Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/8 sah. 15—17
  • Ata-eneler, çagalaryňyzy bäbeklikden öwrediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ata-eneler, çagalaryňyzy bäbeklikden öwrediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ATA-ENELER HUDAÝYŇ KÖMEGINE MÄTÄÇ
  • «PURSATDAN PEÝDALANYŇ»
  • OGULLAR OK KIMINDIR
  • Çagany bäbeklikden terbiýeläň
    Maşgala bagtynyň syry
  • Çagalaryňyza Ýehowa gulluk etmegi öwrediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Ene-atalar, çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Çagalaryňyza Ýehowany söýmegi öwrediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/8 sah. 15—17

Ata-eneler, çagalaryňyzy bäbeklikden öwrediň

«INE, çagalar Rebden mirasdyr, ýatgynyň miwesi Ondan sylagdyr» (Zeb. 127:3). Şol sebäpli hem çaga dünýä inende, mesihçi ata-eneler örän begenýär.

Ata-eneler çaga doglanda, diňe bir begenmän, eýsem, özüni örän jogapkärli duýýar. Çaga sagdyn uly adam bolup ýetişer ýaly, oňa hemişe ýokumly zatlar iýdirmeli. Ata-eneler çaga hakykat ýolunda berk durar ýaly, ruhy taýdan bilim we görkezme bermeli hem-de Hudaýyň prinsiplerini ýüregine guýmaly (Sül. tym. 1:8). Şeýle bilimi haçan bermeli we muňa nämeler degişli?

ATA-ENELER HUDAÝYŇ KÖMEGINE MÄTÄÇ

Gadymy Ysraýylda Sora şäherinde ýaşan Dan tiresinden Manowa atly bir adamyň mysalyna seredeliň. Hudaýyň perişdesi Manowanyň önelgesiz aýalyna bir ogul dogurjakdygyny aýtdy (Ser. 13:2, 3). Şonda olar gaty alada etdiler. Manowa Hudaýa ýüzlenip: «Ýa Reb! Goý, bize iberilen Hudaýyň adamy ýanymyza ýene-de gelsin hem-de bizden doguljak çaga näme etmelidigimizi öwretsin» diýip ýalbardy (Ser. 13:8). Manowa aýaly bilen çagasyna terbiýe bermek üçin, elinde baryny etdiler. Olar ogly Şimşona Hudaýyň kanunyny öwretdi we olaryň eden tagallasy ýerine düşdi. Mukaddes Ýazgylarda: «Şimşony Rebbiň ruhy galkyndyryp başlady» diýilýär. Iň soňy, Şimşon ysraýylyň serdary bolup, köp uly işler etdi (Ser. 13:25; 14:5, 6; 15:14, 15).

Çagany haçandan terbiýeläp başlamaly? Timoteosy mamasy Lois we ejesi Ewniki «Mukaddes Ýazgylary oglanlykdan» öwretdi (2 Tim. 1:5; 3:15). Şol sebäpli, Timoteos Mukaddes Ýazgylary bäbeklikden bilýärdi.

Mesihçi ata-eneler çagasyna «oglanlykdan» öwredip başlar ýaly, Hudaýdan görkezme bermegi dileg etseler, paýhasly bolar. Süleýmanyň tymsallary 21:5-de: «Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir» diýilýär. Ata-ene çagasy dünýä inmänkä, öňünden taýýarlyk görüp başlaýar. Hatda olar çagasyna gerekli zatlaryň spisogyny düzýärler. Şonuň ýaly olar ruhy işleri hem öňünden planlaşdyrmaly. Olar çagasyna Hudaý barada öwretmegi bäbeklikden başlamagy maksat edinmeli.

Bir kitapda şeýle diýilýär: «Çaga doglansoň, ilkinji aýlar beýniniň ösmegi üçin wajyp döwür hasaplanýar. Şol döwür birnäçe sinapsy (nerw öýjüklerini birleşdirýän ýer) ýigrimi esse köpelip, öwrenmäge ukyply edýär» (Early Childhood Counts—A Programming Guide on Early Childhood Care for Development). Ata-eneler çagasynyň akyl taýdan ösýän bu gysga döwründen peýdalanyp, ruhy pikirleri we prinsipleri aňyna guýsa nähili paýhasly bolar!

Bir pioner uýa gyzjagazy barada şeýle diýýär: «Men gyzymy bir aýlykdan bäri wagza äkidýärin. Ol muňa düşünmese-de, kiçilikden wagza gidendigi üçin, oňa gowy täsir eden bolmaly. Sebäbi ol iki ýaşyndaka, wagyzda adamlara çekinmän kitapça hödür edýärdi».

Çagany ýaşlykdan öwretseň, gowy netije berýär. Emma ata-eneler çagalara Hudaý barada bilim bermegiň aňsat däldigine düşünýärler.

«PURSATDAN PEÝDALANYŇ»

Ata-enelere çaganyň sabyrsyzlygy we uzak wagtlap ünsüni jemläp bilmezligi örän kyn bolýar. Kiçi ýaşly çagalaryň ünsi derrew bir zatdan başga bir zada sowulýar. Onsoňam, olar bilesigeliji bolýar we daş-töweregindäki zatlary öwrenmek isleýär. Ata-eneler öwretjek bolýan zadyna çagasynyň ünsüni jemlemäge nädip kömek edip biler?

Musanyň aýdan sözlerine seredeliň. Kanun taglymaty 6:6, 7-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň. Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin». «Öwret» diýen söz gaýtalap öwretmegi aňladýar. Kiçi çagalar baldak kimindir, olary yzygider suwaryp durmaly. Gaýtalamak uly adamlara wajyp zatlary ýadyndan çykarmaz ýaly kömek edýän bolsa, onda bu kiçi çagalara hökman kömek eder!

Ata-eneler çagalaryna Hudaýyň hakykatyny öwretmek üçin wagt sarp etmeli. Elbetde, häzirki başagaý dünýäde wagt tapmak kyn. Emma Pawlus resul Hudaýyň işleri üçin «pursatdan peýdalanyň», ýagny wagty satyn alyň» diýip maslahat berdi (Efes. 5:15, 16). Nädip wagt tapsa bolýar? Aýaly pioner bolup gulluk edýän bir mesihçi gözegçi çagasyna terbiýe bermek, ýygnagyň işine we dünýewi işine ýetişmek üçin elinde baryny edýär. Olar gyzyna Hudaý barada bilim bermäge nädip wagt tapýar? Dogan şeýle gürrüň berýär: «Men aýalym bilen her gün irden işe gitmezden öň, gyzymyza «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» kitabyny ýa-da «Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň» diýen broşýurany okap berýäris. Agşam ýatmanka-da, oňa ýene-de bir zat okap berýäris we wagza-da bile gidýäris. Biz gyzymyzyň çagalyk döwrüni elden bermek islemeýäris».

OGULLAR OK KIMINDIR

Biz, elbetde, çagalarymyzyň jogapkärli adamlar bolup ýetişmegini isleýäris. Emma biz, esasasanam, olaryň ýüreginde Hudaýa bolan söýgini berkitmeli (Mar. 12:28—30).

Zebur 127:4-de: «Ýaşlyk çagynyň ogullary edermeniň elindäki peýkamlar ýaly» diýilýär. Çagalary ok ýaly nyşana dogry düşürmeli. Ýaý atyjy oky bir sapar atsa, ony hiç haçan yzyna gaýtaryp bilmeýär. Ata-enelere «oklar», ýagny çagalar gysga wagtlyk ynanylýar. Olar şol wagtdan peýdalanyp, çagalarynyň aňyna we ýüregine Hudaýyň prinsiplerini guýmaly.

Ýahýa resul Hudaý barada bilim beren adamlary hakynda: «Meniň oglanlarymyň hakykatda gezýändiklerini eşitmekden uly şatlygym ýok» diýdi (3 Ýahýa 4). Mesihçi ata-eneler hem çagalarynyň «hakykatda gezýändiklerini» görende, Hudaýa minnetdar bolýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş