Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/11 sah. 3—7
  • Ýaşlar, Hudaýyň Sözüne eýeriň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaşlar, Hudaýyň Sözüne eýeriň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Maşgalada Hudaýyň Sözüne eýeriň
  • Pul sowanda Hudaýyň Sözüne eýeriň
  • Ýeke wagtyňyz Hudaýyň Sözüne eýeriň
  • Ýehowanyň ýüregini şatlandyryň
  • Näme üçin gaty köp düzgün goýýarlar?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Ata-eneler çagalaryňyzy söýgi bilen terbiýeläň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ata-eneler we çagalar, mähirlilik bilen gürrüňdeş boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ene-atam tankytlaýan bolsa näme edip bilerin?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/11 sah. 3—7

Ýaşlar, Hudaýyň Sözüne eýeriň!

«Hikmet gazan, düşünje gazan». (SÜL. TYM. 4:5)

1, 2. a) Pawlus resula özi bilen göreşmäge näme kömek etdi? b) Sen akyldarlygy we düşünjäni nädip gazanyp bilersiň?

«ÝAGŞYLYK etjek bolamda, mende erbetlik häzir bolýar». Sen bu sözleri kimiň ýazandygyny bilýärmiň? Ony Pawlus resul ýazdy. Ol Ýehowany söýse-de, dogrulyk etmek üçin käte özi bilen göreşmeli bolýardy. Seniň pikiriňçe, ol özüni nähili duýandyr? Ol: «Ne biçäre adam men!» diýip ýazdy (Rim. 7:21—24). Sen hem özüňi Pawlus ýaly duýup gördüňmi? Käte saňa-da dogrulyk etmek kynmy? Sen hem Pawlus ýaly lapykeç bolýarmyň? Şeýle bolsa, onda ruhdan düşme. Pawlus özi bilen göreşmeli bolsa-da, ýeňiş gazandy. Diýmek, sen hem ýeňip bilersiň.

2 Pawlus «sagdyn sözlere» eýerdi (2 Tim. 1:13, 14). Şol sebäpli, ol akyldarlyk, düşünje gazanyp, kynçylyklary ýeňmegi başardy we dogry karara geldi. Ýehowa Hudaý saňa-da akyldarlyk we düşünje gazanmaga kömek eder (Sül. tym. 4:5). Ol öz Sözi, ýagny Mukaddes Ýazgylar arkaly bize iň gowy maslahatlary berýär (2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlary okaň). Häzir bolsa, Mukaddes Ýazgylaryň saňa ata-eneň bilen gatnaşygyňda, pul sowanyňda we ýeke wagtyň kömek edýän prinsiplerine seredeliň.

Maşgalada Hudaýyň Sözüne eýeriň

3, 4. Ata-eneň görkezmesi näme üçin saňa kyn bolup görünmegi mümkin, emma olar näme üçin görkezme berýär?

3 Saňa ata-eneňiň görkezmesine we islegine görä ýaşamak kynmy? Näme üçin? Belki-de, sen has erkin ýaşamak isleýänsiň. Bu islegi erbet hasaplap bolmaz, sebäbi adam ulaldygyça, erkin ýaşamak isleýär. Emma sen ata-eneň bilen ýaşaýarkaň, olara gulak asmaga borçlusyň (Efes. 6:1—3).

4 Sen ata-eneň berýän görkezmesine we talaplaryna dogry düşünseň, olara eýermek aňsat bolar. 18 ýaşly Bertaa ata-enesi barada şeýle gürrüň berýär: «Hamala, ejem bilen kakam meniň ýaşymda bolmadyk ýaly. Olar meniň pikirim we garaýşym barada oýlanmaýarlar, meniň ulalmagymy hem islemeýärler». Belki, Berta ýaly sen hem ata-enem maňa köpräk erkinlik bermeli diýip pikir edýänsiň. Emma olaryň berýän edep-terbiýesi seniň aladaňy edýändigini görkezýär. Şeýle-de mesihçi ata-eneler çagalarynyň aladasyny etmek barada Ýehowanyň öňünde özlerini borçly duýýarlar (1 Tim. 5:8).

5. Ata-eneňe gulak asmagyň nähili peýdasy bar?

5 Ata-eneleriň görkezmesine gulak asmagy bankdan karz alan puluňy yzyna bermek bilen deňeşdirip bolar. Eger sen karzyňy wagtynda üzseň, olaryň ynamyna girersiň we sen olardan indiki sapar has köp karz alyp bilersiň. Şonuň ýaly-da, ata-eneňe gulak asyp, hormat goýmak seniň borjuňdyr (Süleýmanyň tymsallary 1:8-i okaň). Sen ata-eneňe näçe köp gulak assaň, olar saňa şonça-da köp erkinlik berer (Luka 16:10). Eger sen ata-eneňiň görkezmesine eýermeseň, olar saňa «karz» bermezler.

6. Ata-eneler ýaşlara gulak asmagy nädip öwredip bilerler?

6 Ata-eneler çagalaryna gulak asmagy öwredenlerinde, özleri hem görelde bolmaly. Olar Ýehowanyň tabşyryklaryna höwes bilen gulak assalar, onuň görkezmesiniň paýhaslydygyny subut ederler. Bu bolsa ýaşlara ata-eneleriň berýän görkezmesine gulak asmagyň paýhaslydygyna düşünmäge kömek eder (1 Ýahýa 5:3). Galyberse-de, Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň gullukçylaryna öz pikirini aýtmaga mümkinçilik berendigi barada ençeme wakalar ýazylan (Gel. çyk. 18:22—32; 1 Pat. 22:19—22). Ata-eneler, siz käte çagalaryňyza dürli meseleler boýunça öz pikirini aýtmaga rugsat berýärsiňizmi?

7, 8. a) Ýaşlara näme agyr degmegi mümkin? b) Terbiýäniň peýdasyny görer ýaly nämä düşünmeli?

7 Şeýle-de ata-eneleriň çagalaryna nähak zeýrenmegi, olara agyr degmegi mümkin. Gleb şeýle gürrüň berýär: «Meniň pikirimçe, ejem hakyky yzçy, ol diňe meniň ýalňyşymy gözleýär». Belki, käte sen hem özüňi Gleb ýaly duýýansyň.

8 Köplenç adama düzediş ýa-da terbiýe berlende, oňa nägilelik bildirilýär. Hatda berilýän terbiýe ýerlikli bolsa-da, ony kabul etmegiň aňsat däldigi barada Hudaýyň Sözünde-de aýdylýar (Ýew. 12:11). Berilýän terbiýä dogry garamaga saňa näme kömek eder? Ýadyňda bolsun, ata-eneň seni söýýändigi üçin maslahat berýär (Sül. tym. 3:12). Olar seni erbet endiklerden gorap, gowy gylyk-häsiýetleri ösdürmegiňi isleýär. Eger olar seni ýola getirmeseler, onda seni ýigrendigi bolar (Süleýmanyň tymsallary 13:24-i okaň). Şeýle-de goýberilen ýalňyşlar esasynda köp zatlary öwrense bolýar. Şol sebäpli saňa maslahat berenlerinde, onuň peýdaly tarapyna üns berjek bol. Akyldarlygy «gazanmak kümüş gazanmakdan gowudyr, onuň önümi sap altyndan gowudyr» (Sül. tym. 3:13, 14).

9. Maňa ýersiz-ýere zeýrenýärler diýmegiň deregine, sen näme edip bilersiň?

9 Ata-eneler hem ýalňyşýarlar (Ýakup 3:2). Olar saňa düzediş berenlerinde, käte pikirlenmän käýemekleri mümkin (Sül. tym. 12:18). Olaryň şeýle etmegine näme sebäp bolup biler? Belki, olar şol wagt aladalydyr ýa-da seniň ýalňyşyň üçin özlerini günäkärleýändir. Şonuň üçin ejem bilen kakam maňa ýersiz-ýere zeýrenýärler diýmän, gaýtam, olaryň saňa kömek etmek üçin edýän yhlasyna minnetdarlyk bildirseň, gowy bolmazmy? Sen berilýän maslahatlary kabul etmegi öwrenseň, ulalanyňda hem köp peýdasy deger.

10. Ata-eneňiň maslahatlaryny we düzedişlerini nädip höwes bilen kabul edip bolar?

10 Sen ata-eneň berýän maslahatlaryny we düzedişlerini höwes bilen kabul edip, peýdasyny görmek isleýärmiň? Onda sen olar bilen gürrüňdeş bolmagy öwrenmelisiň. Munuň üçin sen näme edip bilersiň? Ilki bilen, sen diňlemegi başarmalysyň. Injilde: «Her adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda assa bolsun» diýilýär (Ýakup 1:19). Özüňi derrew aklamagyň deregine, duýgularyňa erk edip, ejeň bilen kakaňyň aýdýanlaryny diňle. Olaryň aýdyş äheňine däl-de, näme diýýänine üns ber. Soňra sen ýalňyşandygyňy boýun alyp, olaryň aýdanlary bilen razylaşýandygyňy görkez. Belki, özüňi näme üçin şeýle alyp barandygyňy düşündiresiň gelýändir. Emma köplenç «agzyňy jylawlap», ata-eneň aýdanlaryny ýerine ýetirseň gowy bolar (Sül. tym. 10:19). Kakaň bilen ejeň seniň gulak asýandygyňy görseler, wagtyň geçmegi bilen, olar hem seni diňlärler. Şonda sen ruhy we duýgy taýdan ýetişip, Hudaýyň Sözüne eýerýändigiňi subut edersiň.

Pul sowanda Hudaýyň Sözüne eýeriň

11, 12. a) Hudaýyň Sözünde pul babatda bize nähili maslahat berilýär we näme üçin? b) Puly tygşytly sowmak babatda kakaň bilen ejeň nädip kömek edip biler?

11 Wagyzçy 7:12-de: «Pul... goragdyr» diýilýär. Emma bu aýatda akyldarlygyň puldan-da has wajypdygy hem aýdylýar. Hudaýyň Sözi puly söýmegi däl-de, oňa dogry garamagy maslahat berýär. Biz näme üçin pul söýgüsinden gaça durmaly? Geliň, bir mysala seredeliň: baş aşpeziň elindäki ýiti pyçak peýdaly gural bolup biler. Emma tejribesiz we ünssüz adam şeýle pyçak bilen özüni ýaralar. Eger puly paýhasly ulansaň, ol peýdaly bolup biler, ýöne baýajak bolýan adam dost-ýarlary, maşgala agzalary we Hudaý bilen gatnaşygyna zyýan ýetirer. Netijede, olar «köp sanjylar bilen özlerini gynarlar» (1 Timoteos 6:9, 10-njy aýatlary okaň).

12 Sen nädip puly paýhasly ulanyp bilersiň? Kakaň bilen ejeňden puly tygşytlamak barada maslahat sorasaň gowy bolmazmy? Süleýman: «Tymsala we matala, akyldarlaryň sözlerine we tapmaçalaryna düşünmeli» diýdi (Sül. tym. 1:5). Anna atly ýaş gelin şeýle gürrüň berýär: «Kakam maňa puly tygşytly sowmagyň wajypdygyny öwretdi. Ol maşgalaň puluny dogry ulanyp, hasap ýöretmegiň ähmiýetlidigini düşündirdi». Bu babatda ol ejesiniň beren paýhasly maslahatyny hem ýatlaýar: «Ol maňa bir zady satyn almankam, ilki, onuň bahalaryny deňeşdirmegi öwretdi». Bu Anna nähili kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Men häzir puly dogry ulanyp bilýärin. Men puly tygşytly sowýaryn, biderek karz etmeýärin, şol sebäpli men özümi rahat duýýaryn».

13. Pul sowanyňda özüňe nädip erk edip bilersiň?

13 Eger sen puly oýlanyşyksyz ýa-da dost-ýarlaryň ünsüni özüňe çekmek üçin sowsaň, onda tiz karza batarsyň. Saňa şeýle duzaga düşmezlige näme kömek eder? Pul sowanyňda özüňe erk etmegi öwren. 20 ýaşly Ýelena şeýle gürrüň berýär: «Men dost-ýarlarym bilen dynç almaga gitjek bolanymda, öňünden sowjak pulumy kesgitleýärin... Şeýle-de men dükana ýa bazara puly tygşytly sowýan joralarym bilen gidýärin. Olar maňa ilki bahalaryny deňeşdirip, soňra satyn almagy maslahat berýärler».

14. Sen näme üçin «baýlygyň aldawçylygyndan» ägä bolmaly?

14 Pul gazanmak we ony dogry ulanmak durmuşda örän wajyp. Ýöne Isanyň aýtmagyna görä, «ruhy garyplar» bagtlydyr (Mat. 5:3). Ol «baýlygyň aldawçylygy» ýaly zatlaryň ruhy işlerden ünsüňi sowup biljekdigini aýtdy (Mar. 4:19). Şoňa görä-de, Hudaýyň Sözüne eýerip, pul meselesinde dogry garaýşy saklalyň!

Ýeke wagtyňyz Hudaýyň Sözüne eýeriň

15. Seniň Hudaýa wepalylygyň haçan has-da synalýar?

15 Seniň pikiriňçe, Hudaýa wepalylygyň haçan has-da synalýar? Ýanyňda biri barkamy ýa-da ýeke wagtyň? Sen mekdepde ýa işde ruhy taýdan zyýan ýetirip biljek zatlardan seresap bolýarsyň. Emma dynç alanyňda has-da arkaýynlaşýarsyň we saňa ahlak kadalaryna eýermek kyn bolýar.

16. Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok bolsa-da Hudaýa gulak asmaly?

16 Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok bolsa-da Hudaýa gulak asmaly? Şuny ýatda sakla: sen Ýehowany hem gynandyryp, hem begendirip bilersiň (Gel. çyk. 6:5, 6; Sül. tym. 27:11). Diýmek, seniň edýän işleriň Ýehowa täsir edýär, sebäbi ol seniň «gamhoryňdyr» (1 Pet. 5:7). Hudaý berýän maslahatlaryny seniň diňlemegiňi we ondan peýdalanmagyňy isleýär (Iş. 48:17, 18). Ýehowanyň gadymy Ysraýylda ýaşan käbir gullukçylary maslahaty kabul etmän, ony ynjatdylar (Zeb. 78:40, 41). Emma Daniýel pygamber adamlaryň ýanynda-da, ýeke galanda-da Hudaýa wepalydy (Daniýel 6:10-y okaň)b. Şonuň üçin Ýehowa Daniýeli juda gowy görýärdi, hatda perişdelerem Hudaýyň ony söýýändigini aýtdylar (Dan. 10:11).

17. Göwün açmak meselesinde özüňe nähili soraglar bermeli?

17 Ýeke galanyňda-da Hudaýa wepaly bolmak üçin, sen «saýgarma ukyplaryňy ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirmeli» we ony bilen zatlaryň boýunça terbiýelemeli (Ýew. 5:14). Meselem, saňa aýdym-sazy, filmleri, Internet sahypalaryny saýlamaga şu soraglar kömek eder: bu aýdym-saz, film ýa-da Internet sahypasy meni rehimdar bolmaga höweslendirermi ýa-da «betbagtlyga şatlandyrar»? (Sül. tym. 17:5). Ol maňa «ýagşylygy söýmäge» kömek edermi ýa-da «ýamanlygy ýigrenmegimi» has-da kynlaşdyrar? (Amos 5:15). Hawa, seniň ýekelikde edýän işleriň nämä göwün berendigiňi görkezýär (Luka 6:45).

18. Sen gizlinlikde günä işi edýän bolsaň näme etmeli we näme üçin?

18 Eger sen gizlinlikde günä hasaplanýan işi edýän bolsaň, onda näme etmeli? Ýadyňda bolsun, «günälerini ýaşyrýan üstünlik gazanmaz; günälerini boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler» (Sül. tym. 28:13). Günä işi dowam edip, «Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmek», gör, nähili akylsyzlyk! (Efes. 4:30). Eden günäňi öz öňüňde-de, Hudaýyň we ata-eneňiň öňüňde-de boýun al. Bu babatda ýygnak ýaşululary uly ýardam berip biler. Ýakup şägirt şeýle diýdi: «Olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag çalyp, onuň üçin doga etsin. Iman dogasy syrkawa şypa berer, Reb ony dikelder; eger ol günä eden bolsa, bagyşlanar» (Ýakup 5:14, 15). Hawa, günäňi boýun alanyňda utanmagyň ýa-da oňaýsyz ýagdaýa düşmegiň mümkin. Emma sen mertlik bilen, kömek sorasaň, özüňi ruhy taýdan gorarsyň, ynsabyň päk bolar we kalbyňda rahatlyk dörär (Zeb. 32:1—5).

Ýehowanyň ýüregini şatlandyryň

19, 20. Ýehowa saňa näme isleýär we sen näme etmeli?

19 Ýehowa bagtly — «mübärek Hudaý». Ol seniň hem bagtly bolmagyňy isleýär (1 Tim. 1:11). Ol ýürekden seniň aladaňy edýär. Dogrulyk ýolunda ýöremek üçin edýän tagallaňy hiç kim görmese-de, Ýehowa görýär. Onuň gözlerinden hiç zat sypmaz. Ol seni ýalňyşlyk tapmak üçin däl-de, dogrulyk ýolunda ýöremäge kömek etmek üçin synlaýar. Hudaý «ýürekden bil baglaýan adamlary goldamak üçin ýer ýüzüne ser salýar» (2 Tar. 16:9).

20 Şol sebäpli sen Hudaýyň Sözüne we onuň maslahatlaryna eýer. Şonda sen akyldarlyk we düşünje gazanarsyň. Bu häsiýetler saňa kynçylyklara hötde gelmäge we durmuşda dogry ýoly saýlamaga kömek eder. Sen ata-eneňi we Ýehowany begendirip, özüň hem bagtly bolarsyň.

a Atlary üýtgedilen.

b Daniýel 6:10 Daniýel permana gol çekilen badyna öýüne gitdi. Ýokary gatdaky otagynyň Iýerusalime bakyp duran penjireleri açykdy. Ol hemişekisi ýaly, günde üç gezek dyza çöküp, doga ederdi we Hudaýa şükürler aýdardy.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Ýaşlar ata-enesiniň düzgünlerine we temmilerine nähili garamaly?

• Pula dogry garamagy öwrenmek näme üçin wajyp?

• Sen ýeke galanyňda-da nädip Ýehowa wepaly bolup bilersiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş