-
Dogry karara nädip gelmeli?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
5. Başgalaryň ynsabyny göz öňünde tutuň
Adamlaryň gelýän karary birmeňzeş bolmaýar. Biz nädip başgalaryň ynsabyny göz öňünde tutup bileris? Geliň, iki ýagdaýa seredeliň.
1-nji ýagdaý. Aýdaly, bir uýa boýanmagy gowy görýär. Ol başga ýygnaga geçýär. Şol ýygnakdaky uýalaryň köpüsi boýanmagy känbir halamaýar.
Rimliler 15:1 we 1 Korinfliler 10:23, 24-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Şu aýatlara görä, uýa näme edip biler? Eger seniň ynsabyň çatýan zada başgalaryň ynsaby çatmaýan bolsa näme edersiň?
2-nji ýagdaý. Aýdaly, bir dogan Mukaddes Kitapda spirtli içgileri içmegiň gadagan edilmeýändigini bilýär. Ýöne ol şonda-da spirtli içgileri içmeýär. Bir gün dogany oturylyşyga çagyrýarlar. Ol oturylyşykda doganlaryň spirtli içgileri içýändigini görýär.
Nesihat 7:16 we Rimliler 14:1, 10-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Şu aýatlara görä, dogan näme edip biler? Eger seniň ynsabyň çatmaýan zada başgalaryň ynsaby çatýan bolsa näme edersiň?
Dogry karara nädip gelip bilersiň?
1. Doga et. Dogry karara geler ýaly, Ýehowadan kömek sora (Ýakup 1:5).
2. Gözleg geçir. Mukaddes Kitapdan we edebiýatlarymyzdan öz ýagdaýyňa degişli prinsipleri tap. Şeýle-de tejribeli dogan-uýalardan maslahat sora.
3. Netijesi hakda oýlan. Karara geleniňde öz ynsabyňam, başgalaryň ynsabynam göz öňünde tut.
-
-
Aýdýan sözleriň Ýehowany begendirsin!Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
5. Adamlar hakda gowy zatlary aýt
Adamlaryň göwnüne degmez ýaly we olar hakda gowy zatlary aýdar ýaly näme edip bileris? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Dogan näme üçin adamlar hakda gowy zatlary aýtmagy ýüregine düwdi?
Munuň üçin ol näme etdi?
Nesihat 7:16-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Adamlar barada erbet zatlary aýdasyň gelende nämäni ýada salmaly?
Nesihat 7:21, 22-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Sen barada erbet zatlary aýdanlarynda aýatdaky sözler nädip kömek edip biler?
-