Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/9 sah. 22—26
  • Paýhasly karara geliň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Paýhasly karara geliň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «SAGDYN DÜŞÜNJE» BILEN KARARA GELIŇ
  • «SAÝGARMA UKYPLARYŇYZY» TERBIÝELÄŇ
  • DOGRULYK ETMEK ISLEGIŇIZI ARTDYRYŇ
  • PAÝHASLY KARARA GELIP, BEREKETLER ALYŇ
  • Paýhasly karara gelip, imanyňyzy görkeziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Hudaýy şöhratlandyrýan karara geliň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Siz nädip karara gelýärsiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • «Her kim öz ýüküni özi götermeli»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/9 sah. 22—26

Paýhasly karara geliň

«Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla». SÜL. TYM. 3:5

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Sagdyn düşünje bilen karara gelmek nämäni aňladýar?

  • Paýhasly karara gelmek ukybyny ösdürmäge näme kömek edýär?

  • Gelen kararymyza görä hereket etmäge bize näme kömek edýär?

1, 2. Siz karara gelmegi gowy görýärmisiňiz we kararlaryňyzyň käbirine nähili garaýarsyňyz?

BIZ her gün ençeme kararlara gelmeli bolýarys. Siz karara gelmeli bolanyňyzda näme edýärsiňiz? Käbir adamlar şahsy meselelerde çekinmän karara gelýärler. Olar muny etmäge özlerini hakly hasaplaýarlar we hiç kime olara derek karara gelmäge ýol bermeýärler. Emma käbir adamlar wajyp meselelerde karara gelmäge gorkýarlar. Käbirleri bolsa gerekli maslahaty kitaplardan gözleýärler ýa-da maslahat berýän adamlara ýüz tutup, köp pul harçlaýarlar.

2 Biziň hem köpümiz şeýle ýagdaýlara duş gelýäris. Elbetde, käbir meseleleri çözmäge biziň hakymyzyň ýokdugyna düşünýäris. Emma durmuşyň käbir ýagdaýlarynda biz öz islegimize görä karara gelýäris (Gal. 6:5). Ýöne biz ähli gelen kararlarymyzyň paýhasly we peýdaly däldigine göz ýetiren bolsak gerek.

3. Karara gelmäge kömek edýän nähili görkezmeler bar we näme üçin dogry karara gelmek hemişe aňsat bolmaýar?

3 Bize, ýagny Ýehowanyň gullukçylaryna durmuşyň wajyp meselelerinde paýhasly karara gelmek üçin aýdyň görkezmeler berilýär. Biz muňa örän begenýäris! Eger biz olara eýersek, onda biziň gelýän kararlarymyz Ýehowanyň göwnünden turar we bize-de peýda getirer. Emma Hudaýyň Sözünde ähli meseleler babatda anyk görkezme berilmeýär. Biz şeýle ýagdaýlarda nädip dogry karara gelip bileris? Meselem, biz ogrulyk etmeli däldigini bilýäris (Efes. 4:28). Emma ogrulyk diýip nämä aýtsa bolar? Bu ogurlanan zadyň bahasyna ýa-da ony näme niýet bilen edilýändigine bagly bolýarmy? Anyk görkezme berilmedik meselelerde nädip paýhasly karara gelip bolar? Bu babatda bize näme kömek eder?

«SAGDYN DÜŞÜNJE» BILEN KARARA GELIŇ

4. Karara gelmeli bolanymyzda, bize nähili maslahat berilmegi mümkin?

4 Biz belli bir mesele babatda wajyp karara gelmeli bolanymyzda, imandaşymyz bize sagdyn düşünje bilen hereket etmegi maslahat berip biler. Elbetde, bu örän gowy maslahat. Mukaddes Ýazgylar bize howlugyp hereket etmezlik babatda şeýle diýýär: «Alňasak adamlaryň barysy diňe garyplyga barýandyr» (Sül. tym. 21:5). Emma sagdyn düşünje bilen karara gelmek nämäni aňladýar? Bu diňe belli bir mesele babatda gowy oýlanmalydygyny we paýhasly bolmalydygyny aňladýarmy? Elbetde, dogry karara gelmek üçin bularyň ikisi-de wajyp, emma sagdyn düşünje bilen hereket etmek has köp zady öz içine alýar (Rim. 12:3; 1 Pet. 4:7).

5. Biz näme üçin kämil derejede sagdyn düşünjeli bolup bilmeýäris?

5 Biziň hiç birimiz kämil derejede sagdyn düşünje bilen dünýä inmeýäris. Näme üçin? Biziň ählimiz günäli we bikämil, şol sebäpli-de biz «sagdyn» oýlanyp hem pikirlenip bilmeýäris (Zeb. 51:5; Rim. 3:23). Şeýle-de biziň köpümiz öň Ýehowanyň adyl kadalary boýunça ýaşaman, Şeýtan tarapyndan «akyllary küteldilen» adamlar bilen gatnaşýardyk (2 Kor. 4:4; Titus 3:3). Ähtimal, biz belli bir karara gelmezden öň gowy oýlanýandyrys, emma diňe özümiziň dogry we paýhasly hasaplaýan zatlarymyza görä hereket edip, öz-özümizi aldaýandyrys (Sül. tym. 14:12).

6. Sagdyn düşünjäni ösdürmäge näme kömek eder?

6 Biz bikämil bolsak-da, gökdäki Atamyz Ýehowa hemme taraplaýyn kämildir (Kan. tag. 32:4). Ol bize pikirimizi özgerdip, sagdyn düşünjäni ösdürmäge kömek edýär (2 Timoteos 1:7-i okaň). Biz mesihçiler hökmünde dogry pikirlenip, şoňa görä hereket etmek isleýäris. Biz öz pikirdir duýgularymyza erk edip, Ýehowanyň pikirine we duýgularyna eýermeli hem-de Onuň eden işlerinden görelde almaly.

7, 8. Bir är-aýalyň sagdyn düşünjä eýerip, dogry karara gelşi hakda gürrüň beriň.

7 Daşary ýurda işlemäge giden adamlaryň käbiri dünýä inen çagasyny öz ata-enesiniňkä ugradýarlar. Sebäbi olar işläp, pul gazanmak isleýärlera. Geliň, bir mysala seredeliň. Daşary ýurda ýanýoldaşy bilen işlemäge giden bir aýalyň oguljagazy dünýä inýär. Şol döwür ol aýal Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, ruhy taýdan ösüp başlaýar. Bu är-aýalyň dostlary we dogan-garyndaşlary çagany babalarynyňka ugratdyrjak bolýarlar. Emma ol aýal Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärkä, çagasyny terbiýelemekde özüniň jogapkärdigine düşünýär (Zeb. 127:3; Efes. 6:4). Ol daş-töweregindäki adamlaryň täsirine düşüp, olaryň paýhasly hasaplaýan maslahatyna eýerermi ýa-da maddy taýdan ýetmezçilik çekmeli bolsa-da, Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryna görä hereket eder? Eger siz şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz näme ederdiňiz?

8 Bu aýal adamlaryň aýdýan sözleri zerarly uly ünjä düşýär we Ýehowadan görkezme sorap, ýürekden doga edýär. Ol bu hakda sapak geçýän uýamyz we ýygnagyň başga agzalary bilen gürrüňdeş bolup, Ýehowanyň muňa nähili garaýandygyna düşünýär. Şeýle-de ol çagasynyň kakasyz we ejesiz ulalsa, duýgy taýdan ejir çekjekdigi barada oýlanýar. Ol bu babatda Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigine seredip, çagasyny öz ýanynda galdyrmak kararyna gelýär. Onuň ýanýoldaşy ýygnak agzalarynyň agzybirlikde kömek edişini we çagasynyň bagtly hem-de sagdyn önüp-ösüşini görüp, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýar we aýaly bilen ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýar.

9, 10. Sagdyn düşünje bilen karara gelmek nämäni aňladýar we biz muny nädip edip bileris?

9 Ýokarda gürrüň berlen wakadan görnüşi ýaly, biz sagdyn düşünje bilen karara gelmek üçin başgalaryň dogry, paýhasly we ýerlikli hasaplaýan zatlaryna eýermeli däl. Biziň bikämil aň-düşünjämizi we ýüregimizi yza galýan ýa-da öňe gidýän sagat bilen deňeşdirse bolar. Biz oňa eýersek, kyn ýagdaýlara düşmegimiz mümkin (Ýer. 17:9). Şol sebäpli biz Hudaýyň kada-kanunlary arkaly pikirimizi we ýüregimizi barlap durmaly (Işaýa 55:8, 9-njy aýatlary okaň)b.

10 Bu babatda bize Mukaddes Ýazgylarda ýerlikli maslahat berilýär: «Öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» (Sül. tym. 3:5, 6). Üns beren bolsaňyz, «öz düşünjäňe daýanma» diýlen sözlerden soň «ony (Ýehowany) tana» diýilýär. Diňe Ýehowada ýokary derejeli sagdyn düşünje bar. Diýmek, biz belli bir karara gelmeli bolanymyzda, Mukaddes Ýazgylary okap, Hudaýyň garaýşyny biljek bolmaly. Soňra bilen zatlarymyza görä karara gelmeli. Şonda biz Ýehowanyň pikirine eýerip, sagdyn düşünje bilen karara geleris.

«SAÝGARMA UKYPLARYŇYZY» TERBIÝELÄŇ

11. Paýhasly karara gelmek üçin näme etmeli?

11 Dogry karara gelip, şoňa görä hereket etmek hemişe aňsat bolmaýar. Bu, esasan-da, ýaňy hakykata gelenlere ýa-da ruhy taýdan ösüp başlanlara kyn bolmagy mümkin. Emma ruhy taýdan «çaga» hasaplanýanlar-da, paýhasly karara gelmegi öwrenip bilerler. Geliň, çaganyň ilkinji ädimleri ätmegi öwrenişini göz öňüne getireliň. Ol gysgajyk ädimler ädip, muny ençeme gezek gaýtalaýar. Ruhy taýdan «çaga» hasaplanýanlar hem paýhasly karara gelmegi şeýdip öwrenýärler. Pawlusyň şu aýdan sözlerini ýada salalyň: «Saýgarma ukyplary ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirilip, terbiýe edilenlere berilýändir». «Öwrenişdirilip, terbiýe edilenler» diýen jümle dowamly hereketi we gaýta-gaýta tagalla etmelidigini görkezýär. Esasan-da, ýaňy hakykata gelenler şeýle etmäge jan etseler gowy bolar (Ýewreýler 5:13, 14-nji aýatlary okaň).

12. Paýhasly karara gelmek ukybyny ösdürmäge näme kömek edýär? Mysal getiriň.

12 Ýokarda aýdylyşy ýaly, biz her gün ençeme kararlara gelmeli bolýarys. Olaryň käbiri wajyp, käbiri bolsa ýönekeý bolup biler. Geçirilen bir barlaga görä, gelinýän kararlaryň 40 göterimi adamlaryň pikirlenmän we öňki endigine görä edýändigini görkezýär. Aýdaly, siz her gün irden nähili egin-eşik geýmelidigi barada pikir edýärsiňiz. Ýöne siz muny ujypsyz zat hasaplap, geýjek zadyňyzy oýlanman saýlaýansyňyz. Emma egin-eşigiňiziň Hudaýyň gullukçysyna ýaraşjakdygy ýa-da ýaraşmajakdygy barada pikirlenmek örän wajyp (2 Kor. 6:3, 4). Belki-de, siz egin-eşik satyn almakçy bolanyňyzda, soňky çykan moda barada oýlanýansyňyz. Emma onuň bahasy we salykatly geýinmek hakda pikirlenýärmisiňiz? Bu meselelerde dogry karara gelsek, saýgarma ukyplarymyzy ösdürmäge kömek eder. Şonda bu bize has wajyp meselelerde-de dogry karara gelmäge ýardam berer (Luka 16:10; 1 Kor. 10:31).

DOGRULYK ETMEK ISLEGIŇIZI ARTDYRYŇ

13. Gelen kararyňa görä hereket etmäge näme kömek edip biler?

13 Dogry karara gelmekligiň we ony ýerine ýetirmekligiň arasynda tapawut bar. Meselem, adam çilim çekmegi goýmaly diýen karara gelýär, ýöne onuň ýeterlikli derejede islegi bolmaýar. Gelen kararyňa görä hereket etmek üçin tutanýerli bolmak gerek. Käbir adamlar özüňe erk etmeklik güýjüni beden myşsasy bilen deňeşdirýärler. Adam näçe köp türgenleşse, onuň myşsasy şonça-da güýçli bolýar. Emma seýrek türgenleşse, ol gowşak bolýar. Eýsem, gelen kararymyza görä hereket etmek islegini artdyrmaga näme kömek edip biler? Elbetde, biz Ýehowanyň kömegine bil baglamaly (Filipililer 2:13-i okaň).

14. Pawlusa bilýän zatlaryna görä dogry hereket etmäge näme güýç berýärdi?

14 Pawlus munuň şeýledigine öz durmuşynda göz ýetirip: «Mende gowulyk islegi bar, ýöne gowy zady etmegi başarmaýaryn» diýdi. Ol näme etmelidigini gowy bilse-de, oňa nämedir bir zat päsgel berýärdi. Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň kanunyndan içki tebigatyma görä lezzet tapmaýaryn. Öz synalarymda başga bir kanuny görýärin. Ol pikirimiň kabul eden kanunyna garşy söweşip, meni synalarymdaky günä kanunyna ýesir edýär». Pawlus çykalgasyz ýagdaýdadymy? Elbetde, ýok. Ol şeýle sözleri aýtdy: «Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaýa şükür edýärin» (Rim. 7:18, 22—25). Pawlus başga bir hatynda: «Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» diýip ýazdy (Flp. 4:13).

15. Aýgytly hereket etmek näme üçin wajyp?

15 Dogrudan-da, Hudaýyň göwnünden turmak üçin aýgytly hereket etmek gerek. Ylýas pygamberiň Karmel dagynda Bagala sežde edýänlere we Ýehowa garşy çykan ysraýyllylara aýdan sözlerini ýada salalyň: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň» (1 Pat. 18:21). Elbetde, ysraýyllylar näme etmelidigini gowy bilýärdiler, ýöne şonda-da olar «yraň atyp», ikirjiňlenýärdiler. Emma olardan tapawutlykda, ençeme ýyl mundan öň Ýeşuwa ajaýyp görelde galdyrdy. Ol ysraýyllylara şeýle diýdi: «Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň... Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin» (Ýeş. 24:15). Ýeşuwanyň aýgytly hereketi nähili netije berdi? Ýeşuwa we onuň tarapdarlary «süýt we bal akýan ýurdy», ýagny Wada edilen diýary miras aldylar (Ýeş. 5:6).

PAÝHASLY KARARA GELIP, BEREKETLER ALYŇ

16, 17. Hudaýyň islegine görä karara gelmegiň nähili bereketler getirýändigini gürrüň beriň.

16 Geliň, biziň günlerimizde bolan waka seredeliň. Bir doganymyzyň üç çagasy bardy. Onuň suwda çokundyrylandygyna köp wagt geçmändi. Bir gün onuň işdeşi gowy hak tölenýän işe geçmegi teklip edýär. Şonda doganymyz bu hakda oýlanyp, doga edýär. Onuň häzirki işleýän ýerinde az pul tölense-de, dynç günleri ýygnak duşuşyklaryna barmaga we maşgalasy bilen wagyz etmäge mümkinçiligi bardy. Ol täze işe geçse, gün tertibini üýtgetmelidigi we ruhy işlere wagtynyň az galjakdygy hakda oýlanýar. Şeýle ýagdaýda siz nähili karara gelerdiňiz?

17 Doganymyz ruhy bereketler bilen köp hak tölenýän işi deňeşdirip görýär we ol işden ýüz öwürýär. Doganymyz gelen kararyna ökündimikä? Elbetde, ýok. Ol ruhy bereketleriniň özüne hem-de maşgala agzalaryna ýokary aýlykdan-da, has peýdaly boljakdygyna düşünýär. Onuň 10 ýaşly uly gyzy ata-enesini, dogan-uýalary we Ýehowany ýürekden söýýändigini aýdanda, muňa kakasy bilen ejesi örän begenýär. Şeýle-de ol özüni Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyrylmak isleýändigini aýdýar. Doganymyz Ýehowany durmuşynda birinji orunda goýdy. Onuň bu ajaýyp göreldesi gyzyna güýçli täsir etdi. Munuň üçin gyzy kakasyna, gör, nähili minnetdardyr!

18. Her gün paýhasly karara gelmek näme üçin wajyp?

18 Musadan uly bolan Isa Mesih Şeýtanyň dünýäsinde ençeme ýyllardan bäri Ýehowa edilýän hakyky seždä ýolbaşçylyk edip gelýär. Ýeşuwadan uly bolan Isa häzir zalym dünýäniň soňuna çykmaga we şägirtlerini dogrulyk höküm sürjek Wada edilen täze dünýä alyp barmaga taýýarlanýar (2 Pet. 3:13). Şol sebäpli häzir öňki pikirimize, endiklerimize, gymmat saýýan zatlarymyza we isleglerimize dolanmagyň wagty däl. Şu günler Hudaýyň islegine has aýdyň düşünmegiň tüýs wagtydyr (Rim. 12:2; 2 Kor. 13:5). Goý, siziň her gün gelýän kararlaryňyz Hudaýyň berjek ebedi patalaryny almak isleýändigiňizi görkezsin (Ýewreýler 10:38, 39-njy aýatlary okaň).

a Käbir är-aýallar çagasyny başga sebäp bilen hem ata-enesiniňkä ugradýarlar. Olar muny ata-enesiniň dostlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň ýanynda agtygyna guwanyp hem öwünip bilmekleri üçin edýärler.

b Işaýa 55:8 «Meniň pikirlerim siziň pikirleriňiz däl, siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl» diýýär Reb. 9 Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa, Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan, Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş