43-NJI MAKALA
Allanyň akyldarlygy ýaň salýar
«Akyldarlyk köçelerde gygyrýar, sesi şäher meýdançalarynda eşidilýär» (Nak. 1:20).
88-NJI AÝDYM Ýollaryňy öwret
MAZMUNYa
1. Köp adamlar akyldarlyk sözlerine nähili garaýarlar? (Nakyllar 1:20, 21).
DÜNÝÄNIŇ dürli künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar adamlara wagyz edýärler we edebiýat teklip edýärler. Belki, sizem wagyz edeniňizde edebiýat teklip edip görensiňiz. Şonda siz «Nakyllar» kitabynda aýdylýan «akyldarlyk köçelerde gygyrýar» diýen sözleriň dogrudygyna göz ýetirensiňiz (Nakyllar 1:20, 21-nji aýatlary okaň). Akyldar bolmak üçin Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okamaly. Olarda Ýehowanyň «akyldarlygy» barada ýazylan. Ýehowanyň akyldarlygy adamy ebedi ýaşaýşa eltýär. Adamlar edebiýatlary alsalar begenýäris, emma käbiri olary almaýarlar we Mukaddes Kitapda ýazylan zatlar bilen ylalaşmaýarlar. Käbirleri bolsa üstümizden gülýärler. Olar Mukaddes Kitaby könelişen hasaplaýarlar. Käbirleri bolsa Mukaddes Kitabyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaýarlar. Olara eýerip ýaşaýanlary öte dogruçyl hasaplaýarlar. Ýehowa şonda-da hemme adamlara akyldarlygyny berýär. Nädip?
2. Akyldarlyk sözleri nirede ýazylan? Emma köp adamlar näme edýärler?
2 Akyldar Hudaý Ýehowany tanamak üçin Mukaddes Kitaby okamaly. Köp Mukaddes Kitaby adam öz ene dilinde okap bilýärler. Ondaky aýatlar edebiýatlar arkaly düşündirilýär. Edebiýatlar 1 000-den gowrak dile terjime edilýär. Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okap, maslahatlaryna eýerýän adamlar bereket alýarlar. Emma köp adamlar Ýehowanyň akyldarlyk sözlerini diňlemeýär. Gaýtam edenini edip ýaşaýar we adamlaryň berýän maslahatyny diňleýär. Olar hatda Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerýänleriň üstünden gülýärler. Şu makalada olaryň näme üçin şeýle edýändigini bileris. Ilki bilen, Ýehowanyň akyldarlygyna nädip eýerip biljekdigimiz barada gürrüň edeliň.
ÝEHOWANYŇ BERÝÄN BILIMI AKYLDAR EDÝÄR
3. Akyldar bolmak üçin näme etmeli?
3 Akyldar adam dogry karara gelip bilýär. Emma Mukaddes Kitapda agzalýan akyldarlyk has köp zady aňladýar. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr. Mukaddes Hudaýyň bilimi düşünje berýär» (Nak. 9:10). Biz «mukaddes Hudaýyň bilimine» eýersek dogry karara gelip bileris. Munuň üçin Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okamaly. Şonda akyldar bolup bileris (Nak. 2:5—7).
4. Bizi kim akyldar edip bilýär we näme üçin?
4 Diňe Ýehowa bize akyldarlyk berip bilýär (Rim. 16:27). Näme üçin? Birinjiden, Ýehowanyň akyldarlygynyň çägi ýok. Ol ýaradan zatlary barada ähli zady bilýär (Zeb. 104:24). Ikinjiden, Ýehowanyň ýaradan zatlaryndan akyldarlygy görünýär (Rim. 11:33). Üçünjiden, Ýehowanyň berýän maslahatlary akyldar edýär (Nak. 2:10—12). Eger biz akyldar bolmak islesek, Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny bilmeli we olara eýerip ýaşamaly.
5. Ýehowanyň akyldarlygyna eýermeýän adamlaryň durmuşy nähili bolýar?
5 Köp adamlar owadan we täsin tebigata haýran galýarlar. Ýöne ony Ýaradana ynanmaýarlar. Käbirleri bolsa Hudaýa ynanýarlar, emma Mukaddes Kitaby gadymy kitap hasaplap, kada-kanunlaryna eýermeýärler we öz isleýşi ýaly ýaşaýarlar. Hudaýyň däl-de, öz akyldarlygyna eýerýän adamlaryň durmuşy nähili? Olar bagtlymy? Gelejege umydy barmy? Aslynda, biz Ýehowadan akyldarlyk dilemeli. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Ýehowanyň niýetine päsgel berjek akyldarlyk, parasatlylyk we maslahat ýokdur» diýilýär (Nak. 21:30). Gynansak-da, köp adamlar Ýehowadan akyldarlyk dilemeýärler. Näme üçin?
KIMLER HUDAÝYŇ AKYLDARLYGYNY DIŇLEMEÝÄR?
6. Nakyllar 1:22—25-nji aýatlara görä, kimler Ýehowanyň akyldarlygyny diňlemeýär?
6 Köp adamlar Ýehowanyň akyldarlygyny diňlemek islemeýärler. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň akyldarlygyndan ýüz öwürýän üç topar barada aýdylýar. Olar «sadalar», «ýaňsylaýjylar» we «akmaklar» (Nakyllar 1:22—25-nji aýatlary okaň). Geliň, olaryň Ýehowanyň akyldarlygyny näme üçin diňlemek islemeýändikleri hakda bileliň. Şeýle-de olaryň täsirine düşmez ýaly näme etmelidigi barada gürrüň edeliň.
7. Käbir «sada adamlar» aldanýandyklaryny bilseler-de näme edýärler we näme üçin?
7 «Sada adamlar» kim näme diýse ynanyp ýörýärler. Olary aldamak aňsat (Nak. 14:15). Biz wagyzda sada adamlara duşýarys. Dini we syýasy ýolbaşçylar millionlarça sada adamlary aldaýarlar. Olaryň käbiri özleriniň aldanandyklaryny bilenlerinde ör-gökden gelýärler. Emma Nakyllar 1:22-de agzalýan sada adamlar dini we syýasy ýolbaşçylaryň aldaýandyklaryny bilseler-de olary goldaýarlar (Ýer. 5:31). Olar islän zadyny edýärler, Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşajak hem bolmaýarlar. Kanadaly dindar aýal dogana şeýle diýýär: «Ruhany ýalan sözlese, günäsi öz boýnuna, maňa näme?!» Köp sada adamlar hem şeýle pikir edýärler. Geliň, olara meňzemäliň! (Nak. 1:32; 27:12).
8. Sada däl-de, düşünjeli adam bolmaga näme kömek edýär?
8 Mukaddes Kitap sada däl-de, uly adam ýaly düşünjeli bolmagy maslahat berýär (1 Kor. 14:20). Biz Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşasak, paýhasly adam bolarys, köp kynçylyklaryň öňüni alarys we dogry karara geleris. Elbetde, biz Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygymyzy barlap durmaly. Meselem, siz Mukaddes Kitaby her gün okap, ýygnaklara yzygiderli gatnaşýarsyňyz. Onda Ýehowa özüňizi bagyş edip suwa çümdürilmäge nämäniň päsgel berýändigi hakda oýlanyp bilersiňiz. Ýa-da suwa çümdürilen bolsaňyz ökde wagyzçy we mugallym bolmak barada pikirlenip bilersiňiz. Siz Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna esaslanyp karara gelýärsiňizmi? Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürýärsiňizmi? Adamlar bilen oňşukly ýaşaýarsyňyzmy? Siz ýene-de nämeleriň üstünde işlemelidigini bilseňiz, Ýehowanyň «tejribesiz adamy paýhasly edýändigi» barada oýlanyň (Zeb. 19:7).
9. «Ýaňsylaýjylaryň» Hudaýyň akyldarlygyna eýermeýändigi nämeden görünýär?
9 «Ýaňsylaýjylar» Hudaýyň akyldarlygyna eýermek islemeýärler. Biz wagyz edenimizde-de şeýle adamlara duş gelýäris. Olar adamlary kemsidip, üstünden gülmekden keýp alýarlar (Zeb. 123:4). Mukaddes Kitapda soňky günlerde ýaňsylaýjylaryň köpeljekdigi aýdylýar (2 Pet. 3:3, 4). Olaryň käbiri Lutuň gyzlaryna öýlenjek ýigitler ýaly Hudaýyň duýduryşlaryna gulak asmaýarlar (1 Mus. 19:14). Olar Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýan adamlary ýaňsylaýarlar, sebäbi özleri «erbet höweslerine görä ýaşaýarlar» (Ýahd. 7, 17, 18). Ýaňsylaýjy adamlaryň garaýşy imandan dänenleriňkä meňzeýär.
10. Zebur 1:1-e görä, ýaňsylaýjylaryň täsirine düşmez ýaly näme etmeli?
10 Ýaňsylaýjylaryň täsirine düşmez ýaly näme etmeli? Hemmelerden nägile bolup ýörýän adamlar bilen gatnaşmaly däl (Zebur 1:1-i okaň). Biz imandan dänenleriň aýdýanlaryny diňlemekden we ýazýan zatlaryny okamakdan seresap bolmaly. Eger seresap bolmasak, imanymyz gowşar we Ýehowanyň guramasy arkaly berýän görkezmelerine şübhelenip, nägile bolup başlarys. Şol sebäpli özümize şeýle soraglary bermeli: «Men guramanyň berýän görkezmelerine we täzeçe düşündirişlerine nägile bolýarynmy? Ýolbaşçylyk edýän doganlardan kemçilik gözleýärinmi?» Eger sizde şübhe döräp başlan bolsa, haýal etmän garaýşyňyzy düzediň. Ýehowa hem sizden razy bolar (Nak. 3:34, 35).
11. «Akmaklar» Ýehowanyň ahlak kadalaryna nähili garaýarlar?
11 «Akmak» adamlar hem Hudaýyň akyldarlygyna eýermeýärler. Olar Hudaýyň ahlak kadalaryna görä ýaşaman, özleriniň dogry hasaplaýan zatlaryny edýärler (Nak. 12:15). Olar akyldar Hudaý Ýehowadan ýüz öwürýärler (Zeb. 53:1). Akmaklar Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýan adamlary tankytlaýarlar we üstünden gülýärler. Emma Mukaddes Kitapda: «Akmak üçin akyldarlyk elýetmez, şäher derwezesinde aýdara söz tapmaz» diýilýär (Nak. 24:7). Diýmek, akmaklar bize peýdaly maslahatlary berip bilmeýär. Şol sebäpli Ýehowa: «Akmak adamdan uzakda dur» diýip maslahat berýär (Nak. 14:7).
12. Akmak adamlara meňzemez ýaly näme etmeli?
12 Biz Hudaýyň akyldarlygyna eýermeýän akmak adamlara meňzemek islemeýäris. Biz Ýehowany söýýäris we Onuň ahlak kadalaryna eýerip ýaşaýarys. Hudaýa gulak asmagyň we asmazlygyň netijesi hakda oýlananymyzda Ýehowa söýgimiz has-da artýar. Ýehowanyň maslahatlaryna eýermeýän akmak adamlar başyna köp kynçylyklary satyn alýar. Siz Hudaýa gulak asyp nähili bereketleri aldyňyz? (Zeb. 32:8, 10).
13. Ýehowanyň maslahatyna gulak asýan we asmaýan adamlara näme bolar?
13 Ýehowa hemme adamlara akyldarlyk berýär, emma hiç kimi mejburlyk bilen diňletmek islemeýär. Ol akyldarlygyny diňlemedik adamlaryň heläkçilige uçrajakdygyny duýdurýar (Nak. 1:29—32). Eger adam Ýehowa gulak asmasa, eli bilen edenini egni bilen çeker. Olar gaýgy-aladadan, kynçylykdan kösenip, iň soňunda heläk bolar. Ýehowa gulak asýan adamlara şeýle wada berýär: «Maňa gulak asan adam asuda ýaşar, betbagtçylyk döwri kalby rahat bolar» (Nak. 1:33).
HUDAÝYŇ AKYLDARLYGYNA EÝERIŇ, BEREKET ALYŇ
Ýygnaklarda jogap bermek imanyňy berkidýär (15-nji abzasa serediň).
14, 15. Ýüregimizi goramak üçin näme etmeli? (Nakyllar 4:23).
14 Hudaýyň berýän akyldarlygy hemmelere peýdaly. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, Ýehowa akyldarlygyny ähli adamlara bolluk bilen berýär. Meselem, «Nakyllar» kitabynyň ýazylanyna ençeme asyr geçenem bolsa, ondaky maslahatlar her birimize peýda berýär. Geliň, «Nakyllar» kitabyndaky dört maslahata seredeliň.
15 Ýüregiňizi goraň. Mukaddes Kitapda: «Ähli zatdan öňürti ýüregiňi gora, sebäbi ol ýaşaýşyň gözbaşydyr» diýilýär (Nak. 4:23). Biz ýüregimizi goramak üçin sagdyn iýmitlenmeli, beden maşkyny etmeli we erbet endikleri taşlamaly. Edil şonuň ýaly, göçme manydaky ýüregimizi goramak üçin her gün Hudaýyň Sözüni okamaly, ýygnaklara öňünden taýýarlanmaly, jogap bermeli we yhlasly wagyz etmeli. Şeýle-de aňymyzy zäherleýän ahlaksyz göwün açmalardan seresap bolmaly we ýaman ýaranlar bilen gatnaşmaly däl.
Alla şükür edip ýaşasak barymyza kaýyl bolarys (16-njy abzasa serediň).
16. Nakyllar 23:4, 5-nji aýatlardaky maslahata näme üçin eýermeli?
16 Şükür edip ýaşaň. Mukaddes Kitapda şeýle maslahat berilýär: «Baýajak bolup janyňy gynama... Gözüňi baýlyga dikersiň welin, ol gaýyp bolar, bürgüt deý ganat ýaýyp, asmana uçup gider» (Nak. 23:4, 5). Baýlaram, garyplaram pul gazanjak bolup hars urýar. Olar pul gazanmak üçin abraýdan gaçýarlar, dostlaryndan geçýärler, hatda jan-saglygyna zyýan ýetirýärler. Gynansak-da, adam mal-mülküni bir günüň içinde ýitirip bilýär (Nak. 28:20; 1 Tim. 6:9, 10). Ýehowanyň akyldarlygy bolsa baýlygyň ugrunda hars urman paýhasly bolmaga kömek edýär. Biz barymyza kaýyl bolsak, özümizi bagtly duýarys (Nes. 7:12).
Oýlanyp geplesek dogan-uýalaryň ýüregine ýara salmarys (17-nji abzasa serediň).
17. Sözlerimiz adamyň derdine derman bolar ýaly näme etmeli? (Nakyllar 12:18).
17 Oýlanyp gepläň. Biz oýlanman geplesek adamlaryň göwnüne degip bileris. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Oýlanman aýdylan söz gylyç kimin ýara salýandyr, paýhasly adamyň dili derde dermandyr» (Nak. 12:18). Biz gybat edip ýörsek, dogan-uýalaryň arasyndaky agzybirligi bozarys (Nak. 20:19). Emma Mukaddes Kitaby okasak we maslahatlaryna eýersek, adamlaryň derdine derman bolarys (Luka 6:45). Mukaddes Kitapda paýhasly adamyň sözleri «joşup akýan çeşme kimindir» diýilýär (Nak. 18:4). Edil şonuň ýaly, bizem oýlanyp geplesek, adamlara göwünlik berip bileris.
Guramanyň görkezmelerine eýersek ökdelik bilen wagyz ederis (18-nji abzasa serediň).
18. Nakyllar 24:6-daky maslahat ökdelik bilen wagyz etmäge nädip kömek edýär?
18 Görkezmelere eýeriň. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Söweşde paýhasly maslahaty diňle, maslahatçy köp bolsa, ýeňiş gazanylar» (Nak. 24:6). Şu maslahata eýermek üçin öz ukyp-başarnygymyza daýanman, guramanyň berýän görkezmelerine eýermeli. Şonda yhlasly wagyz ederis we ökde mugallym bolarys. Biz ýygnak duşuşyklarynda-da ruhlandyryjy nutuklary, gyzykly sahnalary diňleýäris we köp zatlary öwrenýäris. Şeýle-de Ýehowa edebiýatlar we wideolar arkaly adamlara Mukaddes Kitaba düşünmäge kömek edýär. Geliň, bizem Ýehowanyň berýän esbaplaryny ökdelik bilen ulanalyň!
19. Biz Ýehowanyň maslahatlaryna näme üçin minnetdar bolmaly? (Nakyllar 3:13—18).
19 Nakyllar 3:13—18-nji aýatlary okaň. Ýehowanyň Mukaddes Kitap arkaly berýän maslahatlaryna örän minnetdar! Onuň maslahatlary bizi bagtly edýär. Şu makalada «Nakyllar» kitabyndaky akyl-paýhasly edýän maslahatlar hakda gürrüň etdik. Mukaddes Kitapda boýdan-başa akyldar Hudaý Ýehowanyň maslahatlary ýazylan. Geliň, Onuň maslahatlaryna hemişe eýereliň! Şu günler köp adamlar Mukaddes Kitaby könelişen hasaplaýarlar we Hudaýyň maslahatlaryna gulak asmaýarlar. Emma biz Hudaýyň Sözündäki maslahatlara eýerýänleriň «uzak ýaşajakdygyna we bagtly boljakdygyna» ynanýarys.
36-NJY AÝDYM Ýüregimizi goralyň
a Ýehowanyňky ýaly akyldarlygy hiç kim berip bilmeýär. «Nakyllar» kitabynda: «Akyldarlyk köçelerde gygyrýar» diýilýär. Şu makalada aýatdaky sözleriň manysyna düşüneris. Şeýle-de biz käbir adamlaryň näme üçin akyldarlygy diňlemeýändigi, biziň nädip akyldar bolup biljekdigimiz we munuň nähili peýdasynyň bardygy barada gürrüň ederis.