Ýaşlar, ömrüňizi nämä bagyş edersiňiz?
«Howany ýumruklaýan ýaly ýumruklamaýaryn». (1 KOR. 9:26)
1, 2. Durmuşda dogry ýoly saýlamaga saňa näme kömek eder?
EGER syýahatçy nätanyş ýere gitjek bolsa, elbetde, ýany bilen karta we kompas alar. Karta oňa barmaly ýerini we onuň ugruny görkezer, kompas bolsa barýan ugrunyň dogrudygyny bilmäge kömek eder. Emma ol nirä barmalydygyny bilmeýän bolsa, onda oňa kartanyň-da, kompasyň-da haýry degmez. Şol sebäpli biderek aýlanyp ýörmez ýaly, ilki bilen, nirä barmalydygyňy bilmeli.
2 Seni-de şol syýahatça meňzetse bolýar, çünki sen durmuşa gadam basmalysyň. Seniň ygtybarly kartaň-da, kompasyň-da bar. Mukaddes Ýazgylar karta hökmünde saňa durmuşda dogry ýoly saýlamaga kömek eder (Sül. tym. 3:5, 6). Eger seniň ynsabyň Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen bolsa, onda ol kompas ýaly saňa ýöremeli dogry ýoluňy görkezer (Rim. 2:15). Emma durmuş ýoluňy dogry saýlar ýaly, sen barýan ugruňy bilmeli. Munuň üçin öňüňde dogry maksatlary goýmaly.
3. 1 Korintoslylar 9:26-a görä, maksat goýmak näme üçin peýdaly?
3 Pawlus resul maksat goýmagyň we oňa ýetmegiň peýdasyny şeýle düşündirdi: «Men maksatsyz ylgaýan ýaly ylgamaýaryn, howany ýumruklaýan ýaly ýumruklamaýaryn» (1 Kor. 9:26). Hawa, sen-de maksat goýsaň, onda biderek ylgamarsyň. Tizden sen Hudaýa gulluk etmek, işlemek, nika, maşgala we başga-da wajyp işler barada karara gelmeli bolarsyň. Emma käte nähili karara geljegiňi bilmän, seniň akylyň çaşýandyr. Ýöne sen durmuş ýoluňy Hudaýyň Sözündäki hakykatyň we prinsipleriň esasynda saýlasaň, nädogry karara gelmersiň (2 Tim. 4:4, 5).
4, 5. a) Maksat goýmasaň näme bolar? b) Sen näme üçin Hudaýy begendirjek ýoly saýlamalysyň?
4 Eger sen maksatsyz ýaşaýan bolsaň, onda deň-duşlaryň we mugallymlaryň özüçe dogry hasaplaýan maksatlary goýdurarlar. Hatda seniň anyk maksadyň bolsa-da, käbir adamlar saňa öz pikirlerini teklip eder. Sen olaryň berýän maslahatlaryny diňläp bilersiň, ýöne özüňe şeýle sorag ber: «Olaryň teklipleri ýaşlyk günlerimde Ýaradyjymy ýatlamaga kömek edermi ýa-da Ony unutdyrar?» (Wagyzçy 12:1-i okaň)a.
5 Sen näme üçin Hudaýy begendirjek ýoly saýlamalysyň? Munuň bir sebäbi: bize ähli gowy zatlary Ýehowa berýär (Ýakup 1:17). Aslynda, her bir ynsan Ýehowa minnetdar bolmaly (Ylh. 4:11). Sen maksat goýanyňda, Ýehowa barada oýlanmasaň, Oňa bolan minnetdarlygyňy nädip görkezip bilersiň? Geliň, indi nähili maksatlar goýmalydygy we olara nädip ýetip bolýandygy barada oýlanalyň.
Sen nähili maksatlary goýup bilersiň?
6. Sen nähili wajyp maksat goýmaly we näme üçin?
6 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Mukaddes Ýazgylardaky aýdylanlaryň hakykatdygyna, ilki, özüň göz ýetirmeli, çünki bu wajyp maksadyň biridir (Rim. 12:2; 2 Kor. 13:5). Belki, seniň deň-duşlaryňa ewolýusiýa we dürli ýalan dini taglymatlary öwredilendir. Şol sebäpli olar öwrenen zatlaryna ynanýarlar. Emma sen şeýle zatlara ynanmaýarsyň, çünki seniň öz garaýşyň bar. Ýadyňda bolsun, Ýehowa seniň bütin düşünjäň bilen Özüne gulluk etmegiňe garaşýar (Matta 22:36, 37-nji aýatlary okaň). Gökdäki Atamyz biziň Mukaddes Ýazgylara esaslanan imanymyzyň bolmagyny isleýär (Ýew. 11:1).
7, 8. a) Nähili gysga möhletli maksatlar saňa imanyňy berkitmäge kömek eder? b) Gysga möhletli maksatlaryň käbirine ýeteniňde, özüňi nähili duýarsyň?
7 Imanyňy berkitmek üçin, ilki, gysga möhletli maksatlar goýsaň, gowy bolmazmy?! Şeýle maksatlaryň biri: her gün doga etmek. Dogalaryň ruhlandyryjy we anyk bolar ýaly, sen günüň dowamynda bolan üýtgeşik wakalary ýatda saklap ýa-da bellik edip, soňra olary dogaňda aýdyp bilersiň. Ýöne sen diňe kynçylyklaryň barada däl-de, şatlykly zatlary hem aýtmaga çalyş (Flp. 4:6). Şeýle-de her gün Mukaddes Ýazgylary okamagy maksat edin. Eger sen ondan her gün birnäçe sahypa okasaň, bir ýylyň dowamynda başdan-aýak ony okap çykarsyňb. Mezmurda şeýle diýilýär: «Keýpi diňe Rebbiň kanunynda, gije-gündiz Onuň kanuny hakda pikire gidýän (adam bagtlydyr)» (Zeb. 1:1, 2).
8 Gysga möhletli maksatlaryň ýene biri: ýygnak duşuşyklarynyň ählisinde jogap bermek üçin taýynlyk görmek. Mümkin, sen başda jogaby makaladan okap ýa-da diňe aýatlary okamak islärsiň. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, jogaplary öz sözüň bilen aýtmagy maksat edin. Aslynda, seniň her bir jogabyň Hudaýa berýän gurbanyňdyr (Ýewr. 13:15). Sen şu maksatlaryň käbirine ýeteniňde, özüňe ynamyň we Hudaýa bolan minnetdarlygyň artar. Indi sen uzak möhletli maksatlary goýup bilersiň.
9. Sen wagyzçy bolmasaň-da, nähili uzak möhletli maksatlary goýup bilersiň?
9 Sen nähili uzak möhletli maksatlary goýup bilersiň? Eger sen wagyzçy bolmasaň, onda wagyzçy bolmagy maksat edin. Sen bu hormatly maksada ýeteniňde, bir aýy-da sypdyrman netijeli wagyz etmek islärsiň. Şeýle-de wagyzda Mukaddes Ýazgylary ulanjak bol. Şonda sen gullukdan has-da köp şatlyk taparsyň. Soňra öýden-öýe wagyz etmäge ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge jan edip bilersiň. Özüňi Ýehowa Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylan Güwäçi bolmak üçin gerekli häsiýetleri ösdürmekden gowy maksat barmy näme?!
10, 11. Suwda çokundyrylan ýaşlar nähili uzak möhletli maksatlary goýup biler?
10 Suwda çokundyrylan wagyzçylar hem uzak möhletli maksatlar goýup biler. Meselem, sen wagtal-wagtal wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagyz edip, ýygnaga kömek edip bilersiň. Belki-de, ýaş güýjüňi we saglygyňy kömekçi pioner ýa-da pioner bolup gulluk etmäge sarp edersiň. Müňlerçe bagtly pionerler doly wagtly gullugyň ýaşlyk günlerinde Ýaradyjyny ýatlamak üçin iň gowy ýoldugyny bilýärler. Bu maksatlara öz ýaşaýan ýeriňde-de ýetip bolýar. Olara ýetmek üçin saňa ýerli ýygnak hem ýardam berip biler.
11 Emma başga ýerlere gitip, wagyz etmek hem uzak möhletli maksatlara degişlidir. Meselem, sen zerurlyk bar şäherde ýa-da ýurtda wagyz etmegi planlaşdyryp bilersiň. Mümkin, sen daşary ýurtda Patyşalyk zallaryny ýa-da Beýtel öýüni gurmaga kömek etmek islärsiň. Hatda sen Beýtelde ýa-da missioner bolup gulluk edip bilersiň. Emma bu uzak möhletli maksatlara ýetmek üçin, ilki bilen, sen suwda çokundyrylmalysyň. Eger sen suwda çokundyrylmadyk bolsaň, gel, bu maksada nädip ýetip bolýandygy barada gürrüň edeliň.
Suwda çokundyrylmak maksadyna ýetmek
12. Käbiri näme sebäpden suwda çokundyrylýarlar we bu näme üçin nädogry?
12 Käbir adamlar suwda çokundyrylsam günä işleri etmerin öýdýärler. Käbirleri bolsa deň-duşlarynyň täsir etmegi bilen ýa-da ata-enesine ýaranmak üçin suwda çokundyrylýarlar. Emma sen nähili pikir edýärsiň? Suwda çokundyrylmak gizlinlikde edilýän erbet işlerden saklar öýtmeli däl. Şeýle-de kimdir biriniň islegi bilen suwda çokundyrylmak nädogry. Sen Ýehowanyň Güwäçisi bolmagyň näme aňladýandygyna doly düşünip, bu jogapkärçiligi almaga taýyn bolanyňdan soň, suwda çokundyrylyp bilersiň (Wag. 5:4, 5).
13. Sen näme üçin suwda çokundyrylmaly?
13 Suwda çokundyrylmagyň bir sebäbi: Isa adamlary «şägirt ediň, olary... çokundyryň» diýip, şägirtlerine tabşyryk berdi. Isanyň özi hem suwda çokundyrylyp, bize görelde galdyrdy (Matta 28:19, 20; Markus 1:9-njy aýatlary okaň). Galyberse-de, halas bolmak isleýän adamlar üçin bu ädim möhümdir. Petrus resul Tupanda Nuhuň hem-de onuň maşgalasynyň gämide halas bolandygyny aýdyp, soňra şeýle diýdi: «Bu wakanyň nusgasyna görä... çokunmaklyk hem indi sizi Isa Mesihiň direlmegi arkaly gutarýar» (1 Pet. 3:20, 21). Emma suwda çokundyrylmak bu betbagtçylyga uçranyňda öňünden alynýan «ätiýaçlandyryş» haty hökmünde hyzmat etmeýär. Ýöne suwda çokundyrylyp, sen Ýehowany söýýändigiňi we oňa bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen gulluk etmek isleýändigiňi görkezýärsiň (Mar. 12:29, 30).
14. Ýaşlaryň käbiri näme üçin suwda çokundyrylmaýar, emma sen nämä ynamly bolup bilersiň?
14 Käbir ýaşlar günä etsem, ýygnakdan çykarylaryn öýdüp, suwda çokundyrylmaýarlar. Sen hem şeýle pikirdemi? Ýöne şeýle gorkynyň peýdasy-da bar. Sebäbi sen Ýehowanyň Güwäçisi bolmagyň örän jogapkärçiliklidigine düşünýärsiň. Belki, sende başga-da sebäp bardyr? Mümkin, sen Hudaýyň kadalary bilen ýaşamagyň iň gowy ýoldugyna göz ýetiren dälsiň. Şeýle bolsa, onda Mukaddes Ýazgylaryň kadalary boýunça ýaşamaýan adamlara näme bolandygy barada oýlansaň, saňa dogry karara gelmäge kömek eder. Megerem, sen Hudaýyň kadalaryny halaýansyň, ýöne olary ýerine ýetirip bilmerin öýdýänsiň. Aslynda, bu seniň kiçigöwünlidigiňi görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda ynsan bikämil, onuň ýüregi aldawçy we paýhassyzdyr diýilýär (Ýerem. 17:9). Emma sen ýüregiňi elmydama «(Hudaýyň) sözüne laýyklykda tämiz saklasaň», dogry ýoly saýlarsyň (Zebur 119:9-y okaň). Şeýlelikde, saňa suwda çokundyrylmaga näme päsgel berse-de, ony çözmäge jan etc.
15, 16. Sen haçan suwda çokundyrylmaga taýyn bolup bilersiň?
15 Sen haçan suwda çokundyrylmaga taýyn bolup bilersiň? Özüňi barlamak üçin şeýle soraglary ber: «Men adamlara Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny düşündirip bilýärinmi? Kakam bilen ejem wagyz etmese-de, men wagyz edýärinmi? Ýygnak duşuşyklaryň ählisine gatnaşmaga çalyşýarynmy? Deň-duşlarymyň ýaramaz täsirine garşy duran wagtymy ýada salyp bilerinmi? Ata-enem we dost-ýarlarym Ýehowa gulluk etmegini bes etseler-de, men gullugymy dowam ederinmi? Men dogamda Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygymy gymmat saýýandygymy aýdýarynmy? Şeýle-de özümi Ýehowa ýürekden bagyş etmek islegim barada doga edýärinmi?
16 Suwda çokundyrylmak adamyň durmuşyna güýçli täsir edýär, şol sebäpli bu ädime örän çynlakaý garamaly. Şeýle ädimi äder ýaly, sen ruhy hem-de duýgy taýdan ýetişdiňmi? Hawa, ýygnakda gowy nutk bilen çykyş etmek ýa-da täsirli jogap bermek ýeterlikli däl. Munuň üçin Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça karara gelmegi öwrenmeli (Ýewreýler 5:14-i okaň). Eger sen şularyň ählisini edýän bolsaň, onda bütin ýüregiň bilen Ýehowa gulluk edip, bütin ýaşaýşyň bilen oňa wepalydygyňy görkezmäge sende mümkinçilik bar.
17. Suwda çokundyrylansoň dörän kynçylyklara döz gelmäge saňa näme kömek eder?
17 Sen suwda çokundyrylansoň, Hudaýa höwes bilen gulluk edip başlarsyň. Emma biraz wagtdan kynçylyklara uçrap, seniň imanyň hem-de çydamlylygyň synalyp biler (2 Tim. 3:12). Ýögne sen synaglarda ýeke däldigiňi unutma. Kakaň bilen ejeňden maslahat sora. Ruhy taýdan berk doganlardan kömek bermegini haýyş et. Seni goldap biljek dogan-uýalar bilen dostlugyňy berkit. Ýehowanyň sen barada hemişe alada edýändigini unutma, ol saňa kynçylyklara döz gelmäge kömek eder (1 Pet. 5:6, 7).
Maksatlaryňa nädip ýetip bilersiň?
18, 19. Durmuşda ileri goýmaly zatlaryň barada oýlanmagyň nähili peýdasy bar?
18 Sen suwda çokundyrylsaň, isleýän we gerekli zatlaryma hiç haçan wagt tapyp bilmerin öýdýärmiň? Şeýle bolsa, onda durmuşda ileri goýmaly zatlaryň barada oýlan. Bir mysala seredeliň: sen bir bedrä uly daşlary salyp, soňra dolýança onuň üstüne çäge guý. Sen bedräniň dolandygyny görersiň. Soňra bedräni boşadyp, oňa ilki çäge guý, soňra daşlary saljak bol. Daşlaryň ählisi ýerleşmedi gerek?! Sebäbi sen ilki bedräni çägeden doldurdyň.
19 Seniň hem ýagdaýyň şu mysaldaky ýalydyr. Eger sen göwün açmany birinji ýerde goýsaň, onda has wajyp bolan ruhy zatlara hiç hili wagtyň bolmaz. Ýöne Mukaddes Ýazgylaryň «iň ýokary zatlara göz ýetiriň» diýen maslahatyna eýerseň, onda ruhy zatlara-da, göwün açma-da wagt taparsyň (Flp. 1:10).
20. Maksatlaryňa ýetmäge şübhelenip, biynjalyk bolýan bolsaň, sen näme etmeli?
20 Sen suwda çokundyrylmak we başga-da goýan maksatlaryňa ýetjek bolanyňda, käte şübhelenip, biynjalyk bolýansyň. Şeýle ýagdaýda sen «ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar» (Zeb. 55:22). Adamzat taryhynda indi hiç haçan gaýtalanmajak işe, ýagny bütindünýä wagyz we şägirt taýýarlamak işine gatnaşmaga sende mümkinçilik bar (Res. iş. 1:8). Sen bu işe gatnaşýan adamlara tomaşa edersiň ýa-da özüň yhlasly gatnaşyp bilersiň. Hudaýa gulluk edip, Onuň Patyşalygyny goldamakda ukybyňy aýama. «Ýaşlyk günleriňde Ýaradyjyňa» gulluk edeniňe, sen hiç haçan ökünmersiň (Wag. 12:1, 2).
a Wagyzçy 12:1 Agyr günler gelmänkä, sen: «Şatlykly günlerim ýok» diýjek ýyllaryň golaýlamanka, ýaşlyk günleriňde Beýik Ýaradyjyňy ýatla.
b 2009-njy ýylyň 1-nji awgustynda çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalyna serediň (sah. 15—18).
c Bu babatda «Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar» atly kitabyň 34-nji baby kömek edip biler (II tom).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Sen näme üçin maksat goýmaly?
• Nähili maksatlary goýmak wajyp?
• Suwda çokundyrylmak üçin näme etmeli?
• Goýan maksadyňa ýeter ýaly, näme üçin durmuşda ileri tutýan zatlaryň barada oýlanmaly?