Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/8 sah. 28—32
  • Perýat edýän mätäji kim halas eder?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Perýat edýän mätäji kim halas eder?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Isanyň hökümdarlygynyň nusgasy
  • Süleýmandan-da ulynyň hökümdarlygy halas eder
  • Bütin ýer ýüzünde Jennet bolar!
  • Isa bize duýgudaşlyk bildirýär
  • Täze dünýäde bol bereketler eçiler
  • Sen ondan görelde alarmyň ýa-da sapak edinersiň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Dawutdan we Süleýmandan uly bolan Isa hormat goýuň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Akyldar patyşa Süleýman
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • «Meniň bilen Jennetde bolarsyň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/8 sah. 28—32

Perýat edýän mätäji kim halas eder?

«Eý Hudaý, patyşa Öz hökümleriňi... ber. Ol perýat eden mätäji... halas eder» (ZEB. 72:1, 12).

1. Dawut bilen bolan wakadan Hudaýyň rehimligi barada näme bilýäris?

GÖR, nähili teselli beriji sözler! Olary gadymy Ysraýylyň patyşasy Dawut ýazan bolmalya. Şu sözleri ýazmazdan birnäçe ýyl öň, ol Batşeba bilen zyna edensoň, ynsaby ezýet berýär. Şonda Dawut Hudaýa şeýle ýalbarýar: «Mähribanlygyň köplügine görä jenaýatlarymy öçür... günäm mydama öňümdedir... Ejem maňa göwreli bolaly bäri men günä edip gelýärin» (Zeb. 51:1—5). Ýehowa günäni miras alandygymyzy göz öňünde tutup, bize rehim edýär.

2. 72-nji Mezmurda näme diýilýär?

2 Ýehowa biziň gözgyny ýagdaýdygymyza düşünýär. Emma pygamberlik edilişi ýaly, Hudaýyň mesh eden Patyşasy «perýat eden mätäji, kömekçisi ýok garyby halas eder. Onuň garyba, mätäje haýpy geler, mätäçleriň janlaryny gutarar» (Zeb. 72:12, 13). Olar nädip halas bolar? Bu barada 72-nji Mezmurda aýdylýar. Bu mezmur Dawut ogly Süleýmanyň hökümdarlygy hakynda düzülip, Hudaýyň Ogly Isanyň höküm sürüp, adamlary betbagtçylykdan halas etjekdigini görkezýär.

Isanyň hökümdarlygynyň nusgasy

3. Süleýman Hudaýdan näme diledi we Ýehowa oňa näme berdi?

3 Süleýman tagta çykansoň, gartaşan Dawut oňa aýratyn maslahatlar berýär, ol hem olary wepaly berjaý edýär (1 Pat. 1:32—35; 2:1—3). Soňra Ýehowa Süleýmana düýşünde: «Men saňa näme bereýin?» diýdi. Süleýman: «Ýagşyny we ýamany saýgaryp, adamlara höküm çykaryp biler ýaly, guluňa gulak asýan ýürek ber» diýip, diňe bir zady dileýär. Süleýmanyň bu pesgöwünli eden haýyşy üçin, Hudaý oňa diläninden-de köp zat berdi (1 Pat. 3:5, 9—13).

4. Süleýmanyň patyşalygy barada Şebe melikesi näme diýdi?

4 Ýer ýüzündäki islendik hökümetlerden tapawutlylykda, Ýehowanyň patasy bilen Süleýmanyň patyşalyk eden döwründe adamlar parahat we eşretli durmuşda ýaşaýardy (1 Pat. 4:25). Süleýmanyň patyşalygyny görmäge gelenleriň arasynda öz emeldarlary bilen Şebe melikesi hem bardy. Ol Süleýmana şeýle diýdi: «Ýurdumda seniň işleriň hakda... eşiden sözlerim dogry eken... Maňa, ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň paýhaslylygyň, rowaçlygyň meniň eşidenimden artyk eken» (1 Pat. 10:1, 6, 7). Emma «Ine, bu ýerde Süleýmandan-da uly Biri bar» diýen Isa pygamber, Süleýmandan-da has akyldardy (Mat. 12:42).

Süleýmandan-da ulynyň hökümdarlygy halas eder

5. 72-nji Mezmurda näme barada aýdylýar we onda nähili pygamberlik bar?

5 Geliň 72-nji Mezmuryň aýratynlyklaryna seredip, Süleýmandan-da uly Isa Mesihiň hökümdarlyk eden döwründe eçiljek bereketler barada bileliň (Zebur 72:1—4-nji aýatlary okaň). Bu mezmurda «Parahatlyk şazadasy» Isa Mesihiň «hökümdarlygyna» Ýehowanyň nähili garaýandygy görkezilýär (Iş. 9:6, 7). Hudaýyň görkezmesi boýunça Süleýmandan-da uly bolan Isa garyplaryň üstünden adalatly höküm çykarar we «mätäçleriň ogullaryny gutarar». Onuň hökümdarlygynda parahatlyk we adalatlyk bolar. Isa ýer ýüzünde ýaşanda, Müňýyllyk patyşalygynda nämeler etjekdigini görkezdi (Ylh. 20:4).

6. Isa nähili gudratlar edip, Hudaýyň patyşalygynyň berjek bereketlerini görkezdi?

6 Geliň, 72-nji Mezmurda aýdylyşyna görä, Isanyň adamlar üçin etjek käbir işlerine seredeliň. Isanyň bu gudratlary horluk çekýän adamlara nebsi agrandygyny görkezýär (Mat. 9:35, 36; 15:29—31). Meselem, Isanyň ýanyna heýwere keselli bir adam gelip: «Eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip ýalbardy. Isa-da: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi we ol sagaldy (Mar. 1:40—42). Soňra Isa ýalňyz ogly ölen bir dul hatyna duşýar. Isanyň oňa haýpy gelip, ogluna: «Tur!» diýýär. Ol hem direlýär! (Luka 7:11—15).

7, 8. Isa Ýehowanyň güýji bilen nähili gudratlar görkezdi?

7 Ýehowa Isa gudratlar görkezmäge güýç berdi. Bu «On iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal» bilen bolan wakadan görünýär. «Ol ençeme tebibiň elinden köp ezýetler çekip, bar-ýoguny harç etse-de», haly has erbetleşipdi. Şol aýal märekäniň arasyndan geçip, Isa elini degirdi, şeýdip ol Musanyň kanunyny bozdy çünki, onuň «gan akmasy» bardy (Lew. 15:19, 25). Isa özünden bir güýjüň çykandygyny duýup: «Kim maňa elini degirdi?» diýdi. «Ýaňky aýal gorkup, titräp geldi. Isanyň öňünde ýere ýykylyp, oňa hemme zadyň dogrusyny aýtdy». Isa bu aýaly Ýehowanyň sagaldandygyny bilip, oňa mähir bilen şeýle diýdi: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git-de, derdiňden açyl» (Mar. 5:25—27, 30, 33, 34).

8 Hudaýyň beren güýji bilen Isanyň keselleri sagaltmagy adamlara güýçli täsir edýärdi. Meselem, Dagdaky wagzyndan öň Isanyň kesel adamlary sagaltmagy köp adamlary gaty haýran galdyrdy (Luka 6:17—19). Ýahýa çokundyryjy Isanyň Mesihdigine göz ýetirmek üçin iki şägirdini onuň ýanyna iberende, Onuň «birtopar adamlary syrkawlyklardan, dertlerden we erbet ruhlardan sagaldanyny, köp körleriň gözüni açandygyny» gördüler. Isa şol şägirtlere şeýle diýdi: «Gidiň-de, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň: körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär» (Luka 7:19—22). Bu habar Ýahýany nähili ruhlandyrandyr!

9. Isanyň gudratlary nämäni görkezýär?

9 Elbetde, Isanyň ýer ýüzünde ýaşanda adamlary ejirden halas etmegi wagtlaýyndy. Sagaldylan we direldilen adamlar ahyrsoňy öldüler. Ýöne Isanyň ýer ýüzünde görkezen gudratlary gelejekde onuň hökümdarlygynda adamzady jebirlerden hemişelik dyndyrjakdygyny görkezýär.

Bütin ýer ýüzünde Jennet bolar!

10, 11. a) Hudaýyň Patyşalygynyň bereketleri näçe wagt dowam eder we Isanyň hökümdarlygy nähili bolar? b) Jennetde Isa bilen kim bolar we ol nädip ebedi ýaşap biler?

10 Ýer ýüzünde Jennetdäki ýaşaýşyň nähili boljakdygyny göz öňüne getiriň (Zebur 72:5—9-njy aýatlary okaň). Hak Hudaýa sežde edýän adamlar Jennetde aý we gün ýaly ebedi ýaşar! Patyşa Isa Mesih «çaýra ýagýan ýagmyr kimin, ýer suwarýan çabgalar kimin» şypa berer.

11 Bu mezmuryň berjaý bolşuny göz öňüne getireniňde, ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýäniňe ýürekden begenmeýärmiň? Isanyň garakça: «Sen... Meniň bilen bile behiştde bolarsyň» diýeni, oňa örän täsir eden bolmaly (Luka 23:43). Isa müň ýyl hökümdarlyk edende, şol adamy direlder. Ol Isanyň hökümdarlygyna tabyn bolsa, ýer ýüzünde kesellemän, ebedi bagtly ýaşar.

12. Isanyň Müňýyllyk patyşalygynda «egri» adamlara nähili mümkinçilik berler?

12 Süleýmandan-da uly Isa Mesihiň hökümdarlygynda «dogry adam güllär» (Zeb. 72:7). Isa ýer ýüzünde ýaşan wagty adamlara söýgüsini bildirip, mähir bilen olaryň aladasyny edişi ýaly, gelejekde hem şeýle eder. Hudaýyň wada eden täze dünýäsinde hatda «egri» adamlar hem direlip, olara Ýehowanyň kadalary boýunça ýaşamaga mümkinçilik berler (Res. iş. 24:15). Elbetde, täze dünýäde parahatlygy we agzybirligi bozmaz ýaly, Hudaýyň kanunlaryna boýun bolmak islemeýän adamlar ýaşamaz.

13. Hudaýyň Patyşalygy nähili möçberde höküm sürer we näme üçin onuň parahatlygy bozulmaz?

13 Süleýmandan-da uly Isa bütin ýer ýüzünde hökümdarlyk edende, şu sözler berjaý bolar: «Ol deňizden-deňze çenli, derýadan ýeriň uçlaryna çenli höküm sürer. Çöl halky Onuň öňünde egilsin, duşmanlary topragy ýalasyn» (Zeb. 72:8, 9). Hawa, Isa Mesih bütin ýer ýüzünde hökümdarlyk eder (Zak. 9:9, 10). Isanyň hökümdarlygyny we onuň bereketlerini gymmat saýýan adamlar Oňa «egilip», ýürekden tabyn bolar. Emma toba etmeýän günäli adamlar «hatda ýüz ýaşasa-da» ýok ediler (Iş. 65:20). Olar «topragy ýalar».

Isa bize duýgudaşlyk bildirýär

14, 15. Isanyň adamlaryň duýgularyna düşünýändigini we perýat edýän mätäji halas etjekdigini nireden bilýäris?

14 Günäli adamlar çykgynsyz, gözgyny ýagdaýda we olar kömege mätäç. Ýöne biziň umydymyz bar (Zebur 72:12—14-nji aýatlary okaň). Süleýmandan-da uly Isa biziň günälidigimize düşünip, duýgudaşlyk bildirýär. Şeýle-de Hudaý Isanyň dogrulyk ugrunda ejir çekip, synaglara uçramagyna ýol berdi. Isa şeýle agyr ynja düşdi welin, onuň «deri ýere daman gan damjalary ýalydy!» (Luka 22:44). Soňra ol ölüm pürsünde gygyryp: «Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi (Mat. 27:45, 46). Isa köp jebirler çekse-de, Şeýtan ony Ýehowadan dändirmek üçin tagalla baryny etse-de, ol Hudaýa wepalydygyny subut etdi.

15 Isanyň biziň jebirlerimizi görýändigine we «perýat edýän mätäji, kömekçisi ýok garyby halas etjekdigine» ynanyp bileris. Gökdäki Atasy ýaly, Isa «mätäçler sözüni eşider» we «göwni synyklara şypa berer, olaryň ýaralaryny daňar» (Zeb. 69:33; 147:3). Isa «her zatda biziň ýaly synalandygy» sebäpli, «biziň ejizliklerimize gynanýar» (Ýew. 4:15). Patyşa Isa Mesihiň häzir gökde hökümdarlyk edýändigi we adamlary ejirden halas etmek isleýändigini bilmek bizi, nähili, begendirýär!

16. Näme üçin Süleýman patyşanyň raýatlaryna haýpy gelýärdi?

16 Süleýman patyşa akyldar we düşgür bolany üçin «mätäje haýpy gelýärdi». Muňa garamazdan, ol hem gam-gussa çekip, köp betbagtçylyklary başyndan geçirýär. Onuň dogany Amnon uýasy Tamary zorlany üçin Süleýmanyň dogany Abşalom Amnony öldürýär (2 Sam. 13:1, 14, 28, 29). Abşalom Dawudyň tagtyna bikanun geçýär we ony Ýoab öldürýär. Soňra Süleýmanyň dogany Adoniýa tagta geçjek bolýar. Eger onuň düzen plany başa baran bolsa, ol Süleýmany öldürerdi (1 Pat. 1:5). Süleýman patyşa adamlaryň çekýän ejirlerine düşünýärdi şol sebäpli, ol Ýehowanyň ybadathanasynyň dabaraly açylyşynda bu barada doga etdi. Ol: «Her bir adam öz betbagtçylygyny we derdini bilýändir... Sen (Ýehowa) bagyşla we her kime eden işlerine görä hakyny ber» diýdi (2 Tar. 6:29, 30).

17, 18. Ýehowanyň käbir gullukçylary nähili dert çekýär we olara näme kömek edýär?

17 Durmuşymyzda öň bolan zatlar ýüregimizde dert bolup biler. 30 ýaşly Merib atly uýa şeýle ýazýar: «Bagtly bolar ýaly meniň hemme zadym bar, ýöne öňki eden işlerime utanýaryn we ýigrenýärin. Şol zatlar öň bolan bolsa-da, düýn bolan ýaly gaty gynanyp, aglaýaryn. Ýadymdan çykmaýan zatlar üçin göwnüçökgün bolýaryn we namys edýärin».

18 Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi göwnüçökgünlige düşüp biler, ýöne olary nädip ruhlandyryp bolýar? Meri şeýle diýýär: «Men hakyky dostlarymyň we ýygnakdaky dogan-uýalarymyň bardygyna begenýärin. Şeýle-de Ýehowanyň berýän wadalary barada hemişe oýlanýaryn we kömek diläp, edýän perýatlarymyň şatlyga öwrüljekdigine ynanýaryn» (Zeb. 126:5). Biz Hudaýyň bellän patyşasy Isa Mesihe umyt baglamaly. Ol barada şeýle pygamberlik edildi: «Onuň garyba, mätäje haýpy geler, mätäçleriň janlaryny gutarar. Olary sütem hem zorlukdan dyndyrar, nazarynda olaryň gany gymmat bolar» (Zeb. 72:3, 14). Bu sözler, nähili, göwnüňi göterýär!

Täze dünýäde bol bereketler eçiler

19, 20. a) 72-nji Mezmura görä, Hudaýyň Patyşalygy haýsy kynçylygy çözer? b) Ilki bilen, Isanyň hökümdarlygy üçin kime alkyş aýtmaly we bu hökümdarlygyň etjek işleri size nähili täsir edýär?

19 Gelejekde Hudaýyň täze dünýäsinde Süleýmandan-da ulynyň hökümdarlygynda dogry adamlaryň ýaşaýşyny ýene-de göz öňüne getiriň. Bize: «Galla daglaryň başyna çenli ýurtda bol bolar» diýip wada berilýär (Zeb. 72:16). Adatça, daglaryň başynda galla bitmeýär, emma bu sözler ýeriň hasylly boljakdygyny görkezýär. Süleýmanyň hökümdarlygynda Liwan bol hasyly bilen tapawutlanýardy, ýeriň «hasyly Liwan kimin öwşün atar». Pikir edip görüň, iýmit ýetmezçiligi bolmaz, hiç kim açlykdan horluk çekmez we ýarym aç bolmaz! Ähli adamlar meýlisde «bol ýaglanan tagamlardan» lezzet alar (Iş. 25:6—8; 35:1, 2).

20 Şeýle bereketler üçin kime alkyş aýtmaly? Ilki bilen, Älemiň hökümdary we Ebedi Patyşamyz Ýehowa Hudaýa. Biziň hemmämiz owadan we göwnüňi göterýän şeýle aýdyma goşulýarys: «Onuň ady ebedi galsyn, Onuň ady Gün öňünde dowam etsin; Ondan ak pata alynsyn, ähli milletler Oňa bagtly diýsin. Reb Hudaý, Ysraýyl Hudaýy mübärek bolsun! Ajaýyp zatlar edýän diňe Oldur. Onuň şöhratly ady ebedi mübärek bolsun! Bütin ýer ýüzi Onuň şöhratyndan dolsun! Omyn, omyn» (Zeb. 72:17—19).

a 72-nji Mezmuryň giriş sözlerinde «Süleýmanyň mezmury» diýilse-de, onuň soňky aýadyndan ony Dawudyň ýazandygy görünýär.

b Käbir atlar üýtgedilen.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• 72-nji Mezmurdaky pygamberlik nämäniň nusgasy?

• Süleýmandan-da uly kim we ol nähili möçberde hökümdarlyk eder?

• 72-nji Mezmurda aýdylan haýsy bereketler aýratynam ýüregiňize täsir edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş