55-NJI SAPAK
Ýygnak üçin kömegiňi gaýgyrma!
Bütin dünýäde müňlerçe ýygnak bar. Millionlarça adamlaram şol ýygnaklarda Ýehowa şadyýan gulluk edýärler. Olar ýygnaklarda Hudaýdan görkezme we öwüt-ündew alýandygyna begenýärler. Şeýle-de olar ýygnaga kömek etmek üçin elinde baryny edýärler. Belki-de, senem ýygnakda alýan bilimleriň üçin Ýehowa sagbolsun aýdasyň gelýändir. Ýygnak üçin köp zat edesiň gelýändir.
1. Ýygnaga kömek etmegiň nähili usullary bar?
Ýygnaga kömek etmek üçin dürli mümkinçilikler bar. Meselem, siziňem ýygnagyňyzda garry ýa-da ýarawsyz dogan-uýalar bardyr. Siz olara ýygnaga gatnamaga kömek edip bilersiňiz. Şeýle-de dükana gidip, gerek zatlaryny satyn almaga ýa-da öý işlerini etmäge kömek edip bilersiňiz (Ýakup 1:27-ni oka). Biz Ýygnak jaýyny arassalamaga, döwlen zatlaryny bejermäge kömek edip bilýäris. Şeýle işleri höwes bilen edýäris, bizi hiç kim mejbur etmeýär (Zebur 110:3).
Biz Hudaýy we dogan-uýalary söýýändigimiz üçin höwes bilen hyzmat edýäris. Suwa çümdürilen dogan-uýalar ýygnakda hasam köp işleri edip bilýärler. Mukaddes Kitapdaky talaplara laýyk gelýän doganlar ýygnakda hyzmatçy, soňra ýaşuly bolup gulluk edip bilýärler. Doganlaram, uýalaram pioner bolup bilýärler, ýagny köpräk wagyz edip bilýärler. Käbir dogan-uýalar bolsa, Ýygnak jaýynyň gurluşyk işine gatnaşyp ýa-da kömek gerek ýere göçüp bilýärler.
2. Ýygnaga ýene nädip kömek edip bileris?
Biz: «Ýehowany sylap, mal-mülkümizden» sadaka berip bilýäris (Nakyllar 3:9). Biz öz ýygnagymyzy ýa-da bütindünýä wagyz işini goldamak üçin pul kömegini we başga zatlary höwes bilen berýäris (2 Korinfliler 9:7-ni oka). Pul sadakalar tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalara kömek etmek üçin ulanylýar. Köp dogan-uýalar her aý «göwnünden çykaran puly süýşürip goýup» sadaka berýär (1 Korinfliler 16:2-ni oka). Mundan başga-da, biz Ýygnak jaýlarynda goýlan gutulara pul atyp bilýäris ýa-da donate.jw.org saýty arkaly sadaka berip bilýäris. Sadaka berip, Ýehowany söýýändigimizi görkezýäris.
SÖHBETDEŞLIK
Ýygnaga kömek etmegiň usullaryna seredeliň.
3. Pul kömegini beriň
Ýehowa we Isa jomart adamy gowy görýär. Bir gezek Isa ybadathanada garyp dul aýalyň pul atanyny görüp begenýär. Ol özüniň barja zadyny sadaka berdi. Luka 21:1—4-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowany begendirmek üçin köp zat bermelimi?
Ýürekden sadaka bersek, Ýehowa bilen Isa nähili täsir edýär?
Pul sadakalaryň nämä ulanylýandygyny bilmek üçin, WIDEONY görüň. Soňra aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Pul sadakalary bütin dünýädäki dogan-uýalara nädip kömek edýär?
4. El kömegini beriň
Gadymy döwürde Hudaýyň gullukçylary Ýehowanyň öýi üçin diňe bir pul kömegini bermän, el kömegini hem beripdirler. Olar Hudaýa sežde edýän ýerlerini abat saklamak üçin güýjüni gaýgyrmandyrlar. 2 Taryh 34:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowanyň öýüni abat saklamak üçin ysraýyllylaryň her biri nädip goşant goşupdyr?
Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary hem olardan görelde alýarlar. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýygnak jaýyny näme üçin arassa hem abat saklamaly?
Siz nädip goşandyňyzy goşup bilersiňiz?
5. Ýygnakda doganlar has köp işleri edip bilýär
Mukaddes Kitapda doganlaryň ýygnak üçin köp işleri edip biljekdigi aýdylýar. Munuň bir usuly wideoda görkezilýär. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Raýan ýygnakda köp iş etmek üçin näme etdi?
Mukaddes Kitapda doganlaryň ýygnakda hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolmak üçin nähili talaplara laýyk gelmelidigi aýdylýar. 1 Timoteos 3:1—13-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolup gulluk etmek isleýän dogandan näme talap edilýär?
Onuň maşgalasy nähili talaplara laýyk gelmeli? (4, 11-nji aýatlara serediň).
Eger doganlar şeýle maksatlary goýup, oňa ýetmäge jan etseler näme peýdasy bar?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Ýehowanyň Şaýatlary şonça işi etmek üçin puly nireden alýar?»
Sen nädip düşündirerdiň?
ESASY PIKIRLER
Ýygnakda el kömegini, pul kömegini bersek ýa-da başga-da köp işleri etsek, Ýehowa begenýär.
Gaýtalamak
Ýygnaga kömek etmegiň nähili usullary bar?
Pul kömegini berip ýygnagy nädip goldap bilersiň?
Seniň ýygnaga nädip kömek edesiň gelýär?
KÖPRÄK BILIŇ
Hudaý häzirki gullukçylaryndan bar zadynyň ondan bir bölegini bermegi talap etmeýär.
«Mukaddes Kitapda ondan bir bölegi bermek hakda näme diýilýär?» (Internet makala)
Mukaddes Kitaba görä, suwa çümdürilen doganlara köp borçlar ynanylýar. Eger şol borçlary aýal maşgala etmeli bolsa näme?
Kynçylyklara garamazdan edebiýatlary paýlaýan janaýamaz doganlar hakda biliň.
Guramada edilýän çykdajylaryň nädip ödelýändigini we onuň başga dinlerden tapawutlanýandygyny biliň.
«Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasyndaky çykdajylar nädip ödelýär?» (Internet makala)