Durmuşy näme manyly edýär?
«Hak Hudaýdan gorkuň we onuň tabşyryklaryny berjaý ediň» (WAG. 12:13).
1, 2. Wagyzçy kitaby barada pikirlenmegiň nähili peýdasy bar?
ÄHLI zady bar adamy göz öňüne getireliň. Ol tanymal döwlet ýolbaşçysy, ýer ýüzünde iň baý we paýhasly adam. Ol gazanan üstünliklerine garamazdan, «durmuşy näme manyly edýär?» diýen soragyň jogabyny gözleýär.
2 Hakykatdan-da, bu adam üç müň ýyl mundan öň ýaşapdy. Onuň ady Süleýmandy. Wagyzçy kitabynda ol durmuşyň manysyny gözländigi hakynda ýazýar (Wag. 1:13). Biz Süleýmanyň mysalyndan köp zatlary öwrenip bileris. Wagyzçy kitabyndaky paýhasly sözler durmuşymyzy manyly edýän maksatlary goýmaga kömek eder.
«Ýeli kowalamak»
3. Adamyň durmuşy baradaky haýsy hakykat biziň her birimizi oýlandyrmaly?
3 Süleýman Hudaýyň ýer ýüzünde ençeme ajaýyp zatlary ýaradandygyna üns berdi. Bu ýaradylyş örän täsin galdyryp, bizi-de begendirýär. Ömrüň gysgadygy sebäpli, Hudaýyň ýaradan ähli zatlaryny doly öwrenmäge ýeterlikli wagt bolmaýar (Wag. 3:11; 8:17). Mukaddes Ýazgylarda biziň ömrümiziň gysgadygy we kölege kimin tiz geçip gidýändigi barada aýdylýar (Eýýup 14:1, 2; Wag. 6:12). Bu hakykat bizi paýhasly ýaşamaga höweslendirýär. Ýöne şeýle ýaşamak aňsat däl, sebäbi Şeýtanyň dünýäsi bizi hakykat ýolundan aňsatlyk bilen azaşdyryp biler.
4. a) «Hysyrdy» sözi nämäni aňladýar? b) Bu makalada durmuşda goýulýan haýsy maksatlara serederis?
4 Süleýman paýhassyz ýaşamagyň akylsyzlykdygy barada aýdanda, «hysyrdy» diýen sözi otuz sapar ulanýar. «Hysyrdy» diýip ýewreý dilinden terjime edilen söz: boş, peýdasyz, manysyz, gymmaty tiz gaçýan zatlary aňladýar (Wag. 1:2, 3). Käwagt Süleýman «hysyrdy» sözüne manydaş bolan «ýeli kowalamak» diýen jümläni ulanýar (Wag. 1:14; 2:11). Her bir adam ýeli kowalap, tutup bolmaýandygyna düşnýär. Boş maksatlaryň hem peýdasy bolmaýar. Boş we peýdasyz zatlara biderek wagt sarp eder ýaly adamyň ömri gysgadyr. Şeýle ýalňyşlyk etmezlik üçin, Süleýmanyň aýtmagyna görä, adamlaryň goýýan käbir maksatlaryna seredeliň. Ilki, biz lezzet we baýlyga kowalaşmagyň nämä eltýändigine, soňra bolsa, hakykatdan haýsy işiň kanagatlandyrýandygyna serederis.
Lezzete kowalaşsak, bagtly bolarysmy?
5. Süleýman nämeden kanagat tapmak isledi?
5 Süleýman şu günler lezzete kowalaşyp, durmuşdan kanagat tapmak isleýän köp adamlara meňzeýärdi. Ol şeýle diýdi: «Men ýüregimi hiç bir şatlykdan saklamadym» (Wag. 2:10). Süleýman lezzeti nämeden gözleýär? Wagyzçy kitabynyň ikinji babyna görä, ol «tenine şerap bilen lezzet berýärdi» — ýöne çendenaşa içmeýär — köşkler gurýardy, bag ekýärdi, aýdym-saz diňleýärdi we näzi-nygmatdan lezzet alýardy.
6. a) Näme üçin durmuşdan lezzet almak erbet däl? b) Dynç almak we göwün açmak meselesinde nädip paýhasly bolmaly?
6 Mukaddes Ýazgylarda dostlaryň bilen şatlanmak ýazgarylýarmy? Ýok. Süleýmanyň aýtmagyna görä, agyr zähmetden soň, süýji naharlanmak we dynç alamak — bu Hudaýyň sowgadydyr (Wagagyzçy 2:24; 3:12, 13-nji aýatlary okaň). Galyberse-de, Ýehowanyň özi ýaşlara: «Goý, siziň ýüregiňiz size şatlyk getirsin» diýýär (Wag. 11:9). Bize dynç almak we peýdaly göwün açmak gerek (Markus 6:31-i deňeşdiriň). Emma dynç alşy durmuşymyzda birinji orunda goýmaly däl. Ol nahardan soň iýilýän süýji iýmit ýaly bolmaly. Siz süýji iýmiti gowy görüp, ondan başga hiç zat iýmeseňiz, tizden oňa seredesiň gelmez. Galyberse-de, süýji iýmitiň peýdasy az bolýar. Şonuň ýaly Süleýman hem lezzete kowalaşmak «ýeli kowalamakdyr» diýen netijä geldi (Wag. 2:10, 11).
7. Biz näme üçin göwün açmalary ünsli saýlamaly?
7 Göwün açmanyň ählisine peýdaly diýip bolmaýar. Olaryň köpüsi ruhy we ahlak taýdan örän howpludyr. Ýöne bir göwün açmak islegi bilen, adamlar ençeme sapar neşe ulanyp, alkogol içgilerini çendenaşa içip we humarly oýunlara höweslenip başlandyklaryny duýup, lapykeç boldular. Biz hemişe ýüregimiziň dädogry islegine gulak assak, netijesiniň erbet boljakdygyny Ýehowa mähirli duýdurýar (Gal. 6:7).
8. Ömrümiz barada oýlansak näme üçin paýhasly bolar?
8 Galyberse-de, biz lezzeti birinji orunda goýsak, ol wajyp işlerden ünsümizi sowar. Wagtyň tiz geçýändigini, durmuşyň hemişe aladasyz we jan-saglygyň gowy bolmajakdygyn unutmaň. Şonuň üçin Süleýman «şadyýan öýe» barmagyň deregine, «ýas tutulýan öýe» — esasanam, wepaly mesihçileriň öýüne— barmak peýdalydyr diýdi (Wagyzçy 7:2, 4-nji aýatlary okaň). Näme üçin? Sebäbi ýas sözüni diňläp, Ýehowanyň wepaly gullukçysynyň galdyran göreldesi barada oýlansak, öz ýaşaýşymyz barada pikirlenmäge kömek eder. Belki, biz galan ömrümizi paýhasly ýaşamak üçin goýan maksatlarymyza täzeden serederis (Wag. 12:1).
Baýlyk kanagatlandyryp bilermi?
9. Süleýman baýlyk barada nähili netijä geldi?
9 Süleýman Wagyzçy kitabyny ýazanda, dünýäde iň baý adamlaryň biridi (2 Tar. 9:22). Diýmek, ol ýüreginiň islän zadyny alyp bilýärdi. Ol: «Gözümiň islän zadyna men ýok diýmedim» diýdi (Wag. 2:10). Emma Süleýman baýlygyň kanagat bermeýändigne düşünip, «kümşi söýýän, kümüşden doýmaz, baýlygy söýýän gazançdan doýmaz» diýen netijä geldi (Wag. 5:10).
10. Hakykatdan näme baý edýär we kanagatlandyrýar?
10 Baýlyk durnuksyzdyr, emma ol adamlary özüne çekýär. ABŞ-nyň uniwersitetiniň birinji ýyl talyplary bilen sorag geçirlende, olaryň 75 göterimi baý bolmagy we üstünlik gazanmagy maksat edinendiklerini aýtdylar. Olar maksadyna ýetip, hakykatdan bagtly bolarmy? Ýok. Barlag geçirjiler baýlyga kowalaşmagyň bagtly bolmaga we kanagatlanmaga päsgel berýärdigini aýtdylar. Gadym döwürde ýaşan Süleýman-da şeýle netijä gelipdi: «Men kümüş, altyn we ähli baýlygy topladym, men olary patyşalardan aldym. . . (emma) men bularyň hysyrdy we ýeli kowalamadygyna göz ýetirdim»a (Wag. 2:8, 11). Biz Ýehowa wepaly gulluk edip, onuň berýän bereketlerine begensek, hakyky baýlygy gazanarys (Süleýmanyň tymsallary 10:22-ni okaň).
Haýsy iş hakykatdan kanagatlandyrýar?
11. Mukaddes Ýazgylarda işiň peýdasy barada näme diýilýär?
11 Isa: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» diýdi (Ýahýa 5:17). Ýehowa we Isa zähmet çekip, kanagatlanýardy. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý... ýasan hemme zatlaryny gördi; we ine, gaty oňatdy» diýlip, Ýehowanyň eden işine guwanandygy görkezilýär. (Bar. 1:31). Perişdeler Hudaýyň ýaradan ähli zatlaryny görüp, «gaty ses bilen şöhratlandyrdylar» (Eýýup 38:4—7). Süleýman hem peýdaly işiň gymmatyny taryplady (Wag. 3:13).
12, 13. a) Iki adamyň aýtmagyna görä, yhlasly zähmet näme berýär? b) Käwagt iş näme üçin lapykeç edýär?
12 Köp adamlar yhlasy zähmetiň kanagat berýändigini bilýärler. Meselem, zehinli suratçy Hose: «Göz öňüne getiren keşbiňi surata geçirip bileniňde, uly iş bitiren ýaly duýýarsyň» diýýär. Telekeçi Migelb bolsa, şeýle diýýär: «Men maşgalamy üpjün edýändigim sebäpli işimden kanagatlanýaryn. Galyberse-de, işim maňa çeken zähmetimiň miwesini görmäge mümkinçilik berýär».
13 Köplenç iş birmeňzeş we ýüregedüşgünç bolýar, döredijilik ukybyňy ösdürmäge az mümkinçilik berýär. Käwagt iş ýerimizde bolýan adalatsyzlygy görüp, gaharlanýarys. Süleýmanyň aýtmagyna görä, ýalta adam abraýly adamylaryň goldawy arkaly, yhlasly işçiniň zähmetiniň hözirini görýär (Wag. 2:21). Adamy başga zatlar hem lapykeç edip biler. Başda üstünlik gazanan telekeçilik işi ykdysadyýetiň pese düşmegi ýa-da garaşylmadyk sebäplere görä, şowsuz bolmagy mümkin (Wagyzçy 9:11-i okaň). Durmuşynda erjellik bilen üstünlik gazanmaga jan edýän adamlar, köplenç «ýele zähmet çekendigine» düşünip, lapykeç bolýarlar we olaryň ähli umytlary puja çykýar (Wag. 5:16).
14. Haýsy iş hemişe hakykatdan kanagatlandyrýar?
14 Hiç haçan lapykeç etmeýän iş barmy? Suratçy Hose şeýle diýýär: «Birnäçe ýyldan suratlar zaýalanyp ýa-da ýitip biler. Ýöne ruhy hazynalar bilen şeýle bolmaýar. Men hoş habary wagyz edip, Ýehowanyň işini berjaý edýärin we adamlara Hudaý bilen ebedi doslaşmaga kömek edip, hiç haçan ýykylmajak binany gurýaryn. Mundan gowy iş ýokdur» (1 Kor. 3:9—11). Migel hem adatça işe garanyňda, hoş habary wagyz etmegiň köp kanagat berýändigini aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Wagyz eden adamlaryň ýüregine Ýazgylardaky hakykatyň täsir edişini görüp, duýýan şatlygyňy hiç zat bilen deňäp bolmaýar».
«Çöregiňizi suwa taşlaň»
15. Durmuşy näme manyly edýär?
15 Durmuşy näme mynyly edýär? Tizden ýok ediljek zalym dünýäde biz wagtymyzy ýagşy işleri etmäge we Ýehowany şatlandyrmaga sarp etsek, hakykatdan kanagatlanarys. Biz Hudaý bilen doslugymyzy berkidip, çalarymyza ruhy hakykaty öwredip, adamlara Ýehowa bilen tanyşmaga kömek edip we dogan-uýalarymyzyň aladasyny edip bileris (Gal. 6:10). Şeýle maksatlaryň gelejegi bar we olara ýetýänler bereketler alar. Süleýman ýagşy işleriň peýdasy barada aýdyp, şeýle mysal getirdi: «Çöregiňi suwa taşla, köp gün geçensoň, ony ýene taparsyň» (Wag. 11:1). Isa bolsa şägirtlerine: «Beriň, size-de berler» diýdi (Luka 6:38). Galyberse-de, Ýehowa adamlara ýagşylyk edýänleri sylaglajakdygyny wada berýär (Sül. tym. 19:17; Ýewreýler 6:10-y okaň).
16. Haçan ýaşaýyş ýoly barada oýlansak gowy bolar?
16 Mukaddes Ýazgylar biz entek ýaşkak ýaşaýyş ýoluny saýlamaga höweslendirýär. Bu maslahata eýersek, galan ömrümizde lapykeç bolmarys (Wag. 12:1). Biz ömrümiziň iň gowy ýyllarynda dünýäniň hödür edýän zatlaryna kowalaşyp, ahyrynda ýeli kowalandygymyza düşünsek, nähili gynaçly bolar!
17. Durmuşda iň gowy ýoly saýlamaga size näme kömek eder?
17 Ýehowa söýgüden doly Ata bolandygy üçin biziň bagtly bolmagymyzy, ýagşylyk etmegimizi we lapykeç bolmazlygymyzy isleýär (Wag. 11:9, 10). Size näme kömek eder? Ruhy maksatlary goýup, oňa ýetmäge tagalla ediň. Takmynan ýigrimi ýyl mundan öň, Hawýer lukmançylyk ugrundan dereje gazanmagy ýa-da doly wagtly gullugy saýlamaly boldy. Ol şeýle diýýär: «Lukmançylyk käri meni kanagatlandyrýar, ýöne adamlara hakykata gelmäge kömek edeniňde duýýan şatlygyňy hiç bir zat bilen deňäp bolmaýar. Pioner gullugy maňa uly şatlyk getirdi. Men öň şeýle gulluk etmändigime ökünýärin».
18. Isanyň ýer ýüzündäki durmuşy näme üçin manylydy?
18 Biz näme gazanmagy maksat etmeli? Wagyzçy kitabynda: «Ýagşy at gowy ýagdan, adamyň ölen güni doglan gününden gowudyr» diýilýär (Wag. 7:1). Muny Isanyň göreldesi subut edýär. Ol Ýehowanyň öňünde beýik at gazandy. Isa ölýänçä wepaly galyp, Atasynyň hökümdarlygyny aklady we töleg gurbany arkaly gutulşa ýol açdy (Mat. 20:28). Isa ýer ýüzünde az ýaşasa-da, manyly ýaşap, bize eýermäge ajaýyp görelde galdyrdy (1 Kor. 11:1; 1 Pet. 2:21).
19. Süleýman nähili paýhasly maslahat berdi?
19 Biz-de Hudaýyň öňünde ýagşy at gazanyp bileris. Ýehowanyň goldawyna mynasyp bolmak, dünýädäki hazynalardan gymmatlydyr (Matta 6:19—21-nji aýatlary okaň). Biz her gün Hudaýa ýaraýan işleri edip, durmuşymyzy baý edip bileris. Biz hoş habary adamlara wagyz etmeli, maşgalany berkitmeli, dogan-garyndaşlaryň aladasyny etmeli, şahsy okuw geçirip we ýygnak duşuşyklarana gatnaşyp, ruhy taýdan berkemeli (Wag. 11:6; Ýew. 13:16). Siz durmuşyňyzyň manyly bolmagyny isleýärmisiňiz? Eger şeýle bolsa, Süleýmanyň: «Hak Hudaýdan gorkuň we onuň tabşyryklaryny berjaý ediň. Bularyň ählisi adam üçindir» diýen masahatyna eýeriň (Wag. 12:13).
a Süleýmanyň ýyllyk girdejisi 666 talantdy (22 000 kg-dan gowrak altyn) (2 Tar. 9:13).
b Ady üýtgedilen.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Bizi ýaşaýyş maksatlary barada näme oýlandyrmaly?
• Lezzete we baýlyga kowalaşma nähili garamaly?
• Nähili zähmet hiç haçan lapykeç etmeýär?
• Biz näme gazanmaga tagalla etmeli?