Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/9 sah. 3—7
  • Ajaýyp ösüş döwründe gulluk edýäris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ajaýyp ösüş döwründe gulluk edýäris
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Yzarlamalarda çydaýarys
  • Kongresler bizi ruhlandyrýar
  • Wagyz ösüşine doly gatnaşýarys
  • Etrap gözegçisi bolup gulluk edýärin
  • Missioner gullugy
  • Ösüşi Beýtelden syn edýäris
  • Wagza gatnaşýan adamlar köpelýär
  • Doly wagtly gullugyň berýän sylaglary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ýehowa barada öwrenmegi we öwretmegi halaýaryn
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Hudaýa köpräk gulluk etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Ýehowa gelen kararymy bolluk bilen patalady
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/9 sah. 3—7

Ajaýyp ösüş döwründe gulluk edýäris

Harli Harris gürrüň berýär

Bu waka 1950-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Missuriniň (ABŞ) Kennet şäherinde bolup geçdi. Etrap kongresinde bizi uly märeke gurşap aldy. Häkim bizi gahar-gazaply märekeden goramak üçin milli goşuny çagyrdy. Ýaragly esgerler köçede hatara durdy. Märeke bize sögýärdi, biz olaryň arasyndan geçip, maşyna tarap ýöredik. Kongresiň galan bölegini diňlemek üçin, biz Missuriniň Keýp-Jirardo şäherine gitdik. Men şonda 14 ýaşymda suwda çokundyryldym. Rugsat berseňiz, şeýle bulaşyklyk döwürde Ýehowa gulluk edip başlaýşymy gürrüň bereýin.

MENIŇ atam bilen enem hem-de olaryň sekiz çagasy 1930-njy ýylyň başlarynda, Ruterford doganymyzyň käbir çykyşlarynyň sesli ýazgylaryny diňläp, hakykaty tapandygyna göz ýetirdiler. 1935-nji ýylda Waşingtonda geçirilen kongresde kakam Beý we ejem Mildred Harris suwda çokundyryldylar. Şol kongresde «uly märekäniň» kimdigi aýan boldy. Kakam bilen ejem bu märekäniň agzasy bolandygyna örän begenipdirler (Ylh. 7:9, 14).

Şondan soňky ýyl men doguldym. Bir ýyl geçenden soň, biz uzak ýere Missisipä göçdük. Ol ýerde ne wagyzçylar bardy, ne-de ýygnak. Ejem we kakam Beýtel bilen habarlaşyp, kongreslere gatnaşmaga mümkinçilik döretdiler. Biz diňe şonda dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolardyk.

Yzarlamalarda çydaýarys

Ýehowanyň Güwäçileri Ikinji Jahan urşunda köp yzarlamalara sezewar boldular, sebäbi olar syýasy işlere goşulmaýardylar. Biz Arkanzas ştatyna göçdük. Bir gezek men kakam bilen wagyz etmäge gitdim. Şonda bir adam kakamyň elindäki žurnallaryny alyp otlady. Ol bize urşa gatnaşmaýandygymyz üçin namart diýdi. Men aglap başladym, şonda men bäş ýaşymdadym. Kakam oňa bir söz hem aýtman tä gidýänçä, oňa rahat seredip durdy.

Emma bizi goldaýan gowy adamlar hem bardy. Bir sapar biz maşynda barýarkak, märeke biziň daş-töweregimizi gurşap aldy. Şol ýerden geçip barýan prokuror: «Bu ýerde näme bolýar?» diýip sorady. Olaryň biri: «Ýehowanyň Güwäçileri watan üçin söweşmeýärler!» diýdi. Şonda prokuror biziň maşynymyzyň gapysynyň bosagasynda dik durup, batly ses bilen: «Men Birinji Jahan urşunda-da söweşdim, Ikinji Jahan urşunda-da söweşerin! Bu adamlary saklamaň! Olar hiç kime zyýan ýetirmeýärler» diýip gygyrdy. Märeke şol bada dargaşdy. Ynsanperwerlik görkezen bu gowy adamlara biz örän minnetdardyk (Res. iş. 27:3).

Kongresler bizi ruhlandyrýar

1941-nji ýylda Sent-Luisde (Missuri ştaty) geçirilen kongres bize diýseň gereklidi. Bir hasabata görä, oňa 115 müňden gowrak adam gatnaşdy. Şonda 3 903 adam suwda çokundyryldy! Ruterford doganymyzyň «Patyşanyň ogullary» diýen nutgy meniň gowy ýadyma düşýär. Ol bu nutgy diňe bize, ýagny ýaşlara ýüzlenip aýdypdy. Şeýle-de biziň her birimize gök daşly, owadan «Çagalar» diýen kitap berildi. Bu kongres meni indiki ýyl boljak synaglara taýynlady, çünki men mekdebe barmalydym. Men we kakamyň inisiniň gyzlary baýdaga tagzym etmeýärdik, şonuň üçin bizi mekdepden çykardylar. Belki-de, müdiriň ýüregi ýumşar diýip, biz her gün mekdebe gelerdik. Biz irden mekdebe gidenimizde-de, öýe gaýdanymyzda-da tokaýyň içi bilen ýöremeli bolýardyk. Emma men Hudaýyň Patyşalygyna wepalydygymyzy duýýardym.

Tiz wagtdan ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti baýdaga tagzym etmek hökman däl diýen karar çykardy. Şonda bize-de mekdebe barmaga mümkinçilik döredi. Mugallym bize örän mähirlidi we ol geçilen sapaga ýetişmäge kömek etdi. Synpdaşlarymyz hem bizi sylaýardy.

1942-nji ýylda Kliwlende (Ogaýo ştaty) geçirilen kongres hem meniň ýadymda. Şonda doganymyz Neýtan Norr «Parahatçylyk dowam edermi?» diýen nutk bilen çykyş etdi. Bu nutkda Ylham kitabynyň 17-nji babyna seredilip, Ikinji Jahan urşundan soň parahatçylygyň boljakdygy barada aýdyldy. Diýmek, ösüş bolmalydy. Bu ösüşe taýýarlanmak üçin 1943-nji ýylda Gilead mekdebi açyldy. Men şol wagt bu mekdebiň durmuşyma etjek güýçli täsirini göz öňüne-de getirip bilmeýärdim. Uruşdan soň, dogrudan-da, parahatçylyk boldy we yzarlamalar ýatyşdy. Emma 1950-nji ýylda Koreýada uruş turanda, ýokarda agzalyşy ýaly, wagyz işine ýene-de garşylyk görkezilip başlandy.

Wagyz ösüşine doly gatnaşýarys

Men 1954-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, bir aýdan pioner gullugyna başladym. 1950-nji ýylda Kennetde (Missuri ştaty) wagyz gullugynda bolan wakadan soň bäş ýyl geçende, ýagny 1955-nji ýylyň martynda meni Beýtele çagyrdylar. Meniň bellenilen ýygnagymyň territoriýasyna Nýu-Ýorkyň merkezinde ýerleşýän Taýms meýdançasy hem degişlidi. Şäheriň ýaşaýşy düýbünden tapawutlanýardy! Men Nýu-Ýorkyň başagaý ýaşaýjylaryny gyzyklandyrmak üçin, olary oýlandyraýjak makalany žurnaldan görkezip: «Siz şeýle soragyň üstünde oýlanyp gördüňizmi?» diýerdim. Köp adamlar žurnaly höwes bilen alýardylar.

Men Beýtelde, esasanam, doganymyz Norryň geçirýän ertirlik seždesini gowy görýärdim. Ol Mukaddes Ýazgylaryň aýatlaryny janlandyryp, biziň durmuşymyza degişli edip bilýärdi. Ol ýaş öýlenmedik doganlar bilen ataly-ogul ýaly gepleşýärdi. Köplenç olara aýal-gyzlar bilen özüňi edepli alyp barmak barada gowy maslahatlar berýärdi.

Men 1960-njy ýylda maşgala gurmak kararyna geldim.

Men Beýtel gullugyny goýjakdygymy doganlara duýdurmak üçin, bir aý öňünden arza ýazdym. Maňa hiç hili jogap berilmedi, şonuň üçin beren arzam barada doganlardan özüm soramaly boldum. Aslynda, men gaty çekinjeň adam, ýöne muny etmäge maňa mertlik gerek boldy. Doganymyz Robert Uollen meniň bilen telefonda gepleşip, soňra iş ýerime geldi. Ol menden ýörite pioner ýa-da etrap gözegçisi bolup gulluk etmäge nähili garaýandygymy sorady. Men: «Robert, meniň tejribäm ýok, men ýaňy 24 ýaşadym ahyry» diýdim.

Etrap gözegçisi bolup gulluk edýärin

Şol güni agşam otagyma barsam, maňa uly bukja gelipdir. Onuň içinde ýörite pioner ýa-da etrap gözegçisi bolup gulluk etmek üçin iki sany arza bardy. Baý-bo! Men öz gözüme ynanmadym! Şeýlelikde, maňa etrap gözegçisi hökmünde Missuri ştatynyň günorta-günbatarynda we Kanzas ştatynyň gündogarynda ýaşaýan doganlara gulluk etmek hormaty berildi. Emma Beýtelden gitmezden öň, aýlanýan gözegçiler bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdym. Doganymyz Norr sözüniň soňunda şeýle diýdi: «Siz etrap we welaýat gözegçi bolup gulluk etseňiz-de, ýygnakdaky doganlardan köp bilýändigiňizi aňlatmaýar. Olaryň käbiri sizden has tejribeli. Emma olaryň etrap gözegçisi bolup gulluk etmäge mümkinçilikleri ýok. Siz olardan köp zat öwrenip bilersiňiz».

Dogudan-da, bu şeýle eken! Kanzas ştatynyň Parsonz şäherinde ýaşaýan doganymyz Fred, onuň aýaly we agasy Çarli Molohen gowy görelde görkezýärdi. Olar hakykaty XX asyryň başlarynda bildiler. Olaryň gürrüň berýän wakalary men heniz dünýä inmänkäm bolup geçipdi! Garry doganymyz Žon Risten hem mähirlidi. Ol Missuri ştatynyň Joplin şäherinde ýaşap, onlarça ýyl pioner bolup gulluk etdi. Bu gadyrly doganlar Ýehowanyň guramasyndaky tertip-düzgüne hormat goýýardylar. Men ýaş bolsam-da, olar meni etrap gözegçisi edip, syladylar.

Men 1962-nji ýylda Kloris atly saryýagyz, yhlasly pioner uýa öýlendim. Men Kloris bilen bile etrap gözegçiligini dowam etdim. Biz doganlaryň öýünde ýaşan wagtymyz, olar bilen ýakyndan tanyşardyk. Biz ýaşlary doly wagtly gulluk etmäge höweslendirerdik. Biziň ruhlandyryjy sözlerimiz Jeý Kosinske we Joan Kresmen atly ýetginjeklere uly kömek etdi. Olar biziň bilen gulluk eden wagtlary janypkeş durmuşyň şatlygyny dadyp, ruhy maksatlary goýdular. Soňra Joan ýörite pioner, Jeý bolsa Beýtelde gulluk edip başlady. Wagtyň geçmegi bilen, olar durmuş gurdular we 30 ýyla golaý etrap gözegçisi bolup gulluk edýärler.

Missioner gullugy

1966-njy ýylda doganymyz Norr daşary ýurtda gulluk etmek barada nähili pikirdedigimizi sorady. «Biz häzirki gullugymyzdan hem şatlyk tapýarys, ýöne zerurlyk bolsa, başga ýerde-de gulluk etmäge taýyn» diýip jogap berdik. Bir hepdeden bizi Gilead mekdebine çagyrdylar. Ýene-de Beýtele baryp, ol ýerde okamak we gowy görýän hem sylaýan imandaşlarym bilen gürrüňdeş bolmak nähili tolgundyryjy! Şeýle-de biz bile okan synpdaş dogan-uýalarymyz bilen ýakyndan tanyşdyk. Olar häzir hem Ýehowa wepaly gulluk edýärler.

Meni we aýalym Klorisi, Dennis hem Eduina Kiristi, Ana Rodrigesi, Diliýa Sançezi Günorta Amerikada ýerleşýän Ekwadora iberdiler. Kiristleriň maşgalasyny ýurduň paýtagty Kito şäherine, bizi hem-de Ana bilen Diliýany Ekwadorda ululygy boýunça üçünji ýerde durýan Kuenke şäherine bellediler. Bu territoriýa iki welaýat degişlidi. Kuenke şäherindäki ilkinji ýygnak biziň öýümizde geçirildi. Ýygnaga biziň dördümiz we ýene-de iki adam gatnaşardy. Biz wagyz gullugynyň nähili boljakdygy barada pikir edýärdik.

Kuenke şäheri buthanalardan doludy we ençeme dini baýramçylyklardyr dabaralar geçirilýärdi. Emma şäheriň ýaşaýjylaryny biynjalyk edýän soraglar köpdi. Meselem, ýurduň welosiped boýunça çempiony kuenkeli Mario Pola birinji gezek duşanymda, onuň beren soragy meni haýran galdyrdy. Ol: «Ylham kitabyndaky kemçin aýal kim?» diýip sorady.

Bir gün gije Mario biziň öýümize örän aladaly geldi. Buthananyň ruhanysy oňa Ýehowanyň Güwäçilerini günäkärleýän birnäçe edebiýat beripdir. Men Mario günäkärlenýän adama özüni aklamaga mümkinçilik berilmelidigini aýtdym. Ertesi Mario meniň bilen ruhanyny öýüne çagyrýar we oňa aýdanlaryny subut etmäge mümkinçilik berdi. Şol duşuşykda men Troisa (üç ýüzli hudaý) üns bermegi teklip etdim. Ruhany Ýahýa 1:1-i okanda, Marionyň özi aýady dogry düşündirdi. Şeýlelikde, ol ruhanynyň okan beýleki aýatlaryny-da düşündirdi. Elbetde, ruhany Troisa taglymatyny tassyklap bilmedi. Şondan soň Mario hem-de onuň aýaly hakykaty tapandygyna göz ýetirdiler we Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryny ökdelik bilen goraýan adamlar boldular. Biz Kuenke şäherinde gulluga başlanymyzda bir ýygnak hem ýokdy. Häzir bolsa ol ýerde 33 ýygnak, bütin territoriýada bolsa 63 ýygnak döredi. Gör, nähili ajaýyp ösüş!

Ösüşi Beýtelden syn edýäris

1970-nji ýylda meni hem-de El Şullony Guaýakildäki Beýtele çagyrdylar. Biz Beýteliň hat-petek işlerini edýärdik. Jo Sekerak bolsa bütin ýurtdaky 46 ýygnagyň edebiýatlaryny gutulara gaplaýardy. Ol ýarym gün işleýärdi. Men Beýtelde işleýärkäm, aýalym Kloris missioner bolup gulluk edýärdi. Ol 55 adama hakykata gelmäge kömek etdi. Her kongresde olaryň üç-bäşisi suwda çokundyrylardy.

Meselem, Kloris Lukresiýa diýen aýal bilen okuw geçdi. Onuň ýanýoldaşy garşydy. Muňa garamazdan, Lukresiýa suwda çokundyrylyp, pioner gullugyna başlady. Ol çagalaryny Ýehowanyň ýoly bilen terbiýeledi. Häzir onuň iki ogly ýaşuly, ýene biri ýörite pioner, gyzy bolsa pioner bolup gulluk edýär. Onuň agtygy dogana durmuşa çykdy, olar häzir ýörite pioner bolup gulluk edýär. Bu maşgala köp adamlaryň hakykata gelmegine kömek etdi.

1980-nji ýylda Ekwadorda 5 müňe golaý wagyzçy bardy. Biziň kiçi filialymyz darlyk edip başlady. Bir dogan Guaýakiliň eteginde 32 gektar töweregi ýerini sowgat etdi. 1984-nji ýylda täze filial we Kongres zalyny gurup başladyk. 1987-nji ýylda olary Ýehowa bagyş etdik.

Wagza gatnaşýan adamlar köpelýär

Köp ýyllaryň dowamynda başga ýurtlardan ençeme wagyzçylar we pionerler Ekwadora gelip, wagyzçy ýetmeýän ýerde gulluk etdiler. Endi Kidd atly dogan meniň has-da gowy ýadymda. Ol pensiýa çykan kanadaly mugallymdy. Ol 1985-nji ýylda 70 ýaşynda Ekwadora göçýär we tä ömrüniň ahyryna çenli Hudaýa wepaly gulluk edýär. Ol 2008-nji ýylda 93 ýaşynda aradan çykýar. Men ony ilkinji sapar görenimde, ol kiçiräk ýygnakda ýeke özi gözegçi bolup gulluk edýärdi. Ispança gowy gepläp bilmese-de, ol jemagat nutgy bilen çykyş etdi. Soňra bolsa «Garwul diňini» geçirdi. Şeýle-de ol Teokratik gulluk mekdebini hem-de Gulluk duşuşygynyň köp bölegini alyp bardy. Häzir ol ýerde 200 wagyzçydan we ençeme ýerli ýaşululardan ybarat iki sany ýygnak gülläp ösýär!

Ernesto Diaz doganymyz maşgalasy bilen ABŞ-dan Ekwadora göçüp gelenine sekiz aý bolanda, şeýle diýdi: «Biziň üç çagamyz ýerli ilatyň dilini öwrenip, Hudaýyň Sözüniň gowy mugallymlary bolup ýetişdiler. Men bu dünýäde ýetip bilmerin öýden maksadyma ýetdim, ýagny maşgalam bilen pioner bolup gulluk edýärin. Biz maşgalamyz bolup, 25 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýäris. Bularyň ählisi bizi jebisleşdirdi, aýratynam, Ýehowa ýakynlaşdyrdy». Şeýle mähriban dogan-uýalar üçin, biz Ýehowa örän minnetdar!

1994-nji ýylda filialyň jaýlary iki esse köpeldi. 2005-nji ýylda wagyzçylaryň sany 50 müňe ýetdi, şol sebäpli filialy ýene-de giňeltmeli boldy. Munuň üçin uly Kongres zalyny, täze ýaşaýyş jaýlaryny we terjimeçiler üçin birnäçe otaglary gurmalydy. Bu jaýlar 2009-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Ýehowa bagyş edildi.

1942-nji ýylda meni mekdepden kowanlarynda ABŞ-da 60 müňe golaý Ýehowanyň Güwäçileri bardy. Häzir ol ýerde wagyzçylaryň sany milliondan geçýär. Biz 1966-njy ýylda Ekwadora gelenimizde, bu ýerde 1 400-e golaý Patyşalygyň wagyzçylary bardy. Häzir bolsa olaryň sany 68 müňden hem köp. 120 müň sany Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirilýär we 2009-njy ýylda Ýatlama agşamyna 232 müňdan gowrak adam gatnaşdy. Hakykatdan-da, Ýehowa halkyna ak pata berdi; biz muny göz öňüne hem getirip bilmezdik. Şeýle ajaýyp ösüş döwründe ýaşamak nähili bagt!a

a Bu makala çapa taýýarlanylýan wagty, Harli Harris tä soňky demine çenli Ýehowa wepaly galyp aradan çykýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş