«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin gollanma
SENTÝABR 4—10
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 42—45
«Arassa sežde dikeldildi!»
w99 1/3 sah. 8, abz. 3
Hudaýyň ybadathanasyna «öz ýüregiňi gönükdir»!
3 Ezekiýel kitabynyň dokuz babynda ýazylan bu görnüşler ýesirlikde bolan ýehudy halkyna umyt berip, imanda berkitdi. Arassa sežde hökman dikeldilmelidi! Geçen asyrlarda bolşy ýaly, biziň günlerimizde-de bu görnüş Ýehowany söýýänlere teselli tapmagyň gözbaşy bolup durýar. Nädip? Geliň, ilki bilen Ezekiýeliň görnüşi ýesirlikdäki ysraýyllar üçin näme aňladýandygyna seredeliň. Ol özünde dört sany esasy pikiri jemleýär. Olar: ybadathana, mukaddeslik, ýolbaşçylar we ýer.
it «Ybadathana», sözbaşy «Ezekiýeliň ybadathana baradaky görnüşi»
Ezekiýeliň görnüşindäki ybadathana. B. e. öň 593-nji ýylda Iýerusalim we ol ýerdäki Süleýmanyň guran ybadathanasy weýran edilenden soň 14-nji ýylynda ruhany hem pygamber bolan Ezekiýel görnüşinde beýik dagyň depesine eltilýär. Şol ýerde ol Ýehowanyň şöhratly ybadathanasyny görýär (Ezek. 40:1, 2). Ýesirlikde ýaşaýan ýehudy halky özüni kemsidilen hasaplap toba etmekleri üçin we Hudaýa wepaly adamlaryň teselli tapmakalary üçin Ezekiýel özüne tabşyrylyşy ýaly «ysraýyl halkyna» öz görnüşindäki ähli zady gürrüň bermelidi (Ezek. 40:4; 43:10, 11). Bu görnüşlerde esasanda ölçeglere köp üns berilýär. Ölçegler «taýak» (taýak uzynlygy 3,11 m) «tirsek» (tirsek uzynlygy 51,8 sm) diýip atlandyrylýar (Ezek. 40:5). Görnüşdäki ybadathananyň jikme-jik getirilen ölçegleri käbirleri Zorybabeliň ýesirliginden soň dikeldiljek ybadathananyň ölçegleriniň nusgasy diýip pikir etdiler. Emma bu çaklamalaryň hiç hili esasy ýokdy.
w99 1/3 sah. 10, abz. 10
Hudaýyň ybadathanasyna «Öz ýüregiňi gönükdir»!
10 Bu zatlaryň ählisi ýesirlikdäki ysraýyllary nähili ruhlandyrandyr! Her bir maşgala mülk ýer wada berilipdi (Mika 4:4 deňeşdiriň). Bu ýurtda arassa sežde dikeldilip, iň beýik we esasy sežde bolmalydy. Üns beren bolsaňyz, Ezekiýeliň görnüşindäki ýolbaşçylar ruhanylar ýaly halkyň sadaka edip berjek ýerinde ýaşamalydylar (Ezek. 45:16). Şol sebäpli halk mülk edilip berlen ýerde Ýehowanyň ýolbaşçy edip bellän adamlarynyň görkezmelerine höwes bilen eýermelidiler. Şeýle etmek bilen, olary goldap bilerdiler. Umuman aýdanyňda, bu ýer guramaçylygyň, hyzmatdaşlygyň we howpsyzlygyň nähilii bolmalydygyny görkezip durmalydy.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «At, dakylan atlar», sözbaşy «Hudaýyň adyny bilmek nämäni aňladýar?» abz. 5
Haçan-da Hudaýyň adyny göterýän Ysraýyl halky onuň adalatly kanunlaryny bozanlarynda, Hudaýyň adyny harlaýardylar (Ezek. 43:8; Amos 2:7). Iň soňunda hem Hudaý ysraýyllara olaryň biwepalygy üçin temmi berdi we bu hem başga halklara Hudaýyň adyny ýaňsylamaklaryna sebäp boldy (şeýle-de Zeb. 74:10, 18; Işaýa 52:5 deňeşdiriň). Bu temmi Ýehowa tarapyndan berilýändigine düşünmän, halk ýalňyşlyp, Ýehowa öz halkyny betbagytçylykdan gorap bilmeýär diýip pikir etdiler. Öz adyny mukaddes etmek üçin Ýehowa adynyň hatyrasyna galanja Ysraýyly dogduk mekanyna gaýtaryp getirdi (Ezek. 36:22—24).
it «Adalatlylyk» abz. 6
Bu zatlardan görnüşi ýaly, Ýehowa ony razy etmek isleýän adamlardan adalatly kanunlaryny öwrenip, olary ýerine ýetirmeklerini isleýär. Galyberse-de, ol muny belli bir sebäplere görä talap edýär (Işaýa 1:17, 18; 10:1, 2; Ýer. 7:5—7; 21:12; 22:3, 4; Ezek. 45:9, 10; Amos 5:15; Mika 3:9—12; 6:8; Zakarýa 7:9—12).
SENTÝABR 11—17
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 46—48
«Dikeldilen ysraýyl halky alýan bereketlerinden şatlanýar»
w99 1/3 sah. 10, abz. 11, 12
Hudaýyň ybadathanasyna «Öz ýüregiňi gönükdir»!
11 Bu ýere Ýehowa ak pata berdimi? Pygamberlikde bu soraga şatlykly görnüş hökmünde jogap berilýär. Hudaýyň öýünden suw akyp, gitdigiçe giňäp, Öli deňzine golaýlaşdygyça güýjeýärdi. Ol suwlary tämizläp, janlandyrýardy we kenarlarda balykçylar köpelýärdi. Akymyň kenarynda bolsa tutuş ýyl miwe we şypa berýän köp agaçlar ösýärdi (Ezek. 47:1—12).
12 Ýesirlikdäkiler üçin bu wada olaryň aňlarynda saklanýan dikeldilşiň boljakdygy baradaky öňki pygamberlikleri ýatlatdy. Ençeme gezek Ýehowanyň pygamberleri dikeldilen we adamdan dolan Ysraýyly Erem bagy hökmünde suratlandyrýardylar. Pygamberlikde köplenç taşlanan ýerleriň ilatly ýerlere öwrüljekdigi barada aýdylýar (Işaýa 35:1, 6, 7; 51:3; Ezek. 36:35; 37:1—14). Şol sebäpli adamlar Ýehowanyň ýaşaýyşa eltýän bereketleri, dikeldilen ybadathanadan, ýagny Hudaýyň öýünden derýa kimin akjakdygyna garaşyp bilýärdiler. Diýmek, ruhy taýdan öli halka jan berler. Bu halk üçin Hudaýyň beren berekedi hökmünde ruhy taýdan ýetişen, dogruçyl hem-de derýanyň gyrasynda ösýän agaç ýaly daýaw erkek adamlar weýran edilen ýeri dikeltmek işine ýolbaşçylyk ederler. Işaýa hem «dogrulyk agaçlarynyň» «harabalygy täzeden gurjakdyklary» barada ýazypdy (Işaýa 61:3, 4).
w99 1/3 sah. 10, abz. 10
Hudaýyň ybadathanasyna «öz ýüregiňi gönükdir»!
10 Bu zatlaryň ählisi ýesirlikdäki ysraýyllary nähili ruhlandyrandyr! Her bir maşgala mülk ýer wada berilipdi (Mika 4:4 deňeşdiriň). Bu ýurtda arassa sežde dikeldilip, iň beýik we esasy sežde bolmalydy. Üns beren bolsaňyz, Ezekiýeliň görnüşindäki ýolbaşçylar ruhanylar ýaly halkyň sadaka edip berjek ýerinde ýaşamalydylar (Ezek. 45:16). Şol sebäpli halk mülk edilip berlen ýerde Ýehowanyň ýolbaşçy edip bellän adamlarynyň görkezmelerine höwes bilen eýermelidiler. Şeýle etmek bilen, olary goldap bilerdiler. Umuman aýdanyňda, bu ýer guramaçylygyň, hyzmatdaşlygyň we howpsyzlygyň nähilii bolmalydygyny görkezip durmalydy.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w99 1/3 sah. 12, abz. 14
Hudaýyň ybadathanasyna «öz ýüregiňi gönükdir»!
14 Ezekiýeliň gören görnüşlerinden diňe şu waka ýerine ýetipdimi? Elbetde ýok, olar has bir wajyp zady tassyklaýardy. Pikir edip görüň: Ezekiýeliň gören ybadathanasyny edil şol görnüşdäki ýaly gurup bilmediler. Ýahudylar bu pygamberlige çynlakaý garap, hat-da ybadathanany guranlarynda, onuň käbir jikme-jikliklerine-de üns berdiler. Ýöne görnüşdäki ybadathana şeýle bir ulydy welin, Moriýa dagynda ýerleşýän öňki ybadathananyň ýerine tutuşlygyna sygmaýardy. Şeýle-de Ezekiýeliň görnüşindäki ybadathana şäherde däl-de, ondan biraz daşrak meýdanda ýerleşýärdi, ýöne şonda-da ikinji ybadathana öňki Iýerusalimdäki ybadathananyň ýerinde salyndy (Ezra 1:1, 2). Soňam hiç hili akym asla iýerusalimiň ybadathanasyndan akmaýardy. Bu wakalara görä, gadymy ysraýyllar Ezekiýeliň pygamberliginiň ýerine ýetişiniň diňe bir bölegini görüpdiler. Diýmek, bu görnüşiň ruhy taýdan uly möçberde ýerine ýetişi hem bolmaly.
w99 1/3 sah. 10, 11, abz. 13
Hudaýyň ybadathanasyna «öz ýüregiňi gönükdir»!
13 Ýesirlikden gaýdyp gelenler lapykeç boldylarmy? Elbetde ýok! Dikeldilen galyndy b.e. öň 537-nji ýylynda öz söýýän watanyna gaýdyp geldiler. Wagtyň geçmegi bilen, «dogrulyk agaçlary» bolan kanunçy Ezra, pygamber Hagaý we Zakarýa, şeýle-de baş ruhany Ýeşuw Iosedekiň ýolbaşçylygynda asyrlar boýy çöl bolup ýatan ýerler dikeldildi. Nehemýa we Zerubabel ýaly ýolbaşçylar ýurtda dogrulyk we adalatlylyk bilen hökümdarlyk etdiler. Hudaýyň ybadathanasy dikeldildi we ýene-de onuň kanuny boýunça ýaşaýan halkyň üstüne Ýehowanyň kömegi hem berekedi derýa dek akyp başlady (Kan. tag. 30:19; Işaýa 48:17—20). Bereketleriň biri bu dogry bilimdi. Ruhanylar öz mükaddes gullugyna we jogapkärçiligine başlap, adamlara Kanun barada öwredip başladylar (Malaky 2:7). Netijede Öli deňziň direlip, ýene-de balyk tutumyna ýaramly bolşy ýaly, adamlar hem ruhy taýdan dikeldilip, ýene-de Ýehowa gulluk etmekde miwe berip başladylar.
SENTÝABR 18—24
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | DANYÝEL 1—3
«Ýehowa wepaly bolmak bereket berýär»
Hudaýyň Patyşalygyna wepaly boluň
15 Ýehowanyň gullukçylarynyň ynsaby Mukaddes Ýazgylara görä terbiýelenendigi üçin işdeşlerinden, synpdaşlaryndan, goňşy-golamlaryndan we dogan-garyndaşlaryndan tapawutlanýar (1 Pet. 2:19). Hawa, biz bu dünýäden bolmaly däl! Isa adamlaryň bizi ýigrenjekdigini duýdurdy. Sebäbi olar bu dünýäniň işlerine biziň näme üçin goşulmaýandygymyza düşünmeýärler. Emma mesihçiler bitaraplygy ähli zatdan wajyp saýýarlar.
16 Biz Ýehowa wepaly galmak isleýäris (Dan. 3:16—18). Emma biziň her birimizde adamdan gorky duýgusy bolup biler. Esasan-da, ýaşlara imany barada gürrüň bermek kyn bolýar. Siziň çagaňyz baýdaga tagzym etmek we baýramçylyklara gatnaşmak ýaly synaglara duş gelse, maşgala okuwy arkaly oňa kömek ediň. Meselem, bu dünýäniň işlerine goşulmaly däldigini düşündiriň. Oňa ähli synaglarda berk durup, imany barada aç-açan we sypaýyçylykly gürrüň bermegi öwrediň (Rim. 1:16). Galyberse-de, siziň özüňiz çagaňyzyň mugallymlary bilen gürrüňdeş bolup bilersiňiz.
Batyrgaý bol, Ýehowa seniň bilendir!
13 Hudaý iman we batyrgaýlyk görkezýän adamlary sylaglaýar. Muny b. e. öň VII asyrda Ýehowanyň üç ýewreý gullukçysy bilen bolan waka aýdyň görkezýär. Nebukadnesar patyşa Babylyň ýokary derejeli adamlaryny ýygnap, olardan altyndan ýasalan heýkele sežde etmegini talap etdi. Sežde etmedik adam ýanyp duran kürä, ýagny peje taşlanmalydy. Üç ýewreý ýigidi Nebukadnesar patyşa hormat bilen şeýle diýdiler: «Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip bilýän Hudaý — bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder. Ýöne Ol bizi halas etmese-de, eý, patyşahym, şuny bilip goýgun, biz seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris» (Dan. 3:16—18). Bu üç ýewreý ýigidiň halas edilişi hakda Danyýel (Daniýel) 3:19—30-njy aýatlarda örän gowy beýan edilýär. Biz şeýle synaga duçar bolmasak-da, aýypsyzlygymyz synalanda görkezen imanymyzy we batyrgaýlygymyzy Hudaýyň sylaglajakdygyna ynanyp bileris.
it «Meýşak» abz. 3
Patyşanyň saçagynyň olary näme üçin haram edip biljekdiginiň üç sany sebäbi bolup bilýärdi: 1) babyllylar Musanyň kanunyndaky arassa däl haýwanlaryň etini iýärdiler; 2) olar ganyň haýwandan doly çykarylmagyna gözegçilik etmeýärdiler, hat-da boglan haýwanlaryň etini hem iýýärdiler; 3) köplenç butparazlar ilki bilen haýwany öz hudaýlaryna gurban berýärdiler, soňra onuň etini seždäniň bir bölegi hökmünde iýýärdiler (Danyýel 1:8; deňeş. 1 Kor. 10:18—20, 28).
w12 15/6 sah. 17 çarçuwa
Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýär
Daniýel 2:44-däki pygamberlikde Hudaýyň Patyşalygy «ol patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder» diýilýär. Bu pygamberlikde diňe heýkeliň böleklerini aňladýan patyşalyklar göz öňünde tutulýar.
Daniýel 2:44-de beýleki patyşalyklara näme boljagy barada aýdylmaýar. Emma bu babatda Ylham kitabyndaky pygamberlikde köpräk aýdylýar. Şol pygamberlige görä, «bütin dünýäniň patyşalary» «ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde» Ýehowa garşy söweşmek üçin üýşerler (Ylh. 16:14; 19:19—21). Diýmek, Armageddon urşunda diňe bir heýkeliň böleklerini aňladýan patyşalyklar däl-de, eýsem, ähli ynsan hökümetleri ýok ediler.
w01 15/10 sah. 6, abz. 4
Bütin ýer ýüzünde boljak bagt. Bu mümkin bolup bilermi?
Biz munuň jogabyny Danyýel 2:44-den okap bilýäris: «Şol patyşalaryň [soňky günlerde hökümdarlyk edýänleriň] döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň [adam tarapyndan döredilenleriň] ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar». Näme üçin Hudaýyň Patyşalygyna ýerdäki hökümdarlaryň «soňyna çykmak» gerek boldyka? Sebäbi olar Hudaýyň ygtyýaryna kesirlik bilen garşy çykýarlar. Şeýtan adamlara bu pitneçi ruhy Erem bagyndan bäri görkezmäge iterýär. Adamzada zyýan ýetirýän adamyň her biri kesirlik bilen Hudaýa tabyn bolman, Ýaradyjy bilen duşmaçylykly gatnaşykda bolýar (Zeb. 2:6—12; Ylham 16:14, 16). Şol sebäpli her kim özüne şeýle sorag bermeli: men Hudaýyň hökümdarlygynyň tarapyndamy ýa-da oňa garşy?
SENTÝABR 25—OKTÝABR 1
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | DANYÝEL 4—6
«Siz Ýehowa wepaly gulluk edýärsiňizmi?»
Ýaşlar, Hudaýyň Sözüne eýeriň!
16 Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok bolsa-da Hudaýa gulak asmaly? Şuny ýatda sakla: sen Ýehowany hem gynandyryp, hem begendirip bilersiň (Gel. çyk. 6:5, 6; Sül. tym. 27:11). Diýmek, seniň edýän işleriň Ýehowa täsir edýär, sebäbi ol seniň «gamhoryňdyr» (1 Pet. 5:7). Hudaý berýän maslahatlaryny seniň diňlemegiňi we ondan peýdalanmagyňy isleýär (Iş. 48:17, 18). Ýehowanyň gadymy Ysraýylda ýaşan käbir gullukçylary maslahaty kabul etmän, ony ynjatdylar (Zeb. 78:40, 41). Emma Daniýel pygamber adamlaryň ýanynda-da, ýeke galanda-da Hudaýa wepalydy (Daniýel 6:10-y okaň). Şonuň üçin Ýehowa Daniýeli juda gowy görýärdi, hatda perişdelerem Hudaýyň ony söýýändigini aýtdylar (Dan. 10:11).
Sen hem mukaddes zatlara Ýehowa ýaly garaýaňmy?
12 Elbetde, ýygnagyň mesh edilen agzalarynyň we olaryň ýoldaşlarynyň durmuşy bilen baglanyşykly köp zatlar hem mukaddes hasaplanýar. Ýehowa bilen gatnaşygymyz mukaddesdir (1 Taryhlar 28:9; Zebur 36:7). Şeýle gatnaşyk örän gymmatly, şol sebäpden biz hiç kime we hiç bir zada Ýehowa Hudaý bilen gatnaşygymyzy bozmaga ýol bermeris (2 Taryhlar 15:2; Ýakup 4:7, 8). Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygy saklamak üçin doga etmek örän wajyp. Daniýel pygamber üçin doga şeýle bir mukaddesdi, hatda janyna howp abansa-da, ol Ýehowa doga etmek adatyny goýmandyr (Daniýel 6:7—11). «Mukaddesleriň [ýagny mesh edilen mesihçileriň] dogasy» ybadathanada sežde etmek üçin ulanylan buhura meňzedilýär (Ylham 5:8; 8:3, 4; Lewililer 16:12, 13). Şeýle meňzetme doganyň mukaddesligini belläp geçýär. Älemiň hökümdary bilen gatnaşyk saklamak uly hormat ahyryn! Ine, şol sebäpli-de, doga biziň durmuşymyzda mukaddes hasaplanýar!
w03 15/9 sah. 15, abz. 2
«Dyngysyz doga etmek» näme üçin wajyp
2 Ýehowa Danyýela nähili garaýardy? Haçanda Jebraýyl perişde Danyýeliň dogasyna jogap bermek üçin gelende, ol pygambere «Hudaýyň ony juda söýýändigini» aýtdy (Danyýel 9:20—23). Ýehowa Danyýele Ezekiýeliň pygamberliginde dogrulyk adamy hökmünde garaýandygy aýdylýar. (Ezek. 14:14, 20). Görnüşi ýaly, ençeme ýyllaryň dowamynda doga-dileg arkaly Danyýel öz Hudaýy bilen ýakyn gatnaşygy gazandy, muny hatda Darýuş patyşanyň aýdan sözlerinden hem görse bolýar (Danyýel 6:16).
«Ruh we gelin, «Gel!» diýýär»
15 Daniýel arslanlar çukurynda gijäni geçirensoň, patyşanyň özi ol ýere baryp: «Daniýel, eý, diri Hudaýyň guly! Dowamly gullugyny edýän Hudaýyň seni arslanlardan halas edip bildimi?» diýip gygyrdy. Daniýel şol bada şeýle jogap berdi: «Meniň Hudaýym perişdesini ýollap, arslanlaryň agzyny baglady. Olar maňa zyýan ýetirmedi, çünki Onuň huzurynda menden günä tapylmady. Seniň huzuryňda hem, eý patyşa, men zyýanly iş eden däldirin». Ýehowa Daniýeliň «dowamly gulluk» edenine ak pata berdi (Dan. 6:19—22, MKS).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Daniýel kitabyndan peýdaly pikirler
4:7, 8, 17—19 — Nebukadnezaryň düýşünde gören ägirt uly agajy nämäni aňladýar? Birinji manysy, agaç dünýä şalygyň hökümdary bolan Nebukadnezary aňladýar. Emma hökümdarlygyň «ýeriň ujuna çenli» ýetýändigi üçin onuň has uly manysy bar. Daniýel 4:14-däki sözler bu düýşi adamlaryň üstünden höküm sürýän «Hemmelerden Beýigiň» hökümdarlygy bilen baglydygyny görkezýär. Diýmek, agaç Ýehowanyň hökümdarlygyny, ylaýta-da, ýeriň üstünden höküm sürşüni aňladýar. Şol sebäpli bu düýşüň iki manysy bar, ýagny Nebukadnezaryň patyşalygyny we Ýehowanyň hökümdarlygyny aňladýar.
w88 1/10 sah. 30, abz. 3—5
Okyjylaryň soraglary
Danyýel pygambere Hudaýyň habaryny düşündirip berendigi üçin hiç zat bermek gerek däldi. Patyşa sowgatlaryny özünde saklap ýa-da başga birine berip bilerdi. Danyýel pygamber sowgat almak üçin däl-de, hak Hudaý Ýehowanyň mukaddes ruhy täsir edýändigi üçin Wawylonyň üstünden injek hökümi düşündirdi.
Danyýel 5:29-dan okaýşymyz ýaly, pygamber Hudaýyň sözüni düşündirip berenden soň, patyşa hiç bir zada üns bermän, oňa sowgat berilmegini talap edýär. Danyýel pygamberiň özi eşikleri geýip ýa-da sowgatlary dakynyp durmaýar, oňa erk-ygtyýarly Belşazar patyşanyň buýrugy bilen sowgat berýärler. Emma bu Danyýel 5:17-däki sözlere garşy gelmeýär. Ol aýatdan biz pygamberiň niýetiniň gowy bolandygyny bilýäris.
dp sah. 109, abz. 22
Dünýäni üýtgeden dört sany söz
22 Şeýlelikde syr indi aýan boldy. Tizden Babyly media-parslaryň goşuny basyp almalydy. Öz ölümi baradaky habary eşidip, Belşasar ruhdan düşdi, ýöne şonda-da beren sözünde durdy. Ol öz gullaryna Danyýela gyrmyzy dony ýapmaklaryny, boýnuna altyn zynjyr dakmaklaryny we ony patyşanyň sag eli diýip jar etmeklerini buýurdy (Danyýel 5:29). Danyýel bu sylaglarda Ýehowa degişli şöhratyň bardygyna düşünip, olary ret etmän kabul etdi. Elbetde, pygambere edilen bu hormat arkaly mümkin Belşasar Ýehowa tarapyndan çykarylan hökümi ýumşadaryn diýip umyt eden bolmaly. Eger-de şeýle bolsa, onda bu eýýäm gaty giçdi.