Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/11 sah. 7—11
  • Ýaşlar, deň-duşlaryňyzyň ýaramaz täsirine garşy duruň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaşlar, deň-duşlaryňyzyň ýaramaz täsirine garşy duruň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Deň-duşlaryňa meňzemek islegi
  • «Özüňizi synaň»
  • Oýlanyp jogap beriň
  • «Bolçulyga getirýän» pikirler
  • «Ýaşlygyňda şatlan»
  • Deň-duşlarymyň erbet täsirine garşy nädip durmaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Deň-duşlaryň täsirine nädip garşy durmaly?
    Ýaşlary gyzyklandyrýan 10 soragyň jogaby
  • Synaga nädip garşy durmaly?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/11 sah. 7—11

Ýaşlar, deň-duşlaryňyzyň ýaramaz täsirine garşy duruň!

«Her kime nähili jogap bermelidigini biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun». (KOL. 4:6)

1, 2. Näme üçin ýaşlaryň köpüsi deň-duşlaryna meňzemek isleýär?

SEN «deň-duşlaryň täsiri» diýen jümläni ençeme sapar eşidensiň, belki, özüňem olaryň täsirine düşüp görensiň. Mümkin, saňa-da erbet zat etdirmek isländirler, şonda özüňi nähili duýduň? 14 ýaşly Kristofer şeýle gürrüň berýär: «Bir ýerlere gaçyp gidesiň gelýär ýa-da synpdaşlaryňa meňzäp, olaryň edenlerini edesiň gelýär».

2 Deň-duşlaryň saňa-da şeýle güýçli täsir edýärmi? Näme üçin şeýlekä? Belki, sen olaryň göwnüni tapmak isleýänsiň? Deň-duşlaryň göwnüni tapmak erbet zat däl. Uly adamlar hem öz deňleriniň hormatyny gazanmak isleýärler. Hiç kimem — ulular-da, kiçiler-de — ak jüýje bolmak islemeýär. Dogry, käbir adamlar seniň edýän ýagşy işleriňi hemişe halap durmaz. Hatda Isa-da şeýle ýagdaýa düşüpdi. Muňa garamazdan, ol hemişe dogrulyk edýärdi. Käbir adamlar onuň yzyna eýerip, şägirdi boldy, käbiri bolsa Hudaýyň Ogluny ýigrenip, «ony inkär etdi» (Iş. 53:3).

Deň-duşlaryňa meňzemek islegi

3. Näme üçin deň-duşlaryňa meňzejek bolmak nädogry?

3 Käte sen deň-duşlaryňyň göwnüni ýykmajak bolup, olara meňzemäge çalyşýansyň. Emma bu nädogry. Mesihçiler «eýläk-beýläk iteklenýän çagalar bolmaly» däl (Efes. 4:14). Çagalar başgalaryň täsirine aňsatlyk bilen düşýär. Emma sen çaga däl-de, uly adam bolmalysyň. Eger sen Ýehowanyň kadalarynyň peýdalydygyna ynanýan bolsaň, onda şol ynanjyň boýunça-da ýaşamaly (Kan. tag. 10:12, 13). Ýogsam, durmuşyňa erk etdigiň bolmaz. Aslynda, adamlaryň täsirine düşseň, sen olaryň oýnatgysy bolarsyň (2 Petrus 2:19-y okaň).

4, 5. a) Harun nädip ildeşleriniň täsirine düşdi we biz mundan nähili sapak edinýäris? b) Deň-duşlaryň seni nädip erbet işe itermekleri mümkin?

4 Bir sapar Musanyň dogany Harun hem ildeşleriniň täsirine düşýär. Ysraýyllylar ony taňry ýasamaga yrýarlar. Aslynda, Harun gowşak adam däldi. Ol Musany goldap, Müsüriň iň güýçli adamy bolan Faraonyň ýanyna barypdy. Harun onuň bilen dogumly gepleşip, Hudaýyň habaryny aýdýar. Emma ildeşleri zor salanda, olaryň täsirine düşýär. Deň-duşlaryň täsiri diýseň güýçli eken! Haruna ysraýyllylara garşy durmak Müsüriň patyşasynyň öňünde durmakdan kyn düşdi (Müs. çyk. 7:1, 2; 32:1—4).

5 Harun bilen bolan wakadan görşümiz ýaly, deň-duşlar diňe bir ýaşlara ýa-da erbet niýetli adamlara täsir etmeýär. Olar hatda ak ýürekden dogry ýoldan ýöremek isleýän adamlara-da, saňa-da täsir edip biler. Deň-duşlaryň seni erbet işe itermek üçin gižželäp, sögüp we üstüňden gülüp biler. Deň-duşlaryň nähili usul ulansalar-da, olaryň ýaramaz täsirine garşy durmak aňsat däl. Olara garşy durmak üçin, dini ynançlaryňa bolan ynamyňy berkitmeli.

«Özüňizi synaň»

6, 7. a) Dini ynançlaryň dogrudygyna näme üçin göz ýetirmeli we ynanjyňy nädip berkidip bolar? b) Dini ynançlaryňy berkitmek üçin özüňe nähili soraglar bermeli?

6 Sen deň-duşlaryň ýaramaz täsirine garşy durmak üçin, ilki bilen, uýýan dini ynançlaryň we ahlak kadalaryň dogrudygyna göz ýetirmelisiň (2  Korintoslylar 13:5-i okaň). Şeýle ynam çekinjeň adamy-da dogumly edýär (2 Tim. 1:7, 8). Emma dini ynançlaryna ýüzleý ynanýan adam dogumly bolsa-da, ynanjyna eýermek ýa-da ony birine düşündirmek kyn bolar. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylardan öwrenýän zatlaryň hakykatdygyna, ilki, özüň göz ýetirseň, gowy bolmazmy?! Muny ýönekeý zatlardan başlap bilersiň. Meselem, sen Hudaýa ynanýarsyň we özgeleriň hem Onuň bardygyna ynanyp, aýdýan gürrüňlerini eşidýärsiň. Emma özüňe şeýle soraglary ber: «Hudaýyň bardygyna meni näme ynandyrýar? Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyny nireden bilýärin?» (2 Tim. 3:16). Men «soňky günlerde» ýaşaýandygyma näme üçin ynanýaryn?» (2 Tim. 3:1—5). «Ýehowanyň kadalarynyň maňa peýdalydygyna näme üçin ynanýaryn?» (Iş. 48:17, 18). Şeýle soraglary müňkürlik döretmek üçin däl-de, imanyňy berkitmek üçin bermeli.

7 Bu soraglara jogap tapyp bilmerin öýdüp, özüňe sorag bermekden çekinme. Eger sen maşynyň ýangyjynyň gutaryp barýandygyny bilip-de, ony barlamasaň, dogry bolarmy?! Elbetde, ony barlap, ýangyç guýmaly. Şonuň ýaly-da, haýsy taglymata doly düşünmeýändiňi bilmeli we onuň üstünde işläp, ynamyňy berkitmeli (Res. iş. 17:11).

8. Ahlaksyzlyk baradaky tabşyryga eýermegiň paýhaslydygyna bolan ynamyňy nädip berkidip bolýar? Düşündiriň.

8 Geliň, bir mysala seredeliň. Injilde: «Ahlaksyzlykdan gaçyň!» diýip maslahat berilýär. Özüňe şeýle sorag ber: «Bu maslahata eýermek näme üçin paýhasly?» Sen deň-duşlaryň näme üçin ahlaksyzlyk edýändigi barada oýlan. Şeýle-de «ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändiginiň» sebäpleri barada pikirlen (1 Kor. 6:18). Indi bolsa, jogaplary deňeşdirip, şu soraglary özüňe ber: «Bu ýollaryň haýsysy gowy? Ahlaksyzlyk etmek gowumy?» Bulara jogap berip, ýene-de özüňden sora: «Men ahlaksyzlyk etsem, özümi nähili duýaryn?» Sen käbir deň-duşlaryň göwnünden tursaň-da, emma kakaň, ejeň we ýygnakdaky dogan-uýalaryň ýanynda özüňi nähili duýarsyň? Sen Hudaýa päk ynsap bilen doga edip bilermiň? Synpdaşlaryňa ýaranjak bolup, Hudaýyň öňünde ýagşy adyňy garalanyňa degermi?

9, 10. Deň-duşlaryň azar berende, ynançlaryňa bolan berk ynam saňa nädip kömek eder?

9 Esasanam, ýetginjeklik döwri düşünjäňiň kämilleşýän wagtydyr (Rimliler 12:1, 2-nji aýatlary okaň). Eger sen ýetginjek ýaşyňda bolsaň, onda häzirden Ýehowanyň Güwäçisi bolmagyň wajypdygy barada çynlakaý oýlanmalysyň. Bu saňa ynançlaryňa bolan imanyňy berkitmäge kömek eder. Şonda deň-duşlaryň ýaramaz täsirine uçranyňda, anyk we ynamly jogap berip, olara garşy durup bilersiň. Bir ýaş uýa şeýle gürrüň berýär: «Deň-duşlarym maňa azar berenlerinde, men derrew özümiň Ýehowanyň Güwäçisidigimi aýdýaryn. Bu meniň üçin ýöne bir din bolman, eýsem, meniň düşünjäme, maksatlaryma, ahlak kadalaryma we bütin ýaşaýşyma täsir edýär». Sen hem bu uýadan görelde alyp bilersiň.

10 Görşümiz ýaly, Ýehowanyň dogry ýolunda berk galmak üçin tagalla etmeli (Luka 13:24). Belki, bu ýol eden tagallama degmez öýdýänsiň. Emma ýadyňda bolsun, eger sen gowşaklyk görkezseň ýa-da deň-duşlaryňa eglişik etseň, olar muny derrew duýar we saňa has-da beter azar berip başlarlar. Ýöne sen ynamly gepleseň, olar şol bada saňa azar bermegini bes ederler, muňa özüň hem geň galarsyň (Luka 4:12, 13-nji aýatlary deňeşdiriň).

Oýlanyp jogap beriň

11. Deň-duşlaryňyň täsiri barada öňünden oýlanmagyň nähili peýdasy bar?

11 Indiki ädim bolsa, deň-duşlaryň täsirine garşy durmak üçin öňünden taýýarlanmaly (Süleýmanyň tymsallary 15:28-i okaň). Munuň üçin bolup biljek ýagdaýy göz öňüne getirmeli. Öňünden görlen biraz taýýarlyk hem uly çaknyşygyň öňüni almaga kömek eder. Aýdaly, seniň gidip barýan ugruňda synpdaşlaryň çilim çekip otyr. Heý-de, olar saňa çilim hödürlemezmi? Bu bolaýjak zat, ýöne sen näme edersiň? Süleýmanyň tymsallary 22:3-de: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir» diýilýär. Sen barýan ugruňy üýtgetseň, olara duşmaly bolmarsyň. Bu gorkaklyk däl-de, paýhasly bolmakdyr.

12. Deň-duşlaryň üstüňden gülenlerinde nähili jogap berse bolýar?

12 Eger sen gaçyp bolmaýan synaga uçrasaň näme? Aýdaly, deň-duşlaryň geň galyp: «Sen henizem hiç kim bilen halaşyp görmediňmi?» diýip, seniň üstüňden gülýärler. Şeýle ýagdaýda Koloseliler 4:6-daky: «Her kime nähili jogap bermelidigini biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun» diýen maslahata eýerseň gowy bolar. Bu sözler dürli ýagdaýa garamazdan, nädip jogap bermelidigini görkezýär. Emma Mukaddes Ýazgylar barada takal okamagyň geregi ýok. Ýönekeý we berk jogap ýeterlikli bolar. Meselem, ýokardaky soraga: «Hawa — ýa-da — bu meniň öz işim» diýip, jogap berip bilersiň.

13. Üstüňden gülýän deň-duşlaryň soraglaryna jogap berende näme üçin düşgür bolmaly?

13 Köp gepläniň bilen hiç hili netije bermese, gysgaça jogap berse bolar. Isa-da şeýle ederdi. Meselem, ol Hirodes patyşanyň soragyna jogap hem bermedi (Luka 23:8, 9). Ýerliksiz berlen soraglara köplenç jogap bermezlik gowy (Sül. tym. 26:4; Wag. 3:1, 7). Emma käte üstüňden gülýän adamlar hem seniň ynançlaryň — meselem, ahlak kadalaryň — barada çynlakaý gyzyklanyp sorag bermegi mümkin (1 Pet. 4:4). Şeýle ýagdaýlarda berk garaýşyňy Mukaddes Ýazgylaryň esasynda düşündirseň gowy bolar. Emma sen «her wagt jogap bermäge taýýar bolup», hiç zatdan gorkma (1 Pet. 3:15).

14. Sen käte nädip sypaýyçylyk bilen hüjüme geçip bilersiň?

14 Göçme manyda aýdanyňda, käte sen hüjüme geçip bilersiň. Emma muny sypaýyçylyk bilen etmäge çalyş. Deň-duşlaryň çilim çekmegi hödürlände, sen: «Ýok, sag bol! — diýde, soňra — Men sizi çilim çekerden akyllymykaňyz öýdýärdim!» diýip bilersiň. Şeýdip, sen hem olara täsir edip bilýäň. Indi olar seniň çilim çekmeýändigiň barada däl-de, özleriniň näme üçin çilim çekýändigi barada oýlanarlara.

15. Deň-duşlaryň azar berende haçan gaçmak ýerlikli we näme üçin?

15 Seniň edýän tagallaňa garamazdan, deň-duşlaryň azar bermegini dowam etse näme? Şeýle ýagdaýda gaçmak iň gowy ýoldur. Eger sen biraz saklansaň, olaryň täsirine düşmegiň mümkin. Şol sebäpli ol ýerden derrew gaýtmak bilen bol. Sen gaýtsaň-da, ýeňiji bolup gaýdarsyň. Emma dykgatly bol, çünki ýagdaýyň gaýtalanmagy mümkin. Gowusy, deň-duşlaryň üçin oýnatgy bolma-da, Ýehowany begendir! (Sül. tym. 27:11).

«Bolçulyga getirýän» pikirler

16. Özüni mesihçi hasaplaýan ýaşlar nädip erbet täsir edip biler?

16 Özüni Ýehowanyň Güwäçisi hasaplaýan ýaşlaryň hem erbet täsir etmegi mümkin. Aýdaly, seni oturyşlyga çagyrýarlar. Sen ol ýere baranyňda, uly ýaşly dogan-uýalaryň ýokdugyny ýa-da özüni mesihçi hasaplaýan ýaşlaryň spirtli içgileri getirendigini görýäň. Emma siz içgi içerden heniz ýaşsyňyz. Şeýle ýagdaýlarda sen Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyňa eýermeli. Ýetginjek ýaşdaky bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek dogan-uýalar bilen kino görmäge gitdik. Kinodaky hapa sözleri eşidenimde, men gyz jigim bilen ol ýerden çykyp gaýtdym. Kakam bilen ejem biziň bu eden hereketimizi goldady. Emma kinony görmek üçin galanlar bize gaharlandylar, çünki olaryň erbetligi aýan boldy».

17. Oturyşlyga baranyňda, Hudaýyň kadalaryna nädip wepaly galyp bilersiň?

17 Ýokarda aýdylan wakadan görnüşi ýaly, Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabyňa eýereniňde, oňaýsyz ýagdaýa düşüp bilersiň. Ýöne ynançlaryňa wepaly gal. Taýýarlykly bol. Eger baran oturyşlygyň seniň pikir edişiňe görä bolmasa, ol ýerden gaýtmaga taýyn bol. Käbir ýaşlar ata-enesine: «Eger bir gezek jaň edip goýsak, diýmek, biziň yzymyzdan baryp, irräk öýe alyp gaýdyň» diýip, öňünden gepleşýärler (Zeb. 26:4, 5). Şeýle hereketler we «pikirler diňe bolçulyga getirýändir» (Sül. tym. 21:5).

«Ýaşlygyňda şatlan»

18, 19. a) Ýehowa bagtly bolmagyňy isleýändigine sen näme üçin şübhelenmän bilersiň? b) Deň-duşlaryň ýaramaz täsirine garşy durýan ýaşlara Hudaý nähili garaýar?

18 Ýehowa seni şatlanmak üçin ýaratdy we ol seniň bagtly bolmagyňy isleýär (Wagyzçy 11:9-y okaň). Ýadyňda bolsun, seniň deň-duşlaryň köpüsi «az salym günäniň sapasyny sürýärler» (Ýew. 11:25). Hak Hudaý bolsa saňa has gowy zady, ebedi bagty isleýär. Şol sebäpli saňa Hudaýyň halamaýan zatlaryny etdirjek bolanlarynda, Ýehowanyň talaplaryna eýer, çünki olar seniň peýdaň üçindir.

19 Unutmagyn, göwnünden turmak islän deň-duşlaryň köpüsi wagtyň geçmegi bilen, hatda seniň adyňy-da ýatdan çykararlar. Emma olaryň ýaramaz täsirine garşy dursaň, Ýehowa seniň wepalylygyňy görüp, seni hiç haçan unutmaz. Ol «seniň üçin gökleriň böwetlerini açyp... bol bereketleri eçer» (Mal. 3:10). Galyberse-de, ol saňa mukaddes ruhuny jomartlyk bilen berer we sen hiç zada mätäç bolmarsyň. Hawa, Ýehowa saňa deň-duşlaryň ýaramaz täsirine garşy durmaga kömek eder!

a «Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar» (rus.) atly kitabyň 132, 133-nji sahypasyndaky «Hüjüm edenlerinde, meniň etjek ädimlerim» diýen shema serediň (II tom).

Ýadyňyzdamy?

• Deň-duşlaryň ýaramaz täsiri nähili bolup biler?

• Deň-duşlaryň ýaramaz täsirine garşy durar ýaly, näme üçin ynançlaryň dogrudygyna göz ýetirmeli?

• Deň-duşlaryň täsirine düşmez ýaly nädip taýýarlanmaly?

• Ýehowa seniň wepalylygyňy gymmat saýýandygyny nädip bilýärsiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş