Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 35
  • Dogry karara nädip gelmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogry karara nädip gelmeli?
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Hudaýy şöhratlandyrýan karara geliň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Paýhasly karara gelip, imanyňyzy görkeziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Ynsabyňy nädip päk saklap bilersiň?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • «Her kim öz ýüküni özi götermeli»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 35
35-nji sapak. Bir adam saýtdan satlyk maşynlary görýär, aýaly bilen çagalary hem ýanynda seredip otyr.

35-NJI SAPAK

Dogry karara nädip gelmeli?

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Her birimiz durmuşda wajyp kararlara gelmeli bolýarys. Şol kararlar Hudaý bilen dostlugyňy ýa berkidýär, ýa-da gowşadýar. Meselem, nirede ýaşamaly, nirede işlemeli, durmuş gurmalymy ýa-da ýok, özüň çözmeli bolýarsyň. Ýöne dogry karara gelseň, bagtly bolarsyň, Ýehowany hem begendirersiň.

1. Mukaddes Kitap dogry karara gelmäge nädip kömek edýär?

Karara gelmezden öň, Ýehowa doga etmeli we Mukaddes Kitapdan Hudaýyň garaýşyny bilmeli (Nakyllar 2:3—6-njy aýatlary oka). Käbir ýagdaýlarda näme etmelidigi Mukaddes Kitapda anyk aýdylýar. Şonda Ýehowanyň aýdyşy ýaly etseň, onda ýalňyşmarsyň.

Emma Mukaddes Kitapda anyk bir zat aýdylmaýan bolsa näme etmeli? Ýehowa şeýle ýagdaýda-da «ýöremeli ýolumyzy» görkezýär (Işaýa 48:17). Nädip? Ol Mukaddes Kitapda käbir prinsipleri ýazdyrypdyr. Şol prinsipler Hudaýyň garaýşyna we duýgularyna düşünmäge kömek edýär. Mukaddes Kitapda gürrüň berilýän wakalary okasaň, Hudaýyň belli bir meselä nähili garaýandygyna düşünip bolýar. Ýehowanyň garaýşyna näçe gowy düşünseň, Hudaýyň halaýan kararyna gelersiň.

2. Karara gelmezden öň nämeleri göz öňünde tutmaly?

Mukaddes Kitapda: «Ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär» diýilýär (Nakyllar 14:15). Diýmek, howlugyp karara gelmeli däl. Karara geleniňde şu soraglar hakda oýlan: Mukaddes Kitapdaky haýsy prinsipe eýermeli? Näme etsem ynsabym ezýet bermez? Gelýän kararlarym bilen başgalara gowy täsir ederinmi ýa-da erbet? Esasanam, gelen kararymy Ýehowa halarmy? (5 Musa 32:29).

Ýehowanyň bize nämäniň ýagşy, nämäniň ýamandygyny öwretmäge haky bar. Ýehowanyň kada-kanunlaryny, prinsiplerini bilip, şol boýunça ýaşasaň, ynsabyňy terbiýelärsiň. Ynsap — nämäniň gowy, nämäniň erbetdigini aýdýan içimizdäki duýgy (Rimliler 2:14, 15). Terbiýelenen ynsap saňa gowy kararlara gelmäge kömek eder.

SÖHBETDEŞLIK

Mukaddes Kitabyň maslahatlary we ynsap dogry karara gelmäge kömek edýär.

3. Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýeriň

Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary dogry karara gelmäge nädip kömek edýär? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýeriň» (5:54)

  • Erkinlik näme?

  • Ýehowa näme üçin adamlara erkinlik berdi?

  • Ýehowa bize dogry karara geler ýaly näme berdi?

Geliň, Mukaddes Kitapdaky bir prinsipe seredeliň. Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň. Soňra... wagtyňy paýhasly ulanmak hakda gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitaby her gün okamak üçin...

  • gowy är ýa aýal, ene ýa ata, ogul ýa gyz bolmak üçin...

  • ýygnaklara barmak üçin...

4. Ynsabyňyzy terbiýeläň

Mukaddes Kitapda näme etmelidigi anyk aýdylsa, karara gelmek kyn bolmaýar. Ýöne belli bir ýagdaýa degişli hiç zat aýdylmasa näme etmeli? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Ynsabyňyzy päk saklaň» (5:13)

  • Bir uýa ynsabyny nädip terbiýeledi we Ýehowa ýaraýan karara geldi?

Näme üçin başgalardan soramaly däl-de, özüň karara gelmeli? Ýewreýler 5:14-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Eger biz hemişe birinden näme etmelidigini sorap ýörsek, nämäni öwrenmeris?

  • Ynsaby nädip terbiýelemeli we dogry karara gelmeli?

Bir adam ulag sürüp barýar. GPS enjamy sürüjä dogry ýoldan azaşmazlyga kömek edýär.

Kartanyň dogry ýoly görkezişi ýaly, ynsap hem dogry karara gelmäge kömek edýär.

5. Başgalaryň ynsabyny göz öňünde tutuň

Adamlaryň gelýän karary birmeňzeş bolmaýar. Biz nädip başgalaryň ynsabyny göz öňünde tutup bileris? Geliň, iki ýagdaýa seredeliň.

1-nji ýagdaý. Aýdaly, bir uýa boýanmagy gowy görýär. Ol başga ýygnaga geçýär. Şol ýygnakdaky uýalaryň köpüsi boýanmagy känbir halamaýar.

Rimliler 15:1 we 1 Korinfliler 10:23, 24-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu aýatlara görä, uýa näme edip biler? Eger seniň ynsabyň çatýan zada başgalaryň ynsaby çatmaýan bolsa näme edersiň?

2-nji ýagdaý. Aýdaly, bir dogan Mukaddes Kitapda spirtli içgileri içmegiň gadagan edilmeýändigini bilýär. Ýöne ol şonda-da spirtli içgileri içmeýär. Bir gün dogany oturylyşyga çagyrýarlar. Ol oturylyşykda doganlaryň spirtli içgileri içýändigini görýär.

Nesihat 7:16 we Rimliler 14:1, 10-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şu aýatlara görä, dogan näme edip biler? Eger seniň ynsabyň çatmaýan zada başgalaryň ynsaby çatýan bolsa näme edersiň?

Dogry karara nädip gelip bilersiň?

Bir gyz Hudaýa doga edýär.

1. Doga et. Dogry karara geler ýaly, Ýehowadan kömek sora (Ýakup 1:5).

Şol gyz kompýuterden we Mukaddes Kitabyň esasynda çykarylan kitap-žurnallary okaýar.

2. Gözleg geçir. Mukaddes Kitapdan we edebiýatlarymyzdan öz ýagdaýyňa degişli prinsipleri tap. Şeýle-de tejribeli dogan-uýalardan maslahat sora.

Ýaňky gyz pikirlenýär.

3. Netijesi hakda oýlan. Karara geleniňde öz ynsabyňam, başgalaryň ynsabynam göz öňünde tut.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Adamlar näme diýse, şony diýsin. Sen öz bileniňi et».

  • Hudaýyň we adamlaryň garaýşyny näme üçin göz öňünde tutmaly?

ESASY PIKIRLER

Karara gelenimizde Hudaýyň garaýşyny göz öňünde tutmaly. Şeýle-de gelýän kararlarymyzyň başgalara peýda ýa-da zyýan berýändigi hakda oýlanmaly.

Gaýtalamak

  • Nädip Ýehowa ýaraýan karara gelmeli?

  • Ynsabyňy nädip terbiýelemeli?

  • Nädip başgalaryň ynsabyny göz öňünde tutup bileris?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Dogry karara gelseňiz, Ýehowa bilen dostlugyňyz berkär.

«Hudaýy şöhratlandyrýan karara geliň!» («Garawul diňi» 15 aprel, 2011)

Ýehowanyň halkyna maslahat berişi hakda biliň.

«Ýehowa halkyna maslahat berip, ýol görkezýär» (9:50)

Bir ýigide kyn hem bolsa, dogry karara gelmäge näme kömek etdi?

«Ýehowa goldajagyny wada berýär» (5:46)

Belli bir meselede anyk görkezme berilmese, nädip Ýehowa ýaraýan karara gelmeli?

«Her bir ýagdaý üçin kada-kanun gerekmi?» («Garawul diňi» 1 dekabr, 2003)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş