolan islegiňiz has-da artar (Ýerem. 9:24; Luka 4:43).
Dürdäne pikirler
it «Baýlyk»
Baýlyk
Ysraýyllar bolelin ýaşarýardy, islän zadyny iýip içýärdi (1Pa 4:20; Nes 5:18, 19). Olar garyplykdan kösenmeýärdi (Nak 10:15; Nes 7:12). Ýehowa hem olaryň çeken zähmetinden lezzet almagyny isleýärdi (deňeşdiriň: Nak 6:6—11; 20:13; 24:33, 34). Ýöne Hudaý olara baýlyga daýanmaly däldigini duýdurdy. Olar bereket berýän Ýehowany ýatdan çykarmaly däldi (5Ms 8:7—17; Zb 49:6—9; Nak 11:4; 18:10, 11; Ýer 9:23, 24). Şeýle-de ysraýyllar baýlygyň wagtlaýyndygyny ýatdan çykarmaly däldi (Nak 23:4, 5). Hudaýa garşy günä eden adamy töleg töläp ölümden halas edip bolmaýardy (Zb 49:6, 7). Baýlygyň ölen adama hiç hili peýdasy degmeýär (Zb 49:16, 17; Nes 5:15). Baýlygyň yzynda hars urýan adam mekirlige ýüz urup, Ýehowany gynandyryp bilýärdi (Nak 28:20; deňeşdiriň: Ýer 5:26—28; 17:9—11). Ysraýyllar «Ýehowany sylap, mal-mülkünden» sadaka getirmelidi (Nak 3:9).
17—23 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 51—53
Günä etmez ýaly seresap boluň
Ýüregiňizi goraň
4 Süleýmanyň tymsallary 4:23-de agzalýan «ýürek» adamyň içki dünýäsini aňladýar (Zebur 51:6-ny okaň). Başgaça aýdanyňda, «ýürek» bu biziň pikirlerimizi, duýgularymyzy we isleg-arzuwlarymyzy aňladýar. Bu söz biziň daşymyzdan däl-de, içimizden nähili adamdygymyzy görkezmek üçin ulanylýar.
5 Geliň, «ýüregimiziň», ýagny içki dünýämiziň has wajypdygyna göz ýetirmek üçin, adamyň göni manydaky saglygyny alyp göreliň. Sagdyn bolmak üçin, ilki bilen, biz ýokumly zatlary iýmeli we yzygider beden maşklaryny etmeli. Şonuň ýaly, ruhy taýdan sagdyn bolmak üçinem, ýokumly ruhy iýmitden iýmitlenip, Ýehowa iman edýändigimizi hemişe iş ýüzünde görkezmeli. Munuň üçin öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulanmaly hem-de imanymyz barada gürrüň bermeli (Rim. 10:8—10; Ýak. 2:26). Ikinjiden, daşymyzdan sagdyn bolup görünsek-de, ýöne, aslynda, içimizde harasat gopýandyr. Edil şonuň ýaly, biz ruhy işler bilen meşgullanýandygymyz üçin, imanymyz berk diýip pikir etmegimiz mümkin. Ýöne erbet höwesler ýüregimizde kök urup başlan bolsa näme?! (1 Kor. 10:12; Ýak. 1:14, 15). Biz Şeýtanyň öz pikirine eýertjek bolýandygyny unutmaly däl. Ol muny, esasan, nädip edýär we biz ondan nädip goranyp bileris?
Bu dünýäde aýypsyz galalyň
5 Biz nädogry pikirlere garşy durmak we Ýehowa doly bil baglamak üçin doga etmeli. Şonda biz Ýehowa ýakynlaşarys, ol hem bize ýakynlaşar. Biz aýypsyz galmak üçin ahlaksyz pikirlere garşy göreşsek, Ýehowa jomartlyk bilen mukaddes ruhuny berer. Şeýle-de dogamyzda Hudaýy ýürekden razy etmek isleýändigimizi aýtmaly (Zeb. 19:14). Günä iterýän «erbet ýol», ýagny nädogry höwes dörände, biz kiçigöwünlilik bilen Hudaýdan özümizi barlamagyny dileýärismi? (Zeb. 139:23, 24). Synaga düşenimizde aýypsyz galmak üçin Alladan hemişe kömek soraýarysmy? (Mat. 6:13).
6 Adamyň alan terbiýesi ýa-da durmuşy Ýehowanyň halaýan işlerini etmäge päsgel berip biler. Emma Hudaý bize gerekli özgerişleri edip, mynasyp gullukçysy bolmaga kömek edýär. Dawut patyşa Batşeba bilen zyna edende, Hudaýyň goldaw berýändigini bilip: «Mende tämiz ýürek ýarat... içime täzeden durnukly ruh ber» diýip ýalbardy (Zeb. 51:10, 12). Hawa, günäli höwesler bize täsir etse-de, Ýehowa özüne gulak asmaga kömek edýär. Belki, erbet höwesler ýüregimizde kök urup, arassa pikirleri bogýandyr. Emma Ýehowa bize görkezme berýär we kanunyna görä ýaşamaga kömek edýär. Geliň, Allatagalanyň goldawy bilen günäniň agalyk etmegine ýol bermäliň! (Zeb. 119:133).
Dürdäne pikirler
it «Döwek»
Döwek
Edomly Döwek Şawul patyşanyň hyzmatkärleriniň baştutanydy we baş çopanydy (1Şm 21:7; 22:9). Ol ysraýyllaryň Hudaýy Ýehowa sežde edýärdi. Ol haram bolandygy ýa-da heýwere keseline uçrandygy üçin Nob galasyna «Ýehowanyň huzuryna baran» bolmaly. Ýa-da Hudaýa beren ähtini berjaý etmek üçin barandyr. Şonda ol baş ruhany Agamäligiň Dawuda hödür çöreklerini we Jalutyň gylyjyny berip goýberendigini görýär. Birnäçe wagtdan soň Şawul hyzmatkärlerini ýygnap, «maňa garşy dil düwşüpsiňiz» diýende, edomly Döwek Nob galasynda Dawudy görendigini aýdýar. Patyşa Nob galasyna adam iberip, baş ruhany Agamälik bilen beýleki ruhanylary getirdip, soraga tutýar. Soňra olary öldürmegi buýurýar. Nökerleriň hiç biri ruhanylara el galdyryp bilmänsoň, patyşanyň buýrugy bilen Döwek 85 ruhanyny öldürýär. Olaryň birine-de nebsi agyrmaýar. Şeýle-de ol Nob galasynyň ýaşaýjylaryny, uludan-kiçä baryny gylyçdan geçirýär, mal-garalaryny hem gyrýar (1Şm 22:6—20).
Zebur kitabynyň 52-nji babynyň sözbaşysyndan görnüşi ýaly, Dawut şol bapda Döwek hakda şeýle sözleri aýdýar: «Päliýamansyň, hilegärsiň, diliň päki kimin ýitidir. Ýagşylykdan ýamany, hakykatdan ýalany has köp söýýärsiň. Eý hilegär dil, zäherli sözleri söýýärsiň» (Zb 52:2—4).
24—30 IÝUN
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR ZEBUR 54—56
Hudaý arkadaýanjymyz
Hudaýdan gorkup, akyldar bol!
10 Bir sapar Dawut Gef şäheriniň patyşasy Anhusyň öýüne pena gözläp bardy. Bir wagt ol ýerde filistili Golýat ýaşapdy (1 Patyşalar 21:10—15). Patyşanyň hyzmatkärleri Dawudy halkyň duşmany diýip ýamanladylar. Şeýle çykgynsyz ýagdaýda Dawut näme etdikä? Ol Ýehowa gyzgyn doga edýär (Zebur 56:1—4, 11—13). Dawut özüni ruhy keselli ýaly alyp barýar we halas bolýar, ýöne ol Ýehowanyň halas edendigine düşünýärdi. Çünki özüni şeýle alyp barmaga Hudaý kömek etdi. Dawut Ýehowa ýürekden ynanyp we bil baglap hudaýhondygyny görkezdi (Zebur 34:4—6, 9—11).
11 Dawut ýaly bizem kyn ýagdaýa düşenimizde, Hudaýyň kömek etjekdigine ynansak, Ýehowadan gorkýandygymyzy görkezeris. Dawut: «Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla; Ol dilegiňi ýerine ýetirer» diýdi (Zebur 37:5). Beýle diýmek aladaňy Ýehowa tabşyryp, özüň bolsa hiç zat etmezligi aňlatmaýar. Dawut Ýehowadan kömek diläp hiç zat etmän oturmady. Ol Ýehowanyň beren güýjüni we ukybyny ulanyp, kynçylygy çözmäge synanyşýardy. Dawut hem ynsan güýji bilen kynçylygy çözüp bilmejekdigini bilýärdi. Bizem şeýtmeli, elimizde baryny edenimizden soň, baryny Ýehowa tabşyrmaly. Köplenç hiç zat edip bilmejek ýagdaýymyzda, diňe Ýehowa bil baglamaly. Şeýde ýagdaýda biz Ýehowa bilen gatnaşygymyzyň nähilidigini we Hudaýdan gorkýandygymyzy görkezýäris. Biz Dawudyň: «Rebbiň syry Ondan gorkýanlara aýan edilýändir» diýen sözlerinden teselli tapyp bileris (Zebur 25:14).
cl bap 24, abz. 9
«Hudaýyň söýgüsinden hiç zat aýra salyp bilmez»
9 Ýehowa biziň çydamlylygymyzy görüp begenýär (Matta 24:13). Şeýtan bolsa Ýehowadan ýüz öwürmegimizi isleýär. Biz her gün Ýehowa wepaly bolup, Şeýtanyň atan töhmetini ýalana çykarýarys (Nakyllar 27:11). Ýöne käte sabyr käsämiz dolýar. Biz keselçilikden, pulsuzlykdan, göwnüçökgünlikden ýa-da başga kynçylyklardan ýaňa halys ýadaýarys. Garaşan zadymyz wagty bilen bolmasa-da ruhdan düşýäris (Nakyllar 13:12). Ýehowa biziň şeýle ýagdaýlarda çydamlydygymyzy görüp hasam begenýär. Dawut patyşa hem Ýehowa ýalbaryp: «Gözýaşlarymy meşigiňde sakla... olaryň ählisini kitabyňa ýaz» diýdi (Zebur 56:8). Hawa, Ýehowa biziň wepaly bolmak üçin dökýän gözýaşlarymyzy we döz gelýän kynçylyklarymyzy görýär. Ol biziň her birimizi gowy görýär.
Ýehowanyň söýgüsi gorkudan azat edýär
16 Jan bir süýji zat. Şeýtan hem muny gowy bilýär. Şeýtan adam şirin jany üçin Hudaý bilen dostlugyny bozar diýip pikir edýär (Eýp. 2:4, 5). Şeýtan ýalňyşýar! Mukaddes Kitapda Şeýtanyň «ölümiň sebäpkäridigi» aýdylýar (Ýew. 2:14, 15). Şeýtan biziň ölümden gorkýandygymyzy bilýär we şol duzagy ulanyp Ýehowadan ýüz öwürtjek bolýar. Şeýtanyň golastyndaky adamlar käte Hudaýyň halkyna ýarag çenäp: «Janyňy saýla ýa-da imanyňy» diýip haýbat atýarlar. Käte bolsa Şeýtan ýarawsyz dogan-uýalara Hudaýyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolmagy mümkin. Belki, lukmanlar ýa-da Ýehowa iman etmeýän dogan-garyndaşlary olara gan goýbertjek bolar. Ýa-da Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelýän başga bir bejergini teklip eder.
17 Biz ölümden gorkmaýan gözsüz batyr däl. Elbetde, ölümden gorkýarys. Ýöne biz aradan çyksak-da, Ýehowanyň direltjekdigine iman edýäris, sebäbi ol bizi söýýär (Rimliler 8:37—39-njy aýatlary okaň). Ýehowa aradan çykan dostlaryny unutmaýar, olary diri hasaplaýar (Luka 20:37, 38). Ol wepaly bendelerini direltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar (Eýp. 14:15). Ýehowa adamlary ebedi ýaşatmak üçin söwer Ogluny gurban berdi (Ýah. 3:16). Ýehowanyň bizi söýýändigine we aladamyzy edýändigine şübhelenmeýäris. Bizi öldürjek bolsalar-da, agyr kesellesek-de, Ýehowadan dänmeris. Gaýtam Ondan güýç, akyldarlyk we kalbymyza rahatlyk sorarys. Waleriýa bilen äri hem şeýle etdiler (Zeb. 41:3).
Dürdäne pikirler
it «Öňünden bilmek»
«Öňünden bilmek»
Iuda Iskariýot Isa dönüklik edende, Mukaddes Kitapdaky pygamberlik ýerine ýetdi. Bu bolsa Ýehowa bilen Isanyň gelejegi öňünden bilýändigini görkezýär (Zeb. 41:9; 55:12, 13; 109:8; Res. 1:16—20). Ýöne Hudaý Iudanyň dönüklik etjekdigini öňünden çözdi diýip bolmaýar, sebäbi pygamberlikde Isanyň şägirdiniň oňa dönülik etjekdigi aýdylsa-da, haýsysynyň etjekdigi aýdylmaýar.
Isa başda Iudany resuly edip saýlanda, onuň ýüreginde erbetlik bolan däldir. Ýöne ol ýüreginde «zäherli köküň» ösmegine ýol berip, Hudaýdan ýüz öwürýär. Soňra Şeýtanyň täsirine düşüp, ogurlyk edip başlaýar we Isa dönüklik edýär. Iuda şeýle bir azýar welin, soňabaka Isa onuň erbet niýetiniň bardygyny we dönüklik etjekdigini aňýar.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Nutuk
w23.01 sah. 29, 30, abz. 12—14
Mesihiň söýgüsi näme etmäge höweslendirýär?
12 Isa pygamber ölüminden bir gün öň şägirtlerine: «Dünýäde köp kynçylyk çekersiňiz, ýöne mert boluň! Men dünýäni ýeňdim» diýdi (Ýahýa 16:32, 33-nji aýatlary okaň). Oňa duşmanlardan gorkmazlyga we Ýehowa soňky demine çenli wepaly galmaga näme kömek etdi? Ol Atasyna doly bil baglady. Isa pygamber Atasyna şägirtlerini goramagy haýyş etdi (Ýah. 17:11). Muny bilmek diýseň ruhlandyrýar we güýjümize güýç goşýar, sebäbi Ýehowa duşmanlarymyzdan müň esse güýçli (1 Ýah. 4:4). Ýehowanyň gözünden hiç zat sypmaýar. Eger Oňa doly bil baglasak, kynçylyklara mertlik bilen döz geleris we hiç bir zatdan gorkmarys.
13 Isa pygamberiň Ýusup atly şägirdi bardy. Ol arimatiýalydy, Mejlisiň agzasydy we atly-abraýly adamdy. Ýahýa resul şeýle diýdi: «Isanyň Ýusup atly şägirdi bardy, ýöne ol ýehudylardan gorkup, muny hiç kime aýtmaýardy» (Ýah. 19:38). Elbetde, Ýusup Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýardy, emma Isa iman edýändigini aýtmaga çekinýärdi. Belki-de, ol: «Meni mejlisden çykararlar, abraýdan düşerin» diýip gorkandyr. Ýöne Ýusup bütin ömrüne gorkup ýaşadymy? Mukaddes Kitapda: «Ol batyrgaýlyk bilen Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini sorady» diýilýär (Mar. 15:42, 43). Halypasy ölenden soňra Ýusup imany hakda aýtmaga çekinmeýärdi.
14 Sizem adamlardan gorkýarsyňyzmy? Işde ýa-da mekdepde Ýehowanyň Şaýadydygyňyzy aýtmaga çekinýärsiňizmi? Adamlaryň gepinden gorkup wagyzçy bolmaga ýa-da suwa çümdürilmäge ýaýdanýarsyňyzmy? Adamdan gorkynyň duzagyna düşmäň! Ýogsam Ýehowany begendirýän işleri edip bilmersiňiz. Size adamdan gorkmazlyga näme kömek eder? Ýehowadan batyrgaýlyk sorap doga ediň. Ýehowanyň dogalaryňyza jogap berşini göreniňizde, imanyňyz berkär we batyrgaý bolarsyňyz (Işa. 41:10, 13).