Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/2 sah. 14—18
  • «Ruh we gelin, «Gel!» diýýär»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ruh we gelin, «Gel!» diýýär»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Çakylyk başlanýar!
  • «Gelin, «Gel!» diýýär»
  • «Her eşiden «Gel!» diýsin»
  • Ruh «Gel!» diýýär
  • Olar «Gel!» diýýär
  • «Gel!» diýiň
  • Özüňizi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin ruhda geziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýatlama agşamyna mynasyp adamlary çagyrýarys
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Guzynyň toýuna şatlanalyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/2 sah. 14—18

«Ruh we gelin, «Gel!» diýýär»

«Ruh we gelin, «Gel!» diýýär... Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn». (YLH. 22:17)

1, 2. Hudaýyň Patyşalygy durmuşymyzda haýsy orunda durmaly we näme üçin?

HUDAÝYŇ Patyşalygy durmuşymyzda birinji orunda durýarmy? Isa şägirtlerine «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny» agtarsalar, Ýehowanyň olara zerur zatlary berjekdigini aýtdy (Mat. 6:25—33). Ol Hudaýyň Patyşalygyny täžiriň ähli zadyny satyp, satyn alan gymmatbaha dürdänesine meňzetdi (Mat. 13:45, 46). Biz wagyz we şägirt taýýarlamak işini wajyp hasaplamaly dälmi?

2 Biz geçen iki makalada batyrgaý wagyz edip, gullukda ökdelik bilen Hudaýyň Sözüni ulanyp, Hudaýyň mukaddes ruhuna eýerýändigimize seretdik. Mukaddes ruhuň Hudaýyň Patyşalygy barada yzygiderli wagyz etmek üçin hem uly ähmiýeti bar. Geliň muňa seredeliň.

Çakylyk başlanýar!

3. Ähli adamlar nähili suwdan içmäge «gel» diýip çagyrylýar?

3 Mukaddes ruh arkaly adamlara çakylyk edilip başlandy (Ylham 22:17-ni okaň). «Gel» diýen çakylyk üýtgeşik suwa suwsan adamlary gandyrýar. Bu ýönekeý suw däl. Ýönekeý suw ýer ýüzünde ýaşaýyş üçin gerek bolsa-da, Isa guýynyň başynda samariýaly aýala başga suw barada aýtdy. Ol: «Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz, tersine, Meniň oňa berjek suwum içinde ebedilik ýaşaýyş çeşmesi bolar» diýdi (Ýahýa 4:14). Şeýle üýtgeşik suwdan içýän adamlar ebedi ýaşaýyş alar.

4. Adamlar näme üçin ýaşaýyş suwuna mätäç we bu suw nämäni aňladýar?

4 Ilkinji ynsan Adam ata bilen How ene Ýaradyjysy Ýehowa Hudaýdan ýüz öwrenden bäri adamlar şeýle ýaşaýyş suwuna mätäç (Gel. çyk. 2:16, 17; 3:1—6). Adam ata «ýaşaýyş agajyna el uzadyp, onuň miwesinden iýip, ebedi ýaşamaz» ýaly How ene bilen Erem bagyndan kowuldy (Gel. çyk. 3:22). Adamzadyň ata-babasy bolan Adam ata nesline ölümi miras galdyrdy (Rim. 5:12). Ýaşaýyş suwy Hudaýyň ähli sowgatlaryny aňladýar. Şol sowgatlar arkaly Hudaýa gulak asýan adamlar günäden we ölümden gutulyp, ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşar. Ýehowanyň iň esasy sowgady bolsa, Isanyň töleg gurbany (Mat. 20:28; Ýahýa 3:16; 1 Ýahýa 4:9, 10).

5. «Gelip, ýaşaýyş suwuny mugt al» diýen çakylygyň gözbaşysy kim? Düşündiriň.

5 «Gelip, ýaşaýyş suwuny mugt al» diýen çakylygyň gözbaşysy kim? Isanyň müňýyllyk Patyşalygynda adamlaryň Mesih arkaly aljak ähli sowgatlary «bulgur ýaly dury ýaşaýyş suwunyň derýasy» kimin suratlandyrylýar. Şol derýa görnüşde «Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykýar» (Ylh. 22:1). Ýaşaýşyň gözbaşy Ýehowa bolany üçin, ol ýaşaýyş suwunyň hem Gözbaşysydyr (Zeb. 36:9). Ol suwy «Guzusy» Isa Mesih arkaly berýär (Ýahýa 1:29). Göçme manydaky derýa, ýagny Isanyň töleg gurbany arkaly Ýehowa Adam atanyň adamzada ýetiren ähli zyýanyny aýrar. Hawa, Ýehowa Hudaý «gel» diýen çakylygyň Gözbaşysy.

6. «Ýaşaýyş suwunyň derýasy» haçan akyp başlady?

6 «Ýaşaýyş suwunyň derýasy» doly manyda Isanyň müňýyllyk Patyşalygynda aksa-da, ol 1914-nji ýylda «Guzy» gökde tagta çykansoň, ýagny «Rebbiň gününde» akyp başlaýar (Ylh. 1:10). Şondan bäri käbir ýaşaýyş sowgatlaryndan adamlar peýdalanýar. Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylara «suw» diýilýär (Efes. 5:26). Indi «Ýaşaýyş suwuny almak» çakylygyny, ýagny Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary eşitmäge we oňa seslenmäge ähli adamlaryň mümkinçiligi bar. «Rebbiň gününde» kim çakylyk edýär?

«Gelin, «Gel!» diýýär»

7. «Rebbiň gününde» ilki bilen «gel» diýip, kim çagyrdy we kimleri?

7 Ilki bilen, gelin toparynyň agzalary — mesh edilen mesihçiler «geliň» diýip çagyryp başladylar. Olar kimi çagyrdy? Elbetde olar «Gel!» diýip, öz-özüni çagyrmady. Olar «Hudaýyň uly gününde boljak söweşden» soň ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlary çagyrdy (Ylham 16:14, 16-njy aýatlary okaň).

8. Mesh edilen mesihçileriň 1918-nji ýyldan bäri Ýehowanyň çakylygyny aýdýandygy nämeden görünýär?

8 Isanyň mesh edilen şägirtleri 1918-nji ýyldan bäri çakylyk edýärler. Şol ýyl Armageddondan soň ençeme adamlara ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşamaga umyt berýän «Millionlarça ýaşaýan adamlar hiç haçan ölmez» diýen doklad bilen çykyş edildi. 1922-nji ýylda ABŞ-nyň Sidar-Poýnte (Ogaýo ştatynda) Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň kongresinde diňleýjiler «Patyşany we onuň patyşalygyny yglan» etmäge çagyryldy. Bu gelin toparynyň galyndysyna adamlaryň köpüsine çakylyk aýtmaga kömek etdi. 1929-njy ýylyň 15-nji martynda çykan «Garawul diňinde» (iňl.) Ylham 22:17-ä esaslanan «Mähirli çakylyk» atly makala çap edildi. Şol makalada şeýle diýilýär: «Toparyň wepaly galyndysy bu mähirli çakylyga goşulyp «Gel!» diýýär. Bu habar adalaty we hakykaty gözleýän adamlara wagyz edilmelidi. Muny häzir hem etmeli». Şu günlerem gelin topary çakylyk aýdýar.

«Her eşiden «Gel!» diýsin»

9, 10. «Gel!» diýen çakylygy eşidenler nähili seslenýär?

9 «Gel» diýen çakylygy eşidenler barada nämä diýse bolar? Olar «Gel!» diýlen çakylyga seslendiler. Meselem, 1932-nji ýylyň «Garawul diňiniň» 232-nji sahypasynda şeýle diýilýär: «Goý, Patyşalyk barada hoş habary wagyz etmek isleýänleriň ählisini mesh edilenler ruhlandyrsyn. Olara Rebbiň habaryny wagyz etmek üçin ruh bilen mesh edilmek gerek däldi. Armageddonda diri galyp, ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlara ýaşaýyş suwuny bermek ynanylandygyny bilip, Ýehowanyň Güwäçileri örän ruhlandy».

10 «Gel!» diýen çakylygy eşidenleriň borjy barada 1934-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykan «Garawul diňiniň» 249-sahypasynda şeýle diýilýär: «Ýonadab topary mesh edilmedik Ýehowanyň Güwäçileri bolsa-da, olar Ýehuw topary, ýagny mesh edilenler bilen wagyz etmelidi». 1935-nji ýylda Ylham 7:9—17-nji aýatlardaky «uly märekäniň» kimdigi bilindi. Bu adamlaryň köpüsine çakylyk etmäge ýardam etdi. Şondan bäri hak Hudaýa sežde edýän uly märekäniň sany köpelip, şu günler ýedi milliondan gowrak adam bu çakylyga seslendi. Bu habary eşidenler özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyryldylar we gelniň toparyna goşulyp «geliň, ýaşaýyş suwuny mugt alyň» diýip, adamlary yhlasly çagyrýar.

Ruh «Gel!» diýýär

11. I asyrda mukaddes ruhuň wagyz işinde nähili ähmiýeti bardy?

11 Isa Nasyradaky sinagogada wagyz edende, Işaýa pygamberiň kitabyny açyp, şeýle okaýar: «Rebbiň Ruhy üstümdedir. Çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Meni mesh etdi; Meni tussaglara azatlygy, körlere gözleriniň açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny yglan etmäge iberdi». Isa bu sözleri özüne degişli edip: «Siziň eşiden bu ýazgyňyz şu gün berjaý boldy» diýdi (Luka 4:17—21). Ol göge galmazyndan öň şägirtlerine şeýle diýdi: «Ýöne Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp... ýeriň tä soňuna çenli Meniň güwälerim bolarsyňyz» (Res. iş. 1:8). I asyrda mukaddes ruhuň wagyz işinde uly ähmiýeti bardy.

12. Şu günler Hudaýyň ruhy arkaly nädip çakylyk aýdylýar?

12 Şu günler Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly adamlara nädip çakylyk aýdylýar? Ýehowa mukaddes ruhuň gözbaşy. Gelin topary Mukaddes Ýazgylara düşüner ýaly, Ýehowa olaryň ýüregini we aňyny mukaddes ruh arkaly açýar. Mukaddes ruh olara ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlara çakylyk aýtmaga we Ýazgylardaky hakykaty düşündirmäge kömek edýär. Çakylyga seslenip, Isanyň şägirdi bolan we başga adamlara çakylyk aýdýanlar barada näme diýse bolýar? Olara-da mukaddes ruh kömek edýär. Olar «Mukaddes Ruhuň ady bilen» suwda çokundyrylyp, onuň görkezmesine eýerýär we kömegine bil baglaýar (Mat. 28:19). Şeýle-de mesh edilenleriň hoş habary wagyz etmegi bilen uly märekäniň köpelendigi barada oýlanyp görüň. Mukaddes Ýazgylardaky şol habar Hudaýyň ruhy bilen ylhamlanan. Şol sebäpli çakylyk mukaddes ruh arkaly aýdylýar. Biz hem mukaddes ruhuň görkezmesine eýerýäris. Biz çakylyk etmäge näçe wagt sarp etmeli?

Olar «Gel!» diýýär

13. «Ruh we gelin, «Gel!» diýýär diýen jümle nämäni aňladýar?

13 Ruh we gelin, ýöne «Gel!» diýmedi. Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda ulanylan bu işlik dowamly hereketi aňladýar. Şol sebäpli Täze Dünýä terjimesinde: «Ruh we gelin, «Gel!» diýýär» diýilýär. Bu Hudaýyň çakylygyny yzygiderli aýtmalydygyny görkezýär. Çakylygy eşidip, oňa seslenýänler barada näme diýse bolýar? Olar hem «Gel!» diýýär. Hak Hudaýa sežde edýän uly märeke, Ýehowanyň ybadathanasynda «gije-gündiz hyzmat edýärler» (Ylh. 7:9, 15). «Gije-gündiz hyzmat etmek» nämäni aňladýar? (Luka 2:36, 37; Resullaryň işleri 20:31; 2 Selanikliler 3:8-nji aýatlary okaň). Gartaşan Annanyň we Pawlus resulyň mysallaryndan, olaryň erjellik bilen «gije-gündiz» yzygiderli gulluk edendigi görünýär.

14, 15. Daniýel yzygiderli gulluk etmegiň wajypdygyny nädip görkezdi?

14 Daniýel pygamber hem yzygiderli sežde etmegiň wajypdygyny görkezdi (Dan. 6:4—10, 16). Ol Hudaýa doga etmek endigini goýmady. Daniýel arslanlar çukuryna taşlanyljagyny bilse-de, adat boýunça hatda bir aý hem «günde üç gezek doga etmegini» bes etmedi. Onuň göreldesi daş-töwerekdäki adamlara Ýehowa yzygiderli gulluk etmekden başga wajyp zadyň ýokdugyny aýdyň görkezýär! (Mat. 5:16).

15 Daniýel arslanlar çukurynda gijäni geçirensoň, patyşanyň özi ol ýere baryp: «Daniýel, eý, diri Hudaýyň guly! Dowamly gullugyny edýän Hudaýyň seni arslanlardan halas edip bildimi?» diýip gygyrdy. Daniýel şol bada şeýle jogap berdi: «Meniň Hudaýym perişdesini ýollap, arslanlaryň agzyny baglady. Olar maňa zyýan ýetirmedi, çünki Onuň huzurynda menden günä tapylmady. Seniň huzuryňda hem, eý patyşa, men zyýanly iş eden däldirin». Ýehowa Daniýeliň «dowamly gulluk» edenine ak pata berdi (Dan. 6:19—22, MKS).

16. Daniýeliň yzygiderli gulluk edişinden görelde alyp, wagyz babatda özümize nähili soraglary bermeli?

16 Daniýel Hudaýa yzygiderli gulluk etmek üçin ölmäge-de taýyndy. Biz barada näme diýse bolar? Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary yzygiderli wagyz etmek üçin nämeler edýäris we näme etmäge taýyn? Eýsem, biz näme üçin bir aýlap adamlara Ýehowa barada wagyz etmeli däl?! Mümkin boldugyndan, biz her hepde wagyz etmäge çalyşmaly dälmi näme? Hatda saglyk ýagdaýymyz örän gowşak bolsa-da, aýda 15 minut wagyz edip, hasabat bermeli. Näme üçin? Sebäbi ruh we gelin «Gel!» diýmegimizi isleýär. Hawa, biz elimizden gelenini edip, Hudaýyň Patyşalygynyň yzygiderli wagyzçysy bolmak isleýäris.

17. Biz Ýehowanyň çakylygyny aýtmak üçin nähili mümkinçiliklerden peýdalanmaly?

17 Biz diňe wagza çykanymyzda däl, eýsem her bir mümkinçikden peýdalanyp, Ýehowanyň çakylygyny aýtmaly. «Ýaşaýyş suwuny mugt almaga» suwsanlara başga wagt, ýagny bazara, işe, mekdebe we rugsat günleri bir ýere gidende çakylyk aýtmak, nähili, uly hormat! Hatda hökümet wagyz işini gadagan etse-de, biz paýhaslylyk bilen wagyz ederis. Meselem, öýden-öýe wagyz edende, bir gezekde ähli gapyny kakmarys ýa-da resmi däl ýagdaýda köpräk wagyz ederis.

«Gel!» diýiň

18, 19. Hudaýyň işdeşi bolmagy gymmat saýýandygyňy nädip görkezip bilersiň?

18 Indi togsan ýyldan gowrak wagt, ruh we gelin ýaşaýyş suwuna suwsanlaryň ählisine «Gel!» diýýär. Sen olaryň tolgundyryjy çakylygyny eşitdiňmi? Eşiden bolsaň, bu çakylygy adamlara aýt.

19 Biz Ýehowanyň mähirli çakylygynyň näçe wagt dowam etjegini bilmeýäris, ýöne biz oňa «Gel!» diýip seslensek, Hudaýyň işdeşleri bolarys (1 Kor. 3:6, 9). Bu nähili uly hormat! Biz yzygiderli wagyz edip, «elmydam öwgi gurbanlaryny» hödürläp, bu hormatly işi gymmat saýýandygymyzy görkezýäris (Ýew. 13:15). Biz gelin topary bilen bile, ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlara «Gel!» diýýäris. Şonda adamlaryň köpüsi «ýaşaýyş suwuny mugt alyp» biler!

Siz näme öwrendiňiz?

• «Gel» diýen çakylyk kime aýdylýar?

• Biz näme üçin «gel» diýen çakylygyň gözbaşy Ýehowa diýip bileris?

• «Gel» diýen çakylygy aýtmak üçin Mukaddes ruhuň näme ähmiýete bar?

• Biz näme üçin yzygiderli wagyz etmäge çalyşmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş