Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/3 sah. 17—20
  • Sen şatlanyp bilersiň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen şatlanyp bilersiň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Gadym eýýamdan» gürrüň ber
  • «Her agzanyň... işleýşinden» näme öwrenýäris?
  • Onuň «galalaryny sanaň»
  • Çagalara Ýehowanyň guramasy bilen tanyşmaga kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Siz Ýehowanyň guramasy bilen öňe ýöreýärsiňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • «Iň ýokary zatlara göz ýetiriň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýehowa guramasyna ýolbaşçylyk edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/3 sah. 17—20

Sen şatlanyp bilersiň

ÝEHOWA örän kiçijik janly öýjükden başlap, uly galaktikalaryň toplumyny we ägirt toplumyny tertipli ýaratdy. Bu geň galdyrmaýar, çünki Ýaradyjy «tertipsizlik Hudaýy däl» (1 Kor. 14:33). Hudaýa guramaçylykly edilýän sežde-de, täsir galdyrýar. Ýehowanyň näme edendigine seredeliň. Ol ýer ýüzünde erkin we agzybir hakyky sežde edýän ýüzlerçe million adamlardan we gökde perişdelerden ybarat bütindünýä guramasyny döretdi. Gör, nähili, täsinlik!

Gadymy Ysraýylda Iýerusalim Hudaýyň ýerdäki guramasynyň nusgasydy, ol ýerde Ýehowanyň ybadathanasy bardy we onuň mesh edilen patyşasy tagtda oturýardy. Babylda ýesirlikde bolan bir ysraýylly adam mukaddes şäher barada duýgularyny şeýle beýan etdi: «Eger seni ýatlamasam, eger Iýerusalimi şatlygymyň seresi hasaplamasam, dilim damagyma ýapyşsyn» (Zeb. 137:6).

Sen häzirki Hudaýyň guramasy barada näme pikir edýärsiň? Sen guramadan ähli başga zatlara garanyňda, uly şatlyk tapýarmyň? Çagalaryňyz ýer ýüzündäki Hudaýyň guramasynyň taryhyny we nädip hereket edýändigini bilýärmi? Olar Ýehowanyň Güwäçileriniň butindünýä doganlygyna degişlidigine düşünip, gadyryny bilýärmi? (1 Pet. 2:17). Maşgalaňyzyň Ýehowanyň guramasyna bolan minnetdarlygyny artdyrmak üçin maşgala okuwynda şu aşakdaky maslahatlara eýerseňiz, gowy bolmazmy?

«Gadym eýýamdan» gürrüň ber

Her ýyl ysraýylly maşgalalar Pasha baýramyny bellemek üçin ýygnanyşýardy. Pasha baýramy girizilende, Musa pygamber halka şeýle diýdi: «Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: «Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy» (Müs. çyk. 13:14). Ysraýyllylar Ýehowa bilen bagly taryhyny unutmadylar. Ysraýylly atalaryň köpüsi Musanyň tabşyrygyny berjaý etdi. Indiki nesilden bolan ysraýylly bir adam şeýle doga etdi: «Biz gulaklarymyz bilen eşitdik, eý Hudaý; olaryň eýýäminde, gadym eýýämde Seniň eden işiňi atalarymyz bize gürrüň berdiler» (Zeb. 44:1).

Şu günler ýetginjekler üçin Ýehowanyň Güwäçileriniň 100 ýyldan gowrak taryhy «gadym eýýam» ýaly görünmegi mümkin. Siz çagalaryňyza şol wakalaryň hakykatdanam bolandygyny nädip düşündirip bilersiňiz? Käbir ata-eneler «Ýehowanyň Güwäçileri — Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary» atly kitaby, «Ýyllyk kitabyny», žurnallarymyzdaky çap edilýän dogan-uýalaryň terjimehalyny, teokratiki taryhy baradaky maglumatlary we Hudaýyň häzirki halky hakynda täze DVD-diskleri ulanýara. Wideofilmlerde Sowet Soýuzynda we Germaniýada doganlarymyzyň yzarlanylyşy gürrüň berlip, maşgalalara synaglarda Ýehowa bil baglamagy öwredýär. Şeýle materiallary maşgala okuwynda geçip bilersiňiz. Bu çagalaryňyzyň Hudaýa bolan wepalylygy synalanda, imanyny berkider.

Taryh baradaky doklad çagalaryň ýadynda gowy galýar. Meselem, siz ogluňyzdan ýa gyzyňyzdan gowy görýän ýurduny saýlap, şol ýurduň teokratiki taryhyny tapyp, öwrenen zatlaryny maşgalaňyza gürrüň bermegi haýyş ediň. Ýygnagyňyzda köp ýyldan bäri wepaly gulluk edýän mesihçiler bar bolsa, olary maşgala okuwynyň birine çagyryp bilersiňiz. Gyzyňyz olardan özi barada gürrüň bermegi haýyş edip, interwýu alyp biler. Ýa-da çagaňyzdan, filialyň gurluşy, halkara kongresiň geçirilişi we öýden-öýe patefon arkaly wagyz edilişi ýaly esasy döwürleriň suratyny çekmegi haýyş edip bilersiňiz.

«Her agzanyň... işleýşinden» näme öwrenýäris?

Pawlus resul mesihçiler ýygnagyny beden bilen deňeşdirip: «Bütin beden her bognuň kömegi bilen baglanyp birikdirilýär, her agzanyň kadaly işleýşi bilen Onuň saýasynda söýgüde ösüp, abatlanýar» diýýär (Efes. 4:16). Biz ynsan bedeniniň nähili işleýändigini öwrenip, Ýaradyjymyza bolan minnetdarlygymyz we hormatymyz artýar. Şeýlelikde, biz bütindünýä ýygnagynyň nähili işleýşi hakynda oýlansak, «Hudaýyň köp taraply akyldarlygyna» haýran galarys (Efes. 3:10).

Ýehowa gökdäki guramasynyň hem nähili hereket edýänini beýan edýär. Mysal üçin, ol başda ylhamy Isa Mesihe berendigini aýtdy, soňra Isa-da perişdesini iberip, muny güwälik etmek üçin guly Ýahýa aýan etdi (Ylh. 1:1, 2). Eger Hudaý göze görünmeýän guramasynyň nähili hereket edýänini aýan edýän bolsa, onda ol ýer ýüzündäki «her agzanyň» nädip işleýändigine düşünmegimizi islemeýärmi?

Meselem, tizden etrap gözegçisi ýygnagyňyza gelse, maşgalaňyz bilen aýlanýan gözegçiniň borçlary we alýan bereketleri barada pikir alyşsaňyz gowy bolmazmy? Şeýle gözegçiler biziň her birimize nädip kömek edip biler? Şeýle-de şu soraglara seredip bilersiňiz: wagyz gullugy barada hasabat bermek näme üçin wajyp? Hudaýyň guramasynyň çykdajysy nädip ödelýär? Ýolbaşçylyk maslahaty nädip gurnalan we ol ruhy iýmit bilen nädip üpjün edýär?

Ýehowanyň halkyna nädip ýolbaşçylyk edýändigine düşünsek, bize azyndan üç peýdasy bolar: bähbidimiz üçin köp zähmet çekýän doganlara minnetdarlygymyz artar (1 Sel. 5:12, 13). Biz Ýehowanyň guramasyndaky jogapkärli doganlaryň görkezmesine eýereris (Res. iş. 16:4, 5). Jogapkärli doganlar Mukaddes Ýazgylaryň esasynda karara gelende we ýolbaşçylyk edende, olara bolan ynamymyz artar (Ýew. 13:7).

Onuň «galalaryny sanaň»

«Sion töwereginde geziň, onuň daşyndan aýlanyň, onuň galalaryny sanaň. Onuň berkitmelerine üns beriň; geljek nesle aýdar ýaly, onuň köşklerini görüp çykyň» (Zeb. 48:12, 13). Mezmurçy ysraýyllylara Iýerusalimi ýakyndan syn etmegi maslahat berýär. Siz ysraýyl maşgalalarynyň ýylda bir gezek baýram bellemek üçin mukaddes şähere gidip, owadan ybadathanany görüp, nähili ajaýyp ýatlamalar galdyrandygyny göz öňüne getiriň. Olar bu barada «geljek nesle aýtmalydy».

Şeba melikesi Süleýman patyşanyň hökümdarlygy we onuň uly akyldarlygy barada eşidende, başda ynanmandygy hakynda oýlanyň. Ol eşiden zatlarynyň hakdygyna nädip göz ýetirdi? Şeba melikesi: «Gelip öz gözüm bilen görmänkä, adamlaryň diýen zatlaryna ynanmaýardym» diýdi (2 Tar. 9:6). Hawa, «öz gözümiz» bilen gören zatlarymyz, bize güýçli täsir edýär.

Siz çagalaryňyza Ýehowanyň guramasynyň ajaýypdygyny «öz gözi bilen» görmäge nädip kömek edip bilersiňiz? Öýüňiziň golaýynda Ýehowanyň Güwäçileriniň filialy bolsa, oňa barjak boluň. Mysal üçin, Mandi bilen Beýtaniýa çagaka, ýurdundaky Beýtel olaryň ýaşaýan ýerinden 1 500 km aralykda ýerleşýärdi. Bu gyzlar entek ýaşka, ata-enesi maşgalasy bilen Beýtele ekskursiýa barmagy planlaşdyrdy. Mandi bilen Beýtaniýa şeýle diýýär: «Biz Beýteli görmänkä, ol ýerde ýörite we diňe uly ýaşdaky dogan-uýalar gulluk edýär öýdýärdik. Emma biz ýaşlaryň Ýehowa üçin erjelli işläp, şatlanýandygyny gördük! Biz Ýehowanyň guramasynyň diňe biziň ýaşaýan ýerimizde däl, eýsem, köp ýerlerde hereket edýänine göz ýetirdik we her gezek Beýtele baranda, Ýehowa ýakynlaşyp, oňa has yhlasly gulluk etmäge höweslenýärdik. Mandi bilen Beýtaniýanyň Hudaýyň guramasy bilen ýakyndan tanyşmagy pioner bolup gulluk etmäge höweslendirdi, hatda olar Beýtele wagtlaýyn meýletin gulluk etmäge çagyryldy.

Biz gadymy döwürde ysraýyllylarda bolmadyk başga bir usul bilen Ýehowanyň guramasyny «görüp» bilýäris. Soňky ýyllarda Hudaýyň halkynda Ýehowanyň guramasynyň aýratynlyklary hakynda wideoýazgylar we DVD-diskler bar. Siz maşgalaňyz bilen Beýtelde dogan-uýalaryň yhlasly gulluk edýänini, missionerleri, doganlaryň kongresleri taýýarlaýanyny we gurnaýanyny görende, bütindünýä doganlygy üçin minnetdarlygyňyz artar.

Hudaýyň halkynyň her bir ýygnagynyň hoş habary wagyz edip, şol ýerdäki mesihçileri goldamakda uly ähmiýeti bar. Emma maşgalaňyz bilen «dünýädäki doganlaryňyzy-da» ýatlamaga wagt tapyň. Bu size we çagalaryňyza «imanda berk durmaga» we şatlanyp bilýändigiňize düşünmäge kömek eder (1 Pet. 5:9).

a Wideo ýazgylar we DVD-diskler başga dillerde çykaryldy.

[18-sahypadaky çarçuwa]

Hudaýyň guramasy barada öwrenmek üçin temalar

Ýehowanyň guramasynyň taryhy we edýän işi hakynda köpräk biler ýaly ençeme edebiýatlar bar. Şu aşakdaky soraglar size Hudaýyň guramasy barada öwrenmäge kömek eder:

☞ Şu günler aýlanýan gözegçiler nähili işi ýerine ýetirýär? («Ýehowanyň Güwäçileri — Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýär» (rus.) 222—227-nji sahypalar).

☞ 1941-nji ýylda teokratiki kongresde «Çagalar güni» nähili wajyp waka boldy? («Ýehowanyň Güwäçileri — Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýär» (rus.) 86, 88-nji sahypalar).

☞ Ýolbaşçylyk maslahaty nädip karara gelýär? («Hudaýyň Patyşalygy barada güwä geçýäris» (rus.) 108—114-nji sahypalar).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş